Segsen sekizinji bap. Wepadarlyk, wada bermek, jogapkärçilik çekmek, amanat, ynamlylyk, syr saklamak we şuňa meňzeşler hakynda

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » Segsen sekizinji bap. Wepadarlyk, wada bermek, jogapkärçilik çekmek, amanat, ynamlylyk, syr saklamak we şuňa meňzeşler hakynda

Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Resulalla maňa şeýle diýdi: «Eý, Abubekr! Dogruçyl bol, ähdiňi bozma, saňa berlen amanaty gora. Bular pygamberleriň wesýetleridir».

 

* * *

Jahylyýet döwründe birnäçe söweşiji adamlar Medinäniň golaýynda düşläpdirler. Resulalla olardan soýmak üçin düýe satyn alypdyr we ýerine hurma bereýin diýipdir. Ol düýäni alyp Medinäniň jaýlaryň arasyna siňip gidipdir.

Olar:

— Biz tanamadyk adamymyza zat berdik — diýip gynanypdyrlar. Olaryň içinde ýaşuly biri:

— Eger ol ýüzüni bir zat bilen örtmese, hökman men onuň ýüzüni tanaryn — diýipdir.

Az wagtdan soň Resulalla bir adam iberip, olary öýüne çagyrdypdyr. Olara saçak ýazypdyr we hurma getirdipdir. Soň bolsa:

— Alyň iýiň — diýipdir. Olar tä doýýançalar hurma iýipdirler. Soň bolsa olara dünýäniň haky üçinberilmeli zatlaryny beripdir. Olar:

— Biz şu wagta çenli beýle wadasyna wepadar kişi görmedik — diýipdirler.

 

* * *

Çarwa arap aýaly ogluna wesýet edip şeýle diýipdir: «Eý, oglum! Bilgin, kim wepadarlyga we sahylyga bil baglasa, ol onuň lybasyny hem owadan görkezer. Sen gep gezdirmekden habardar bol, sebäbi ol öýke-kinäni köpeldip, iki mähremiň arasyny açar».

 

* * *

Gumrudan wepadar guş ýokdur. Sebäbi, eger erkek gumry ölse, urkaçy gumry ýanyna hiç bir gumryny ýakynlaşdyrmaýar. Ol tä ölýänçä onuň üçin guguldap gezýär.

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Wepadarlyk çykmaýar hiç mahal hem haýyndan,

Abraýly adamdan — wepadarlyk taýyndyr.

 

* * *

Adyý ibn Hatym bir gezek Hezreti Omaryň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýanyna bir topar bolup gelipdirler. Ol «Ridde»[1] wakasynda yslamdan dänmändir. Ol Hezreti Omara:

— Eý, möminleriň emiri, meni tanaýarsyňmy? — diýip sorapdyr.

Hezreti Omar:

— Hawa, sen dinden çykanlarynda iman eden, wepasyz bolanlarynda wepadar bolan kişisiň — diýipdir.

 

* * *

Adyý ibn Hatym söweşlerde Hezreti Alynyň tarapynda durupdyr. Ol «Jemel»[2] söweşinde garşy daşyna uly hüjüm edipdir. Ol Mugawyýa garap şeýle diýipdir:

 

Mugawyýa ibn Harp söweşýär meniň bilen,

Ýoly ýapyk bolýandyr nähak bir iş edeniň.

Ýatladýarsyň maňa sen Abu Hasan Alyny,

Abu Hasan hakynda düşünjäm giňdir meniň.

 

* * *

Halypa Mansur bir gezek Yshak ibn Musa Ukaýla[3] (ol emewilerden bir çagany öz kepilligine alypdyr):

— Sen ony emewilere bolan muhabbetiň üçin kepilligiňe aldyňmy? – diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Bu meniň maňa kömek edene we döwleti ýykylana bolan wepadarlygymdyr. Maňa kömek edene we döwleti baky bolana wepadarlygyň nähilidigini özüň oýlanyp gör — diýipdir.

Mansur onuň sözüne geň galypdyr we ony goýberipdir.

 

* * *

Eger sen bir adamyň wepadarlygyny biljek bolsaň, onuň watanyna bolan hasratyna we öten günleri üçin agysyna seret.

 

* * *

Lukman Hekim ogluna şeýle diýipdir: «Eger seniň hazynadaryň ynamly bolup, hazynaň ynamly goralýan bolsa, onuň dünýäsi we ahyreti abat bolar».

 

* * *

Ibn Apbas şeýle diýipdir: «Resulallanyň ýanyna täjirler gelipdir. Resulalla olara: «Eý, täjirler jemagaty! Alla sizi kyýamat gününde günäkär hökmünde direlder. Dogruçyl we amanata wepaly bolan täjirler muňa degişli däldirler» diýipdir.

 

* * *

Ibn Omar Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadysy rowaýat edipdir: «Allatagala ynsanda onuň uýat ýerini ýaratdy we şeýle diýdi: «Bu amanatdyr, ony size amanat goýdum. Uýat ýer amanatdyr, gulak amanatdyr, göz amanatdyr, dil amanatdyr. Amanatda hyýanat edeniň imany ýokdur».

 

* * *

Mekgäniň ýeňşi gününde Hezreti Abubekr Syddyk gyz dogany Binti Abu Kuhafa üçin bir bilezik satyn alypdyr. Abubekr gyz doganynyň elinden tutup: «Alla saňa salamatlyk bersin» diýipdir we bilezigi onuň eline dakypdyr. Muny üç gezek gaýtalapdyr. Soň ol gyz doganyna: «Eý, uýam! Meniň bilezigimi gora, sebäbi ynsanlaryň arasynda amanata wepadarlyk edýänler azdyr» diýipdir.

 

* * *

Töwratda şeýle ýazylypdyr: «Ähli dinlerde ynamdar bolanlaryň hemmesi saglyk-salamatlykda ýaşaýandyrlar».

 

* * *

Lukman Hekim şeýle diýipir: «Eý, perzendim! Ynamdar bol, baý ýaşarsyň!».

 

* * *

Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Amanatdar baýdyr».

 

* * *

Nygmata «inkär edýärin» diýmekden, amanaty «saklaýaryn» diýmekden gork.

 

* * *

Bir adam Selman Parsa:

— Eý, Abu Abdylla! Pylany saňa salam aýtdy — diýipdir.

Onda ol:

— Sen bu salamy maňa ýetirmedik bolsadyň, ol seniň boýnuňda galardy — diýipdir.

 

* * *

Üç sany kişi pygamberimiziň agasy Zubeýr bilen Mekgä gelýän kerwenleri zulumdan goramak barada şertnama baglaşypdyrlar.

Aýdylypdyr: «Ony ilkinji bolup döreden Apbasdyr, goýulanlar hem haşym ogullary taýpasydyr».

Aýdylypdyr: «Ony ilkinji bolup döreden Abdy Mennaf taýpasy, Zuhre, Teým ibn Murra, Eset ibn Abdyluzza dagylardyr. Käbirleri Harys ibn Fahry hem goşdular. Olar kuraýyşlardan hasaplanýardy. Bular «fuzul» (abraýlylar) guramasyna girdiler, şonuň üçinem bulara «hylful-fuzul»[4] diýildi».

 

* * *

Aýdylypdyr: «Bu at, ýagny «hylful-fuzul» olaryň Mekgede güýçliniň ejizlere, ýerliniň kesekä edýän zulumlaryna garşy döredilen guramadyr. Munuň sebäbi hem bu gurama Fazyl ibn Harys, Fazyl ibn Wedaga we Fazyl ibn Fezala dagylaryň gatnaşmagydyr. Şonuň üçinem «Hylful-fuzul» (Fazyllaryň şertnamasy) diýlipdir. Emma başga bir rowaýatda aýdylşyna görä, oňa bu at ol guramanyň abraýy we artykmaçlygy üçin aýdylypdyr. Ýa-da bu işde abraýyň bolandygy sebäpli hem aýdylýar.

 

* * *

Resulalla hem bu guramany görüpdir. Ol şeýle diýer eken: «Men Ibn Jedganyň öýünde şertnama guramasyny gördüm. Eger häzirki döwürde hem şeýle gurama bolsady, men şoňa goşulardym. Şertnamanyň kasamy şeýledi: «Alla şaýat. Biziň elimiz tä zalymdan mazlumyň hakyny alyp berýänçä göreşer».

 

* * *

Mugawyýa käbir adamlaryň öz ýanyndan aýryl­ýan­dyk­laryny görüp, Kaýs ibn Sagt ibn Ybadany Hezreti Alydan aýyrmak üçin çagyrypdyr. Ol Mugawyýa hat ýazyp: «Eý, but ogly but, sen meni Hezreti Alydan aýryp, öz tabynlygyňa çagyrýarsyňmy? Meni onuň dostlarynyň ondan aýrylandygy, ynsanlaryň öz tarapyna geçýändigini we senden ürkýändigi bilen gorkuzmak isleýärsiňmi? Men ant içýärin, Alladan başga Hudaý ýokdur. Sen onuň bilen söweş etdigiňçe men hiç haçan saňa salam bermerin, sen onuň duşmany bolup durdugyňçada men seniň tabynlygyňa girmerin. Men Allanyň dostlaryny, duşmanlary bilen çalyşmaryn. Şeýtanyň topary, onuň topary däldir. Wessalam».

 

* * *

 

Amr ibn Asyl bir gezek:

— Eger men syrymy dostuma aýtsam, ol hem ony ile ýaýratsa, muňa ol günäkär däl — diýipdir.

— Näme üçin? — diýipdirler.

Ol:

— Sebäbi ony goramaga has laýyk bolan mendirin — diýipdir.

 

* * *

 

Muhellep şeýle diýipdir: «Gylyk-häsiýetleriň iň erbedi syry paş etmek, iň oňady bolsa syry saklamakdyr».

 

* * *

 

Pelsepeçi şeýle diýipdir: «Kalplar syrlaryň damarlarydyr, dodaklar gulplarydyr, diller açarydyr. Siziň her biriňiz syryň damarlarynyň açaryny goraň».

 

* * *

 

Akyldar şeýle diýipdir: «Syryňy sende syry bolmadyk kişide goý».

 

* * *

 

Syry diňe iki dil bilen dört gulak açar.

 

* * *

 

Çarwa arapdan sorapdyrlar:

— Syr saklamak barada näme bilýärsiň?

Ol:

— Men ony kalbynyň perdesiniň aşagynda saklaýaryn, soň ony hiç çykarmaýaryn. Soň bolsa göýä asla eşitmedik ýaly unudýaryn — diýipdir.

 

* * *

 

Aýdylypdyr: «Ynsanlaryň iň pugtasy öz aralarynda düşünişmezlik dörär we syryny ýaýar diýen düşünjeden gorkup syryny dostuna aýtmaýan kişidir».

 

* * *

 

Akyldar şeýle diýipdir: «Wepadar kişileriň kalplary syrlaryň mazarydyr».

 

* * *

 

Buzurgmehr şeýle diýipdir: «Tejribe etmezden, her bir kişä bil baglamak akmaklykdyr».

 

* * *

 

Hezreti Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!) bir gezek hojaýyny üçin hamyr ýugrup oturan bir gara gyrnagyň ýanyndan geçipdir. Hojaýyny Hezreti Abubekre Syddyga:

— Eý, Abubekr! Muny satyn al, sebäbi ol seniň diniňden — diýipdir. Abubekr dogrudan hem onuň musulmandygyny bilende onuň hojaýyny bilen ylalaşypdyr. Ony satyn alyp, puluny töläpdir we ol gyrnaga:

— Eý, gyrnak, tur, gideli — diýipdir.

Onda ol gyrnak:

— Eý, Abubekr! Onuň mende galan haky bar. Rugsat ber. Men onuň hamyryny soňuna çenli ýugrup bereýin — diýipdir we rugsat berlensoň, aýdan işini ýerine ýetiripdir.

 

* * *

 

Resulallanyň giýewsi Abu As ibn Rabyg ibn Abdyluzza ibn Abdyşems uly täjir eken. Kuraýyşlar onuň maly barada nakyl getirer ekenler. Ol hijri ýylynda Şama gidipdir we yzyna gelýärkä, musulmanlar ony tutup ýesir alypdyrlar. Gije ony Medinä alyp gelipdirler. Haçanda ertir namazyny okap bolanlarynda, Resulallanyň gyzy Zeýnep metjidiň gapysyna gelip:

— Eý, Allanyň ilçisi, Abu Asy boşatsaň we onuň ýanyndaky zatlary yzyna berseň diýip, haýyş edýärin — diýipdir.

Onda ol:

— Sen kimi soraýan bolsaň, şony halas etdim — diýipdir we ondan alnan zatlary yzyna beripdir.

Oňa yslamy kabul etmekligi hödürläpdirler. Emma ol kabul etmändir we Mekgä gidipdir. Ol kuraýyşlary çagyryp, olara tagam beripdir, soň olaryň mallaryny yzyna gaýtaryp beripdir we olardan:

— Men size wepaly boldummy? — diýip sorapdyr.

Olar:

— Hawa, sen biziň amanatymyzy yzyna gaýtaryp berdiň we sözüňde tapyldyň - diýipdirler.

Onda Abul As:

— Indi hemmäňiz şaýat boluň, men Alladan başga Hudaýyň ýokdugyna we Muhammediň hem Allanyň ilçisidigine şaýat bolýaryn. Meniň musulman bolmagyma böwet bolan zat, siziň maňa biziň mallarymyzy aldy diýmegiňizdi — diýipdir.

Soň ol Medinä göçüp gidipdir we ilkinji nikasyna gaýdyp barypdyr. Ol 12-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

 

* * *

 

Bir adam nasrany ruhanysyndan:

— Men togsan dokuz adam öldürdim, indi men toba edip bilerinmi? – diýip sorapdyr.

Ruhany:

— Ýok — diýipdir.

Ol:

— Onda sen ýüzünji bolarsyň — diýipdir we ony hem öldüripdir. Soň başga bir dindaryň ýanyna barypdyr we oňa:

— Men ýüz adam öldürdim, indi men toba edip bilerinmi? — diýipdir.

Ruhany:

— Hawa, eger maňa tabyn bolsaň we garşy bolmasaň — diýipdir.

Ol:

— Maňa iş tapyp ber — diýipdir. Ruhany çörek bişirmekçi bolýandygyny aýdyp, oňa:

— Men hamyr ýugurýan we ýapýan, sen bolsa tamdyry gyzdyr — diýipdir. Ol hem bir gün tamdyry ýakyp, gyzdyrypdyr we ruhana:

— Tamdyr gyzdy, çörek ýap — diýipdir.

Ruhany:

— Bar-da, tamdyra gir-de otur — diýipdir. Ol hem tamdyra girip oturypdyr. Dindar gelip seredip görse, ol adam tamdyryň içinde otyr diýýär. Özüne hem hiç zat bolmandyr, diňe deri akyp duran. Ruhany oňa:

— Tur çyk, sen menden hem has haýyrlysyň, seniň tobaň kabul boldy, sen öz wepaň bilen meniň synagymdan geçdiň — diýipdir.



[1]Ridde – zekatyň parzdygyny inkär edip, yslamdan ýüz öwürenlerinde olara garşy söweş yglan edilýär. Muňa «Ridde» (dänenler) wakasy diýlipdir.

[2]Hezreti Aly bilen Hezreti Äşäniň arasynda ýüze çykan söweş. Oňa «Düýe söweşi» hem diýýärler.

[3]Ol öň Merwan ibn Muhammediň dosty bolupdyr.

[4]«Hylful-fuzul» – jahylyýet döwründe Mekgedäki edilýän zulumlara garşy döredilen gurama.