ÝEDINJI BAP:SUWLAR, DEŇIZLER, JÜLGELER, DERÝALAR, ÇEŞMELER, GÄMILER WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝEDINJI BAP:SUWLAR, DEŇIZLER, JÜLGELER, DERÝALAR, ÇEŞMELER, GÄMILER WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Hezreti Alydan:

— Siziň Resulalla bolan söýgiňiz nähili? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Biz ony öz atalarymyzdan, enelerimizden, ogullarymyzdan, mallarymyzdan we suwsan kişiniň sowuk suw içeninde alýan lezzetinden hem has beter söýýäris — diýipdir.

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir:

Bilseň, seniň ol sözleriň, agzyň kepände eger,

Içen sowuk suwuňdan hem hoş ýakar — şirin deger.

* * *

Şagby Abu Amr[1] Kuteýba ibn Müslimiň[2] oturluşygynda suw diläpdir. Kuteýba ondan:

— Eý, Abu Amr, sen nähili şerbeti gowy görýärsiň? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Lezzeti görünmeýän, sada şerbeti — diýipdir.

Kuteýba hem:

— Oňa ýönekeý suw beriň — diýipdir.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Dünýä we ahyret tagamlarynyň serweri etdir. Dünýä we ahyret şerbetleriniň serweri suwdur. Men hem ynsan ogullarynyň serweridirin, men muny öwünmek üçin aýtmaýaryn».

* * *

Hyjazla Bagdatda küýzeden suw guýup beripdirler. Ol: «Bu hormat edilýän suw ahyry» diýip geňirgenipdir.

* * *

Ibn Semmak şeýle diýipdir: «Niçe kişiler bardyr Alla çagyrsa-da, ondan gaçýarlar, Allanyň kitabyny okaýan niçeme kişiler bardyr, olar Allanyň aýatlaryndan daşdyrlar, niçeme kişiler bardyr, olara jähennemde gaýnag suw berler».

* * *

Aýal maşgalanyň owadanlygyny, arassaçylygyny, akylyny we bereketini beýan edenlerinde, şeýle diýer ekenler: «Ol göýä asman suwy ýaly» (ýagyş suwy ýaly päkize).

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Suwdan gözýaş, sowuklyk we gar emele gelýär. Gözellik gözde jemlenýär. Kerem ak zatda jemlenýär. Sapa we ýagşy niýet ýürekde jemlenýär».

* * *

Halypa Mamun şeýle diýer eken: — Sowuk suwuň üç häsiýeti bar:

1) Lezzet berýär;

2) Nahary gowy siňdirýär;

3) Alla öwgi aýtdyrýar.

Buzly suwy içmek yhlas bilen öwgi aýtmaga çagyrýar.

* * *

Sahyp Abbat buzly suw içende şeýle diýer eken:

Buz süýji suwa garylyp, enaýy ses çykarar —

Kalbyň iň çuň ýerinden Hudaýa wasp çykarar.

* * *

Agşa şeýle diýipdir:

Almaýan zemzem suwundan[3] lezzetini-şypany,

Bu dünýäde hiç haçan bilýän däldir sapany.

* * *

Wehb ibn Munebbih şeýle diýipdir: «Meşhur deňizler ýedidir: Hind, Sind, Şam, Afrika, Andulus, Rum we Çyn».

* * *

Iki deňziň arasyny bölüp aýran, öz ýaradanlaryny oňa akyl ýetirmekden ejiz edip goýan Alla öwgi bolsun.[4]

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Guýa sallaýan ýüpi diňe uzyn bolan guýudan suw çekip biler».

* * *

Mezbet bir gün suw içmek üçin guýynyň başyna gelipdir. Görse, ýüp düwüm-düwüm eken. Ol: «Bu ýüpe däl, bu könelişen tesbä meňzeýär» diýipdir.

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Fyrat we Dijle derýalary yraklylaryň iki garawulydyr. Olar asla aldamaz».

Asmagy olar iki garawul we iki dost, ýagny peýdalary uludyr diýmek isleýär.

* * *

Zyýat[5] Basrada bir akaba gazdyrypdyr. Muny oňa pygamberiň sahabasy Magkal ibn Ýesar maslahat beripdir. Ýöne soň bu akaba Magkala degişli edilip, Zyýat akabasy ady terk edilipdir.

* * *

Aýdylypdyr: «Eger Allanyň akabasy gelse, Magkalyň akabasy gurar».

* * *

Tawus[6] hiç mahal atyny merwanlylaryň[7]gazan akabasyndan suwa ýakmaz eken.

* * *

Abu Haşym Sufydan:

— Näme bilen meşgullanýarsyň? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Hiç ýatdan çykmajak zady öwrenýärin — diýipdir.

Ondan:

— Ol näme zat ? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Ýüzmek — diýipdir.

* * *

Aristotelden:

— Ynsan üçin iň zerur öwrenmeli zatlar näme? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Ýüzüş öwrenmek — diýipdir.

* * *

Yshak Mosulynyň Feth atly suw daşaýan bir hyzmatkäri bar eken. Bir gün oňa:

— Eý, Feth, näme habaryň bar? — diýipdir.

Onda ol:

— Habarym şeýle, men öýde kimdir biriniň senden we menden närazydygyny görmeýärin — diýipdir.

Onda Yshak:

— Ol nähili? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Sebäbi sen olary çörek bilen naharlaýarsyň. Men bolsa suw bilen — diýipdir.

Yshak onuň bu sözüne gülüpdir we ony azat edip, oňa iki gatyry sowgat beripdir.

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim-de kim bir guýy gazsa we şol guýudan ynsan, haýwan, jyn ýa-da guş suw içse, oňa tä kyýamata çenli sogap geler. Kim-de kim bir guşuň ganaty ýalyjak hem metjit gursa, ýa-da ondan hem kiçi bolsa (ýagny şeýle az mukdarda kömek etse), Alla oňa jennetde öý gurar».

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ýedi zat ynsan ýogalandan soň hem yzyndan dowam eder: Okadan ylmy, gazan guýusy, çeken akabasy, guran metjidi, miras goýan Gurhany, özüne dileg eder ýaly goýup giden salyh perzendi we sadakaýy jaryýe[8]«.

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Men jennete girdim. Akyp duran bir derýanyň ýanyna bardym. Onuň kenarlarynda hünjüden çadyrlar bardy. Elimi akyp duran derýanyň suwuna sokdum we güýçli, ýakymly müşk ysyny aldym.

Men:

— Eý, Jebraýyl, bu näme? — diýip soradym.

Onda ol:

— Bu Allanyň saňa beren köwser howzy — diýdi».

* * *

Bekr ibn Abdylla Muzeni şeýle diýipdir: «Hasan Basry göýä uly deňiz gämisi we onda saklanýan gaýyk ýalydyr. Eger gämi gark bolsa, gaýyk hem heläk bolýandyr. Haçanda Hasan Basry biziň aramyzdan gitse, ylym hem onuň bilen gider».

* * *

Hezreti Aly (Alla onuň ýüzüni keremli etsin): «Soň ol günde sizden (size berlen) nygmatlar barada soraljakdyr» aýaty[9] barada: «Ol nygmatlar hurma we sowuk suwdur» diýipdir».

* * *

Abdylla ibn Amr[10] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Diňe haja we umra gideniňizden ýa-da Alla ýolunda gazawata gideniňizden başga suw bilen hereket etmäň. Sebäbi derýanyň üstünde ot bardyr. Oduň aşagynda derýa bardyr».

* * *

Muhammet alaýhyssalam Binti Ümmi Selimiň öýünde bir gezek ukudan oýanyp gülüpdir. Ümmi Selimiň gyzy Ümmi Haram ondan:

Ýa, Resulalla, nämä güldüňiz? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Men düýşümde şu deňziň üstünde göýä telärleriň üstünde ýatan patyşalar ýaly gezip ýören kişileri gördüm — diýipdir.

* * *

Başga bir rowaýata görä bolsa ol şeýle diýipdir: «Meniň ymmatymdan birnäçe adam Alla ýolunda gazawata barýarka görkezildi. Olar şu deňziň üstünde göýä patyşalaryň telärlerinde ýatyşy ýaly münüp ýörler.

Onda Ümmi Haram:

— Ýa, Resulalla, meniň hem olardan bolmagymy dileg-doga et — diýipdir.

Onda ol:

— Sen olardansyň — diýipdir.

* * *

Ýermuk jeňinde Harys ibn Hyşam Mahzumy[11] ýaralanyp, tapdan düşüp ýykylypdyr. Oňa suw getiripdirler. Ol kellesini galdyranda, gapdalynda ýatan Ykryma ibn Abu Jehle[12] gözi düşýär we suw getirene:

— Git, suwy ilki Ykryma ber, sebäbi ol menden hem has mätäç — diýipdir.

Ol hem öňürti Ykryma suw bermek üçin gidýär. Ykryma hem ilki Harysa suw ber diýip, ony yzyna iberýär. Ol Harysyň ýanyna gelende, onuň şehit bolandygyny görýär. Soň Ykrymanyň ýanyna gelýär, görse, ol hem şehit bolan eken.

* * *

Kagbul Ahbar şeýle diýipdir: «Bir gezek Hydyr alaýhyssalam bir topar bilen Hokant[13] derýasyna barypdyr. Hydyr alaýhyssalam ýanyndakylara:

— Meni suwa sallaň — diýipdir. Ony suwa sallaýarlar. Ol bir gije-gündizden soň çykýar.

Ondan:

— Näme gördüň? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Meni perişde garşy aldy. Ol maňa: «Eý, Adamzat nirä barýaň?» — diýdi.

Men oňa:

— Men bu deňziň düýbüni görmäge geldim — diýdim.

Ol:

— Dawut alaýhyssalamyň döwründen şu wagta çenli hiç kim munuň çuňlugynyň üçden birine hem ýetip bilmändi. Ondan bäri 300 ýyl geçdi — diýdi.

* * *

Jebraýyl perişde gömülen Zemzem suwuny iki gezek gazypdyr. Birinji gezek Adam pygamber üçin, ol tä Nuhuň tupanynda gömülýänçä dowam edipdir. Ikinji gezek hem Ysmaýyl alaýhyssalam  üçin gazypdyr.

* * *

Abdylla ibn Omar şeýle diýipdir: «Men bilýärin, şeýle wagt geler, şol mahal müsürliler Müsürden çykarylar».

Ondan:

— Olary duşman çykararmy? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Ýok. Olaryň Nil derýasy gurar. Ol ýerde ýekeje damja hem galmaz. Ol ýerde çägeden gum depeleri dörär. Ýyrtyjy haýwanlar onuň balyklaryny iýerler — diýidir.

* * *

Omar ibn Abdyleziz Zehra ibn Magbetden:

— Sen nirede ýaşaýarsyň? — diýip sorapdyr.

Ol hem:

— Müsüriň Fustatynda[14] ýaşaýaryn — diýipdir.

Omar:

— Sen nirede ýaşamak isleýärsiň? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Men hiç şäheri islämok. Men diňe Iskenderiýany isleýärin. Eger ol ýerde ýaşamasam hem, men ol ýerde öýümiň bolmagyny isleýärin — diýipdir.

 

* * *

Halypa Mansur Abul Jehm ibn Atyýa[15] badam köküniň şerbetini içirip öldüripdir. Ol Abu Müslim bilen gatnaşykda günäkärlenýär eken. Mansur şeýle diýipdir:

Daş dur badam kökünden, şonda has gowy bolar,

Badam kökünden şerbet alyp geldi nämeler?!



[1]Amyr ibn Şerahyl - tabygyn neslinden bolan fykh alymy we şahyr. 19-njy hijri ýylynda Kufada dünýä inipdir. Ynamdar hadys rowaýatçysy. Soň Hajjajdan gaçyp Abdylmälik ibn Merwanyň ýanyna barypdyr. Ol ony rum hökümdaryna ilçi edip iberipdir. 103-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[2]Kuteýba  ibn Müslim ibn Amr ibn Hasyn Bahyly Abu Hafs – emewi serkerdesi. 49-njy hijri ýylynda dünýä inipdir. Onuň kakasy Ýezit ibn Mugawyýanyň ýakyn adamlaryndan bolupdyr. Merwanylaryň döwründe ösüp ulalypdyr. Abdylmälik ibn Merwan ony Reý şäherine häkim belläpdir. Soň Abdylmäligiň ogly Welit ony Horasana häkim belläpdir we ol Mawerannahryň Horezm, Sistan, Samarkant ýaly şäherlerini eýeläpdir. Hytaýyň serhetlerine çenli söweş edip, ol ýerleri jizýe (salgyt) tölemäge boýun edipdir. Onuň häkimligi 13 ýyl dowam edipdir. Welit wepat bolansoň, onuň ýerine Süleýman ibn Abdylmälik geçipdirr. Kuteýbanyň onuň bilen arasy bolmansoň, Kuteýba  hem özüniň garaşsyzlygyny yglan edipdir. Süleýman hem onuň üstüne Katadanyň serkerdeliginde goşun iberipdir. 96-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr.

 

[3]Zemzem suwy – Käbedäki mukaddes suw.

[4]Gurhanyň «Rahman» süresinde bir deňziň içinde biri süýji, biri ajy bolan iki hili suwuň biri-birine garyşdyrylmazdan goýulandygy aýdylýar.

[5]Zyýat ibn Ebih - jahylyýet we yslam döwürlerini gören şahsyýet. Muhammet alaýhyssalamyň döwründe ýaşapdyr, ýöne ony görüp bilmändir. Soň Abubekriň döwründe yslamy kabul edipdir. Hezreti Aly ony Pars diýaryna häkim belläpdir. Ol 53-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[6]Tawus Ýemany — Ibn Apbasyň talyby.

[7]Merwanylar – emewi halypasy Merwanyň nesil-neberesinden bolanlar.

[8]Ölenden soň hem ýöräp duran haýyr-sahawat işleri.

[9]Gurhanyň «Tekäsur» süresiniň 8-nji aýaty.

[10]Abdylla ibn Amr ibn As - sahaba. Kakasyndan öňürti musulman bolupdyr. Hat-sowat we surýany dilini bilipdir. Resulalla oňa özüniň aýdýan zatlaryny ýazmaga rugsat beripdir. Ol köp söweşlere gatnaşypdyr. Ol iki gylyç bilen söweşer eken. 65-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Muhammet alaýhyssalamdan 700 sany hadys rowaýat edipdir.

[11]Harys ibn Hyşam ibn Mugyra Mahzumy Abu Abdyrahman - sahaba. Onuň jahylyýet döwründe we yslam döwründe abraýy bolupdyr. Bedr söweşinde müşrikleriň tarapynda bolup, Mekgäniň ýeňşi güni musulman bolupdyr. 18-nji hijri ýylynda Hezreti Omaryň halypalyk döwründe wepat bolupdyr. Abu Jehl ibn Hyşamyň dogany.

[12]Ykryma ibn Abu Jehl Amr ibn Hyşam Mahzumy Kuraýşy – sahaba. Kakasy Abu Jehl Muhammet alaýhyssalamyň iň ganym duşmany bolupdyr. Abu Jehl Bedr söweşinde öldürilipdir. Ykryma Mekgäniň ýeňşi güni gaçyp, Ýemene gidipdir. Ýöne onuň aýaly musulman bolup, ony Resulallanyň ýanyna getiripdir we ol musulman bolupdyr. Resulalla ony Hawazyna häkim belläpdir. 13-nji hijri ýylynda 62 ýaşynda wepat bolupdyr.

[13]Nusgada «Hytaýda bolan Hokant derýasy» diýilýär .

[14]Kair şäheri.

[15]Abul Jehm Atyýýa - Apbasy wagyzçysy. Abu Müslim Horasany 129-njy hijri ýylynda ony Merwden Horezme wagyz etmek üçin iberipdir. Mansur Abu Müslim Horasanyny öldürensoň, ony hem öldüripdir.