SEGSEN DÖRDÜNJI BAP AÝALLAR, NIKALAŞMAK, TALAK BERMEK, SÖZ AÝTMAK, ÖÝLENMEK, AÝALLARY WASP ETMEK HEM TANKYT ETMEK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » SEGSEN DÖRDÜNJI BAP AÝALLAR, NIKALAŞMAK, TALAK BERMEK, SÖZ AÝTMAK, ÖÝLENMEK, AÝALLARY WASP ETMEK HEM TANKYT ETMEK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Sagyt ibn Amyr ibn Hatym Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Eger jennet hüýrlerinden bir gyz ýer ýüzüne gelsedi, ýeriň ýüzi müşküň ysy bilen dolardy. Günüň we aýyň şöhlesi öçerdi».

 

* * *

Ýokarky hadysy eşiden Sagyt ibn Amyr aýalyna: «Men seni jennet hüýrlerinden hem ýokary tutýaryn» diýer eken we elini onuň gursagynda goýar eken.

 

* * *

Abdylla ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Jennetde bir nur parlaýardy. Seredip görsem, ol ýanýoldaşynyň ýüzüne bakyp ýylgyrýan hüýr gyz eken».

 

* * *

Resulalla şeýle diýipdir: «Aýallaryň şerinden daş durmak üçin Alla sygynyň. Şundan zyýan gelmez diýenleriňizden hem habardar boluň».

 

* * *

Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!) Abruiziň gyzynyň parslara hökümdar bolandygyny eşidip: «Işlerini aýala tabşyran millet zelil bolar» diýipdir.

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) bir öýüň deňinden geçip barýarka, ol öýden çykýan goh-galmagaly eşidipdir. Sebäbi ol öý adamlardan hyryn-dykyn eken. Ol:

— Bular näme üçin ýygnanyşýarlar? — diýip sorapdyr.

Olar oňa:

— Pylan kişi öýlenýär — diýipdirler.

Ol:

— Beýle bolsa elek bilen suw daşaň — diýipdir.

 

* * *

Pelsepeçiden sorapdyrlar:

— Ýyrtyjylaryň haýsy gowy?

Ol:

— Aýal — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Kuraýyşlardan biri Kumeýtiň gyzyna söz aýdypdyr we öwnüp başlapdyr. Kumeýt oňa: «Eý, pylany, eger biz seniň sözüňi alsak, depämiz asmana ýetmez, eger seniň sözüňi almasak ýerde hem ýatmaz, şonuň üçinem biz seniň sözüňi almaýarys» diýipdir.

 

* * *

Bir adam öýlenmek meselesinde birine maslahat salypdyr. Onda ol adam oňa: «Eger ony möminleriň hyzmaty üçin däl-de, diňe öz hyzmatyň üçin isleýän bolsaň, onda ondan el çek» diýipdir.

 

* * *

Kesaýa öýlenmeýändigi sebäpli käýäpdirler. Ol: «Olar babatda mekirlik etmekden, olara öýlenmän sabyr etmek gowudyr» diýipdir.

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Gyz – bugdaý ýalydyr. Ondan üwäp, ýugrup, çörek bişirip bolar. Dul – guran hurma we sykylan peýnir ýalydyr».

 

 

* * *

Selman Parsy Abu Derda üçin kuraýyşly bir gyza söz aýtmaga gelipdir. Selman ol barada gürrüň berip, ony öwüpdir. Olar:

— Biz gyzymyzy oňa bermek islemeýäris, ýöne eger sen isleýän bolsaň, onda ony oňa bereris — diýipdirler. Şeýdip Selman ony oňa öýeripdir. Bir gün Abu Derda onuň ýanyna gelip:

— Eý, dogan! Men seniň meniň üçin eden işiňe utanýaryn — diýipdir.

 Selman hem oňa:

— Ýok, tersine men senden utanýaryn. Allanyň seniň üçin ýazan gyzyna men baryp söz aýtdym — diýipdir.

 

* * *

Dakýanusyň gyzyna bir baý we bir garyp gelip söz aýdypdyr. Gyz garyby saýlapdyr. Isgender Zülkarneýn ondan munuň sebäbini sorapdyr. Ol gyz: «Baý örän nadandy, ol garyplykdan gorkýardy. Garyp bolsa akyllydy, baýlyk oňa gülüp bakýardy» diýipdir.

 

* * *

Jemmazyň aýaly oňa:

— Eý, hojaýyn bu gün nämäni gowy görýärsiň— diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Talagy — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Aýaly bilen dawalaşýan bir garry adama:

— Hany, sizi aralap, ýaraşdyrjak bolýan ýokmy? — diýipdirler.

Ol:

— Ýok. Biziň dawamyzyň arasyna düşýän kişi ýogaldy — diýipdir.

 

* * *

Nätanyş bir ýigit nätanyş bir gyza söz aýtdyrypdyr. Gyzyň hossarlaryna:

— Siziň kelläňize selle saraldy, gyzyňyzy oňa beriň — diýipdirler.

Onda olar:

— Biziň kellämize selle soralmazdan öňürti, biz ýüzümizi mata bilen örtdük, ýagny gyz adaglanan — diýipdirler.

 

* * *

Musgap aýaly Sekina:

— Sen gysyr gatyr ýaly hiç zat dogurmaýarsyň – diýipdir.

Onda Sekina:

— Ýok. Ýöne meniň namysym seniň pesligiňi kabul etmegi ret edýär – diýipdir.

 

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Bir çarwa gürleýärdi. Ähli gözler onuň diline seredýärdi. Ol şeýle diýýärdi: «Bir aýal alma, eger ol aýbaşy, sen hem aýbaş bolarsyň, ol syrkawlasa sen hem syrkawlarsyň. Iki aýal hem alma, iki sany şeriň arasynda bolarsyň. Üç sany aýal hem alma, üç aýakly taganyň içinde galarsyň. Dört aýal hem alma, zyýan çekersiň, garrarsyň, gysganç bolarsyň we peselersiň».

 

* * *

Bir adam başga bir kişä:

— Duşmanyň öldi — diýip buşlapdyr.

Onda ol:

— Men siziň «duşmanyň öýlendi» diýmegiňizi islärdim — diýipdir.

 

* * *

Mälik ibn Dinara[1]:

— Öýlenseň bolmaýarmy? — diýipdirler.

Onda ol:

— Eger güýjüm ýetsedi, nebsime hem talak bererdim — diýipdir.

 

* * *

Tawus bir gezek Ybraýym ibn Meýserä: «Öýlen, ýogsa men saňa Hezreti Omaryň Abu Zowaýyda aýdan: «Diňe garry ýa-da zynahor öýlenmez» diýen sözlerini aýdaryn» diýipdir.

 

* * *

Hezreti Omaryň (goý, Alla ondan razy bolsun!) deňinden bir süýt satýan aýal geçip barýar eken. Hezreti Omar oňa:

— Sen süýdüňe suw goşup, musulmanlary aldama — diýipdir.

Onda ol:

— Bolýar, möminleriň emiri! — diýipdir.

Soň ýene bir gezek Hezreti Omar ol aýaly görüpdir we oňa:

— Eý, garry! Men saňa duýdurmandymmy? — diýipdir.

Ol aýal:

— Walla, suw goşmadym — diýip ant içipdir. Şol wagt ol aýalyň ýanynda duran gyzy:

— Sen aldaýarsyň, ýalan sözleme ahyry — diýipdir. Hezreti Omar öýüne baryp, bolan wakany ogullaryna gürrüň berupdir we:

— Siziň haýsyňyz ol gyza öýlenjek, belki Alla ol gyzdan päk nesil berer? — diýipdir. Ogly Asym oňa:

— Eý, möminleriň emiri, oňa men öýlenjek — diýipdir we oňa öýlenipdir.

Olardan Ümmi Asym atly bir gyz doglupdyr. Ol hem Abdyleziz ibn Merwana durmuşa çykypdyr. Ondan hem Omar ibn Abdyleziz dünýä inipdir.

 

* * *

Nahgy şeýle diýipdir: «Kyýamatyň ýakyn gelendiginiň biri hem erkekleriň aýallaryna tabyn bolmaklarydyr».

 

* * *

Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Toý-dabaralara bakmaň, sebäbi ol bu dünýä höweslendirýär we ahyreti unutdyrýar. Siz jynazalara bakyň, sebäbi ol dünýäde halal ýaşamaga we ahyrete höweslendirýär».

 

* * *

Kim aýalyna tabyn bolsa, onuň öz janyna zeper ýetirdigidir.

 

* * *

Hezreti Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Iblisiň iň güýçli ýaragy aýallardyr».

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Aýallara «ýok» diýen jogaby kän beriň, eger «hawa» diýseňiz gepleri artar».

 

* * *

Pylan aýal iki abraýyny gowy saklaýar: namysyny we emlägini goraýar.

 

* * *

Abdyssalam ibn Abu Süleýman nika barada şeýle diýipdir:

 

Men müň gezek öýlendim-de, şonça hem berdim talak,

Malymy hiç terk etmedim, taşlamadym baýlygy.

Az görýäňmi? Sanaýyn men ýene-de etseň talap,

Müň ötünç sorady, kabul etmedim baryny.

 

* * *

Bir adam aýalyndan zeýrenipdir. Adamlar oňa: «Sen onuň talagyny ber» diýipdirler. Ol adam bolsa oňa:

— Ol görmegeý ondan aýrylyp bolanok, ol çagalaryň enesidir şonuň üçin taşlap bolanok — diýipdir.

 

* * *

Hasan Basry Rabyga Adawyýa söz aýdypdyr. Onda Rabyga:

— Bolýar, ýöne bir şert bilen, sen meni dokuz, özüňi ýeke hasapla — diýipdir.

Hasan:

— Ol nähili bolýar? — diýip sorapdyr.

Rabyga:

— Aýdylyşyna görä, şöhwetiň dokuzy aýalda, biri erkekde bolýar – diýipdir. Hasan hem sözünden dänipdir. Rabyga hem ony günäkärläpdir.

Bu wakadan soňra Rabyganyň oňa nesihat berip, şeýle diýendigini eşidipdirler:

 

Özi takwa bolmadyk adamlara emr edýär,

Tebibiň özi syrkaw emma halka em edýär.

 

* * *

Kinde iň köp galyň tölän kişidir. Ol her bir alan aýaly üçin galyň diýip müň düýe berer eken. Asla ol ýüz düýeden az galyň hem töläp görmändir. Şonuň üçinem Kinde galyň tölemek meselesinde nusga bolup galypdyr.

 

* * *

Mahzum taýpasyna «kuraýşyň reýhanlary» diýilýär. Hyşam ibn Mugyra Mahzumy kuraýyşlaryň we kenanlylaryň arasynda iň hormatly kişi hasaplanandyr. Araplar üç zady ýatdan çykarmandyrlar. Olar ony elmydama gürrüň beripdirler: Käbäniň gurluşygyny, pil ýylyny we Hyşamyň ölen ýylyny. Harys ibn Hyşamyň gyrnagy oňa çaga dogranda, muňa şatlanypdyrlar.

 

* * *

Birinden sorapdylar:

— Nika näme?

Ol:

— Gyzyň erkinliginiň we islegleriniň kesilmegi — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Mesleme şeýle diýipdir: «Men üç kişini näletleýärin: «Şygryny gizläp saklaýan we ony soň bozup taşlan, eşigi gysga bolup, soň ony uzaldan, gyrnagy bar bolup, soň erkin aýala öýlenen».

 

* * *

Dawut alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Erbet aýal, äri üçin garry adamyň arkasynda agyr ýük göterip ýörşi ýalydyr. Ýagşy aýal, göýä altyn çaýylan täç ýalydyr. Her-haçan oňa seretseň şatlanarsyň».

 

* * *

Bir gezek Süleýman alaýhyssalam egindeşleri bilen bir ýere barýarka, bir serçäniň daşyndan aýlanyp duran erkek serçäniň ýanyndan geçipdir. Ol ýanyndakylara: «Onuň näme diýýändigini eşidýärsiňizmi, ol oňa: «Maňa durmuşa çyk, men seni Damaskdaky höwürtgäme alyp gideýin» diýýär. Ol ony aldaýar. Sebäbi Damaskda onuň höwürtgesi ýok. Şonuň üçinem ähli sawçylar ýalançydyr — diýipdir.

 

* * *

Dawut alaýhyssalam ogly Süleýman alaýhyssalama: «Ýolbarsyň yzyndan ýöre, ýöne aýalyň yzyndan ýöreme» diýipdir.

 

* * *

Bir adam öýlenmek meselesinde maslahat sorap Dawut alaýhyssalamyň ýanyna gelipdir. Ol oňa:

— Süleýmanyň ýanyna git we onuň aýdan zatlaryny maňa ýetir — diýipdir. Ol çagalar bilen çybykdan ýasap, münüp oýnap ýören ýedi ýaşly Süleýmanyň ýanyna barypdyr we oňa maslahat salypdyr. Onda Süleýman oňa:

— Saňa gyzyl altyn we ak kümüş gerek. Sen atdan habardar bol, ol seni uraýmasyn — diýipdir. Ol adam hiç zada düşünmändir we Dawut alaýhyssalama bolan wakany gürrüň beripdir. Onda ol: «Gyzyl altyn diýýäni gyz, ak kümüş diýýäni ýaş dul aýal, olardan galanlar bolsa ýüwrük urkaçy at ýalydyr diýdigidir» diýipdir.

 

* * *

Isa alaýhyssalam Iblise duşupdyr. Ol üsti ýükli bäş sany eşegi yzyna tirkäp ýören ekeni. Ol Iblisden munuň sebäbini sorapdyr.

Iblis:

— Harytlarymy aýlap, müşderilerime satýaryn. Olaryň birinjisi zulum — diýipdir.

Isa alaýhyssalam:

— Ony kim satyn alýar? — diýip sorapdyr.

Iblis:

— Soltanlar — diýipdir.

Isa alaýhyssalam:

— Ikinjisi näme? — diýip sorapdyr.

Iblis:

— Ulumsylyk — diýipdir.

Isa alaýhyssalam:

— Ony kim satyn alýar? — diýip sorapdyr.

Iblis:

— Ýolbaşçylar — diýipdir.

Isa alaýhyssalam:

— Üçünjisi näme? — diýip sorapdyr.

Iblis:

— Bahylçylyk — diýipdir.

Isa alaýhyssalam:

— Ony kim satyn alýar? — diýip sorapdyr.

Iblis:

— Alymlar — diýipdir.

Isa alaýhyssalam:

— Dördünji näme? — diýip sorapdyr.

Iblis:

— Hyýanat — diýipdir.

Isa alaýhyssalam:

— Ony kim satyn alýar? — diýip sorapdyr.

Iblis:

— Täjirler — diýipdir.

Isa alaýhyssalam:

— Bäşinji näme? — diýip sorapdyr.

Iblis:

— Mekirlik — diýipdir.

Isa alaýhyssalam:

— Ony kim satyn alýar? — diýip sorapdyr.

Iblis:

— Aýallar — diýipdir.

 

* * *

Isgendere:

— Eger sen köp aýal alsaň, çagalaryň köpeler we adyň uzak wagtlap dowam eder — diýipdirler.

Onda ol:

— Adyň agzalmagy eden ýagşy işleriň we yzyňda goýan ýagşy ýoluňdyr. Erkegiň köp aýal almagy bilen abraýly bolup bolmaz — diýipdir.

 

* * *

Ýahýa ibn Eksem şeýle diýipdir: «Gazal aýdýan aýalyň sesi gör, nähili ýakymly».

 

* * *

Abu Talyp[2] Resulallanyň Hatyja bilen nikalaşýan toýuna gatnaşypdyr. Onuň ýanynda haşymy we mudar taýpalarynyň ýolbaşçylary bar eken. Ol: «Bizi Ybraýymyň zürýatlaryndan we Ysmaýylyň neslinden eden Alla öwgi bolsun» diýipdir.

 

* * *

Resulalla Abdyrahman ibn Awfy Dumetul Jendele[3] iberjek bolanda oňa: «Eger Alla saňa ýeňiş nesip etse, olaryň hökümdarlarynyň gyzyna öýlen» diýipdir.

Abdyrahman ol ýeri eýeläpdir we olaryň hökümdarlarynyň gyzy Temazur binti Esbag ibn Saglaba ibn Jenzama öýlenipdir. Ol örän owadan eken. Temazur öz bahasynyň dörtden biri bolan segsen müň dinary töläp ylalaşyk gazanypdyr.

 

* * *

Resulallanyň gyzy Rukaýýa ýogalanda, beýleki gyzy Ümmi Gülsümi Hezreti Osmana durmuşa çykarypdyr we ol: «Eger meniň on sany gyzym bolsady, men olary ýeke-ýekeden oňa bererdim» diýipdir

 

* * *

Resulalla bir gezek Ümmi Habyba Remle binti Abu Sufýany Hebeşistanyň hökümdary Nejaşa bermekçi bolupdyr. Ol Ümmi Habybyň ýanyna bir aýaly iberip, oňa muny buşlapdyr. Bu habary eşiden Ümmi Habyba oňa iki sany kümüş bilezik we ýüzük iberipdir.

Soň Hebeşistandaky musulmanlar bu meselede Nejaşynyň ýanyna gelipdirler. Onda Nejaşy:

— Alhamdulillähil-melikil-kuddusus-selämul-mu'minul-muheýminul-azyzul-jebbarul-mutekebbir. Eşhedu ellä ilähe illallahu we eşhedu enne Muhammeden abduhu we rasulu we enne hulleziý beşşera bihi Isa ibn Merýem (Hökümdar, mukaddes, salam, mömin, goraýjy, eziz, jepbar we beýik sypatlary bolan Alla öwgi bolsun. Men Alladan başga hudaýyň ýokdugyna şaýatlyk edýärin. Ol Isa pygamberiň buşlan pygamberidir) — diýip, özüniň yslamy kabul edýändigini beýan edipdir.

Soň Resulalla Ümmi Habybanyň ýanyna söz aýtmak üçin adam iberipdir. Ol hem Resulallanyň çagyryşyna razyçylyk beripdir we Şerhil ibn Hasene bilen gidipdir.

Bu habary eşiden Abu Sufýan hem örän şatlanypdyr.

 

* * *

Muhammet ibn Kagp Kuraýzy şeýle diýipdir: «Eger haýyr iki bolsa, biri oňşukly aýaldyr».

 

* * *

Eger bir adam öýlense, Iblis çirkin ses bilen gygyrar we goşunlary hem daş-töweregine ýygnanyşýarlar. Olar Iblise:

— Eý, hojaýyn, saňa näme boldy? — diýerler.

Onda ol:

— Şu gün meniň guran duzagymdan adam oglundan biri halas boldy — diýer.

 

* * *

Şazan ibn Abdy bir oturylyşykda adamlar bilen söhbet edip oturan wagtynda onuň ýanyna bir aýal gelip:

— Sen Şazan ibn Abdymy? — diýip sorapdyr. Şol wagt onuň gözlerine ýaş aýlanyp, damagy dolup, ol:

– Hawa men – diýipdir.

— Kim meniň halymy görse, hiç wagt baý aýala öýlenmez. Sebäbi aýalym menden kakamyň adyny aýyrdy — diýipdir.

Sazanyň gaýyn atasynyň ady Abdy eken, özem baý adam eken. Şonuň üçinem aýalynyň kakasynyň ady oňa degişli edilipdir.



[1]Mälik ibn Dinar Basry Abu Ýahýa - hadys rowaýatçylarynyň ymamlaryndan bolan hadys alymy. Örän takwa bolup, diňe özi gazanyp iýýär eken we hakyna hat ýazar eken. 131-nji hijri ýylynda Basrada wepat bolupdyr.

 

[2]Abu Talyp – Muhammet alaýhyssalamyň kakasynyň dogany we Hezreti Alynyň kakasy.

[3]Dumetul Jendel – ýer ady.