Togsan birinji bap. Umytsyzlyk, kanagat, Allanyň rysgalyna razy bolmak, Alla daýanmak, oňa bil baglamak we tamakinçilikden daş durmak hakynda

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » Togsan birinji bap. Umytsyzlyk, kanagat, Allanyň rysgalyna razy bolmak, Alla daýanmak, oňa bil baglamak we tamakinçilikden daş durmak hakynda

Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kanagat tükeniksiz baýlykdyr».

 

* * *

Agmeş bu rowaýaty Abu Waýyldan gürrüň beripdir: «Men dostum bilen Selman Parsynyň ýanyna gitdim. Biz onuň ýanynda otyrdyk. Ol bize:

— Eger Resulalla bize ýasama işi gadagan etmedik bolsady, size ýasama hyzmat ederdim — diýdi.

Soň bolsa çörek bilen ýönekeý, duz getirdi. Ýanymdaky dostum:

— Eger duzuň ýany bilen ýabany käkilik oty hem bolaýsa — diýdi. Selman hem kündügini girewine goýup ol oty getirdi. Biz ony iýip bolanymyzdan soň dostum:

— Bizi rysgalymyz bilen kanagatly eden Alla öwgi bolsun — diýdi.

Selman hem:

— Eger sen Allanyň rysgalyna kanagatly bolýan bolsaň, meniň kündügim girewine goýulmazdy — diýipdir.

 

* * *

Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Yzzat-hormat hökmünde kanagat, nygmat hökmünde jan saglyk ýeter».

 

* * *

Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Öýleri jaý, metjitleri mesgen hasaplaň. Ýerden gögerýän otlardan iýiň. Arassa suwlardan içiň. Bu dünýäden sag-salamat aýrylyň».

 

* * *

Abbat ibn Mansur şeýle diýipdir: «Basrada Amr ibn Ubeýtden hem has ýiti alym we has dilewar kişi bardy. Ýöne ol dirhemine we dinaryna has gysgançdy. Ol basralylaryň ýolbaşçysydy».

 

* * *

Ibn Sirin bazarda satylýan zatlaryň iň arzany barada sorapdyr.

— Külke balyk — diýipdirler.

Onda ol:

— Maňa ondan gowruň — diýipdir.

 

* * *

Wehp ibn Münebbih şeýle diýipdir: «Bir gezek ýalňyz galyp, umytsyzlyga düşüpdim. Düýşümde biri geldi, elinde bolsa badam maňzyna meňzeş bir zat bardy. Ol maňa: «Arasyny aç» diýdi. Men hem onuň arasyny açyp görsem, ol ýerde üç setir hat ýazylgy eken: «Kimiň hemme işleriň Alladandygyna akly çatýan bolsa we Allanyň adalatyny bilýän bolsa, rysgym haçan gelerkä diýip, Alladan garaşmaly däldir». Soň ol ony maňa berdi we meniň rysgym köpeldi».

 

* * *

Hasan Basrydan:

— Abu Zeriň «Garyplyk meniň üçin baýlykdan has gowudyr. Syrkaw bolmagym hem saglykdan has gowudyr» diýmeginiň sebäbi näme? – diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Alla Abu Zere rehmet etsin. Emma men şeýle diýýärin: «Kim Alladan gelen zatlaryň gowusyny saýlap şoňa daýansa, Alla oňa şol saýlan halyndan başga zady haýyr hasaplamaz» — diýipdir.

 

* * *

Omary şeýle diýipdir: «Siz Alladan gaýry zatlara ýöneldiňiz, hiç zat ýitirmediňiz. Emma Alla ýönelseňiz, ýitirmekden gorkýarsyňyz».

 

* * *

Alla özüniň pygamberlerine iberen kitaplarynyň birinde şeýle diýipdir: «Eý, Adam ogly! Sen maňa tagat etmekde egsik bolanyň üçin seniň janyňy almagymdan we maňa günäkär bolup semremegiňden gorkmaýarsyňmy?».

 

* * *

Abu Hazymdan:

— Seniň näçe malyň bar? – diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Meniň iki sany malym bar. Men olar bilen garyp düşerin diýip gorkmaýaryn. Alla bil baglamaklyk, ynsanlaryň elindäki zatlara umyt etmezlikdir — diýipdir.

 

* * *

Şeýle hem bulardan başga iki zadyň garyplyk getirmejekdigi aýdylypdyr: «Alladan gelene razylyk, ynsanlardan gelene baýlyk hasaplamak».

 

* * *

Omary şeýle diýipdir: «Eý, adam ogly! Guş bolelin iýip-içmeýär. Ertirki güni üçin hiç zat toplamaýar. Sen bolsa bolelin iýip-içýärsiň, ertiriň üçin zat ýygnaýarsyň. Guşuň Alla baradaky düşünjesi gör nähili oňat, seniň Alla baradaky düşünjäň bolsa gör nähili erbet».

 

* * *

Omar ibn Abdyleziz bir gezek tä, ajygýança Meslemä nahar bermändir. Soň oňa çeşme suwuny beripdir. Onuň garny çişip başlanda ony nahara çagyrypdyr. Ol iýmäge ýaramandyr. Omar oňa:

— Eý, Mesleme! Seniň dünýäde görýän zatlaryň saňa ybraý-görelde almaga ýetmeýärmi? — diýipdir.

Ol:

— Hawa, ýetýär— diýipdir.

Omar oňa:

— Jähennemdäki ýagdaýyň nähili bolýandygyna göz ýetirdiňmi? — diýipdir.

 

* * *

Abdylwahyt ibn Zeýt şeýle diýipdir: «Amallardan we sabyrdan üstün zat razyçylykdyr. Razyçylykdan has ýokary Alla bolan muhabbetiň gözbaşyndan başga hiç hili derejäni bilmeýärin».

 

* * *

Ibn Şeberme dosty Muhammet ibn Taryk barada şeýle diýipdir: «Eger kimdir biri gum bilen oňsa-dy, ol hem oňardy».

 

* * *

Allatagala Musa alaýhyssalama wahyý edip şeýle diýipdir: «Meniň rysgalymdan närazy bolýanlara aýt! Meniň size gaharym gelýär, bu dünýä siziň hyzmatyňyz üçin aýagyňyzyň aşagyna düşeldi ahyry».

 

* * *

Rabyga bir gezek Sufýan Söwrä:

— Sen Allanyň özüňe gazaplanandygyny bildiňmi? – diýipdir.

Onda ol:

— Bilemok — diýdi.

Rabyga:

— Muny senden başga kim has gowy biler? Seret, eger sen ondan razy bolsaň, ol senden razydyr — diýipdir.

Onda Sufýan:

— Bende haçan Rebbinden razy bolar? — diýipdir.

Onda ol:

— Haçanda ondan nygmat gelende begenişi ýaly, gynanç gelende hem begense — diýipdir.

 

* * *

Abdylla ibn Merzuk Halypa Mätiniň dostlaryndan bolupdyr. Ol bir gün serhoş bolupdyr we namazlaryny geçiripdir. Onuň aýaly hem eline bir köz alyp onuň aýagynyň üstüne goýupdyr. Ol onuň gyzgynyny duýup başlapdyr we gorkup turupdyr. Aýaly oňa:

— Sen dünýä oduna çydamaýarsyň, ahyret oduna nähili çydajaksyň? — diýipdir. Ol hem turup namazlarynyň kazasyny okapdyr, ýanyndaky zatlary sadaka beripdir we gök otlary satmaga gidipdir.

Soň günlerde bir gün Fuzaýl ibn Yýaz bilen Ibn Uýeýne onuň ýanyna gelipdir. Görse, onuň kellesiniň aşagynda bir kerpiç bar eken. Onuň gapdalynda bolsa ýene bir zat bar eken. Olar:

— Eger kimdir biri nämedir bir zadyny terk etse, Alla onuň ýerine hökman bir zat berýändir. Seniň terk eden zadyň deregine näme berildi? — diýipdir.

Onda ol:

— Meniň şu kellämiň aşagyndaky zada razyçylygymy berdi — diýipdir.

 

* * *

Ybraýym Teými şeýle diýipdir: «Kakam Basradan dört müň dirheme birnäçe gul satyn aldy. Olar bize öý gurup berdiler. Soň kakam olary dört müň dirhem peýda bilen satdy. Men oňa:

— Ýene-de Basra gidip şular ýaly gullary satyn alsaň we peýda gazansaň — diýdim.

Onda ol maňa:

— Eý, oglum, men maksadyma ýetenimden bäri muny halamaýaryn. Nebsim indi beýle işleri halamaýar — diýdi.

 

* * *

Dawut Taýy agyr kynçylyga duçar bolupdyr. Onuň ýanyna Hammat ibn Abu Hanypa kakasyndan galan dört ýüz dirhem bilen gelip, ony oňa bermekçi bolupdyr. Emma Dawut Taýy: «Bu pul takwaçylykda, dindarlykda we halal gazançda öňüne hiç kimiň geçip bilmedik adamynyň maly. Eger men birinden nämedir bir zat almaly bolsam ölülere hormat we dirilere sylag hökmünde ondan alardym. Ýöne men kanagat yzzatynda ýaşamagy has gowy görýärin» diýip, ol puly almandyr.

 

* * *

Sufýan Söwri şeýle diýipdir: «Kim elini başga biriniň gazanyna soksa, ol oňa zelillik getirer».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Biz gelen belany nygmat, asudalygy gynanç hasaplamaýanlary alym hasaplamaýarys».

 

* * *

Fuzaýl şeýle diýipdir: «Asyl takwa Alladan gelen zatlara razyçylykdyr. Sen onuň bendesine, göýä rehimli enäniň çagasyna edýän işleri ýaly işlerini görmeýärsiňmi? Käwagt ony sabyr bilen, käwagt hem süýji zat bilen tagam berýär. Ol munuň bilen oňa gowulyk etmek isleýär».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Kim Allanyň berenine razy bolsa, Alla oňa bereket berer we onuň işlerini asan eder. Kim Allanyň berenine razy bolmasa, Alla oňa bereket bermez we onuň işleri müşgil bolar».

 

* * *

Töwratda şeýle ýazylypdyr: «Eý, Adam ogly! Saňa emr eden işlerimde maňa boýun bol. Saňa nämäniň gowudygyny menden gowy bilmersiň».

 

* * *

Ybraýym Edhem Horasanda nygmat berlenleriň biridi. Günlerde bir gün ol köşgüniň depesine çykyp otyrka, köşgüniň kölegesinde oturan bir adama gözi düşüpdir. Onuň burny ganap duran eken, özi hem zat iýip oturan. Soň ol suw içipdir we uklapdyr. Ybraýym Edhem öz-özüne: «Men bu dünýäde näme iş edýärin, nebsim hem görüp oturan zatlaryma razy bolýar?» diýipdir we Allanyň gözleginde sergezdan bolup, ýola rowana bolupdyr.

Ol aýlanyp ýörkä, öňünden bir adam çykyp:

— Men seniň hyzmatkäriň, meni seniň doganyň iberdi. Meniň ýanymda on müň dinar, hyzmatkärler we gurluşykçylar bar — diýipdir.

Onda ol:

— Eger sen dogry aýdýan bolsaň men seni azat etdim, ýanyňdakylar hem seniňki bolsun. Sen bu ýerden git ýöne hiç kime aýtma — diýipdir.

 

* * *

Kim harsydünýäligini kanagata satsa, baýlyk gazanar.

 

* * *

Ruweýn Bagdady şeýle diýipdir: «Sabyr — şikaýatlary terk etmekdir. Razyçylyk — belalardan lezzet almakdyr».

 

* * *

Muhasyby şeýle diýipdir: «Kim Allanyň bereninden başga zat bilen baýasa, ol Allanyň ýazgydyny bilmeýän kişidir».

 

* * *

Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Gyşda güneş meniň ojagymdyr. Aýyň nury meniň ýagtylygymdyr. Ýer ýüzüniň otlary meniň miwelerimdir, goýnuň derisi meniň lybasymdyr. Meniň öler ýaly perzendim ýok, ýykylar ýaly öýüm ýok. Men dünýäni ýüzin ýere ýykdym».

 

* * *

Jabyr Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Rysgalyňyzdan endişe etmäň. Sebäbi her bir ynsan özüne berlen rysgaly almazdan dünýäden ötmez. Halaly alyp, haramy terk etmek bilen gowy ýollardan ýöräň».

 

* * *

Ibn Omar Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Hiç kim başga birinden rysgal meselesinde parasatly däldir. Ynsana diňe nesibi we wagty, ýaşaýşy we iş bölünşigi ýazylandyr. Ynsanlar bularyň ikisiniň hem soňuna ýetmek isleýärler».

 

* * *

Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Sen asmandaky guşa seret. Ol eýläk-beýläk, çar ýana uçup ýör. Onuň ýanynda azykdan hiç zat ýok. Ol hiç zat ekenogam, oranogam, emma Alla oňa rysgalyny berýär. Eger siz, biziň garnymyz guşuňkydan has uly diýýän bolsaňyz, ýabany sygyrlar we eşekler hem hiç zat ekenogam, oranogam. Alla olara hem rysgalyny berýär».

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Biliň, tamakinçilik garyplykdyr, umytsyzlyk baýlykdyr. Ýagny, eger ynsan bir zatdan umytsyz bolsa, oňa mätäç bolmaýar».

 

* * *

Abdylla ibn Omar Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim yslamy kabul eden bolsa, halas bolandyr. Alla oňa ýeterlik derejede rysgal berer, oňa öz beren zatlary bilen kanagat güýjüni berer».

 

* * *

Mälik ibn Dinar şeýle diýipdir: «Allatagala Isa ibn Merýemi iberende, ol dünýäni ýere ýüzin ýykdy, soň ynsanlar ony ýene galdyrdylar. Allatagala Muhammet alaýhyssalamy iberensoň, ol hem dünýäni ýere ýüzin ýykdy. Soň biz ony ýene galdyrdyk. Ondan näme gazandyk?».

 

* * *

Süleýman alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Biz durmuşyň ýeňilligini-de, kynçylygyny-da barlap gördük. Onuň iň pes bolanynyň hem bize ýeterlikdigini gördük».

 

* * *

Omar ibn Abdyleziz iki danyga[1] üzüm satyn alypdyr we ony aýaly Patma binti Abdylmälik ibn Merwan ikisi iýipdirler. Ol aýalyna: «Eý, Patma! Seniň garyndaşlaryň gelerler, olaryň içinde atly-abraýlylary bardyr. Olar bize gelse, diňe şu iki danyga alyp iýen zadymyzdan başga zat tapyp bilmezler» diýipdir.

 

* * *

 Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Eý, oglum, ähli pikiriň seniň üçin ýaradylan zatlara bolsun, saňa ýetýän zatlar üçin bolmasyn».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Sen has anyk bolan ylmy öwren, ýogsam maksatlaryňa ýetmersiň we ömrüňe duşman bolarsyň. Çünki sen senden öňküleriň ýolundasyň. Islegleriňi hakyky we gazanjyňy halal et. Çünki birnäçe islegler söweşe alyp barýandyr. Her bir isleýjä rysgal berilýän däldir. Her bir gowyny isleýji hem mahrum däldir».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Umytsyzlyk tamakinçilik heläk bolanda dörär».

 

* * *

Harun Reşit pyýada haja gidipdir. Ýöremek onuň ysgynyny alypdyr. Ol bir diwaryň kölegesine arkasyny berip ýatypdyr. Onuň bu halyny gören bir kişi şeýle diýen:

 

Kölegesi peýda synla diwary,

Bu pursatda näme etjek dünýäni?!

 

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Selmanyň elli müň dirhemi bar eken. Ol olary sadaka beripdir. Ol otuz ýyl töweregi musulmanlara emir bolupdyr. Ol aba diýilýän donda gezip, hutba aýdar eken. Şonuň üstünde ýatyp, şony hem geýýär eken. Bir gün onsuny hem sadaka beripdir. Şondan soň şeýle bir garyp düşüpdir welin, iýere zat hem tapmandyr».

 

* * *

Jebraýyl perişde Resulallanyň ýanyna dünýä hazynasynyň ählisini kül reňkli gatyryň üstünde getiripdir we oňa:

— Bu dünýä, al, Allanyň ýanynda seniň derejäň ýekeje hem azalmaz — diýipdir.

Onda Resulalla:

— Eý, gardaşym, Jebraýyl! Meniň oňa hajatym ýok — diýipdir.

 

* * *

Bir adam howlusynyň içinden bir hat tapypdyr. Onda: «Eý, Adam ogly! Sen işleriňi ulaldyp we ajalyňdan gaçyp bilmersiň. Sen rysgalyňy hökman alarsyň we saňa berilmedik rysgaly alyp bilmersiň. Näme üçin öz janyňy gynaýarsyň?» diýlip ýazylan eken.

 

* * *

Abyt takwa bir adam ogullaryna şeýle wesýet beripdir: «Asmandaky serçelere rysgalyny ýetirýän Alla, siziň hem rysgalyňyzy berer».

 

* * *

Guşlar eýläk-beýläk uçýarlar. Olar her uçuşlarynda özleri üçin hökman berilmeli bir rysgalyň bardygyna ynanýarlar. Nebsim gudrat elinde bolan Alladan ant içýärin, eger siz şol guşlaryňky ýaly yhlas etseňiz, garnyňyz dok bolar.

 

* * *

Musa alaýhyssalama:

— Sen meniň akmaklara näme üçin rysgal berýändigimi bilýärsiňmi? – diýip, wahy gelipdir.

Onda Musa alaýhyssalam:

— Ýok, eý, Rebbim! — diýipdir.

Onda Allatagala:

 — Rysgalyň aldaw-hile bilen alynmaýandygyny bilmekleri üçin şeýdýärin — diýipdir.

 

* * *

Wehp ibn Münebbih Allatagalanyň Gurhandaky «Biz oňa ýagşy durmuşy hökman bereris»[2] diýen aýaty barada soralanda: «Ol kanagatdyr» diýip jogap beripdir.

 

* * *

Allatagala Ýusup alaýhyssalama: «Ýere seret!» diýipdir. Şol wagt ýer ýarylypdyr. Görse, bir daşyň içinde kiçijik bir jandar bar eken, ýanynda hem iýmit bar. Ol Ýusup alaýhyssalama garap: «Görýärsiňmi, men rysgalymdan gapyl bolmaýaryn we seni hem tanaýaryn. Sen pygamberiň oglusyň...» diýipdir.

 

* * *

Isa alaýhyssalam hawarylaryna[3]:

— Siz şalardan hem baýsyňyz — diýipdir.

Olar:

— Ol nähili bolýar? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Sebäbi siz hiç zat islemeýärsiňiz, olar bolsa ähli zady isleýärler — diýipdir.

 

* * *

Rahypdan:

— Nireden iýmitlenýärsiň? – diýip sorapdyrlar.

Ol hem agzyny görkezip:

— Bu degirmeni kim guran bolsa, onuň ununy hem ýetirer — diýipdir.

 

* * *

Agla ibn Zyýat Hezreti Ala:

— Eý, möminleriň emiri, men saňa doganym Asymdan şikaýat edýärin. Ol aba geýip, dünýäni terk etdi — diýipdir.

Hezreti Aly hem onuň ýanyna getirilmegini emr edipdir we oňa:

— Eý, nebsiniň duşmany, sen näme üçin erbetliklere bulaşypsyň, näme üçin maşgalaňa we çagalaryňa rehim etmeýärsiň? Alla saňa gowy zatlary halal edip goýupdyr. Näme ol seniň olary almagyňy halamaz öýdýärmiň? Sen olardan Alla üçin has ähmiýetsizsiň — diýipdir.

Onda ol:

— Eý, möminleriň emiri, bu ýagdaý seniň lybasyň köneliginde we iýmitiň ýetmezçiliginde hem bar! — diýipdir.

Onda Hezreti Aly:

— Haýyp, seniň halyňa! Men seniň ýaly däldirin. Allatagala garyplaryň garyplyklaryny satmazlyklary üçin, adalatly ýolbaşçylara ynsanlaryň horluklaryna we özleriniň janlaryna döz gelmegi parz etdi — diýipdir.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Eger sen Allanyň nygmatlaryny ulanjak däl diýýän bolsaň, ýerine ýetir. Çünki, sen öz paýyňy bilýärsiň we nesibäňi alýarsyň. Alladan gelen az hem bolsa, başga ýerden gelen köpden has bereketlidir we beýikdir. Umytsyzlygyň ajysy ynsanlardan talap etmekden haýyrlydyr».

 

* * *

Dawut Taýa kakasyndan bir öý we birnäçe dinarlar miras galypdyr. Ol haçanda öýüň bir otagy harap bolanda, beýleki otaga geçer eken, öňküni hem bejermez eken. Şeýdip, ol dinarlaryň iň soňkusy özüne kepen puly bolýança harçlapdyr we şondan iýip-içipdir».

 

* * *

Hökümdar bir gezek Sokratyň meýdanda, günüň aşagynda öz nebsine garşy gidip ýatandygyny görüp, onuň ýanyna baryp:

— Näme hajatyň bar — diýipdir.

Onda ol:

— Meniň islegim, meniň üstümden kölegäňi aýyrmagyň, ol güneşiň şöhlesiniň öňüne geçýär — diýipdir. Patyşa onuň üçin altyn, kümüş bilen bezelen ýüpekden lybas getirmegi buýurypdyr.

Sokrat:

— Sokrat dünýäniň daşyna, owadan agaçlara we gurduň derisine mätäç däl. Onuň isleýän zady onuň şu wagtky ýagdaýydyr — diýipdir.

 

* * *

Magruf ymamyň yzynda namaz okapdyr. Haçanda namaz okap gapydan çykjak bolanda, ymam ondan:

— Sen nirede iýip-içdiň? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Garaş, men häzir seniň yzyňda okan namazymy täzeden okaýyn — diýipdir.

 Ymam ondan:

— Näme üçin? — diýip sorady.

Onda ol:

— Sebäbi kim rysgala şek ýetirse, Halygyna şek ýetirdigidir — diýipdir.

 

* * *

Abu Salyh şeýle diýipdir: «Men Abu Zeýdiň hadysyny aýtdym: «Allatagala ynsanlaryň diňe watany üçin eden kasamlaryndan razy bolar».

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Her bir adam öz ýanyndan,

Has hormatly — aýalyndan.

 

 

* * *

Hezreti Alydan:

— Eger bir adamy bir öýüň içine salyp, gapysynyň daşyndan bekläp goýsaň, onuň rysgaly nireden geler? — diýip soradylar.

Onda ol:

— Ajaly nireden gelýän bolsa, şondan geler — diýipdir.

 

* * *

Feth Mosuly garaňky düşensoň öýüne maşgalasynyň ýanyna gelipdir we olaryň ýanynda agşam iýerlik hiç zat görmändir. Olar yşksyz oturan eken. Ol şol gijäni begenjinden aglap: «Haýsy iş sebäpli maňa beýle hormat edildikä? Meniň ýalylar näme zat sebäpli bu hili sylagly ýagdaýlara düşdükä?» diýip geçiripdir.

 

* * *

Umytsyzlyk ýüze çykýandyr, arzuw-isleg taşlanyp gidilen ýer ýalydyr.

 

* * *

Men rysgaly bolup biläýjek ýerlerden gözledim, emma günlerde bir gün rysgalymyň özi geldi.

 

* * *

Omar ibn Abdyleziz hutbada şeýle diýipdir: «Eý, ynsanlar! Kişiniň rysgaly eger daglaryň üstünde bolsa-da, ýeriň astynda bolsa-da geler. Ony gözläň».

 

* * *

Zur-Riýaseteýn şeýle diýipdir: «Rysgalyňy gowy ýoldan gözle, saňa ýazgyt ýeter. Sen ejiz bolsaňam, ol saňa geler. Eger ol saňa ýazylmadyk bolsa, ony güýç bilen hem alyp bilmersiň».

 

* * *

Bir adam Resulallanyň ýanyna gelip:

— Maňa öwüt-nesihat ber — diýipdir.

Onda ol:

— Sen ynsanlaryň elindäki zatdan umydyňy üz. Tamakinçilikden daşda dur, sebäbi ol häzir bolup duran garyplykdyr — diýipdir.

 

* * *

Eger bazarda bir zat görseň, ony dostuňdan sorama, ýagny ony özüň satyn al, hiç kimden tamakin bolma.

 

* * *

Çarwa arap çölde bir düýä duş gelipdir. Ýanynda hem hiç kim ýok eken. Ol: «Eý, Rebbim, näme etseň edäý, sebäbi rysgal seniň boýnuňda» diýipdir we düýäni tutup, dessine ýykmak bilen bolupdyr we soýup iýipdir.

 

* * *

Bir gezek Rabyga:

— Biz gidip, seniň öýüňi oňaryp bermegi üçin, soltan bilen gepleşeli! – diýipdirler.

Ol:

— Walla, men dünýäni onuň öz hakyky eýesinden soramaga utanýaryn. Men nädip ony, onuň mülki bolmadyk kişiden soraýyn — diýipdir.

 

* * *

Çarwa arap düýesi bilen haja barýar eken. Oňa:

— Seniň azygyň nirede? — diýipdirler.

Onda ol:

— Meniň azygym, düýäniň göwsündäki süýt — diýipdir.

 

* * *

Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Eger siz doly manyda Alla töwekgel edýän bolsaňyz, ol asmanda iki baka uçup ýören guşa rysgal berişi ýaly size hem hökman rysgal berer».

 

* * *

Halyt ibn Safwan şeýle diýipdir: «Hal taýdan daşky görnüşiň iň gowusy bolsun, mal taýdan içki görnüşiň iň az höwes edýäni bolsun. Çünki, kim mätäçlik çekýän dostuna jomart bolsa ol sahydyr. Kim bolelin ýaşap, tagamyny mätäçden gysgansa ol hakyky gysgançdyr».

 

* * *

Bir adam Halyt ibn Abdylla Kusrynyň ýanyna girip:

— Eý, Emir! Men seniň bilen umytsyzlygyň batyrgaýlygy bilen gürleşeýinmi ýa-da umyt sylag-hormaty bilenmi? — diýipdir.

Onda Halyt:

— Umyt sylagy bilen — diýipdir. Soň ony diňläpdir we oňa sylag-hormat goýup, işini ýerine ýetiripdir.

 

* * *

Ynsan dünýäde diňe oturlyşyk naharyna çagyrlan myhman ýaly bolmalydyr. Eger öňüne tabak gelse iýer, eger gelmese, getir diýip talap etmez.

 

* * *

Abu Niruz Eýran şalarynyň ogullaryndan eken. Ol heniz kiçi ýaşdaka yslama meýil edipdir. Ony Resulallanyň ýanyna getiripdirler. Ol elmydama onuň ýanynda bolar eken. Resulalla ýogalanda, ol Patmanyň we çagalarynyň ýanynda bolupdyr. Ol şeýle diýipdir:

—    Bir gün meniň ýanyma Hezreti Aly geldi we maňa:

—    Sende iýer ýaly näme bar? – diýdi. Men hem:

— Seniň üçin razy bolmajak tagamym bar. Ýagny kök bilen garyşdyrlan kädi bar — diýdim.

Ol hem:

— Ony getir — diýdi. Ol turup elini ýuwdy, soň ondan iýdi. Soň ýene turup ellerini gum bilen arassalady. Soň iki eli bilen suw içdi we maňa:

— Eý, Niruz, eliň aýasy gapdan hem has arassadyr — diýdi we ellerini ölläp garnyna goýdy. Soň şeýle diýdi:

— Kimiň garnyna ot, ýagny haram zat girse, Alla ondan uzaklaşar.

 

* * *

Zuhry bir ýalňyş iş edipdir we aýlanyp ýörkä, öňünden Aly ibn Hüseýin çykypdyr. Hüseýin oňa: «Eý, Zuhry! Seniň ähli zatdan giň bolan Allanyň rehmetinden umyt üzmegiň ýalňyşyňdan has uludyr» diýipdir.

 



[1]Danik – 0,495 grama deň bolan pul birligi.

[2]Gurhanyň « Nahl » süresiniň 97-nji aýaty.

[3]Hawary – egindeş, apostollar.