Togsan altynjy bap. Guşlar, olaryň jüýjelerini ekleýişleri, rysgallary, ganatlaryny germekleri we işlerini ýöredişleri hakynda

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » Togsan altynjy bap. Guşlar, olaryň jüýjelerini ekleýişleri, rysgallary, ganatlaryny germekleri we işlerini ýöredişleri hakynda

Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Ak horaz meniň dostumdyr we Allanyň duşmanynyň duşmanydyr. Ol eýesiniň öýüni goraýar, sesi daş-töwerege hem eşidilýär. Onuň bilen bir howluda ýaşa».

 

* * *

Horazlar dänäni alyp, özi iýmän towugy çagyrýar. Şonuň üçinem oňa «tapan zatlaryna iň jomart» diýilipdir. Diňe Merw horazy beýle däl. Ol towuklary däneden kowýar, hatda towugyň çüňkündäki dänäni hem çykarýar. Bu merwlileriň gysgançdyklaryndan ýaňa bu häsiýetleri haýwanlara hem geçipdir.

 

* * *

Towugyň aşagyna tawusyň iki sany ýumurtgasyny goýýarlar. Ol iki ýumurtgadan köp basyp bilmeýär. Ony onuň üstünde oturtjak bolýarlar, ýöne ol oturmaýar, netijede howa ýumurtgalary zaýalaýar. Towuk käwagt bir günde iki ýumurtga guzlaýar. Bu onuň uzak ýaşamazlygyna sebäp bolýar.

 

* * *

Kepderi towugyň ýumurtgasyny basýar. Ondan jüýje çykanda gynanýar.

 

* * *

Garran towugyň ýumurtgasynyň içinde sarysy bolmaýar. Sarysy bolmasa-da, ol ýumurtgadan jüýje çykmaýar. Sebäbi sarylyk jüýjäniň ýumurtganyň içindäki iýmitidir.

Käwagt ýumurtganyň içinde iki sany sarylygy bolýar. Allatagala şeýle ýumurtganyň aklygyndan iki sany jüýje ýaradýar we şeýle ýumurtgadan iki jüýje çykýar. Olaryň ikisi hem ýaňky iki sarylyk bilen iýmitlenýärler. Jüýje ýumurtganyň aklygyndan emele gelýär, sarysy bolsa jüýjäniň iýmitidir.

 

* * *

Mezidiň bir garran horazy bar eken. Ol ony gowy görer eken. Gurban baýramçylygy gelipdir. Onuň bolsa hiç zady ýok eken. Ol baýram namazyny okamaga gidipdir. Aýalyna hem şol horazy öldürip, ondan nahar bişirmegini sargapdyr. Aýaly hem ony tutjak bolupdyr, emma horaz howludan uçup çykyp gidipdir. Ol hem onuň yzyndan kowalap gidipdir. Goňşulary hem onuň bu horazy näme üçin öldürmekçi bolýandygyny sorapdyrlar. Goňşulary haşymylar tiresinden eken. Ol aýal ýagdaýy bolşy ýaly gürrüň beripdir. Olar:

— Biz gözümiz bilen görüp durkak, Abu Yshagyň ýetmezçilikde ýaşamagyna razy bolmarys — diýipdirler we oňa öldürmek üçin bir goýun, ýany bilen hem iki goýun we bir sygyr beripdirler. Onuň öýüniň içi maldan dolup duruberipdir. Haçanda Mezit öýüne gelip görse, mäleşýän we molaşýan sesleri eşidipdir. Ol:

— Bular näme? — diýip sorapdyr. Aýaly hem oňa bolan wakany gürrüň beripdir. Onda ol:

— Bu horaz Allanyň ýanynda Ysmaýyl pygamberden hem üstün öýdän[1]. Men oňa bir zady gurban etdim, ol bolsa maňa şu görýän zatlaryny bagyş etdi — diýipdir.

 

* * *

Abul Munzir (duýduryjylaryň atasy), Abul Ýakzan (oýalaryň atasy), we Abu Ukba (säherleriň atasy) horazyň lakamlarydyr.

 

* * *

Ysmaýyl ibn Ebir Wakydy şeýle diýipdir:

 

Sen ony ir oýardyň, heniz gije, garaňky bar,

Horaz bolsa sesi bilen çapak çalnyşyn ýygnaýar.

 

* * *

Biri şeýle gürrüň beripdir: «Men bir kepderiniň iki taýynyň bardygyny gördüm. Ikisi hem ondan ýumurtga guzladylar. Ol ikisiniň hem ýumurtgasyny basyşýardy we ikisiniň hem çagasyny iýmleýärdi».

 

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Kepderi örän sylanýan we buýsançly guşdyr. Onuň biri bäş ýüz dinara satylýar. Guşlaryň hiç biriniň bahasy bu möçbere ýeten däldir. Ol tokaýda azaşana ýol görkezijidir. Eger Bagdada we Basra gelseň ony kynçylyksyz taparsyň. Eger ulag aty ýa-da ýaryş aty bäş ýüz dinardan geçdi diýseler, bu örän geňdir.

Kepderiň diňe bir ýumurtgasy bäş dinara satylýar. Jüýjesi ýigrimi dinara satylýar».

 

* * *

Ýylan mekka atly bir jandaryň ýumurtgasyny iýýär. Mekka hem ýylanyň kellesini gysyp, oňa ýakynlaşýar. Eger ýylan agzyny açsa, onuň agzyna iňňesini sokýar. Soň onuň bokurdagyndan tä ölýänçä tutup durýar.

 

* * *

Mekhul doga-dileg etmek üçin Allanyň adyny tutanda şeýle diýer eken: «Eý, garganyň rysgalyny öz höwürtgesinde berýän!».

Munuň sebäbi hem garga ýumurtgasyny basyp, jüýjesini çykaransoň uçup gidýär. Jüýje hem agzyny açýar, siňekler hem onuň agzyna girýärler we oňa iýmit bolýarlar. Şeýdip, jüýjäniň reňki garalansoň siňekler hem girmeklerini kesýärler we garga oňa iýmit bermek üçin ýene dolanyp gelýär.

 

* * *

Toklutaý özüniň tezeginiň laçynyň ýelegine ýelmeşýändigini bilýär. Ol özüne topulýan laçyna tezegini atýar we onuň ýelekleri biri-birine berk ýelmeşýär. Soň bolsa beýleki toklutaýlar üýşýärler we ony öldürýärler. Toklutaý ýelekleri ütülende we şeýle hem taýynyň özüni taşlap uçup gidendigini görende, gynanjyndan ölýär.

 

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Alahekekden geň nähili guş bar. Ol duýgur, güýçli çokýar, gowy tanaýar. Ýumurtgasyny we jüýjesini alahekekden başga zaýalaýan guş ýer ýüzünde ýokdur».

 

* * *

Toklutaý özüniň akmaklygyna garamazdan, ýumurtga­syny we jüýjesini janyndan geçip penalaýar.

 

* * *

Käkilik erkeksiz guzlaýan guşdur.

 

* * *

Ýalňyz ýaşamagy söýýän guş bürgütdir. Topar bolup ýaşamaýan guş durnadyr. Topar bolup ýaşaýan guş käkilikdir.

 

* * *

Harun Reşit awda gezip ýören eken. Guş tutujy oňa bir ak turaç getiripdir. Reşit: «Men munuň ýaly guşy hiç görmändim. Ony goýber. Sebäbi her bir zat çäginden aşsa bozulma başlaýar» diýipdir.

 

* * *

Aly ibn Ubeýde Reýhany tawus guşy barada gürrüň berip otyran eken. Sözüniň soňunda ol şeýle diýipdir: «Diliň bilen gürrüň berenden gözüň bilen görseň has owadan görünýär».

 

* * *

Kabusyň golýazmasy barada şeýle diýipdirler: «Bu tawusyň ganatymy ýa-da Kabusyň haty». Sebäbi onuň haty örän owadan eken.

 

* * *

Düýeguş gyzgyn demiri agzyna alýar. Soň ony gyzgynlygy bilen owurdynda suwuklandyrýar, soň bolsa göýä sowuk suw ýaly içýär. Bu ýerde iki sany geň zat bardyr: Iýilmeýän zady iýmegi we eger gazanda gaýnatsaň hem hiç haçan eremejek zady özüne lezzetli hasaplamagydyr.

 

* * *

Düýeguş «bahana tapmakda» nakyl bolup galypdyr. «Ýük çek» diýenlerinde ol: «Men – guş» diýer eken. «Uç» diýenlerinde bolsa: «Men – düýe» diýer eken.

 

* * *

Ýahýa ibn Nowfyl şeýle diýipdir:

 

Diýilende düýeguşa «Ýük göter»,

Diýipdir «Çykdym-a men höwürtgeden».

 

* * *

Düýeguşuň geň taraplarynyň biri hem özüniň süňküniň äpetdigine we duşmanynyň öňünde güýçlüdigine garamazdan onuň beýnisi ýokdur.

 

* * *

Düýeguş – hiç bir guş ýa-da düýe bilen bile ýaşamaýar.

 

* * *

Möjek ene-atasy ýanyndaka düýeguşuň çagasyna we ýumurtgasyna hüjüm edip bilmeýär. Eger ony görseler erkek düýeguş ony kowýar, urkaçy düýeguş hem çaltlyk bilen ony kowalap başlaýar, çagasyny hem erkegine tabşyrýar. Olar bu hadysany tä möjegi öldürýänçäler ýa-da ejizledip kowýançalar dowam edýärler.

 

* * *

Aýdypdyrlar: «Haýwanlardan iki görnüşi kerdir. Düýeguş we kepjebaş ýylan».

 

* * *

Ibn Araby şeýle diýipdir: «Çarwa arap dosty bilen gürleşip oturan, görse ol onuň sözlerini eşitmeýär we näme diýýänine düşünmeýär eken. Çarwa oňa: «Bu asyl düýeguş ýaly ker eken» diýipdir».

 

* * *

Abu Amr Şeýbany araplaryň birinden düýeguş barada sorapdyr:

— Ol eşidýärmi?

Arap oňa:

— Ol gözi we burny bilen duýýar. Olaryň ikisi gulaga mätäç däl — diýipdir.

 

* * *

Ähli iki aýakly haýwanlar, bir aýagy döwülse, hereketlerinde we ýerinden turan ýagdaýlarynda beýleki aýagyndan peýdalanýarlar. Emma, düýeguş beýdip bilmeýär. Ol gorkýar we şonuň üçin beýle halatda ýöremeýär.

 

* * *

Bürgüdiň bagry agyrsa, ol towşany ýa-da tilkini tutup, olaryň bagryny iýýär we sagalýar.

 

* * *

Bişr dogany Beşşar ibn Burde:

— Eger Alla saňa haýwanlardan birine öwrülmegi öz islegiňe goýsa, haýsyna öwrülerdiň? — diýipdir.

Onda ol:

— Bürgüde. Sebäbi ol ýyrtyjylaryň we iki ganatlylaryň ýetip bilmejek ýerinde ýaşaýar. Ol köp ýaşaýar. Islese ähli zadyň üstünde bolýar, islese ähli zada ýakynlaşyp bilýär. Ol öýlän Ýemende bolsa, agşam Yrakda bolýar. Ýelekleri oňa gyşda deri, tomusda lybas bolýar. Ol Allanyň ýaradan zatlarynyň iň ýiti gözlüsi — diýipdir.

 

* * *

Ýarganatdan sorapdyrlar:

— Seniň näme üçin ganatyň ýok?

Ol:

— Sebäbi meniň suratym haýwanlara meňzeýär — diýipdir.

Oňa:

— Onda näme üçin gündiz çykmaýarsyň? — diýipdirler.

Ol:

— Guşlardan utanýandygym üçin — diýipdir.

 

* * *

Serçeler adamyň dostudyr we ülpetidir. Adam ýaşamaýan jaýda serçeler hem ýaşamaýarlar. Eger onuň ýaşaýan ýerinde adam bolmasa, serçe ol ýerden gidýär.

 

* * *

Basrada bossanlyga çykmaly wagty gelende ýekeje serçe hem galmaýar, olar hem çykýarlar. Diňe ýumurtgasy we jüýjesi bar bolan serçeler galýarlar.

 

* * *

 Abu Ýakup Harymy şeýle diýipdir:

 

Bagdatlylar edip wagşylyk zulum,

Serçe-de öýünde ýaşamaz, biliň!.

 

* * *

Serçeler ýaşaýan ýerine öwrenişýärler, olar daş ýerlere gidip, iýmit gözleýärler.

 

* * *

Ýer ýüzünde ýylanyň kellesine diňe serçäniň kellesi meňzeýär.

 

* * *

Serçäniň erkeginiň gurluşynyň tapawudy, göýä horazyň towuga bolan tapawudy ýalydyr. Serçäniň gara sakgaly bar. Serçe ýaly öz çagasyna has mähirli başga zat ýokdur. Eger oňa bir howp abansa jürküldeýär we beýleki serçeleri kömege çagyrýar. Serçeden has güýçli jynsy gatnaşyk edýän zat ýokdur. Serçäniň erkegi bir ýyl ýaşaýar. Ýylanlar olaryň höwürtgelerine çykyp, ýumurtgalaryny we jüýjelerini iýýärler.

 

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Käbir aýdylmagy kyn bolan keseki dildäki harplary totyguş ýeňillik bilen aýdyp bilýär».

 

* * *

Sagyt ibn Halyt Kuraýşynyň «Kesra» atly guşy we ol guşuň hem «Sasan» atly jüýjesi bar eken. Ol jüýjäni Enes atly goňşusynyň pişigi iýipdir. Sagyt Kufanyň ýasawul başlygy we Kesranyň özüne iberen hyzmatkäri bolan Ysa ibn Manzura hat ýazyp şeýle diýipdir:

 

Eý, Ibn Manzur ibn Kaýs, diňle!

Gördüm nurly kapasany.

Tutdy Enesiň pişigi,

Kesra ogly Sasanyny.

 

* * *

Urkaçy guş ýumurtgany erkeginden has köp basýar. Emma düýeguşuň erkegi ýumurtgany köp basýar.

 

* * *

Guşlaryň içinde şeýle bir guş bar, ol hiç ýere gonmaýar, diňe ýumurtgalanda ýumurtgasyny topraga goýýar we üstüni örtýär. Soň ýene howa uçup gidýär. Ýumurtgadan bolsa, wagty gelende, ýarylyp jüýje çykýar. Jüýje gyzyletenelikden saýlananda, ol hem howa göterilip gidýär.

 

* * *

Nahgy şeýle diýipdir: «Araplar çaganyň eline oýnamak üçin guşuň berilmegini halamaýarlar».

 

* * *

Tebipleriň aýtmaklaryna görä, olar adamyň içini ýuwmaklygy (klizma edilişini), içi gatan deňiz guşundan öwrenipdirler. Deňiz guşy içi gatanda deňze gelýär, çünki bilen deňziň suwundan alýar, soň ony içine goýberýär we guýruk tarapyndan daşary çykarýar. Oňa munuň boýnunyň we çüňküniň uzynlygy kömek berýär. Soň meýdan edýär we rahatlanýar.

 

* * *

Ibn Apbas şeýle diýipdir: «Allatagala Musa alaýhyssalamyň döwründe Anka atly bir guş ýaratdy. Onuň her tarapynda dört sany ganaty bar. Ýüzi ynsanyň ýüzi ýaly. Oňa nesibi hökmünde ähli zadyň gowusyny berdi. Oňa özüne meňzeş taý ýaratdy. Soň Musa alaýhyssalama şeýle diýdi: «Men iki sany örän geň-täsin guş ýaratdym. Olaryň rysgaly hökmünde Beýtil-Mukaddesiň töweregindäki ýyrtyjy jandarlary berdim. Olary saňa dost etdim. Olary Beni Ysraýyla beren hormat-sylagymdan hem ýokarda goýdum». Netijede olar örňediler we olaryň nesilleri köpeldi».

 

* * *

 Musa alaýhyssalam wepat bolanda, Anka guşy ol ýerden göçdi we Nejt bilen Hyjaza[2] gitdi. Soň ol ýyrtyjylary iýmegini goýdy we çagalary ogurlap başlady. Şol wagt Isa pygamber bilen Muhammet alaýhyssalamyň arasyndaky döwürde ýaşap geçen Halat ibn Sinanyň[3] döwrüdi. Halk bu ýagdaýy Halatnebi alaýhyssalama habar berip, arz-şikaýat etdiler. Halatnebi alaýhyssalam hem Alladan doga-dileg etdi. Alla onuň neslini kesdi we ol ýok bolup gitdi.

 

* * *

Üç zat altyn-kümüşleri gizleýär we olara begenip-buýsanýar: «Alahekek, alaka we syçan».

 

* * *

Alahekek çagyrylsa jogap berýär. Eger ol özi üçin saýralsa ses çykarmaýar. Ol gymmatbaha zatlary gizläp goýýar, soň ýoldaşyna seslenýär. Soň onuň bilen gymmatbaha daşlary gizläp goýan ýerine gidýär we ol ýerde durýar. Ony tä tapýança gözleýär.

 

* * *

Ýalpyldawuk guş örän kiçi guşdur. Eger ol gündiz uçsa, beýleki guşlara meňzeşdir. Eger gijesine uçsa, ol göýä süýnen ýyldyz ýaly ýa-da ýanyp duran çyra ýaly bolup görünýär.

 

* * *

Abdylla ibn Japaryň ýanyna bir çarwa aýal gelipdir. Onuň elinde hem towuk bar eken. Ol aýal:

— Alla işiňi oňuna etsin. Men bu towugymy öýümde saklaýaryn. Onuň bilen bir düşekde ýataryn. Ony göýä gyzym ýaly gije gujagymda ýatyrýaryn. Men ony iň hormatlanýan ýere ýerlemek niýeti bilen beýik we gudratly Allanyň ýoluna sadaka aýtdym. Eý, möminleriň emiri! Men oňa seniň garnyňdan başga has mynasyp ýer tapmadym — diýipdir. Abdylla onuň sözüne gülüpdir we oňa peşgeş bermegi emr edipdir. Ol aýal bolsa:

— Alla işiňi oňuna etsin. «Alla isrip edenleri söýýän däldir»[4] — diýipdir.



[1]Ybraýym alaýhyssalam ogly Ysmaýyl alaýhyssalamy Allanyň ýolunda gurban etjek bolanda, onuň deregine asmandan bir goç inýär.

[2]Saut Arabystanynda ýer atlary.

[3]Halatnebi alaýhyssalam. Käbirleri ony Isa alaýhyssalam bilen Muhammet alaýhyssalamyň arasynda ýaşap geçen pygamber hasaplaýarlar. Käbirleri bolsa ony Allanyň keramatly bendesi we Isa alaýhyssalamyň dinine we Injil kitabyna uýup ýaşan hasaplaýarlar. Onuň gubury şu mahal Eýrandaky Türkmen sährada Kümmethowuzyň demirgazyk gündogarynda Etrek we Gürgen derýalarynyň aralygynda ýerleşýän onçakly uly bolmadyk bir dagda ýerleşýär.

[4]Gurhanyň «Engam» süresiniň 141-nji aýaty.