SEGSEN ÜÇÜNJI BAP DILEWARLYK, HUTBA AÝTMAK, ŞYGYR, ÇEPER DILLILIK, SUHANGÖÝLÜK, PELTEK GÜRLEMEK, DYMDYRMAK, GÜRLÄP EJIZLETMEK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » SEGSEN ÜÇÜNJI BAP DILEWARLYK, HUTBA AÝTMAK, ŞYGYR, ÇEPER DILLILIK, SUHANGÖÝLÜK, PELTEK GÜRLEMEK, DYMDYRMAK, GÜRLÄP EJIZLETMEK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Men araplaryň iň arassa dilewarydyryn. Sebäbi men kuraýyş bolmagymdan başga-da, sagt taýpasyndan bolan enekeden süýt emdim».

 

* * *

Enekesi Halyma pygamberimizi Medinä getirende, pygamberimiziň atasy Abdylmutallyp oňa seredipdir, görse ol täze dogan aýyň gün-günden ulalyşy ýaly ulalypdyr. Özi hem arassa we çeper gürleýär eken. Ol muňa begenip: «Onda kuraýyş taýpasynyň jemaly, sagd taýpasynyň sap dilliligi we Ýasribiň[1] şirinligi bar» diýipdir.

 

* * *

Şebip ibn Şebibe[2] ynsanlaryň iň arassa gürleýänlerinden bolupdyr. Ol hem sagt taýpasyndan eken. Abu Nahl ol barada şeýle diýipdir:

 

Eger sagt taýpasyna, ýaşlaryna hem onuň,

Hutbaçy hem ýigidine seretseň sen garasaň,

Köplügine olaryň hem örän gowulygyna,

Gün dogandan batýança örän geň galarsyň.

 

* * *

Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Menden soň birnäçe emirler jahana gelerler. Olar münberlerde hikmetli sözleri wagyz ederler. Olaryň kalplary maslygyň ysyndan hem ýakymlydyr».

 

* * *

Pygamber alaýhyssalam kakasynyň dogany Apbasyň gepläp durandygyny görüpdir we ony diňläp: «Eý, agam! Alla seniň jemalyňa (arassa dilliligiňe) bereket bersin» diýipdir.

 

* * *

Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Görk dildedir».

 

* * *

Pygamber alaýhyssalam şahyr Hysana[3] şeýle diýipdir: «Gürle, çünki seniň sözüň olara gije garaňkylygynda degen okdan hem güýçlüdir».

 

* * *

Sözleriň erbedi – düşündirişleri giň we köp, manysy az we hiç kimiň peýdalanyp bilmedik sözleridir.

 

* * *

Ýunus ibn Habyp şeýle diýipdir: «Pelteklemekde paýhaslylyk ýokdur. Eger ol asmandaky bulutlary ýarýan bolsa-da, kem beýanda owadanlyk ýokdur».

 

* * *

Çalt gürlemek - dili çolaşdyrar.

 

* * *

Mutarraf[4] şeýle diýipdir: «Ýagşy söz göýä arynyň wyzzyldaýşy ýaly arşyň töwereginde hem ýaňlanar».

 

* * *

Hutbaçy Isgenderiň ýanynda hutbasyny has uzak aýdypdyr welin, Isgender oňa käýinip: «Hutba – ony aýdýanyň güýjüniň ýeten derejesinde däl, tersine diňleýjiniň takatyna görä gowy bolýandyr» diýipdir.

 

* * *

Çarwa şeýle diýipdir: «Biz çarwalar, söz emirleridiris. Ol bizde kök urup başlady. Onuň şahalary biz üçin egilip, miweleri bize sallandy. Biz olaryň süýjülerini we tagamlylaryny saýlap aldyk. Onuň çüýrüklerini terk etdik».

 

* * *

Attaby şahyr Abu Nuwwas[5] barada şeýle diýlipdir: «Eger ol jahylyýet döwründe ýaşan bolsady, hiç kim ondan üstün çykmazdy».

 

* * *

Soňky nesil üçin Abu Nuwwas, göýä jahylyýet döwründe Ymraul Kaýs ýalydyr. Ol parasatlylygy açdy we manylaryny beýan etdi.

 

* * *

Dagbel[6] şeýle diýipdir: «Men Abu Nuwwas bilen Müslimi öýe çagyrdym. Abu Nuwwas Müslim barada bir-iki setir goşgy aýtdy. Soň Müslim hem oňa şeýle setir bilen başlaýan kasyda düzdi:

 

Allanyň haşymy[7] bolan dagynyň,

Sen we ogluň diregidir bu dagyň.

 

Men Abu Nuwwasdan:

— Sen onuň pikiri barada näme aýdarsyň? — diýip soradym.

Ol:

— Ol menden soň iň uly şahyrdyr — diýdi. Soň bu soragy Müslime berdim.

Ol:

— Men ondan soň iň uly şahyr — diýdi.

 

* * *

Hezreti Alydan (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) [8] dil barada sorapdyrlar. Ol: «Dil nadanlygyň pesdiginiň we akylyň üstündiginiň ölçegdir» diýipdir.

 

* * *

Halypa Mugtasym Ahmet ibn Duwatdan onuň bilýän iň gowy zatlaryny aýdyp bermegini haýyş eder eken.

 

* * *

Halypa Mugawyýa bir gün Abdyrahman ibn Hakeme:

— Eşidişime görä, sen şygryň dili bilen iş salyşýar ekeniň? — diýipdir.

Ol:

— Hawa, ol şeýle — diýipdir.

Onda Mugawyýa oňa:

— Sen wasp etmekden daşda dur, çünki ol adamlardan haýasyzlyk bilen iýmit dilemekdir. Sen tankytlamakdan hem daş dur, çünki sen onuň bilen özüňe ýigrenç döredersiň we adamlarda özüňe bolan öýke-kinäni köpeldersiň. Sen aýallar hakynda hem ýazma, çünki sen namysy depeläp, namysa galarsyň. Ýöne sen öz milletiň buýsanjyna buýsan we şygyrlaryň bilen beýlekilere edep öwretjek zatlary ýaz — diýipdir.

 

* * *

Abu Aly Emewiden:

— Dagbel ussat şahyrmy ýa-da Taýyp? – diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Men Taýybyň aýakgaby bilen Dagbeliň ýüzüne urmak isleýärin, olaryň her haýsyny öz ýerinde goýýaryn — diýipdir.

 

* * *

Sehl ibn Harun şeýle diýipdir: «Çeper dillilik bilen çeper şygyr, käşgä, bir kişide jemlenmesedi».

 

* * *

Halyt ibn Safwan köp gepleýän bir ýaňra adama: «Eý, pylany! Suhangöýlük diliň ýeňilligini we manysyz sözleriň köplügini aňlatmaýar. Ol manyny dogry aýtmakdyr we maksadyny delillendirmekdir» diýipdir.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Dil ýyrtyjydyr, boşansa ýaralar».

 

* * *

Halypa Mütewekkile bir şahyr gyrnak hödürlenipdir. Mütewekkil şahyr Abu Ynadan onuň diliniň çeperligini barlap görmegini sorapdyr. Abu Yna oňa:

— Men Allatagala köp öwgi aýdýaryn — diýipdir.

Onda gyrnak:

— Haçanda başyňa bela gelende aýdýansyň - diýipdir.

Abu Yna:

— Eý, möminleriň emiri! Ony gowy gördüm — diýipdir. Mütewekkil hem ony satyn alypdyr.

 

* * *

Pelsepeçi şeýle diýipdir: «Guýudaky bedre onuň ýüpi bilen tanalýar. Onuň üsti bilen bedräniň bitindigi ýa-da deşikdigi belli bolýar. Ynsanyň ýagdaýy hem onuň sözleýän sözi bilen belli bolýar».

 

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Diliň hereketi köpelse, lezzeti gider».

 

* * *

Dagbal şeýle diýipdir:

 

Çekip çykarýar-da ol eňeginden tygyny,

Göýä gylyç ýaly edýär söz bilen oýnap ony.

 

* * *

Bir alymdan apbasly halypasy Eminiň çeper aýdan bir hutbasy barada sorapdyrlar. Onda ol: «Sebäbi Alla oňa halypalygy anna güni berdi. Ol namaz okajak bolup durdy. Münbere çykdy. Alla hamdu-senalar aýtdy. Soň bolsa: «Eý, ynsanlar! Aýratyn hem apbaslylar! Ölüm ähli ynsanlara seredip durandyr. Ol Allanyň buýrugydyr. Hiç bir zat onuň öňüne böwet bolup bilmez we onuň gelmegini hiç kim inkär edip bilmez. Geçmişdäki kalbyňyzda bolan gaýgy-gamlary şatlyga öwrüň we sabyrlylaryň donlaryndan ýapyşyň. Size şükür edijileriň sogaby berler» diýdi. Onuň bu ýumşaklygyna we pespälligine haýran galdylar» diýipdir.

 

* * *

Hasan Basry emewiler barada şeýle diýipdir: «Dilleri hasylly, ýürekleri hasylsyz».

 

* * *

Pelsepeçi şeýle diýipdir: «Kimde hikmet we çeper dillilik bar bolsa, şonuň bilen gürleşiň. Sebäbi, hikmeti we çeper dilli bolan adama dymmak ýaraşmaz».

 

* * *

Ukba ibn Rube kakasyna şygyr okap beripdir we ondan:

— Nähili gördüň? — diýip sorapdyr.

Kakasy oňa:

— Eger seniň kakaňa munuň ýaly goşgyny başga biri hödürlese, onuň ýüzüne hem seretmezdi — diýipdir.

 

* * *

Ibn Mukaffagdan biri:

— Näme üçin goşgy aýtmaýarsyň? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Şygyr oka diýip gelýänlere özüm razy bolmaýaryn, razy boljaklarym hem maňa bu babatda ýüz tutmaýarlar — diýipdir.

 

* * *

Heýsem ibn Salyh ogluna:

— Eý, oglum! Eger az gürleseň, dogry sözüň köp bolar. Eger köp gürleseň, dogry sözüň az bolar — diýipdir.

Onda ogly:

— Eý, kaka! Men köp gürlesem-de, dogry gürleýärin - diýipdir.

Onda kakasy:

— Eý, oglum! Saňa öwüt-nesihat bermäge iň hakly adam mendirin — diýipdir.

 

* * *

Ahnef şeýle diýipdir: «Gürlemek dymmakdan gowudyr. Sebäbi dymmaklykda diňe dymýan kişä peýda gelýär. Gepiň peýdasy bolsa ondan eşidijiniň hem peýdalanmagydyr».

 

* * *

Hutbaçy «alhamdulillä» (Alla öwgi bolsun) diýeninden soň durupdyr we ony ýenede gaýtalapdyr. Şol wagt oturanlaryň biri muňa çydaman: «Bizi seniň bilen synag eden (Alla öwgi bolsun)» diýipdir.

 

* * *

Zubeýriň ogullary Omar ibn Abu Rabyganyň şygyrlaryndan bir beýt eşitseler ony ýazar ekenler we begençden ýaňa tolgunar ekenler.

 

* * *

Zuhrä:

— Şu ýerde şygyr aýtmagy aýyp görýärin, sebäbi birnäçe takwa kişiler bar — diýipdir.

Onda ol:

— Olar ajamlaryň takwalygy bilen takwa bolandyr — diýipdir.

 

* * *

Müslim ibn Ýesar şeýle diýipdir: «Men Ibn Museýýebiň şygyr aýdýandygyny gördüm we ondan:

— Sen näme şygyr aýdýarsyňmy? — diýip soradym.

Ol menden:

— Sen näme şygyr aýtmaýarsyňmy? — diýdi.

Men:

— Ýok, men aýtmaýaryn — diýdim.

Onda ol:

— Siz ajam takwalygy bilen takwa bolýarsyňyz — diýdi.

Resulalla şeýle diýipdir: «Takwalaryň erbedi ajamlaryň takwalygydyr» diýipdir.

 

* * *

Rumlular şeýle diýipdirler: «Manyny gysgaltmak we artykmaç zatlary aýyrmak suhangöýlügiň nebereleridir».

 

* * *

Birinden suhangöýlük barada sorapdyrlar. Ol: «Köp manyny maksat edinip, ony az söz bilen beýan etmekdir ýa-da az manyny owadan sözler bilen köpeltmekdir» diýipdir.

 

* * *

Süleýman ibn Zeýt bir gezek Adawy ibn Ubeýdä:

— Eý, Abu Osman! Kalbym şygra meýil edýär — diýipdir.

Ol:

— Sen dünýäni terk etmek barada şygyr aýt — diýipdir. Ol hem takwalyk barada şygyr aýdyp başlapdyr.

 

* * *

Amr ibn Ubeýtden:

— Suhangöýlük näme? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Seni jennete gowuşdyrýan we jähennemden uzaklaşdyrýan zat. Seniň gözleriň dogry ýoly we günäleriň netijelerini görmegidir. Seniň düşündiriş üçin söz saýlamagyňdyr — diýipdir.

 

* * *

Şagby şeýle diýipdir: «Men Halypa Abdylmäligiň ýanynda gürrüň berip otyrdym. Ol tagam iýýärdi. Ol tagam iýmegini goýdy. Men oňa:

— Sen tagamyňy iýip bol, soň gürrüň bererin — diýdim.

Ol:

— Walla, seniň gürrüňleriň maňa tagamdan hem lezzetli — diýdi.

 

* * *

Ibn Uýeýne[9] şeýle diýipdir: «Dymmak ylmyň uklamagydyr. Geplemek ylmyň oýalygydyr. Ondan iki taraplaýyn peýdalan».

 

* * *

Ibn Mübärek şeýle diýipdir:

 

Diller saňa ýatladar ynsan kalbynyň ilçisin,

Görkezýär ol olaryň akylynyň derejesin.

 

* * *

Leýs ibn Nasr ibn Ýesar şeýle diýipdir: «Men Rube bilen ogly Ukbanyň dawalaşyp durandygyny gördüm. Ogly Ukba oňa:

— Men senden has ussat şahyr — diýdi.

Ruba bolsa oňa:

— Ýuwaş, sen şygryň «zehebänidirsiň»[10] diýipdir. Ýagny ol, seniň şygryň abraýdan gaçdy, diýmek isläpdir

 

* * *

Ýunus ibn Habypdan:

— Şu üç şahyryň, ýagny Jeririň, Farazdagyň we Ahtalyň[11] haýsysy ussat şahyr? – diýip sorapdyrlar.

 Ol:

— Alymlar bularyň içinde Ahtalyň ussat şahyrdygyny aýdýarlar — diýipdir.

Onda ol:

— Alymlar diýýäniň kim? — diýipdir.

Ol:

— Abu Amr ibn Yna, Abdylla ibn Abu Yshak, Meýmun Akran, Anbese Fil we Isa ibn Amr dagylardyr. Bular ylym uranlar we ylym bilen bile ýöränler. Ylmyň kanunlaryny düzenler, olardan gürrüň berenler olaryň deňlerine baryp bilmediler, hatda yzlaryndan hem ýetip bilmediler — diýipdir.

 

* * *

Bir adam peltekläp bir millet barada gürrüň berip, şeýle diýipdir: «Olaryň içinde heniz sözi diline barmanka sözi kesilýänleri bar. Olaryň içinde gürlän sözi gapdalyndakynyň gulagyna ýetmeýänleri hem bar».

 

* * *

Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Eý, oglum! Sözüňi diňlemeýäne gürrüň berme. Sebäbi sözüňi diňlemeýäne gürrüň bermekden, dagyň depesindäki daşlary çekmek has ýeňildir».

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Kim köp geplese, kemçiligi köp bolar. Kemçiligi köp bolanyň ýüregi rehimsiz bolar. Ýüregi rehimsiz bolan asla agras bolup bilmez».

 

* * *

Çeper dilli bir adam barada: «Aýtjak sözleri diline gelende, kalby göýä, oduň gazany gaýnadyşy ýaly gaýnar» diýipdirler.

 

* * *

Çarwa ogluna:

— Ynsanlar gepläp durlar, sen bolsa dymýarsyň — diýipdir.

Onda ogly:

— Olaryň halaýan zadyny men halamaýaryn — diýipdir.

Onda atasy:

— Eger olar «ýok» diýseler sen «hawa» diý, eger olar «hawa» diýseler, sen «ýok» diý. Olardan başgaça bol, gapyl oturma, ýogsam seni duýmazlar — diýipdir.

 

* * *

Zurrumme şeýle diýer eken: «Eger men bir zat aýtsam we onuň çykan ýerini (çeşmesini) bilmesem, Alla meniň dilimi kessin».

 

* * *

Jerirden bir gezek Nesaýy barada sorapdyrlar. Ol hem:

— Ol öz kowumdaşlarynyň arasynda iň ussat şahyrdyr — diýipdir. Muny eşiden Omar ibn Leja bu barada:

— Onuň ýalylara öz kowumdaşlarynyň arasynda ýa-da ýurtdaşlarynyň arasynda iň ussat şahyr diýilmeýär. Oňa: «Eger olaryň arasynda özünden hem ussat şahyr bar bolsa, ondanam iň ussat şahyr diýilýär» — diýipdir.

 

* * *

Her bir zadyň dili bardyr, zamananyň dili şygyrdyr.

 

* * *

Hezreti Abubekr Syddygyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýanyndan bir donly adam geçip barýan eken. Abubekr oňa:

— Donuňy satjakmy? — diýipdir.

Ol:

— Saňa Allanyň rehmeti, «ýok» — diýipdir.

Abubekr Syddyk oňa:

— Siziň dilliňiz ýalňyş gürleýär, sen diliňi düzet. Sen näme üçin: «Ýok» (satjak däl) we «Allanyň rehmeti saňa» diýmediň — diýipdir.

 

* * *

Aýtmaklaryna görä, Mamun Ýahýa ibn Eksemden:

— Öýlänlik naharyňy iýdiňmi? — diýip sorapdyr.

Ýahýa:

— Ýok we Allanyň kömegi möminlerin emirine bolsun — diýipdir.

Mamun oňa:

— Şu «waw» harpyny («we» baglaýjysyny) nähili gowy boldy, onuň manysyny ýerinde goýduň — diýipdir[12].

 

* * *

Muhammet ibn Hüseýin ibn Aly şeýle diýipdir: «Men ynsanlaryň dilleriniň ylymlaryndan üstün bolmagyny halamaýaryn. Şeýle hem amallarynyň akyllaryndan artyk bolmagyny halamaýaryn».

 

 

* * *

Hutba aýdýanlaryň iň erbedi, hutba mahaly gaty gürleýändir.

 

* * *

Reýli Rabyga köp gürläp akyl-paýhasly sözler barada gürrüň beripdir. Onuň ýanynda bir çarwa bar eken. Rabyga ondan:

— Siz suhangöýlügi näme hasaplaýarsyňyz? — diýipdir.

Ol:

— Meniň şu günden başlap garşy çykýan zadym — diýipdir.

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Paýhaslylaryň abraýy şygyrlary paýhaslaryna delil bolanlardan azaldy».

 

* * *

Omar ibn Abu Rabyga halypa Abdylmäligiň ýanyna gelipdir. Abdylmälik ony garşy alyp, öz tagtynda oturdypdyr we oňa:

— Eý, Abu Hattap! Hany, bize öz waspnamalaryňdan birini okap ber — diýipdir.

 Onda Omar ibn Abu Rabyga:

— Eý, möminleriň emiri! Mugyranyň nebereleri wasp etmeýär. Olaryň özleri waspa mynasyp. Men olaryň bu düzgünlerine ilkinji bolup täzelik çykarmakçy däl — diýipdir.

Onda Abdylmälik:

— Kuraýyşly şahyrlar hem seniň ýaly bolsunlar — diýipdir.

 

* * *

Şebip ibn Şebibe şeýle diýipdir: «Men Salyh ibn Abu Japar ýaly öz ýerinde hutba duranda sözlerini akdyryp has çeper beýan edýän, dili owadan, ýüregi özüne baglaýan we ýyldyrym ýaly çakýan, örän kämil, açyk aýdýan başga kişi görmedim».

 

* * *

Bu gürrüňi eşiden biri: «Men şondan soň her haçan Salyhy görenimde onuň nazarynyň ýitiliginden, paýhaslylygyndan we agraslygyndan ýaňa ýüzüm ap ak bolýardy (utanýardym)» diýipdir.

 

* * *

Ibn Semmagyň gyrnagy oňa:

— Eger sen sözleriňi gaýtalamasaň nähili oňat bolardy, üstesine-de diýseň köp gaýtalaýarsyň — diýipdir.

Onda Ibn Semmak oňa:

— Men oňa düşünmeýäniň düşünmegi üçin köp gaýtalaýaryn — diýipdir.

Onda gyrnak:

— Seniň gaýtalamalaryňdan ýaňa oňa düşünjek bolup bizar bolan, nädip düşünsin! — diýipdir.

 

* * *

Agasy Abdylla inisi Welide mahmal iberipdir we oňa:

— Men saňa gyzyllaryň gyzylynyň gyzyl mahmalyny iberdim — diýip hat ýazypdyr.

Welit hem oňa jogap hatyny ýazyp:

— Mahmal geldi, eý, agam, sen bolsa akmaklaryň akmagynyň akmagysyň — diýipdir.

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Çuň manyly şygyrlary öwreniň, sebäbi onda ahlak barada gowy pikirler aýdylýar».

 

* * *

Töwratda şeýle ýazylypdyr: «Söz iki gezek gaýtalanmaz».

 

* * *

Şagby şeýle diýipdir: «Abdylmälik meni dogany Abdyleziziň ýanyna iberdi. Men hem onuň ýanyna Müsüre bardym. Ol Müsüriň häkimidi. Ol örän sahy we çyn sözli adam eken. Günlerde bir gün men oňa:

— Eý, emir, Alla işleriňi oňuna etsin. Sen mejlisdekäň örän çeper gürleýärsiň, emma münberde duran wagtyň muny etme — diýipdir.

Onda ol:

— Men Allanyň kalbyma salan zatlarynyň tersine bir zat aýtmakdan Alladan utanýaryn — diýipdir.

 

* * *

Söz aýdyjynyň tagallasyna görä ornuny tapar, gylyç – gylyç salyjynyň güýjüne görä keser.

 

* * *

Dara Ekber şeýle diýipdir: «Sözleriň iň haýyrlysy Ýaradana, rysgal berene, dil berene we üstünlik nesip edene öwgi aýtmakdyr».

 

* * *

Hasan ibn Amr Kindi ogly Merini Kaýsa şeýle diýipdir: «Eý, oglum! Şygryň iň gowusy iň köp göçme sözlüsidir. Emma patyşalara ýalan sözlemek ýaraşmaz».

 

* * *

Kuteýba ibn Müslim Horasana gelende: «Kimiň elinde Abdylla ibn Hazymyň mal-mülkünden bir zat bar bolsa ony zyňsyn, kimiň dilinde bir zat bar bolsa ony aýtsyn, kimiň gursagynda bir zat bar bolsa ony çykarsyn» diýipdir. Onuň bu giňişleýin düşündirişlerine geň galypdyrlar.

 

* * *

Halypa Mugtezit Ahmet Abu Taýýyp Sarahsa garap: «Eý, saragtly! Seniň diliň uzyn, aklyň kelte» diýipdir.

 

* * *

Halypa Mugawyýa bir gezek Sahhar ibn Aýýaş Abdydan:

— Suhangöýlük näme? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Suhangöýlük biziň kalplarymyza em edýän we ondaky zatlary daşyna çykarýan zatdyr. Göýä deňziň köpügini daşyna çykaryşy ýalydyr — diýipdir.

 

* * *

Zyýat ogly Ubeýdyllany Mugawyýanyň ýanyna iberipdir. Mugawyýa oňa:

— Gurhan okaýarsyňmy? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Hawa — diýip jogap beripdir.

Mugawyýa oňa:

— Parzlaryňy ýerine ýetirýärsiňmi? — diýipdir.

Ol:

— Hawa — diýipdir.

Mugawyýa:

— Şygyr aýdýarsyňmy? — diýipdir.

Ol:

— Ýok — diýipdir. Mugawyýa Zyýada hat ýazyp: «Alla seniň ogluňa bereket bersin. Ol örän kämil ýigit eken. Ýene-de şygyr öwret. Sebäbi men Hezreti Omaryň: «Şygyr öwreniň, ol ýagşy ahlaga delillik edýär, erbet ahlaga böwet bolýar. Nesep[13] ylmyny öwreniň, çünki näbelli dogan-gardaşlar nesep bilen biri-birlerini tanaýarlar. Ýyldyz ylmyny öwreniň. Ol gury ýerde we deňizde ýol salgy berer. Ýöne ýyldyz ylmyny başga maksatlara ulanmaň» diýendigini eşitdim — diýipdir.

 

* * *

Şahyrlaryň biri şeýle diýipdir: «Men her gezek Ibn Mukaffaga hat ýazyp, ondan has çeper ýazmaga tagalla edýärin. Emma ol menden hem çeper beýan edip ýazýar. Men oňa: «Biz sag-salamat otyrys, siziň ýagdaýlaryňyz nähili?» diýip ýazdym. Ol hem maňa: «Biz siziň hyzmatyňyzdadyrys» diýip ýazypdyr.

 

* * *

Abdyrahman ibn Hasan kakasyna bir şygyr aýdyp beripdir. Kakasy oňa: «Eý, oglum! Düýn meniň ýanyma seniň şu sözleriňi aýdyp şeýtan geldi. Men ony yzyna gaýtardym» diýipdir.

 

* * *

Halypa Mugawyýa bir gezek Dagfel Nikaba:

— Maňa söhbet bolar ýaly özünden has güýçli birini iber. Ondan ýaňa men, menden ýaňa ol rahat bolar ýaly — diýipdir.

Dagfel oňa:

— Eý, möminleriň emiri! Men özümden hem has ussat alym — diýipdir.

Mugawyýa hem muňa gülüp:

— Görýän welin, köp gürlemek Dagfeliň akylyny çaşyrypdyr öýdýän, ol muňa suhangöýlükdir öýdýär — diýipdir.

 

* * *

Abu Amr ibn Isa şeýle diýipdir: «Tä şygyr dokmasynda ussatlyga ýetýänçä, hiç bir adamyň akyly doly hasap edilmez».

 

* * *

Aýal üçin iň gowy zat görmegeýlikdir, erkek adam üçin arassa, düşnükli gürlemekdir.

 

* * *

Eýýup Sahtyýany şeýle diýer eken: «Kim Hasan Basrynyň sözlerini diňlese, ondan soň beýleki adamlaryň sözüni diňlemek onuň üçin agyr geler».

 

* * *

Ahnef şeýle diýipdir: «Men Hezreti Abubekriň, Hezreti Omaryň, Hezreti Osmanyň, Hezreti Alynyň sözlerini tä dünýäden ötýänçäler diňledim. Emma olaryň hiç haýsynyň Hezreti Äşeden çeperdigini görmedim».

 

* * *

Mugawyýa şeýle diýipdir: «Men Hezreti Äşeden başga çeper sözli kişi görmedim. Men onuň ýapan gapylaryny açjak boldum, emma başarmadym. Onuň açan gapysyny ýapjak boldum, emma ony hem ýapyp bilmedim».

 

* * *

Ibn Awn şeýle diýipdir: «Men Rubäniň şiwesi bilen gürlänimde Hasan Basrynyňka meňzeýärdi».

 

* * *

Muntejig bir adamdan:

— Ogullaryňa näme öwretdiň? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Miras ylmyny — diýipdir.

Muntejig oňa:

— Ol hossarlaryňa degişlidir. Seniň ataň ýok ahyry. Sen eňekleri ýazar ýaly, olara rejezi[14] öwret — diýipdir.

 

* * *

Seleme ibn Aýýaş Kuraýşy bilen Abu Haýýe Neşiri dost eken. Günlerde bir gün Seleme oňa:

— Sen adamlaryň aýdýan zadyny eşidýärmiň? — diýip sorapdyr.

Abu Haýýe:

— Näme diýýärler? — diýip sorapdyr.

Seleme:

— Olar meniň senden has uly şahyrdygymy aýdýarlar — diýipdir.

Abu Haýýe:

— Biz Alla tarapyndan iberildik ahyr. Adamlar halys gutarypdyr-ow — diýipdir.

 

* * *

Muhammet ibn Abdylla ibn Yshak ibn Fazyl ibn Abdyrahman ibn Apbas ibn Rabyga ibn Harys ibn Abdylmuttalyp ibn Haşym şeýle diýipdir: «Kakam maňa: «Eý, oglum! Men şahyr, kakam hem şahyrdy, atam hem şahyrdy, kakamyň atasy hem şahyr bolupdyr. Bu ýüp sen sebäpli kesilmesin» diýdi».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Sözi Allatagala döredendir. Ondan öň söz diýen zat ýokdy. Eger öň hem söz bar bolan bolsady, onda ikinji Hudaý bar boldugy bolardy».

 

* * *

Resulalla bir gezek mysal getirip:

— Ynsana wagyz-nesihat hökmünde yslam we garrylyk ýeter — diýipdir. Abubekr Syddyk oňa:

— Eý, Allanyň Resuly! Şahyryň şeýle sözleri bar: «Ynsana wagyz-nesihat hökmünde garrylyk we yslam ýeter» — diýipdir. Resulalla hem ony aýtmagy gadagan edipdir. Abubekr Syddyk:

— Men seniň Allanyň resulydygyňa şaýatlyk edýärin — diýipdir we şu aýaty okapdyr: «Biz oňa şygyr öwretmedik we ol oňa gerek däldir».[15]

 

* * *

Hadysda şeýle diýilýär: «Mekge basylyp alnanda, Iblis çirkin ses bilen gygyrypdyr. Bu sesi eşidip, zürýatlary onuň daşyna üýşüpdirler. Iblis olara: «Şu günden başlap, Muhammet ymmatyny köphudaýlylyga getirmekden umydyňyzy üzüň. Ýöne olary din işlerinde günä işleri etmegi ündäň. Olaryň arasynda ölä aglamagy we şygyr aýtmagy ýaýradyň» diýipdir.



[1]Ýasrip – Medine şäheriniň öňki ady.

[2]Şebip ibn Şebibe Ibn Abdylla ibn Amr ibn Ahtam Temimi Mankyry – çeper dilli wagyzçy. Ol halypalar bilen dostlaşypdyr, garyp-gasarlar bilen oturşar eken. 170-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

 

[3]Hysan ibn Sabyt ibn Munzyr Hazreji Ensary – Resulallanyň şahyry. Jahylyýeti we yslamy görenleriň biri. Yslamdan öň ol gassanylary taryplap şygyr ýazar eken. 54-nji hijri ýylynda Medinede wepat bolupdyr.

[4]Mutarraf ibn Abdylla ibn Şehir Jereşi Amyry Abu Abdylla – ynamdar hadys rowaýatçysy. Onuň hikmetli sözleri bar. Muhammet alaýhyssalamyň döwründe Basrada ýaşapdyr. Şol ýerde hem 87-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[5]Abu Nuwwas Hasan ibn Hany ibn Abdylowwal ibn Sabah Hekemi – yrakly şahyr. 146-njy hijri ýylynda Şirazda dünýä inipdir we 198-nji hijri ýylynda hem wepat bolupdyr.

[6]Dagbel Hazagy – apbasylar döwründe ýaşap geçen şahyr.

[7]Haşymylar – Muhammet pygamberiň kakasynyň atasynyň ady, taýpasy, neberesi.

[8]Yslam dininiň sünni ynanjyna görä, hezreti Alynyň ady agzalanda «Kerremallahu wejhuh» (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) diýilýär. Onuň sebäbi hem hezreti Alynyň çagalykdan yslamy kabul edip, butlara ynanmandygy üçindir.

[9]Sufýan ibn Uýeýne ibn Meýmun Hilaly Kufy – mekgeli ynamdar hadys rowaýatçysy. 107-nji hijri ýylynda Kufada dünýä inipdir we Mekgede ýaşapdyr, şol ýerde hem 198-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Ymam Şafygy: “Eger Mälik we Sufýan bolmasady, Hyjazyň ylmy giderdi» diýipdir. Onuň hadys ylymyna degişli “el-Jamyg», tefsir ylymyna degişli hem «et-Tefsir» atly kitaby bar.

[10]Zehebän sözüniň iki manysy bar. 1. Altynlar diýmek. 2. Gitmek sözüniň sypaty. Bu ýerde hem seniň ylmyň gitdi diýmek isleýär.

[11]Jerir ibn Utýe ibn Huzeýf Hatfy ibn Bedr Kelbi Ýerbugy - temim ogullary taýpasyndan bolan şahyr. 28-nji hijri ýylynda Ýemamada dünýä inipdir we 110-nji hijri ýylynda hem wepat bolupdyr.

[11]Farazdak Human ibn Galyp ibn Sagsaga Temimi Darymy Abu Farys – basraly şahyr. Farazdak lakamy bilen meşhur bolupdyr. Yslam şahyrlarynyň birinji gatlagyndan hasaplanypdyr. 110-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[11]Ahtal Gyýas ibn Gaws ibn Sagt ibn Taryka ibn Amr Abu Mälik – taglap ogullary taýpasyndan bolan şahyr. 19-njy hijri ýylynda Hyra töwereginde dünýä inipdir.

 

[12]Eger şu ýerde «we» aýdylmasa, «Allanyň kömegi möminleriň emirine bolmasyn» diýen manyny aňladardy.

[13]Nesep – tire-taýpa, nesil daragty, etnonim.

[14]Rejez – aruzyň bogun ölçegi.

[15]Gurhanyň «Ýasyn» süresiniň 69-njy aýaty.