Togsan ikinji bap. Atlar, gatyrlar, eşekler, çapyksuwarlyk we şuňa meňzeşler hakynda

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » Togsan ikinji bap. Atlar, gatyrlar, eşekler, çapyksuwarlyk we şuňa meňzeşler hakynda

 Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Siz baýtallary saklaň. Sebäbi olaryň üsti galadyr, içi hazynadyr».

 

* * *

Resulalla şeýle diýipdir: «Atyň maňlaýyndaky gyllaryny, boýnundaky ýallaryny we guýrugyndaky gyllaryny hem kesmäň. Çünki, guýrugy onuň üstüne gonýan siňek we beýleki zatlary kowýar. Ýaly bolsa ony gyzgyn saklaýan lybasydyr. Atyň maňlaýyna kyýamata çenli haýyr baglanandyr».

 

* * *

Jerir ibn Abdylla şeýle diýipdir: «Men Resulallany atyň maňlaýyndaky gyllary barmaklary bilen towlap durka gördüm. Ol şeýle diýýärdi: «Atyň maňlaýyna kyýamata çenli haýyr baglanandyr. Bu sogapdyr we oljadyr».

 

* * *

Resulalla Byrak[1] atly atyny wasp edip şeýle diýipdir: «Toýnaklary gözýetimiň soň çägine ýetýärdi».

 

* * *

Çarwa arap atynyň häsiýetini beýan edip, şeýle diýipdir: «Ondan näme islän bolsaň, ýerine ýetirýärdi, ondan näme islense amala aşyrýardy».

 

* * *

Emirleriň biri agasynyň ogluny Şama at satyn almak üçin iberipdir. Onda ol:

— Meniň atdan başym çykanok — diýipdir.

Emir oňa:

— Itde näme zady gowy görýän bolsaň, atdan hem şol zatlary gözle — diýipdir. Ol şeýle bir at bilen gelipdir welin, araplarda onuň ýaly at hiç ýokmuş.

 

* * *

Süleýman alaýhyssalama kakasyndan müň sany at miras galypdyr. Ol olaryň dokuz ýüz sanysyny halka paýlapdyr. Elinde ýüz sanysy galypdyr.

Günlerde bir gün Müsürden bir näçe adam onuň ýanyna gelipdir. Yzlaryna gaýtjak bolanlarynda, ondan ýurtlaryna barýançalar ýetjek möçberde azyk bermegini haýyş edipdirler. Ol hem olara bir at berip:

— Ine, bu siziň azygyňyz. Ol size her menzilde ýeter ýaly möçberde aw getirer — diýipdir.

Olar heniz bir menzil hem geçmänkäler, at olara bir aw getiripdir. Şeýdip, olara ýurtlaryna barýança olary isleýişleri ýaly aw bilen üpjün edipdir. Şonuň üçinem oňa «ulag azygy» diýip at beripdirler.

Ähli arap atlary hem şondan gelip çykypdyr.

 

* * *

Kesra Abruiziň aty bolan Şebzir öz döwründe iň owadan, iň ýyndam we uzyn boýunly at bolupdyr. Abruiz bu atyny gaty gowy görýär eken.

Günlerde bir gün bu at ölüpdir. Hiç kim ony Abruize aýdyp bilmändir. Ahyry aýdymçy Felhebezden bu habary oňa aýtmagyny haýyş edipdirler. Ol hem şeýle manydaky aýdyma hiňlenipdir:

— Şebzir çapanok, otlanok, uklanok...

Muny eşiden Abruiz:

— Diýmek, ol ölüpdir-dä? — diýipdir.

Felhebez:

— Men muny hökümdardan eşidýärin — diýipdir.

 

* * *

Aly ibn Hyşam bilen Şebip ibn Şebibe atly barýarkalar Aly ibn Hyşam onuň yzyndan ýetjek bolýarmyş, emma ýetip bilmeýärmiş. Şebip ibn Şebibe munuň sebäbini soranda, ol: «Men nädip ýeteýin. Men ýük ulagynyň üstünde otyryn. Eger men urmasam durýar, ursam ýer dyrmalap dur. Sen bolsaň ýyndam atyň üstünde otyrsyň. Urmasaň ýöreýär, ursaň uçýar» diýipdir. Ol hem oňa beýleki atyny beripdir.

 

* * *

Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Atlar bilen gyzyklanyň, olaryň arkalaryny, aýaklaryny sypalaň».

 

* * *

Abu Hüreýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Siz ulaglaryňyzyň arkalaryny münber hökmünde tutmaň. Çünki Alla ony diňe ynsanyň janyny ýadadyp baryp bolýan uzak şäherlere ýetmek üçin siziň hyzmatyňyza berdi. Ýeri hem siziň hyzmatyňyza berdi, özüňize gerekli işleri ýerine ýetiriň».

 

* * *

Ibn Syýaba bir gezek atyň üstünde oturan serkerde Mübärek Türkmeni görüpdir. Ol gaty daýaw eken we başy asmana ýetip duran. Ol şeýle diýen: «Eý, Rebbim! Bu bir eşek, onuň aty bar. Men ynsan, ýöne eşegim hem ýok» diýipdir.

 

* * *

Abu Muhallym öz-özüne şeýle diýipdir:

 

Gije-gündiz gezýär näme iş edip?

Oňat — üstün çykan ýigit olardan.

Ene-atasyndan tapmasa edep,

Gije-gündiz berer alyp oňarsaň.

Nije mertler tapmaz ýeke eşegem,

At münüp ýör eşekleriň nijesem.

 

 * * *

At arassa suwy halamaýar. Şonuň üçin arassa suwy aýaklary bilen urmaýar. Emma bulanyk suw bolsa, begenjine aýaklary bilen suwy urýar. Sebäbi arassa suwda ol özüniň syratyny görýär we ürkýär. Emma bulançak suwda özüni görmeýär.

Düýe diňe çäge gatyşykly suwy gowy görýär. Öküz arassa suwy hapalaýar.

 

* * *

Abdyrahman ibn Apbas ibn Rabyga ibn Harys ibn Abdylmuttalyba «gatyr seýisi» diýer ekenler. Sebäbi ol elmydama gatyra münüp gezýär eken. Safwan ibn Amr ibn Ehtem oňa:

— Sen bu gatyry näme etjek. Sen ondan araňy açyp bilmeýärsiň, gaçsaň gutulmaýarsyň? — diýipdir.

Onda ol:

— Ol atyň ulumsylygyndan we eşegiň pesliginden emele geldi. Işleriň iň haýyrlysy bolsa orta ýagdaýda bolýanydyr — diýipdir.

Onda Safwan oňa:

— Biz size öwredýäris, siz öwreneniňizden soň biz sizden öwrenýäris — diýipdir.

 

* * *

Ibn Siriniň iki gatyry bar eken. Birini özi ulanar eken, beýlekisini kireýine berer eken.

 

* * *

Bylkys özüniň Süleýman alaýhyssalama iberen sowgatlaryny gurşun reňkli gatyrlara ýükläp iberipdir.

 

* * *

Halypa Mamun aragatnaşyk habarçylarynyň işleýşini görmek üçin Temama şäherine ýola düşüpdir. Ol: «Men iým iýip duran bir gatyryň: «Ýer ýüzündäki ähli haýwanlaryň rysgalyny Alla berýändir» diýýändigini, başga bir gatyryň bolsa ýaşyl don geýen bir adama bir daňy otdur öýdüp üstüne topulandygyny, ony ysgap durandygyny gördüm. Başga bir gatyr bolsa şeýle diýip hiňlenýärdi:

 

Garnym aç geçirdim uzak gijäni,

Hödürlärler öýdüp tagamly jamy.

 

* * *

Tejribeli bir kişi şeýle diýipdir: «Ynsanlar bilen bile ýaşaýan haýwanlardan gatyrdan köp ýaşaýany ýokdur we serçeden hem az ýaşaýany ýokdur. Şonuň üçinem serçeler örän köpdür, gatyrlar bolsa örän azdyr. Şonuň üçin köp ýaşamaklyk esasan ruhbanlara (monahlar) we agtalara mahsusdyr».

 

* * *

Abu Hureýra şeýle diýipdir: «Resulalla baýtala «feres»[2] diýýärdi».

 

* * *

Atlar gysraklaryň ysyny bir menzilden alýarlar. Olar urnup we kişňäp başlaýarlar. Çeýnemegi goýýarlar, burunlaryny çişirip, aýaklary bilen ýeri urýarlar we kişňäp tozan turuzýarlar.

 

* * *

Abdylhamyt Kätip şeýle diýipdir: «Hiç wagt eşege münme. Eşek eger ýyndam bolsa, eliňi guradar, ýalta bolsa – aýagyňy».

 

* * *

Arap taýaplarynyň biri: «Eşek münmek namysdyr oňa diňe namyssyz müner» diýipdirler.

 

* * *

Dejjalyň[3] ulagyna ynsan münmez, ýagny eşek dejjalyň ulagydyr.

 

* * *

Musannyf şeýle diýipdir:

 

Eşegiň üstündäki oturan hem eşekdir,

Bu ikiniň iň erbedi münüjisidir şeksiz.

 

* * *

Musa alaýhyssalam Hydyr pygamberden:

— Sen haýsy haýwanlary söýýärsiň? — diýip sorapdyr. Onda Hydyr pygamber:

— At, eşek we gatyr. Sebäbi at iň uly pygamberleriň ulagydyr. Gatyr Hud, Salyh, Şugaýp we Muhammet alaýhymyssalamlaryň ulagydyr. Eşek Isa we Uzeýr pygamberiň ulagydyr. Men nädip Allanyň ölenden soň magşardan öňürti direlden haýwanyny söýmäýin — diýip jogap beripdir.[4]

 

* * *

Nuh alaýhyssalam gämisine ähli jandarlary mündüripdir. Diňe eşek galypdyr. Onuň gämä girmegine Iblis böwet bolupdyr, onuň guýrugyndan çekip, saklap duran eken. Nuh alaýhyssalam oňa:

— Eý, melgun gir — diýipdir. Eşek giripdir, onuň bilen Iblis hem gämä giripdir. Nuh alaýhyssalam gäminiň içinde Iblisi görüp:

— Sen nädip girdiň? — diýip sorapdyr.

Iblis:

— Sen özüň maňa emr etdiň — diýipdir.

Nuh alaýhyssalam:

— Men haçan saňa emr etdim? — diýip sorapdyr.

Iblis:

— Haçanda sen: «Eý, melgun gir» diýeniňden soň men girdim, sebäbi menden başga melgun ýok — diýipdir.

 

* * *

Abu Seýýaranyň eşegi güýçlülikde we sagdynlykda nakyla öwrülip galypdyr. Ol gara eşek eken. Adamlar Mina bilen Müzdelife[5] arasynda kyrk ýyllap şol eşek bilen gatnapdyrlar.

 

* * *

Halyt ibn Safwan bilen Fazl ibn Isa Rakkaşy eşege münmäni gowy görýär ekenler. Olar Abu Seýýarany özlerine nusga we delil hökmünde saýlap alypdylar.

 

* * *

Kassaryň eşeginiň erbet häsiýeti üçin ol nusga bolup galypdyr. Aýdylypdyr: «Pylan gün göýä Kassaryň eşeginiň güni ýaly boldy. Ajyksa iýdi, suwsasa içdi».

 

* * *

Müsür eşegi ýaly bagtly eşek hiç bir ýurtda bolmandyr. Halypalar gezelenje çykanlarynda diňe Müsür eşegine müner ekenler. Halypa Mütewekkil Samarranyň minarasyna merisli eşegi bilen çykar eken. Meris hem müsür obalarynyň biridir. Minaranyň uzynlygy hem togsan dokuz zyragdyr.[6]

 

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Eşekden şükür etmegi we sabyrlylygy, itden wepalylygy, gargadan gizlin ýerde höwürtge edinmegi öwren».

 

* * *

Eşek ikindi wagtynda buşugan peşewini özüniň böwregindäki daşlara şypa üçin içýär. Şeýle hem bu onuň dişlerine dermandyr.

 

* * *

Omar ibn Abdyleziziň ýükçi aty bar eken. Ol onuň bilen odun ýygnap, suw getirip, ony müner eken.

 

* * *

Apbas ibn Muhammet ibn Aly atyny urupdyr. At ölüpdir. Bu barada: «Iň jomart adam iň ýyndam aty öldürdi» diýen gürrüň galypdyr.

 

* * *

Enes şeýle diýipdir: «Hezreti Omar bir gün eşege mündi we ol eşek silkindi. Hezreti Omar ýykyldy. Ol eşege: «Bu eşek hiç kime peýda bermez, ol diňe eýesini tezegine zyňýar» diýdi».



[1]Rowaýata görä, Muhammet alaýhyssalam ol ata magraja çykanda minipdir.

[2]Feres – arap dilinde baýtal diýmek.

[3]Kyýamatyň öň ýanynda dünýä geljek mahluk.

[4]Rowaýata görä, Allatagala Uzeýr pygamberiň ölenine ýüz ýyl geçen bir eşegini direldipdir.

[5]Mekgäniň töweregindäki ýerleriň atlary.

[6]Zyrag – 68-70 sm deň bolan uzynlyk ölçegi.