Segsen bäşinji bap. Wagyz-nesihat, erbetligiuň öňüni almak, şepagat, rehmet we şuňa meňzeşler hakynda

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » Segsen bäşinji bap. Wagyz-nesihat, erbetligiuň öňüni almak, şepagat, rehmet we şuňa meňzeşler hakynda

Jerir ibn Abdylla şeýle diýipdir: «Biz Resulalla tabyn boljakdygymyza we musulmanlara wagyz-nesihat etjekdigi­mize söz berdik».

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam hadyslarynyň birinde:

— Din nesihatdyr — diýipdir.

Ondan:

— Eý, Allanyň resuly, kim üçin nesihat? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Alla üçin, onuň pygamberi üçin, musulmanlaryň baştutanlary üçin, asla musulmanlaryň hemmesi üçin — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Omar ibn Abdyleziz şeýle diýipdir: «Kim musulman doganyna onuň dini üçin nesihat berse we onuň dünýäsiniň abat bolmagy üçin ýardam berse, oňa iň ýagşy garaşyk etdigidir».

 

* * *

Mutarraf şeýle diýipdir: «Bendelere Alla üçin iň köp nesihat berijiniň perişdelerdigini, iň gorkuzýanynyň hem şeýtanlardygyny gördük».

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Mömin möminiň aýnasydyr. Mömin möminiň doganydyr. Kyn gününde oňa kömek eder, daşyny gorar».

 

* * *

Musgyr şeýle diýipdir: «Men kime wagyz-nesihat etsem, öz aýyplarymy görýärin».

 

* * *

Kim soltandan nesihatyny, lukmandan derdini, dostlaryndan bolsa gaýgy-gamyny gizlese, onuň öz-özüne haýynlyk etdigidir.

 

* * *

Halypalaryň biri Jerir ibn Ýezide:

— Men seni bir iş üçin taýýarladym — diýipdir.

Onda ol:

— Eý, möminleriň emiri, Alla we onuň resuly mende seniň nesihatyňa baglaýan kalp, saňa boýun bolmak üçin açylan el we seniň duşmanyňa kesgir gylyç taýýarlap goýdy — diýipdir.

 

* * *

Omar ibn Abdyleziziň ogly Abdylmälik ýogalanda adamlara wagyz edip oturan eken. Bir adam oňa:

— Alla kuwwat bersin, eý, möminleriň emiri — diýip, çep eli bilen yşarat edipdir.

Onda Omar:

— Seniň aýdýanlaryňa meni şatlandyrýar — diýipdir.

Ol adam:

— Subhanalla! Abdylmäligiň ölümi seniň musulmanlara wagyz-nesihat etmegiňe böwet bolmaýarmy? — diýipdir.

Onda Omar:

— Ýok, men Abdylmäligiň ölüminde musulmanlara nesihat bermäge böwet boljak zat görmeýärin — diýipdir.

 

* * *

Dostuň nesihaty edepdir, duşmanyň nesihaty tankytdyr.

 

* * *

«Newabygyl-kelimde[1]» şeýle diýlendir: «Özüne nesihat berýän dosty tapdy, ony özüni süsjek bolýan san hasaplady, ýagny ganym duşmany hasaplap, nesihatyny diňlemedi».

 

* * *

Mugaz ibn Müslim Herra Nahwy (oňa hasa satýandygy üçin Herra diýipdirler) Kumeýt ibn Zeýt bilen dost bolupdyr. Bularyň ikisi hem biri-birleri bilen gatnaşar ekenler. Emma Halyt ibn Abdylla Kusry Kumeýte onuň ýanyna barmagy gadagan edipdir. Kumeýt muny ýerine ýetirmändir. Halyt ony tutup, öldürmekçi bolupdyr. Bu barada şahyr şeýle diýipdir:

 

Size habar bereýin, onuň nesihaty bar,

Nesihatynda bolsa iňňäniň täsiri bar.

 

* * *

Süleýman Hawwas şeýle diýipdir: «Kim dosty bilen özüniň aralaryndaky zatlar barada wagyz etse ol nesihatdyr. Kim ynsanlaryň baştutanyna garşy wagyz etse ol betbagtlykdyr».

 

* * *

Muhammet ibn Temam şeýle diýipdir: «Wagyz-nesihat etmek Allanyň goşunlaryndan bir goşundyr. Ol göýä diwara urulýan toýun ýalydyr. Eger ýelmeşse peýdalydyr, eger ýelmeşmese, hiç bolmasa yz galdyrar».

 

* * *

Abu Japar Müsri şeýle diýipdir: «Kalba wagyz etmek göýä içine zeýtun ýagy ýa-da bal guýlan çanak ýalydyr. Olar çanakdan alynar, ýöne içinde ýoky galar».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Siz wagyz-nesihatdan peýdalanmaýan kişileriň hataryndan bolmaň. Çünki akylly kişi wagyz-nesihat eşitse, edep bilen öwüt alar. Diňe haýwanlar taýak bilen ýola getirilýändir».

 

* * *

Bir adam dostuna şeýle diýip ýazypdyr: «Salamdan soň. Ynsanlara öz işleriň bilen görelde bol. Olara sözüň bilen öwüt berme. Özüňe ýakyn bolandygy üçin Alladan utan. Onuň saňa beren güýjüniň belentliginde kömege ylga. Wessalam».

 

* * *

Asmagy şeýle diýer eken: «Saňa nesihat berip, käbir erbet zatlary gadagan edýän seniň dostuňdyr, emma olara höweslendirýän seniň dostuň däldir».

 

* * *

Kimiň nebsi özüne öwüt beriji bolsa, onuň Alla tarapyndan goragçysy bardyr.

 

* * *

Ümmi Derda şeýle diýipdir: «Kim-de kim dostuna gizlin öwüt-ündew etse, ony zynatlar. Kim açykdan öwüt-nesihat berse, onuň imanyny artdyrar».

 

* * *

Ibn Mesgut[2] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim ýetimiň başyny sypalasa, onuň kellesiniň üstünde eliniň geçen her bir gyly üçin kyýamat gününde oňa nur saçylar».

 

* * *

Biri Hezreti Omaryň öýüne barypdyr. Görse, ol gyşaryp ýatyr, çagalary hem onuň üstüne çykyp oýnaşyp ýör diýýär. Ol muny geň görüpdir. Hezreti Omar ondan:

— Sen çagalaryň bilen nähili? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Öýe giren dessime, derrew lam-jim bolarlar— diýipdir.

Onda Hezreti Omar:

— Git onda şu ýerden! Sen asyl, öz çagalaryňa, maşgalaňa-da mähirli däl ekeniň, onsoň nädip Muhammet ymmatyna mähirli bolarsyň? — diýipdir.

 

* * *

Enes şeýle diýipdir: «Resulalla bir gezek bir kowmuň ýanyna bardy. Olaryň arasynda bir aýal geýim tikip otyrdy. Ýanynda hem çagasy bardy. Käwagt hakly bolan ýerinde çagasyny urýardy, käwagt hem ony ogşaýardy.

Resulalla:

— Siz onuň çagasyna nähili rehim-şepagatly, mylaýymdygyny görýärsiňizmi? — diýip sorady.

Oňa

— Hawa — diýip, jogap berdiler.

Onda Resulalla:

— Allatagala öz bendelerine şu enäniň çagalaryna bolan rehim-şepagatyndan has-da rehimlidir — diýdi.

 

* * *

Kimiň nesihat diňlände ýüzi saralýan bolsa, erbet zat eşidende, ýüzi garalmalydyr.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Möminler biri-birlerine kömek bermekde, rehimdarlykda we gatnaşyklarynda göýä beden ýaly syzgyr bolmalydyr. Eger agzalaryň biri ejir çekse (mysal üçin, ukusyzlyk ýa gyzdyrma), onuň yzasy beýleki beden agzalaryny hem biperwaý goýmaz».

 

* * *

Abu Musa Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Eger siziň biriňiz biziň metjidimiziň we bazarymyzyň ýanyndan geçse, ýanynda hem oky bar bolsa, ondan musulmanlara zelil etmez, çümmez ýaly, naýzanyň ujuny ýeňi bilen örtsün».

Abu Musa soň şeýle diýipdir: «Bu wakadan soň biz naýzalarymyzyň ujuny ýapyp gezýärdik».

 

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Men ýol üstünde adamlara zyýan berýän bir çöpi zyňan adamy jennetde gördüm. Ol çöpüň üstüne münüp, aýlanyp ýören eken».

 

* * *

Abdyleziz ibn Abu Rawwat şeýle diýipdir: «Eger bir adam musulman doganynyň erbet iş edenini görende, oňa bu işi gaýtalamazlygyny öwüt berse ýa-da gizlese, öwüt-nesihaty üçin bir sogap, gizländigi üçin bolsa ýene bir sogap alar».

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Eger siz doganyňyzyň ýalňyşandygyny görseňiz oňa kömek ediň we onuň ýalňyşyna böwet boluň. Onuň toba etmegi üçin Allatagala doga ediň. Siz doganyňyza garşy şeýtana kömekçi bolmaň».

 

* * *

Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Wagyz-nesihat akmaga, göýä garry adama ýokary çykmagyň kyn bolşy ýaly agyr deger».

 

* * *

Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Eý, perzendim! Garyplaryň sabyrlarynyň azlygy sebäpli, olara rehimli bol. Şükürleriniň azlygy üçin bolsa baýlara rehim et. Gapyllyklarynyň köplügi sebäpli hemmelere rehim et».

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Ömrümiň geň-taňlygynyň aýtsam size iň pesin,

Özgä nesihat berip, hilegärdir meň nebsim.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Eý, perzendim! Öz nebsiň bilen özgeleriň nebsiňi terezä goý! Öz eý gören zatlaryňy söýşüň ýaly, beýlekileri hem gowy gör. Öz halamadyk zatlaryňy beýlekilere hem rowa görme. Özgeler senden razy bolmasalar-da, sen olardan razy bol».

 

* * *

Harun Reşit Mansur ibn Ammara:

— Maňa öwüt ber. Özi hem örän gysga bolsun — diýipdir.

Onda ol:

— Eý, möminleriň emiri! Sen kimdir birini halaýarsyňmy? — diýipdir.

Harun Reşit oňa:

— Ýok — diýip jogap beripdir.

Onda Mansur:

— Eger seni halaýan kişiniň ýanynda halanjak bolsaň, onda sen hem ony eý gör — diýipdir.

 

* * *

Abu Hazm Medeni:

— Kimde kim iki zady ýerine ýetirse, bu dünýäniň we ahyretiň bagtyýar kişisi bolar — diýipdir.

Ondan:

— Eý, Abu Hazm, olar nämeler? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Alla biziň halamaýan zadymyzy söýýän bolsa, onda halamaýan zadyňyza sabyr ediň. Alla siziň söýýän zadyňyzy halamaýan bolsa, onda söýýän zadyňyzy terk ediň — diýipdir.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle hadys rowaýat edipdir: «Allatagala şeýle diýdi: «Eý, Adam ogly! Seni adamlaryň edýän günäsiniň seniň günäňden köp bolmagy aldatmasyn. Ynsanlaryň nygmatynyň seniň nygma­tyňdan köp bolmagy hem aldatmasyn. Ynsanlaryň Allanyň rehmetinden umyt üzmegi, seniň öz nebsiň üçin umyt etmegiňden aldatmasyn».

 

* * *

Mejusy[3] dininden bolan bir adam Abu Müslime[4] şeýle öwüt-nesihat beripdir: «Haýyrly zady aýt, ýeňil zady al, gözel zady ýerine ýetir».

 



[1]Zamahşarynyň bir eseriniň ady.

[2]Abu Abdyrahman Abdylla ibn Mesgut ibn Gapyl ibn Habyp Hezeli – Mekgede yslama ilkinji giren sahabalaryň biri. Mekgede Gurhany ilkinji bolup açyk ýerde köpçüligiň öňünde okan sahaba. 32-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[3]Otparaz.

[4]Abu Müslim Horasany – apbasly wagyzçysy.