ON ALTYNJY BAP: SYLAG-SERPAÝ ETMEK, HAÝYR IŞE ÇYKDAJY ETMEK HEM ONUŇ ÖWEZINI DOLMAK WE ŞULARA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ON ALTYNJY BAP: SYLAG-SERPAÝ ETMEK, HAÝYR IŞE ÇYKDAJY ETMEK HEM ONUŇ ÖWEZINI DOLMAK WE ŞULARA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Bir gezek Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna Hebeşi[1] hökümdarynyň adamlary myhmançylyga gelýärler. Muhammet alaýhyssalamyň özi olara hyzmat etmäge başlaýar. Muhammet alaýhyssalamyň egindeşleri oňa:

— Eý, Resulalla, sen otur, myhmanlara biziň özümiz hyzmat ederis — diýenlerinde, Muhammet alaýhyssalam:

— Olaryň hökümdary hem meniň egindeşlerime şeýle hyzmat edipdi — diýip jogap berýär.

* * *

Ibn Apbas[2]Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Isa alaýhyssalam beni ysraýyl taýpasynyň arasyna baryp: «Eý, beni ysraýyl! Adamlara zulum-sütem etmäň, zulumkeş adama-da sylag-hormat bildirmäň, halat-serpaý ýapmaň. Zulumkeşe hormat goýan adamyň mertebesi Allanyň huzurynda pese düşer» diýdi diýýär.

* * *

Ýezit ibn Halyt Abasy şeýle diýýär:

Doganymyň gözlerinde malu-dünýä höwes bar,

Bu höwesiň aşyklary günbe-günden bolýar har.

Doganymy bu dertden, saplamaga çäräm ýok,

 «Çeni bilen ber» diýip, dileg edýän senden Hak.

 * * *

 Hajyp ibn Zeraraşeýle diýýär:

Meniň ýagşy işlerimiň bilinmese gadyry,

Dilim lal acar, dymar, islemerin hödüri.

 * * *

Bir adam Hezreti Alynyň öýüniň gapysyny kakyp dileg edýär. Hezreti Aly ýanynda oýnap ýören iki ogluna:

— Baryň ejeňizdäki alty dirhemi getiriň — diýýär.

Hezreti Alynyň sözlerini eşiden Patma:

— Ol puly un satyn almak üçin goýduk ahyryn — diýýär.

Hezreti Aly:

— Allatagalanyň çäksiz baýlygyndan umyt etmän, sadaka çykarmaýan adamyň imany güýçsiz bolýandyr — diýýär we alty dirhemi-de dileg bilen gelen adama berip goýberýär.

Şol gün bir adam düýe satmak üçin Hezreti Alynyň ýanyna gelýär. Hezreti Aly onuň düýesini bir ýüz kyrk dirhem berip satyn alýar we we şol günüň özünde hyrydar tapyp, satyn alan düýesini iki ýüz dirheme satýar. Ol gazanan altmyş dirhemini Patma eltip berýär. Patma Hezreti Alydan:

— Bu näme? — diýip soraýar.

Onda Hezreti Aly:

— Bu Allatagalanyň seniň kakaňa beren sözi, ýagny kimde-kim gowy, haýyr iş etse oňa şol eden haýyr işi üçin on esse ýa-da şonuň ýaly haýyr gaýdyp gelýändir — diýýär.

* * *

Awzagynyň[3] ýanyna goňşusy gelýip:

— Bu gün baýramçylyk, meniň bolsa öýde iýer ýaly zadym ýok — diýýär.

Awzagy aýalyndan:

— Seniň ýanyňda näçe puluň bar? — diýip soraýar.

Ol:

— 20,5 dirhem bar — diýip jogap berýär.

Onda Awzagy:

— Getir barysyny, duldegşir goňşyň aç otyrka, biziň dok oturmagymyz gelşiksizdir — diýýär we özüniň 20,5 dirhemini dileg bilen gelen goňşusyna berip goýberýär.

Goňşusy gidýärem welin onuň gapysy kakylýar. Awzagy gapyny açsa, bir garry adam dur. Ol adam:

— Men seniň kakaň guludym. Ol ölenden soň gidip gazanç etdim we saňa 20,5 dinar getirdim. Şu puly al-da meni azat et — diýýär.

Awzagy onuň beren 20,5 dinaryny alyp, oňa:

— Şu günden şeýläk sen azat — diýýär. Soňra bolsa aýalyna:

— Görýäňmi Allanyň edýän zatlaryny, seniň her bir dirhemiňi dinara öwürdi we bir bendäni gulçulykdan azat etdi — diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Kim-de kim saňa erbetlik etse, oňa gowulyk bilen jogap ber» diýýär.

* * *

Ýene-de Hezreti Aly: «Haýyr-yhsan etmeýän, sadaka paýlamaýan adam Allatagalanyň rehmetinden umydyny üzsin we haýyr-yhsan edilmegine garaşmasyn» diýýär.

* * *

Bir gezek Şapygy[4] Müsürde köwüş ussasynyň ýanyndan geçip barýarka, elinden gamçysy gaçýar. Köwüş ussasy ýerinden böküp turup, gamçyny ýerden galdyrýar. Ol gamçynyň gumuny süpürip, ony Şapyga uzadýar. Şapygy ýanyndaky hyzmatkärinden:

— Ýanyňda näçe pul bar? — diýip soraýar. Ol:

— Ýigrimi dinar bar — diýip jogap berýär. Onda Şapygy:

— Pullaryň baryny oňa ber we seniň etmeli işiňi edenligi üçin ötünç sora — diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Daşy hem gelen tarapyna zyňmalydyr. Kä halatda şer işe şer bilen jogap bermeli bolýar» diýýär.

* * *

Buzurgmehrden:

— Seniň iň lezzet alýan zadyň näme? — diýip soranlarynda, ol:

— Mynasyp adama halat-serpaý ýapmak meniň üçin iň lezzetli zatdyr — diýip jogap berýär.

* * *

Isgenderden[5]:

— Seni şatlandyrýan zat näme? — diýip soranlarynda, ol:

— Maňa bir ýagşylyk eden adama ýüz ýagşylyk bilen jogap bermek, meniň üçin uly şatlykdyr — diýip jogap berýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Adamlary ýaman, erbet işlerden saklaň we şol bir wagtda özüňiz hem erbet işlerden daşda duruň» diýýär.

* * *

 Muhammet ibn Hassyn:

Dost-ýarlara hemişe ediler sylag-hormat,

Duşman gelse münüler gylyç syrypýyndam at.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Ýagşy adama hatda ol hebeşili gara gul bolsa-da, gowy gatnaşyk ediň, adyl boluň. Ýaman, zalym adama hatda ol kuraýyşly[6] azat adam bolsa-da, hakykaty aýdyň we adyl bolmagyny talap ediň» diýýär.

* * *

Anuşirwan ölüminiň öň ýanynda egindeşlerine: «Haýyr-yhsan iş edip, sogapdan başga zada garaşmaň. Ýamanlyk edene-de ýagşylyk bilen jogap beriň» diýýär we bu sözleri mazaryna ýazmagy emr edýär.

* * *

Jahyz[7]: «Ýamanlyk edene ýagşylyk bilen jogap berýän adam Allanyň ýanynda ulu sylag-derejä eýedir» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Şer işler günä eltýändir. Günä iş edýänleriň barjak ýeri dowzahdyr. Haýyr-yhsan işler sogaba eltýändir. Sogap iş edýänleriň barjak menzili jennetdir» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Kesekä ýagşylyk ediň, şonda öz ahyretiňiz gowy bolar» diýýär.

* * *

Bir şanyň weziri bolupdyr. Ol her gün şanyň ýanyna salama gelende, salam berenden soňra: «Ýagşy adam sylag-serpaýa, hormata mynasyp bolsun, ýaman adamyň bolsa niýetine düweni öz başyna gelsin» diýer eken. Şanyň ýakyn adamlarynyň biri bu weziri ýigrener eken, oňa görübilmezçilik eder eken. Ol adam bir gün weziri myhmançylyga çagyrýar we sarymsakly nahar hödür-kerem edýär. Soňra ol adam şanyň ýanyna baryp: «Seniň weziriň seni adamlaryň arasynda masgara etdi. Ol halkyň arasynda seniň agzyň porsy diýen gürrüňi ýaýradýar» diýip, weziriň üstüne ýalan töhmet atýar. Ertesi wezir ýene-de şanyň ýanyna salama gelýär. Emma ol bu gezek sarymsagyň ýaramaz ysy gelmesin diýen niýet bilen agzyny donunyň ýakasy bilen ýapýar. Şa bolsa onuň beýle etmegini özüniň agzynyň porsudygy üçin edýändir diýip pikir edýär. Onuň wezirine gahary gelýär we jelladyna haty elten adamynyň kellesini alyp, derisine saman dykmagy emr edip, hat ýazýar. Hata möhürini basyp, weziriň eline berýär. Bu şanyň bir adaty bardy. Ol kimdir birini sylaglamak islese, ony sylaglamak hakyndaky haty öz eli bilen ýazardy. Weziri ýamanlan adam şanyň öz eli bilen hat ýazandygyny görüp, şa weziri sylaga ýazandyr öýdýär we weziriň ýanyna baryp:

— Meniň özüm seniň hatyňy alyp gideýin we näme berilse ony saňa getirip beräýerin — diýýär. Wezir onuň diýeni bilen razylaşýar we haty oňa berip, özi öýüne gaýdýar. Weziri ýamanlan adam bolsa haty jellada eltip berende, jellat ol hatda näme ýazylan bolsa şony hem ýerine ýetirýär. Ertesi güni wezir adatdakysy ýaly şanyň gaşyna salama gelýär. Şa ony görüp haýran galýar we ondan:

— Seniň bilen düýnki adamyň arasynda näme bolup geçdi — diýip soraýar. Wezir:

— Ýok, hiç zat bolanok, ýöne düýn ol meni myhmançylyga çagyrdy we sarymsakly nahar hödür etdi. Şol sebäpli seniň ýanyňa gelenimde, agzymdan sarymsagyň ysy gelmesin diýip agzymy donum bilen ýapdym — diýýär.

Şa onuň aýdanlaryny diňläp, birnäçe wagt bir nokada seredip oýlanyp oturýar-da:

— Seniň salama geleniňde, ýagşy adam sylaga-hormata, ýaman adamyň niýeti öz başyna gelsin diýeniň dogry bolup çykdy — diýýär we ol wezirine halat-serpaý ýapyp, örän köp pul peşgeş berýär.

* * *

Medaýyny[8] şeýle diýýär: «Günleriň birinde bir adamyň Sapa we Merwe[9] aralygynda eşekli aýlanyp ýörendigini gördüm, soňra bolsa ol adamyň öýüne eşeginiň gapdalynda pyýada ýöräp barýandygyny gördüm. Men ondan:

— Näme üçin beýle edýäň? — diýip soranymda, ol:

— Men adamlaryň ýöräp geçmeli ýeri bolan Sapa we Merwe aralygynda ýarawsyzlygym sebäpli, eşegime münüp aýlandym. Indi bolsa halym gowulaşdy we eşege münülmesiz ýerde münenimiň öwezini dolmak üçin, adamlaryň ulagly geçýän ýerini pyýada ýöräp geçmek isleýärin — diýdi».

* * *

«Abu Müslim Hulany[10] yslam dini üçin aglaýar» diýip, emewiler halypasy Mugawyýa habar berýärler. Ol Abu Müslim Hulanyny ýanyna çagyryp:

— Sen Käbäniň daşyndan aýlanyp, yslam dini üçin aglaýarmyşyň diýip eşitdim. Şol aýdylýan dogrumy? — diýip soraýar.

Abu Müslim:

— Hawa, diýip soňra ondan ­― Seniň adyň näme? — diýip soraýar.

Ol:

— Mugawyýa — diýip jogap berýär.

Onda Abu Müslim:

— Eý, Mugawyýa! Haýyr iş etseň sogap, şer iş etseň hem günä gazanarsyň. Sen bütin ömrüňe ähli ýer ýüzündäki adamlara haýyr-yhsan edip, ýekeje adama hem zulum etseň, şol ýeke adama eden zulmuň günäsi ähli sogabyňdan agyr geler diýip gorkýaryn. Meniň yslam dini üçin aglamagymyň hem sebäbi şoldur — diýýär.

Onuň bu sözleri Mugawyýa örän güýçli täsir edýär. Mugawyýa gözüne ýaş aýlap, ol adama halat-serpaý edýär.

* * *

Hasan ibn Aly[11]goňşularyndan bir adama müň dirhem bermegi emr edipdir. Onda ol adam:

— Eý, pygamber zürýady, eden haýyr işiň üçin, seni Taňry ýalkasyn. Seniň bu ýagşylygyňy men neneň gaýtararyn — diýýär.

Hasan:

— Seniň şu dilegiň özi hem meniň üçin uly peşgeşdir — diýýär.



[1]Hebeşistan — Efiopiýa

[2]Abdylla ibn Apbas ibn Abdylmuttalyp — meşhur hadys alymlarynyň biri.

[3]Abdyrahman ibn Amr ibn Muhammet Awzagy. 157-njihijri ýylynda wepat bolýar.

[4]Muhammet ibn Idris Şafygy— musulman dininiň Şapygy mezhebiniň mugallymy.

[5]Dünýäni basyp alan makedoniýaly Isgender.

[6]Kuraýyş — Muhammet alaýhyssalamyň tiresi.

[7]Amr ibn Bahr Jahyz.

[8]Aly ibn Muhammet ibn Abdylla Abu Hasan Medaýyny. Ol 135-nji hijri ýylynda Basrada dogulýar we şol ýerde önüp-ösýär . Soňra Bagdada göçýär. Ol öz döwrüniň meşhur taryhçysy hökmünde tanalýar. Ol pygamber we onuň aýalydyr egindeşleri hakynda örän köp rowaýat toplaýar. Ol 225-nji hijri ýylynda Bagdatda aradan çykýar.

[9]Mekgedäki iki sany dagyň adydyr. Haj edýänlere ýedi gezek bu iki dagyň arasynda ylgamak parzdyr.

[10]Abdylla ibn Sawp Hulany. Ol 62-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[11]Hasan ibn Aly ibn Abu Talyp.