Togsan üçünji bap. Düýeler, sygyrlar, goýunlar we şuňa meňzeşler hakynda

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » Togsan üçünji bap. Düýeler, sygyrlar, goýunlar we şuňa meňzeşler hakynda

 

Abdylla ibn Japaryň aýtmagyna görä, bir gezek Resulalla ensarylardan[1] bir adamyň howlusyna giripdir. Görse, bir düýe bar eken. Düýe Resulallany görüp derdini paýlaşyp, gözünden ýaş akdyrypdyr. Resulalla onuň ýanyna gelip, onuň gözýaşlaryny süpüripdir we dymypdyr. Soň bolsa:

— Bu düýe kimiňki? — diýip sorapdyr.

Ensaryly bir ýaş ýigit gelip:

— Eý, Allanyň ilçisi meniňki — diýipdir.

Resulalla oňa:

— Allanyň seniň eýeçiligiňe beren bu janawary üçin gorkmaýarsyňmy? Ol maňa seniň ony aç saklaýandygyňy we bu meselede rehimsizdigiň barada arz-şikaýat edýär — diýipdir.

 

* * *

 

Sehl ibn Hanzalyýe şeýle diýipdir: «Resulalla bir düýäniň ýanyndan geçipdir. Ol düýäniň arkasy garnyna ýelmeşip gidipdir, özem örän arryk eken. Resulalla: «Siz şu janawarlary beýle hor saklapsyňyz, Alladan gorkuň. Onuň üstüne münýärsiňiz we etini hem iýýärsiňiz» diýipdir.

 

* * *

 

Allatagala düýäni hemmetaraplaýyn haýyrly ýaradypdyr. Göterende agyr zatlary göterýär, ýörände uzak ýere gidýär, sagylanda süýdüni bol berýär, gurban edilse doýurýar.

 

* * *

 

Ragyl ibn Kelp bir gezek Hyşam ibn Abdylmälige düýe sowgat beripdir. Emma ol almandyr. Onda Ragyl: «Eý, möminleriň emiri! Sen meniň düýämi ret etdiň, indi ol muňa gynanyp öýkeläp, gaýgy-hasrat çekip, süýdüni hem azaldyp otyr» diýipdir.

Hyşam hem gülüp, ony kabul edipdir we oňa müň dirhem bermegi emr edipdir.

 

* * *

 

Pygamberimiz şeýle hadys rowaýat edipdir: «Goýunda bereket bardyr, düýede bolsa – görk».

 

* * *

 

Araplaryň temim tiresi oklary bilen, haman tiresi bolsa geçileri bilen magtanýar.

 

* * *

 

Abu Sagyt Hudry şeýle diýipdir: «Resulalla owadan şahly erkek goçy gurbanlyk edýärdi».

 

* * *

 

Goýun ýylda bir gezek guzlaýar. Özi hem ýeke-ýeke guzlaýar, ekiz az guzlaýar. Geçi ýylda iki gezek guzlaýar. Özi hem ekiz ýa-da üçem guzlaýar. Köpelme we bereket goýundadyr. Emma doňuz ýigrimi jojuk guzlasa-da bereketsiz jandardyr.

 

* * *

 

Eger kişini öwenlerinde goç ýaly, ýamanlarynda hem tekäň biri diýer ekenler.

 

* * *

 

Sagydyň goýny arryklykda nakyla öwrülipdir. Ol goýun hem Sagyt ibn Ahmediň Hamduna sowgat beren goýnudyr. Bu barada şeýle şygyr bar:

 

Ony öldüren mahalym şeýle boldy, düşünýäňmi —

Diýdi doganlarym maňa «Sen etsiz süňk bişirýäňmi?».

 

* * *

 

Munygyň goýny hem arryklykda nakyla öwrülipdir. Ol goýun Muhammet ibn Beşiriň goňşusynyň goýnudyr. Ol goýun onuň öýüniň gapdalyndaky bossançylyga giripdir. Muhammet hem ony ähli erbetlikler bilen sögünip çykarypdyr.

 

* * *

 

Düýä «Abu Eýýup» diýýärler. Ýagny bu düýäniň lakamydyr. Sebäbi hem belalara sabyr edýänligi üçindir[2].

 

* * *

 

Abu Derdanyň «Denewi» atly bir düýesi bar eken. Eger ony ulanmak üçin sorap gelenlerinde: «Meniň düýäme kän ýük urmaň, onuň şeýle mukdary götermäge güýji ýetýär» diýer eken. Aýdanyny etmeseler: «Meniň düýäme ýük urmaň, onuň diňe şeýle mukdara güýji ýetýär» diýip, ýene gaýtalaýar eken. Emma şol diýenini etmedik adam ýene geläýse: «Onuň hiç zada güýji ýetmeýär» diýer eken.



[1]Ensarylar – medineli musulmanlar.

[2]Eýýup alaýhyssalam sabyr etmekde nusga bolup galypdyr. Düýe janawer hem sabyrly bolansoň, oňa «Abu Eýýup» (Eýýubyň atasy) diýipdirler.