Togsanynjy bap. Sowgat, para berlen sowgat, kazylara para bermek we şuňa meňzeşler hakynda

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » Togsanynjy bap. Sowgat, para berlen sowgat, kazylara para bermek we şuňa meňzeşler hakynda

Muhammet alaýhyssalam bir gezek Hezreti Omara sowgat iberipdir, ýöne ol bu sowgady kabul etmändir we yzyna gaýtarypdyr. Resulalla:

— Eý, Omar! Näme üçin meniň sowgadymy almadyň? — diýipdir.

Onda Hezreti Omar:

— Sebäbi özüňiz: «Siziň iň haýyrlyňyz, ynsanlardan zat almadyk kişidir» diýýärsiňiz — diýipdir.

Onda Resulalla:

— Eý, Omar! Meniň ol aýdanym bir iş bitireniň üçindir, eger beýle däl bolsa, onda ol Allanyň saňa beren rysgalyndandyr — diýipdir.

 

* * *

Ümmi Hekim Hazagyýa şeýle diýipdir: «Men bir gezek Muhammet alaýhyssalama:

— Men berilýän sowgatlary ret edýärin — diýdim.

Onda ol:

— Onda näme erbetlik bar? Sowgat berseler al, uzaga çagyrsalar hem git — diýdi».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Men Muhammet alaýhyssalamyň: «Sowgat berişiň, sebäbi ol muhabbeti ornaşdyrar, ýüregiňizden erbetlikleri giderer» diýýändigini eşitdim».

 

* * *

Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Musulmanyň doganyna beren sowgady hikmetli sözlerden hem gowudyr. Alla onuň bilen dogry ýoly görkezer we erbetlikleri dep eder».

 

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Siz gap-çanak sowgat alyp-berişýärsiňiz, emma nesihat bilen sowgatlaşmaýarsyňyz».

 

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Soltandan merhemete garaşma, gaharjaňdan razy bolma, hiç kimden kine saklama, karz soralsa ber, sowgat edip dur».

 

* * *

Sowgat bermek - sünnetdir we sylag-hormatdyr.

 

* * *

Hezreti Äşe şeýle diýipdir: «Peşgeş bermek ýüreklerde muhabbeti eken mähirlilikdir».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Resulalla sowgatlary kabul edýärdi we sowgat getirene ondan hem zyýat sowgat berýärdi».

 

* * *

Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Sowgat Allanyň rysgalydyr. Kim özüne bir zat sowgat berilse, ony kabul etsin».

 

* * *

Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Sowgat alyp-berişiň, çünki araňyzdaky muhabbetiňiz artar».

 

* * *

Bir oglan Hezreti Alynyň ýanyna gelipdir we Hasan bilen Hüseýine sowgat beripdir. Ýöne Ibn Hanapyýa bermändir. Hezreti Aly Amr ibn Külsümiň şu sözlerini mysal getiripdir:

 

Eý, Amr, üçünjiň günäsi nämede,

Bize dost bolmadyk dostuňmy ýa-da?!

 

Ol oňa hem sowgat beripdir.

 

* * *

Mueýýit ýag çüýşe bilen halypa Mütewekkile hat ýazyp, şeýle diýipdir: «Haçanda sowgat kiçiden ula berlende has gowy we oňat bolar, eger uludan kiçä berlende has jüpüne düşer we peýdaly bolar».

 

* * *

Ybraýym ibn Ysmaýyl Halypa Mamuna nowruz güni hat ýazyp şeýle diýipdir: «Möminleriň emirine altyndan we kümüşden jam iberýärin. Onuň içinde müşk, ýedi alma, anbar, sandal, kafur, zagpyran we ut[1] bar. Möminleriň emiri üçin bularyň bir ýere jemlenmegini we olaryň yslaryny almagyny, ýedi yklyma eýe bolmagyna, adalatly höküm sürmegine, işleriniň raýatlary bilen gowy bolmagyna, göýä bularyň ysy ýaly bolmagyna ýordum. Inşalla».

 

* * *

Abu Huzeýl bir gezek Luweýs ibn Ymrana towuk sowgat beripdir we onuň birnäçe gylyklaryny agzapdyr. Soň heran-haçan nämedir bir owadan we semiz zady agzanda:

— Meniň size sowgat beren towugymdan hem has owadan we semiz — diýer eken. Eger bir wakany gürrüň berende bolsa:

— Bu waka meniň size towuk berenimden bir aý öň bolupdy — diýer eken.

Ýogsam bu waka bilen towuk sowgadynyň arasy diňe birnäçe gün eken. Wagtyň geçmegi bilen sowgadynyň ulaldylmagyny we ýada salynmagyny isleýänler üçin nakyl bolup galypdyr.

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Gysganç sowgat berse bir zady eger,

Sowgat ençe sapar diline geler.

 

* * *

Sufýan Söwri şeýle diýipdir: «Eger öýlenmek isleseň, ysnyşmak üçin sowgat ber».

 

 

* * *

Mamun ibn Mihran şeýle diýipdir: «Eger seniň kätibiňe hajatyň bar bolsa, seniň tamakinçiligiň oňa ilçiň bolsun».

 

* * *

Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Sowgat gulaga we göze hoş ýakar we kalbyňy awlar».

 

* * *

Abu Alyýa şeýle diýipdir: «Eger sowgat girse gapy begenip, işik güler».

 

* * *

Ibn Apbas bir gezek: «Kime sowgat berilse, ýanynda hem dostlary bar bolsa, ol sowgada dostlary hem ortak bolarlar» diýipdir.

Günlerde bir gün dosty oňa bir Müsür donuny sowgat beripdir. Ýanynda hem dostlary bar eken. Oňa öz aýdan sözlerini ýatladypdyrlar. Onda ol: «Meniň aýdanym iýilýän we içilýän zatlar baradadyr, emma Müsür donuna degişli däldir» diýipdir.

 

* * *

Kagbul Ahbar şeýle diýipdir: «Allanyň pygamberine inderen kitaplarynda okadym: «Sowgat kazynyň gözüni çykarýandyr».

 

* * *

 «Para almak ýolsuzlyga ýol açar».

 

* * *

Mesruk bir adama bir işde kömek berip, şepagat edipdir. Ol hem oňa bir gyrnak bermekçi bolupdyr. Onda ol muňa gaharlanyp:

— Eger seniň küýüňde şeýle pikiriň bardygyny bilen bolsadym, bu barada hiç gürlemezdim, indi hiç haçan galan zatlar üçin gürlemerin. Men Ibn Mesgudyň şeýle diýendigini eşitdim: «Kim birine şepagat edip hakyny alyp berse ýa-da zulmy giderse, ol hem oňa sowgat berse, ol hem ony alsa bikanundyr» — diýipdir.

 Onda oňa:

— Biz diňe emin bolandygymyz üçin alýarys — diýipdirler.

Onda ol:

— Eminlik üçin almak küpürdir — diýipdir.

 

* * *

Şakyk Balhy[2] aýalyna şeýle diýipdir: «Eý, Bereket, dostlarym nämedir bir zat getirseler al, emma Ýahýa bir zat getirse, ony alma».

Ýahýanyň ogly kazy eken.

 

* * *

Ybraýym Edhem özüne bir zat berilse, ony yzyna gaýtarmaz eken. Onuň deregine edil şonuň ýaly zat berer eken. Eger hiç zat tapmasa, donuny geýdirer eken.

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Ýehudylar we hristianlar bilen dost bolmaň, sebäbi olar para alýarlar. Allanyň dinlerinde para almak halal däldir».

Muny eşiden Reşidi: «Häzirki döwürde biz musulmanlar olardan hem köp para alýarys» diýipdir.

 

* * *

Abu Idris Huwlany gürrüň beripdir: «Musa alaýhyssalam bir gezek Allatagala mynajat edip:

— Eý, Rebbim! Seniň mukaddes goşunyňda kimler ýaşar!? – diýipdir.

Onda Alla:

— Gözleri bilen zyna etmeýänler, mallaryny süýthorluga goýmaýanlar we Allanyň kanuny üçin para almaýanlar — diýipdir.

 

* * *

Aly ibn Isa ibn Mahan Horasandan halypa Harun Reşidiň ýanyna gelipdir. Ondan emeldarlary bilen sowgatlara seretmek üçin meýdana çykmagyny isläpdir. Ol hem meýdanyň arassalanmagyny we reýhan ýaly ösümlikler bilen düşelmegini isläpdir. Ol bir tarapyna dört müň sany türkmen esgerini düzüpdir. Olaryň uzyn lybaslary we kümüş çaýylan guşaklary bar eken. Her haýsynyň kellesinde matasyndan bolan selle bar eken. Beýleki tarapynda dört müň saýlama türkmen aýaly bar eken. Eşikleri hem ýüpekden bolup, guşaklary hem altyn çaýylan eken.

Soň meýdanyň ortasynda bir düşek ýazypdyr, onuň üstüne goýlan sowgatlardan ýaňa uly bir dag emele gelipdir.

 

* * *

Halypa Mugawyýa Abu Eswet Duwelä içi halwaly bir sowgat beripdir. Onda Duweliniň gyzy:

— Kaka, muny kim berdi? — diýip sorapdyr.

Onda Duweli:

— Mugawyýa berdi. Bizi dinimizde ýalňyşdyrmak isleýär — diýipdir. Onda gyzy şeýle diýipdir:

 

Zagpyran balyna, eý, Harp ogly,

Saňa abraýymyzy we dinimizi satarysmy?

Alla gorasyn, hojaýynymyz möminleriň emiri şeýle iş edýän bolsa,

Beýlekiler nähili bolar?

 

* * *

Ýokaradaky wakany Agşa hem gören eken. Hasan ibn Ammara onuň: «Zalymyň dosty zalymdyr» diýendigini eşidipdir.

Mugawyýa aşga bir gezek Agşa hem sowgat beripdir. Agşa hem soň ony wasp edip:

— Biziň hak-hukugymyzy bilýäni bize dost eden Alla öwgi bolsun — diýipdir.

Onda Hasan oňa:

— Sen ony tankytlaýardyň, oňa zalym diýýärdiň, indi bolsa ony öwýärsiň — diýipdirler.

Onda Agşa:

— Haýseme maňa Abdylladan şeýle hadys gürrüň berdi. Resulalla şeýle diýipdir: «Kalplary onuň özünden hem has belent söýgi bilen we oňa has hem beter ýigrenç bilen özüňize çekiň» — diýipdir.

 

* * *

Katada[3] nal sowgat beripdirler. Onda ol: «Ynsan akyly sowgadynyň gymmatyna görä ölçenýär» diýipdir.

 

* * *

Abdylmälik ibn Merwan şeýle diýipdir: — Üç zat eýesiniň akylynyň mukdaryny görkezýär.

1.      Kitap — ýazanyň akylynyň mukdaryny aňladýar;

2.      Ilçi – ibereniň akylynyň mukdaryny aňladýar;

3.      Sowgat – sowgady ibereniň akylynyň mukdaryny aňladýar.

 

* * *

Aýdypdyrlar: «Hökümdarlara sowgat beriň, sebäbi olar kabul etseler, halky gowy görerler».

 

* * *

Jahylyýet döwründe Damra ibn Damra Nehjeliden başga hiç bir kazy para almaz eken. Onuň ýanyna Ybadat ibn Enf Kelp Seýdawy bilen Magbat ibn Nedle Fekgasy tersleşip gelipdirler. Ybadat oňa ýüz düýe para beripdir. Ol hem Magbady günäkär hasaplapdyr.

 

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Men çölde bir obanyň adamlarynyň arasynda adalatly kazy bolup oturan akylly, dana ýaşulyny gördüm. Ondan:

— Eý, çarwa arap, sen yslam hukugyny bilýärsiňmi? — diýip soradym.

Ol:

— Ýok — diýdi.

Men ondan:

— Onda nädip dogry çözýärsiň? — diýdim.

Onda ol:

— Haýra niýet edýärin we gelen netijämi aýdýaryn, Alla hem üstünlik nesibesini berýär — diýdi.

Men oňa:

— Taraplaryň biri çykaran netijäňe garşy bolmazmy? — diýdim.

Ol:

— Eger üstünlik nesip etmese — diýdi.

 

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Beni Ysraýylda bir kazy bar eken. Eger iki garşydaş onuň ýanyna gelse, olaryň biri ýeňine para salyp ýokary galdyrar eken we puly oňa görkezer eken. Kazy hem diňe onuň sözüni diňlär eken. Allatagala bu barada şeýle diýipdir: «Ýalançyny diňleýänler we bikanun iýýänler».

 

* * *

Süleýman ibn Abdylmälik Medinä gelipdir. Haryja ibn Zeýt ibn Sabyt oňa müň salkym banan, müň gap ak bal, müň goýun, müň towuk, müň goç we müň düýe sowgat beripdir. Süleýman oňa:

— Eý, Haryja, sen özüňe uly zyýan berdiň — diýipdir.

Onda ol:

— Eý, möminleriň emiri, sen Resulallanyň şäherine geldiň, meniň garyndaşym Mälik ibn Nejjaryň öýüne geldiň. Sen myhmansyň. Bu bolsa myhmana hormat goýmakdyr — diýipdir.

Onda Süleýman:

— Siziň atalaryzyň häkim wagty hem şeýledi — diýipdir. Soň bolsa onuň bergisi barada sorapdyr we onuň hem ýigrimi bäş müň dinardygyny aýdypdyr. Ol hem oňa on bäş müň dinar beripdir.

 

* * *

Hezreti Osman (goý, Alla ondan razy bolsun!) Hezreti Äşä sowgat beripdir. Resulalla Äşä:

— Ondan aýallara-da iber — diýipdir.

Onda Äşe:

— Mende hiç zat ýok, men olaryň hemmesini sowgat berdim — diýipdir.

Onda Resulalla:

— Eý, Allam! Osmanyň haky üçin ony unutma! — diýipdir.

 

* * *

Mugawyýa bir gezek Sagyt ibn Asa nowruz gününde köp lybas, altyn we kümüşden gap-çanak sowgat iberipdir. Ol ony getiren ilçä: «Sen ondan özüňe näme gerek bolsa göterip bilseň al» diýipdir. Soň ol galanlaryny dost-ýarlaryna paýlapdyr. Özüne bolsa diňe ýekeje don alyp galypdyr.

 

* * *

Nafyg bu rowaýaty ibn Omardan gürrüň beripdir: «Oňa saýlama sowgatlar getirilýärdi. Ol hem ony alýardy».

 

* * *

Rum hökümdary Halypa Mamuna sowgat iberipdir. Mamun hem:

— Yslamyň yzzatyny we Allanyň bize beren nygmatyny bildirmek üçin oňa onuň iberen zatlarynyň ýüz essesini iberiň — diýipdir. Soň bolsa ol:

— Olaryň iň gowy görýän zatlary näme? — diýip sorapdyr.

Onda olar:

— Müşk we samyr derisi — diýipdirler.

Mamun:

— Sowgatda olardan näçesi bar? — diýip sorapdyr.

Onda olar:

— Iki ýüz rytl[4] müşk we iki ýüz deri — diýdiler. Onda Mamun olaryň has hem köpeldilmegini isläpdir.



[1]Müşk, anbar, sandal, kafur, zagpyran, ut – hoşboý ysly närseler.

[2]Şakyk ibn Ybraýym ibn Aly Ezdi Balhy – sopy. Horasandaky meşhur sopylardan we Horasanda ilkinji bolup sopuçylyk barada gürrüň gozgan adam. 194-nji hijri ýylynda Mawerannahrda Kulan söweşinde şehit bolupdyr.

 

[3]Katada ibn Dagama ibn Katada ibn Uzeýz Abul Hattap Sudusy Basry – tefsir we hadys alymy. Aýdylyşyna görä, ol Basranyň iň uly hadys alymy bolupdyr. Hadys, dil, araplaryň geçmiş taryhy we nesep ylmy boýunça uly alym bolupdyr. 61-nji hijri ýylynda dünýä inip, 119-nji hijri ýylynda hem Wasytda wepat bolupdyr.

 

[4]Rytl – 470-500 gram aralygyna deň bolan ölçeg birligi.