Segsen altynjy bap. Nygmat, oňa şükür etmek, ony öwmek, bigadyrlyk, ony inkär etmek we şuňa meňzeşler hakynda

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » Segsen altynjy bap. Nygmat, oňa şükür etmek, ony öwmek, bigadyrlyk, ony inkär etmek we şuňa meňzeşler hakynda

Mugaz ibn Jebel şeýle diýipdir: «Resulalla bir adamyň ýanyna bardy. Ol adam:

— Eý, Allam men senden nygmatlaryň ählisini isleýärin? – diýip dileg edýärdi.

Resulalla:

— Nygmatlaryň ählisiniň nämedigini bilýärsiňmi? — diýip sorady.

Ol:

— Ýa, Resulalla, men bu dilegim bilen haýyr isleýärin — diýipdir.

Onda Resulalla:

— Nygmatlaryň ählisi halas bolmak we jennete girmekdir — diýipdir.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Allanyň nygmaty kim üçin berilse, onuň iýjek-içjegi bol bolar».

 

* * *

Mekgäniň basylyp alnan we hemmeleriň bagyşlanan güni Resulalla:

— Olar saňa näme eden bolsa sen hem şeýle et — diýipdirler.

Onda ol:

— Men Ahmetdigim[1] üçin Muhammet diýlip atlandyryldym — diýipdir.

 

* * *

Resulalla bir gezek Agşanyň Alkama ibn Allasany şygyr bilen tankytlaýandygyny eşidip, sahabalaryna ol şygry aýtmagy gadagan edip:

— Haçanda Abu Sufýan Kaýsaryň[2] ýanynda meni ýamanlanda, onuň ýanynda Alkama bardy. Ol Abu Sufýany ýamanlapdy — diýipdir.

Ibn Apbas soň:

— Alkama üçin oňa minnetdarlyk aýtdy — diýipdir.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Nygmatyň gitmeginden habardar boluň. Giden zat yzyna gaýdyp gelmez».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Eger siziň daşyňyzy nygmat gurşap alsa, ony şükürliligiňiz bilen özüňizden gidermäň we gaçyrmaň».

 

* * *

Amr ibn Magt Ýükrep bir gezek Muşajyg ibn Mesgut Süleýmini Basrada görüpdir. Ol oňa:

— Nähili islegiň bar? — diýipdir.

Ol:

— Islegim özüm ýaly bilen duşuşmak — diýipdir.

Ol hem oňa ýigrimi müň dirhem, bir at, bir gylyç we bir hyzmatkär beripdir. Haçanda onuň ýanyndan çykanda oňa:

— Dostuňy nähili gördüň? — diýipdirler.

Ol:

— Alla Süleým taýpasyna kömek etsin! Onuň bilen duşuşmakdan has uly söweş görmedim. Onuň beren zatlary nähili uly! — diýipdir.

 

* * *

Eger eliň haýyr-sahawatdan gysga bolsa, diliň şükür etmäge uzyn bolsun.

 

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: — Şükür üç zat bilen ýerine ýetirilýär:

 

1.      Kalbyň açyklygy;

2.      Diliň zikir etmegi;

3.      Eliň sahylygy.

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Üç sany nygmaty sanap bereýin,

Olar: elim, dilim hem-de ýüregim.

 

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Kimde kim seniň nazy-nygmatyň dosty bolsa, oňa şükür ediji bende bol».

 

* * *

Başga biri şeýle diýipdir: «Sahy – sözüň hakyny ýerine ýetirýän we wagta hormat goýujy kişidir».

 

* * *

Bekr ibn Abdylla Muzeni[3] şeýle diýipdir: «Allanyň nygmatlaryny sana, çünki eger sen ony sanasaň oňa şükür etmäge laýyk bolarsyň. Eger ony unutsaň, ony inkär etmäge laýyk bolarsyň».

 

* * *

Ibn Äşe şeýle diýipdir: «Alla öz beren nygmatyny diňe eýesi oňa näşükür bolup azan wagty aýrar».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Eger sen Allanyň nygmatlaryny ulanmazlygy oňarýan bolsaň, onda ýerine ýetir. Sen diňe öz paýyňy görýänsiň we nesibäňi alýansyň. Alladan ýeten ujypsyz zat, ilden gelen köp zatdan hem zyýatdyr».

 

 

* * *

Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Eger Allatagala günäsi sebäpli hiç kime azap bermesedi, onuň nygmatlary üçin şükür etmäge diňe günäkär bolmazlyk gerek bolardy».

 

* * *

Japar ibn Muhammet şeýle diýipdir: «Men haýyrly işleriň diňe üç zat, ýagny: howlukmaklygyň, üstüni örtmegiň we kiçi görmegiň üsti arkaly amala aşýandygyny gördüm. Sen eger howluksaň öwülersiň, eger gizlin tutsaň doly ýerine ýetirersiň, eger kiçi görseň her kiçi işi uly hasaplarsyň».

 

* * *

Saňa nygmat berene sen hemişe şükür et,

Saňa şükür edene — nygmat hakda pikir et.

 

* * *

Sahyp şeýle diýipdir: «Nygmatda ähli şükürler bardyr. Ol göribiň gözünden gorar».

 

* * *

Muhammet ibn Habyp Rawyýa şeýle diýipdir: «Eger şükür az bolsa, minnet köpeler. Eger işe gaýrat etseň, minnetdarlyk artar».

 

* * *

Sabur şeýle diýipdir: «Haýyrly iş kime terbiýe berip bilmese, ol göýä haýyrly iş etmedik ýalydyr».

 

* * *

Anuşirwan şeýle diýipdir: «Nygmatlar tohumdyr, şükür etmek bolsa onuň miwesidir».

 

* * *

Hajjaç Ibn Kyrryýa:

— Zatlaryň iň harlanýany näme? — diýipdir

Ol:

— Hiç çyglylygy guramaýan we ot çykmaýan şor topraga ýagýan bol ýagyş, güneşli wagt ýanýan yşyk, iki gözi kör bolana berilýän owadan gyz we şükür etmeýäne nygmat hökmünde berlen hünär — diýipdir.

 

* * *

Aýdypdyrlar: «Kimiň haýyr-sahawatdan güýji we şükür etmekden dili ejiz bolsa, ol nygmaty bilmekden we nygmat berlene kömek etmekden ejiz boldugy däldir».

 

* * *

Abu Usame şeýle diýipdir: «Men Sufýan Söwri bilen Fuzaýl ibn Yýazy gördüm. Olar nygmat barada gürrüňleşýär ekenler. Olar: «Bize şu zat üçin nygmat berildi, bize şu zat üçin şeýle edildi» diýýärdiler».

 

* * *

Hasan Basry:

— Eger seniň iki günüň deň bolsa, sen kemsiň — diýipdir.

Ondan

— Bu nähili bolýar? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Allatagala saňa her günde nygmatyny artdyran bolsa, sen hem şonuň üçin şüküriňi artdyrmalysyň — diýipdir.

 

* * *

Abdylagla ibn Hammat Nesri şeýle diýipdir: «Men Halypa Mütewekkiliň ýanyna bardym. Ol maňa:

— Eý, Abu Ýahýa, biz saňa haýyr bilen gowuşmak üçin hümmet etdik, sen bolsa wagtynda gelmediň — diýdi.

Men oňa:

— Eý, möminleriň emiri, men Japar ibn Muhammet Sadykdan eşitdim, ol: «Kim hümmete şükür etmese, nygmata şükür etmez» diýipdir — diýdi».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Kim şükür atyna atlansa, onuň bilen belentliklere ýeter».

 

* * *

Japar ibn Muhammet şeýle diýipdir: «Nygmatlar wagşydyr, ony şükür bilen eldekileşdiriň».

 

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň nygmat taýdan iň berki, şükürde höwes taýdan iň güýçlüsidir».

 

* * *

 Attaby şeýle diýipdir: «Nygmat atlaryňyzy şükür etmek bilen eýerläň».

 

* * *

Dawut pygamber Allatagala şeýle mynajat edipdir:

— Ylahym, men saňa nähili şükür edeýin! Meniň şükür etmäge diňe seniň beren nygmatyň bilen güýjüm ýetýär?

Allatagala oňa:

— Eý, Dawut! Sen näme özüňdäki nygmatyň mendendigini bilmeýärsiňmi? – diýipdir.

Dawut alaýhyssalam:

— Hawa, eý, Rebbim! Men şonuň üçin hem saňa az şükür edýärin — diýipdir.

 

* * *

Kim nygmatlary üçin şükür etse, Allatagala onuň üçin belentlikleriň gapysyny açar.

 

* * *

Aýdylypdyr: «Ýagşylyklary täzelemek bilen ömrüňizi uzaldyň».

 

* * *

Haryjylar[4] şeýle diýipdirler: «Nämynasyp adamyň ýagşylyk etmegi ýagşylyklaryň harlanmagydyr».

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Men özlerine berlen nygmata bigadyrlyk edýänler bilen deňdirin (ýagny men hem doly manyda şükür edip bilmeýärin)».

 

* * *

Amr ibn Ýezit Esedi Hasan Basrynyň ýanyndan geçip barýan eken. Hasan ýerinden turup, onuň hal-ýagdaýlary barada mylaýymlyk bilen sorapdyr. Şol wagt ýanynda oturan Amr ibn Ubeýt geň galyp, Hasandan:

— Näme üçin ýeriňden turduň? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Ol maňa kyn günlerimde goldaw berdi we meni bir ýerden başga ýere göçürdi. Men hem munuň üçin oňa minnetdarlyk hökmünde sylag-hormat goýýaryn — diýipdir.

 

* * *

Wehp ibn Munebbih: «Baýrak-sylagyň terk edilmegi - gysgançlyk sebäplidir».

 

* * *

Ibn Semmak şeýle diýipdir: «Bende Allanyň berýän nygmatynyň gadyryny — ýitirende biler».

 

* * *

Kim nygmaty üçin Alla şükür etmese, ol nygmatyň soňuny çagyrýandyr.

 

* * *

Şükür etmek — nygmatyň gitmeginden goraýar,

Hem-de onuň — nygmatyň ýitmeginden goraýar.

 

* * *

Sahyp şeýle diýer eken: «Men şahyr Buhturynyň şu sözlerini gowy gördüm: «Şükür — nygmatlaryň jemalydyr».

 

* * *

Eger hormat-sylag gazanmakçy bolsaň, haýyrly işleri et we şükür et.

 

* * *

Kim sende ýok zat bilen seni öwse, onuň bu ýalanlaryna ynanma. Kim saňa etmedik işiň üçin minnetdarlyk bildirse, onuň saňa erbetliklerinden heder et.

 

* * *

Akmaga ylym öwretmek – ylmy zaýalamakdyr. Günä işler — nygmaty gidermekdir.

 

* * *

Şükür nygmatdan haýyrlydyr, çünki şükür – baky, nygmat bolsa panydyr.

 

* * *

Seleme ibn Eban kätip şeýle diýipdir:

 

Näme ekseň sen şony hem orarsyň,

Alkyş ekseň sylag-hormat görersiň.

 

* * *

Adyý ibn Arbat bir gezek Omar ibn Abdylezize hat ýazyp:

— Men basralylar üçin süýji suwly guýy gazdym. Emma oňa şükür edýäni görmedim. Eý, möminleriň emiri, maňa ony gömmäge rugsat ber — diýipdir.

Onda Omar ibn Abdyleziz oňa:

— Eý, Adyý, heý, ondan suw içip, alhamdulillä (Alla öwgi bolsun) diýýän ýokmuka! Alla jennetileri jennete salanda, olar alhamdulillä diýerler. Şonuň bilen hem seniň guýyňdan sogap bardyr — diýipdir.

 

* * *

Omar ibn Abdyleziz şeýle diýipdir: «Nygmatlaryň ýatlanylmagy şükür etmekdir».

 

* * *

Nasr ibn Ýesar Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň beripdir: «Kime nygmat berlip, oňa şükür etmese, onuň başyna bela geler».

 

* * *

Muhammet ibn Aly ibn Hüseýin ibn Aly ibn Abu Talyp (Alla olardan razy bolsun) şeýle diýipdir: «Kime nygmat berlen bolsa, ol hem, ynsanlara haýyr-sahawat bilen nygmat berse, ol kişi ýazgarylmakdan amandyr. Onuň boýnundan erbet netije halkasy aýrylandyr» diýipdir.

 

* * *

Aly ibn Hüseýin şeýle diýipdir: «Resulalla şeýle diýdi: «Bir adam tagamdan doýup Alla öwgi aýtsa, oňa gije-gündiz oraza tutýana berilýän sogapdan hem has uly sogap berler. Çünki Alla şükür edýänleri söýýändir».

 

* * *

Muhammet ibn Aly şeýle diýipdir: «Alla bendesine nygmat berse, ol hem munuň Alladandygyny bilse, heniz munuň üçin Alla öwgi aýtmazdan, Alla onuň şükürini ýazar. Eger bendesi bir günä iş etse, özi hem Allanyň mundan habardardygyny bilip, Allanyň özüni bagyşlamagyny ýa-da janyny almagyny islese, heniz ol toba edip, ötünç soramanka günäsini geçer».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle hadys gürrüň beripdir: «Allanyň hiç bir nygmaty uly däldir, ony diňe ynsanlaryň kynçylygy uly görkezýändir. Kim özüne berlen nygmat bilen kynçylygy ynsanlardan gidermese, ol nygmat ýok bolar gider».

 

* * *

Japar ibn Muhammet şeýle diýipdir: «Ýagşylyklary aýyrmak bilen ýagşylyklary täzeläň, çünki minnet sungaty ýok edýändir».

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Ýagşylyklarňyz içinde başga bir zat diýip bolmaz,

Şüküre derek — ejizlik, özge-gaýry hiç aýp bolmaz.



[1]Ahmet pygamberimiziň asmandaky we Isa pygambere inen Injil kitabyndaky adydyr. Manysy iň köp öwgi aýdýan, şükür edýän diýmekdir.

[2]Kaýsar - Rum şasynyň atlandyrylyşy.

[3]Bekr ibn Abdylla Muzeni – tabygyn neslinden bolan hadys alymy. Ol örän baý bolupdyr we elmydama garyp-gasarlar bilen oturar eken. Enes ibn Mälikden, ibn Amrdan, Jabyr ibn Abdylladan, Abdylla ibn Magkamdan we Magkal ibn Ýesardan hadys rowaýat edipdir.

 

[4]Haryjylar - Hezreti Ala garşy çykan topar.