Togsan dördünji bap. Ýyrtyjylardan gorkmak, olaryň ýagdaýy, awa çykmak we şuňa meňzeşler hakynda

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » Togsan dördünji bap. Ýyrtyjylardan gorkmak, olaryň ýagdaýy, awa çykmak we şuňa meňzeşler hakynda

Resulalla: «Haçanda ýyldyzlar batanda»[1] diýip, başlaýan süräni okanda Utba ibn Abu Lehep[2] oňa:

— Men ýyldyzyň hudaýyny inkär etdim — diýipdir.

Resulalla hem:

— Alla saňa itlerinden bir iti musallat etsin — diýipdir.

Günlerde bir gün ol dostlary bilen eşekli Şama tarap ýola çykypdyr. Olar Zerka diýilýän ýere gelenlerinde, bir ýolbars arlapdyr. Onuň gorkudan ýaňa süňňi titräp başlapdyr. Olar oňa:

— Näme üçin biziň süňňümiz titränok, diňe seniňki titreýär — diýipdirler.

Onda ol olara:

— Muhammet maňa erbet dileg-doga edipdi — diýipdir. Şol wagt birden asman kölegelenip: «Muhammetden has dogruçyl hiç kim ýokdur» diýen ses gelipdir. Soň olar agşam naharyna oturypdyrlar. Emma ol saçaga elini hem uzatmandyr. Soň ukulary gelipdir we goşlaryny daşlaryna aýlap, onuň ortasynda ýatypdyrlar. Gije olaryň ýanlaryna bir ýolbars gelip ýatanlaryň hemmesiniň kellelerini ýeke-ýekeden ysgap çykypdyr we iň soňunda onuň ýanynda durupdyr. Soň ony dişleri bilen çeýnäp başlapdyr. Ol we onuň ýanyndakylar şeýle ses eşidipdirler: «Men size Muhammediň iň dogruçyl ynsandygyny aýtmanmydym».

 

* * *

Araplaryň eset (ýolbars) taýpasy it etini iýmäge meýilli taýpadyr. Bir esetli arap itiň güjügini iýipdir. Oňa: «Sen näme iti iýäýdiňmi?» diýipdirler. Bu barada şeýle goşgy setirleri bar:

 

Obasynda aç galsa bir gün esetli eger,

Semizje iti bolsa, olar şony hem iýer.

 

* * *

Bu hem ýolbarsyň iň gowy görýän zadynyň it eti bolmagydyr. Şeýle hem aýdylypdyr: «Ýolbars halandygy üçin itiň etine höwes etmeýär. Haçanda ol oba ýa-da sürä goýna topulanda, itler üýrüp ynsanlary örüzýärler. Ýolbarslaryň muňa gahar-gazaplary artyp, şonuň üçin hem itleri dalaýarlar».

 

* * *

Ýolbars oda ýakyn gelmeýär, gyzgyn we turşy etleri iýmeýär. Ýyrtyjylaryň köpüsi şeýledir.

 

* * *

Rumlular şeýle diýipdirler: «Ýolbars möjegiň sesinden gorkýar. Urkaçy ýolbarsdan aýbaş gelmeýär. Ol örän az suw içýär. Üç haýwan gusugyny içýär: ýolbars, it we pişik. Dört haýwanyň gözi gije hem görýär. Olar: ýolbars, gaplaň, pişik we kepjebaş.

 

* * *

Ýolbarsy diňe duzak gurup tutýarlar, ýagny ýeriň beýigräk ýerinde çukur gazýarlar we şoňa gaçyrýarlar.

 

* * *

Ýolbars bilen alajabars kämahal gaplaňyň üstüne bile topulýarlar. Emma gaplaň daş-töwereginiň salamatlygy üçin ýeke özi olaryň üstüne topulmaýar Olaryň ikisi haçanda gaplaňyň özlerinden ejizdigini bilseler oňa topulmaýarlar.

 

* * *

Hindiler gaplaňlaryň we pilleriň dostudyr. Nubeliler beýleki milletlerden tapawutlylykda, žirafalaryň dostudyr. Ganalylar şäherlerinde gaplaňy köp saklaýarlar. Şonuň üçinem olaryň lybaslary gaplaň derisindendir.

 

* * *

Ýyrtyjylaryň iň güýçlüleri üçdir: gaplaň, ýolbars we alajabars. Haýwanlaryň güýçlüleri üçdür: kerk, pil we gäwmiş.

 

* * *

Ýolbars hem at ýaly, duzy gowy görýär. Ýolbars ýaly, gije duzuň gözlegi üçin otuz parsah[3] uzaga gidýän başga jandar ýokdur.

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Ýolbars ýolbarslygyna galar alsaňam oň kellesin,

It hem itligine galar tylla çaýyp-gaplasaň. 

 

* * *

Aýdylşyna görä, alajabars diňe özüni ýylan gysanda çaga dogurýarmyş.

 

* * *

Mugawyýanyň horasanly bir gyrnagy bar eken. Bir gün Mugawyýa onuň bilen bile otyrka, özüniň başga bir gowy görýän gyrnagy gelipdir. Mugawyýa horasanly gyrnagyny taşlap, baryp ony öpüpdir. Bir gün Mugawyýa horasanly gyrnagyndan:

— Parsça ýolbarsa näme diýilýär? — diýipdir.

Ol:

— Güftar — diýip jogap beripdir.

Mugawyýa hem daşary çykyp:

— Men güftar — diýip gygyrypdyr.

Oňa:

— Eý, möminleriň emiri, güftar syrtlan diýmekdir — diýipdirler.

Mugawyýa:

— Alla, ol gyrnagy öldürsin! Ol menden aryny aldy — diýipdir.

Parslar eger biriniň ýüzlerini erbet ýagdaýda görenlerinde oňa, ruýe guftar[4] diýýärler.

 

* * *

Amr ibn Ýezit ibn Umeýr Esedi Kuteýba ibn Müslime haçanda ol Wekig ibn Abu Söwdi temim tiresiniň ýolbaşçylygyndan aýryp ýerine Dydar ibn Hasyn Esedini bellände, şeýle diýip hat ýazypdyr: «Ýolbars boşadyldy, syrtlan bellenildi».

 

* * *

Abu Hüreýradan syrtlan eti barada soralypdyr. Ol: «Syrtlan – goýun ýalydyr. Ýagny ony iýmek halaldyr» diýipdir.

Bu şapygy mezhebinde halaldyr. Emma hanapy mezhebinde bolsa halal däldir. Sebäbi ol möjek ýaly ýyrtyjy jandardyr.

 

* * *

 Aýdylyşyna görä, syrtlan käwagt erkek, käwagt hem urkaçy bolýarmyş.

 

 * * *

Muntejip Muhammet ibn Arslan öz döwrüniň adamlaryny häsiýetlendirip şeýle diýipdir:

 

Olarda garpyşýan ýyrtyjyň edähedi bar,

Ondan ýüz öwürmegi olar edýärler inkär.

 

* * *

Ýolbars duşmançylygy üçin ynsana hüjüm etmeýärler. Olar aç bolanlarynda iýmit üçin ynsana topulýarlar. Eger ýolbars dok bolsa, ýanyndan geçseň hem topulmaýar.

 

* * *

Bars iň köp uklaýan haýwandyr. Itiň ukusy bolsa örän azdyr, ol elmydam hüşgärdir. Bars sessiz uklaýar.

 

* * *

Hamyt ibn Söwr şeýle diýipdir:

 

Göýä bir ukusy ýaly men barsyň,

Ýatsam - duşmanlardan bihabardyryn.

 

* * *

Aýdylşyna görä, barslar ýehudylara öwrülipdirler. Çagalar barslara «Eý, ýehudy» diýip ýüzlenýärler. Awçylar onuň yzyndan tä ol güýçden gaçýançalar kowýarlar. Soň bolsa ony aňsatlyk bilen tutýarlar. Soň ony tutup, gözlerini daňýarlar we kapasa salýarlar. Soň ony garaňky öýe salyp, ýanynda hem çyra ýakyp goýýarlar. Ol gije-gündiz şol ýerde galýar. Ony şol ýerde elleri bilen naharlap özlerine öwrenişdirip, eldekileşdirýärler. Urkaçy barslar has köp awlanylýar. Beýleki ýyrtyjylaryň urkaçylary hem şonuň ýaly köp awlanylýar.

 

* * *

Tilki ýalandan ölen ýaly bolmak bilen awçyny aldap bolýandygyny, emma itleri aldap bolmaýandygyny bilýär. Eger awçynyň gelendigini bilse, süýnüp ýatýar we demini içinden alýar, hatda onuň ölüdigine hiç hili şek-şübhe galmaýar. Awçy hem ony ölendir öýdüp, gapandan boşadýar. Emma ol iti göräýse welin, ýyldyrym çaltlygynda gaçmaga synanyşýar. Sebäbi it ol ýalandan ölümi ýa-da hakykatdan hem ölümi, gowy bilýär.

 

* * *

Itler hem ýalandan ölen ýaly bolup ýatyp bilýär ekenler. Biri şeýle gürrüň berýär: «Men çagalar tarapyndan urlup-ýenjilen we ýaralanan bir güjük gördüm. Çagalar ony aýaklary bilen depdiler, haçanda ol dem-düýtsüz ýatanda, ol ölendir öýdüp taşlap gitdiler. Bir seretsem, ýaňky güjük gözüni açdy we aýaga galdy, soň bolsa gaçyp, zym-zyýat boldy».

 

* * *

Itler on dört ýyl ýaşaýarlar. Käwagt olaryň ýaşy ýigrimi ýyla hem ýetýär. Itiň üç hili syrkawçylygy bolýar: guduz, hapgyrtma we bogun keseli.

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

It ýaly käbir ynsanlar,

Ýöne bardyr içýakgyçlyk.

Hem-de ikiýüzlülik bar.

Itlerde ýok beýle gylyk.

 

* * *

Mälik ibn Müsmege «It öldüreniň ogly» diýer ekenler. Sebäbi hem onuň kakasy Musmeg ibn Sinap «Ridde» wakasynda abdylkaýs taýpasynyň bir tiresine gaçyp gidipdir. Olaryň iti hem ony ýarypdyr. Ol özüniň ol ýere gelenini bilerler öýdüp gorkupdyr we ol iti öldüripdir. Şonuň üçin özi hem öldürilipdir.

 

* * *

Muhammet ibn Jehm şeýle diýipdir: «Bir gün Halypa Mamun meni çagyrdy. Ol maňa:

— Seniň doganyň şygyrlary köp ýaýrady. Maňa onuň birini aýdyp ber — diýdi. Men hem oňa:

— Şu wagt diňe it barada aýdan şu sözlerini ýatlaýaryn — diýdim we şuny aýtdym:

 

Ite haýyr etgin, maslahat berýän,

Şeýle gylygy bar, bilgin sen ony.

Onuň bu gylygy gowudyr örän,

Ynsan ýatan wagty gijäniň ýary,

Habar berýär gelen myhman-gonagy.

 

Mamun:

— It barada gowy wesýet edipdir — diýdi we maňa sylag-serpaý berdi.

 

* * *

Çarwa arabyň iki sany ogly bar eken. Biri itler bilen, beýlekisi eşekler bilen meşgullanýar eken. Çarwa oglunyň birine:

— Seni elmydama itleriň ýanynda görýän. Doganyňy bolsa eşekleriň ýanynda — diýipdir.

Ogly oňa şeýle diýen:

 

Itler garpyşmasa birek-birege,

Möjek pursat tapar dara-direde.

 

* * *

Bir adamdan sorapdyrlar:

— Näme üçin it buşuganda açyk ýere çykýar?

Onda ol:

— It geýiminiň hapalanmagyndan gorkýar — diýipdir.

Oňa:

— Onuň näme, geými barmy? — diýipdirler.

Onda ol:

— Ol özüni geýimli hasaplaýar — diýipdir.

 

* * *

Araplaryň biri alty aýakly haýwanyň aýak yzyny görüpdir. Ol:

— Men alty aýakly haýwany şu wagta çenli görmedim — diýipdir we onuň haýsy haýwan bolup biljekdigini sorapdyr.

Oňa şeýle düşündiripdirler:

— Erkek doňuz otlap ýören mekejiniň üstüne çykýar. Mekejin hem durmaýar-da, otlap gidiberýär. Ol şu görnüşde birnäçe menzil geçýär: erkek doňzuň öň aýaklar-a mekejiniň arkasynda, art aýaklary bolsa mekejiniň art aýaklarynyň yzynda diýýär. Netijede alty aýak emele gelýär.

 

* * *

Muhajyt ibn Habyp iki ýerde gülmegi halamaýardy: «Gubura meýit goýulanda, sebäbi ol ýer girilýän howply ýerdir. Maýmyny görende, sebäbi olar öň Allanyň bendeleridiler, soň maýmyna öwrülipdirler»[5].

 

* * *

Aýy çagalaryny hoz agajynyň aşagynda goýýar. Özi hem agaja çykyp olara, tä, doýýançalar hoz zyňýar. Käwagt hem palta bilen çapyp bolmajak, güýç bilen döwüp bolmajak şahalary agaçdan döwüp aýyrýar. Soň ony süýräp ownuk böleklere bölýär.

 

* * *

Dag geçisi ýylanlary we kepjabaşlary çaltlyk bilen iýýär. Awçylar ýylanlaryň kelleleriniň we dişleriniň geçiniň boýnunda we ýüzüniň hamynda asylyp durandygyny görüpdirler. Sebäbi geçi ony iýende ýylan geçini sokýar. Netijede kellesi daşynda asylyp galýar. Ýylany iýýärkä geçini uly gyzgynlyk basýar.

 

* * *

Dawut alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Meniň syýahat etmäge bolan höwesim, göýä ýylany iýen sugunyň bedenine ýaýran güýçli teşnelik ýalydyr. Onuň suwuň daşyndan nähili pyrlanyp aýlanýandygyny, bir görsediňiz».

 

* * *

Sugun her ýyl şahyny taşlaýar. Ol özüniň şahynyň ýokdugyny bilýändigi üçin ýyrtyjy haýwanlardan gorkusyna olara görünmeýär. Eger şahy görünmäge başlasa, tä gün görünýänçä we ýel ösýänçä täze şahy ýaýramaýar. Wagtyň geçmegi bilen görünmäge başlaýar.

 

* * *

Harun Reşit Basra gelende Japar ibn Süleýman ony nahara çagyrypdyr. Ol saçaga keýik süýdüniň gatygyny, gaýmagyny, ýagyny we owuzyny goýupdyr. Reşit olaryň tagamyny örän gowy görüpdir. Onuň nämäniňkidigini sorapdyr. Japar hem hyzmatkärleriniň birini keýik sürüsine iberipdir. Hyzmatkär bir owlakly keýigi Reşidiň ýanyna alyp gelipdir. Reşit olara seredip, begenipdir we geň galypdyr. Japar: «Ýaňky tagamlar şu keýigiň süýdünden» diýipdir. Japar ony heniz kiçijikkä alyp, ony ekdileşdiripdir we ýanynda saklapdyr.

 

* * *

 Towşana «Jynlaryň gorkusy» diýärler. Sebäbi towşan aýbaş görýärmiş we jynlar onuň ýanyna gelip bilmeýärlermiş.

 

* * *

 Pişige «ýolbarsyň asgyrmagy» diýýärler. Sebäbi, syçan Nuh alaýhyssalamyň gämisini gemrip başlanda, Allatagala ýolbarsyň asgyrmagyndan pişigi çykarypdyr. Ol hem syçany ýok edipdir.

 

* * *

Aýtmaklaryna görä, kim gara pişigi iýse oňa jady täsir etmeýär. Şeýle hem aýdylyşyna görä, Musa alaýhyssalamyň tabydynyň içindäki pyçak pişigiň kellesi bolmaly.

 

* * *

Abdyllanyň pişigi kiçijikgä islenilip alnyp, ulananda yzyna bermek işinde nusga bolup galypdyr. Şonuň üçinem şeýle diýipdirler: «Pişik kiçikä bir dirheme satylýar, ulalanda üç dirheme yzyna alynýar».

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Kiçikä bir dirheme satyldy pişigi Abdyllanyň,

Ulananda bir kyrata[6] satylanyny sen bilýärmiň?!

 

* * *

Allatagala piliň tebigatynda pişikden gorkup gaçmagy goýupdyr. Ezdiň hyzmatkäri we öz döwrüniň şahyry bolan Harunyň başyndan şeýle waka geçipdir. Ol elmydam gowy görýän pişigini gujagyna alyp gezer eken. Hindiler bilen bolup geçen söweşiň birinde ol gylyjy bilen pillere tarap ýöräpdir. Gylyç bolsa gynynda eken. Piller onuň üstüne ýöräpdirler. Ol hem piller ýakynyna gelenlerinde pişigini olaryň üstüne zyňypdyr. Piller birdenkä gorkup, üstlerinde oturanlary ýere ýykyp gaçyp başlapdyrlar. Musulamanlar hem «Allahu ekber» diýip, belent ses bilen gygyrypdyrlar. Bu ýagdaý hem ýeňşiň sebäbi bolupdyr.

 

* * *

Pil ýedi ýaşyna ýetende pilleýär. Piller segsenden ýüze çenli ýaşaýarlar. Ýabany piller has hem köp ýaşaýar.

 

* * *

 Aýtmaklaryna görä, piliň derisinden galkan ýasaýarlar. Piliň derisinden ýasalan galkan diýseň berk bolýarmyş.

 

* * *

Beýleki haýwanlaryňkydan üýtgeşiklikde, piliň diliniň ujy içinde, gömelteýi bolsa daşyndadyr. Şonuň üçinem hindiler: «Eger piliň dili tersine bolmasady, öwretseň geplärdi» diýýärler.

 

* * *

Ynsandan we pilden başga hiç bir jandaryň göwsi (emjek) gursagynda däldir.

 

* * *

Hajjajyň döwründe Abu Jary Heddadyny pile mündüripdirler. Ol gorkupdyr: «Meni düşüriň» diýip gygyrypdyr we özüni ýere oklamak isläpdir, soň ony düşüripdirler.

 

* * *

Piliň holtumy onuň burnudyr. Şondan hem iýýän tagamy garnyna geçýär. Ol şonuň bilen hem söweşýär. Şonuň bilen gygyrýar, şonuň bilen hem ýere urýar, ony asmana galdyrýar. Pil söweşde söweşijidir, ol gowy ýüzijidir. Ol ýüzende holtumyny ýokary çykarýar. Gäwmiş hem ähli bedenini suwa salýar, diňe burnuny salmaýar. Piliň holtumy şeýle-de boýun ornunda hem durýar. Onda bir deşik bar bolsa hem hiç zat geçirmeýär. Şeýle hem holtum suw bilen ýa-da tagam bilen doldurylanda gap hökmünde bolýar. Sebäbi hem onuň boýnunyň gysga bolup suwa ýa-da ota ýetmeýänligindendir.

 

* * *

Zendebil diýen pil barada pikir çaprazlyklary bar. Käbirleri ony piliň bir görnüşi hasaplaýarlar we şeýle diýipdirler: «Piller iki görnüşlidir. Käbirleri hem zendebil göýä gäwmiş bilen sygyryň arasyndaky tapawut ýaly diýdiler. Käbirleri erkek pile zendebil diýdiler. Käbirleri urkaçy pile diýdiler. Käbirleri ägirt uly pillere diýdiler».

 

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Men piliň gözünde pähim-paýhas we pikir-düşünje sagdynlygyny gördüm. Onuň nazary beýik, üstün, ýumşak we uly hökümdarlaryň nazaryna meňzeýär».

 

* * *

Sehl ibn Harun şeýle diýipdir:

 

Eger piliň maksatly nazaryna baksadyň,

Bardyr öýdersiň piliň özüniň bir maksadyn.

 

* * *

Jabyr Jagfy şeýle diýipdir: «Men Şagbynyň çykyp barýandygyny gördüm we ondan:

— Sen nirä? — diýip soradym.

Ol:

— Pile seretmäge — diýdi. Ol gidip, pile tomaşa edip, haýran galyp geldi. Ol pili ilkinji gezek görýärdi.

 

* * *

Ite süňk getirlende guýrugyny bulaýlaýar. Pil hem saman getirlende guýrugy bilen ýeri sürýär we sallaýar.

 

* * *

 Pile ilkinji öwredilen endik hökümdaryň öňünde egilmegidir. Kesra Abruiz bir gezek milli baýramlarynyň birine çykypdyr. Onuň üçin müň sany pili sapa düzüp goýupdyrlar. Ol pillere otuz müň atly seredip duran. Haçanda erkek pillere urkaçy pil görkezilende piller oňa sejde edipdirler. Olar tä özlerine taýak galýança we özlerine degişli söz aýdylýança sesini çykarmandyrlar.

 

* * *

Pil süňki gymmatbahalydyr. Ýöne göwher ondan has gymmat we bahalydyr. Eger pil süňküniň gadyr-gymmaty bolmasady, Ahnef ibn Kaýs kufalylara bu sözi bilen öwünmezdi: «Biziň pil süňkimiz, dub agajymyz we ýüpegimiz siziňkiden has köp».

 

* * *

 

Piliň lakamy «Abu Hajjajdyr». Hebeş pilleriniň lakamy «Abu Apbasdyr».

 

* * *

 

Gaýlan Rajyza «pile münüji» diýýärler. Sagdyýe Tuýura «piliň gözi» diýýärler. Muny olara Hajjaj dakypdyr. Basralylar pile münüp ýören bir adamy kiçeldip «pilewiýeh» (piljagazly) diýipdirler. Şeýle hem ömri uzak bolanlara «ömrewiýeh» (ömürjikli), öwülýänlere «hamdewiýeh» (öwülýänli) diýip­dirler.

 

* * *

 

Kirpi-de, samyr-da, eger, özlerini kepjebaş çakaýsa, timýan otuny[7] iýmek bilen sagalýarlar.

 

* * *

 

Kerk diýlen jandaryň boýy kiçi bolýar. Ol hem pil ýaly, ýedi ýaşyna ýetensoň köpelip başlaýar. Şonuň üçinem bu hili jandar örän azdyr.

 

* * *

 

Hindileriň aýtmaklaryna görä, haçanda uzynlygy bir parsah bolan bir jandar çykansoň ýer ýüzünde hiç hili janly-jemende galmaz. Hemmeler onuň eýmençliginden gorkup gaçarlar. Onuň eli älemiň niresine uzatsa ýeter. Oňa hindi eşegi diýerler. Onuň maňlaýynda bir şahy bolar. Aýdylyşyna görä, ol kellesini enesiniň garnyndan çykarar, daş-töwerekdäki ähli agaçlary iýer. Doýansoň hem kellesini ýene yzyna salar. Aýtmaklaryna görä, ol pili bir süsende şahy bilen ony ýokary galdyrar. Ol bir ýerde durmaz, uzaklara gider.

 

* * *

 

Aýtmaklaryna görä, kerkiň şahy ýognanda iki garyşa ýetýär. Ol gaty uzyn bolmaýar. Ol kellede görnüp durýar we örän ýumşak bolýar. Özi hem örän berk bolýar, hiç zat oňa topulyp bilmeýär. Eger onuň şahy goparylsa, gopan ýerinde geň-täsin şekil emele gelýär.

 

* * *

 

Nube ýurdunyň ýokarsynda köp sanda ýyrtyjylar, haýwanlar, mallar bir ýere ýygnanyşýarlar. Bu hem guraklyk bolanda suw kanunyna görä bolýar. Hiç bir jandar başga birine degmeýär. Şol ýerde hem olar biri-birleri bilen jübütleşýärler. Aýdylyşyna görä jirafa gaplaňyň düýeden bolan çagasydyr.

 

* * *

 

Samyr syçana pişikden hem has ganym duşmandyr. Goýun ýolbarsdan, gaplaňdan, geçigaplaň bolsa möjekden gorkýar. Ýogsa bu haýwan möjekden has güýçli. Kepderi laçyndan we bürgütden hem has beter algyrdan gorkýar.

 

* * *

 

Araplaryň dabba ogullary taýpasynda bir it bar eken. Ol kellesine çyrany goýup, iki öňki aýagyny galdyryp, guýrugyny bulaýar eken. Eger onuň adyny tutup ýanyňa çagyrsaň we öňüne et oklasaň hiç gymyldaman durýarmyş. Eger kellesindäki çyrany alsaň, ete topular eken. Onuň boýnuna sebet dakyp, içine hem şaý salyp, dükana zat almak üçin iberer ekenler. Ol hem gerek zady getirýär eken. Şeýle hem degirmen eşegi ýaly ony degirmene goşup, oňa un üwedýär ekenler.

 

* * *

 

Ganjyk daş keşbi dürli görnüşli itler bilen gatnaşyk edýär. Netijede dürli reňkli güjükleri dogurýar. Şeýle-de ganjyk itden başga haýwanlar bilen hem gatnaşyp bilýär. Ýöne şonda-da ondan güjük dogýar.

 

* * *

 

Abu Seriý Muhybby bir gezek Delil ibn Ysmaýyl barada şeýle diýipdir:

 

Eý, itleri söýmäge mübtela bolan kişi,

Iti diňe it söýer, bolar şonda gelşigi.

Tapawudyň olardan geýim geýip ýörmegiň,

Sen olardan bolardyň, çykaraýsaň eşigi.

 

* * *

 

Hasan ibn Sehl haýwanlara ýokanç kesel degendigini eşidip, itleri öldürip başlapdyr. Abu Awazyl ony tankytlap şeýle diýipdir:

 

Onuň haýyr hem şerden — iki sany güni bar,

Gylyjyny gynyndan şol gün çykaryp ýörmek.

Onuň ýetirýän haýry — nasranylara bolýar,

Emma onuň şer işi itleri mydam gyrmak.

 

Adamlar onuň itleri öldürmegine garşy çykypdyrlar. Haçanda itler haýwan kesellerini adamlara geçirip başlanlarynda, olar itleri öldürmäge mejbur boldular. Hasanyň edýän işiniň dogrudygyny bilip galypdyrlar.

 

* * *

 

Çölde ýyrtyjylardan bolan bir aýy sypat haýwan bar eken. Onuň burny öňe çykyp duran, boýy samyryň boýy ýaly. Düýe çöküp otyrka, onuň ýanyna golaýlaşýar, soň üstüne topulyp, onuň örküjine müner eken. Ol bagry bilen ýerden hem süýnüp, botlajak bolup ýatan düýäniň köşegini çekip, ony öli çykarýar eken. Aýtmaklaryna görä, ol şeýtanmyş. Ony gözleri bilen görenler az-azdyr. Onuň adyna «gazza» (hüjümçi) diýýärler.



[1]Gurhanyň 53-nji, ýagny «Nejm» süresi.

[2]Utba ibn Abu Lehep – yslamyň ganym duşmany.

[3]1 parsah – 3000 metr.

[4]Manysy: «Syrtlanyň ýüzi».

[5]Gurhanyň «Bakara» süresiniň 65-66-njy aýatlarynda şeýle diýilýär: «Araňyzdan ruh güni azgynlyk edenleri elbetde bilýänsiňiz! Biz olara «Pes bolan maýmynlara öwrüliň» diýdik. Biz muny olaryň döwürdeşlerine we soňky geljek nesillere jeza nusgasy we Alla garşy çykmakdan çekinýänlere ybrat bolsun diýip, şeýle etdik».

[6]Kyrat – 0,195 dirheme deň bolan ölçeg birligi.

[7]Timýan oty – hoşboý ysly ot.