DOKUZYNJY BAP:ŞÄHERLER, DIÝARLAR, BINALAR, YMARATLAR, HARABAÇYLYKLAR WE WATANY SÖÝMEK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » DOKUZYNJY BAP:ŞÄHERLER, DIÝARLAR, BINALAR, YMARATLAR, HARABAÇYLYKLAR WE WATANY SÖÝMEK HAKYNDA

Ibn Apbas şeýle diýipdir: «Men ýer ýüzünde edilen bir haýyr işe Mekgeden başga ýüz sogap berilýän haýsydyr bir şäheri bilmeýärin. Men ýer ýüzünde Mekgeden başga okalan bir rekat namaz üçin ýüz rekat namaz ýazylýan haýsydyr bir şäheri bilmeýärin. Men ýer ýüzünde Mekgeden başga sadaka edilen bir dirheme müň dirhem sogap ýazylýan haýsydyr bir şäheri bilmeýärin. Men ýer ýüzünde Mekgeden başga ýagşyzadalaryň ýaşaýan we ýagşyzadalaryň namaz okaýan ýeri bolan haýsydyr bir şäheri bilmeýärin. Men ýer ýüzünde Mekgeden başga haýsydyr bir ýere hormat goýmasaň, ýalňyşanlara küpür howpy bolan başga bir şäher bilmeýärin. Men Mekgeden başga pygamberleriň ýygnaljak ýeri bolan haýsydyr başga bir şäheri bilmeýärin. Men ýer ýüzünde perişdeleriň her gün jennetiň ruhundan Mekgeden köp inýän ýerini bilmeýärin».

* * *

Abdylla ibn Amr şeýle diýipdir: «Mekge şäheri ýerden we howadan tä arşa çenli bolan ýedi asmanda hormatlanylýan mukaddes ýerdir».

* * *

Wehb ibn Wert şeýle diýipdir: «Men bir gün Käbäniň içinde daşyň üstünde namaz okaýardym. Birdenkä Käbe bilen örtgüsiniň arasyndan: «Eý, Jebraýyl, Käbäniň daşyndan togap edýänlerden ynsanlary söz bilen güldürýänleri, ýaňralary, boş söz sözleýänleri men ilki Alla, soňra saňa arz-şikaýat edýärin.

Eger olar şu edýän işlerini taşlamasalar, onda hökman men titräp başlaryn we meniň her bir daşym öz goparylan dagyna gaýdyp barar» diýen sesi eşitdim».

* * *

Ibn Mesgut şeýle diýipdir: «Amala başlamazdan öňürti Mekgeden başga bendäniň niýeti üçin jezalandyrylýan haýsydyr bir şäher ýokdur. Soň şu aýaty okady: «Kim ol ýerde (Mekgede) zulum bilen hakdan uzaklaşmak islese, oňa ajy azapdan dadyrarys»[1].

* * *

Ibn Apbas şeýle diýipdir: «Meniň Rukbede[2] 70 günä iş etmegim, maňa Mekgede bir günä iş etmegimden has bähbitlidir» diýipdir.

 

* * *

Sufýan Söwri:

— Walla, men haýsy şäherde ýaşajagymy bilemok? — diýipdir.

Oňa:

— Horasan — diýipdirler.

Ol:

— Ol ýerde mezhepler köp we pikirleri nädogry —diýipdir.

Soň oňa:

— Şam — diýlipdir.

Ol:

— Hemmeler meşhur bolmak isleýär, şöhratparaz — diýipdir.

Oňa:

— Yrak — diýipdirler.

Ol:

— Ol ýer zalymlaryň ýurdy — diýipdir.

Onda oňa:

— Mekge — diýipdirler.

Ol:

— Ol ýer zehiniňi we bedeniňi ýitirýär, ýagny köp ybadat etmeli bolýar — diýipdir.

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Asmana galdyrylmazdan ozal Käbäni köpräk togap ediň! Ol iki gezek ýykyldy, emma üçünji gezek asmana galdyrylar».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Allatagala: «Men eger dünýäni ýykmak islesem, öňürti öz öýümden başlaryn, ilki ony ýykaryn. Soň onuň yzy bilen dünýäni ýykaryn» diýipdir».

* * *

Käbäniň aýratynlyklary şulardyr: «Eger keýik bir möjekden gaçyp, onuň içine girse, möjek oňa zat degmez; hiç bir kepderi eger ýaraly bolmasa, Käbäniň üstüne gaçmaz; eger asmandan ýagan ýagyş Käbäniň Yrak tarapyndan gelse, onda şol ýyl Yrakda toprak hasylly bolýar, şeýle-de beýleki taraplar hem şunuň ýaly bolýar, emma eger Käbäniň hemme tarapyndan gelse, onda hemme ýurtda bereketli hasyl bolýar; şeýle hem şeýtana zyňylýan daşlaryň sany uzak zamanlar hajylaryň bu daşlary zyňmaklaryna garamazdan, şol bir ýagdaýda dur; eger bu ýer aýatyň inen ýer bolmasa-dy, onda bu ýer dag ýaly bolardy; Şeýle hem Käbäniň her bir ýolbaşçysy diňe azat kişilerden bolupdyr; Mekgedäki salyh kişiler Käbäniň içine diňe oňa tagzym üçin girýärler».

* * *

Nemiri Sakafy[3] şeýle diýipdir:

Mekgede gyşyny geçirse Zeýnep,

Geçirýär Taýyfda özüniň tomsun.

Hormat goý olara, Zeýnep halyna,

Diýýän bolsaň eger «Ykbalym oňsun».

* * *

Yslam dini gelende Hekim ibn Hazm Daryn-nedwäni Mugawyýa 100 000 dirheme satýar. Şonda Abdylla ibn Zubeýr oňa:

— Sen kuraýşylaryň abraýyny satdyňmy? — diýipdir.

Onda ol:

— Onuň abraýy gitdi. Eý, doganymyň ogly, men oňa derek jenneti satyn aldym. Sen şaýat bol, men onuň puluny Alla ýoluna berýärin — diýipdir.

* * *

Ýer üstünde ýaşaýan ýagşyzada-salyhlaryň barlygy bilen beýikdir. Allatagala Beýtil-mukaddesi pygamberleriň mekany bolanlygy üçin beýik edipdir, Medinäni Resulallanyň hijret etmegi we onuň sahabalary bilen beýik edipdir.

* * *

Biziň eşidişimize görä, Isa alaýhyssalam asmandan ýere inensoň, Medinä göçer we tä Allatagaladan emr gelýänçä ol ýerde ýaşar.

* * *

Abu Hureýranyň rowaýat etmegine görä, Muhammet alaýhyssalam bir hadysda şeýle diýipdir: «Isa alaýhyssalam asmandan ýere inende, ol enşalla bu ymmatyň içinde ýaşar. Soň şu Medine şäherinde wepat bolar we Omaryň guburynyň ýanynda ýerlener. Abubekr Syddyk bilen Omara buşluk bolsun, olaryň ikisi kyýamat güni iki pygamberiň arasynda direlerler».

* * *

Äşe Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ähli şäherler gylyç bilen eýelendi. Diňe Medine şäheri «Lä ilähe illalla Muhammedun Rasululla»[4] sözi bilen eýelendi».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Iman ýylanyň öz hinine çekilişi ýaly Medinä çekiler».

* * *

Muhammet ibn Kaýs ibn Muhrame[5] şeýle diýipdir: «Kim iki mübärek şäheriň (Mekge-Medine) birinde wepat bolsa, Allatagala ony kyýamatda imanly direlder».

* * *

Sagýa alaýhyssalam[6] şeýle diýipdir: «Sabyr et, eý, Ewru-şelem[7]. Sebäbi saňa eşege münüji, ýagny Isa ibn Merýem geler, soň saňa gatyra münüji geler, ýagny Muhammet alaýhyssalam. Ol ýeri Beýtil-mukaddesdir».

* * *

Agşa Kaýs şeýle diýipdir:

Aýlandy mal üçin uzak - alysy,

Ewru-Şelem, Ammany hem Humusy.

Oňa Palestina hem diýdiler. Bu ýer magşar ýeri, goralýan ýer we jennet şäheridir.

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  bir gezek Resulalladan:

— Haýsy ýer haýyrly we haýsy ýer erbet? — diýip sorapdyr:

Ol:

— Bilemok — diýipdir. Soň ol bu sowal bilen Jebraýyl alaýhyssalama ýüzlenipdir.

Jebraýyl alaýhyssalam:

— Bilemok — diýipdir.

Ol Jebraýyla:

—    Sen muny Rebbiňden sora — diýipdir.

Ol hem sorapdyr, Allatagala-da:

— Ýeriň haýyrlysy metjitdir. Ýeriň erbedi bolsa bazardyr — diýipdir.

* * *

Abu Hureýra şeýle diýipdir: «Kim halal maldan bir metjit gurdursa, Allatagala oňa jennetde bir öý gurar».

* * *

Äşe Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Allatagalanyň iň gowy görýän ýeri şäheriň metjitleridir. Iň halamaýan ýeri bolsa şäherleriň bazarlarydyr».

* * *

Kim metjitde bolup, namaz okamasa, akylsyzlyk etdigi bolar.

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Hemme zadyň zibilhanasy bardyr. Diňe metjitleriň zibilhanalary ýokdur. Walla ýokdur».

* * *

Mugaz ibn Jebel[8] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat diýipdir: «Kim metjitde bir çyra asyp goýsa, tä bu çyra döwülýänçä, 70 000 perişde oňa dileg-doga eder. Kim metjide bir düşek ýazsa, tä bu düşek ýyrtylýança, 70 000 perişde oňa doga-dileg eder».

* * *

Mälik ibn Dinar şeýle diýipdir: «Mynapyklar (ikiýüzlüler) metjitde, göýä kapasdaky serçeler ýalydyr».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kim metjit bilen dost bolsa, Alla onuň bilen dost bolar».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Ahyrzamanda meniň ymmatymdan bir topar geler. Olar metjide gelip, halka bolup tegelenişip oturarlar we dünýä we dünýä söýgüsi barada gürrüň ederler. Olaryň ýanynda oturmaň. Alla üçin olara hajat ýokdur».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Allatagala: «Meniň ýerdäki öýlerim metjitlerdir. Oňa zyýarata gelýänler – onuň zynatlarydyr. Aperin, öz öýünde arassalanyp, soň meniň öýüme zyýarata gelýäne! Zyýarat edilýäniň haky – zyýaratçylara hödür-kerem etmekdir» diýipdir».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Eger siz elmydama metjide gatnamagy adat edinen adamyny görseňiz, onuň imanyna şaýat boluň!».

* * *

Sagyt ibn Museýýep şeýle diýipdir: «Kim metjitde otursa ol Rebbi bilen oturandyr. Onuň haýyrdan başga zat aýtmaga hukugy ýokdur».

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Metjitde gürlemek malyň oty iýişi ýaly ähli sogaplary iýýändir».

* * *

Nahgy[9] şeýle diýipdir: «Ýary gije garaňkyda metjide pyýada gitmek rehmetden we ýalkanmakdan nyşandyr».

* * *

Samarkantly bir adam Fuzaýldan sorapdyr:

— Seniň üçin haýsy ýerde ýaşamak gowy, Mekgedemi ýa-da Şamda?

Ol:

— Eger takwa bolup ýaşanyňdan soň, Şaşda[10] ýaşasaň hem hiç hili gorkunç zat ýok — diýip jogap beripdir.

* * *

Aly Ezdi[11] şeýle diýipdir: «Men bir gezek Ibn Apbasdan:

— Jyhat näme? — diýip soradym.

Onda ol:

— Ol saňa haýry ýeten zat dälmi? Jyhat — ynsanlara Gurhany, Resulallanyň sünnetlerini we fykh ylmyny öwrenmekleri üçin metjit-medrese gurmakdyr — diýdi».

* * *

Adyý ibn Abdyl Menat Basrada ýaşamak üçin özüne bir metjidi gurupdyr. Aýdylşyna görä, Hezreti Äşäniň düýesiniň damagy şu ýerde çalnypdyr. Şol ýerde hem metjit gurupdyrlar. Olardan bir adam şorta söz hökmünde olara niýetläp şeýle diýipdir:

Özün goňşudan artyk saýýan abraýly kowmuň,

Metjitlerinden başga buýsanara ýok zady.

Özlerinden ýokarda saýýar olar metjidi,

Bir gün metjit ýykylsa, hiç kime ýetmez dady.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Eý, Kufa, sen Ukaz bazarynda serlen, eýlenen deri ýaly çekilen we ezilen bolarsyň. Hadysalar seni aýaklarynyň aşagynda ezip, üstüňe müner. Saňa erbetlik arzuw eden zalymy Alla ony öz derdi bilen meşgul etsin we öldüriji ok bilen atsyn».

* * *

             Jehm ibn Halef Mazyny Kufa şäherinden bolan Mufaddal Dabby[12] barada şeýle diýipdir:

 

            Sen kufaly, Kufaly-da goramaýar dostuny,

Ýüzde nur ýok haýyr üçin – diýeýin rastymy.

 

* * *

Abu Ubeýdeden sorapdyrlar:

— Seniň üçin Basra gowumy ýa-da Kufa?

Ol:

—Kimdir biri maňa Basrany görkezse, onuň öwezine men oňa Kufany peşgeş bererdim — diýipdir.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  basralylara şeýle diýipdir: «Siziň ýeriňiz suwa ýakyn, asmandan daş, aklyňyz ýeňil, sabryňyz gowşak, siz okçularyň nyşany, iýijileriň iýmiti, hüjüm edýänlere bolsa gurbansyňyz».

* * *

Bir adam Sana şäherini taryplap şeýle diýipdir : «Ol ýeriň topragy diýseň gowy, ol ýere sejde eden kellesini ýerden galdyrmak islemeýär».

* * *

Ýemama şäherinden bir adam gelipdir. Ondan:

— Ol ýerdäki gören zatlaryň iň gowusy näme? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Meniň ol ýerden sag-salamat çykmagym — diýip jogap beripdir.

* * *

Yraklylara ahlaklarynyň päkligi we ruhlarynyň belentligi üçin «ýeriň perişdeleri» diýýärler.

* * *

Ýeriň perişdeleri – yraklylardyr, Jibalyň ýaşaýjylary bolsa ýeriň şeýtanlarydyr.

* * *

Abu Yshak Zujjaç[13] şeýle diýipdir: «Bagdat – dünýäniň paýtagtydyr, ondan galan ýerler bolsa çöldür».

* * *

Abul Ferej Babga şeýle diýipdir: «Bagdadyň howasy ähli howalaryň iň tämizidir. Onuň suwy ähli suwlaryň iň süýjüsidir. Onuň şemaly ähli şemallardan mylaýymdyr. Onuň nygmatlary ähli nygmatlaryň iň bereketlisidir».

* * *

Bagdat – şäherleriň arasynda gije-gündiziň deňleşýän yklymynyň merkezidir. Ol geçmiş zamanlarda birnäçe ýyllap Kesralaryň watany bolupdyr. Yslam döwletinde halypalaryň paýtagty bolupdyr.

* * *

Abu Fadyl ibn Amyt şeýle diýipdir: «Öňler bir adamyň ylmyny barlap görjek bolsalar, ony Bagdadyň aýratynlyklaryny bilip-bilmeýändigi bilen synag eder ekenler».

* * *

Sahyp ibn Abbat Bagdatdan gelende, ondan Bagdat barada sorapdyrlar. Ol: «Bagdat – şäherleriň arasynda, ynsanlaryň arasyndaky alym ýalydyr» diýipdir.

* * *

Diwanda şeýle diýilýär:

Kim diýseň dünýäde iň abraýly —

Barysyndan belent mugallym ady.

Şäherler içinde iň haýyrlysy,

Başgasyna deňemersiň Bagdady.

* * *

Aýdypdyrlar: «Onuň şöhrat-şanynyň ýene bir geň tarapy hem – Bagdat halypalaryň watanydyr we onda hiç halypa ölmeýär».

* * *

Ammara ibn Ukaýl[14] şeýle diýipdir:

Uzynlykda, giňlikde Bagdat ýaly ýer bolmaz,

Onuň kimin şäher ýok ol zeminiň behişdi.

Ol ýerde ömür sürýän halypalar ölmezler,

Isläni bolýan Rebden şeýle emir ýetişdi.

* * *

Halypa Mansur Bagdady 146-njy hijri ýylynda gurup bolandan soňra, münejjim Nowbagta ýyldyzlara seredip, şäheriň ykbalyna bakmagy isläpdir. Ol hem Müşteri ýyldyzyny Ýaý ýyldyzynda görýär. Ol ýyldyzlaryň bu şäheriň beýleki şäherlerden zyýat boljakdygyny habar berýändigini aýdypdyr, halypa Mansur hem bu habara begenip: «Bu Allatagalanyň pazlyndandyr. Allatagala ony öz islänine berer. Hakykatdan hem Allatagala belent pazylet eýesidir» aýatyny[15] okap, şeýle diýipdir: «Bu şäheriň başga bir aýratynlygy hem munda hiç haçan halypalaryň ölmezligidir».

* * *

Hurnak köşgüni Nugman ibn Ymraul Kaýs Ekber gurupdyr. Ol muny Kesranyň emri bilen Bähram Gur[16] üçin gurupdyr. Kesra Bähram Gury öz janpenasy edip belläp, oňa ony gurmagy emr edipdir. Tebipler bu ýere Yrakda howasy iň gowy ýer diýip aýdypdylar.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Iblis Yraga girdi we hajatyny bitirdi, soň Şama geldi, ony ol ýerden kowdular, soň Müsüre geldi, ol şol ýerde ýumurtgalady we jüýje çykardy».

* * *

Kim-de kim Mosulda bir ýyl ýaşasa, öz güýjünde artykmaçlyk görer. Kim Ahwazda bir ýyl ýaşasa, özi hem parasatly bolsa, özünde kemçilik bardygyny görer.

* * *

Ahwaz şäheri şekeri, dibagy[17] we ýüpegi bilen meşhurdyr. Tusteriň mahmal ýüpegi we Susuň ýüpegi diýlip aýdylýandyr, bularyň ikisi hem Ahwazdandyr.

* * *

Muhammet ibn Hüseýin Keşajem bagy-bossanlygy wasp edip şeýle diýipdir:

Tuster mahmal ýüpegin göz öňüne getir sen,

Susuň ýüpegi ýaly hem ýaýylyp ýatyrsyň.

* * *

Abu Nasr Utby[18] şeýle diýipdir:

Ulalyşan adamyň endam gijeme syry,

Sus ýüpek gurçugynyň oňa edýän täsiri.

* * *

Kesker — Dijläniň we Fyradyň kenarlaryndaky welaýatlaryň etraplarynyň biridir. Bu ýer semiz towuklary bilen meşhurdyr. Bu towuklaryň birini çekip görseň, onuň bir guzynyň ýa-da owlagyň agramy ýaly agramy bolupdyr.

* * *

Harun Reşit Musa Käzim ibn Japara[19] şeýle diýipdir:

— Eý, Abul Hasan, sen Fedek[20] şäherini al. Men ony saňa berýän — diýipdir. Ol mundan boýun towlapdyr. Harun Reşit hem oňa: «Sen ony al» diýip özelenip durupdyr.

Onda Musa:

—    Bolýar, men ony alaýyn, ýöne serhetleri bilen — diýipdir.

Harun Reşit:

— Onuň serhetleri haýsy bolýar? — diýipdir.

Musa:

— Eý, emiril-möminin, eger men onuň serhetlerini aýtsam, sen olary inkär etmegin — diýipdir.

Harun Reşit:

— Seniň eždadyň hormaty üçin, men ony ýerine ýetirerin — diýipdir.

Musa:

— Birinji serhedi Aden şäheri — diýipdir. Harun Reşidiň ýüziniň reňki üýtgäp gidipdir we «bolýar» diýip jogap beripdir.

Musa:

—    Ikinji serhedi Samarkant — diýipdir. Harun Reşidiň ýüzüniň reňki duw-ak bolupdyr we «bolýar» diýipdir.

Musa:

— Üçünji serhet Afrika — diýipdir. Harun Reşidiň ýüzi garalypdyr we «bolýar» diýipdir.

Musa:

— Dördünji Hazar deňziniň kenarlary we Ermeniýe — diýipdir.

Harun Reşit:

— Bize hiç zat galmady. Indi mejlisimiň içine aýlanyp ýöräýmesem — diýipdir.

Musa:

— Sen maňa eger men serhetleri sanasam, «ony inkär etmerin» diýipdiň ahyry — diýipdir.

Harun Reşidiň muňa gahary gelipdir we ony ölüme buýrupdyr. Ýöne Ýahýa ibn Halyt[21] ony bu pälinden gaýtarypdyr.

Musa eliniň aýasyna çybany görüp:

— Bu biziň ähli beýtimiziň[22] nyşany. Ol mende ýüze çykdy. Men basym dünýäden gaýdaryn. Meniň peýmanym doldy — diýipdir.

Ol şeýle diýip, Ýahýanyň ýanyndan gidipdir we birnäçe günden soň wepat bolupdyr.

* * *

Basra şäherine «arabyň hazynasy» we «kubbetul-yslam» diýipdirler. Munuň sebäbi hem arap taýpalarynyň ol ýere göçmegi we musulmanlaryň ol ýeri özlerine watan we merkez edinendikleri üçindir.

* * *

Haçanda Mansur Bagdady gurup bolansoň, ol ýer halypalyk merkezine öwrülipdir we dünýä malyny özünde jemläpdir. Ol ýeri «yslam şäheri» we «yslam gupbasy» diýlip atlandyrylypdyr.

* * *

Kesaýy[23] şeýle diýipdir: «Oňa ilki «kenzul-yslam»[24] (yslamyň hazynasy) diýildi, «kenz» bolsa «gupba» diýmegi hem aňladýar. Soň adamlar ony üýtgedip «kubbetil-yslam» (yslamyň gupbasy) diýdiler».

* * *

Aly ibn Isa ibn Japar Haşymy[25] Basrada bir köşk gurupdyr. Ibn Mugzel oňa:

— Sen depesi asmana ýetip duran, arassa suwly, mylaýym howaly, diwarlary bezemen şeýle bir binany gurduň — diýipdir.

Onda ol:

— Seniň bina barada aýdýan sözleriň meniň binamdan hem diýseň ajaýyp — diýipdir.

* * *

Şäheri diňe suwly, ekerançylyga baý, tokaýlyk ýerde gurar ekenler.

* * *

Aýdylyşyna görä, Yspyhan Isgender Zülkarneýniň guran şäherleriniň biridir.

* * *

Şygyr:

Menden Reý hakda sorady biri,

Meniň oňa beren jogabym görüň.

Olaryň şäheriniň ogludyryn men,

Şonuň üçinem men şol şäherdirin.

Ýagny şol şähere beletdirin.

* * *

Käbirleri Hindistanyň şäherlerini wasp edip şeýle diýipdirler: «Onuň deňzi durşy bilen dür, daglary ýakut, daragtlary gurluşyk üçin tagta we ýapraklary bolsa atyrdyr».

* * *

Gur[26] şäheri Pars welaýatlarynyň birindedir. Ol ýer bägüli bilen meşhurdyr. Ýagny, Guruň bägüli, Gur bägüli diýilýändir, şeýle-de: «Kufanyň benefseji[27]», «Bagdadyň mensury[28]», «Kumuň zagpyrany», «Şirwanyň niluferi[29]», «Semiranyň turunjy», «Tabarystanyň limony» we «Gürgeniň nergizi» diýip hem aýdypdyrlar.

* * *

Abdylla ibn Süleýman[30] Nehawent şäheri barada şeýle diýipdir: «Onuň topragy zagpyran, asmany miwe, diwarlary bolsa bal».

* * *

Amr ibn Leýs[31] Nyşapur barada şeýle diýipdir: «Onuň daşy pöwrize, topragy ýorunja, otlary ribas[32]».

* * *

Hajjaç Yspyhana iberen häkimine şeýle diýipdir: «Men seni daşlary sürme, siňekleri ary, otlary zagpyran bolan ýere iberýärin».

 

* * *

  Ysmaýl ibn Ahmet Nyşapury örän gowy görüp:

— Örän gowy şäher, ýöne!... — diýipdir.

Oňa:

— Ýönäň näme? — diýip sowal beripdirler.

Ol:

— Onuň ýeriniň aşagyndaky suwlaryny ýüzüne çykarmaly. Üstündäki alymlaryny bolsa aşagyna salmaly — diýipdir.

* * *

Parslaryň aýtmaklaryna görä, Ybraýym alaýhyssalam Istehr[33] şäheriniň Enderan obasyndan bolupdyr. Şeýle atlandyrylmagynyň sebäbi, Ybraýym alaýhyssalam ol ýerde hiňňildikden oda oklanypdyr. Olaryň aýtmaklaryna görä, Ybraýym alaýhyssalamyň ol ýerde bir metjidi bar. Ol ýerde bir gaýa bar. Gaýada onuň dyzynyň, aýasynyň we barmaklarynyň yzy bar. Ynsanlar ol ýere zyýarat edýärler. Hatda uzak ýurtlardan hem gelýärler. Ol ýerde aýt namazyny okaýarlar. Onuň bir parsah ýokarsynda uly depe bar. Uzynlygy bir parsah. Onuň çür depesinde daşy dolanan we gaty bolan bir zat bar, eger onuň daşyny aýyrsaň, ol ýerde elekden geçen ýaly ak kül bar. Şondan hem şypa tapýarlar. Olar Ybraýym alaýhyssalamyň Kusdandygyny inkär edýärler we onuň parsdan çykyp gidensoň Kusda ýaşandygyny aýdýarlar. Istehrda Süleýmanyň metjidi bar. Şeýle hem Şirazda-da bar.

* * *

Biderek gürrüňleriň birinde aýdylyşyna görä, tuslular Harun Reşidiň ýanyna baryp, Mekgäni öz şäherlerine geçirmeklerini haýyş edenmişler.

* * *

Hajjaç Gazban ibn Kabagsarydan[34]:

— Kermany taşlap gaýdanyňda ol ýer nähilidi? — diýip sorapdyr.

Ol hem:

— Suwy gözýaşdy, ýeri daglykdy, ogrusy köpdi, miwesi bogaldakdy, esgerleriň köpüsi açdy, galany harapdy — diýip jogap beripdir.

* * *

Çyn-Maçyn özüniň inçe sungaty we ajaýyp suratlary bilen meşhurdyr. Olaryň suratlary oýun edip durany, utanyp durany, begenip durany aýdyň görkezýär.

* * *

Şeýle diýipdirler: «Dünýädäkileriň hemmesi kördür, diňe Babyl ilaty kör däldir, olar ýeke gözlüdir».

* * *

Tibet şäherini Tebg[35] gurupdyr we ony öz ady bilen atlandyrypdyr. Türk(men)ler onuň adyny üýtgedipdirler. Kim-de kim onuň gamyşlyklarynda otursa hiç hili sebäpsiz ony şatlyk gurşap alýarmyş. Ol tä şol ýerden çykýança, gülüp-ýylgyrmagy dowam edýärmiş.

* * *

Nehawendiň howasynyň şerti barada şeýle diýlipdir:

Zeminiň sowuk ýerine bardym,

Azap-ejir eken onuň sowugy.

Soňam başga - yssy bir ýeri gördüm,

Ot bolup ýakýardy onuň howuzy.

Şeýdip ikisini men birleşdirdim,

Ýaşaýşy ikä böldüm - gowudy.

 

* * *

            Asudalyk – Mekgäniň aýrylmaz sypatlarynyň biridir. Hökümdarlaryň biri mekgelilere hat ýazyp, olaryň ýer salgydyny tölemegini isläpdir. Abdylmuttalyp[36] hem olara şeýle diýip jogap beripdir:

 

Seni iberen enesiniň byzryny[37]tutsun,

Toprak üçin salgyt ýok, bizden umydyn üzsün.

 

           

* * *

Eýwan Bagdatdan bir günlük ýoldur. Ony eýran hökümdary Kesra Abruwiz 20 ýylyň içinde gurupdyr. Onuň uzynlygy 100 zirag[38], ini 50 zirag, ýokarsynda 100 sany bişen kerpiç we doňdurylan hek bar. Gümmeziň galyňlygy 5 kerpiç. Dälizleriň uzynlygy 15 zirag. Mansur Bagdat şäherini guranda, Eýwany ýykmak isläpdir we Halyt ibn Barmaky bilen maslahatlaşypdyr. Ol hem ony bu niýetinden dändirip: «Ol yslamyň nyşanydyr» diýipdir.

* * *

Huzaýfa we Selman ikisi dünýä wakalary barada gürrüňleşip oturan ekenler. Olaryň gürrüňleriniň iň geň tarapy hem şu rowaýat bolupdyr: «Bir çarwa arap çopan öz guzularyny bakar eken. Agşam düşende bolsa olary eýwana  salyp, Kesra Abruwiziň oturan merwer tagtynyň ýanyna ýygnar eken».

* * *

Ruha – Harranyň welaýatlarynyň biridir. Ruhanyň buthanasy şol ýerdedir. Onuň dört sany merwerden diregi bar. Olaryň arasyna penjireler daňylan. Ol ýerde geň-ajaýyp bezegler, suratlar, tilsimler, şemler bar.

 

* * *

Damask metjidini emewiler döwletinden merwanylar[39] gurupdyrlar. Täze gelen her emewi halypasy onuň owadanlygyny artdyrmak üçin ony giňeldipdir. Onuň diwarlary we petigi nagyşlar bilen bezelipdir. Onuň diregleri göwherler, altyn-kümüşler bilen çaýylypdyr. Damaskyň garry ýaşaýjylarynyň biri şeýle gürrüň beripdir: «Men özümi bilelim bäri bu ýerde bir namaz hem geçirmedim. Men her gezek onuň içine girenimde onuň öňküden hem has üýtgändigini görýärdim».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Jebraýyl alaýhyssalam Medine şäherine «fahyra»[40] diýdi.

Men ondan:

— Näme üçin «fahyra» diýdiň? — diýip soradym. Onda Jebraýyl alaýhyssalam:

— Sebäbi ol kyýamat gününde özüniň şehitleriniň köplügi bilen şäherleriň arasynda öwüner — diýdi.

Muhammet alaýhyssalam hem: «Eý, Alla Medinäni mübärek et. Onuň ýaşaýjylarynyň kalbyny takwa bilen arassala. Olary meniň ymmatyma rehimli et» diýipdir.

* * *

Medine halky üçin: «Kesekilere olardan has merhemetli hiç kim ýok» diýipdirler[41].

 

* * *

Hasan Basry bir gezek adamlaryň arasynda:

— Iki ganatyň edýän işi näme, kim bilýär? — diýip sorapdyr.

Adamlar ondan:

— Iki ganat näme ? — diýip sorapdyrlar.

Onda Hasan Basry:

— Olar Samarkant we Horezmdir. Olar yslamyň iki ganatydyr. Ol ikisi yslamyň galalarydyr — diýipdir.

 

* * *

Bir akyldar berk gurlan galany görüp: «Bu ýer erkekleriň ýeri däl, aýallaryň ýeri» diýipdir.

* * *

Munzir ibn Mäussema şeýle diýipdir: «Araplaryň galalary – atlary we ýaraglarydyr».

* * *

Bir gezek Muhammet alaýhyssalam Hezret Ala şeýle diýipdir: «Eý, Abul Hasan Rustakda[42] ýaşama. Sebäbi ol ýer jähennemiň ýerlerinden bir ýerdir. Ol ýeriň çagalary azgyn, ýaşlary hilegär, garrylary nadan, olaryň möminleri bolsa eşegiň läşi ýalydyr» diýipdir.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kefur[43] şäheriniň ýaşaýjylary, gabrystanlygyň ýaşaýjylary ýalydyr».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Uly şäherlerde ýaşa, sebäbi ol ýer musulmanlaryň ýygnanyşýan ýeridir. Gaflatly, jepaly ýerlerden we Alla tagat etmekde ortadan az bolmakdan habardar bol. Bazarlarda kän oturmaň. Sebäbi ol ýer şeýtanyň we pitneleriň ýeridir».

* * *

Injilde: «Diwarda ýekeje haram kerpijiň bolmagy, harabaçylykdan habar berýär» diýlip ýazylypdyr.

* * *

Abu Amr ibn Agla[44] şeýle diýipdir: «Ýemendäki Silhun şäherini 80-nji hijri ýylynda patyşalar gurdurypdyrlar. Berakeş we Mugyn şäherleri hem şol mahal gurlupdyr. Emma şu mahal Silhundan hiç hili nyşan galmandyr. Emma Berakeş we Mugyn şäherleri henizem bar».

* * *

Amr ibn Magdy Kerp[45] şeýle diýipdir:

Bizi Berakeşden we Mugyndan çagyrdylar,

Sen hem bizi diňle we biziň bilen ýola çyk.

* * *

Wehb ibn Munebbih şeýle diýipdir: «Men pygamberleriň kitaplarynda: «Kim garyplaryň zady bilen baý bolsa, onuň soňy garyplyk bolar. Haýsy bir öý ejizler arkaly gurulsa, onuň soňy harabalyk bolar» diýlip ýazylandygyny gördüm».

* * *

Mälik ibn Dinar hakyny dirhem bilen töleýän bir adamyň ýanyna gurluşykçy bolup işe durupdyr. Işden soň ol adam Mälige iş hakyny beripdir. Mälik hem dirhemleri alyp, palçygyň içine garypdyr. Ýaňky adam hem geň galyp:

— Näme üçin dirhemleri palçyga garýarsyň — diýip sorapdyr.

Onda Mälik:

— Sen näme geň galýarsyň, seniň dirhemleriňi bu palçyk üçin harçlamagyň meniňkiden hem has geň ahyry. Sen olary bina üçin zaýalamadyňmy? — diýipdir.

* * *

Katada[46] şeýle diýipdir: «Kim malynyň zekatyny bermese, Allatagala oňa topragy musallat eder (ýagny, zekatyny bermeýän kişiniň puluny gurluşyk işlerine sarp etdirer)».

* * *

Seleme Ahmar[47] şeýle diýipdir: «Men bir gezek Harun Reşidiň köşgüne girdim we oňa şeýle diýdim:

 

Bu dünýäde seniň öýüň şeýle giň,

Ölseň - dar gabyrda bolaýmasa kyn.

Meniň bu sözlerimden soň Harun aglap başlady».

* * *

Hasan Basry bir köşgüň ýanyndan geçip barýarka:

— Bu köşk kimiňki? — diýip sorapdyr.

Oňa:

— Ewsiňki — diýip jogap beripdirler.

Onda ol:

— Men Ewse muhabbet bilen aýdýan, ahyretde munuň öwezi bir külçedir (ýagny bir külçe sadaka berene ahyretde bir bina salarlar) — diýipdir.

* * *

Nuh alaýhyssalam 1400 ýyllap kiçijik külbejikde ýaşapdyr. Hemmeler oňa:

— Eý, Allanyň ilçisi, sen hem özüňe ýaşar ýaly bir öý gurunsaň — diýipdirler. Emma ol:

— Men ertirki gün ölsem, ony terk etmeli bolaryn — diýipdir we tä dünýäden gaýdýança şol ýerde ýaşapdyr.

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  şeýle diýipdir: «Meniň haýynlara iki sany ynamdar zadym bar: «Suw we toprak». Eger haýsydyr bir häkim suw çekip we öý gurup başlasa, onda men onuň mal ýygnandygyny we ony harlap başlaýandygyny bilýärin».

* * *

Bir adam Hasan Basrynyň ýanyna gelip:

— Men täze bir öý gurdum. Seniň öýe gelip, Alladan ýagşy dileg-doga etmegiňi isleýärin — diýipdir.

Hasan Basry hem gelip, ol öýi synlapdyr, soň bolsa:

— Sen öz öýüňi harap edipsiň we beýlekiler üçin öý gurupsyň. Sen ýerde bolanlara (adamlara) aldanypsyň, asmanda bolandan (Allatagaladan) uzak düşüpsiň — diýipdir.

* * *

Hasan Basry bir gün mühellipleriň[48] maşgalasyndan bolan biriniň öýüniň ýanyndan geçip barýarka: «Topragy asmana galdyryp, dini ýerde goýupdyr» diýipdir.

* * *

Şakyk Balhynyň[49] bir külbejigi bar eken. Ol onda aty bilen ýaşar eken. Ol her gezek gazawada gidende, ony ýykyp, gaýdyp gelende ýene täzeden gurar eken.

* * *

Asmagy Harun Reşide şeýle gürrüň beripdir: «Basraly bir ýigidiň gamyşdan külbesi bar eken. Dostlary her gün onuň ýanyna geler eken. Agşamara bolsa olar aýdym aýdyp şatlanyşar we bolsady eker ekenler. Her gezek hem olaryň biri:

— Men ertir müň kerpiç alýan.

Ýene biri:

— Men bürünç alýan.

Üçünjisi:

— Men gurluşygyň nyrhyny töleýän — diýip, öz ýanlaryndan külbäni bir sagadyň içinde köşge öwrer ekenler. Emma ertir irden welin hiç zat görmez ekenler».

Şygyr:

Uzak gije dostlar üýşüp, şatlanarlar, gülerler,

Köşk gurarys ertir diýip, hyýal atyn münerler.

Gyşyn köýneksiz geçirse, üns bermese özüne,

Eýsem, aýt, şeýle kişiniň kim ynanar sözüne.

Harun Reşit hem gülüp: «Eý, Abu Sagyt. Men saňa bir köşk gurup bererin, ýöne ol köşk ýaňky ýigidiňki ýaly bolmaz» diýipdir we oňa iki müň dinar beripdir.

* * *

Hajjaç özüniň guran köşgüni Ysmaýyl ibn Uşgasa (ol samsygrak eken) görkezip:

— Meniň köşgümi nähili gördüň? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Ony ýykmak isleýäne-hä, gaty agyr düşjek ýagdaýda eken — diýip jogap beripdir.

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Musulman adamyň iň erbet öýi dünýä gürrüňi agzalyp, ahyret unudylýan şagalaň öýüdir».

* * *

Muhammet ibn Wasyg şeýle diýipdir: «Men Mekgä geldim we Salym ibn Abdylla ibn Omardan[50] eşitdim: «Resulalla şeýle diýipdir: «Kim bazara girse we «Lä ilähe illallahu wahdehu lä şerike leh, lehul-mulku we lehul-hamdu, ýuhýi we ýumit we huwe haýýul lä ýemut, biýedihil-haýr we huwe alä kulli şeýin kadyr[51]« diýse, Allatagala oňa 1 000 000 sogap ýazar we ondan 1 000 000 günäsini bozar we ony 1 000 000 dereje ýokary galdyrar».

 

* * *

Muhammet ibn Wasyg soň şeýle gürrüň beripdir: «Men Horasana gelenimde Kuteýba  ibn Müslime: «Men saňa sowgatly geldim» diýip, ýaňky hadysy gürrüň berdim. Ol hem derrew ulagyna münüp bazara bardy, ýaňky sözleri aýtdy we geldi».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Siz bazarlardan (ol ýerdäki işlerden) habardar boluň. Sebäbi şeýtan ol ýerde ýumurtgalap, jüýje çykardy».

* * *

Bir gezek Şagbydan:

— Iblis nirede jüýjeledi? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

 — Bazarlarda — diýip jogap beripdir.

Ýene-de ondan:

—    Nädip? — diýip sorapdyrlar.

Ol hem:

— Sebäbi bazarlarda hetdenaşalyk, kem çekmek, suw garmak, hyýanat, zadyny öwme, nähak ýere kemsitme, wadada durmazlyk, hukugy çeýnemek, batyl işlerde kömekleşmek ýaly ony begendirýän zatlar bar — diýip jogap beripdir.

* * *

Bir gezek bir adam gelip Muhammet alaýhyssalamdan kyýamatyň alamatlary barada sorapdyr. Onda ol ýaňky adama:

— Bazarlaryň ýakynlaşmagy (ýagny bazarlarda ýalançylygyň köpelmegi) — diýipdir.

Ýaňky adam ondan:

— Bazarlaryň ýakynlaşmagynyň manysy näme? — diýip sorapdyr.

Muhammet alaýhyssalam hem:

— Adamlaryň biri-birlerine dogruçyllygyň (terezide dogry çekmegiň) ýokdugyndan zeýrenip başlamaklary — diýip jogap beripdir.

* * *

Halk arasynda şeýleräk bir gürrüň hem aýdylýar: «Dünýäniň lezzeti aýdym-sazda, zynada we binada».

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Hammam jaýlarynyň iň gowusy musulman adamyň girýän hammamydyr. Sebäbi eger musulman bende oňa girende, ol Alladan özüne jenneti isleýär we özüni jähennemden goramagyny isleýär».

* * *

Hasan ibn Aly şeýle diýipdir: «Öňler hammamdan çykansoňlar onuň özlerinde galan täsiri barada gürrüň bermegi gowy görer ekenler».

* * *

Abul Musa Eşgary Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Hammama ilkinji bolup giren we oňa ýyladyjy enjam goýan Süleýman alaýhyssalamdyr. Ol onuň gyzgynlygyny görende: «Waý, waý, Allanyň azabyndan, waý, waý, peýdasy ýetmänkä öňürti waý, waý» diýipdir».

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  şeýle diýipdir: «Hammamlar nähili gowy ýerdir, kiri aýyrýar, jähennemi ýadyňa salýar».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Hammam nähili erbet ýer – uýat ýerler açylýar, utanç-haýa gidýär».

 

* * *

Çarwa arap ömründe ilkinji gezek hammama giripdir we göwnüne ýarapdyr. Ol dostuna bu barada şeýle gürrüň beripdir:

Jelagaýda bu hammamyň taýyna duşup görmändik,

Ot içinde munuň ýaly jennete düşüp görmändik.

* * *

Hasan şeýle diýipdir: «Bazarlar Allanyň ýerdäki saçaklarydyr. Kim olara gelse ýalňyşmaz».

* * *

Hajjaç zalym bir gezek bir adamdan:

—    Sen näme bilýäň? — diýip sorapdyr.

Ol:

—                     Guşuň diline düşünýän — diýipdir. Şol wagt iki sany guş garşylykly saýraşyp duran.

Hajjaç ýaňky adamdan:

— Olar näme diýýärler? — diýip sorapdyr.

Onda ol adam:

— Birinji guş ikinji guşuň gyzyna söz aýdýar. Ikinji guş hem ondan 4000 sany uly köşk isleýär we olary nireden tapjak diýip soraýar. Onda birinji guş: «Seniň ýalylar ýaşap ýörse, hökman bir çäresi tapylar» diýýär. Ikinji guş bolsa: «Ol nähili bolýar?» diýip soraýar. Onda birinji guş: «Sen haýyr işleri dep edýärsiň we diýarlary hem boşadýarsyň?» diýýär — diýipdir.

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Sen öz göbek ganyň daman ýeriňi guratma we öz milletiň bolan ýurduňy terk etme».

* * *

Watan — göbek ganymyň daman we milletimiň ýaşaýan ýurdudyr.

* * *

Ibn Apbas şeýle diýipdir: «Eger ynsanlar özleriniň rysgallaryna kanagat etseler, özleriniň watanlaryna kanagat etdikleri bolar».

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  şeýle diýipdir: «Allatagala öz watanyny söýmek üçin ýurtlary döretdi».

* * *

Öňküler watan topragyny ysgap durar ýaly, ýola çykanlarynda ýanlaryna öz topraklaryndan toprak alar ekenler. Şeýle hem suw içenlerinde, suwuň içine seper ekenler.

* * *

Hindiler şeýle diýipdirler: «Seniň watanyňa hormat goýmagyň, ene-ataňa hormat goýmagyň bilen deňdir. Sebäbi seniň iýmitiň watan topragyndandyr. Eneň-ataň iýmiti hem watan topragyndandyr».

* * *

Pähim-paýhaslaryň birinde şeýle diýlipdir: «Eger raýatlarynyň watan söýgüsi bolmasa-dy, erbet ýurtlar harap bolardy».

Ibn Omar şeýle diýipdir: «Resulalla bazarda az gezýärdi we ol bazarda aýlanyp ýörkä şeýle diýipdir: «Eý, Allam, men senden bazaryň şerinden, bozgaklardan, her bir erbet söwdadan we her bir ýalan kasamdan pena isleýärin».

* * *

Bir adam şeýle diýipdir: «It üýrmeýän we horaz gygyrmaýan hiç bir oba ýokdur».

* * *

Başga biri bolsa: «Dokmaçy we mugallym bolmadyk hiç bir oba ýokdur» diýipdir.

* * *

Ýene biri bolsa: «Eger bularyň ikisi bir ýerde jemlense onda şäher bolýar» diýipdir.

* * *

Ibn Zubeýr şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň kasamynyň iň kanagatlandyryjysy, watanlaryndan kasam etmekleridir».

* * *

Ibn Mesgut şeýle diýipdir: «Resulalla bir gezek şeýle diýdi:

— Men «Isra gijesinde» asmana çykarylanymda dördünji asmanda bezelen bir köşk gördüm. Onuň töwereginde nur şemleri we çyralary bardy. Men Jebraýyl perişdeden:

—    Eý, Jebraýyl bu bezelen köşk näme? — diýip soradym.

Onda Jebraýyl:

— Eý, Muhammet, bu köşk Horasandaky Jeýhunyň töweregindäki seniň ymmatyň muzdudyr — diýip jogap berdi.

Men ondan:

— Eý, Jebraýyl Jeýhun näme bolýar? — diýip soradym.

Onda Jebraýyl:

— Horasanda bir derýa. Bu derýanyň töwereginde ýaşaýanlardan kim öz düşeginde ýatyp wepat bolsa kyýamat gününde guburyndan şehit bolup turar — diýip jogap berdi.

Men ýene-de:                                                                                                 

— Eý, Jebraýyl bu olara näme üçin berilýär? — diýip soradym.

Onda Jebraýyl:

— Olaryň türk [mongol] atly bir duşmany bolar, olar itden hem beterdir. Kimiň kalbynda olardan gorky bolsa kyýamat gününde öz gabryndan şehitler bilen bile şehit bolup turar — diýip jogap berdi».

* * *

Abu Hureýra şeýle diýipdir: «Resulalla şeýle diýdi: «Kim Horezmde bir gije ýatan bolsa, şoňa buşluk bolsun. Kim Horezmde iki rekat namaz okasa oňa buşluk bolsun».

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Gündogarda Horezm diýen bir şäher bar. Ol Jeýhun diýen derýanyň kenarynda ýerleşýär. Onuň iki tarapynda melgunlar bar. Bu şäher perişdeler tarapyndan daşlary gurşalyp, perişdeler olary göýä öýlenýän ýigidiň gelniniň öýüne gidişi ýaly jennete alyp giderler. Allatagala olaryň mazarystanlygyndan 100 000 şehit direlder. Ol şehitleriň her biri Bedr söweşiniň şehidi[52] bilen deňdir».

* * *

Mekhul[53] şeýle diýipdir: «Horasanda Horezm diýen şäher bar. Olar kapyrlyklaryny dowam etdikleriçe musulmanlar olaryň elinde zulum we ezýet görerler. Emma olar musulman bolansoňlar musulmanlaryň ganatlaryndan bir ganat, galkanlaryndan bir galkan bolarlar».

* * *

Ibn Omar horezmli bir adamdan öz ýurdy barada sorapdyr. Ol adam:

— Biziň ýurdumyzdan eger bir adam ýüzüni suw bilen ýuwsa, şol suw onuň ýüzünde buz bolýar — diýipdir.

Onda Ibn Omar oňa:

— Sen bu ýüzleri jennet bilen buşla — diýipdir.

* * *

Abdylla ibn Omar Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Size ajam ýurdunyň ýeňişi nesip eder. Ol ýerlerde hammam diýilýän öýlere duş gelersiňiz. Oňa hiç bir erkekler örtgüsiz girmesinler. Aýbaşly ýa-da hassa bolmasa beýleki aýallara ol ýerlere girmäge rugsat bermäň».

 

* * *

Hezreti Äşäniň ýanyna Şamly aýallardan bir topary gelipdir. Hezreti Äşe olardan:

— Siz nireden? — diýip sorapdyr.

Olar:

— Biz Şamdan bolarys — diýipdirler.

Hezreti Äşe:

— Siz aýallary hammama girýän sebitden bolmaly? — diýipdir.

Aýallar:

— Hawa — diýipdirler.

Hezreti Äşe hem olara garap:

— Men Resulallanyň «Eşigini öz öýünden başga bir ýerde çykaran aýal, ol Alla bilen öz arasyndaky perdäni ýyrtandyr» diýendigini eşitdim — diýipdir.

* * *

Anuşirwan Adyl şeýle diýipdir: — Şu bäş zat bolmadyk ýurtda ýaşama:

1.      Tutanýerli soltan.

2.      Adalatly kazy.

3.      Mydamalyk bazar.

4.      Alym tebip.

5.      Akyp duran derýa.

* * *

Merwiň düýbüni Afrasyýap[54] tutupdyr. Keýhysrow[55] galan ýerlerini gurupdyr. Isgender hem şäheri doly tamamlapdyr.

* * *

Samarkandyň düýbüni Keýkowus ibn Kubat[56] tutupdyr. Syýawuş hem onuň galan gurluşygyny tamamlapdyr.

* * *

Nusaýy Piruz ibn Ýezdigert gurupdyr. Oňa «Piruzyň şäheri» hem diýer ekenler.

* * *

Jabyr ibn Abdylla Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim Alla we ahyret gününe ynanýan bolsa, üstünde şerap goýlan saçagyň başynda oturmasyn, kim Alla we ahyret gününe ynanýan bolsa hammama örtgüsiz girmesin, kim Alla we ahyret gününe ynanýan bolsa aýalyny hammama salmasyn».

* * *

Hammama uýat ýeriň açyk, aýratynam göbekden gasyga çenli açyk bolsa girmek gowy hasaplanmaýar.

* * *

Käbirleri şeýle diýipdirler: «Hammama girmek aýyp däldir. Ýöne uýat ýerleriň we kelläň örtülgi bolmalydyr. Hammama gireniňde çep aýagyň bilen girip, şu dogany okamak sünnetdir: «Bismillähi-r-rahmany-r-rahym. Men pis nejasatdan, erbet hapaçylykdan we kowulan şeýtandan Alla saňa sygynýaryn».

* * *

Agşam bilen ýassynyň arasynda we Gün batyp barýarka hammama girmek mekruhdyr. Şeýle hem erkege aýalyna hammamyň muzduny bermegi hem mekruhdyr, sebäbi ol bu ýagdaýda oňa mekruh işde şärik bolýar.

* * *

Ýer ýüzünde tupandan soň gurlan ilkinji obany Nuh alaýhyssalam gurupdyr. Onuň ýanynda gämiden düşenlerinde segsen kişi bar eken. Şonuň üçinem ol obanyň adyna Semänin[57] diýipdiler.

* * *

Basradaky «Häft hezar» (ýedi müň) atly öýler dub agajynyň sütünlerinden gurlupdyr. Ony Ýezdigert neberesiniň ýolbaşçysy Syýah gurupdyr. Ol Hezreti Omaryň döwründe Basrada ähli dogan-gardaşlary bilen yslamy kabul edipdir. Olar ýedi müň adam eken. Olar ony gurýarlar we işleýänlere ertir-agşam tagam beripdirler.

* * *

Jynlar Süleýmana çüýşeden şäher gurup beripdirler. Süleýman söweşe çykanda, ýel ony göterer eken. Onuň içinde ýanyndakylar we maşgalasy ýaşapdyr. Şäheriň ini müň zirag[58], uzynlygy bolsa on müň zirag eken.

* * *

Parsdaky uly binalaryň biri hem Şirbahardyr. Onuň sakçylary her gije 1 400 gapyny gulplar ekenler.

* * *

Balhdaky Nowbahary atly binany Halyt ibn Barmagyň atalary gurupdyr. Ony Käbe bilen deň tutupdyrlar. Balhyň halky ýüpekden lybas geýip, onuň daşyndan togap we haj eder eken. Ol örän uly bina eken. Daş-töweregi gülzarlyk bolup, 860 töweregi hyzmatkäri we işgäri bolupdyr. Ony dolandyrýana Mekgäniň häkimi manysynda «Bar Mekke» diýipdirler. «Bar Mekke» Abu Halyt ibn Barmak döwründe Hezreti Osmanyň öňünde yslamy kabul edipdir. Hezreti Osman (goý, Alla ondan razy bolsun!)  oňa Abdylla diýip at goýupdyr .

* * *

Enes ibn Mälik şeýle diýipdir: «Bir gün Muhammet alaýhyssalam ýalpyldap duran bir gümmez gördi. Onuň kimiňkidigini sorady. Oňa «Pylan ensaryňky» diýdiler. Ýaňky ensary bir gün Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna gelip salam berdi, emma ol ensarydan ýüz öwürdi. Ensary bu ýagdaýy sahabalara aýtdy. Onda sahabalar: «Ol seniň gümmeziňi gördi» diýdiler.

Ol hem gidip gümmezini ýykyp ýer bilen ýegsan etdi. Soň hem baryp Muhammet alaýhyssalama habar berdi. Pygamber hem: «Her bir bina we ýykylan öý eýesine hiç zatdyr, hiç zatdyr, (ýagny kyýamatda oňa peýda getirmez)» diýipdir.

* * *

Halypa Mäti Bukar ibn Ribah Medeniden öýüni 4000 dinara sorapdyr. Onda ol: «Men emiril möminin bilen goňşuçylygymy hiç haçan hiç zada satmaryn diýipdir».

Halypa Mäti bu sözi üçin oňa 4000 dinar beripdir we öýüne hem degmändir.

* * *

Kim gurýan öýüniň boýuny 6 ziragdan ulaltsa, asmanda gygyryjy bir perişde: «Eý, pasyklaryň pasygy, nirä barýarsyň» diýip gygyrar.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Saňa öz şäheriňden mukaddes şäher ýokdur. Ýurtlaryň iň gowusy seniň doglan watanyňdyr».

* * *

Ispendiýar[59] Hazar şäherlerine gelip, ol ýerleri basyp alanda, ondan:

— Göwnüň näme isleýär? — diýip sorapdyrlar.

Ol hem:

— Balh topragynyň ysyny we onuň jülgeleriniň suwuny içmegi — diýip jogap beripdir.

* * *

Sabyr Zul Ektaf[60] Ruma ýörişe gidipdir we ýesir düşüpdir. Şol ýerde hem keselläpdir. Rum patyşasynyň gyzy oňa aşyk bolupdyr we ondan:

— Göwnüň näme isleýär? — diýip sorapdyr.

Ol hem:

— Dijläniň suwundan içmegi we Istehryň topragyny ysgamagy — diýip jogap beripdir.

 Ol gyz oňa birnäçe günden soňra suw we bir gysym gum getirip berip:

— Bu Dijläniň suwy, bu bolsa seniň watanyň topragy — diýipdir. Ol hem suwy içipdir we topragy ysgapdyr. Şol wagt hem keselinden açylypdyr.

* * *

Isgender wepat bolandan soňra jesedini watanyna bolan söýgüsi üçin Rum diýaryna alyp gitmeklerini sargapdyr.

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Akyldar Barmakylary gördüm, olar sapara çykanlarynda ýanlary bilen özlerine em bolsun diýip dogduk mekanyndan bir haltajyga salyp toprak alar ekenler».

* * *

Ýusup alaýhyssalam ölüminiň golaýlandygyny aňanda, öz jesedini atalarynyň guburlarynyň ýanyna alyp gitmeklerini wesýet edipdir. Emma Müsür halky hem öz pygamberlerini ýurdundan çykarmaga razy bolmandyr. Pygamberlik berlip, Pyrguny heläk edensoň, Musa alaýhyssalamyň hem ýogalansoň jesedini atalarynyň guburlarynyň ýanynda ýerläpdirler. Ýusup alaýhyssalamyň gubury Husamy atly obanyň ýanyndadygy aýdylýar.

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Bendäniň bagtlylygynyň alamaty onuň rysgalyny öz ýurdunda gazanmagydyr we öz ýurdunda oturmagydyr. Bendäniň betbagtlylygynyň alamaty onuň rysgalyny başga ýurtdan gazanmagy we sergezdan bolmagydyr».

* * *

Halyt ibn Welit bir gezek Resulallanyň ýanyna gelip, öz öýüniň darlygyndan zeýrenipdir. Muhammet alaýhyssalam hem oňa: «Hem öýüň asmana galdyrmak isleýärsiň, hem-de Alladan giňişlik isleýärsiň» diýipdir.

* * *

Muhammet alaýhyssalam mekgeli bir adama: «Men Käbäniň metjidini giňeltjek bolýaryn. Sen maňa onuň goňşuçylygyndaky jaýyňy satmaga we seniň onuň ýerine jennetden bir öýüň bolmagyna razy bolarsyňmy?» diýipdir. Ol adam razy bolmandyr. Soň ýene gaýtalap sorapdyr. Ol ýene razy bolmandyr. Bu habar Hezreti Osmanyň gulagyna ýetipdir. Ol gidip, ýaňky adamdan onuň öýüni 10 000 dinara satyn alypdyr. Resulalla hem onuň deregine jennetde bir öýi oňa kepil geçipdir.

* * *

Bir gezek Japar ibn Abu Talyp kakasyna:

— Eý, kaka! Men, goňşularym hem meniňki ýaly nahar iýmeseler nahar iýmäge utanýaryn — diýipdir.

Abu Talyp hem ogluna garap:

— Men sende ataň Abdylmuttalybyň häsiýetlerini görýärin — diýipdir.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Şeýtan Yraga getirildi, ol hajatyny bitirdi. Soň Şama gitdi, ony ol ýerden kowdular. Soň Müsüre geldi. Ol ýerde ýumurtgalap, jüýjeledi we öz şeýtanlaryny ýaýratdy»[61].

 

* * *

Abdylla Rumy[62] bir gezek Ümmi Talagyň öýüne gelipdir. Onuň jaýynyň boýy şeýle bir pessejik eken. Ol:

— Näme üçin jaýyň boýy şeýle pes? — diýip sorapdyr.

Onda Ümmi Talak[63]:

— Sen Hezreti Omaryň näme ýazandygyny bileňokmy? Ol: «Jaýlaryňyzy beýgeltmäň, sebäbi ol siziň günäleriňiziň şerindendir» diýip ýazdy — diýipdir.

* * *

Bekr ibn Abdylla Muzeni şeýle gürrüň beripdir: «Bir ýehudy yslamy kabul edipdir. Onuň ady Ýusup eken. Ol kitaby köp okaýan eken. Ol bir gezek Merwan ibn Hakemiň jaýynyň duşundan geçip barýarka:

— Bu öýdäki Muhammet ymmatynyň waý halyna — diýipdir.

Ol muny üç gezek gaýtalapdyr. (Sebäbi onuň jaýy isrip edilip, kaşaň salnan eken).

* * *

Iki sany kişi köşgüň içinde jedelleşip oturan eken. Allatagala köşgüň diwarlarynyň kerpijinden birine dil beripdir we ol şeýle diýipdir: «Siziň ikiňiz bilip goýuň, men mundan müň ýyl ozal siziň ýaly bir ynsandym. Men wepat boldum we müň ýyllap ýerastynda çüýräp ýatdym. Soň üç ýüz ýyllap tohum boldum. Soň döwlüp, toprak boldum. Soň kerpiç ýasaldym we üç ýüz ýyldan bäri şu köşgüň diwarynda goýuldym. Siziň bu aýdanlarymy eşideniňizden soňra hem jedelleşip, biri-biriňiziň ýakasyndan tutuşyp oturmagyňyz utanç dälmi!»

* * *

Garyp ýigit bir baý gyza öýlenipdir. Oglanyň jaýy dar eken. Gyzyň öýüň darlygyndan içi gysyp ugrapdyr.

Oglan oňa:

— Gal ýokary, kelläň petige degýärmi? — diýipdir. Gyz ýokary turupdyr, kellesi jaýyň petigine degmändir.

Oglan ýene oňa:

— Sen öýüň depesiniň asmana degmeýändigini, eger kelläň oňa ýetmeýän bolsa hiç hili peýdasynyň ýokdugyny göz öňüne getir — diýipdir.

Soň ol gyza:

— Hany indi ýatyp gör, aýagyň diwara degýärmi? — diýipdir. Gyz ýatyp görse, aýaklary diwara ýetmändir.

Oglan hem oňa:

— Sen diwarlaryň Kap dagyndadygyny we saňa hiç hili peýdasynyň ýokdugyny göz öňüne getir — diýipdir.

Onda gyz oglana garap:

— Bolýar, ýeter, indi men razy boldum — diýipdir.



[1]Gurhanyň «Haj» süresiniň 25-nji aýaty.

[2]Rukbe — Mekge bilen Taýyfyň arasyndaky bir jülge.

[3]Muhammet ibn Abdylla ibn Nemir ibn Hurşe Sakafy Nemiri – emewiler döwründe ýaşap geçen şahyr. Taýyfda dünýä inipdir we önüp-ösüpdir. Hajjajyň aýal dogany Zeýnep barada köp şygyr aýdar eken.

[4]Manysy «Alladan başga Hudaý ýokdur, Muhammet onuň ilçisidir» diýmekdir.

[5]Muhammet ibn Kaýs ibn Muhrame ibn Abdylmuttalyp ibn Abdymennaf – sahaba. Çaga wagty Muhammet alaýhyssalamy görüpdir. Şonuň üçin ony sahaba hasaplapdyrlar. Emma Ibn Sagt ony tabygyn neslinden hasaplapdyr.

[6]Sagýa (Şagýa) ibn Emsyýa - Beni Ysraýyl pygamberleriniň biri. Musa alaýhyssalamdan soňra Isa alaýhyssalam bilen Muhammet alaýhyssalamy buşlamak üçin iberilipdir. Ibn Apbas şeýle diýipdir: «Ol Beni Ysraýyl pygamberleriniň iň soňkusydyr. Beni Ysraýyllylar oňa Şagýa diýýärler».

[7]Ewru-şelem — Kudus, Ierusalim şäheri.

[8]Mugaz ibn Jebel ibn Amr ibn Ews Ensary Abu Abdyrahman - uly sahabalaryň biri. Muhammet alaýhyssalamyň döwründe Gurhany jemlän alty sahabanyň biri. Hijretden 20 ýyl öňürti Medinede dünýä inipdir we ýaşlygynda musulman bolupdyr. Ýedi sany ensarylar bilen birlikde ikinji Akaba hadysasyna gatnaşypdyr. Muhammet alaýhyssalam ony Japar ibn Abu Talyp bilen dogan okaşdyrypdyr. Bedr, Uhut, Hendek we Muhammet alaýhyssalamyň gatnaşan beýleki ähli söweşlerine gatnaşypdyr. Tebuk söweşinden soňra Muhammet alaýhyssalam ony Ýemene kazy we dini öwrediji mürşit edip iberipdir. Tä Muhammet alaýhyssalam wepat bolýança, Ýemende bolup, soň Medinä gaýdyp gelipdir. Soň Abu Ubeýde ibn Jerrah bilen Şama söweşe gidipdir. 18-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. 157 hadys rowaýat edipdir.

 

[9]Ybraýym ibn Ýezit ibn Kaýs Abu Ymran Nahgy - tabygyn neslinden bolan hadys rowaýatçysy. 46-njy hijri ýylynda dünýä inipdir. Onuň öz döreden mezhebi bolupdyr. 96-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[10]Şaş – Daşkent şäheri.

[11]Aly ibn Abdylla Ezdi Abu Abdylla ibn Abul Welit Baryky - tabygyn neslinden bolan hadys rowaýatçysy. Ibn Omar, Ibn Apbas, Abu Hureýra, Ubeýt ibn Umeýr ýaly sahabalardan hadys rowaýat edipdir. Ondan Mujahyt ibn Jubeýr, Katada, Abdylla ibn Kesir, Kary ýalylar hadys rowaýat edipdirler. Mujahyt şeýle diýipdir: «Aly Ezdi remezan aýynda her gije Gurhany hatym ederdi».

[12]Mufaddal ibn Muhammet ibn Ýagla ibn Amyr Dabby — sahyr we edebiýatçy alym. 178-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[13]Abu Yshak Zujjaj Ybraýym ibn Seri ibn Sehil — dilçi alym. 241-nji hijri ýylynda Bagdatda dünýä inipdir we 311-nji hijri ýylynda hem wepat bolupdyr.

[14]Ammara ibn Ukaýl – şahyr, Jeririň döwürdeşi.

[15]Gurhanyň «Hadyd» süresiniň 29-njy aýaty.

[16]Bähram Gur – sasany döwletiniň 14-nji hökümdary.

[17]Dibag - bir ýüzi mahmal ýüpek.

[18]Muhammet ibn Abdylla Utby Ahbary — şahyr we edebiýatçy. 228-nji hijri ýylynda dünýä inipdir.

[19]Musa Käzim ibn Japar – şaýylaryň ynanjyna görä 12 ymamyň ýedinjisi. 128-nji hijri ýylynda Medinäniň golaýyndaky Ebwa diýen ýerde dünýä inipdir. 183-nji hijri ýylynda Basrada zyndanda wepat bolupdyr.

[20]Fedek - Hyjaz bilen Medinäniň arasynda bir oba.

[21]Abul Fazl Ýahýa ibn Halyt ibn Barmak - Harun Reşidiň terbiýeçisi.

[22]Ähli beýt - Pygamber neberesi.

[23]Aly ibn Hemze ibn Abdylla Esedi Kufy Abul Hasan Kesaýy - Harun Reşidiň ogullary Emin bilen Mamunayň terbiýeçisi. Kufanyň obalarynyň birinde dünýä inipdir. Soň Bagdada gelip şol ýerde ýaşapdyr. 189-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[24]Kenz — gupba, hazyna.

[25]Aly ibn Isa ibn Japar Haşymy — apbaslylar döwründe Basranyň emiri.

[26]Gur şäheri – Erdeşiriň Pars welaýatynda guran şäheri.

[27]Benefseç - benewşe.

[28]Mensur – güli ýakymly ysly bolan ot, lewkoý.

[29]Nilufer – liliýa güli.

[30]Abdylla ibn Süleýman ibn Eşgas Ezdi Sistany Abubekr ibn Abu Dawut - hadys alymy. Ömrüniň ahyrlarynda gözleri kör bolupdyr. 230-nji hijri ýylynda Sistanda dünýä inipdir we 316-njy hijri ýylynda Bagdatda wepat bolupdyr.

[31]Amr ibn Leýs Saffar – serkerde. 265-nji hijri ýylynda dogany Ýakup Leýsiň wepatyndan soňra Horasana, Yspyhana, Sistana, Sinde we Kermana halypa Mugtemit tarapyndan häkim bellenýär. Mugtemit 271-nji hijri ýylynda ony Bagdadyň şihneligine (polisiýanyň başlygyna) belläpdir. 279-njy hijri ýylynda Mugtemidiň wepatyndan soňra halypa Mugtezyt ony ýene Horasana häkim belläpdir we 284-nji hijri ýylynda Reýi hem oňa beripdir. Soň ony Mawerannahra belläpdir. Ol bilen Ysmaýyl ibn Ahmet Samanynyň arasynda uly söweş ýüze çykyp, Samanynyň ýeňşi bilen gutarypdyr. Ibn Leýs bu söweşde ýesir düşüpdir we 287-nji hijri ýylynda Bagdada getirilip, tussag edilipdir. 289-nji hijri ýylynda hem zyndanda wepat bolupdyr.

[32]Ribas – turşuja gök ot.

[33]Istehr – Pars welaýatynda bir şäher. Yslamdan öň ol ýerde hökümdarlaryň hazynasy saklanypdyr.

[34]Gazban ibn Kabagsary – emewiler döwrüniň emiri we häkimi.

[35]Tebg - Ýemen hökümdary.

[36]Abdylmuttalyp - Muhammet alaýhyssalamyň atasy.

[37]Byzr – jyns agzasy.

[38]Zirag - uzynlyk ölçegi, takmynan 70 sm.

[39]Merwanylar — emewilerň halypasy Merwan ibn Hakemiň nesli.

[40]Fahyra – buýsanç, guwanç diýmekligi aňladýar.

[41]Munuň sebäbi hem olaryň Muhammet alaýhyssalamy Mekgeden gelende gujak açyp kabul etmegidir.

[42]Yrakda bir şäher.

[43]Müsürde bir şäher.

[44]Abu Amr Agla Zeban ibn Ammar Temimi Basry - dilçi we edebiýatçy alym. Ýedi karynyň biri. 70-nji hijri ýylynda Mekgede dünýä inipdyr we Basrada wepat bolupdyr. Abu Ubeýde ol barada: «Ol edebiýat, arap taryhy, dil, Gurhan, şygyr ýaly ylymlarda uly alymdy» diýipdir.

[45]Abu Söwri Amr ibn Magdy Kerp ibn Rabyga ibn Abdylla Zebidi – ýemenli şahsyýet. 9-nji hijri ýylynda Ýemenden Medinä 10 kişi bolup gelip, yslamy kabul edipdirler. Muhammet alaýhyssalam wepat bolanda, ol Ýemene gidip dinden dönüpdir. Soň ýene gelip musulman bolupdyr. Abubekr Syddyk ony Şama iberipdir we ol Ýermuk söweşine gatnaşypdyr. 27-nji hijri ýylynda Kadysyýe söweşinde wepat bolupdyr.

[46]Katada ibn Dagama ibn Katada ibn Eziz Abul Hattap Sudusy Basry - tefsir we hadys alymy. Ahmet ibn Hanbal ol barada: «Katada Basranyň iň uly alymydyr» diýipdir. 61-nji hijri ýylynda dünýä inip, 118-nji hijri ýylynda Wasytda wepat bolupdyr.

[47]Seleme ibn Salyh Ahmar - Wasyt şäheriniň kazysy. Lakamy Abu Yshak. Ibn Munkedirden hadys rowaýat edipdir. Ýöne ony ynamdar hasaplamaýarlar. Ibn Mugyn ol barada: «Ol hiç zatdyr» diýipdir. Nesaýy hem ony gowşak hasaplapdyr.

[48]Muhellipleriň maşgalasy – Basrada ýaşan Abu Safra Ezdi Muhellebiň neberesi.

[49]Şakyk ibn Ybraýym ibn Aly Ezdi Balhy - sopy. Horasandaky meşhur sopulardan we Horasanda ilkinji bolup sopuçylyk barada gürrüň gozgan adam. 194-nji hijri ýylynda Mawerannahrda Kulan söweşinde şehit bolupdyr.

[50]Salym ibn Abdylla ibn Omar - Medineli 7 fykh alymynyň biri. 106-njy hijri ýylynda Medinede wepat bolupdyr.

[51]Manysy: «Alladan başga Hudaý ýokdur, ol birdir, onuň şärigi ýokdur, mülk onuňkydyr, öwgi oňadyr, ol direldýändir we öldürýändir, ol hiç ölmez, haýyr onuň elindedir, onuň hemme zada güýji ýetýändir».

[52]Bedr söweşi – ikinji hijri ýylynda musulmanlar bilen müşrikleriň arasynda bolup geçen söweş.

[53]Mekhul ibn Abu Müslim Şehrap ibn Şazel Abu Abdylla Hezeli - şamly fykh we hadys alymy. Asly pars bolup, Kabulda dünýä inipdyr. Hadys öwrenmek üçin Mekgä, Medinä gidipdir we başga ýerlere hem aýlanypdyr. Soň Damaskda ýerleşipdir. 112-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[54]Afrasyýap – gadymy türkmen hökümdary bolup, bu sözüň manysy bolsa «degirmeniň ganaty» diýmekdir.

[55]Keýhysrow – Pars hökümdarlarynyň üçünjisi. Onuň lakamy Humaýundyr (mübärek diýmek).

[56]Keýkowus – Pars hökümdarlarynyň ikinjisi. Onuň lakamy Nemrut, ýagny «ölmeýän» manysyndandyr. «Nemrut» sözi «ne» (ýokluk goşulmasy) we «murd» (ölüm) sözlerinden emele gelipdir.

[57]Semänin – arapça segsen diýmek.

[58]Zirag - uzynlyk ölçegi, takmynan 70 sm.

[59]Ispendiýar ibn Kestasp ibn Bährasp - ilkinji pars hökümdarlarynyň biri, olar Balhda ýaşapdyrlar.

[60]Sabur Zul Ektaf – Hurmuzyň ogly Sabur II. Sasany döwletiniň 9-njy hökümdary.

[61]Bu rowaýat iki gezek gaýtalanýar.

[62]Abdylla Rumy – hadys rowaýatçysy. Osmandan, Ümmi Talakdan hadys rowaýat edipdir. Ondan hem Aly ibn Mesgada Bahyly rowaýat edipdir.

[63]Ümmi Talak - Pygamberiň döwründe ýaşan sahaba aýal.