ON SEKIZINI BAP: AKMAKLYK, JYNLYLYK, SAMSYKLYK, GAM-GUSSALYK, GYSSANMAÇLYK, SABYR-TAKATLYLYK WE DEREKSIZ IŞLER BILEN MEŞGUL BOLMAK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ON SEKIZINI BAP: AKMAKLYK, JYNLYLYK, SAMSYKLYK, GAM-GUSSALYK, GYSSANMAÇLYK, SABYR-TAKATLYLYK WE DEREKSIZ IŞLER BILEN MEŞGUL BOLMAK HAKYNDA

Enes[1](goý, Allatagala ondan razy bolsun!) şeýle gürrüň berýär: Bir gün pygamber alaýhyssalam ýolda gidip barýarka bir adam çalt-çalt ýöräp onuň ýanyndan geçip gidýär. Başga bir adam Muhammet alaýhyssalam bilen deňleşip:

— Ýaňky geçip giden adam jynlydyr — diýýär.

Pygamber ol adama:

— Sen oňa jynly diýdiňmi? Jynly adam günäkär däldir. Onuň jynlylygy näsaglygydyr — diýýär.

* * *

Isa alaýhyssalam: «Näsaglardan köre, kere seredip, olara şypa etdim. Akmagy bejerjek bolup özüm näsagladym» diýýär.

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

Akmaklykdan başga derdiň bardyr däri-dermany.

Akmaklara şypa etmek näsagladar bu jany.

* * *

Şureýih[2]:

— Ýarym akmakdan akmak haýyrlydyr — diýýär.

Onda adamlaryň biri:

— Ýarym akmak nähili bolýar? — diýip soranda, Şureýih:

— Akyly ýerinde bolup, bilip akmaklyk edýän adam — diýip jogap berýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Köp adamlarda samsyk gylyklar bardyr. Emma olaryň birnäçesi bu gylygy ret etmegi başarýarlar» diýýär.

 

* * *

Ahnaf[3]: «Eger-de men bir sagat akmak adam bilen otursam, şol bir sagatdaky söhbetdeşlik meniň aklyma ýeterlik derejede täsir edýär» diýýär.

* * *

Mubarrad[4]: «Basranyň golaýynda Hazkal diýilýän ýerde dälileri bejermek üçin ýörite dälihana bardy. Dälileri bu ýerde daňyp saklaýardylar. Araplarda kim-de kim üýtgeşik hereket ediberse, oňa: «sen edil Hazkaldan gelen ýaly-la» diýýärdiler» diýýär.

* * *

Bir diwanadan:

— Basrada näçe sany däli bar bolsa bize sanap bersene! — diýenlerinde, ol:

— Gowusy men akyly ýerindäki adamlary sanaýyn, şonda çalt gutararyn — diýýär.

* * *

Bir çarwa:

— Seniň ýüz müň dirhemiň bolup, özüň hem akmak bolsaň, her kimem seniň ýüzüňe «sen akmak» diýip dursa, näme ederdiň? — diýip soranlarynda, ol:

— Meniň onça pulum bolsa, men akmak-da bolsam, maňa hiç kim akmak diýmäge milt edip bilmez — diýýär.

* * *

Bir gezek iki akmak saparda ýoldaş bolýarlar. Olaryň biri beýlekisine:

— Gel bolsady ekeli, şeýle etsek, ýol tiz öner we barmaly ýerimize nähili baranymyzy duýmarys — diýýär we bolsady ekmäge başlaýar:

— Meniň bir süri goýnum bolsa, men we meniň maşgalam goýnuň süýdüni içerdik, ýüňünden eşik edinerdik, eti bolsa bize huruş bolardy — diýýär.

Onda beýleki bir akmak:

— Meniň bir süri möjegim bolsa, men olary seniň goýunlaryňy daramak üçin goýbererdim — diýýär.

Onda birinji akmak:

— Seniň öýüň köýsün! Seniň beýle etmegiň saparda ýoldaş bolan adamyň etjek işimidir — diýip dawa başlaýar.

Olaryň jedeli güýçlenip, tas urşa ýazmaga golaýlaşýar. Onda olar özleriniň dawasyny öňünden ilkinji çykan adama çözdürmegi maslahat edýärler. Olaryň öňünden eşegini iýdip gelýän bir garry adam çykýar. Onuň eşeginiň arkasynda içi baldan doly iki küýze bardy. Ol iki akmak ýaşula bolan wakany gürrüň berýärler. Garry adam olaryň gürrüňini diňläp bolandan soňra küýzeleriň agzyny açyp baly çägä dökýär. Soňra bolsa olara:

— Eger-de siziň ikiňiz baryp ýatan akmak bolmasaňyz, şu balyň çägä dökülişi ýaly meniňem ähli ganym ýere dökülsin — diýýär-de we ýoluny dowam etdiriberýär.

* * *

Bekr ibn Mugtemir[5]: «Eger adamyň akly dokuz bölekden durýan bolsa, bir işiň başyny tutmak üçin onuň bir bölegi akmaklyk bolmalydyr. Sebäbi akylly adam bir işi başlamak üçin köp oýlanyp, ölçerip-dökýändir. Akmak bolsa soňuny seljermän, ur-tut işe girişýändir» diýýär.

* * *

Jabyr ibn Abdylla[6]şeýle gürrüň berýär: «Gadym zamanlaryň birinde bir adam meýdana eşegini otlatmak üçin çykarýar welin, asman bulutlaşyp, ýagyş ýagmaga başlaýar. Ýagyşdan soňra meýdan gök ota bürelýär. Ol adam eşeginiň otlap ýörüşini synlap: «Eý, Allam! Seniň hem eşegiň bolsa şu wagt men ony-da bakardym» diýýär. Onuň sözleri pygamberlere baryp ýetýär. Olar Alladan ol adama jeza bermezligini soraýarlar. Onda Allatagala: «Men bendelerime olaryň aklyna görä jeza berýändirin. Şonuň üçin ol adama jeza bermegimi soramaň» diýýär.

* * *

Wehp ibn Munebbih: «Eger adam çagasy akmak edilip ýaradylmadyk bolsa, ol günä işleri edip soňundan hem ýaşaýyşdan lezzet alyp ýaşap bilmezdi» diýýär.

* * *

Öz eden işini seljerip, dogry ýoldan ýörän akylly adam we öz eden işini seljermedik däli adam jennetidir. Däli edýän işine akyl ýetirip bilmeýändigi üçin, onuň günäsi ýokdur.

* * *

Haýwanlaryň içinde düýä «jennetiň maly» diýýärler. Sebäbi düýe dilsiz-agyzsyz we ezýetsiz maldyr.

 

* * *

Akmaklaryň mejlisine düşmek hatarlydyr. Emma ondan sag-aman baş alyp çykmak ýeňişdir.

* * *

Akyly ýerindäki adama «kalby sagdyn» diýilýär. Jennetdäki musulman bendelerine-de şeýle diýip ýüzlenilýär.

* * *

Bagdadyň ilaty samsyk, akmak hereket eden adama: «Dagdan gaçan ýaly» ýa-da «Horasanly» diýerdiler. Emma Bagdadyň öz ilatynyň hem akmaklary ýeterlikdi.

* * *

Bir gezek Sagt ibn Abu Wakkas Omar ibn Hattaba hat ýollaýar. Ol özüniň hatynda bir adamda Muhammet alaýhyssalama sowgat berlen altyn gulply altyn sandygyň bardygyny, ol sandygy açdyrmaýandygyny we satmakçy bolýandygyny, haçan-da olar bu sandygy satyn almakçy bolanlarynda örän köp pul talap edendigini habar berýär. Omar ibn Hattap Sagt ibn Abu Wakkasa bu sandyk näçe durýan hem bolsa satyn almagy emr edýär. Sagt ibn Abu Wakkas ol adam bilen ylalaşyp bu sandygy satyn alýar. Ol sandygy açyp görende, onuň içinden ýüpek mata çykýar. Sagt ýüpek matany açýar welin, onuň içinden bir gutujyk çykýar.Sagt gutyjygy açyp gorse, içinde pars dilinde ýazylan bir hat bar. Sagt pars dilini bilýan adam tapyp bu haty okadyp görýär. Hatda: «Sakalyňy bir gezek ugruna daramak müň gezek tersine daranyňdan haýyrlydyr» diýip ýazylgydy. Sagt hatdaky ýazylan sözleri Omar ibn Hattaba ýetirýär. Omar Sagdyň hatyny okap, oňa jogap hat ýazýar. Ol hatynda: «Eý, Sagt! Hatda ýazylyşy ýaly edip gör. Eger aýdylýany dogry bolsa, onda sandygy satanyň alan puly halaly bolsun.Eger hatda aýdylýan ýalan bolsa söwdany yzyna gaýtar» diýip ýazýar. Sagt hatda ýazylan sözleriň dogrydygyny barlap görýär.

* * *

Adam alaýhyssalam ölmeziniň öň ýanynda zürýatlaryna: «Ähli işe baş goşmazdan ozal ýagşy oýlanyň, pikirleniň. Şeýle etseňiz meniň düşen günüme düşmersiňiz» diýýär.

Muhammet alaýhyssalam: «Musulman mynapyk ýaly ikiýüzli bolman, doly akyl ýetirip, bir sözli bolmalydyr» diýýär.

* * *

Harysa ibn Bedr Gaddany şeýle diýýär:

Adamyň arzuwdan doly ýüregi,

Şol bolmasa bolmaz durmuş geregi.

Zuriýaseteýin[7]: «Çalt tutaşan ot çalt hem sönýändir. Gyssanmaç edilen iş hem kemçiliksiz bolmaz» diýýär.

* * *

Ibn Mukaffa[8]: «Kim-de kim özüne degişli däl zatlara burnuny soksa, özüne degişli bolmadyk belany öz başyndan inderer» diýýär.

* * *

Zuheýr Baby[9]hassa halda ýatyrka, ony soramaga gelen bir kişi ondan:

— Maňa hiç zat wesýet etjek dälmi? — diýip soraýar.

Onda Zuheýr oňa:

— Allanyň seni dünýäni unudyp, gaflat ukusynda ýatyrkaň janyňy almagyndan häzir bol — diýýär.

* * *

Bir adam aýalyna:

— Men seniň üçin iň söýgüli adamdyryn — diýmekçi bolup:

— Men seniň üçin iň nadan adamdyryn — diýýär.

Onda ol aýal:

— Wah, sen diňe meniň däl, uly iliň öňünde nadan ahyryn — diýýär.

* * *

Gyssanan, howlugan adam uýada galar.

* * *

Bir gün Ibn Omar[10]egindeşleri bilen otyrka bir çarwa olaryň oturan ýerine girip, sen-men ýok Ibn Omaryň dulugyna şapbat çalýar. Ibn Omaryň egindeşleri Wafyt ibn Abdylla[11]ýerinden böküp turup, çarwany tutýar we urmakçy bolýar. Onda Ibn Omar: «Her bir kowumyň şular ýaly dälisi bolmasa, ol kowumyň gowy adamlarynyň gadry bolmazdy» diýýär we çarwa degmezligi emr edýär.

* * *

Mutarryf: «Iň akylly adam hem Allatagalanyň ylmynyň öňünde samsykdyr» diýýär.



[1]Enes ibn Mälik — pygamberiň hyzmatkäri.

[2]Şerih ibn Harys Kindi. Ol kazy wezipesinde işläp 78-nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[3]Ahnaf ibn Kaýs Sagdy Temimi.

[4]Muhammet ibn Ýezit ibn Abdylakbar Sumaly Azady Abu Apbas Mubarrad. Öz döwründe Bagdatda ymam bolan adam. 210-nji hijri ýylynda Basrada eneden bolup, 286-njy hijri ýylynda Bagdatda wepat bolýar. Mazanydan we Abu Hatym Sistanydan tälim alýar.Ol dile çeper, alym, hadyslardan, dini meselelerden örän gowy baş çykarýan adam bolupdyr.

[5]Bekr ibn Mugtemir — Mamunyň kätibi.

[6]Jabyr ibn Abdylla Ensary pygamber alaýhyssalamyň egindeşleriniň biri.

[7]Abu Apbas Fazyl ibn Sehl Sarahsy Mamunyň weziri we onuň diwanynyň iş dolandyryjysy. 154-nji hijri ýylynda Saragtda eneden bolýar. Ol Mamuna ýaş wagty entäk Mamun halypa bolmazyndan öň sataşýar. Öň otparaz bolup, Mamunyň elinde 190-njy hijri ýylynda yslam dinini kabul edýär. Mamun halypalyga gelende oňa wezirligi we harby serkerdeligi ynanýar. Ol halypalykda iki wezipäni syýasy we harby wezipäni eýeländigi üçin oňa Zuriýaseteýin (iki ýolbaşçy wezipäniň eýesi) diýen lakam berilýär. 202-nji hijri ýylynda Mamun bilen Saragtdan Bagdada gidip barýarka, hammamda suwa düşünýärkä bir topar adam tarapyndan öldürilýär. Mamun onuň ölümine diýseň gynanýar. Sebäbi ol Mamunyň ýakyn ýardamçysy we maslahatçysydy. Abu Apbas Mamunyň öýlenen gyzy Buran bint Hasan ibn Sähiliň kakasynyň doganydy. Abu Apbas akylly, başarjaň, dile çeper dindar we adyl adamdy.

[8]Abdylla ibn Mukaffa.

[9]Abu Abdyrahman Zuheýr ibn Nagym Baby Ajaly Sistany. Onuň Baby nisbeti (degişlilik ady) asly Derbentli bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Derbendiň Babul-Abwap (gapylaryň gapysy) diýen lakamy bolupdyr. Ömrüniň ahyrynda Basra göç edýär. Ylymly we dindar adam bolupdyr. Ol Mamunyň halypalyk eden döwründe wepat bolýar.

[10]Abdylla ibn Omar ibn Hattap.

[11]Wafyt ibn Abdylla hadys gürrüň beriji.