ON BIRINJI BAP:ULUMSYLYK, TEKEPBIRLIK, GAZAP, GOŇŞUÇYLYK, ÝARDAM, KÖMEK BERMEK, GAÝRAT-TAGALLA WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ON BIRINJI BAP:ULUMSYLYK, TEKEPBIRLIK, GAZAP, GOŇŞUÇYLYK, ÝARDAM, KÖMEK BERMEK, GAÝRAT-TAGALLA WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Muhammet alaýhyssalam Mekgäni basyp alanda, Abu Sufýanyň kalbyny yslama ysnyşdyrmak we oňa özüniň keremini görkezmek üçin:

— Mekgelilerden kim Käbäniň içine girse, oňa aman berler we kim Abu Sufýanyň öýüne girse, oňa hem aman berler — diýipdir. Onda Abu Sufýan muňa haýran galyp:

 — Meniň öýümemi, ýa, Resulalla, meniň öýümemi? — diýip, gaýtalap-gaýtalap sorapdyr.

Onda Resulalla oňa:

 — Hawa, seniň öýüňe — diýip jogap beripdir.

* * *

Abul Muzaffar Nasyr ibn Nasyreddin Sarahsy eýelände şeýle diýipdir: «Kim Abu Sufýanyň öýüne girse, oňa aman berler». Abu Sufýan Sarahsyň kazysydyr. Ynsanlar muňa gaty şat bolupdyrlar.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Gahar-gazabyňy ýeňmek, Alla üçin batylyň iň erbedini öldürmekden has gowudyr».

* * *

Hezreti Aly şeýle diýipdir: «Hasrat çekýäne kömek etmek we gaýgy-gama batany aladadan dyndarmak uly günäleriň geçilmegine keffaratdyr»[1].

* * *

Kenana ibn Rabyg Abşemi[2] Resulallanyň gyzy Zeýnebi[3] Mekgeden Medinä gaçyryp goýberipdiär. Onuň öňünden Hibar ibn Eswet[4] çykypdyr. Kenana ony ýaý bilen atypdyr. Ol hem gaçyp gidipdir. Kenana şeýle diýipdir:

Hibaryň bolşuna galýaryn haýran,

Hem onuň kowmuny bir ejiz diýýän.

Yza aldyrjaklar beren sözümi,

Goramagy Muhammediň gyzyny.

Elleri gylyçly bir gün gelseler,

Gorkuzmaz goh edip hiç wagt – bilseler.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Sen öz janyňy ähli pes işlerden gora, oňa hormat et. Eger ol seni öz arzuwlaryna düşürse, onda sen ony öz gaýratlaryň bilen öňki ýagdaýyna getirip bilersiň. Sen başga biriniň guly bolma. Allatagala seni erkin ýaradandyr».

* * *

Jahylyýet döwründe Apbas ibn Merdasyň[5] agasynyň[6] ogly Kaýs ibn Neşebe Selma Mekgä gelip, Abu Halef Jahma[7] düýesini satypdyr. Ol hem puluny wagtynda bermändir. Kaýs hem kuraýşylaryň mejlislerine aýlanyp şeýle diýipdir:

Käbä bolan hormatyňyz nirede,

Buýsanjaň şäheriň ili – ulusy.

Maňa öz hakymy tölemeýşiňiz,

Bilseňiz zulumyň iň bir ulusy.

Apbas ibn Merdas ony Apbas ibn Abdylmuttalybyň ýanyna kömek soramak üçin iberipdir. Ol hem onuň ýanyna barýar. Apbas ibn Abdylmuttalyp onuň hakyny alyp beripdir we şeýle diýipdir:

Bermejek boldular Kaýsyň hakyny,

Menem hukugyny goradym bilseň.

Diri mahalym-a goraryn özüm,

Haşymy taýpasy berk durar – ölsem.

* * *

Ibn Kaýs hem Ibn Apbasa yslam barada şeýle diýipdir:

Jahylyýet zamanynda kakam sizi halan eken,

Maksat-myradym bolduňyz, meniň dinde arzuw eden.

Hiç wagt sizden daş düşmedim, sizi söýmeli boldum men,

Siz bilen dogry-dürsdürin, muny duýmaly boldum men.

Ant içýärin, aýrylmaryn, size kasyda ýazaryn,

Näzikligi wasp ederin – keşbiňiz dünýä ýaýaryn.

* * *

Abdyleziz ibn Abu Dulefiň[8] bir gyrnagy bar eken. Ony gaty söýýär eken. Ol onuň kellesini kesip: «Oňa bolan söýgim üçin, ölerin öýdüp gorkdum we menden soňra başga birine aýallyk eder öýdüp gabandym» diýipdir.

* * *

Omar ibn Abdyleziz gyzyny durmuşa çykarypdyr. Ol aýaly Patma:

— Meniň saňa haýsy zadym hoş ýakan bolsa, gyzyňa şol zatlary öwret— diýipdir.

Onda aýaly:

 — Sen ony gabanmaýarsyňmy? — diýipdir.

Onda Omar oňa şeýle diýipdir:

— Gabanmak haram işlerde bolýandyr. Emma halal işlerde gabanmak ýokdur. Resulallanyň Aly bilen Patma aýdan sözleri ýatdan çykyşdy. Resulalla olara:

— Siz tä men siziň ýanyňyza barýançam howlukmaň — diýipdi.

* * *

Şygyr:

Diýýärler: «Olarda san hem az, hatda,

Namysjaňda perzent az bor, elbetde!».

* * *

Hajjaç Uýeýne ibn Hakem Halajynyň[9] şeýle diýýändigini eşidipdir:

Basra-ha boşap galdy, üstüne tozan büräp,

Bizem galdyk gyzlygyň nikabynda aljyrap.

Onuň gowy şygyrlary, yşky bentleri bar eken. Hajjaç ony Basradan Horasana ugradypdyr.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Aýalyň erkegi gabanmagy küpürdir. Erkegiň aýaly gabanmagy imandyr».

* * *

Binti Nugman ibn Beşir[10] adamsy Rawh ibn Zenbaga:

— Sen gabanjaň — diýipdir.

Onda ol:

— Hakyky erkek adam sen ýalylary samsyklardan, akmaklardan hökman gabanmalydyr — diýipdir.

 

* * *

Muhammet ibn Ahmet ibn Suwar Taýy şeýle diýipdir:

Merwana – aýaly däldir gabanjy,

Oňa mertebesi gabanç – bir ünji.

* * *

Farazdak Zul Ehdam Kilabyny[11] ýaňsylap, goşgy ýazypdyr. Ol Şamyň ýerlerini ýer bilen ýegsan edipdir. Farazdak:

Habarymy ýolladym men yzyndan Zul Ehdamyň,

Onda ýeller uwlaýar hem-de köşkleri Şamyň.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kim musulman doganynyň namysyny gorasa, bu onuň üçin jähennem odundan perde bolar».

* * *

Abu Sufýan her wagt öýüniň ýanyna täze goňşy göçüp gelse, şeýle diýer eken: «Eý, pylany, sen meni we meniň öýümi goňşy edip saýlap aldyň. Sen eger jenaýat etseň, meniň hem jenaýat etdigim bolar. Eger biri saňa jenaýat etse, onda oňa hossarynyň çagasyna höküm edişi ýaly höküm ederin».

Bu ýagdaý hem Muhammet alaýhyssalamyň Mekgäniň ýeňşi güni «Kim Abu Sufýanyň öýüne girse, oňa aman berler» diýip, aýdan abraýly sözleri üçindi.

* * *

Çöldäkilere bir ýyl gaty gurak gelipdir. Farazdak hem Welit ibn Abdylmäligi wasp edýän bir kasyda ýazypdyr:

Şerifanly[12] ilat maňlaýy şorlap,

Alla hem Welitden soraýar zarlap.

Soň bolsa halkyň ondan kömek isleýändigini beýan edip, şeýle diýipdir:

Diýýärler: «Haýyşy ýetir goldana,

Halkyň howandary beýik Soltana».

Sebäbi, sen onuň ýanyna barýaň,

Sogaply Soltan ol, bizi eý görýän.

Welit ondan:

— Näme hajatyň bar? — diýip sorapdyr.

Onda Farazdak:

— Bir düýe bugdaý, bir düýe ýag we bir düýe dirhem ber. Ol zatlar gutaranda ýene-de getirer ýaly ýanyma hem hyzmatkärleriňi ber. Men ony seniň adyňdan seniň gapyňdan Ýemama çenli çöldäkilere paýlajak — diýipdir.

Ol hem razy bolupdyr we Farazdak olary Ýemama çenli paýlapdyr.

* * *

Halyt ibn Abdylla asly kuraýşy bolan Omar ibn Hubeýrany[13] tussag edip zyndana salypdyr. Ol hem zyndandan gaçyp, Şama Meslemäniň[14] ýanyna gelipdir. Bu ikisiniň arasy ýok eken. Munuň sebäbi hem Mesleme Yrak häkimliginden boşadylanda, ýerini Omar eýelän eken. Omar Meslemäniň ýanyna girip, bolan wakany gürrüň beripdir. Mesleme ondan:

—    Sen Ibn Hubeýramy? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Hawa — diýipdir.

Başyna kyn waka düşen dessine,

Syryň aýan etgin, sen hak dostuňa.

Mesleme hem şol demde Hyşamyň ýanyna gidipdir. Hyşam ondan:

—    Eý, Abu Sagyt seniň bizlik näme işiň bar? — diýip sorapdyr.

Onda Mesleme oňa:

— Eý, möminleriň emiri, eger kuraýşylardan biri bize kömek et diýip elini uzatsa, biz oňa elimizi uzadýarys dälmi? — diýipdir.

Hyşam:

— Hawa, uzadýarys — diýipdir.

Mesleme:

— Kim bize bu niýet bilen gelse, biz wepadarlygymyzy görkezýäris dälmi? — diýip sorapdyr.

Hyşam:

—    Hawa, görkezýäris — diýipdir.

Mesleme:

— Onda Omar ibn Hubeýra gelip maňa sygyndy. Men hem ony Allanyň, möminleriň emiri Abdylmäligiň, seniň goramagyňy öz boýnuma aldym — diýipdir.

Onda Hyşam oňa:

—    Sen kimi sylaglasaň, biz hem ony sylaglarys — diýipdir.

Onda Mesleme:

—    Onuň mallaryny gaýtaryp berseňiz! — diýip haýyş edipdir.

Hyşam hem oňa 100 000 dirhem berilmegini buýruk beripdir. Mesleme hem ony alyp gaýdyp, onuň üstüne 50 000 dirhem goşup, Omara beripdir.

* * *

Ýezit ibn Mugawyýa Müslim ibn Akabany[15] Medinäni eýelemek üçin iberende, Aly ibn Hüseýin 400 mennaflyny[16] ýanyna alypdyr. Ol bularyň aglaşýan sesi bilen olary utandyryp, yza çekildirmek isläpdir. Olaryň arasynda bir aýal, özleriniň işleriniň gülala-güllükdigini aýdyp, şeýle diýipdir:  «Men öz atalarymyň arasynda, beýle bolluk içinde ýaşamandym»[17].



[1]Keffarat – edilen günä işiň geçilmegi üçin berilmeli zat.

[2]Kenana ibn Rabyg ibn Abdyl Uzza ibn Abdy Şems ibn Abdy Mennaf - Muhammet alaýhyssalamyň gyzy Zeýnebiň ýanýoldaşy. Abul As ibn Rabygyň dogany.

[3]Zeýnep — Muhammet alaýhyssalamyň iň uly gyzy. Onuň ejesi Hatyja binti Huweýlitdir. Özüniň daýzasynyň ogly Abul As ibn Rabyga durmuşa çykypdyr we ondan Aly we Umama atly iki çagasy bolupdyr. Ýöne Aly kiçijikkä wepat bolupdyr. Umama atly gyzy Hezret Ala durmuşa çykypdyr. Zeýnep 8-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[4]Hibar ibn Eswet - Mekgede Muhammet alaýhyssalama ezýet berenleriň biri. Mekgäniň ýeňşi güni gaçyp gidipdir. Ýöne soň Medinä gelip musulman bolupdyr. 13-nji hijri ýylynda söweşleriň birinde şehit bolupdyr.

[5]Apbas ibn Merdas ibn Abu Amyr Sulemi - yslam we jahylyýet döwürlerini gören şahyr. Mekgäniň ýeňşinden öň yslamy kabul edipdir. 18-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[6]Kakasynyň dogany.

[7]Abu Halef ibn Wehb ibn Huzaka Jahmy - jahylyýet döwründäki Mekgelileriň ýolbaşçylarynyň biri. Muhammet alaýhyssalama we musulmanlara köp ezýet beripdir. Resulalla ony Uhut söweşinde öz eli bilen öldürdýär.

[8]Abdyleziz ibn Abu Dulef - onuň kakasy apbasy döwletinde serkerde bolupdyr.

[9]Uýeýne ibn Hakem Halajy – şahyr. Merzubany özüniň «Şahyrlaryň sözlügi» atly eserinde ony şahyrlaryň hatarynda hasaplapdyr.

[10]Binti Nugman ibn Beşir - emewiler döwründe ýaşap geçen aýal şahyra.

[11]Zul Ehdam Kilaby - dabby ogullary taýpasynyň ýolbaşçylarynyň biri. Farazdak elmydama ony tankytlap gezipdir.

[12]Şerifan – Arabystanda bir dagyň ady.

[13]Omar ibn Hubeýra - emewiler döwründe ýaşap geçen serkerde. Omar ibn Abdyleziz ony Jezirä häkim belläpdir. Ýezit ibn Abdylmälik ony Yraga we Horasana häkim edip belläpdir. Soň Hyşam ibn Abdylmälik ony tussag edipdir. Ol hem tussaglykdan gaçyp, Emewi döwletiniň serkerdesi we emiri Mesleme ibn Abdylmälik ibn Merwan ibn Hakemiň ýanyna şepagat isläp barypdyr. Netijede Hyşam ony bagyşlapdyr. 110-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[14]Mesleme ibn Abdylmälik ibn Merwan ibn Hakem - emewi döwletiniň serkerdesi we emiri. Köp ýerleri eýeläpdir. Dogany Süleýmanyň halypalyk döwründe Konstantinopola (Stambula) söweşe gelipdir we 96-njy hijri ýylynda ol ýerde bir metjit gurupdyr. 120-nji hijri ýylynda Şamda wepat bolupdyr.

[15]Müslim ibn Akaba ibn Ryýah Murry - emewi döwletinde serkerdeleriň biri.

[16]Haşymylaryň we emewileriň atasy bolan Abdymennafyň nesli.

[17]Aly ibn Hüseýin kuraýşy bolansoň bu ýerde mennaflylar olardan üstün diýiljek bolýar.