Segsen ýedinji bap. Uky, ukusyzlyk, düýş, onuň ýorgudy we şuňa meňzeşler hakynda

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » Segsen ýedinji bap. Uky, ukusyzlyk, düýş, onuň ýorgudy we şuňa meňzeşler hakynda

Abu Sagyt Hudry Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Resulalla şeýle diýdi: «Her bir uklaýan adamyň eşidiş agzalaryna hökman düwünler bilen ýüp daňylar. Eger ol Allany ýatlasa düwünleriň biri çözüler. Eger täret alsa, ýene biri çözüler. Eger namaz okasa, ähli düwünler çözüler. Eger ol täret almasa we namaz okamasa, düwünler şol durşuna galar. Şeýtan hem onuň gulagyna peşew eder».

 

* * *

Ümmi Habyp ibn Halyt ibn As ukudan oýanyp, hyzmatkärlerine şeýle diýipdir: «Şeýtanyň düwünleri çözüldi, bu wagt uklap bolmaz».

 

* * *

Zamga ibn Salyh uzakly gije namaz okar eken, säher çagynda bolsa maşgalasyna garap şeýle diýer eken:

 

Eý, siz jemagaty şatlyk-şowhunyň,

Ukyňyz gijesin iýdi bu günüň.

 

Olar hem zar-zar aglaşyp, doga-dileg edişip turýar ekenler. Gün doganda bolsa, ol şeýle diýermişler: «Gije ýolagçy bolan kowum Alla öwgi aýdar».

 

* * *

Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ymmatymyň iň hormatlysy Gurhany ýat tutanlar (karylar) we gije ýatman ybadat edenlerdir».

 

* * *

Süleýman alaýhyssalamyň ejesi ogluna şeýle diýipdir: «Eý, oglum! Köp uklama, sebäbi köp uklaýan kyýamat gününde magşar meýdanyna zyýan çeken hökmünde getiriler».

 

* * *

Sufýan Söwri şeýle diýipdir: «Salamatlyga gowuşmak isläp, özi hem uklaýanyň haly örän geňdir. Biziň döwrümizde erbet zada ukudan başga mysal getirilýändigini bilmeýärin».

 

* * *

Sufýan Söwri tebibe:

— Eger ukym tutaýsa, ukudan açýan zady aýt — diýipdir.

Onda ol:

— Kelläňe köpräk ýag çal — diýipdir.

 

* * *

Araplar şeýle diýipirler: «Guşluk wagty uklamak tomusda sowadyjydyr, gyşda bolsa ýylylykdyr».

 

* * *

Guşluk wagty uklamak jana şypadyr.

 

* * *

Ibn Jehm şeýle diýipdir: «Eger meniň ukym tutup, gözlerim süzülip başlasa, şol wagt hikmetli kitaplary okap başlaýaryn».

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Ýaşlara guşluk ukusy jahyllyk çaglary miras,

Dälilik çaglary bolsa, ukular gowy bolýar has.

 

* * *

Harys ibn Harys Mekgi şeýle diýipdir: «Men düşeginde uzap ýatan, gözlerini uky üçin süzýän kişä haýran galýaryn. Ol näme üçin tä gözleri süzülýänçä namaz okamaýarka? Şeýle wagtdaky ukudan has lezzetli hiç hili uky ýokdur».

 

* * *

Tawus: «Arkama gamçy bilen urulmagy, meniň üçin juma gününde ymam hutba okap durka uklamagymdan has gowudyr» diýipdir.

 

* * *

Muhammet ibn Nadr Harysy ömrüniň soňky iki ýylynda öýle ukusyny terk edipdir.

 

* * *

Mekhul şeýle diýipdir: «Kim düşegine girse we bu günki eden işleri barada pikir etmese, haýyr eden bolsa, Alla öwgi aýtmasa, günä iş eden bolsa günäniň geçilmegini sorap dileg etmese, onda ol tä zyýan çekýänçä hasaplaman we mundan asla habary bolmadyk täjir ýalydyr».

 

* * *

Şetdat ibn Ews Ensary düşeginde saçda gowrulyp ýatan däne ýaly bolup ýatar eken we şeýle diýer eken: «Eý, Allam! Dowzahyň ýadyma düşmegi meniň ukyma böwet bolýar».

 

* * *

Hawat ibn Jübeýr şeýle diýipdir: «Günüň başyndaky uky asyllylykdyr, ortasyndaky uky ahlaklylykdyr, ahyryndaky uky akmaklykdyr».

 

* * *

Apbas ibn Abdylmuttalyp guşluk wagty ýatan ogluny aýagy bilen yralap, şeýle diýipdir: «Tur, Alla saňa uky bermesin. Sen näme Allanyň öz bendeleriniň arasynda rysgalyny paýlaýan wagty ýatýarsyňmy? Ýa-da sen näme araplaryň «Ol wagt (guşluk) gülkünç ýaltalykdyr we dilegler üçin taýakdyr» diýendigini eşitmediňmi?».

 

* * *

Uky üç görnüşlidir:

 

1.      Asyllylyk ukusy;

2.      Ahlaklylyk ukusy;

3.      Akmaklyk ukusy.

 

Asyllylyk ukusy guşluk ukusydyr. Ahlaklylyk ukusy pygamberimiziň ymmatyna: «Günortan uklaň, sebäbi şeýtanlar günortan uklamazlar» diýip sargan günortan ukusydyr. Akmaklyk ukusy bolsa ikindinden soň uklamakdyr. Bu wagtda diňe lül-serhoş, däli ýa-da hassa kişiler ýatar.

 

* * *

Abdylwahyt ibn Süleýman ibn Abdylmälikden:

— Siziň mülküňiziň gitmegine näme sebäp boldy? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Säher çaglarynda ýatmakgymyz agşam wagtynda şerap içmegimiz — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Hyşam ibn Abdylmälik ogluna şeýle diýipdir: «Säher wagty uklama, sebäbi ol şumluk we gaýgy getirer».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Ynsan ölümde ýatar, söweşde ýatmaz. Ýagny, ol başyna düşen ölüme sabyr eder, emma malynyň ogurlanmagyna sabyr etmez».

 

* * *

Selman Parsy şeýle diýipdir: «Men oýa gezip ýören wagtlarymy hasaply tutuşym ýaly, ukymy hem hasaply tutýaryn».

 

* * *

Şagbydan:

— Düýn nähili ýatdyň? — diýip sorapdyrlar. Ol hem donuny ýere ýazyp, soň üstünde elini ýassyk edip:

— Ine, şeýle ýatdym — diýipdir.

 

* * *

Ýahýa ibn Ýeman şeýle diýipdir: «Men saçy we sakgaly gara göze hoş görnen bir kişiniň ýatandygyny gördüm. Ol düýş görüp ýatan eken. Düýşünde ynsanlaryň kyýamatda bir ýere ýygnanyşýandygyny görüpdir. Olar bir derýanyň üstünde bolan köprüden geçýärmişler. Ýaňky ýigit hem çagyrylypdyr, ol hem baryp görse, ol köpri gylyjyň ýüzi ýaly ýiti eken. Ol onuň üstünde saga-sola ýöräpdir. Şol wagt ýaňky ýigit oýandy, gorkudan ýaňa saçy-sakgaly ak bolup turdy».

 

* * *

Bir adam düýşünde zeýtun ýagyny zeýtunlaryň üstünden guýýan ýagdaýda görüpdir. Ibn Sirin oňa: «Eger sen dogry aýdýan bolsaň, sen ejeň bilen bile ýatypsyň» diýipdir. Dogrudan hem onuň aýdyşy ýaly bolan eken.

 

* * *

Dewme binti Mugtyba düýşünde biri gelip şeýle diýipdir:

 

Buşlaýynmy saňa habar,

Meňzeýän zady ýolbarsa.

Gadyr bolmaz, göýä hazan,

Şäherleri basyp alsa —

Tutan ýoly ýowuz bolsa.

 

Ol soň Muhtar ibn Abu Ubeýdi dogrupdyr. Bu waka hijret ýylynda bolupdyr.

 

* * *

Gazwan Sopy düýşde görülipdir. Oňa:

— Alla saňa näme etdi? — diýipdirler. Ol hem şeýle jogap beripdir:

 

Barlandyly hasabymyz,

Däldir hiç zat gözden sowa.

Siz çyndan ynanyň şuňa,

Berdi soň haýyr hem sogap.

 

* * *

Abu Müslim Horasany Abdylla ibn Aly bilen söweşden gaçansoň, düýşünde özüni piliň üstünde gezip ýören ýagdaýda görüpdir. Gün bilen Aý hem onuň gujagynda eken. Ol ýoldan geçip barýana muny gürrüň beripdir we ýorup bermegini haýyş edip, oňa on müň dirhem beripdir. Soň ol:

— Seniň möhletiň gutarypdyr, sen heläk bolarsyň — diýipdir we şu aýatlary okapdyr: «Sen pil eýelerine näme edilendigini görmediňmi».[1] «Gün we Aý jemlenende ynsan ol gün aýdar: «Gaçyş ýeri nirede?».[2]

 

* * *

Bir adam düýşünde altyndan tagta seredýämiş. Oňa: «Gözüň göreji gider» diýipdirler. Soň şol adam kör bolup galypdyr.

 

* * *

Bir adam Sagyt ibn Museýýebe:

— Men düýşümde wezipede oturan biriniň arkasyna dört gezek buşugýaryn — diýipdir.

Sagyt oňa:

— Ol wezipede oturan halypa Abdylmälikdir. Onuň neberesinden dört kişi halypa bolar — diýipdir.

 

* * *

Rowaýat edilmegine görä, ýene ol adam:

— Men düýşümde Resulallanyň Abdylmäligiň arkasyna dört gezek buşugandygyny gördüm — diýipdir.

Onda Sagyt oňa:

— Eger seniň düýşüň dogry bolsa, onuň neslinden dört halypa çykar — diýipdir.

 

* * *

Aly ibn Hüseýin düýşünde gursagynda: «Kul huwallahu ahad»[3] diýlip ýazylan haty görüpdir. Ol bu düýşüni ýordurmak üçin Sagydyň ýanyna barypdyr. Ol hem oňa: «Sen Resulallanyň neslindensiň, sen öz ölüm habaryňy aýtdyň» diýipdir.

 

* * *

Ymam Şapygy şeýle diýipdir: «Düýşümde Resulallany gördüm. Ol maňa: «Kitabyňy maňa ber» diýdi. Men hem kitabymy oňa berdim. Ol aldy we ony ýaýratdy. Onuň bilen dogan okaşdym. Oýanamsoň, Sagydyň ýanyna gidip habar berdim. Ol hem maňa: «Alla seniň şanyňy beýgelder, ylymyň hemme ýere ýaýrar» diýdi».

 

* * *

Ibn Mesgut Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim düýşünde meni görse, ol dogrudan hem meni görer. Sebäbi şeýtan maňa meňzäp bilmez».

 

* * *

Abu Hind bir gezek Merwde üçegiň üstünde ýatypdyr. Ol ýatanda erbet togalanýar eken. Ol aýagyny ýüp bilen mäkäm daňypdyr. Ol ýokardan togalanyp gaýdypdyr we howada aýaklaryndan asylgy galypdyr. Netijede boglup ölüpdir.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Eger düýş görseň, ony diňe dostuňa ýa-da akylly-başly adama aýt».

 

* * *

Bir adam Resullanyň ýanyna gelip:

— Düýşümde kellämiň menden aýrylyp gaçandygyny gördüm. Men hem onuň yzyna düşüp tutdum — diýipdir. Resulalla hem oňa:

— Sen haýsy gözüň bilen kelläň senden aýrylandygyny gördüň? Şeýtan içiňizden biri bilen oýnasa, ony hiç kime habar bermesin» — diýipdir.

 

* * *

Bir adam Aly ibn Hüseýine:

— Men düýşümde öz elime buşugýarmykam diýýän — diýipdir.

Onda ol:

— Seniň golastyňda mährem (süýtdeş) bar — diýipdir.

Soň ol aňyrsyny yzarlap görse, aýaly bilen arasynda süýt emişme bar eken.

 

* * *

Abu Hanypa şeýle gürrüň beripdir: «Men düýşümde Resulallanyň guburyny açýaryn we onuň süňküni gursagymda goýýaryn. Men mundan gaty gorkdum we Ibn Sirinden ýorgut soradym. Ol:

— Hiç kim bu döwürde beýle düýşi görüp bilmez — diýdi.

Men oňa:

— Men gördüm — diýdim.

Ol:

— Eger seniň düýşüň dogry bolsa, sen pygamberiň sünnetini janlandyrarsyň — diýdi.

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Gije seniň ömrüň ýary, olja hasap etgin ony,

Uklap geçirmegin sen ömrüň galan ýaryny.

 

* * *

Başga bir şahyr şeýle diýipdir:

 

Uky lezzeti nähili, aýdyň açyk-aýanyny.

Başarsaňyz gürrüň beriň, maňa ukyň beýanyny.

 

* * *

Pylany gabagy bilen hiç ylalaşmaýar, az uklaýan adam barada aýdylýar.

 

* * *

Bir adam düýşünde bir garganyň şäheriň iň uly köşgüniň üstüne gonandygyny görüpdir. Ibn Museýýip: «Iň erbet adam şäheriň iň abraýly zenanyna öýlener» diýipdir.

 

* * *

Nabatyly bir adam düýşünde Hajjaç ibn Ýusuby görüpdir. Ol oňa:

— Rebbiň seni nämä öwürdi? — diýipdir.

Onda Hajjaç:

— Eý, jelep ogly. Munuň bilen seniň näme işiň bar? — diýipdir.

Ol adam:

— Biz dirikäg-ä seniň zulmuňdan, öleňden soňam diliňden gutulmadyk — diýipdir.

 

* * *

Resulalla düýşünde Useýt ibn Abu Aýsy ölenden soň jennetde görüpdir. Ol muny onuň ogly Ytap ibn Useýde gürrüň beripdir.

 

* * *

Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Salyh düýş — ahyretde Alladan onuň üçin sylag-hormatdygy barada möminlere buşlukdyr».

 

* * *

Eşgap bir adama:

— Men düýşümde nejasata bulaşýaryn, sen bolsaň bala batýaň — diýipdir.

Onda ol:

— Ol seniň erbet amalyňdyr. Ony Alla saňa lybas edip geýdirer. Meniň päk amalymy bolsa maňa lybas hökmünde geýdirer — diýipdir.

Eşgap oňa:

— Düýşüň yzy hem bar — diýipdir.

Ol:

— Nähili? — diýip sorapdyr.

Eşgap oňa:

— Şondan soň sen-ä meni ýalap başlaýaň, menem hem seni — diýipdir.

 

* * *

Hezreti Alynyň dosty Newfel Bukaly düýşünde bir goşunyň başyny çekip barýandygyny, başynda hem uzyn naýzanyň ynsanlara ýagtylyk saçyp gelýändigini görüpdir. Hezreti Aly munuň şehitlikdigini ýorupdyr.

Günlerde bir gün Newfel söweşe çykypdyr. Ol aýagyny ulagynyň üzeňňisine goýjak bolanda: «Eý, Allam! Aýalymy dul goý, oglumy ýetim goý, maňa hem şehitlik nesip et» diýipdir. Söweşden soň onuň we atynyň ölüp ýatandygyny, ganlarynyň biri-birlerine garyşandygyny, onuň hem iki adam öldürendigini görüpdirler.

 

* * *

Abu Salym şeýle diýer eken: «Düýş — Allanyň bendesi bilen gepleşýän sözüdir».

 

* * *

Abdylmälik düýşünde Ümmi Haşymyň (aýalynyň) kellesini ikä bölendigini, damagyndan ýigrimi sany hapa zat çykarandygyny görüpdir. Oýanyp onuň talagyny beripdir. Soň bolsa Sagyt ibn Müseýýebe adam iberipdir. Ol bolsa onuň düýşüni ýorup, şeýle diýipdir: «Ol ýigrimi ýyllap höküm sürjek çagany dograr» diýipdir. Ol eden işine puşman bolupdyr.

 

* * *

Şerhabyl ibn Hasene bir düýş görüpdir we ony Abubekr Syddyga gürrüň beripdir. Ol hem oňa: «Gözleriň uklady, sen hem haýyr gördüň» diýipdir.

 

* * *

Jabyr ibn Abdylla şeýle diýipdir: «Biz metjitde ýatyrdyk, ýanymyzda Hezreti Aly hem bardy. Biziň ýanymyza Resulalla gelip:

— Turuň, metjitde ýatmaň — diýdi. Biz hem ýerimizden çykmak üçin turduk.

Şol wagt men:

— Eý, Aly, sen ýatyber, Resulalla saňa rugsat berdi — diýdim.

 

* * *

Hezreti Omaryň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ogly Ibn Omar şeýle diýipdir: «Men düýşümde kakamy görkezmegini haýyş edip bir ýyllap Rebbime ýalbardym. Ahyry ony düýşümde gördüm. Onuň maňlaýyndan der akyp durdy. Men onuň sebäbini soradym. Ol maňa:

— Eger Allanyň rehmeti bolmasa-dy, kakaň heläk bolardy. Ol menden gatyryň ýüpi we düýäniň howudy barada-da sorady. Onsoň ynsanlar barada nädip soramasyn? — diýdi.

Muny Omar ibn Abdyleziz eşidip, erbet nagra çekip, eli bilen ellerine urupdyr we şeýle diýipdir: «Eger Allatagalanyň päk çaryýarlaryna şeýle edilýän bolsa, meslik içinde ýaşaýan Omar ibn Abdyleziziň haly nähili bolar?».

 

* * *

Ibn Sirinden düýşünde öz owurdyny çeýneýän adam barada sorapdyrlar. Ol hem: «Beýle adam öz dogan-garyndaşlarynyň gybatyny edýändir» diýipdir.



[1]Gurhanyň «Pil» süresiniň 1-nji aýaty.

[2]Gurhanyň «Kyýamat» süresiniň 10-nji aýaty.

[3]Gurhanyň «Yhlas» süresiniň 1-nji aýaty. Manysy : «Aýt, ol Alla birdir».