ON IKINJI BAP:DOGANLYK, MUHABBET, DOSTLUK, ALLA ÜÇIN SÖÝMEK WE HALAMAZLYK WE GOŇŞUÇYLYK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ON IKINJI BAP:DOGANLYK, MUHABBET, DOSTLUK, ALLA ÜÇIN SÖÝMEK WE HALAMAZLYK WE GOŇŞUÇYLYK HAKYNDA

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Köpräk dost tutunyň. Sebäbi siziň Rebbiňiz kerimdir, utanç-haýa eýesidir. Ol kyýamat gününde öz bendesine dostlarynyň arasynda azap bermäge utanar».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kim musulman doganyna dostluk nazary bilen seretse, kalbynda hem oňa hiç hili kine-öýke bolmasa, göz-açyp ýumasy salym içinde Allatagala onuň ähli günälerini bagyşlar».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Kimiň ýakyn dosty bar bolsa, oňa azap berilmez. Seret, Allatagala jähennem barada näme habar beripdir: «Biziň indi ne şepagatçymyz bar, ne-de ýakyn bir dostumyz»[1].

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dost, şu üç zatda, ýagny başyna kyn iş düşende, gybaty edilende we ölüm wagtynda dostuny goraýança hakyky dost hasaplanmaz».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň iň ejizi ― dost tutunmakdan iň ejiz bolanydyr. Dostlaryň iň ejizi ― dostlarynyň goldawyny ýitiren kişidir».

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  şeýle diýipdir: — Musulman doganyň kalbyndaky üç zat onuň saňa bolan dostlugyny subut edýär:

1.      Saňa salam bermegi;

2.      Oturşykda saňa ýer bermegi;

3.      Iň gowy atlar bilen ýüzlenmegi.

* * *

Mümkin boldugyça dost sanyn köp et,

Olar kyn günüňde hemaýat, kömek.

Ýene azdyr – dostuň bolsa müň ynsan,

Emma köpdür saňa ýekeje duşman.

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Dostluk bilen kalplaryň söýgüsini gazanyň. Çünki kalp şaýatdyr, ol para kabul etmez».

* * *

Ibn Arafa şeýle diýipdir:

Dostluga tutunýan kalbyň päk şaýat ,

Sebäbi ol adyl, ýeke-täk şaýat.

* * *

Bir adam dostuny wasp edip, hat ýazyp: «Sen meniň bedenimiň sag tarapynyň agzalarysyň, meniň şübhesiz we dogry pikirlerimsiň» diýipdir.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dost — ýok wagty hem saňa dost bolýandyr».

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Men bir gezek Halylyň ýanyna bardym. Ol kiçiräk düşegiň üstünde oturan eken. Soň Halyl meniň geçip ýanynda oturmagymy haýyş etdi.

Men oňa:

— Men seniň ýeriňi daraldan-a däldirin? — diýdim.

Onda ol:

— Goýsana, hakykatdan hem dünýä iki sany öýke-kinelä giň bolmaz. Emma iki sany ýürekdeş dosta welin, bir garyş ýer hem giň bolar — diýip jogap berdi».

* * *

Halyl şeýle diýipdir: «Dosty bolmadyk adam, sagy bolup, çepi bolmadyk beden ýalydyr».

* * *

Bir adam Ibn Mukaffaga:

— Meniň dostum maňa doganymdan hem has ýakyn — diýipdir.

Onda Ibn Mukaffag:

— Dogry aýdýarsyň. Dost ruhy taýdan ýakyn. Dogan bolsa diňe beden taýdan ýakyn — diýipdir.

* * *

Muhammet ibn Aly Bakyr bir gezek ýanyndakylardan:

 — Siz gerek wagty dostuňyzyň eşiginden dinar, dirhem ýaly gerek zatlaryňyzy alýarsyňyzmy? — diýip sorapdyr.

Oňa:

— Ýok, almaýarys — diýip jogap beripdirler.

Onda ol: 

— Onda siz dost däl ekeniňiz — diýipdir.

* * *

Kätip şeýle diýipdir:

Dostuň üç waspy bar, diňlegin bizi,

Olar saňa göýä Jöwza ýyldyzy.

Utarutdyr[2] görer her zady doly.

Dem alýan howasam seniňki ýaly.

* * *

Japar ibn Muhammet şeýle diýipdir: «Ýigrimi günlük dostluk — garyndaşlykdyr».

* * *

Bir adam Daýgam Abyda:

— Men seniň bilen duşuşyp durar ýaly ýakynragyňdan jaý satyn aljak — diýipdir.

 Onda Daýgam oňa:

— Duşuşygyň azlygy zerarly kem bolan dostluk keseldir — diýipdir.

* * *

Bir adam dostuna hat ýazyp şeýle diýipdir: «Salamdan soň, eger meniň ynamdar dostlarym köp bolsa, sen olaryň ilkinjisisiň. Eger ynamdar dostlarym az bolsa, sen olaryň iň ynamdarysyň. Eger ýeke bolsa, onda ol sensiň».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kim dostuny gowy görýän bolsa, muny oňa bildirsin».

* * *

Ibn Mesgut şeýle diýipdir: «Ot tüssäniň nämesi bolýan bolsa, dost hem dosta şonuň ýalydyr».

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Sen alyp barýan işiňde dostuň kimdigini aýt, men saňa ol işiň netijesini aýdyp bereýin».

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Dostluk öňküleriň arasynda galdy, tereke mirasdüşerleriň».

* * *

Eger oduň içinde bolsa hem dostlugyňa wepaly bol.

* * *

Bir adam dostundan duşuşyga gijä galyp gelendigi üçin, ötünç sorapdyr. Onda ol adam: «Seniň wagt üçin bahanaň giňdir. Emma muhabbetim üçin bahanaň örän dardyr» diýipdir.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Adamyň ruhy dünýäsi onuň nähili adamdygyndan habar berýändir».

* * *

Dostunyň jebir-jepasyny çekýän adama: «Pylany dostlugyň ajylygyny ýuwdup-ýuwdup içýär we özüniň süýjüligi bilen suwlaýar» diýýärler.

* * *

Akyldardan sorapdyrlar:

— Dost näme?

Ol jogap beripdir:

— Ol sensiň, senden başga hiç kim däldir.

* * *

Mamun şeýle diýipdir: — Dostlar üç zat ýalydyr:

1.      Aç üçin azyk; 

2.      Hassa üçin derman;

3.      Beden üçin dem.

* * *

Mugtez Billäh şeýle diýipdir:

Dostuň haky bardyr aşmaga seniň,

Garyndaşlyk çägin ýar-u-ýakynyň.

* * *

Hurmuz şeýle diýipdir[3]: «Dostlugyň esasy şerti hem onuň senden mal-mülküni gysganmazlygydyr. Eger ol senden malyny gysgansa, onda onuň özünden zadyny gysgandygydyr».

* * *

Hakyky dost müňlere hem satylmaz.

* * *

Mutenebbi şeýle diýipdir:

Dostdur-u-ýaran bolup, ikimiz ýaradyldyk,

Çagalygy ýada sal, indi bolsa ulaldyk.

Hesret çekdirýän ýeri kalbymyzda – garrylyk,

Aýra düşürdi bizi, bir-birege zar galdyk[4].

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Men siziň içiňizde maňa iň söýgüli bolany we kyýamat gününde meniň ýanymda iň ýakyn oturjak bolany habar bermäýinmi? Olar ahlaklary gowy bolanlar, biri-birlerine goldaw berip, dost bolanlardyr».

* * *

Geçen alymlar şeýle diýipdirler: «Dostuňdan ganyňy we malyňy gysganma, garyndaşyňdan sowgadyňy we zyýaratyňy kesme, duşmanyňdan adalatyňy we ynsabyňy aýyrma».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Keseki adam – hiç hili dosty bolmadyk kişidir».

* * *

Akyldardan sorapdyrlar:

— Ynsanlardan iň uzak sapara çykan kimdir?

Ol:

— Salyh dostuň gözlegi üçin ýolagçylyga çykan — diýip jogap beripdir.

* * *

Mälik ibn Dinaryň bir iti bar eken.

Ondan:

— Eý, Abu Ýahýa bu näme? — diýip sorapdyrlar.

Ol hem:

— Bu erbet ýoldaşdan haýyrlydyr — diýip jogap beripdir.

* * *

Fuzaýl ibn Yýaz Sufýan Söwrä:

— Maňa ýanynda oturyp syr döküşer ýaly bir ýoldaş salgy ber ― diýipdir.

Onda Sufýan Söwri:

— Onuň ýaly dost ýitendir, indi ony tapyp bilmersiň — diýip jogap beripdir.

* * *

Amr ibn Meýmun[5] şeýle diýipdir: «Biziň ýanymyza sahaba Mugaz ibn Jebel geldi. Men ony gowy görýärdim. Ony muhabbet bilen garşy aldym we tä Şamyň topraklary onuň üstüne gömülýänçä, onuň ýanyndan aýrylmadym».

* * *

«Diňe agyr günde däl-de,

Parahatlyk döwründe hem.

Bolmaň ikiýüzli» diýip

Eýäm berdi nesihat:

«Boluň — diýdi: – Dost-dogan»

Diýdi: «Hemmäni söýüň!».

* * *

Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Eý, oguljygym! Erbet dostdan daş dur. Ol göýä daşy owadan görünýän gylyç ýalydyr. Onuň ýetirýän zeperi erbetdir».

* * *

Şygyr:

Ýagşy ahlakly dost, göýä, ýagyş suwy bilen garylan hurma ýaly lezzetlidir.

Dostlugyň at-abraýy, dostuňa yhlas siňdirmek, onuň hak-hukuklaryny goramak ynsanyň ömrüni artdyrýandyr.

* * *

Jawert Abdy[6] şeýle diýipdir: «Bahreýn hökümdary Resulallanyň ýanyna jezime taýpasyndan bir ilçi toparyny iberdi. Jezime taýpasynyň ýolbaşçysy yslamy kabul edipdir we şeýle diýipdir:

Araňyzda Ýasripde[7], bolmasa öý-jaýymam,

Siz bilen bilelikde ýaşamaga taýynam.

Tanaýan dost-duşmany, men muňa göz ýetirdim,

Öýke-kineli wagtym düýne sowgat getirdim.

* * *

Mugawyýa ibn Abdylla ibn Japar[8] özüniň dosty Ýezit ibn Mugawyýa[9] barada şeýle diýipdir:

Dostuň wepalysyn tanajak bolsaň,

Dostuň hormatlysy Ýezitdir bilseň.

* * *

Lukman Hekim şeýle diýipdir: — Üç zat, diňe üç zatda bilinýär:

1.      Ýumşaklyk gazapda;

2.      Batyrgaýlyk gorkuda;

3.      Dostluk mätäçlikde.

* * *

Basraly bir adam Basranyň kazysyna:

— Pylan dostuň saňa töhmet atýar — diýipdir.

Ol hem:

— Dostumyň dogruçyllygy kalbymyň onuň erbet häsiýetlerini kabul etmegine perde bolýar — diýipdir.

Bu habar halypa Mamuna baryp ýetende ol:

— Bu wepadarlygy aňladýar — diýipdir.

* * *

Dostuňy daş tutgun biwepalykdan,

Aja – süýji, süýjä – ajy diýmekden.

Ol dostlukly günleriniň günäsin,

Duşmanyna eden ýaly, sanasyn.

* * *

Zeberkan ibn Bedr (Amr ibn Ahtam Munkyrydan hem diýdiler) şeýle diýipdir:

Şeýle Amr bilen dostlugymyz biziň,

Hatda tilkiler-de ýetirdi gözün.

Dostlugymyz bagly bakylyk bilen,

Göýä, älem onuň haýrany bolan.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dostuň bahylçylygy dostlugyň keselligindendir».

* * *

Bir adam şeýle diýipdir: «Eý, Allam, ynamdarlaryň belalaryny menden aýyr, eý, Allam, meni dostumdan gora!».

* * *

Halyt ibn Safwan Şebip ibn Şebibe barada şeýle diýipdir: «Bu adamyň gizlin dosty we açyk duşmany ýok».

* * *

Akyldardan sorapdyrlar:

— Nähili hazyna haýyrly?

Ol aýdypdyr:

— Elbetde, Allatagaladan gorkmakdan soňra, salyh dost. Meniň üçin iň haýyrly dost, meniň peýdam köp degýän dostumdyr.

* * *

Halyt ibn Safwandan sorapdyrlar:

— Saňa dostuň ýagşymy doganyň?

Ol hem:

— Dost bolan dogan ýagşydyr — diýipdir.

* * *

Eger dostuň seni aldasa, ony duşman hasapla.

* * *

Ruh ibn Zenbagdan[10] sorapdyrlar:

— Dostuň manysy näme?

Ol hem:

— Ol manysyny düşündirip bolmaýan şeýle bir ajaýyp sözdür — diýipdir.

* * *

Abraýly dost dostuň dostuny hem söýýän dostdur.

* * *

Tamakinçilik esasyna gurlan dostlugyň soňy umytsyzlykdyr.

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Zatlaryň täzesini saýla, dostlaryň könesini».

* * *

Ymraul Kaýs şeýle diýipdir:

Dostumdan razy, ol – «gözüm nury»,

Diýýän adam gelsin, ýanyma – bäri.

Atadan ant içýän, tutunmadym hiç

Adamdan dost-u-ýar şu çaka deňeç.

Sebäbi gelýärin bile-bile men,

Haýyn kimin edýän erbet gylygyn.

* * *

Kagp ibn Zuheýr şeýle diýipdir:

Bir wepaly dost duşar, öýde-öýde garaşma,

Kimdir biri sataşsa, ynan gaýta, garaşma.

* * *

Zuhrynyň ussady bolan Abdylla ibn Utbe ibn Mesgut[11] şeýle diýipdir:

Eger wepadar dost gözleýän bolsaň,

Azdyr, ýöne hökman duşjagyn bil sen.

* * *

Ynsanlar Kumeýt bilen Tarmahyň[12] hallary ýaly geň zat görmediler. Kumeýt adnan taýpasyndan, şaýylygyň galyýa mezhebinden bolup, kufalylaryň tarapdary bolupdyr. Tarmah kahtanyýe taýpasyndan, haryjylygyň safryýe mezhebinden[13] şamlylaryň tarapdary bolupdyr. Olaryň arasyndaky dostluk we ülpetlik henize çenli başga iki kişiniň arasynda bolmandyr. Olaryň arasynda öýke-kine, dawa-jenjel bolup görmändir.

Olardan:

— Sizi näme dostlaşdyrdy? — diýip sorapdyrlar.

Olar hem:

— Bu iki tarapdarlaryň biri-birlerine duşmançylygy — diýipdirler.

* * *

Şeýle-de olar ýaly Seýit Hamyry[14] hem Binti Fejata[15] öýlenipdir we ömür boýy agzybir ýaşaşypdyrlar.

* * *

Halyt ibn Safwandan sorapdyrlar:

— Nähili dost gowy?

Ol hem:

— Kemçiligimi doldurýan, ýalňyşymy ötýän, ötünjimi kabul edýän dost — diýipdir.

* * *

Köp dost tutunmakdan saklan, sebäbi, olaryň içinde diňe ynamdar bolan dostuň saňa zyýan ýetirmez.

* * *

Şebip ibn Şebibe[16] şeýle diýipdir: «Dost bolan doganlar dünýäniň ähli gazanjyndan haýyrlydyr. Sebäbi olar parahatçylyk wagty zynatdyr, bela wagty ýanyňdadyr».

* * *

Bir adamyň gapysyny gije dosty kakypdyr. Ol adam hem turup baryp seretse, ol dostunyň elinde bir halta, bir gylyç, ýanynda hem gyrnagy bar eken. Ol gapyny açypdyr.

Dosty oňa:

— Bu mal bilen bergileriňden, gylyç bilen duşmanlaryňdan, bu gyrnak bilen hem sallahlykdan dynarsyň — diýipdir.

* * *

Seýrafy[17] şeýle diýipdir:

«Bagdatda birnäçe dostum bar» diýip,

Öwünýän diňlesin bir diwan goýup.

Bolmasa bazarda söwdasy eger,

Satylarsyň, bahaň bir sagy[18] bolar.

* * *

Dostlar ot mysalydyr. Azy bähbitlidir, köpi heläk edijidir.

* * *

Halyt ibn Safwanyň ýanyndan iki sany dost geçip barýan eken. Olaryň biri agsaklap ýöreýär, beýlekisi bolsa onuň agsaklygyny bildirmejek bolup dyrjaşýar eken. Ol şeýle diýipdir:

— Bu agsaýan özüniň abraýy üçin agsaýar, ol hem özüniň ynamdardygy üçin ony goraýar.

* * *

Ýusup ibn Subeýh Kätip[19] şeýle diýipdir: «Bir kişi ynamdar bolsa oňa: «Pylan kişi jübülere maslahat beriji» diýýärler».

* * *

Bir adam Muhammet ibn Wasyga:

— Men seni Alla üçin gowy görýärin — diýipdir.

Onda Muhammet ibn Wasyg:

— Eý, Allam! Eger sen meni halamaýan bolsaň, emma sen üçin meni gowy görýän adamdan saňa sygynýaryn — diýipdir.

* * *

Berra ibn Azyp[20] gürrüň beripdir: «Bir gezek Muhammet alaýhyssalam bizden:

— Imanyň iň berki haýsydyr? — diýip sorady.

Biz yslamyň şertleriniň hemmesini synap çykdyk. Ol biziň üstünden barmadygymyzy görensoň:

— Iň berk iman ynsanlary Alla üçin söýmek we Alla üçin halamazlykdyr — diýdi».

* * *

Agmeş[21] şeýle diýipdir: «Men bir kowum gördüm. Ol kowumyň adamlary biri-birlerini birki aýlap görmeseler-de, sataşan wagtlary diňe «Gurgunmuň?», «Nähili ýagdaýlaryň?» diýmek bilen çäklenýärler. Ýöne eger biri beýlekisinden malynyň ýarysyny sorasa hem berýär. Soň başga bir kowum gördüm. Eger olardan biri beýleki dostuny ýekeje gün hem görmese, onuň hal-ýagdaýyny, hatda öýündäki towuklaryna çenli sorap çykýarlar. Ýöne eger biri beýlekisiniň malyndan ýekeje däne sorasa hem bermeýärdiler».

* * *

Mujahyt şeýle diýipdir: «Eger bir adamyň wepadar dosty bar bolsady, onda onuň dostundan utanjy Allanyň öňünde günä iş etmegiňe böwet bolmaga ýeterlik bolardy».

* * *

Bir garyp adam Alla üçin bir baýy gowy görýär eken. Ýaňky garyp adam baýyň öýüne üç gezek zat dilenip barypdyr. Baý hiç zat bermändir. Emma garyp onda-da özüniň söýgüsini üýtgetmändir. Ol bu ýagdaýy baý adama duýduryp:

— Eý, dogan, men seni diňe Alla üçin gowy görýärin. Sen bilen meniň aramy dünýädäki hiç zat bozup bilmez — diýipdir.

Ýaňky baý adam hem oňa bu sözi üçin malynyň ýarysyny beripdir.

* * *

Ibn Mübärek[22] şeýle diýipdir: — Dostuň üç zada çydamalydyr:

1.      Gahar zulma;

2.      Hata zulma;

3.      Çyn zulma.

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Eger bir adamyň ýüreginde musulman dogany üçin muhabbet bar bolsa, ony hem aýtmasa, oňa haýynlyk etdigi bolar».

* * *

Kim haýry ýetmeýän dostdan razy bolmasa, haýry ýetýän dostdan hem razy bolmaz.

* * *

Pähim-paýhas esasyna gurlan dostluk, gazanç esasyna gurlan dostlukdan uzaga çeker.

* * *

Abdylla ibn Omar barada gürrüň gozgalanda, Eşgap Tamag şeýle diýer eken: «Abdylla meni Alla üçin halamaýan eken».

* * *

Hajjaç Ibn Kyrryýeden[23] sorapdyr:

— Kerem näme?

Onda ol:

— Dostuň kynçylykda we agyr günde wepaly bolmagydyr — diýipdir.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Ynsanlary iki zat heläk edýär: Aşa söýgi we aşa ýigrenç». 

* * *

Sehl ibn Huneýf Ensary[24] Syffyn söweşinden[25] gaýdyp gelýärkä wepat bolupdyr. Hezreti Aly şeýle diýipdir: «Ol meniň iň gowy görýän dostumdy. Ol hem meni gowy görýärdi. Kim meni gowy görse, onuň başyna belalar iner, hatda eger bir dag hem meni gowy görse, başyna belalar geler».

* * *

Araplar şeýle diýipdirler: «Eger ynsanlaryň arasynda ýaraşyk diýen zat bolmasady, ynsanlar heläk bolardylar. Eger ynsanlaryň arasynda dostluk we ysnyşyk bolmasady olar wagşy bolardylar».

* * *

Bir adam Şehr ibn Huşybyň[26] ýanyna gelip:

— Men seni gowy görýän — diýipdir.

Onda ol:

— Sen näme üçin meni gowy görmeli däl. Men Allanyň kitabynda seniň doganyň, Allanyň dininde seniň alymyň, meniň zähmetim senden gaýrylara hem ýetýär — diýipdir.

* * *

Kim saňa kömek edýän bolsa we seniň hajatlaryňa tagalla-gaýrat edýän bolsa, seniň dostuňdyr.

* * *

Kim aýpsyz dost gözlese, dostsuz galar.

* * *

Her bir ýalňyşy üçin dostuna gaharlananyň, duşmany köpeler.

* * *

Şerik ibn Abdylla[27] şeýle diýipdir: «Ynsan dosty bilen adamdyr. Eger dosty altyn bolsa ol altyndyr».

* * *

Dost bilen syr paýlaşmak iç gysdyrmaýan durmuşdyr.

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň ejizleri dosty az bolanlardyr. Dostlaryň iň ejizleri bolsa, ýeňşiň dostlar bilendigine ynamyny ýitrenlerdir» diýipdir.

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  şeýle diýipdir: «Dostuňdan habardar bol, diňe ynamdar bolana ynan. Ynamdarlyk hem diňe Alladan gorkmak bilen bolýandyr» .

* * *

Biwepalyk etse ynamdar dostum,

Daralýar gözüme watan – rastym.

Niýetim özi dek bolmagym gerek,

Gözde – gahar odum, dözenok – ýürek.

* * *

Muhellep şeýle diýipdir: «Kesgir gylyç batyrgaýlygyň ölçegi däldir, on­dan üstün dostluk bardyr».

* * *

Hindiler şeýle diýipdirler: — Kim şu üç zady gizlese özüne hyýanat etdigi bolar:

1.      Soltandan nesihatyny;

2.      Tebipden keselini;

3.      Dostundan gussasyny.

* * *

Dostuň halamaýan zadyny söýmek dostlukdan däldir.

* * *

Şagby şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň iň hormatlysy dostluga howlugýan we duşmançylykdan daş durýan kişidir. Ol göýä kümüşden küýze ýalydyr, aňsat döwülmez we döwülse tiz bejeriler. Yn­sanlaryň iň aýyplysy bolsa dostlukdan daş durup, duşmançylyga how­lugýan kişidir. Ol göýä toýundan küýze ýalydyr. Ol tiz döwüler we bejerilmegine howlugylmaz».

* * *

Akyldarlaryň arasynda ýetişen akmak bilen dost­laşmak, nadanlaryň arasynda ýetişen akylly bilen dostlaşmak­dan has oňatdyr.

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Men bir çarwa arabyň dostuna şeýle diýýändigini eşitdim: «Eý, doganym, hakykatdan hem jepa etmek bilen dost duşman bolýar, mähirlilik bilen duşman dost bolýar. Men seni dostlaryň aýbyny açmakda dilli görýärin, olary öz duşmanlaryň sanyna goşup köpeldäýme».

* * *

Bir adamdan sorapdyrlar:

 — Dünýäniň lezzeti näme?

Onda ol:

— Göçeniňden soň gonmak, soňra dostluk — diýipdir.

 

* * *

Halypa Mansur Yshak ibn Müslim Ukaýlydan sorapdyr:

— Sen meni gowy görýärsiňmi ýa-da Merwany?

Onda ol:

— Bu saňa bagly. Eger sen maňa onuň peşgeşinden köp yhsan etseň seni ondan gowy görerin — diýipdir.

* * *

Allatagala Musa alaýhyssalama şeýle diýipdir: «Eý, Musa, bilgin, seniň bagtlylygyňa şatlanmaýan her bir dost,  seniň duşmanyňdyr».

* * *

Ybraýym alaýhyssalam her wagt özüniň goýberen ýalňyşy ýadyna düşende özünden gider eken we onuň çekýän jepasy bir menzilden eşi­diler eken. Jebraýyl perişde oňa şeýle diýipdir:

— Eý, Haly­lulla![28] Halyl saňa salam iberdi we «Heý, dostuň dostdan gorkanyny gördüňmi?» diýdi — diýipdir.

Onda Ybraýym alaý­hyssalam:

— Eý, gardaşym Jebraýyl! Ýadyma dostumyň öňünde eden ýalňyşlygym düşende dostlugy unudýaryn — diýipdir.

* * *

Ews ibn Harysa[29] şeýle diýipdir: «Seniň dostlaryňdan nygmata iň laýyk bolanlar saňa kyn wagtlaryňda dost bolanlardyr».

* * *

Abu Temam şeýle diýipdir:

Elleriň giň wagty dostlar gaşyňda,

Agyr günde biri durmaz daşyňda.

* * *

Kaýs ibn Hatym[30] şeýle diýipdir:

Durmuşda kim bolsa dostlukda meňki,

Bakyda toprakda dost bolar süňki.

* * *

Enes şeýle diýipdir: «Muhammet alaýhyssalamyň ýanynda bir adam bar eken. Şol wagt bir adam geçip gidipdir. Onda ýaňky adam geçip barýan ol adamy görüp:

— Ýa, Resulalla men şu adamy gowy görýärin — diýipdir.

Muhammet alaýhyssalam ondan:

— Sen oňa muny bildirdiňmi? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Ýok, aýtmadym — diýip jogap beripdir.

Onda Muhammet alaýhyssalam:

— Ony oňa aýt — diýipdir.

Ol hem ýaňky adam bilen duşuşan we oňa:

— Men seni Alla üçin gowy görýärin — diýipdir.

Onda ol adam hem:

— Özi üçin meni saňa söýdüren Alla seni söýsün — diýip, ýagşy dileg edipdir.

* * *

Abu Zer Muhammet alaýhyssalamdan sorapdyr:

— Eý, Allanyň Resuly! Eger ynsan kimdir birini söýse, ýöne onuňky ýaly amal edip bilmese, ol adamyň ýagdaýy nähili bolar?

Onda ol:

– Ynsan kimi gowy görýän, söýýän bolsa kyýa­matda şonuň ýanynda bolar — diýipdir.

* * *

Abu Derdanyň rowaýat etmegine görä, Muhammet alaý­hyssalam şeýle diýipdir: «Sen eger bir zady söýseň, ol zat seni kör we ker eder (ýagny ondaky kemçiliklere göz ýumarsyň)».

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Eý, ynsanlar, biri-biriňizi ýigrenmäň, bahylçylyk etmäň, tersleşmäň. Eý, Allanyň bendeleri, dogan boluň.

Bir musulmanyň doganyna üç günden köp öýke-kine sakla­magy halal däldir. Sataşanlarynda, bularyň haýsy bi­rinji salam berse, şol haýyrlydyr».

* * *

Başga bir rowaýatda hem şeýle diýlipdir: «Üç gün geçensoň, oňa sataşyp salam bersin. Eger ol adam salamy alsa, ikisi hem sogapda ortak­dyr. Eger salamy almasa, onda günä salam almadykda galar».

* * *

Ýene bir rowaýatda hem şeýle diýlipdir: «Kim üç günden köp öýkeläp ölse, jähenneme gider».

* * *

Abu Hyraş Sulemi şeýle diýipdir: «Resulalla şeýle diýdi: «Kim musulman doga­nyndan bir ýyl öýkeläp gezse, göýä onuň ganyny döken ýalydyr».

* * *

Abu Hureýradan rowaýat edilen bir hadysda Resulalla şeýle diýipdir: «Asmanyň gapylary her gün elli iki gezek açylar. Şol günde Allatagala özüne şirk goşmadyklaryň hemmesiniň günäsini geçer. Emma  eger iki doganyň arasynda öýke-kine bar bolsa, olaryň günäsi geçilmez. Olara tä ýaraşýançalar «Bularyň ikisine serediň» diýler».

* * *

Resulalla aýallarynyň käbirinden kyrk günläp öýkeläp gezipdir.

* * *

Hezreti Omaryň ogly Abdylla ibn Omar özüniň iki ogly bilen tä ölýänçä öýkeleşip ge­zipdir.

* * *

Mugyra ibn Şugbä[31] :

— Seniň gapy goragçyň seniň dostlaryňdan öňürti öz dostlaryna içeri girmäge rugsat berýär — diýipdirler.

Onda ol:

— Eger ýarak it we topulýan düýe özleriniňkini bilýän bolsa, heý-de akylly ynsan bilmezmi? — diýipdir.

* * *

Kuraýşylardan biri şeýle diýipdir:

Eger dost tutunmak soralsa senden,

Tutunmagyn temim ogullaryndan.

Olarda ýoklugyn gördüm ynsabyň –

Pes ynsanda bolmajagyn yhlasyň.

* * *

Eger dostuň seniň agzyňa gum guýsa-da onuň bilen duşmançylygy taşla.

* * *

Ýahýa ibn Aly Münejjim[32] şeýle diýipdir:

Allaňa dostlugyň ýok bolsa eger,

Gaýrysyna dostluk baky däl meger.

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

Eger-de diýseler: «Aman dileseň,

Uly wakalardan halas bolar sen».

Çekinmezdim, etjegimi bilerdim,

Maňa ýakyn ülpetlerden dilärdim.

* * *

Mamun şeýle diýipdir: «Kim menden halypalygy alyp maňa berse, ol meniň dostumdyr».

* * *

«Diwanda» şeýle diýilýär: «Dostlugyň we doganlygyň bozulmagy erbet we ýowuz ýagdaýdyr. Size her hili dert we jebir-jepa degse-de siz yzzatly dostlarsyňyz. Alla üçin hak diniň tarapynda boluň. Alla üçin birleşenlerden boluň!»

* * *

Mugawyýa ibn Amr Ukaýly[33] şeýle diýipdir:

— Oglum, siziň atalaryňyz Mugawyýa ibn Amr ogullary, ýagşy we wepaly adamlardy.

Men size olara goňşy we myhman bolmagyňyzy maslahat berýärin. Size garyp-da, baý-da bolsaňyz, olara goňşy boluň.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kim kyýamat gününe we Alla ynanýan bolsa, goňşusyna ýagşylyk etsin».

* * *

Oturan öýüň ýanyndaky erbet goňşy öldüriji beladyr.

* * *

Seniň ýaşaýan öýüň ýanyndaky erbet goňşyň ýagşylygyny gizläp, erbetliklerini ýaýratmagyň we oňa ynam bildirmegiň seniň be­lany öz üstüňe çekmegiňdir (bela üçin gaýrat etmegiňdir).

* * *

Dawut alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Eý, Allam, maňa pitne boljak mal­dan, hojaýyn boljak oguldan, garrylykdan ýaňa saçlaryna ak düşen aýaldan gora. Şeýle hem haýyrly işi görüp gizlemek üçin we şer işi eşidip, derrew ýaýratmak üçin gözleri bilen maňa seredýän we gulaklaryny maňa gabardýan goňşudan gora».

* * *

Ibn Mesgut Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Neb­sim gudrat elinde bolan Alla kasam edýärin. Bir adam tä kalbyndan we dilinden salamatda bolýança we goňşusy onuň erbet zeperinden aman bolýança musulman hasap edilmez».

Ondan sorapdyr­lar:

— Erbet zeperleri näme bolýar?

Ol:

— Uly zyýan ýetirmek we zulum etmek — diýipdir.

* * *

Nahgy[34] şeýle diýipdir: «Biziň döwrümizde baý goňşulardan gaça durardy­lar».

* * *

Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Eý, oguljygym! Men daş we demir göterdim. Emma erbet goňşy ýaly agyr zat götermedim».

* * *

Arzan jaý satyn almakdan habardar bol, mümkin, ony goňşusy erbet bolany üçin satýandyrlar.

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Şamlylar rumlular bilen goňşuçylykda ýaşa­dylar, olardan iki häsiýet aldylar: namartlyk we bigaýratlyk. Basralylar hazarlylar bilen goňşuçylykda ýaşadylar, olardan iki häsiýet aldylar: zyna we biwepalyk».

* * *

Kim goňşusyna topulsa, öýüniň bereketi kesiler.

* * *

Abdylla ibn Abu Bukra öýüniň töweregindäkilere we öýüniň dört tarapyndan kyrk hojalyga sadaka berer eken. Olara çalmaga mal we ly­bas iberer eken, öýlenýänlere hem toý şaýyny tutup berer eken. Ol ýylyň beýleki wagt­larynda azat edenden başga her aýt baýramçylygynda ýüz guly azat eder eken.

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Goňşynyň goňşa ezýet bermezligi gowudyr. Emma iň gowusy goňşynyň ezýetine sabyr etmekdir».

* * *

Bir mätäç aýal Hasan Basrynyň ýanyna zat diläp gelipdir we oňa:

— Men seniň goňşyň — diýipdir.

Onda Hasan ondan:

— Biziň aramyz-da näçe öý bar — diýip sorapdyr.

Onda ol aýal:

— Ýedi öý — diýipdir.

Hasan pullaryny görüpdir, görse ýedi dirhem eken. Olaryň hemmesini oňa berip, ötünç sorap şeýle diýipdir:

— Biz seni bu ýere çenli getirip, ýadadyp heläk edýäris.

* * *

Kagp ibn Mame[35] eger gapdalyna kimdir biri goňşy bolup göçüp gelse, ony we maşgalasyny gerek zatlar bilen üpjün eder eken, ol bir zat sorap gelse oňa hemaýat eder eken. Eger onuň bir zadyna zeper ýetse, onuň ýerini doldurar eken, eger wepat bolsa, hoşlaşar eken.

Onuň ýanyna Abu Dawut Eýady göçüp gelipdir. Ol özüniň adaty boýunça oňa hem gerek zatlaryny beripdir. Şonuň üçinem araplar goňşysyny öwenlerinde: «Abu Dawudyň goňşusy ýaly» diýer ekenler.

* * *

Kaýs ibn Zuheýr şeýle diýipdir:

Togap edýän, togap edýän, sygynýan saňa –

Abu Dawudyň goňşusy, ýaly goňşyma.

* * *

Abdylla ibn Omar bir gezek goýun soýup, şeýle diýipdir: «Mundan ýahudy goňşymyza hem sowgat beriň! Sebäbi, men Resulallanyň: «Jebraýyl perişde maňa goňşy barada şeýle yzygiderli wesýet edýärdi welin, men goňşyny mirasdüşer eder diýip pikir et­dim» diýendigini eşitdim.

* * *

Jabyr ibn Abdylla Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys ro­waýat edipdir: «Goňşy üçe bölünýär. Bir goňşy bar, onuň bir haky bardyr, biriniň iki haky bar, biriniň üç haky bardyr. Bir haky bolan goňşy müşrik goňşudyr, onuň garyndaşlyk haky ýokdur, diňe goňşuçylyk haky bardyr. Iki haky bolan goňşy, musulman goňşudyr, onuň garyndaşlyk haky ýokdur, goňşuçylyk we musulmançylyk haky bardyr. Üç haky bolan goňşy musulman we garyndaş bolan goňşudyr. Onuň goňşuçylyk, musulmançylyk we garyndaşlyk haky bardyr».

* * *

Ynsana gelişýän zat, goňşusy musulman bolmasa-da, onuň goňşuçylyk hakyny göz öňünde tutmagydyr.

* * *

Abu Hureýra şeýle gürrüň beripdir: «Resulalla şeýle diýipdir: «Eý, Allam! Meni ýaşaýan öýümiň ýanyndaky erbet goňşudan gora. Sebäbi, goňşy er­bet bolsa göçülýändir».

* * *

Goňşy bäş görnüşlidir:

1.      Goňşulary bilen erbet gatnaşýan goňşy;

2.      Goňşulary bilen gowy gatnaşýan goňşy;

3.      Alaka ýaly ikiýüzli goňşy;

4.      Dürli öwsüp duran jikjiki guşy ýaly goňşy;

5.          Gözi saňa seredýän, kalby bolsa seni yzarlaýan sakyrtga ýaly goňşy.

* * *

Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Günä iş edýänleri ýigrenip, Alla özüňizi söýdüriň. Olardan uzaklaşmak bilen Alla ýakynlaşyň. Olary ýazgaryp, Allanyň razyçylygyny gazanyň».

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Diňe iki sany mertebesi belent adam Alla üçin biri-birini söýerler».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  öýüniň töwereginde birnäçe adamlary görüpdir. Ol:

— Bular kim? — diýip sorapdyr.

Oňa:

— Bular seniň şaýylaryň (toparlaryň) — diýipdirler.

Onda ol:

— Ýok, men bularda şaýylarymyň alamatlaryny görmeýärin — diýipdir.

 Ondan:

— Seniň şaýylaryň alamatlary nähili? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Olaryň açlykdan ýaňa ga­rynlary boşdur, suwsuzlykdan ýaňa dodaklary gu­rydyr, aglamakdan ýaňa gözleri gapylandyr — diýipdir.

 

* * *

Kim Rebbiniň razyçylygyny almak isleýän bolsa öz nebsine garşy çyksyn, kim öz nebsine garşy çykmasa Rebbi ondan razy bolmaz.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edip­dir: «Kyýamat gününe çenli her bir möminiň hökman ezýet berýän bir goňşusy boljakdyr».

* * *

Hezreti Aly şeýle diýipdir: «Eger men özümi ýigrendirjek bolup mömini şu gylyjym bilen ursam, ol meni ýigrenmez, eger meni gowy görkezmek üçin dünýädäki ähli zatlar mynapyga[36] söýdürilse, onda-da meni söýmez. Sebäbi, bu söz pygamberiň dilinden çy­kandyr. Ol maňa: «Mömin seni ýigrenip bilmez, mynapyk seni söýüp bilmez» diýdi».

* * *

Ahnefiň agasy (kakasynyň dogany) Sagsaga ibn Mugawyýa Sagdy[37] şeýle diýipdir:

Hezreti Ala uly hormat goýýaryn,

Syddyk bilen Farugy[38] hem söýýärin.

Osmana ýürekden söýgim – bir çeşme,

Her kes onuň suwun içmäge teşne.

Olaryň hiç birinde göremok duşman,

Gaýta doganlykdan-dostlukdan nyşan.

* * *

Dagbel Hazagy[39] şeýle diýipdir:

Söýdüm atam – enemi hem ýedisin Nebiniň neberesinden,

Muhammet – pygamberler atasyny we dostuny onuň.

Iki ýagşy kişi, gyzyn – iki ogly bilen,

Sowgatlary üçin däl, haky üçin Allanyň.

(Dosty – Hezreti Aly, iki ýagşy kişi – Hemze we Apbas, gyzy – Patma, iki ogly – Hasan we Hüseýin).

* * *

Merwan ibn Muhammet Surujy (ol emewi taýpasyndan we şaýy mezhebinden bolupdyr) şeýle diýipdir:

Haşym ibn Abdy Mennaf taýpasy, men mydama siz bilen,

Ganatly hem uçýan Japar, Alla şirleri Alydyr Hemze.

Saýlanysyňyz Allanyň, men umeýýeli bolup dursamda,

Allanyň öňünde olaryň edýän işlerinden daşdadyryn men herne.

* * *

Mälik ibn Enes[40] şeýle diýipdir: «Kim Resulallanyň sahabalarynyň bi­rine dil ýetirse, onuň jennetden nesibi ýokdur».

* * *

Awwam ibn Huşyp şeýle diýipdir: «Men bu ymmatyň ilkinji döwürlerini görenleri gördüm. Olar şeýle diýipdirler: «Ynsanlar bilen olaryň kalplaryny yslama meýillendirmek üçin Resulallanyň sahabalarynyň mylaýymlygy ýaly gürleşiň. Olar bilen aralarynda ulumsylyk we pitne döretjek äheňde gürleşmäň».

* * *

Bir adam Abu Süleýmanyň ýanyna gelip:

— Pylany we pylany meniň kalbymda hiç ornaşyp bilenok — diýipdir.

Onda ol:

— Olar meniň hem kalbymda ýok. Mümkin, olar senden we menden ýok edilendir. Näme üçin biz salyh adamlary söýüp bilmeýäris?! Mümkin, bizde haýyr ýokdur — diýipdir.

* * *

Dostuň — saňa özüniň sözünden öňürti gözi bilen düşündirýän kişidir.

* * *

Eger bir adamy üç günläp ýolbars bilen bile daňyp goýsaň, onuň bilen dost bolar.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Seniň dostlaryň üçdür, duşmanlaryň hem üçdür. Dostlaryň: — dostuň, dostuň dosty we duşmanyň duş­many. Duşmanlaryň: — duşmanyň, duşmanyň dosty we dostuň duşmany».

* * *

Hezreti Aly şeýle diýipdir: «Eý, oguljygym, akmak bilen dostlaşmakdan gaça dur. Saňa peýda berjek bolup, zyýany ýeter. Gysganç bilen dost bolmakdan saklan. Oňa mätäç bolan wagtyň seniň kömegiňe ylgamaz. Erbet kişi bilen hem dost bolmakdan saklan. Ol seni az baha satar gider. Ýalançy bilen hem dost bolma. Sebäbi, ol salgyma meňzär, daşdakyny ýakyn görkezer, ýakyndakyny daş görkezer».

* * *

 Hemaýatkär dosta mätäçlik çekmek, akar suwa mätäçlik ýalydyr.

* * *

Bir adam Ibn Zeýýada[41]:

— Men saňa goňşuçylygymy araçy edýärin we senden mähirlilik we näziklilik isleýärin — diýipdir.

Onda ol oňa:

— Goňşuçylyk iki diwaryň arasyna degişli zatdyr. Mähirlilik we näziklilik bolsa aýal­lara we çagalara gerekdir — diýipdir.

* * *

Şagby şeýle diýipdir: «Biziň Hezret Aly ibn Abu Talyp bilen gatna­şygymyza näme bolýar! Eger ony söýsek öldürilýäris, ony ýig­rensek heläk bolýarys».

* * *

Sopular şeýle diýipdirler: «Alla bilen dostlaşyň, eger muny başarmasaňyz, onuň dostlugynyň bereketi bilen Allanyň dostlugyna gowşar ýaly Allanyň dostlary bilen dostlaşyň».

* * *

Tawus şeýle diýipdir: «Resulallanyň sahabalary gözler ýalydyr. Gözleriň dermany bolsa oňa degmezlikdir».

* * *

Hezteti Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!)  bilen Hezreti Omara Resulallanyň iki bezegçisi diýipdirler. Olar oňa aýt günlerinde ýa-da onuň ýanyna ilçi topary gelende Hezreti Abubekr Syddyk sag tarapynda, Hezreti Omar bolsa çep tarapynda oňa bezeg berer ekenler.

* * *

Aly ibn Hüseýinden sorapdyrlar:

— Hezreti Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!)  bilen Hezreti Omaryň mertebesi Resulallanyň ýanynda nähilidi?

Onda ol:

— Olaryň ikisi hem onuň ýakyn dos­tudy — diýipdir.

* * *

Şerik ibn Abdylla halypa Mätiniň öýünde Hezreti Aly ibn Abu Talybyň aýratyn üstünlikleri barada hadys gürrüň beripdir. Kufaly bir adam oňa:

— Eý, Abu Abdylla! Sen bu gün bu hadyslaryň dürleri bilen gelipsiň — diýipdir.

 Onda ol:

— Men nädip üstünlikleri Hezreti Omara meňzeýän adamyň üstünliklerini gürrüň bermäýin?! — diýipdir.

Onda Kufaly:

— Seniň haýyr getirmegiňe haýran galdym — diýipdir.

* * *

Abdylla ibn Idris şeýle diýipdir: «Hezreti Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!)  yslamda ikiň ikinjisidir, gowakda ikiň ikinjisidir. Bedr gününde maslahatda ikiň ikinjisidir, guburda ikiň ikinjisidir, halypalykda ikiň ikinjisidir we jennetde ikiň ikinjisidir[42]».

* * *

Ibn Apbas şeýle diýipdir: «Hezreti Omar meni saýlanda, kakam maňa şeýle diýdi: «Ol seni Resulallanyň sahabalaryndan bolanyň üçin saýlamady. Menden şu üç zady ýatda sakla: Ol sende ýalan ýok­dugyna göz ýetirdi, onuň ýanynda hiç kimi aýyplama, hiç haçan onuň syryny açma».

* * *

Ykryma şeýle diýipdir: «Sahabalaryň her biri müň kişiden hem haýyrlydyr».

* * *

Hatda «olar on müň kişiden hem haýyrlydyr» diýipdirler .

* * *

Sufýan Söwri şeýle diýipdir: «Hezreti Abubekr Syddyk bilen Omary agzap olaryň gürrüňini etmek iň aňsat amaldyr».

* * *

Bir adam Resulalla:

— Maňa Allanyň we ynsan­laryň meni söýjek zadyny öwret — diýidpir.

Onda ol:

— Allanyň seni söýjek zady dünýäde takwa bolmagyňdyr. Ynsanlaryň seni söýjek zady hem eliňde bolan zadyňy olara bermegiňdir — diýipdir.

* * *

Öýke-kineden soňra dostlaşanlarynda «Şam şemallaryny ýakymsyz görüp halamadylar, ýöne men ol şemallary ýakymly etdim» diýýärler.

 

* * *

Şygyr:

Wepaly dost waspyny, nädip edeýin beýan,

Gorar seniň daşyňy, gaýgyny dep ediban.

 

* * *

            Meniň bolşum göýä bir köňül – aýna mysaly,

            Ýüzleri öz bolşunda - görüp bilýärin doly.

 

Muny hemme kişä söýgi bilen garanlarynda aýdar ekenler.

* * *

Suheýl ibn Abu Salyh şeýle diýipdir:

— Men kakam bilen Minada[43] gezip ýördüm. Biziň ýanymyzdan Omar ibn Abdyleziz geçip gitdi. Yn­sanlar ony öwüp, oňa doga etmäge başladylar. Men kakama:

— Görýärin weli, Allatagala Omary söýýär öýdýärin?! — diýdim.

Onda ol:

— Ol nähili? — diýip sorady.

Men:

— Ynsanlaryň ony söýýändiklerini görýärin — diýdim.

Onda ol:

— Sen kakaň hakyky ogly. Men Abu Hureýranyň Resulalladan şeýle rowaýat edendigini eşitdim. Ol şeýle diýipdir: «Eger Allatagala bir bendesini söýse aýdar: «Eý, Jebraýyl men pylan kişini söýýän, siz hem ony söýüň! Jebraýyl hem asmanda şeýle diýip gygyrar: «Allatagala py­lan kişini söýýär, siz hem söýüň! Bu habar ýerdäkilere gelip ýeter, olar hem ony söýerler».

 

* * *

Omar ibn Abdyleziz kakasyndan sorapdyr:

— Eý, kaka, saňa näme bolýar? Sen haçan-da hutba okap başlanyňda, bir ýerde durma­ýarsyň, heztet Alynyň adyny agzanyňda diliň peltekläp, reňkiň üýtgeýär we bedeniň titreýär.

Onda kakasy oňa:

— Eý, oguljygym! Sen muny görüpsiň-ow! Emma eger ol eşekler (haryjylar[44]) Alynyň kimdigini, biziň bilýän zatlarymyzy bilsediler, olar biziň yzymyza düşmezdiler — diýipdir.

* * *

Omar ibn Abdyleziz şeýle diýipdir: «Men Allanyň muhabbetine ters işler üçin maňa muhabbet edilmeginden Alla sygynýaryn».

* * *

Amr ibn As şeýle diýipdir: «Eger dostlar köpelse, duşmanlar hem köpeler».

* * *

Mutarraf dostlaryna şeýle diýipdir: «Eger men nebsimden razy bolsadym, sizi ýigrenerdim. Emma men ondan razy däl».

* * *

Eger erkin adamyň parzlary ýerine ýetirendigi görülmedik bolsa-da, dostunyň hajaty üçin ýörese ýer oňa giňeler (işi oňuna bolar).



[1]Gurhanyň «Şugara» süresiniň 101-nji aýaty.

[2]Utarut ýyldyzy – Merkuriý ýyldyzy.

[3]Hurmuz - sasanly döwletiniň 6-njy hýkümdary Hurmuz Ferzana.

[4]Mutenebbiniň bu setirleri Kafuryň Seýfeddöwläniň ýanyndan gideninde, oňa bagyşlap ýazan kasydasyndan alnandyr.

[5]Abu Abdylla Amr ibn Meýmun Ewdi Kufy - tabygyn neslinden bolan ynamdar hadys rowaýatçysy. Lakamy Abu Ýahýa. Jahylyýet döwründe ýaşan, ýöne Muhammet alaýhassalam bilen duşuşmadyk. Omardan, Ibn Mesgutdan, Mugaz ibn Jebelden, Abu Zerden we beýleki sahabalardan hadys rowaýat edipdir. 74-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[6]Jawert Abdy Bişr ibn Amr ibn Hanaş ibn Mugalla - jahylyýet döwründäki Bahreýniň şasy. Jawert onuň lakamydyr. Yslamy görüpdir we Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna öz kowmundan bir ilçi toparyny iberipdir. Onuň özi hristian bolupdyr, emma soňra yslamy kabul edipdir. Muhammet alaýhyssalam onuň musulman bolandygyna begenipdir we oňa hormat goýupdyr.

[7]Ýasrip — Medine şäheriniň öňki ady.

[8]Mugawyýa ibn Abdylla ibn Japar ibn Abu Talyp - medineli şahyr. 40-njy hijri ýylynda doglanda, kakasy Abu Abdylla Şamda emewi halypasy Mugawyýanyň ýanynda eken we onuň şanyna hem oňa Mugawyýa diýip at goýupdyr.

[9]Ýezit ibn Mugawyýa ibn Abu Sufýan - ikinji emewi halypasy.

[10]Ruh ibn Zenbag - Palestinanyň emiri. 84-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[11]Utbe ibn Mesgut Abu Abdylla — Medine müftüsi. Medinedäki 7 fakyhyň biri we tabygyn nesliniň meşhurlarynyň biri. Omar ibn Abdyleziziň terbiýeçisi. 98-nji hijri ýylynda Medinede wepat bolupdyr.

[12]Tarmah ibn Hekim ibn Hekem ibn Neser ibn Kaýs Taýy - Kufaly mugallym. Halyt ibn Abdylla Kusry bilen duşuşyp, ony özüniň şygyrlarynda wasp edipdir. Ol hem oňa sylag-hormat goýupdyr. Onuň boýy uzyn bolansoň oňa Tarmah diýipdirler. Lakamy Abu Nefer we Abu Dabyba bolupdyr. 125-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[13]Düşündiriş: Şaýylyk bilen haryjylyk biri-birine garşy bolan iki mezhepdir. Olaryň agzalary biri-birlerine duşman ýaly garapdyrlar. Araplaryň adnan taýpasy bilen kahtaniýe taýpasynyň arasynda hem dawa-jenjel bolupdyr.

[14]Seýit Hamyry – şaýy mezhebinden bolan şahyr.

[15]Binti Fejat – haryjy mezhebinden bolan aýal. Haryjylaryň ýolbaşçysy Katry ibn Fejatyň gyzy bolupdyr.

[16]Şebip ibn Şebibe Ibn Abdylla ibn Amr ibn Ahtam Temimi Mankyry Abu Muammar - Halyt ibn Safwanyň adamlarynyň biri. Halypalar bilen dostlaşypdyr, garyp-gasarlar bilen oturşar eken. 170-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[17]Abu Sagyt Hasan ibn Abdylla ibn Merzuban Seýrafy - edebiýatçy we dilçi alym. Onuň asly Seýrafly bolup, kakasy Begzat otparaz bolupdyr. 284-nji hijri ýylynda Seýrafda dünýä inip, şol ýerde hem ylym okapdyr, Ammanda we Bagdatda ýaşapdyr. Mugtezile mezhebinden bolup, diňe öz eli bilen gazanan zadyndan iýip içipdir. Hakyna kitap göçüripdir we şondan hem güzeranyny görüpdir. 368-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[18]Sag — ölçeg birligi.

[19]Ýusup ibn Subeýh Kätip - yjyl ogullary taýpasynyň azat eden guly. Kufanyň töwereklerinde ýaşan kätip. Öňürti emewileriň, soňra bolsa Abdylla ibn Ala Saffahyň we Mansuryň kätibi bolupdyr. Soň Abu Japar Mansuryň diwanynda kätip bolup işläpdir. Onuň aýlygy 10 dirhem eken. Soň Mansur oňa ýene 10 dirhem goşupdyr.

[20]Berra ibn Azyp ibn Harys Hazrajy Abu Ymara – sahaba. Kiçi ýaşdaka yslamy kabul edipdir we Resulalla bilen 15 söweşe goşulypdyr. Birinjisi Hendek söweşidir. Hezreti Osman halypalyga geçende, 4-nji hijri ýylynda ony Reýe emir edip iberipdir. Kazwiniň günbataryndaky Abhary, soňra Kazwini eýeläpdir. Soň Zenjany eýeläpdir. Soňra Kufada ýaşapdyr we 71-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Buhary bilen Müslim ondan 305 hadys rowaýat edipdirler.

[21]Abu Muhammet Süleýman ibn Mehran Agmeş Esedi – ynamdar hadys rowaýatçysy. Onuň asly Tabarystandan bolupdyr. Hüseýiniň öldürilen güni dünýä inipdir, ýagny 61-nji hijri ýylynyň aşura gününde dünýä inipdir. Kufa şäherinde önüp-ösüpdir. Kary, hapyz we paraýyz alymy bolupdyr. 1300 töweregi hadys rowaýat edip, 148-nji hijri ýylynda Kufada wepat bolupdyr.

[22]Abu Abdyrahman Abdylla ibn Mübärek Hanzaly Temimi Merwezi – ynamdar hadys rowaýatçysy. Onuň kakasy türkmen, ejesi bolsa horezmli bolup, 118-nji hijri ýylynda dünýä inipdir. Hadys alymlarynyň meşhurlarynyň biri. Fykh, edebiýat, dil we şygryýet ylymlaryny özünde jemläp, zahyt we takwa bolup, gije-gündiz ybadat edipdir. Jyhada, gazawata gatnaşypdyr. Kelam ylmyny dereksiz hasaplap, terk edipdir. 181-nji hijri ýylynda gazawatdan gaýdyp gelýärkä wepat bolupdyr. Onuň "Jyhat" atly kitaby bu ugurda ýazylan ilkinji kitapdyr.

[23]Ibn Kyrryýe Abu Süleýman Eýýup ibn Zeýt ibn Kaýs ibn Zirada Halyly – çarwa arap. Kyrryýe onuň ejesiniň adydyr. Sowatsyz, çarwa arap bolupdyr. Bir gün Aýnyttemre barýarka, ýolda Hajjaja sataşypdyr. Hajjaj onuň dilewarlygyna haýran galypdyr. 84-nji hijri ýylynda Hajjaj onuň kellesini aldyrypdyr.

[24]Abu Sagt Sehl ibn Huneýf ibn Wehb Ewsi Ensary – sahaba. Yslama ilkinji girenleriniň biri. Bedr, Uhut söweşlerine we beýleki söweşlere gatnaşypdyr. Hezreti Aly bilen dogan okaşypdyr. Hezreti Aly ony Jemel söweşinden soňra Basra häkim edip belläpdir. Soň Syffyn söweşine gatnaşypdyr. 38-nji hijri ýylynda Kufada wepat bolupdyr we Hezreti Alynyň özi onuň jynazasyny okapdyr. Hadys kitaplarynda onuň adyndan 40 hadys rowaýat edilýär.

[25]Syffyn söweşi – Hezret Aly bilen Mugawyýanyň arasynda bolan söweş.

[26]Şehr ibn Huşyp Eşgary - Esma binti Ýezit ibn Sekiniň azat eden guly. Fakyh, kary alym we hadysçy bolupdyr. Onuň ynamdar hadysçydygyna köp garaýyşlar bar. Asly Şamly bolup, Yrakda ýaşapdyr we hazyna işgärligine bellenipdir. 112-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[27]Şerik ibn Abdylla — hadys we fykh alymy. 95-nji hijri ýylynda Buharada dünýä inipdir. Apbasy halypasy Mansur ony Kufa kazy edip belläpdir. 177-nji hijri ýylynda şol ýerde hem wepat bolupdyr.

[28]Halylulla – «Allanyň dosty» diýmek.

[29]Ews ibn Harysa ibn Saglaba - ews taýpasyndan bolan şahsyýet.

[30]Kaýs ibn Sabyt Hatym ibn Adyý Ewsi Abu Ýezit - jahylyýet döwrüniň şahyrlarynyň biri. Onuň hijretden öňürti Hazreç bilen Ews kabylasynyň söweşleri barada köp şygyrlary bar. Yslamy öwer eken, ýöne kabul etmändir we musulman bolmanka öldürilipdir. Onuň gowy şygyrlary bar.

[31]Mugyra ibn Şugba - sahaba we yslam sekerdesi. 5-nji hijri ýylynda yslamy kabul edipdir. 50-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Muhammet alaýhyssalamdan 137 sany hadys rowaýat edipdir.

[32]Ýahýa ibn Aly Münejjim – mugtezile mezhebinden bolan şahyr we hadys rowaýatçysy. 278-nji hijri ýylynda Bagdatda dünýä inipdir we 300-nji hijri ýylynda hem şol ýerde wepat bolupdyr.

[33]Mugawyýa ibn Amr ibn Mugawyýa Ukaýly - şahyr. Oniň kakasy Mugawyýa ibn Abu Sufýanyň ýanynda gezer eken. 89-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[34]Ybraýym ibn Ýezit ibn Kaýs Abu Ymran Nahgy - tabygyn neslinden bolup, ynamdar hadys rowaýatçysy. 46-njy hijri ýylynda dünýä inip, Kufada ýaşapdyr we 96-njy hijri ýylynda Hajjajdan gizlenip, wepat bolupdyr. Öz döreden mezhebiniň mujtehit ymamy bolupdyr.

[35]Kagp ibn Mame ibn Amr ibn Saglaba Eýady - örän sahy we jomart şahsyýet.

[36]Mynapyk – iki ýüzli.

[37]Sagsaga ibn Mugawyýa Sagdy - sahaba. Hadys rowaýatçysy.

[38]Faruk – Hezreti Omaryň lakamy.

[39]Dagbel Hazagy - apbasylar döwründe ýaşap geçen şahyr.

[40]Mälik ibn Enes ibn Mälik Esbahy Hamyry Abu Abdylla - Medinäniň we 4 mezhebiň biriniň ymamy. 93-nji hijri ýylynda Medinede dünýä inip, 178-nji hijri ýylynda hem wepat bolupdyr.

 

[41]Ibn Zeýýat lakamy bilen Apbasylaryň döwründe ýaşap meşhur bolan şahyr. 173-nji hijri ýylynda dünýä inipdir we 232-nji hijri ýylynda hem Bagdatda wepat bolupdyr.

[42]Ikiň ikinjisi — Muhammet alaýhyssalamdan soň ikinji adamdyr diýmek.

[43]Mina — Mekgede bir dagyň ady.

[44]Haryjylar – Hezreti Ala garşy çykan topar.