ALTYNJY BAP:ÝERLER, DAGLAR, DAŞLAR, GYMMATBAHA DAŞLAR, ÇÖLLER WE ÝER TITREME HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ALTYNJY BAP:ÝERLER, DAGLAR, DAŞLAR, GYMMATBAHA DAŞLAR, ÇÖLLER WE ÝER TITREME HAKYNDA

 

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Ýere mesh (tagzym) ediň. Sebäbi ol size hyzmat edýär».

* * *

Şygyr:

 

Ýer düşekdir, ol mähriban enemiz,

Eklenç - ondan, ýapynýanam ony biz.

* * *

Ibn Apbasyň aýtmagyna görä, ikinji ýeriň gatlagynda şeýle mahluklar bar. Olaryň ýüzleri we bedenleri, göýä adamzadyň ýüzleri we bedenleri ýaly. Agyzlary itleriňki ýaly. Aýaklary we gulaklary sygyryň aýaklary we gulaklary ýaly. Saçlary hem goýnyň ýüňleri ýaly. Olar Alla hiç günäkär bolmaýarlar. Biziň gijämiz olaryň gündizi, biziň gündizimiz olaryň gijesidir.

* * *

Ibn Mesgudyň Muhammet alaýhyssalamdan eşidip, gürrüň bermegine görä, Resulalla Gurhanyň: «Ýer ýerden başga bir hala getirilende»[1] aýaty barada şeýle diýipdir: «Ol ýer göýä ap-ak kümüş ýaly bolar. Onuň üstüne hiç haram gan dökülen däldir, onuň üstünde hem günä iş edilen däldir».

* * *

Hajjaç bir hutbasynda şeýle diýipdir: «Allatagala Adamy we onuň zürýadyny toprakdan ýaratdy. Ynsanlar topragyň üstünde ýöreýärler. Topragyň miwesinden iýýärler. Onuň derýalarynyň suwundan ganýarlar. Onuň gatlaklaryny aýyrýarlar. Alla olary yzyna ýere berende, ýer onuň etlerini edil öz miwelerini iýişi ýaly iýer we ganyny edil öz suwuny içişi ýaly içer, onuň bogazlaryny, edil özüniň gatlaklaryny goparyşy ýaly aýrar».

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Fazyl Rakkaşy[2] köp kyssa gürrüň bererdi. Amr ibn Ubeýt we Hyşam ibn Hysan[3] onuň ýanyna gelýärdiler. Şu tymsal hem onuň aýdan sözlerindendir. Ol bir gezek olara garap: «Soraň ýerden: «Derýalaryňy kim döretdi, agaçlaryňy kim ekdi, miweleriňi kim ýetişdirdi diýip». Eger ol saňa dili bilen jogap bermeýän bolsa, onda ol öz haly-ýagdaýy bilen jogap berýändir» diýipdir.

* * *

Ýagla ibn Munebbih Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim-de kim bir ýeri nähak alsa, kyýamat-magşarda onuň topragyny arkasyna alyp gezmeli bolar».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Rysgalyňyzy toprakdan gözläň».

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  basralylaryň ýerleri zaýalap başlandyklaryny eşidende, olara: «Ýeriň ýüzüni zaýalamaň, sebäbi onuň domalany ýüzündedir» diýipdir.

Domalan diýip hasyl alynýan ýere aýdylýar.

* * *

Ekerançylyk diňe iki zadyň bereketi bilen hasyl berer:

Asman bereketi — ol ony öz suwy bilen suwarýar.

Ýer bereketi — ol ony öz topragy bilen ýetişdirýär.

* * *

Zyýat ibn Ebiýh şeýle diýipdir: «Daýhanlara ýagşylyk ediň. Sebäbi, eger olar baýamasa, siz baýamarsyňyz».

* * *

Kimiň ýeri bar bolsa, ol utulan däldir.

* * *

Ybraýym ibn Yshak Mesbagy[4] şeýle diýipdir: «Patyşalaryň işi il-güni abadan etmek bilen meşgul bolmakdyr. Olara söwda kän haýyrly däldir».

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Gaty gürlemek we gödek sözlülik ynsana jebir-jepadyr. Olar meýdanda adamlaryň ünsüni özüne çekmek üçin ýa-da mal bazarynda gygyrylýan seslerdir».

* * *

Muhannes ybadat etmek üçin Lukam dagyna tarap ýola düşüpdir. Ol dagyň çür depesine çykanda: «Kyýamat güni seni ýüň ýaly tüýdüm-tüýdüm halda görenimde maňa nähili erbet bolar» diýipdir.

Hums bilen Damask aralygynda uzalyp gidýän daga Lubnan ýa Kiçi Lukam diýýärler. Tä Antakyýa we Mesysa daglaryna birleşip gidýänçä bolsa Uly Lukam diýýärler.

* * *

Bu dagda abdallar[5] ýaşaýarlar. Aýdylyşyna görä, olar togsan şahs bolmaly. Olaryň biri wepat bolsa, ýerine başga biri bellenilýär. Allatagala öz bendelerine bularyň dogasy bilen rehim edýär we seredýär .

* * *

Beýt:

Lubnan mazarystanlygy ýerleşen ýer — ol Şamdyr,

Ondan Urj daglaryna çenli abdallara mekandyr.

* * *

Abu Dulef Hazreji şeýle diýipdir:

Şalaryň tagtyny çalşyşy ýaly,

Çalyşýar ornuny Lukam abdaly.

* * *

Suleým taýpasynyň hyrasy[6] täsinlikleriň biridir. Ol ýeri gap-garadyr. Ol ýerde ýaşaýan suleým taýpasy hem şol ýer ýaly garadyr. Ol ýere suleým taýpasyndan başga kim gelse reňki gara bolýar. Käbir Slawýan-Rum döwletleri ol ýerleri özlerine mekan edinipdirler. Olar we olardan doganlary suleým taýpasyndan hasaplap başlapdyrlar. Ol ýerde ýaşaýan mallar: goýun, at we ýyrtyjy jandarlar hem garadyr.

 

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Bu ýer türkleriň ýurdy ýalydyr. Ol ýerdäki hemme zat türk tebigaty ýaly görünýär. Onuň gara daşa öwrülen külüni we aşgaryny ulanyp, ondan degirmen ýasaýarlar».

* * *

Tus şäheriniň ýaşaýjylary özleriniň gap-çanak, küýze ýasaýan daşlary barada: «Alla Dawut alaýhyssalama demiri ýumşadyşy ýaly bize daşlary ýumşatdy» diýýärler.

* * *

Taganyň üç aýagynyň biri dagyň gaýasynyň daşyndan ýasalypdyr, gazanyň tagany bolar ýaly oňa iki sany ýönekeý daş hem goşupdyrlar. Ol üçünji aýak berkligi üçin nakyla öwrülipdir. Şonuň üçinem onuň berkligi barada: «Ony üçünji aýagy bilen oýdy» diýýärler.

* * *

Jerire[7], Farazdaga[8] we Ahtala[9] olaryň kyrk ýyllap tankyt bilen iş salyşandyklary, ýagny ýamanlap gezendikleri üçin «şer tagany» diýlipdir.

* * *

Bedig[10] şeýle diýipdir:

Göýä mesan aýatynyň[11] biri ýaly jesedim,

Bagry bolsa taganyň bir aýagy, esediň.

* * *

Abu Ahmet Merweruzy[12] kelam alymlarynyň uzak jedelleri, çekişmeleri, meseleleri we öz ýollaryny subut etmekleri barada şeýle şygyr aýdypdyr:

Öz işlerin gyzyp-gyzyp görkezýän dek hyýallar,

Betniýete münýänçäler taraplar has kejeňek.

Soňam hiç zat bolmadyk dek şo-ol öňküsi bolýarlar.

Agşam ýatyp, säher bilen turýan ýaly jedele.

* * *

Çarwa arapdan:

— Siz çölde howa gyzanda näme edýärsiňiz? — diýip sorapdyrlar.

Ol hem:

— Ondan başga hezil ýaşaýyş barmy. Biz çadyrlarymyzy dikýäris we ony boýdan-başa gömýäris. Soň onuň üstünde ýel çaldyrmak üçin oturýarys. Göýä patyşanyň köşgünde oturan ýaly bolýarsyň — diýipdir.

* * *

Ýene-de çarwa arapdan:

— Siz çölde nädip çydaýarsyňyz? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Iýmiti gün, suwy ýel bolan nädip çydamasyn — diýip jogap beripdir.

* * *

Asyllylyk, akmaklyk, bereketlilik, gyrgyn keseli, baýlyk, soltanlyk, sagdynlyk, mätäçlik çölde ýygnanyşypdyrlar.

Olar:

— Çöl bize çydamaz. Geliň biz çar tarapa dargalyň — diýişipdirler.

 Asyllylyk:

— Men Ýemene gidýärin — diýipdir.

Akmaklyk hem oňa:

— Men hem seniň bilen — diýipdir.

Bereketlilik:

— Men Şama gidýärin — diýipdir.

Gyrgyn keseli oňa :

— Men hem seniň bilen — diýipdir.

Baýlyk:

— Men Yraga gidýärin — diýipdir.

Soltanlyk oňa:

— Men hem seniň bilen gidýärin — diýipdir.

Mätäçlik:

— Men hereket etmeli — diýipdir.

Sagdynlyk hem oňa:

— Men seniň bilen — diýipdir.

Şeýdip mätäçlik bilen sagdynlyk çölde galypdyrlar.

* * *

Keşiniň duzy Samarkandyň Sogt diýen ýeriniň aýratynlygydyr. Onuň reňki gyzyl, ýöne ol owradylanda ap-ak bolýar.

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Häkim adalatdan uzaklaşsa, ýagyş az bolar, öz peýdasyna çapsa duşman ýeňer, jelepçilik ýüze çyksa ýer titrär».

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Siz ýaş düýäniň patanaklamasy ýaly patanaklamadan, ýagny ýeriň titremesinden habardar boluň».

* * *

Omar ibn Abdyleziz öz esgerlerine hat ýazyp, şeýle diýipdir: «Salamdan soň. Hakykatdan hem biziň eşitmegimize görä, ýer titreme Allanyň ýaradanlaryna berýän jezasydyr. Men öz günälerinden we ýalňyşlyklaryndan toba etmeklerini isläp, goşunyma hat ýazdym. Kimiň güýji ýetse sadaka bersin».

* * *

Ýer titräp başlanda Hezreti Aly şeýle diýer eken: «Gör, nähili çalt, gör, nähili utanç!»

* * *

Kagbul Ahbar bir gezek ýer titrände, özüniň ýalňyş bir eden işi üçin Allanyň gahar-gazaby gelendir öýdüp pikir edipdir.

* * *

Ibn Mesgudyň döwründe ýer titräpdir. Ol: «Biz aramyzda pygamber barka bereket gördük. Siz eger ýer titreýändigini görseňiz gorkuň» diýipdir.

* * *

Resulallanyň bir dileg-dogasynda şeýle diýilýär: «Eý, Allam, meni öňümden, yzymdan, sagymdan, solumdan, üstümden gelýänlerden gora. Men seniň ýerden çykaýjak heläkçiligiňden pena isleýärin».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  Mälik Eşteriň[13] ölüm habary gelende, şeýle diýipdir: «Alla rehmet etsin, eý, Mälik! Ol nähili gowy dostdy. Eger Mälik bir belent dag bolsady, ne üstüne biri aýak basyp bilerdi, ne-de üstüne uçýan guş gonup bilerdi».

* * *

Ähli kitapdan[14] käbiri: «Kim kakasyndan miras galan ýeri ýa-da öýi satsa, ony gijäniň iki tarapy çagyrar (ol mätäçlik çeker)» diýipdirler.



[1]Gurhanyň «Ybraýym» süresiniň 47-nji aýaty.

[2]Fazyl ibn Isa ibn Eban Rakkaşy — hadys alymy. Ýöne hadysçylar ony ynamdar hasaplamaýarlar.

[3]Abu Abdylla Hyşam ibn Hysan Ezdi — Basrada ýaşap geçen hadys alymy.

[4]Emir Ybraýym ibn Yshak ibn Ybraýym ibn Musgap Hazagy — Apbasy döwletiniň emirleriniň biri.

[5]Abdallar – weliler, gaýyp erenler.

[6]Hyra – wulkanly, gara daşly ýer.

[7]Jerir ibn Utbe ibn Huzeýf Hatfy ibn Bedr Kelbi Ýerbugy - temim ogullary taýpasyndan bolan şahyr. 28-nji hijri ýylynda Ýemamada dünýä inipdir we 110-nji hijri ýylynda hem wepat bolupdyr.

[8]Human ibn Galyp ibn Sagsaga Temimi Darymy Abu Farys – basraly şahyr. Farazdak lakamy bilen meşhur bolupdyr. Yslam şahyrlarynyň birinji gatlagyndan hasaplanypdyr. 110-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[9]Ahtal Gyýas ibn Gaws ibn Sagt ibn Taryka ibn Amr Abu Mälik – taglap ogullary taýpasyndan bolan şahyr. 19-njy hijri ýylynda Hyra töwereginde dünýä inipdir. Hristian dinine uýupdyr.

[10]Bediguzzaman Ahmet ibn Hüseýin ibn Ýahýa Hemedany — hemedanly şahyr.

[11]Mesany aýatlary – «Alham» süresiniň aýatlary.

[12]Abu Hamyt Merweruzy Ahmet ibn Amyr ibn Bişr ibn Halyt - şafygy fykh alymy. Subky oňa Kazy Abu Hamyt diýipdir. Merweruzda dünýä inipdir, şonuň üçinem oňa Merweruzy diýlipdir. Biraz wagt Basrada ýaşapdyr. 362-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Onuň fykha degişli, «Jamyg», «Şerhi muhteseril-mezki», «Usulul-fykh» atly kitaplary bar.

[13]Mälik ibn Eşter — Syffyn söweşinde Hezret Alynyň tarapynda bolan sahaba.

[14]Ähli kitap – hristianlar we ýehudylar.