SEKIZINJI BAP:AGAÇLAR, ÖSÜMLIKLER, MIWELER, BOSSANLAR, GÜLÜSTANLYKLAR, JENNET WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » SEKIZINJI BAP:AGAÇLAR, ÖSÜMLIKLER, MIWELER, BOSSANLAR, GÜLÜSTANLYKLAR, JENNET WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

 Usama ibn Zeýt[1] şeýle diýipdir: «Men Resulallanyň jennet barada şeýle diýendigini eşitdim: «Içiňizde jennet üçin tagalla edýän ýokmy? Käbäniň Rebbine kasam bolsun, ol ýer ýakymly yslary saçýan reýhanlary, ýalkym saçýan nurlary, elmydam akyp duran derýalary we güler ýüzleri bilen nygmatlary bolan ebedi mekandyr».

* * *

Hudry Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ady beýik Allatagala jennetiň diwaryny aýlanda onuň bir kerpijini gyzyldan, birini kümüşden ýaradyp, agaçlaryny ekip, oňa:

— Gürle — diýipdir.

Onda Jennet:

— Möminler halas boldular — diýipdir.

Allatagala hem:

— Eý, patyşalaryň öýi, aperin saňa — diýipdir.

* * *

Jabyr[2] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Jennetiler jennete girensoň Allatagala olara: «Başga näme isleýän bolsaňyz aýdyň, ony hem size bereýin?» diýer.

Jennetiler:

— Eý, Rebbimiz. Seniň bereniňden başga bize näme haýyrly bolup biler — diýerler.

Onda Allatagala:

— «Size meniň iň uly razyçylygym bolsun» diýer.

* * *

Zeýt ibn Arkam[3] şeýle diýipdir: «Ähli kitapdan bir adam Resulallanyň ýanyna gelip:

— Eý, Abulkasym, jennetdäkiler iýip-içýärlermikä, nähili pikir edýärsiň? — diýip sorapdyr.

Onda Resulalla:

— Hawa, iýip-içýärler. Iýmekde, içmekde we jynsy gatnaşykda olaryň her birine ýüz erkegiň güýji berler — diýdi.

Onda ol:

— Bir kişi iýse-içse onuň käbir hajatlary bolar. Jennet bolsa arassadyr. Ol ýerde bolsa beýle zat ýokdur — diýdi.

Resulalla oňa:

— Olaryň munuň ýaly hajaty deri bilen çykýar. Ol deriň ysy hem müşk ýaly ýakymlydyr — diýip jogap berdi.

* * *

Dawut alaýhyssalam  Beýtil-Mukaddesdäki gowaklaryň birine giripdir we Hyzkyl pygamberi[4] görüpdir. Ol Rebbine ybadat edýän eken. Onuň endamy gurap, süňklerine ýelmeşip galypdyr. Dawut alaýhyssalam  oňa salam beripdir.

Hyzkyl pygamber:

— Men dok nygmatly kişiniň sesini eşidýärin. Sen kim? — diýipdir.

Dawut pygamber:

— Men Dawut — diýipdir.

Hyzkyl pygamber:

— Pylan we pylan aýallary bolan, pylan we pylan ymmaty bolan Dawutmy? — diýipdir.

Dawut pygamber:

— Hawa. Sen, näme kynçylyk çekýärsiňmi? — diýipdir.

Hyzkyl pygamber:

— Tä, jennete girýänçäk, men-ä kynçylyk içinde däl, sen hem nygmat içinde dälsiň — diýipdir.

* * *

Dünýäniň jenneti dörtdür:

1. Damaskyň töweregindäki Guwta jülgesi;

2. Ubulle derýasy;

3. Wanda bir ýer;

4. Samarkant Sogdy.

* * *

Abubekr Horezmi şeýle diýipdir: «Men olaryň hemmesini gördüm. Ol dördüsiniň beýlekilerden gözel bolşy ýaly, bularyň iň üstüni Guwtadyr. Ol göýä jennetiň ýer ýüzündäki suraty ýalydyr».

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Üç zat göreje nur berýär: Ýaşyl çemenzarlyga, akar suwa we owadan ýüze seretmek».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Ýerde ilkinji bolup gögeren agaç hurma agajydyr» diýipdir.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Ujwe[5] jennetdendir. Ol zähere garşy şypadyr».

* * *

Abu Hureýra şeýle diýipdir: «Muhammet alaýhyssalam meniň ýanymdan geçip barýardy, meniň elimde nahallar bardy. Ol maňa: «Saňa bu nahallardan hem has bähbitli bolan nahaly görkezeýinmi? Subhanallahi welhamdu lillähi welä ilähe illallahu wallahu ekber (Alla päkdir, Alla taryp bolsun, Alladan başga Hudaý ýokdur, Alla beýikdir) diý. Seniň şu sözlerden aýdan her bir sözüňe Allatagala seniň üçin jennetde bir agaç eker»diýdi.

* * *

Abu Eýýup Ensary[6] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Isra gijesinde[7] meniň ýanymdan Ybraýym alaýhyssalam geçdi.

Ol:

— Sen ymmatyňa jennetiň nahalyny köpräk ekmegini buýur. Sebäbi onuň ýeri giňdir. Topragy gowudyr — diýdi.

Men oňa:

— Jennetiň nahaly näme? — diýdim.

Ol:

— Welä hawle welä kuwwete illä billähil-aliýýil-azym (Alladan başga hiç hili güýç-kuwwat ýokdur) dogasyny okamak— diýdi.

* * *

Mugawyýa halypalygynyň ahyrynda Mekgede hurma agajyny ekip, şeýle diýipdir: «Men seniň miwäňi görmek üçin ekemok, meniň ýadyma Esediniň şu sözleri düşdi: «Ýigit, eger ondan haýyr görmeseler, ýa-da onuň ýerde yzy galmadyk bolsa, onda ol hakyky ýigit däldir».

* * *

Parslar şeýle diýipdirler: «Eger derýalar joşsa, şol ýyl injir köp bolar. Eger-de ýeller güýçli bolsa, şol ýyl muhabbet köp bolar».

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Möminleriň iň gowy seläligi injirdir».

* * *

Hysan[8] syrkawlapdyr. Onuň ýanyna Jelbe ibn Eýhem Gassany[9] gelip ondan:

— Göwnüň näme isleýär? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Güýjümiň ýetmeýän zadyny — diýipdir.

Onda Jelbe:

— Ol näme? — diýipdir.

Onda Hysan:

— Halkananyň[10] miwelerini — diýip jogap beripdir.

* * *

Nazzamyň ýanynda hurmany öwüpdirler. Onda ol: «Ösüp ýetişmegi kyn, miwesi daş, örän çyrmaşyk, kölegesi az bolan ösümlik» diýip üstüni ýetiripdir.

* * *

Medineliler sykylyp suwy alynýan hurma nahalyny oturtmagy goýbolsun edipdirler. Sebäbi ol kyrk ýyldan soň miwe berer eken.

* * *

Egyraç Hasgamy:

Kändir bananlary hem hurmalary,

Her dürli şerbetden bolarsyň hoşal.

Hoşsuň ýygnanyňda ol miweleri,

Saňa indi uzak hasyllar daş däl.

* * *

Nadr ibn Şemil[11] Hyşam ibn Abdylmälige «Kitabul-Wahyde» atly kitabyny hödürlände, ony ýokardaky beýde meňzedipdir.

* * *

Isa alaýhyssalam Damaskyň ýanyndaky Guwta diýen ýere gelende: «Bu ýer hazyna toplamakdan we bereketli çörekden gerk-gäbe doýmakdan hiç haçan mahrum bolmaz» diýipdir.

* * *

Almada dürüň sarylygynyň görki, altynyň gyzyllygynyň ysy, kümüşiň aklygynyň tagamy birleşendir. Ony üç zat bilen duýup bolýar. Göz owadanlygyny görýär. Burun ýakymly ysyny alýar. Agyz lezzetli tagamyny alýar.

* * *

Galen[12] şeýle diýipdir: «Gyzgyn tebigatda iň peýdaly we nahardan soňra haýal siňdiriji zat almadyr».

* * *

Biri öz gyrnagyna alma iberipdir we oňa: «Alma özüniň gyzyllygy bilen seniň ýaňagyňy, tagamy bilen seniň lebleriňi, ysy bilen seniň ysyňy, näzikligi bilen seniň keşbiňi ýada salýar» diýipdir.

* * *

Aly ibn Jahm şeýle diýipdir: «Men bir gün halypa Mütewekkiliň ýanyna bardym. Onuň ýanynda gyrnaklarynyň biriniň dişläp beren almasy bardy.

Ol maňa garap:

— Oturmankaň alma barada bir zatlar aýt. Seniň her beýdiňe müň dinar bereýin — diýdi.

Men şeýle diýdim:

Alyn dişde dişlän almasyn ýaryň,

Dünýäde bar zatdan tagamly bildim.

Ony ýar ýanyndan getirdi jeren,

Apat, erbetlikden men heläk boldum.

Öli bolsam, nama bilen çagyrsa,

Görden çykyp «lepbeý» diýip ylgaryn.

Gyzyl-agyň içindäki müşk kimin,

Men onda görýärin ýaňagyn ýaryň.

Halypa maňa dört müň dinar berdi we dört halat ýapdy.

* * *

Abu Musa Eşgary şeýle diýipdir: «Gurhan okaýan möminiň mysaly limon ýalydyr. Tagamy hem, ysy hem gowudyr. Gurhan okamaýan möminiň mysaly hurma ýalydyr. Tagamy gowudyr, ýöne ysy ýokdur. Gurhan okaýan pasygyň mysaly reýhan ýalydyr. Ysy gowudyr, ýöne tagamy ajydyr. Gurhan okamaýan pasygyň mysaly ýabany alma ýalydyr. Tagamy ajydyr, ysy hem ýokdur».

* * *

Ibn Rumy şeýle diýipdir:

Narynjy dek sende ýakymam, ysam,

Şahaň ajap, ýapragyň hem nur – diýsem.

* * *

Talha ibn Ubeýdylla[13] şeýle diýipdir: «Men bir gezek Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna bardym. Onuň elinde beýi bardy. Ol maňa: «Eý, Talha, şuny iý? Sebäbi ol özünde birnäçe peýdaly zatlary jemleýär» diýdi.

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

Zenan göwüsleri ýalydyr beýi,

Pasyga, zahyda ysy hoşboýy.

* * *

Muhammet alaýhyssalam bir gezek beýi ýygyp ýörkä, onuň ýanyna Japar ibn Abu Talyp gelipdir. Muhammet alaýhyssalam oňa: «Beýi iý. Ol reňki täzeleýär hem ýigdeldýär» diýipdir.

* * *

Japar Sadyk ibn Muhammet şeýle diýipdir: «Perişdeleriň ysy gülüň ysydyr. Pygamberleriň ysy armydyň ysydyr. Hüýrleriň ysy mirtiň[14] ysydyr».

* * *

Juha[15] ýeňine şetdaly salyp, adamlaryň arasyndan geçip barýan eken.

Ol:

— Kim meniň ýeňimde näme bardygyny bilse, şoňa olaryň arasyndaky iň uly şetdalyny berjek — diýipdir.

Onda adamlar:

— Şetdaly — diýişipdirler.

Onda Juha:

— Men siziň haýsyňyzyň ilki aýdanyňyzy nädip bileýin — diýip, ýoluny dowam etdiripdir.

* * *

Kesra bir gezek ýykylan bir gülüň ýanyndan geçip barýan eken. Ol: «Kim seni ýykan bolsa, Alla hem ony ýyksyn» diýip, ýere düşüp ony alypdyr we öpüpdir. Soň şol ýerde onuň hatyrasyna ýedi günläp şerap içipdir.

* * *

Mesleme ibn Selim Kätip bägüller barada şeýle diýipdir:

Ýüzi nurly, ysy ýakymly myhman,

Menzil söküp ýylda gelýär ýadaman.

* * *

Abu Amr Gürgenli şeýle diýipdir:

Bägül magşuk wepasynda gurban bolýar – duýdum men,

«Ýuwaş, onuň magşugy eşidäýmesin!» diýdim men.

* * *

Mutewekkil şeýle diýipdir: «Men ynsanlaryň şasy, bägül gülleriň şasy. Biziň ikimizem eýämiz aýratyn edip ýaratdy».

* * *

Anuşirwan Adyl bägüli örän gowy görýär eken. Ony beýleki güllerden ýokary tutýar eken. Ol güllerden bir gümmez gurup, oňa «Gülşen» diýip at beripdir. Onuň daşyna gyzyl çaýypdyr. Göwher bilen jähekläpdir. Suratlar bilen zynatlapdyr. Daşyny suratly ýazgylar bilen bezäpdir. Onuň çür depesinde özüniň ýeňişlerini bägül görnüşinde ýazyp goýupdyr.

* * *

Rastak welaýatynyň Kaşmir obasynda serwi agajyndan bir baglyk bar. Bu ýerde Azat diýilýän bir serwi bar. Ony Ýustasef[16] ekipdir. Owadanlykda, uzynlykda, ýogynlykda onuň ýaly agaç görülen däldir. Onuň kölegesi bir parsaha ýetipdir. Bu agaç Horasanyň buýsanjynyň biridir we onuň waspy Mütewekkile baryp ýetipdir. Ol ony görmegi arzuw edipdir. Emma ol ýere gitmäge mümkinçilik tapmansoň, Horasanyň häkimi Tahyr ibn Abdylla hat ýazypdyr. Hatynda oňa ol agajy kesmegi, onuň pürsüni we şahalaryny keçä dolap düýä ýükläp, öz ýanyna ibermegini we özüniň ony öz gözleri bilen görmekçidigini aýdypdyr. Ol muňa garşy çykypdyr, ýöne onuň gazabyndan gorkupdyr. Serwi agajyna ol ýerde ýaşaýan şepagatçylaryň şepagaty hem peýda etmändir. Aýdylyşyna görä, obanyň halky oňa degilmezligi üçin onuň ýerine uly möçberde pul hödürläpdirler. Ýöne hiç hili peýda bermändir. Netijede, agaç kesilipdir we halkyň başyna uly bela gelipdir. Halkyň agysy dady-perýady asmanlara galypdyr. Şahyrlar ol barada mersiýe[17] ýazypdyrlar:

* * *

Aly ibn Jehm şeýle diýipdir:

Mütewekkil ýöreýärdi onuň ýoluna tarap,

Serwi-de öňe barýar, ajal yzyndan garap.

Uly-kiçi barynyň göznüň alnynda boldy,

Özüniň perzendiniň gylyjynda çapyldy.

Hökümdaryň aýdyşy ýaly edip, işi ýerine ýetiripdirler. Ýöne serwi onuň ýanyna ýetmänkä, Mütewekkil öldürilipdir.

* * *

Buzurgmehrden[18]:

— Otlar näme üçin ýerde ösüp otyrkalar göm-gök, soň bolsa guraýarlar? —diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Sebäbi ýer enekedir, eneke bolsa wagtlaýyndyr — diýipdir.

* * *

Buzurgmehr: «Garpyzda on häsiýet bardyr: Ol reýhandyr, jan-saglykdyr, miwedir, kanagatdyr, taýýar iýmitdir, peşew halta üçin dermandyr, ajan we yslanan zatlary tämizleýändir, hammamda erbet yslary aýyrýan zatdyr, suw guýar ýaly küýzedir, agyr nahary siňdirijidir» diýipdir.

* * *

Bagdatda on sany ýaş ýigit güýmenje üçin ýygnanyşypdyrlar. Olar aralaryndan birini zat almak üçin bazara iberipdirler. Ol ýigit eline bir garpyz alyp ony hem ysgap we ogşap gaýdypdyr.

Ol dostlarynyň ýanyna gelip:

— Men size uly peýda bilen geldim. Bişr Hafy[19] Hezretleri bu garpyza elini degirdi. Men hem onuň eliniň hormatyna bereket  üçin muny ýigrimi dinara satyn aldym. Sebäbi onuň eliniň degen zadynda bereket bar — diýipdir.

Olaryň her biri bu garpyzy eline alyp ogşapdyr we gözüniň üstünde goýupdyr. Onda olaryň biri sorapdyr:

— Bişr bu mertebä nädip ýetdi?

Onda oňa:

— Alladan gorkmak we salyh amaly bilen — diýipdirler.

Onda ýaňky garpyz getiren ýigit:

— Siz maňa şaýat boluň, men Allanyň öňünde toba etdim we Bişriň ýoluna girdim — diýipdir.

Beýlekiler hem onuň bu sözüne goşulypdyrlar. Soň bolsa Tarsus[20] şäherine jyhat etmäge söweşe gidip, ol ýerde şehit bolupdyrlar.

* * *

Muhammet ibn Mukatyl bir gün ýoldan geçip barýarka, garpyz paçagyny basypdyr we şeýle diýipdir: «Kim biziň ýollarymyzy garpyz paçagy bilen hapalasa, Allatagala onuň gaýgy-gamyny uzaltsyn!».

* * *

Kirdus ibn Mezine şeýle diýipdir:

Size Kirdus pyçagy sawçy gelipdir bu gün,

Garpyz bile nikalap, beriň oň kanagatyn.

Men hem oňa jogap berdim:

Geldiler ondan gymmat bahaly demir bilen,

Emma kabul etmedi, bolmady emin bilen.

* * *

Köneürgençden bazanç (bal ýaran) diýen garpyzy Merw şäherindäki halypa Mamuna iberipdirler. Ol ony örän gowy görüpdir. Ol garpyzy ekip, bişenden soň, ýygyp görmek isläpdir. Onuň tohumyny Merwe getirip ekmek isläpdir. Ýöne garpyz gowy hasyl bermändir. Soň bolsa Köneürgençden düýelere ýükläp toprak getirmegi emr edipdir. Emma onda-da garpyz gowy hasyl bermändir. Soň Jeýhundan suw getirdipdir. Ýöne garpyz ýene gowy hasyl bermändir we onuň tagamy Köneürgençden gelen garpyzyňky ýaly bolmandyr. Şonda munuň sebäbiniň tebigatdandygyny we howadandygyny bilip galypdyr.

* * *

Muhammet alaýhyssalam kädini gowy görer eken. Enes şeýle diýipdir: «Men Resulallanyň kädini gowy görýändigini bilendigim üçin, kädini elmydama gowy görýärin».

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Ýylanlar ýüzärligi halamaýar. Olar onuň biten ýerinde ýaşamaýarlar».

* * *

Muammar[21] şeýle diýipdir: «Men üç mejlisi kesmeli boldum. Munuň sebäbini hem diňe badamjany köp iýýändigimden gördüm».

* * *

Enes şeýle diýipdir: «Muhammet alaýhyssalam hyna gülüni diýseň gowy görýärdi. Onuň iň gowy görýän tagamy bolsa kädidi».

* * *

Araplar Nusra[22] ýyldyzy süýnende: «Ýer oňa gözüniň biri bilen seretdi» diýýärler. Jebhe[23] ýyldyzy süýnende: «Ýer oňa iki gözi bilen seretdi» diýýärler.

Gözüniň biri bilen seretdi diýilmeginiň manysy: «Ýere jan girip ösümlikleri ösdürip başlady» diýmekdir.

Iki gözi bilen seretdi diýmekligiň manysy: «Ýer gaty gyzdy we ýumşady. Onuň ösümliklere yzasy-jepasy köpeldi» diýmekdir.

* * *

Senuberden garaýag alýarlar. Erzen diýen ösümlikden ergin alýarlar. Ýagny onuň ýanynda ot ýakýarlar. Oňa gyzgyn ýetip başlanda, ol eräp akýar. Ony öz görnüşlerine görä ulanýarlar.

* * *

Araplar: «Hurma — Abu Awn (kömekçiniň atasy), hurma kakyna — Abu Semh (sahynyň atasy), injire — Abu Lukman (Lukmanyň atasy), reýhana — Abu Nadr (gök önümleriň atasy), nergize — Abu Yna (zähmet atasy), hoza — Abu Kagkag (garganyň atasy)» diýýärler.

* * *

Aýdylyşyna görä, iň uly hurma agajy Merýem agajydyr. Ol köp miwe berýän agaçdyr. «Mesälik» kitabynyň[24] ýazary şeýle diýipdir: «Ol Beýtil-mukaddesdedir. Ol müň ýyldan hem öň ekilipdir. Ol egrelip gidipdir».

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Jennetde bir agaç bar. Jennetdäkiler onuň kölegesinde ýüz ýyl gezerler, emma onuň kölegesi hiç tükenmez. Eger isleseňiz «Uzalyp ýatan kölegeler» aýatyny[25] okaň».

* * *

Hint binti Jewn aşakdaky wakany gürrüň beripdir: «Bir gezek Resulalla daýzam Ümmi Magbadyň[26] çadyryna geldi. Biraz ýatyp, ukusyndan turup, soň suw getirdip elini ýuwdy. Soň agzyny çaýkady we çadyryň gapdalynda ösüp oturan pessejik agajyň düýbüne agzyny çaýkan suwuny dökdi. Biz ertir irden turup görsek ýaňky agaç äpet daragt bolaýypdyr. Onuň miwesi hem şeýle uludy welin, heý, goýaý. Reňki sarydy. Ysy anbaryňky ýalydy. Tagamy bal ýalydy. Hemmämiz ondan, tä doýýançak iýdik. Suwsuzlygymyz gandy. Syrkawlarymyz sagaldy. Onuň ýapragyndan iýen düýedir-goýunlaryň süýdi şeýle bol boldy. Biz oňa mübärek diýip at goýduk. Ol biziň jülgämizi suw we azyk bilen üpjün edýärdi.

Emma bir gün biz irden turup görsek onuň miweleri gaçypdyr, ýapraklary kiçelipdir. Biz gorkduk. Şol gün hem Resulallanyň ölüm habaryny eşidip haýran galdyk.

Soň ýene otuz ýyldan ýaňky agajyň boýdan-başa hemme ýeri durşuna tiken bolupdyr. Miweleri hem gaçypdyr. Görki gidipdir. Şol gün hem Hezret Alynyň öldürilendigini eşitdik. Bu agaç mundan soňra hiç haçan miwe bermedi. Biz onuň diňe ýapragyndan peýdalanyp başladyk.

Soň ýene bir gün turup görsek, onuň şahalaryndan erbet gan akýar we ýapraklary gurapdyr. Biz gynanyp otyrkak, Hezreti Hüseýiniň öldürilendiginiň habary geldi. Agaç hem gurady we yzyndan hem ýok bolup gitdi.

Bu ýerde haýran galmaly zat, näme üçin bu agajyň rowaýaty meşhur bolmady. Ýogsa, goýun bilen baglanyşykly rowaýat, kyssalaryň arasynda meşhur bolup galdy ahyry?

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Men asmana seýr etdirilenimde, Jebraýyl perişde meniň elimden tutup, jennetiň eýwanlarynyň üstünde oturtdy. Soň maňa beýi getirip berdi. Men ondan tä doýýançam iýdim. Soň bir hüýr gyz çykdy. Men ondan owadan gyz görmändim.

Ol maňa:

— Esselamu aleýküm, ýa, Muhammet — diýdi.

Men oňa:

— Sen kim? — diýdim.

Ol:

— Jennetdäki razy bolan hüýr gyzlar. Jepbar meni üç zatdan ýaratdy. Aşaky bölegim müşkden, orta bölegim kafurdan (ýakymly ysly atyr), ýokarky bölegim anbardan. Meni durmuş suwundan ýugurdy. Jepbar maňa: «Bol!» diýdi. Men hem boldum. Ol meni seniň doganyň we agaň ogly Hezret Aly üçin ýaratdy — diýdi .

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Nar iýiň. Onuň aşgazana baran her bir dänesi kalby nurlandyrýar we şeýtany 40 günläp özünden uzaklaşdyrýar».

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Üzümi däne-däneden iýiň. Sebäbi ol jan-saglyk getirer».

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Eger nahar bişirseňiz, kädini köpräk bişiriň. Sebäbi ol gussaly kalby rahatlandyrar».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Hendebanyň[27] her ýapragynda dänäniň agramyça jennet suwy bardyr. Kim jirjir[28] iýip ýatsa, jüzzam[29] hem onuň garnynda ikirjiňlenip ýatar».

* * *

Hyjazly bir garry adam uzakly gije: »Uzynlygy asmanlar we ýer ýaly bolan jennet»[30] aýatyny okap aglap çykypdyr.

Oňa:

— Eger onuň misli şeýle bolýan bolsa, bu ýerde aglar ýaly näme bar? — diýipdirler.

Ol hem:

— Eger maňa ol ýerde orun ýok bolsa maňa onuň giňişliginden peýda näme — diýipdir.

* * *

Ýusup ibn Asbata[31] ilkinji gazanç hakyny getirip beripdirler. Ol ony alyp, öňünde goýup şeýle diýipdir: «Dünýä özüne seretmek üçin ýaradylmady. Ol onuň üsti bilen ahyrete seretmegimiz üçin ýaradyldy».

* * *

Harun Reşit Ibn Semmaga:

— Maňa wagyz et — diýipdir.

Onda ol:

— Eý, möminleriň emiri, giňişligi ýer we asmanlar ýaly bolan jennetde ornuň bolmazlygyndan heder et — diýipdir.

* * *

Mälik ibn Dinar:

— Nagym jenneti Firdöws jennetiniň biridir. Ol ýerde jennetiň bägülinden ýaradylan hüýrler bardyr — diýipdir.

Ondan sorapdyrlar:

— Ol ýerde kimler ýaşaýar?

Onda ol:

— Günä işlerden gaça durup, Allanyň belentligini ýada salyp, takwa bolanlar — diýipdir.

* * *

Fuzaýl şeýle diýipdir: «Eger hüýrler ýedi deňze tüýkürseler, olaryň hemmesiniň suwy süýjär».

* * *

Ybraýym Edhem şeýle diýipdir: «Iblis bizi ýalňyşdyryp jennetden kowdurdy. Heý-de, kowulan adam öz ýerine dolanyp barýança dynç alarmy?».

* * *

Sagyt ibn Zeýt ibn Amr ibn Nefil[32] şeýle diýipdir: «Men Resulallanyň şeýle diýendigini eşitdim: «Kömelek peýdalydyr. Onuň suwy göze şypa berýändir».

* * *

Jabyr ibn Abdylla şeýle diýipidr: «Biz Resulalla bilen Merril-Zahran[33] jülgesinde gezip ýördük we miswak agajynyň iýmişini ýygýardyk.

Muhammet alaýhyssalam:

— Siz olaryň has garasyny ýygyň — diýdi.

Biz:

— Ýa, Resulalla, seniň özüň goýun bakypmydyň, muny nireden bilýärsiň? — diýip soradyk.

Onda ol:

— Çopan bolmadyk hiç bir pygamber ýokdur — diýdi.

* * *

Allanyň bu bendesi hem şeýle diýdi:

Eger bolsa aklyňda assyrynlyk alamat,

Onuň görkezýän ýoly bilen işiň amal et.

* * *

Hyşam ibn Abdylmälik öz bossanlygynda zeýtun agajynyň silkelenýändiginiň sesini eşidip, şeýle diýipdir: «Onuň miwesini ýerden alyň. Silkeýäp, şahalaryny döwüşdirmäň».

* * *

Hurma bişip ýetişende, Urwa ibn Zubeýr mellegini açyp, adamlara ondan iýmäge we öýlerine-de alyp gitmäge rugsat berer eken. Özi hem: «Maşalla, lä hawle welä kuwwete illä billä (Allanyň islegi bolar. Alladan başga hiç güýç we kuwwat ýokdur)» diýip gaýtalar eken.

* * *

Ybraýym ibn Hemze Zebiri[34] şeýle diýipdir: «Biz köp bolup bir gün jülgede gezip ýördük. Biziň ýanymyzdan eli üzümli we injirli iki sany sebet alyp bir adam geçip gitdi.

Biz:

— Aýak çek, eý, oglan! — diýip, ony sakladyk. Ondan özümize gerek zatlary aldyk. Soň oňa:

 — Sen bizi tanaýarsyňmy? — diýdik.

Ol:

— Ýok — diýdi.

Biz:

— Onda näme üçin biz çagyranymyzda, gaçmadyň? — diýdik.

Ol:

— Hojaýynym maňa: «Eger ýolda köp adam görseň, olardan gaçma» diýip aýtdy — diýdi».

* * *

Bureýda[35] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Suw dünýäde we ahyretde tagamlaryň serweridir. Dünýäniň we ahyretiň şerbetleriniň hojaýynydyr. Dünýä we ahyret reýhanlarynyň hojaýyny bolsa fagyýedir (hyna güli)».

* * *

Hasan ibn Aly şeýle diýipdir: «Resulalla maňa iki eli bilen tutup bägül gülüni berdi we şeýle diýdi: «Bu gül jennetdäki mirtden[36] galan reýhanlaryň hojaýynydyr».

* * *

Abdylla ibn Ymran[37] şeýle diýipdir: «Müsür toprak babatda dünýäniň iň gowy ýeridir we harap bolmak babatda iň uzak bolan ýerdir».

 

* * *

            Abul Amys[38] Kasymdan[39] şeýle gürrüň beripdir:«Fyrat derýasyndan gatyr ýaly ululykda bolan bir nar çykypdyr. Ähli kitapdan bolanlar ol naryň jennetden çykandygyny aýdýarlar».



[1]Usama ibn Zeýt ibn Harysa Abu Muhammet - sahaba. Hijretden 8-ýyl öňürti dünýä inipdir. Onuň kakasy musulman bolansoň ol hem musulman bolup ulalypdyr. Resulalla ony gowy görýär eken we ol hem Medinä göçüpdir. Resulalla ony 20 ýaşynda goşuna serkerde belläpdir. Ýogsam goşunda Hezreti Abubekr Syddyk we Omar dagylar hem bar eken. Resulalla wepat bolanda Usama obalaryň birine gidip ol ýerde ýaşapdyr. Soň Mugawyýa döwründe Damaska gelipdir. Soň ýene Medinä gaýdyp gelipdir we 54-nji hijri ýylynda şol ýerde wepat bolupdyr.

[2]Jabyr ibn Abdylla ibn Amr ibn Haran Hazrajy Ensary - sahaba. Resulalladan köp hadys rowaýat eden sahabalaryň biri. Ondan sahabalaryň köpüsi hadys rowaýat edipdirler. Onuň kakasy hem sahaba bolupdyr. Jabyr 19 söweşe gatnaşypdyr. Ömrüniň ahyrynda pygamberiň metjidinde ylym mejlisini geçirer eken. 78-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Buhary, Müslim we beýleki hadysçylar ondan 1540 hadys rowaýat edipdirler.

[3]Zeýt ibn Arkam Hazreji Ensary - sahaba. Muhammet alaýhyssalam bilen 17 söweşe gatnaşypdyr. Syffyn söweşinde Hezreti Alynyň tarapynda bolupdyr. Muhammet alaýhyssalamdan 70 hadys rowaýat edipdir. 68-nji hijri ýylynda Kufada wepat bolupdyr.

[4]Hyzkyl pygamber – Beni Ysraýyl pygamberleriniň biri.

[5]Ujwe - Medine hurmasy.

[6]Abu Eýýup Ensary Halyt ibn Zeýt ibn Kelip ibn Saglaba - nejjar ogullary taýpasyndan bolan sahaba. Akaba hadysasyna, Bedr, Uhut we Hendek söweşlerine gatnaşypdyr. Edermen, sabyrly, takwa bolupdyr. Emewileriň döwrüne çenli ýaşapdyr. Ýezit bilen Konstantynyýe (Stambul) şäherine söweşe gidipdir. Şol ýerde syrkawlapdyr we 52-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Stambulyň diwarlarynyň düýbünde jaýlanypdyr. Onuň gubury şu wagt Stambulyň Soltan Eýýup metjidiniň ýanynda ýerleşýär. 155 hadys rowaýat edipdir.

[7]Isra gijesi – Muhammet alaýhyssalamyň asmana çykarylyp seýr etdirilen gijesi.

[8]Hysan ibn Sabyt ibn Munzyr Hazreji Ensary — Resulallanyň şahyry. Jahylyýeti we yslamy görenleriň biri. Yslamdan öň ol Gassanylary taryplap şygyr ýazar eken. 54-nji hijri ýylynda Medinede wepat bolupdyr.

[9]Jebele ibn Eýhem ibn Jebele Gassany - gassany hökümdarlarynyň iň soňkusy. Jahylyýet döwründe ýaşap geçipdir. Musulmanlar 12-nji hijri ýylynda onuň bilen Dumetul Jendel diýen ýerde söweşipdirler. Musulman bolupdyr, ýöne soň ýene yslamdan çykyp, Konstantiniýe şäherine gaçyp gidipdir. Şol ýerde hem 20-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[10]Injiriň bir görnüşi.

[11]Nadr ibn Şemil ibn Harşa ibn Ýezit Mazyny Temimi Abul Hasan – dilçi we hadys alymy. Arap taryhyny, araplaryň söweşlerini gowy bilipdir. 122-nji hijri ýylynda Merwde dünýä inipdir we soňra kakasy bilen 128-nji hijri ýylynda Basra gelipdir. Ol ýerde biraz wagt ýaşap, soň ýene Merwe gaýdypdyr. Nadr bu ýere kazy bellenipdir. Halypa Mamun bilen duşuşypdyr. Mamun oňa hormat-sylag goýupdyr. 203-nji hijri ýylynda Merwde wepat bolupdyr. Onuň birnäçe kitaplary bar.

[12]Galen – Grek lukmany. 59-nji milady ýylynda Fergamus şäherinde dünýä inipdir. Fergamus Kiçi Aziýanyň şäherleriniň biridir. Geometriýa, matematika, hasap, logika, pelsepe, tebipçilik ýaly ylymlary okap, 17 ýaşynda ökde tebipleriň biri bolup ýetişipdir. 89 ýaşynda wepat bolupdyr.

[13]Talha ibn Ubeýdylla ibn Osman Teými Kuraýşy Abu Muhammet - sahaba. Jennet bilen buşlanan 10 kişiniň biri we yslama ilkinji giren 8 kişiniň biri. Şeýle hem 6 sany maslahat agzasynyň biri bolupdyr. Uhut, Hendek we beýleki söweşlere gatnaşypdyr. 36-njy hijri ýylynda Jemel söweşinde öldürilipdir we Basrada ýerlenipdir. 38 hadys rowaýat edipdir.

[14]Mirt — ýakymly gülli ösümlik.

[15]Juha — meşhur ýomakçy Abul Gasn Dujeýn ibn Sabyt ibn Dujeýniň lakamy. «Täjil-arus» atly sözlükde şeýle diýilipdir: «Abul Gasnyň lakamy Juhadyr». Ibn Salah: «Ol meşhur şorta sözli Juhadyr» diýipdir. Araplar Hoja Nasreddin Ependä «Juha», «Huja» diýýärler.

[16]Ýustasef – pars hökümdarlarynyň biri.

[17]Mersiýe – gynançly wakalara bagyşlanyp ýazylan şygyr, elegiýa.

[18]Buzurgmehr ibn Bahtekan - pars akyldary. «Kalila we Dimna» eserini hindi dilinden pars diline terjime edipdir. Onuň hikmetli we parasatly sözleri kändir.

[19]Abu Nasr Bişr ibn Harys Aly ibn Abdyrahman Merwezi – meşhur sopy. Merwde dünýä inipdir. Bişr Hafy we Eýmen baba diýip tanalypdyr. Onuň zuhda, takwa degişli habarlary bar. Ynamdar hadys alymlaryndan bolup, Bagdatda ýaşapdyr we 227-nji hijri ýylynda şol ýerde wepat bolupdyr.

[20]Tarsus – Antakyýa bilen Halap şäheriniň aralygynda ýerleşen şäher.

[21]Abul Aşgas Muammar ibn Abbat Sulemi - mugtezile mezhebiniň «Muammeriýe» diýen ugruny esaslandyryjy. Bagdatda ýaşap geçipdir. 215-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[22]Aralary bir garyş bolan iki ýyldyz.

[23]Aýyň menzilinde duran dört ýyldyz.

[24]«Mesälik» kitabynyň ýazary Abu Muhammet ibn Hüseýin ibn Ahmet ibn Ýakup Hemedany. Ibn Haýyk ady bilen tanalypdyr. 334-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[25]Gurhanyň «Wakyga» süresiniň 30-njy aýaty.

[26]Atyka binti Halit ibn Halyf ibn Munkyz ibn Rabyga Hazagyýa – medineli sahaba. Ümmi Magbat onuň lakamydyr. Muhammet alaýhyssalam Medinä göçüp barýarka, onuň öýüne muhman bolupdyr. Mundan soň Ümmi Magbat Medinä gelipdir we musulman bolupdyr.

[27]Hendeba – syçratgy.

[28]Jirjir – noýba.

[29]Jüzzam – heýwere keseli.

[30]Gurhanyň «Ali Ymran» süresiniň 198-nji aýaty.

[31]Ýusup ibn Asbat ibn Wasyl Şeýbany Kufy - hadys alymy, sopy we zahyt. Diňe halal zatdan iýipdir, eger tapmasa welin toprak iýer eken. 195-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[32]Sagyt ibn Zeýt ibn Amr ibn Nefil Adewi Kuraýşy Abu Agwar - sahaba. Dirikäler jennet bilen buşlanan 10 sany sahabanyň biri. Hijriden 22 ýyl öň Mekgede dünýä inipdir. Soň musulman bolupdyr we Medinä gelipdir. Bedrden galan ähli söweşlere gatnaşypdyr. Soň Abu Ubeýde ony Damaska häkim belläpdir. 51-nji hijri ýylynda Medinede wepat bolupdyr. Pygamberimizden 48 sany hadys rowaýat edipdir.

[33]Merril-Zahran – Mekgäniň golaýynda bir ýer ady. Merri – obanyň, Zahran – çölüň ady.

[34]Ybraýym ibn Hemze ibn Hamza ibn Musgap ibn Zubeýr ibn Awwam Medeni Abu Yshak - ynamdar hadys rowaýatçysy. 230-njy hijri ýylynda Medinede wepat bolupdyr.

[35]Bureýde ibn Hasyp ibn Abdylla ibn Harys Eslemi Abu Abdylla - sahaba. Muhammet alaýhyssalam Medinä hijret edip barýarka musulman bolupdyr. Soň Medinä göçüpdir. Musulmanlar bilen köp gazawatlara gatnaşypdyr. Hezreti Osmanyň döwründe Horasana gazawada gaýdypdyr. 63-nji hijri ýylynda hem Merwde wepat bolupdyr. Gubury şu wagt Baýramaly şäherinin golaýyndadyr.

[36]Mirt - ýakymly ysly we gülli, hemişe gök öwsüp durýan gyrymsy ösümlik.

[37]Abdylla ibn Ymran ibn Rezin ibn Wehbulla Mahzumy Abydy Abul Kasym Mekki - hadys alymy. 245-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[38]Abul Amys Utba ibn Abdylla ibn Mesgut Hezeli - ynamdar hadys rowaýatçysy.

[39]Kasym ibn Muhammet ibn Abubekr Syddyk - medineli ýedi fykh alymynyň biri. 37-nji hijri ýylynda Medinede dünýä inipdir. Tabygyn nesliniň ynamdar hadys rowaýatçysy. Ibn Uýeýne ol barada: «Ol zamanasynyň iň güýçlüsidi» diýipdir. 107-nji hijri ýylynda Mekge bilen Medinäniň arasyndaky Kadyt diýen ýerde wepat bolupdyr.