ONUNJY BAP:PERIŞDELER, YNSANLAR, JYNLAR, ŞEÝTANLAR, PYGAMBERLER, ARAP WE AJAM MILLETLERI WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ONUNJY BAP:PERIŞDELER, YNSANLAR, JYNLAR, ŞEÝTANLAR, PYGAMBERLER, ARAP WE AJAM MILLETLERI WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Perişdeler Ymran ibn Hasyn[1] bilen salamlaşyp, onuň ýanyna gelip gider ekenler, emma bir gün olar ýitirim bolupdyrlar. Ol hem bu wakadan soň Resulallanyň ýanyna gelip:

— Ýa, Resulalla, meniň ýanyma birnäçe adam gelýärdi. Men olar ýaly owadan we ruhubelent ynsanlary hiç mahal görmändim. Soň olar ýanyma gelmegi kesdiler — diýipdir.

Onda Resulalla oňa:

— Seniň endamyň bir ýerine ýara düşende ony hiç kime bildirmän gizlediňmi? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Hawa — diýip jogap beripdir .

Resulalla ondan:

— Soň hem ol ýaraňy kimdir birine görkezdiňmi? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Hawa, şeýle hem boldy — diýipdir.

Resulalla hem oňa:

— Ol gelenler ynsan däl-de perişdediler. Eger sen ol ýaraňy gizlin saklan bolsaň, perişdeler tä ölýänçäň seniň ýanyňa gelerdiler — diýipdir..

Ýogsam bu ýarasy hem onuň Alla ýolundalygy üçin bolan eken.

* * *

Hasan Basry bilen Wehb ibn Munebbihden şeýle rowaýat aýdylypdyr: «Perişdeler Idris[2] alaýhyssalamyň döwründe ynsanlar bilen salamlaşyp gürleşer ekenler. Şol döwrüň adamlary muňa mynasyp ekenler. Emma Nuh alaýhyssalamyň zamanasy gelende bu ýagdaý kesilipdir.

* * *

Idris alaýhyssalam eden salyh amaly bilen asmana galdyrylypdyr. Onuň eden amaly ýerdäkileriň hemmesiniň amalyndan rüstem gelipdir. Perişdeleriň biri Rebbinden Idris bilen dostlaşmaga rugsat sorapdyr. Allatagala oňa rugsat beripdir.

Ýanyna gelende Idris ondan:

— Sen bilen ölüm perişdesiniň (Ezraýylyň) hem arasynda dostluk barmy? — diýip sorapdyr.

Ol hem:

— Hawa. Perişdeleriň arasyndan Ezraýyl meniň dostumdyr. Perişdeler hem Adam ogullary ýaly dostlaşýarlar — diýip jogap beripdir.

* * *

Sagyt ibn Museýýip şeýle diýipdir: «Perişdelerde (olara salam bolsun) erkeklik ýa-da urkaçylyk ýokdur. Olar örňemeýärler. Olar iýmezler, içmezler. Emma jynlar örňeýändir, olarda erkeklik we urkaçylyk bardyr, olar ölýärler. Şeýtanlarda hem erkeklik we urkaçylyk bardyr, olar hem örňeýändir. Olar ölmeýärler we Iblis ýaly dünýäde ýaşaýarlar. Iblis Abul jyndyr (şeýtanlaryň atasydyr)».

* * *

Aýdylyşyna görä, perişdeler nurdan, şeýtanlar bolsa otdan ýaradylypdyr.

* * *

Abu Zerden[3] rowaýat edilen bir hadysda şeýle diýlipdir: «Men siziň görmedigiňizi görüp, eşitmedigiňizi eşidýärin. Asman naýynjar ses bilen gygyrdy. Çünki onuň muňa haky bardy, sebäbi, asmanda ýekeje garyş hem boş ýer ýokdur. Hemme ýerde perişdeler ýa kyýamda, ýa rukugda, ýa-da sejdede[4] durandyrlar».

* * *

Başga bir rowaýatda bolsa şeýle diýlipdir: «Asmanyň hiç bir ýerinde dört barmak sygyp biljek boş ýer ýokdur. Hemme ýerde Alla sejde üçin maňlaýyny goýan perişdeler bardyr. Alladan ant içýärin, eger meniň bilýänimi siz bilsediňiz az gülüp, köp aglardyňyz, ýollara, çöllere çykyp Alla ýalbarardyňyz».

Bu hadysy rowaýat eden Abu Zer hem: «Käşkä men çapylan bir agaç bolsadym» diýipdir.

* * *

Ähli kitabyň aýtmaklaryna görä, Allatagala arşy göteriji perişdeleri ýaradypdyr. Olaryň aýaklary bolsa ýedinji gat ýerde duranmyş. Alla olary asman bilen ýeriň arasyndaky howa boşlugyna çykarypdyr. Soň olary howa bilen ýedinji asmanyň arasyna çykarypdyr. Soň olary munuň hem üstüne – hiç kimiň bilmedik, diňe Allanyň bilýän ýerine çykarypdyr.

* * *

Ähli kitabyň aýtmaklaryna görä, perişdeler dört görnüşli edilip, ýagny ynsan suratynda, öküz suratynda, ýolbars suratynda we bürgüt suratynda ýaradylypdyr. Olaryň ýüzleri hem ynsan, öküz, ýolbars we bürgüt ýüzleri ýalydyr.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kyýamat güni bolanda Allatagala olara ýene dört sanysyny goşar we olar sekiz bolarlar. Ynsan suratynda bolan Adam ogullarynyň rysgaly üçin şepagat islär. Öküz suratynda bolan haýwanlaryň rysgaly üçin şepagat islär. Ýolbars suratynda bolan ýyrtyjy haýwanlaryň rysgaly üçin şepagat islär. Bürgüt suratynda bolan guşlaryň rysgaly üçin şepagat islär».

* * *

Abdyrahman ibn Sabyt[5] şeýle diýipdir: «Dünýäniň işlerini dört perişde ýöredýär: Jebraýyl, Mikaýyl, ölüm perişdesi (Ezraýyl) we Ysrapyl. Jebraýylyň işi ýellere we esgerlere höküm etmekdir. Mikaýylyň işi ösümliklere we ýagyşlara höküm etmekdir. Ezraýylyň işi janlary almakdyr. Ysrapyl bolsa olar näme buýursa şony edýär».

* * *

Enes ibn Mälik bir gün Resulalladan:

— Ýa, Resulalla, perişdelerden Allanyň kyýamat gününde ölmän galjagy haýsylardyr? — diýip sorapdyr.

Onda Resulalla:

— Jebraýyl, Mikaýyl we ölüm perişdesi — diýipdir.

* * *

Haçanda kyýamat gopanda Allatagala ölüm perişdesinden sorar:

— Ýa, melekil-möwt (eý, ölüm perişdesi) kim galdy? (Allanyň özi bolsa kimiň galyp-galmadygyny has gowy bilýändir).

Onda Ezraýyl aýdar:

 — Eý, yzzat we mertebe eýesi bolan Rebbim sen ähli kemçiliklerden päksiň, Jebraýyl, Mikaýyl we ölüm perişdesi galdy.

Allatagala oňa aýdar:

— Ýa, melekil-möwt, Mikaýylyň janyny al. Ol hem onuň janyny alar we ol hem Allatagalanyň ýaradan suratynda, göýä beýik dag ýaly bolar.

Allatagala soň aýdar:

— Eý, ölüm perişdesi indi kim galdy?

Ol aýdar:

— Eý, yzzat we mertebe eýesi bolan Rebbim, sen ähli kemçiliklerden päksiň, Jebraýyl bilen ölüm perişdesi galdy.

Allatagala aýdar:

— Eý, ölüm perişdesi, sen öz janyňy al. Ol hem öz janyny özi alar.

Diňe Jebraýyl galar. Onuň Allanyň ýanyndaky orny barada bolsa men size öň aýdyp beripdim.

Allatagala aýdar:

— Eý, Jebraýyl, biziň ikimizden birimiziň hökman ölmegimiz gerek. Onda Jebraýyl ganatlaryny titredip sejde eder we şeýle diýer:

— Rebbim, sen ähli kemçiliklerden päksiň we seniň hamd-u-senaň hem päkdir. Sen hiç wagt ölmeýän kaýymsyň, bakysyň. Jebraýyl panydyr, heläk bolujydyr, meýitdir.

Allatagala onuň janyny alar we ol Mikaýyl ýaly bolar. Allatagala onuň ýaradylyşyny Mikaýylyňkydan hem has belent eder. Göýä belent daglaryň, beýleki daglardan beýik bolşy ýaly.

* * *

Bu setirleri Hezreti Omara (goý, Alla ondan razy bolsun!)  şeýle hem Omar ibn Abdylezize hem degişli edýärler:

Erbet ýaşaýyşda käbir ynsanlar,

Gije – jeset, gündiz – gapyl sanylar.

Namysly-haýaly hem dindar bolan,

Gorky etsin gahar, Alladan olar.

Ynsan ogly, ýa-ha aýakda otyr,

Ýa aýakda oturana ybrat getir.

* * *

Abu Alyýe[6] şeýle diýipdir: «Kerubiýunlar – perişdeleriň iň ulularydyr. Olar Jebraýyl, Mikaýyl we Ysrapyldyr».

* * *

Jebraýyl perişdä «perişdeleriň tawusy» diýýärler.

* * *

Resulalla haçanda Jebraýyl perişde bilen gürrüňleşýärkä Jebraýylyň ýüzüniň reňki üýtgep, göýä zagpyran ýaly bolar eken. Bu hem onuň Alladan gorkýandygy üçin bolar eken.

* * *

Abdylla ibn Mesgut bir sergezdan adamy görüp: «Bular meniň jyn gijesinde gören jynlaryma meňzeýär» diýipdir.

* * *

Men araplaryň arasynda jynlar barada geň-enaýy zatlary gördüm. Olaryň aýtmaklaryna görä jynlaryň içinde bir jyns bar, onuň suraty ynsanyň suratynyň ýarysy ýaly. Onuň ady Şaak. Ol ýolagçy ýalňyz gezip ýörkä duşýar, käwagt heläk hem edýärmiş. Olaryň aýtmaklaryna görä, Alkama ibn Safwan[7] onuň bilen sataşanmyş. Olaryň ikisi urşupmyşlar we ikisi hem ölenmiş. Şeýle hem Alkamany we Harb ibn Umeýýäni jyny öldüren hasaplaýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, jynlar şeýle diýenmişler:

Näbelli ýerdedir mazary Harbyň, 

Golaýynda ýokdur hiç kimsäň gubram.

* * *

Aýtmaklaryna görä bu şygryň jynlaryň şygrydygynyň delili ony hiç kim sakynmazdan üç gezek yzly-yzyna gaýtalap bilmeýärmiş. Emma ynsanlaryň düzen iň kiçi şygryny hem sakynmazdan 10 gezek gaýtalap bolýarmyş[8].

* * *

Sagt ibn Ybada ibn Duleým hem bir jyny öldürenmiş. Şondan soňra jynlaryň şeýle diýýändiklerini eşidipdirler:

Öldürdi hazreçli[9] Sagt ibn Ybada birini bizden,

Bizem ok ýaý bilen urduk ýüregin tizden.

* * *

Hökümdar Amr ibn Ady Lahmyny[10] jyn uranmyş. Bu barada oňa: «Amryň ýaşy ulalmaýar» diýipdirler.

Emma iki ýyldan soň jynlar Juzeýme Abreşe[11] gidip, ony terk edenmişler.

* * *

Jynlar Ammara ibn Welit ibn Mugyrany[12] hem eýe­läpdirler. Olar onuň ujydyna üfläpdirler we ol wagşy bolupdyr.

* * *

Abdylla ibn Faýydyň Muhammet pygamberden aýdan bir hadysynda şeýle diýilýär: «Muhammet alaýhyssalam bir gezek:

— Uzra taýpasyndan bir adamy jynlaryň eýeleändigi baradaky gürrüňleri toslama gürrüňdir — diýipdir.

Muny eşiden uzra taýpasyndan biri hem:

— Muny kim aýdan bolsatoslamadyr — diýipdir.

Onda pygamber:

— Ýok, meniň aýdanym toslama däl, ýöne olaryň gürrüňleriniň toslamadygy hak — diýipdir.

* * *

Aýtmaklaryna görä, mergi keseli jynlardan gelýärmiş. Şonuň üçin mergä «jynyň naýzasy» diýipdirler.

* * *

Esedi taýpasyndan biri Harys Gassana[13] şeýle diýipdir:

Seniň ömrüň haky üçin aýdýan diňle meni,

«Leňňeç naýzasyndan»[14] gorkýandyr öýtmäň meni.

Meni gorkuzýan zat bar – «jynyň naýza-gürzüsi»,

Bilseň, sensiň olaryň birisi, eý, Harysy.

* * *

Eger araplar: «Jynlaryň üýşen ýeri» diýseler, onda olar hapaçylygyň köpelmegini we azgynlygyň köpelmegini göz öňünde tutar ekenler.

Şeýle hem käbir araplar kimdir birinden zulum-jepa görseler: «Pylany maňa jyn zulumy ýaly zulum etdi» ýa-da «Allanyň adyndan ant içýän, ol jyn zulmuny etdi» diýýärler.

* * *

Şahyrlara «jynlaryň itleri» diýipdirler.

* * *

Amr ibn Kulsum[15] şeýle diýipdir:

Hyňranaýsa bize itleri jynyň,

Salarys biz oňa katad[16] çybygyn.

* * *

Olaryň pikirlerine görä, jynlar şygyr sözlerini şahyrlaryň agzyna salýarmyşlar. Ol agzyna salnana hem «jyndan şygyr öwrenen» diýipdirler.

* * *

Araplar şahyrlaryň köpüsine jynlaryň adyny dakypdyrlar. Mysal üçin Mashal, Jehnam, Amr, Şankanak jyn atlarydyr. Olar şahyr Agşa üçin Mashal, şahyr Amr ibn Kuty üçin Jehnam, şahyr Farazdak üçin Amr, şahyr Beşar üçin Şankanak lakamyny ulanypdyrlar.

* * *

Samsyklara we dälilere «Iblisiň goşuny» diýlipdir.

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

Iblis goşunynda hatarda durup,

Niçe haly başdan geçirdim görüp.

Şolardan birini beýan etsem men,

Hatda Iblis boldy goşun esgerem.

* * *

Hajjajyň döwründe Abdylla ibn Hylal atly bir jadygöý bar eken. Ol özüne Iblisiň görünýändigini we onuň syrlaryny bilýändigini aýdar eken. Oňa «Iblisiň dosty» diýip at goýupdyrlar.

Günlerde bir gün Hajjaç Ýahýa ibn Sagyt ibn Asa[17] garap:

— Iblisiň dosty Abdylla ibn Hylal maňa seniň Iblise meňzeýändigiňi aýtdy — diýipdir.

Onda Ýahýa ibn Sagyt oňa:

— Jynlaryň hojaýynynyň ynsanlaryň hojaýynyna meňzeş bolmagy emiriň nämesini geň galdyrýarka? — diýip jogap beripdir. Hajjaç onuň jogabynyň güýjüne haýran galypdyr.

* * *

Şygra «şeýtanyň jadysy» diýipdirler. Jerir şeýle diýipdir:

Ol jyn hereketin, jadysyn goýdy,

Sebäp meniň jynym bir jadygöýdi.

* * *

Abdylla ibn Zubeýre Abdylmälik ibn Merwanyň Amr ibn Sagyt Eşdeki[18] öldürendiginiň habary gelip ýetende, hutbada: «Bize Abu Zybbanyň Latymy Şeýtany öldürendiginiň habary gelip ýetdi» diýipdir we şu aýaty okapdyr «Ine, şeýdip gazanan günäleri sebäpli, zalymlaryň käbirini beýleki bir bölegiň yzyna dakarys»[19].

Abu Zybban (Siňekleriň atasy) Abdylmälik ibn Merwanyň, Latymy Şeýtan (şeýtan kakan) we Eşdek (agzy uly) Amr ibn Sagydyň lakamy.

* * *

Iblis nejdli[20] bir garrynyň suratyna girip kuraýşylara Muhammet alaýhyssalama garşy çykmaklaryny öwredipdir. Ol garrynyň ady Abu Murra eken, bu at bolsa Iblisiň lakamydyr (Abu Murra – ajylygyň atasy diýmekdir).

* * *

Omar ibn Abdyleziz şeýle diýipdir: «Bir adam Alla­tagaladan şeýtanyň ynsan kalbyndaky eýeleýän ornuny gör­kez­megini haýyş edipdir. Oňa uklap ýatan bir adamyň daşyndan içi görkezilipdir. Şeýtan oňa gurbaga görnüşde görünipdir. Onuň çybynyňky ýaly holtumy bar eken. Ol onuň çep gerdeninden ýüregine girip, ýüregine was-wasa berýär eken. Onuň kalby Allany zikr etjek bolanda oňa zeper ýetirer eken».

* * *

Aly ibn Hüseýin şeýle diýipdir: «Muhammet alaýhyssalam ygtykafda otyrdy. Onuň ýanyna Safiýe geldi. Onuň bilen gürrüňleşdi. Safiýe turup gitjek bolanda Resulalla hem onuň bilen turup ýöredi. Şol wagt ýanlaryndan ensarylardan iki sany adam geçip barýardy. Olar salamlaşdylar, soň bolsa geçip gitdiler. Muhammet alaýhyssalam olaryň ikisini hem ýanyna çagyryp:

— Bu aýal Safiýe binti Haýýdyr — diýdi.

Onda ikisi geňirgenip:

— Ýa, Resulalla, biz siz barada haýyrdan başga zady pikir etmeýäris — diýdiler.

Resulalla olara:

— Çünki şeýtan ynsan oglunyň ganynda gezýär. Men onuň sizde erbet pikir döretmeginden gorkdum — diýdi».

* * *

Abu Hureýradan rowaýat edilen bir hadysda şeýle diýlipdir: «Her bir adamyň gapysynda iki sany baýdak bardyr. Bir baýdak perişdäniň elinde, biri bolsa şeýtanyň elinde. Eger, kim öýünden Allatagalanyň tagaty üçin (halal eden işleri üçin) çyksa, perişde hem eli baýdakly onuň yzyna düşer we ol adam yzyna gaýdyp gelýänçä onuň yzynda bolar, eger ol adam Allatagalanyň halamaýan (haram) işleri üçin çyksa, şeýtan hem eli baýdakly onuň yzyna düşer we ol adam yzyna gaýdyp gelýänçä onuň yzynda bolar».

* * *

Bureýdeden rowaýat edilen bir hadysda şeýle diýlipdir: «Eger bir adam sadaka üçin nämedir bir zat berse, ondan ýetmiş şeýtan aýrylar».

* * *

Abu Jendel[21] Şamda arak içipdir. Abu Ubeýde ibn Jerrah ony tussag edipdir, soň bolsa bagyşlapdyr. Hezreti Omar Abu Ubeýde hat ýazyp:

— Men seniň din doganyňa garşy, şeýtana kömekçi bolýandygyň üçin saňa şübhelenýärin. Meniň şu hatym saňa baranda, bagyşlamagyňdan dän we onuň jezasyny ber — diýipdir.

Abu Jendele bolsa hat ýazyp şeýle diýipdir:

— «Ha mim. Bu kitap hakyky ýeňiji, hemme zady doly bilýän, günäleri bagyşlaýan, tobany kabul eden, azaby çetin, rehim-şepagat eýesi Alla tarapyndan iberilendir»[22].

* * *

Bir adam Ibn Apbasyň ýanyna gelip:

— Men bütin bir gijäni ýalaňaç ýatyp geçirmegi öz-özüme söz berdim — diýipdir.

Ibn Apbas hem halka ýüzlenip:

— Eý, adamlar, serediň muňa. Şeýtan şu kişiniň uýat ýerlerini açdyryp, dostlary bilen üstünden gülmekçi bolýar — diýipdir.

Soňra bolsa ol adama:

— Git-de eşikleriňi geý, soň bolsa tä ertire çenli namaz oka — diýipdir.

* * *

Mekhul şeýle diýipdir: «Bir adam gizlin bir haýyrly amal eder. Şeýtan onuň ýanyna gelip, ol eden gizlin amalyny kimdir birine gürrüň bermegini islär. Ol amal gizlinlikden bozulyp, açyk edilen amal hökmünde ýazylar. Şeýtan soňra ony hemmelere gürrüň bermegini islär. Netijede, ol amal açyk amaldan bozulyp, ryýa amal hökmünde ýazylar».

* * *

Perişde gädigi – Amyt[23] şäheriniň golaýyndaky uly çölde bir oýdur. Ol ýerden hek daşy çykýar.

* * *

Abu Ýahýa (diriligiň atasy) ölüm perişdesi Ezraýylyň lakamydyr. Araplar eger bir adamyň amanady dolup, ýogalsa oňa: «Pylana Abu Ýahýanyň naýzasy degdi» diýýärler.

* * *

Haýwanlardan iki aýakly bolup dogan, diňe ynsandyr.

* * *

Ibn Yshak[24] şeýle diýipdir: «Allatagala Adam Atany ýaratdy. Ruh üflemezinden öňürti, ony 40 ýyllap goýdy. Soň ol bişen toýun ýaly palçyga döndi we oňa ot degirmedi».

* * *

Ibn Apbasdan we beýlekilerden şeýle rowaýat edilipdir:

— Soň Alltagala Adamyň çep tarapyndaky gapyrgalardan bir gapyrga alypdyr. Şol wagt Adam uklap ýatan eken we tä How ene ýaradylýança Adam ukudan oýanmandyr. Adam ukudan oýanyp, ýanynda How enäni görende:

— Bu meniň hem etim, hem ganym, hem ýoldaşym — diýipdir we oňa ynanypdyr.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Aýal gapyr­gadan ýaradylandyr. Eger ony gatyrak gyssasaň, döwersiň. Eger ony ugruna kowsaň, peýdalanarsyň, sebäbi ol egri süňkdir».

* * *

Mujahyt ibn Jebr şeýle diýipdir: «How ene Adam Atanyň çep tarapyndaky iň soňky gapyrgasyndan ýaradylypdyr».

* * *

Kesranyň döwründe bir adam köçäniň ugruna çykyp:

— Kim menden üç sözi müň dinara aljak? — diýip gygyrypdyr. Halk bolsa onuň üstünden gülüpdir. Bu habar Kesra baryp ýetipdir. Ol ýaňky adamy getirdipdir we puly hem getirip, onuň öwüdini aýtmagyny isläpdir.

Ýaňky adam:

— Birinjisi,ynsanlaryň hemmesinde haýyr ýokdur — diýipdir.

Kesra oňa:

— Bäh — diýipdir.

Soň ol adam:

—Ikinjisi, bu mümkin däldir — diýipdir.

Kesra ýene:

— Bäh! — diýipdir.

Ol adam:

— Üçünjisi, olary şoňa görä hem geýindir, ýagny şoňa görä höküm ýöret — diýipdir.

Kesra:

— Bäh! Sen bulary gazandyň, al! — diýip oňa müň dinary beripdir, emma ol mundan boýun towlapdyr.

Kesra ondan:

— Näme üçin almadyň? — diýip sorapdyr.

Ol hem:

— Men mal bilen hikmet satyn alýany görmegi söýýärin — diýip jogap beripdir.

* * *

Ibn Yshak şeýle diýipdir: «Adam Ata bilen How enäniň ýerdäki düşen ýeri Dasym atly dagdyr. Bu ýer Hindistanda bolup, Dehenç bilen Mendeliň arasynda ýerleşýändir. Olaryň arasy ýakyndyr. Aýtmaklaryna görä bu dagyň topragyndan Adam Ata ýaradylypdyr».

* * *

Heniz jennetde günä gazanman ýaşap ýörkäler, How ene Adam Atadan hamyla bolýar. Onuň göwresinde Kabyl bilen ekiz taýy bar eken. How ene bularyň ikisini göwresinde göterende, jennetiň päkligi üçin, aş saýlamandy, agyry-ynjy, kynçylyk çekmändi we gan hem görmändi. Olar günä gazanyp, ýere zyňylanlaryndan soň How ene Habyla we onuň ekiz taýyna hamyla galypdyr. Olary dogranda, aş saýlapdyr, agyry-ynjy, kynçylyk çekipdir we gan hem görüpdir.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Haýyr we şer hazynalarynyň açarlary ynsanlardyr».

* * *

Ynsanlaryň käbiri itler ýalydyr. Sen eger selukyly[25] bir adamyny görseň, ondan gorangyn.

* * *

Mukatyl[26] şeýle diýipdir: «Pygamberleriň dört sanysy diridir. Ikisi asmandadyr: Isa we Idris. Ikisi ýerdedir: Ylýas we Hydyr. Ylýas gury ýerdedir. Hydyr deňizdedir[27]. Bularyň ikisi her gije biri-birinden habar almak üçin, Zülkarneýn harabaçylygynda duşuşýarlar. Olaryň ikisi her ýyl haj edýärler. Ýöne olary diňe Allatagalanyň islän bendesinden başga hiç kim görüp bilmeýär. Olar kerfes[28] bilen kömelek iýýärler».

* * *

Aýtmaklaryna görä, Allatagala araplara dört sany aýratynlyk beripdir:

1.     Selle – olaryň täjidir.

2.     Uzyn don — olaryň diwarydyr.

3.     Gylyç – olaryň zyndanlarydyr.

4.     Şygyr – olaryň diwanydyr.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Size degmeseler, siz hem hebeşilere degmäň. Sizi terk etseler (degmeseler), siz hem türkleri terk ediň (degmäň)».

* * *

Abu Hureýranyň pygamberden rowaýat eden hadysynda şeýle diýlipdir: «Siz aýakgaplary ýüňden bolan bir kowum bilen söweşýänçäňiz, kyýamat gopmaz. Siz ýüzleri galkanlar ýaly, gözleri kiçi, burunlary ýasy bolan bir kowum bilen söweşýänçäňiz, kyýamat gopmaz».

* * *

Araplaryň kelp[29] ogullary taýpasy şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň içinde bizden hem has beter it ýalylar bar. Ýöne olaryň atlary bize dakylypdyr».

* * *

Abu Müslim Huwlany şeýle diýipdir: «Öň ynsanlar ýaprak ýalydylar, tikenleri ýokdy. Siz bolsa indi ýapraksyz tiken bolduňyz».

* * *

Awzagy[30] şeýle diýipdir: «Eger jennet bilen jähennem iki sany öý bolsalar, olaryň birinde perişdeler, pygamberler, syddyklar, şehitler, salyhlar bar bolsa, beýlekisinde iblis, şeýtanlar, Pyrgun, Haman[31] we Karun[32] dagylar bar bolsa, sen olaryň haýsylary bilen bolmak islärdiň?».

* * *

Abu Süleýman şeýle diýipdir: «Jyn şeýtany ynsan şeýtanyndan has zyýansyzdyr. Sebäbi, ynsanyň şeýtany maňa ýapyşyp, meni günä işlere dartýar, jyn şeýtany bolsa Alladan pena islän wagtym, menden gaçyp gidýär».

* * *

Rahybdan:

— Seni bu ybadathanada beýgelden zat näme? — diýip sorapdyrlar.

Ol hem:

— Iblisiň duzagyndan mekirlik bilen sypmagym — diýipdir.

* * *

Bir adam Abu Süleýmanyň[33] ýanyna gelip şeýtanyň waswasa salýandygyny gürrüň beripdir. Onda Abu Süleýman oňa: «Sen ony duýan wagtyň şatlan. Eger sen şatlansaň ol sen­den aýrylmak bilen bolar. Sebäbi, şeýtanyň iň ýigrenýän zady möminiň şatlygydyr. Eger sen gaýgy-gama batsaň, ol güýçlener» diýipdir.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Allatagala iki kowumy beýlekilerden saýlady. Araplardan kuraýşylary, ajamlardan parslary».

* * *

Aly ibn Hüseýine «iki saýlananyň ogly» diýipdirler. Sebäbi, onuň ejesi parslardan bolan Selafe Ýezdigerdiň gyzlaryndan bolupdyr.

* * *

Ibn Apbas şeýle diýipdir: «Ýajuç we Mäjuç[34] halkynyň boýlary bir, iki, üç garyşdyr. Olar hem Adam ogullarydyr».

* * *

Sahabalar şeýle diýipdirler: «Şeýtanlar edil siňekleriň ýara üýşüşi ýaly ynsanlaryň kalbyna ýygnanyşýarlar. Eger olar kowulmasa, zeper ýetirerler».

* * *

Adam ata ýaradylanda, bürgüt balygyň ýanyna gelip: «Şu gün meni höwürtgämden çykarjak, seni hem deňizden çykarjak mahluk gördüm» diýipdir.

* * *

Abu Hureýradan rowaýat bolan hadysda şeýle diýlipdir: «Allatagala ýaradylanlary döredende dört synp ýaratdy. Olar: perişdeler, şeýtanlar, ynsanlar we jynlar. Soň bulary on bölege böldi. Olaryň dokuz sanysy perişdelerdir. Diňe bir bölegi şeýtanlar, jynlar we ynsanlardyr. Soň jynlary we ynsanlary on bölege böldi. Olardan dokuz bölegi jynlar we bir bölegi ynsanlardyr».



[1]Ymran ibn Hasyn ibn Ubeýt Nejit Hazagy – sahaba. 8-nji hijri ýylynda yslamy kabul edipdir. Hezreti Omar ony Basra mugallym edip iberipdir. 52-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Hadys kitaplaryndan onuň adyndan 130 hadys rowaýat edilýär.

[2]Idris alaýhyssalam. Özüne inen 30 sahypany ders hökmünde okadandygy üçin oňa Idris diýipdirler. Ibn Kafyt "Taryhul-hukema" atly eserinde şeýle diýipdir: "Alymlaryň arasynda onuň doglan, önüp-ösen ýerleri barada we pygamberlikden öňürti kimden ylym okandygy barada köp garaýyşlar bar. Bir topar şeýle diýipdir: Ol Müsürde doguldy, oňa Hermes Heramise diýdiler, doglan ýeri Menefdir. Onuň ady ýunança Armis, arapça Behermesdir. Armis diýmek Utarut (Merkuriý) ýyldyzydyr. Başga bir topar bolsa şeýle diýipdir: «Onuň ady ýunança Tarmis, ybranyça Ahnuh, Allatagala onuň adyna özüniň beýik kitabynda Idris diýdi». Ýene bir topar hem şeýle diýipdir: «Idris Babylda doguldy, şol ýerde hem önüp-ösdi. Ol özüniň ylmyny ömrüniň başynda Şis ibn Adamdan (Şiş pygamber) aldy. Şis onuň kakasynyň atasynyň atasydyr». Onuň nesil şejeresi şeýledir: Idris ibn Ýard ibn Mihlaýyl ibn Kaýtawyn ibn Anuş ibn Şis. Idris ulalanda Allatagala oňa pygamberlik berdi.

[3]Abu Zer Gyfary Jundup ibn Jenada ibn Sufýan ibn Ubeýt - gyfar ogullary taýpasyndan bolan sahaba. 4-5 ýaşlarynda musulman bolupdyr. Dogruçyllygyň nyşany hökmünde atalar sözüne öwrülipdir. Muhammet alaýhyssalamyň wepatyndan soňra Şamda Damaskda ýaşapdyr. Soň Hezreti Osman ony Medinäniň obalarynyň biri bolan Rubza iberipdir we şol ýerde hem 32-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Örän jomart bolupdyr, hatda ölen wagty onuň kepene ýeterlik zady hem bolmandyr. Buhary bilen Müslim ondan 281 hadys rowaýat edipdirler.

[4]Kyýam – namazda dik durmak, rukug – egilmek, sejde – maňlaýyňy ýere goýmak.

[5]Abdyrahman ibn Abdylla ibn Abdyrahman ibn Sabyt ibn Abu Hamyt ibn Amr ibn Ubeýt ibn Huzafa - tabygyn neslinden bolan ynamdar hadys rowaýatçysy. 118-nji hijri ýylynda Mekgede wepat bolupdyr.

[6]Abul Alyýe Ryýahy - tabygyn neslinden ynamdar hadys rowaýatçysy. Jahylyýet döwründe ýaşapdyr we Muhammet alaýhassalam ýogalandan 2 ýyl soňra yslamy kabul edipdir. Abubekriň ýanyna barypdyr, Omaryň yzynda namaz okapdyr. Soň Basrada ýaşapdyr. 90-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[7]Alkama ibn Safwan ibn Umeýýe ibn Mihras Kenany - jahylyýet döwründe ýaşap geçen şahsyýet. Merwan ibn Hakemiň atasy.

[8]Bu setirleriň arapça aýdylyşy şeýledir: «We kabru harbin bimekänin kyfrin we leýse kurbe kabri harbin kabrun».

[9]Hazreç — Medinede ýaşan arap taýpasy.

[10]Amr ibn Ady ibn Nasr ibn Rabyga Lahmy - jahylyýet döwründe Yrakda höküm süren lahm ogullary taýpasynyň ilkinji hökümdarlarynyň biri. Daýysy Juzeýme Ebreşiň ölüminden soň hökümdar bolupdyr. Hyratda ýaşap, şol ýerde hem wepat bolupdyr.

[11]Juzeýme ibn Mälik ibn Fehm ibn Ganem Tenuhy Kazagy Abreş - jahylyýet döwründe Yrakdaky Tenuhyýe döwletiniň hökümdary.

[12]Ammara ibn Welit ibn Mugyra — Halyt ibn Welidiň dogany. Yslamyň ganym duşmany. Kuraýşy Abu Talybyň üstüne iberip, Muhammet alaýhyssalamy pygamberlikden dönderjek bolup we ony öldürjek bolup ýörenleriň biri. Hebeşistana giden musulmanlary yzyna getirjek bolup, hökümdar Nejaşa Amr ibn As bilen Abu Rabygany iberipdir. Aýtmaklaryna görä, jynlar onuň ujydyna üfläpdirler we ol guduzlapdyr.

[13]Harys Gassany— Şam çölündäki jefne ogullary taýpasynyň meşhur emirleriniň biri.

[14]Hyzaryň iki ogly Amr we Umeýriň lakamlary.

[15]Amr ibn Kulsum ibn Mälik ibn Ytap Abul Eswet - jahylyýet döwründe ýaşan "Muallakaty sebga" diýilýän ýedi ýazaryn biri.

[16]Tragakant agajy.

[17]Ýahýa ibn Sagyt ibn As — ynamdar hadys rowaýatçysy.

[18]Amr ibn Sagyt As ibn Sagyt ibn As ibn Umeýýe ibn Abdy Şems Emewi Kuraýşy - Mugawyýa ibn Ýezit döwründe Mekge we Medine häkimi. Eşdek diýlip tanalypdyr. 3-nji hijri ýylynda dünýä inipdir. 70-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[19]Gurhanyň «Engam» süresiniň 129-njy aýaty.

[20]Nejd – Saud Arabystanda ýer ady.

[21]Abu Jendel ibn Suheýl - Şamda ýaşap geçen şahsyýet.

[22]Gurhanyň «Gafyr» süresiniň 1-3- aýatlary.

[23]Amyt — Diýarbekir şäheri.

[24]Muhammet ibn Yshak ibn Ýesar Matlaby – taryhçy alym. Hadys, arap taryhy ýaly ylymlary okapdyr. Kadaryýe mezhebinden bolupdyr. 151-nji hijri ýylynda Bagdatda wepat bolupdyr. Onuň "Syratun-Nubuwwe" atly kitaby bar. Ibn Hyşam ondan rowaýat edipdir.

[25]Seluky – Ýemende bir ýer ady.

[26]Mukatyl ibn Süleýman ibn Beşir Ezdi Balhy Abul Hasan - tefsir alymy. Onuň asly Balhdan bolupdyr. Soň Basra gelipdir we 150-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[27]Golýazmada şeýle diýilse-de, musulman düşünjesine görä Hydyr gury ýerde, Ylýas suwdadyr. Magtymguly atamyz hem şygrynda «Hydyr kimin çöllerde, Ylýas kimin köllerde» diýip aýdyp geçipdir.

[28]Kerfes - köki bilen ýapragy iýilýän ösümlik, seldereý.

[29]Kelp – it diýmek.

[30]Awzagy Abdyrahman ibn Amr ibn Ýuhmet Abu Amr- fykhda we takwaçylykda Şam diýarynyň ymamy. 88-nji hijri ýylynda Baalbekde dünýä inipdir we Bekagda önüp ösüpdir. Soň Beýrutda ýaşapdyr. Oňa kazylyk hödürläpdirler, emma ol mundanboýun towlapdyr. Şamda onuň uly abraýy bolupdyr. Onuň buýruklaryny, soltanyňkydan hem ýokary tutar ekenler. Onuň fykhda özüniň aýratyn mezhebi bolupdyr. Onuň fykha degişli "Sünen" atly kitaby bar. Şeýle hem onuň "Mesaýyl" atyl kitaby özüne berlen 70000 soragyň jogabyny içine alýar. 157-nji hijri ýylynda Beýrutda wepat bolupdyr.

[31]Haman — Pyrgaunyň weziri. Şu at bilen ol Gurhanda agzalýar.

[32]Karun — Musa pygamberiň kowumyndan bolan husyt baý. Allatagala oňa köp mal-mülk beripdir. Emma soň azýar. Gurhanda hem bu at bilen agzalýar.

[33]Abu Süleýman Abdyrahman ibn Ahmet ibn Atyýe Mezjehi Darany - meşhur sopy. Damaskyň golaýyndaky Dara obasyndan bolup, soň Bagdatda ýaşapdyr. Soň Şama gaýdyp gelip, 215-nji hijri ýylynda ol ýerde wepat bolupdyr.

[34]Gurhanda atlary agzalýan millet.