Togsan bäşinji bap. Balyklar, deňiz jandarlary we Allanyň deňizdäki ajaýyplyklaryna degişli zatlar we şuňa meňzeşler hakynda

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » Togsan bäşinji bap. Balyklar, deňiz jandarlary we Allanyň deňizdäki ajaýyplyklaryna degişli zatlar we şuňa meňzeşler hakynda

 

Jabyr ibn Abdylla şeýle diýipdir: «Resulalla bizi gazawada iberdi. Biz üç ýüz kişilik topardyk. Serkerdämiz hem Abu Ubeýde ibn Jerrahdy. Kuraýyşlaryň kerweniniň yzyndan gidýärdik. Azygymyz hem bir torba hurmadan ybaratdy. Başga zadymyz ýokdy. Abu Ubeýde mundan ilki bize gysymlap berýärdi, soňra ýeke-ýekeden bermäge başlady. Ondan:

— Onuň bilen nädip oňýardyňyz? — diýip soradylar. Ol şu jogaby berdi:

— Biz hurmanyň şänigini göýä çaganyň soruşy ýaly sorýardyk. Soňra hem üstünden suw içýärdik. Bu bize agşama çenli ýetýärdi. Gutaran wagty hiç zatsyz galdyk. Iki hepde kenarda ýaşadyk, erbet açlygy geçirdik, hatda agajyň ýapraklaryny iýdik. Goşunymyza «ýaprak goşuny» diýildi. Şol wagt deňiz bize lin diýilýän äpet bir balygy daşary çykardy. Abu Ubeýde muny görüp:

— Maslykdyr, iýilmegi haramdyr — diýdi. Soňra bolsa:

— Ýok, maslyk däldir, biz Resulallanyň ilçileridiris. Biz Alla üçin bu ýere geldik, üstesine-de kyn ýagdaýy başdan geçirdik — diýdi.

Biz ondan iki hepdeläp iýdik, Ÿagyndan hem çalyndyk. Hatda endamymyz özüne geldi, öňki ýagdaýyny aldy. Abu Ubeýda balygyň gapyrgasyndan bir süňk alyp ýere dikdi. Soň bolsa iň uzyn adamy we iň uzyn düýäni gözledi. Ol adamy düýä mündürdi we gapyrganyň aşagyndan geçdi. Balygyň göz çukurynyň içinde dört kişi oturdy. Gözünden ençeme kulle (takmynan 250 rytl) ýag çykardyk. Etinden özümize iýmit edindik. Medinä gelenimizden soň ýagdaýy Resulalla gürrüň berdik. Onda Resulalla:

— Bu Allanyň size deňizden çykaran rysgalydyr. Siziň ýanyňyzda ol etden galdymy? — diýdi. Biz hem oňa biraz berdik we ol mundan iýdi.

 

* * *

Akula deňziň iň uly jandarlarynyň biridir. Ol gämileriň ýöremegine böwet bolýar, gämileri urup döwýär, olary ters aýlandyrýar.

 

* * *

Men Mekgede ýaşap ýörkäm, ýaşaýjylaryň birinden şu gürrüňi eşitdim. Biz Käbäniň «Beni Şeýba» gapysynda oturdyk. Ol bize akula barada gürrüň berip şeýle diýdi: «Onuň ýaradylyşy süýri görnüşdedi. Ululygy hem şu oturan ýerimizden Käbä çenli bardy. Ol «jellap» diýilýän ägirt uly gämilere hüjüm edýärdi. Ony hiç zat gaýtaryp bilmeýärdi, diňe gämidäkiler oňa çyra tutanlarynda ol gidýärdi. Çyra onuň ýüzüne ýyldyrym ýaly bolýardy. Ol diňe otdan gorkýardy». Soň ol gürrüňini dowam edip şeýle diýdi: «Men deňizçiniň eşigi bilen ýokary çykyp barýandygyny gördüm. Haçanda ol ortasyna ýetende ikä bölünip ýere gaçdy. Seretsek akula guýrugy bilen gämini urupdyr».

 

* * *

Gürrüň bermeklerine görä, näheň bilen ýolbars suw içilýän ýerde söweşip-dirler. Näheň ony guýrugy bilen urupdyr. Ýolbars hem onuň kellesini çeýnäpdir. Ikisi hem ölüpdir.

 

* * *

Näheň ýerde ýöreýärkä göýä sil suwunyň içinde ýüzýän ýolbarsyň güýçsüz bolşy ýaly örän pese düşýär. Hatda çagalar hem onuň arkasyna münýärler. Onuň guýrugyndan tutup islän ýerlerine süýreýärler. Muny Fyrat[1] derýasynyň kenarynda ýaşaýan garaýagyz çagalar edýärler.

 

* * *

 Nilde we onuň akabalarynda suw aty suratynda atlar bar. Olar näheňleri iýýär. Käwagt hem çykyp ekerançylyga girýär. Müsürliler onuň toýnak yzyny nirede görseler, Niliň suwunyň çykyşynyň şol ýerde gutarjakdygyny bilýärler. Eger onuň taýyny tapsalar, tutup eldekileşdirýärler.

 

* * *

Ähli gemrijiler eňegini aşak hereket etdirip iýmitlerini çeýneýär, diňe näheň eňegini ýokary hereket etdirip çeýneýär. Deňiz balyklarynyň ähli görnüşi dilsiz we bokurdaksyzdyr.

 

* * *

Iň köp tohum taşlaýan jandar balykdyr, soň – çekirtge, soň – içýan. Balyk öz ýumurtgasyny iýmeýär, çagasyny ulaltmaýar, emdirmeýär. Allatagala şonuň üçin onuň zürýadyny köp edipdir. Ol kepderi ýaly çagasyny idemeýär we ulaltmaýar. Kepderi ýylda diňe iki sany ýumurtga guzlaýar. Alla onuň neslini az edipdir. Towuk bolsa jüýjesini ulaldýar, soň idemeýär. Alla onuň ýumurtgasyny we jüýjesini köp edipdir. Ýylan otuz ýumurtga guzlaýar. Onuň otuz gapyrgasy bar, şonuň üçinem onuň oňurgasy güýçlüdir. Bu ajaýyp işleri ýerli ýerine goýan Alla ähli kemçiliklerden päkdir. Bu hikmetleri ýaradan Alla nähili parasatlydyr.

 

* * *

Balyklardan käbirleri guşlar ýaly başga ýerlere gidýärler. Usbur, nersuç ýaly balyklar Zenç deňzinden Basra deňzine suwy süýji bolandygy üçin geçýärler. Düýäniň gumda agynyşy ýaly, olar suwuň süýjüligi bilen endamlarynyň duzlulygyny aýyrýarlar. Olar ýylda iki gezek göçüp gidýärler. Dijle derýasynda iki aýlap bolýarlar. Ol bu iki gelişinde hem öňküsinden has semreýär. Aýdyşlaryna görä Zenç deňzi bilen Basranyň arasy Hytaý bilen Basranyň arasy ýalydyr.

 

* * *

Delfinler[2] deňizde gark bolanlary halas edýärler. Delfin gark bolanyň ýanyna gelýär, ol hem elini onuň arkasyna goýýar. Onuň özüne daýanmagyna, özünden ýapyşmagyna kömek edýär, özi bolsa ýanyndan ýüzüp gidýär.

 

* * *

 Aýdylyşyna görä, Tabarystanda bir derýada geň-enaýy we ajaýyp bezelen, nagyşlanan leňňeçler bar. Olara sereden gözüni aýryp bilmeýärmiş.

 

* * *

Aýdyşlaryna görä, balyklar ýakymly aýdym-saz gelýän tarapa gelýärler we diňlemäge durýarmyşlar. Eger saz kesilse gidýärmişler. Eger saz täzeden çalnyp başlansa ýene gelýärmişler. Delfinler we käbir balyklar gögüň gürrüldi sesini eşitseler, deňziň düýbüne tarap gaçýarmyş.

 

* * *

Gurbaga aşaky damagyna suw girmese gurruldap bilmeýär. Diňe aşaky damagyna suw girse gurruldap başlaýar. Şonuň üçinem suwuň daşynda onuň sesi eşidilmeýär. Gurbaga suwda ýaşaýar we pyşbaga ýaly kenarda guzlaýar.

 

* * *

Gurbaga birnäçe günläp suwsuz oňup bilýän suw jandarydyr. Ol ulalýar, ýöne towşan we turaç ýaly semremeýär. Towşan bilen turaç semrände etlenýär.

 

* * *

Pars aýlagy kenarlaryndaky adamlar gurbagany iýýärler. Ol gözi iň uly haýwandyr. Ýolbars hem gurbagynyň geläýjek ýerinde oňa garaşýar we ony derrew tutup iýýär. Ýylan ony suwda tutup iýýär.

 

* * *

Ahtal şeýle diýipdir:

  

Tüm gijede gurbaga gurruldady oturdy,

Sesi bilen suw ýylany herekete getirdi.

 

* * *

Abdyrahman ibn Osman Leýsi şeýle diýipdir: «Resulalla gurbagany öldürmegi gadagan etdi».

 

* * *

Ibn Omar şeýle diýipdir: «Gurruldaýar diýip, gurbaga sögünmäň, sebäbi onuň gurruldamagy Alla sena aýtmagydyr».

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Sözün aýdyp gurbaga,

Bolmakçydy akyldar.

Agzy suwla hiç kimem,

Diýmez «Onda akyl bar».

 

* * *

Delfiniň gylygy uly balyklary urup öldürmekdir. Balyk suwuň ýüzüne çykanda ol gizlenýär we onuň aşagyndan baryp ony urýar. Göýä pursat gözleýän awçy ýaly. Ol balygyň üstüne guşlar gonup, olar hem ony iýýärler.



[1]Fyrat – Yrakda bir derýa; Ýewfrat.

[2]Ýunus pygamberi ýuwdan balyk hem delfindir, şonuň üçin oňa «Ýunus balygy» hem diýilýär.