ON BÄŞINJI BAP:ÝAGDAÝLARYŇ ÜÝTGEMEGI, DÖWLETLERIŇ YNKYLABY, PITNELER, SÖWEŞLER, WEZIPEDEN BOŞADYLMAK, OLARYŇ ERBET NETIJELERI WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ON BÄŞINJI BAP:ÝAGDAÝLARYŇ ÜÝTGEMEGI, DÖWLETLERIŇ YNKYLABY, PITNELER, SÖWEŞLER, WEZIPEDEN BOŞADYLMAK, OLARYŇ ERBET NETIJELERI WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Abdylla ibn Omar Muhammet alaýhyssalamdan şeýle rowaýat edipdir: «Nebsim gudrat elinde bolan Alladan ant içýärin. Si­ziň üstüňize ýalançy hökümdarlar, bozgak wezirler, haýyn ýolbaş­çylar, zalym alymlar, pasyk karylar gelýänçä kyýamat gopmaz. Olaryň ýüzi ruhbanlaryň (monahlaryň) ýüzi ýalydyr, olaryň kalplary läşden hem erbet yslydyr, arzuwlary köpdür. Allata­gala olara garaňky pitnäni görkezer. Olar onuň içinde ýahudyla­ryň batyşlary ýaly batyp galarlar. Nebsim gudrat elimde bolan Alladan ant içýärin, yslam bogun-bogun söküler, hatda «lä ilähe illalla» diýjek musulman tapylmaz».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Eger Allatagala bir millete gazaplansa, şol milletde nyrhlar galar, söwda gazançly bolmaz, miweler ýetişmez, derýalaryň suwy köp bolmaz, ýagyş ýagmaz, şer köpeler».

* * *

Wezir Abdylla ibn Süleýmanyň mejlisinde pitnäniň başlangyjy barada mesele ýüze çykdy, käbirleri pitnäniň başlangyjy «Hezreti Osmanyň öldürilmegi»[1], käbiri bolsa «Hüseýiniň öldürilmegi»[2] diýipdirler.

* * *

Şagby şeýle diýipdir: «Tä ylym nadanlyga, nadanlyk hem ylyma öwrülýänçä kyýamat gopmaz».

* * *

Mugawyýa şeýle diýipdir: «Biziň zamanymyz belli, öten zaman näbelli. Näbellidigi belli bolan geljek zaman heniz gelmedi».

* * *

Enes şeýle diýipdir: «Hiç bir gün, gije, aý, ýyl ýokdur, onuň öň ýanyndaky bolan gün, gije, aý, ýyl ondan haýyrlydyr. Men muny siziň pygamberiňizden eşitdim».

* * *

Ýunus ibn Meýsere şeýle diýipdir:

Aglaýaryn geçen güni ýada salan halatym men,

Rebbim, bu gün öňki geçen günlem üçin agladym men.

* * *

Abdylla ibn Hanyk Antaky şeýle diýipdir: «Ýeriň ýüzünde heder edilmeýän hiç zat galmady, olaryň birinjisi hem men».

* * *

Zyýan çekeniň biri ýüzüginiň gaşyna şeýle diýip ýazypdyr: «Sabyr et, döwür birnäçe döwletdir».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Ynsanlar bir zada gowy diýseler, döwür onuň üçin erbet gün gizläp goýandyr».

* * *

Ilkinji döwür jahylyýet sözlerinde şeýle diýlipdir: «Her ýaşaýjy gider. Her köp azalar».

* * *

Beşşar ibn Burt[3] şeýle diýipdir: «Men şeýle döwürde ýaşadym we şeýle ko­wumlary gördüm, dünýä olar sebäpli aýak üstünde durdy. Men şu wagt şeýle döwürde ýaşaýaryn welin akylly-paýhasly akyldar, ýiti jenaýatkär, namysly derwüş, abraýly sahy, ynamdar hyzmatkär, jandan dost we çörege mynasyp kişi görmedim».

* * *

Mugawyýa Zyýada hat ýazyp:

— Harys ibn Jabyry wezipeden boşat. Syffyn pitnesi ýadyma düşende meniň köňlümde öýke döreýär— diýipdir.

Zyýat oňa:

— Eý, möminleriň emiri, gynanmaň! Ol şeýle bir beý­geldi welin, hiç amal ony beýgeltmez, wezipeden boşatmak hem ony peseltmez — diýip jogap beripdir.

* * *

Başga bir rowaýatda bolsa Mugawyýa oňa şeýle diýip ýazyp­dyr:

— Hindistanyň aýlagy üçin mynasyp adam saýla.

Onda Zyýat:

— Meniň göz öňünde tutýan iki kişim bar: Ahnef ibn Kaýs we Si­nan ibn Seleme — diýip jogap ýollapdyr.

Mugawyýa oňa:

— Biz Ah­nef ibn Kaýsy haýsy eden işi üçin sylaglaly, möminleriň enesini kyn ýagdaýda taşlap gideni üçinmi ýa-da Syffyn gününde bize garşy alyp baran işleri üçinmi? Sinany belle — diýip hat ýazypdyr.

Zyýat oňa:

— Ahnefiň abraýy halymlykda we ýol­başçylykda şeýle derejada beýgeldi welin, ony ne häkimlik ne-de wezipeden boşatmak peselder — diýip, jogap hatyny ýazypdyr.

* * *

Mutarraf şeýle diýipdir: «Siz hökümdarlaryň bolelinlikde ýaşaýandyklaryna we olaryň ýumşaklygyna seretmäň. Siz olaryň ýerlerini çalt çalyşýandyklaryna we erbet netijelerine serediň, ondan ybrat-görelde alyň».

* * *

Temim taýpasyndan bir garry hökümdarlar barada: «Olaryň üýtgäp durmagy nähili çalt bolup geçýär. Eýesine jähennemi gazandyrjak gysga ömür eýesi üçin bet­bagtçylykdyr» diýipdir.

* * *

Bir adam harap bolan bir köşgüň ýanyndan geçip barýarka: «Ony gurduran gitdi, yzda harabaçylyk galdy» diýipdir.

* * *

Amyr ibn Ysmaýyl Merwan ibn Muhammedi öldürenden soň, onuň öýüne girip, onuň düşeginde oturypdyr. Şol wagt Abdet binti Merwan gelip oňa: «Eý, Amyr, wagt Merwany düşeginden inderdi we eger akyl ýetirseň saňa hem onuň başyna gelenleriň geljekdigini duýdurmak üçin ol ýerde oturtdy» diýipdir.

* * *

Mälik ibn Dinar[4] şeýle diýipdir:

— Men bir köşgüň ýanyndan geçdim. Onuň içinde gyrnaklar dep kakyp şeýle diýýärdi­ler:

Eý, mukaddes ojak, saňa gam-gussa girmez,

Sende ýaşaýanlardan hem hiç zaman – döwür irmez.

Birnäçe wagtdan soň, şol ýerden geçdim. Köşk ýykylypdyr we haraba bolupdyr. Ol ýerde bir garry aýal şeýle diýýärdi: «Saňa gaýgy girdi, seniň ýaşaýjylaryň üstünden zaman geçdi».

* * *

Abdylmälik ibn Umeýr[5] şeýle diýipdir: «Men Hüseýiniň kellesini Ibn Zyýa­dyň elinde Kufa köşgünde gördüm. Soň Ibn Zyýadyň kellesini Muhtaryň elinde, Muhtaryň kellesini Musgabyň elinde, onuň kellesini hem Abdylmäligiň elinde gördüm».

 

* * *

Sufýan Söwri şeýle diýipdir: «Men Abdylmälik ibn Ubeýrden:

— Birinji kelle bilen soňky kelläniň arasynda näçe ýyl bardy? — diýip soradym.

Ol:

— On iki ýyl — diýdi.

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Eşidişime görä Abdylmälik ibn Merwan we Muhammet ibn Jubeýr ibn Mutam ikisi Mugawyýanyň[6] gubu­rynyň ýanyndan geçip barýarka, onuň üstünde ýanyp duran ot görüpdirler».

* * *

Erbetligi gowulyga çalyş. Aýallygy erkeklige çalşyr.

* * *

Bir adam şeýle diýipdir: «Men Ybraýym ibn Mätini şu öýde, ýagny ha­lypalyk köşgünde bäş gatlakda gördüm. Öňürti ony Harun Reşidiň we Mamunyň döwürlerinde olaryň dosty mahaly gördüm. Soň ha­lypa wagty gördüm, soň ony köpçüligiň arasynda gördüm, soň puşman edenleriň arasynda gördüm, soň ony Mugtasymyň döwründe haşym taýpasynyň şyhlarynyň arasynda gördüm. Onuň halypa bellenilenine heniz ýekeje gije hem geçmänkä, ol Mamun tarapyndan agdaryldy. Emma ol onda-da ondan öýke-kine etmedi we onuň eden işine razy boldy».

* * *

Eger haýyr gelýän ýere geleňsizlik edilse, ol ýerden şer ge­ler.

* * *

Razy Billäh şeýle diýipdir:

Ynsanyň kimligi tanalar, duýlar,

Kämahallar üýtgäp durka ýagdaýlar.

* * *

Dynçlygyň synagy gussanyň elinde, salamatlygyň başy zyýançylygyň ganaty astyndadyr.

* * *

Hezreti Tawus bir gezek Mekgä gelende dostunyňkyda düşläpdir. Bir gün dosty oňa:

— Eý, Abu Abdyrahman, biziň işi­miz şeýle şowuna bolýar welin, eger gul satyn alsak hem ondan peýda gazanýarys, hatda ýumurtgalarymyz öýüň petiginden ýere gaçsa hem döwülmeýär — diýip dillenipdir.

Mundan soňra Tawus onuňka myhmançylyga gelmegini kesipdir.

Günlerde bir gün ýaňky adam onuň ýanyna gelip:

— Biziň işimiz hiç şo­wuna bolanok — diýipdir.

Bu wakadan soňra ol ýene onuňka myh­mançylyga gelipdir we ol Tawusdan onuň näme üçin gelmändigini sorapdyr. Onda Tawus:

— Men Allanyň sizden ýüz öwrendigini gördüm we menem ýüz öwürdim, soň Allanyň size ýönelendigini görüp, menem size ýöneldim — diýipdir.

* * *

Dünýäniň geň-taň wakalarynyň biri hem Abu Aly Ibn Mak­lanyň[7] öňürti eliniň, soňra diliniň kesilmegidir.

Soň ol özüni jezalandyrana, ýagny Razy Billähe[8] hat ýazyp, özüni wezirlige bellemegi we berlen jezanyň sebäbi hökmünde alnan emläklerini yzyna berilmegini haýyş edýär. Şeýle hem özüniň mürzelige güýjüniň bardygyny beýan edip, oňa hile etmäge synanyşýar.

Onuň başdan geçiren beýleki wakalary hem, ol üç gezek wezirlige bellenýär we üç haly­panyň weziri bolýar, ýagny Muktediriň[9], Kahyryň[10] we Razynyň weziri bolup işleýär. Ol ömründe üç gezek sapara çykýar, ikisi Şiraza, biri hem Mosula. Ol üç gezek depin edilýär. Ol ilki Darus-Soltanda ýerlenýär. Soň hossarlary ony özlerine bermegi soraýarlar we ony gazyp alýarlar we ogly Abul Hüseýn ony öz öýünde ýerleýär. Soň ony Dinaryýa atly jähti[11] gazyp çykarýar we Ümmi Hanyp köşgündäki öýünde ýerleýär.

* * *

Harun Reşit Fadyl ibn Ýahýany wezirlikden boşadyp, onuň ýerine onuň dogany Japar ibn Ýahýany belleýär. Ýahýa ogly Fadyla hat ýazyp şeýle diýipdir:

— Möminleriň emiri ýüzügi seniň çep eliňden sag eliňe geçirmegi makul gördi öýdýärin.

Onda Fadyl oňa şeýle jogap ýazyp:

— Möminleriň emiriniň permany başymyzyň üstüne. Menden giden nygmat, doganyma bardy — diýipdir.

* * *

Ahmet ibn Hasyp[12] işden boşadylypdyr. Buga Türki[13] ol barada:

— Nygmat ony azdyrdy, rehimsizligi ony tutdy — diýipdir.

Ha­san ibn Muhammet bolsa:

— Oňa meňzemeýän kim onuň ýanyna girse, çy­kanda oňa meňzäp çykýardy — diýipdir.

 Ybraýym ibn Hamdun[14] ol barada:

— Onuň döwründe biabraýçylyk köpeldi, onuň biabraý bolmagy bilen mürüwwet güneşi dogdy — diýipdir.

* * *

Mätiniň weziri Ýakup ibn Dawut[15] abraýly we geçirimli ki­şi bolupdyr. Ol emri magruf we nehýi münker[16] eder eken, şeýle hem ol haýyr-sahawatly kişi bolupdyr. Ol bir alawyny (şaýyny) ölümden halas edendigi üçin halypa Mäti ony  zyndana salypdyr. Ýakup ol ýerde on bäş ýyl, ýagny Mätiniň, Hadynyň we Harun Reşidiň halypalyk döwürlerinde tussaglykda, tä Allatagala ony öz rehmeti bilen Harun Reşidiň kalbyna çykarmak pikirini salýança ol ýerde ýatypdyr. Muňa hem şu ýagdaý sebäp bolupdyr:

Bir gezek Harun Reşit gyzjagazyny boýnuna alyp, göterip ýören eken. Harun Reşit şol wagt Ýakubyň özüni çaga wagty boýnuna alyp göterendigini ýadyna salýar we ony boşadýar. Soň oňa wezirlik ýüzügini berýär. Emma ol ony kabul etmeýär. Ýakup ondan Mekgede ýaşamak üçin rugsat soraýar. Harun Re­şit oňa rugsat berýär. Ýakup (Alla rehmet etsin) Mekgede wepat bolýar.

* * *

Sahyp ibn Abbat bir arçynyň möhürinde şeýle ýazylandygyny görüpdir: «Eger sen bize gerek bolsaň, biz seni ulanarys, eger ge­rek däl bolsaň, ulanmarys».

* * *

Abubekr Horezmi bir adamyň wezipeden boşadylandygy barada: «Meni ýaş­lygymda mal bilen synag eden we ululygymda kämillik sagdynlygyny beren Alla öwgi bolsun» diýipdir.

* * *

Ar däldir mert adama baýlygynyň gitmegi,

Emma ardyr ol adama mertebäniň ýitmegi.

* * *

Mal-mülk bir nesipdir, bir köpelýär, bir azalýar, bir görseň gider, soň ýene gaýdyp geler.

* * *

Abdylla ibn Japaryň gyzy gelnalyjy bilen Hajjajyň ýanyna getirilende, Hajjaj onuň gözýaşlarynyň iki ýaňagyndan boýur-boýur akýandygyny görüpdir we ondan:

— Enem-atam gurban bolsun, näme üçin aglaýarsyň? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Abraýyň kemsidilendigi üçin we kemsidilmegiň abraý hasaplanýandygy üçin aglaýaryn — diýipdir.

* * *

Ubeýt ibn Şeriýe[17] iki ýüz ýigrimi ýaşapdyr. Mugawyýa ondan bu asyrlarda näme görendigini sorapdyr. Onda ol:

— Men: «Ynsanlyk gitdi» diýen adamlary gördüm — diýip jogap beripdir.



[1]Osmanyň öldürilmegi bilen Hezret Alynyň we Mugawyýanyň arasynda duşmançylyk başlanýar.

[2]Hüseýiniň öldürilmegi bilen emewilere garşy pygamber neberesiniň duşmançylygy başlanýar.

[3]Abu Mugaz Beşşar ibn Burt - emewiler we apbaslylar döwründe ýaşap geçen Toharystanly şahyr.

[4]Mälik ibn Dinar Samy Najy Abu Ýahýa Basry Zahyt – ynamdar hadys rowaýatçysy. Kakasy Sijistandan bolupdyr. Ibn Hybban hadysda ony ynamdar hasaplaýar. 130-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[5]Abdylmälik ibn Umeýr ibn Suweýt ibn Harysa Kuraýşy - ynamdar hadys rowaýatçysy. 136-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[6]Emewi halypasy Mugawyýa ibn Abu Sufýan.

[7]Muhammet ibn Aly – apbasly wezir. Ibn Makla onuň lakamydyr. 328-nji ýylda wepat bolupdyr.

[8]Abul Apbas Muhammet ibn Muktedir Billäh Japar ibn Mugtazyt Billäh Ahmet Razy Billäh - apbasly halypasy. 322-nji hijri ýylynda halypa bolupdyr we 329-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[9]Muktedir Billäh Japar ibn Mugtezit Billäh Ahmet ibn Talha - apbasly halypasy. 282-nji hijri ýylynda dünýä inipdir. 295-nji hijri ýylynda halypa bolupdyr we 320-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[10]Kahyr Billäh Muhammet ibn Ahmet Mugtezyt ibn Talha Muwaffak Apbasy Abu Mansur - apbasly halypasy. 287-nji hijri ýylynda dünýä inipdir. 320-322-nji hijri ýylynlar arasynda halypa bolupdyr we 339-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[11]Jäht – şa öýünden çykan aýal emirler.

[12]Ahmet ibn Hasyp — apbasly halypalary Wasygyň we Mütewekkiliň kätibi. Soň 247-nji hijri ýylynda Mustegynyň kätibi bolupdyr. Mustegyn bir iş üçin oňa gaharlanypdyr we onuň emlägini döwletiň haýryna geçirip, özüni hem sürgün edipdir

[13]Buga Türki - haýsy Bugadygy näbelli. Sebäbi üç sany Buga bardyr. Uly Buga, Kiçi Buga we Buga Şeraby. Bularyň üçüsi hem Ahmet ibn Hasyp işden boşadylanda bardy.

[14]Hamdun ibn Ysmaýyl – apbaslylaryň döwründe ýaşap geçen kätip.

[15]Ýakup ibn Dawut ibn Amr Süleýman – apbasly halypasy Mätiniň weziri. Bir alawyny ölümden halas edendigi üçin Mäti ony  tussag edipdir. Soň 175-nji hijri ýylynda Reşit ony zyndandan çykaryp, ähli mal-mülküni yzyna gaýtaryp beripdir. 187-nji hijri ýylynda Mekgede wepat bolupdyr.

[16]Ýagşylygy emir edip, erbetlikden gaýtarmak.

[17]Ubeýt ibn Şeriýe Jerhemi - jahylyýet döwründe ýaşan akyldarlaryň biri. Resulyllany görüpdir we 220 ýaşap, 67-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.