ON DÖRDÜNJI BAP: BAGT, YKBAL, SAGADAT, BELA, BÄHBIT, ŞUMLUK, OŇUNA BOLMAZLYK, RYSGAL WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ON DÖRDÜNJI BAP: BAGT, YKBAL, SAGADAT, BELA, BÄHBIT, ŞUMLUK, OŇUNA BOLMAZLYK, RYSGAL WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Sowban[1] şeýle diýipdir: «Resulalla şeýle diýdi: «Ynsan özüniň günä iş etmegi sebäpli rysgalyndan mahrum bolýar. Görmeýärsiňizmi näme Adam Ata jennetde aýşy-eşretde ýaşaýardy, ol ýerden özüniň eden günä işi sebäpli çykaryldy».

* * *

Musa alaýhyssalam mynajatynda şeýle diýpdir:

— Ýa, Reb, näme üçin akmaga (bol) rysgal berýärsiň, akyllyny bolsa mahrum edýärsiň?

Onda Allatagala oňa:

— Akylla rysgalda hilegäriň hiç hili hile­siniň ýokdugyny bildirmek üçin — diýipdir.

* * *

Hezreti Abubekr Syddygyň (goý, Alla ondan razy bolsun!)  Abu Nafyg atly möwlasy[2] bagtly täjir eken. Ol eger haýsydyr bir zat satyn alsa, ol zat şol gün arzan­laýar eken. Eger haýsydyr bir zat satsa, ol zat şol gün gymmatlar eken. Şonuň üçin işi oňuna bolan kişilere: «Onuň Abu Na­fygyňky ýaly bagty bar» diýilýär.

* * *

Abu Zer Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ynsanlaryň dünýäde iň bagtyýarlarynyň pes ogly pesler boljaklary ýakyndyr[3]».

* * *

Buzurgmehre diýipdirler:

— Gel, biziň bilen ýazgyt barada pikir alyş.

Onda ol:

— Men ýazgyt barada pikir alyşyp näme edeýin, men görünýän zatlaryň görünmeýän zatlary aňladýandygyny, akmagyň bol rysgally, alymyň bolsa mahrumdygyny görýärin we bu işleriň bendäniň öz meýline däldigini bilýärin — diýipdir.

* * *

Akyl-ukyp taýdan öňde bolan, rysgalda yzdadyr.

* * *

Pelsepeçi şeýle diýipdir: «Hetdenaşa akyllylyk baýlyga päsgeldir».

* * *

Eflatundan sorapdyrlar:

— Näme üçin hikmet bilen mal bir ýere jemlenmeýär?

Onda ol:

— Kämilligiň hormaty üçin — diýipdir.

* * *

           

Abdylla ibn Mübärek şeýle diýipdir: «Biziň dünýäde zahyt bolmaýandygymyzyň sebäbi, onuň pes adamlaryň eline düşmezligi üçindir. Ýogsam biz dünýäde zahyt bolardyk».

 

* * *

Buzurgmehr şeýle diýipdir: «Allatagala eger rysgal hile bilen alnyp bilinýän bolsady, onda akyllynyň ony gazanmagyň tärini we mekirligi öz peýdasyna ulanmagy has gowy biljekdigini bilsinler diýip, abraýy akyl bilen, rysgaly nadan bolsaň hem alyp bolýandygyny beýan etdi».

* * *

Isgenderiň ejesi oňa dileg-doga edende şeýle diýer eken: «Alla saňa akyllylara hyzmat etmek üçin bagt bersin, ýöne bagt­lylara hyzmat etmek üçin akyl bermesin».

* * *

Abu Hyffan[4] şeýle diýipdir: «Merwan ibn Abul Jenup özüniň dürli şy­gyrlary bilen sylag alan kişidir. Mütewekkil oňa ýüz müň dinar berdi. Ony Ýemamada, Bahreýnde we Mekgede dürli ýokary wezipelere belledi. Özüniň dosty edip saýlady. Oňa hormat-sylag goýdy we halat ýapdy».

* * *

Ibn Taýfur[5] şeýle diýipdir:

Şygyr diýlen gylyçdyr, garşy durýar bir özi,

Kesip dogram-dogram edýär, ýokduram ýogsam ýüzi.

Eger-de şahyry serpaý bilen, sylaglasalardy,

Jomart-ha gedaý bolup, gedaý jomart bolardy.

* * *

Halypa Mugtemit Alalla ibn Mütewekkil şeýle diýen eken: «Gynançly şygyrlar altyn bilen ýazylsyn, aýdymçylar ony aýdym edip aýtsynlar».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Namysly gedaý günä edýän baýdan haýyrly­dyr».

* * *

Pylany rysgalyny köpeltmekçi we ýazgydyny ýeňmekçi bolýar. Emma oňa diňe ýazgydynda näme bar bolsa şol nesip bolar.

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  sahabalardan sorapdyr:

— Ynsanlaryň içinde ýaşaýşynda iň köp höwes ediljek kimdir?

Onda Abu Derda:

—Topragyň aşagynda, hasabyň öňünde, jeza çekmeýän, sylag-sogaba laýyk bolan — diýipdir.

Onda Omar:

— Dilewarlar munuň üstüne ýekeje harp goşmak üçin tagalla edýärler — diýipdir (ýagny mundan aňyrda beriljek manyly jogap bolmaz).

* * *

Eger bir kişiniň işi oňuna bolsa oňa şeýle diýipdirler: «Pylany eger, tiken ekse, üzüm miwe berýär».

* * *

Bir kişiniň işi ugruna bolmasa oňa şeýle diýipdirler: «Pylany eger ölüp Fyratyň süýji suwuna ýetse suw guraýar, eger eline ýakut daşyny alsa elinde daş aýna öwrülýär».

* * *

Aristotel şeýle diýipdir: «Ýazgydyň hereketi ýuwaşdyr, oňa çäre gözleýäniň hereketi çaltdyr. Sebäbi ýazgyt basgançaga çykyp barýan ýaly­dyr. Çäre gözleýän bolsa ýokardan aşaga atylan ok ýalydyr».

* * *

Tuweýs Muhannes[6] şumlukda atalar sözüne öwrülip galypdyr. Ol Muhammet alaýhyssalamyň wepat bolan gijesi dünýä inipdir, Hezreti Abubekriň ýogalan gijesi süýtden ke­silipdir. Hezreti Omaryň öldürilen güni muhannes bolupdyr, Hezreti Osmanyň öldürilen güni nikalaşypdyr. Hezreti Alynyň öldürilen gününiň gijesi ogly bolupdyr. Ol şeýle diýipdir: «Eý, medine­liler! Men siziň araňyzda bar bolup durdugymça Dejjal çyk­maz, men ölenimden soň siz salamatda bolarsyňyz».

* * *

Bagdatda bir paýhasly kätip bar eken. Ýöne ol kime hat ýazyp berse, hökman ol adam heläkçilige uçraýar eken. Hemmeler ondan betbagtçylyk gelýär diýip gaça durupdyrlar. Bir gezek Nasr ibn Man­sur ibn Bessam özüne ökde kätip gözläpdir we ýaňky kätibi tapypdyr. Oňa:

— Biz ondan uly zyýana galdyk, soň aýtmady diýmäň, ol şumdur — diýipdirler.

Onda ol:

— Meniň oňa duşmançylygym ýok we ol betbagtçy­lyk däldir — diýip, ony özüne kätip belläpdir.

Aradan birnäçe gün ge­çensoň Nasr öýken çişme keseli bilen keselläpdir we ölüpdir. Ibn Äşe[7] bu barada şeýle diýipdir:

Onuň soňky pidasy, oňa şan boldy,

Ol Nasr ibn Mansur ibn Bessam boldy.

Gylyç urup nijelere köp salym,

Berdi oňa öýken çişme keselin.

* * *

Abdylmälik ibn Merwan bir haryjynyň kellesiniň ke­silmegini emr edipdir. Onda ol haryjy:

— Eý, möminleriň emiri, seniň bu jezaň saňa peýdasy ýok — diýipdir.

Onda Abdylmälik:

— Ol nähili? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Men her gezek saňa seretmäge we saňa ýakynlaşmaga çyksam, ýanymdakynyň hemmesi dar­gaýarlar, öldürilýärler we asylýarlar. Meniň başgalar bilen seniň garşyňa bolmagym, seniň üçin ýanyňdaky bolanlardan ýüz müň esse bähbitlidir — diýipdir.

Ol hem gülüp, ony goýberipdir.

* * *

Eger bagt gelse towuk gazygyň üstünde ýumurtgalar, emma eger ol ýüz öwürse soky öz-özünden ikä bölüner.

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Başyna düşen hadysalaryň onuň bu hadysalardan netije çykarmagyna kömekçi bolan we ol hadysalaryň kömegine laýyk bolan adam iň bagtly adamdyr».

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Allatagala akyllynyň rysgalyň akyldan däldigini bilmegi üçin, akyllyny mätäç, nadany rysgally etdi».



[1]Sowban ibn Bejdet - sahaba. Resulalla ony gul hökmünde satyn alypdyr, soň bolsa azat edipdir.

[2]Möwla – azat edilen hyzmatkär.

[3]Bu hadysda kyýamat ýakynlaşanda haramzadalaryň özleriniň asylly saýjakdyklary barada aýdylýar.

[4]Abu Hyffan – Basraly şahyr. 257-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[5]Ahmet ibn Taýfur Abu Tahyr Horasany - şahyr. Asly Merweruzdan bolupdyr. 204-nji hijri ýylynda Mamunyň Horasandan Bagdada giren wagty dünýä inipdir.. "Taryhy Bagdat" atly kitabyň ýazary. 280-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. .

 

[6]Tuweýs Muhannes Isa ibn Abdylla Abu Abdylmulgym – mahzum taýpasynyň azat eden guly. Tuweýs onuň lakamydyr. 11-nji hijri ýylynda Medinede dünýä inipdir. Örän baý bolupdyr. Şeýle hem taryh we tire-taýpa bilimlerini bilipdir. 92-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Onuň ady betbagtçylykda nakyl bolup galypdyr.

[7]Ibn Äşe – basraly edebiýarçy we hadys alymy.