ON DOKUZYNJY BAP: KINAÝALY GÜRLEMEK, JAÝDAR JOGAP BERMEK, ÖZGÄNIŇ SÖZÜNE GARŞY ÇYKMAK, ÖZ DIÝENIŇI TUTMAK, DAWA, JEDEL WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ON DOKUZYNJY BAP: KINAÝALY GÜRLEMEK, JAÝDAR JOGAP BERMEK, ÖZGÄNIŇ SÖZÜNE GARŞY ÇYKMAK, ÖZ DIÝENIŇI TUTMAK, DAWA, JEDEL WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Bir gezek Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) oýnap ýören oglanlaryň ýanyna ýakynlaşanda Abdylla ibn Zubeýrden[1]başga oglanlar ony görüp, düw-dagyn bolup gaçýarlar. Omar Abdylla ibn Zubeýrden:

— Sen näme üçin gaçmadyň? — diýip soraýar.

Onda ol:

— Meniň senden gaçar ýaly, seniň öňüňde ýazykly eden işim ýok. Eger saňa ýol bermek üçin bir gapdala çekileýin diýsemem, bu ýol ikimize-de darlyk etmez — diýýär.

* * *

Bir ýehudy Hezreti Ala:

— Siziň pygamberiňiz dünýeden ötenden soň, siziň araňyzda düşünişmezlikler başlady — diýýär.

Onda Hezreti Aly:

— Biziň aramyzdaky düşünişmezlik pygamberimiz dünýeden ötensoň başlan bolsa, siz öz pygamberiňize entek dirikä:

— «Bize Allaňy görkez» diýip, öz närazylygyňyzy bildirdiňiz ahyryn — diýýär.

* * *

Bir adam başga bir adamy Hezreti Alynyň ýanyna getirip:

— Bu adam düýşünde meniň ejem bilen hylwatda bolupdyr — diýýär we oňa jeza bermegini soraýar.

Onda Hezreti Aly:

— Sen bu adamy günde duruz-da, saýasyny gamçyla — diýýär.

* * *

Bir adam Japar ibn Muhammede[2]:

— Allanyň bardygyna näme deliliň bar? Ýöne maňa ýeri, asmany ýaradanyndan başga subutnama getir — diýýär.

Japar ol adamdan:

— Gämä münüp gördüňmi? — diýip soraýar.

Ol:

— Hawa — diýip jogap berýär.

Japar:

— Şon-da güýçli gaý turup, size gark bolmak howpy abandymy? — diýip soraýar.

Ol:

— Hawa — diýýär.

Japar:

— Gämiçileriň sizi halas eder diýen pikiriňizden umydyňyz üzüldimi? — diýip soraýar.

Ol:

— Hawa — diýip jogap berýär.

Japar:

— Siz hemme zatdan umydyňyzy üzen hem bolsaňyz kimdir birinden kömek isläp dileg edensiňiz. Şondan soň hem bir ýerden kömek gelip halas bolansyňyz. Siziň dileg bilen ýüzleneniňiz we şondan soňra size kömek eden Allatagalladyr — diýýär (Gurhanyň «Isra» süresiniň 67-nji aýatynda we «Nahl» süresiniň 53-nji aýatynda bu hakynda aýdylýar).

* * *

Bir adam başga bir adama:

— Gürrüňleşip oturmak nähili özüne çekiji zat — diýýär.

Onda ol adam:

— Gürrüňleşip oturmak işsiz, boş adamlara mahsus zatdyr — diýýär.

* * *

Bir adam Hezreti Alydan:

— Gündogar bilen günbataryň arasyndaky uzaklyk näçedir? — diýip soraýar.

Onda Hezreti Aly:

— Gündogar bilen günbataryň arasyndaky uzaklyk günüň dogup batýan wagtyna çenli geçýän ýoluna deňdir — diýýär.

* * *

Bir çarwa Mugawyýanyň ýanynda bir zat hakynda gürrüň berip otyrka, Mugawyýanyň donuny çöwre geýendigini görüp, gürrüňini bölýär. Mugawyýa çarwadan:

— Näme gürrüňiňi böldüň ýa-da ýalan sözleýärsiňmi? — diýip soraýar.

Onda çarwa:

— Ýok, ýalan sözlämok, sebäbi ähli ýalan söz seniň donuňda giz-lenipdir — diýýär.

Mugawyýa özüne syn edip ýylgyrýar-da:

—Bu howlukmaçlygyň işidir, howlukmaçlyk şeýtandandyr — diýýär.

* * *

Iki adam çöl-beýewanda gidip barýarkalar, olaryň biri aýdyma hiňlenip soňra ýoldaşyndan:

— Nähili, aýdym aýdyşym boljakmy? — diýip soraýar.

Onda onuň ýoldaşy:

— Hiç neneň däl, edil şu ýerlerde diňleseň boljak — diýýär.

Bir gezek Hajjaç ýolda keseki ýurtly bir aýal bilen ýoldaş bolýar. Hajjaç ol aýala söz gatýar. Ol aýal Hajjaça jogap hem bermeýär, ýüzüne hem seretmeýär. Hajjaç ondan:

— Sen näme üçin maňa seretmeýärsiň? — diýip soraýar.

Onda ol aýal:

— Allatagalanyň nazar salmadyk adamyna men näme üçin seredeýin — diýýär.

Ol Hajjaçyň zalymlygyny göz öňünde tutupdyr.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) Abu Merýem Hanafa[3]:

— Alladan ant içýärin, ene topragyňy söýmeýänçäň men seni gowy görmerin — diýýär.

Abu Merýem:

— Sen maňa seniň meni gowy görmegiň üçin ene topragy söýmegi emr edýärsiňmi? — diýip soraýar.

Omar:

— Ýok — diýýär.

Onda Abu Merýem:

— Seniň meni gowy görmedigiň bilen maňa hiç zat bolmaz. Diňe zenan maşgala erkek adamyň gowy görmegine mätäçdir — diýýär.

* * *

Hajjaç wepat edenden soň onuň sakçylar gullugynyň başlygy Ýezit ibn Abu Müslim Süleýman ibn Abdylmäligiň ýanyna baryp:

— Eý, möminleriň emiri! Size hyýanat we dönüklik edeniň öýi köýsin. Maňa iş ynansaňyz başym üstüne ýerine ýetirerin. Kemsidilsem pese gaçmaryn. Özüni uly tutanyň, tekepbiriň öňünde özümi kiçeltmerin — diýýär.

Onda Süleýman ibn Abdylmälik oňa:

— Hajjajyň dowzahda kemsidilýändiginden habaryň barmy? — diýende, Ýezit ibn Abu Müslim:

— Eý, möminleriň emiri beýle diýme! Hajjaç siziň üçin köşkler gurup, münberlerde hutba aýtdyrdy. Siziň üçin halkdan salgyt ýygnap, ençe-ençe pitneleri ýatyrdy. Eger kyýamat güni Hajjaç dowzahda direlse, onda seniň kakaň onuň sag tarapynda, doganyň çep tarapynda direler — diýýär.

* * *

Günleriň birinde Mugawyýa ogly Ýezidiňkä[4]myhmançylyga barýar. Olar gijäniň bir wagtyna çenli gürleşip oturanlaryndan soňra, Mugawyýa öz otagyna ýatmaga gidýär. Gije Mugawyýanyň gulagyna ýakymly owaz eşidilýär. Ol ertesi turup:

— Agşam kim aýdym aýtdy — diýip soraýar.

Ýezit oňa:

— Agşamky aýdym aýdan Ibn Hasyrdyr — diýýär.

Onda Mugawyýa:

—Ol aýdymçynyň şirin owazy halat ýapylmaga mynasypdyr — diýipdir.

* * *

Bir gezek Nasyr ibn Seýýar[5]ýolda gidip barýarka Abu Hindä[6]duşýar. Abu Hindi serhoş ýagdaýdady. Nasyr Seýýar Abu Hindä:

— Sen arak, şerap içip, özüňi abraýdan düşürýärsiň — diýýär.

Onda Abu Hindi:

— Men şeýdip özümi abraýdan düşürmedik bolsam, Horasanyň emiri sen bolmazdyň — diýýär.

* * *

Bir adam Ibn Omardan:

— Muhammet alaýhyssalam namaz okap oturan wagty eýlesine-beýlesine garanjaklardymy? — diýip soranda, Ibn Omar:

— Muhammet alaýhyssalam namazdan başga wagt hem eýläk-beýläk garanjaklap oturmany halamazdy — diýip jogap berýär.

* * *

Günleriň birinde Mugawyýa Sagsagy[7]gürrüňdeşlige çagyrýar. Sagsag gürlände aljyraýar, ony der basýar. Mugawyýa oňa:

— Aljyrama, özüňi tut. Seniň sözleriň bugaryp başlady — diýýär.

Onda Sagsag:

— Gürrüňdeşlikde aljyramak gowudyr. Gürleýän adamyň aljyramagy onuň ýalan sözden daş bolup utanç-haýaly adamdygynyň alamatydyr — diýip jogap berýär.

* * *

Bir garry kempir adamsyna:

— Halal we gowy aýalyň barka sen näme üçin zyna edýärsiň — diýip soraýar.

Onda ol kempiriň adamsy:

— Halal diýeniňe hä diýeýin welin, gowy diýeniň bilen ylalaşmaryn — diýýär.

* * *

Bir adam hyzmatkärine:

— Nahar getir we gapyny gulpla — diýýär.

Onda hyzmatkär:

— Hojaýyn, ilki gapyny gulpla, soňra nahary getir diýseň dogry bolar — diýip, onuň ýalňyşyny düzedýär.

Onda ol adam:

— Men seni ylymlylygyň üçin azat edýärin — diýip, ol hyzmatkärini gulçulykdan azat edýär.

* * *

Bir gezek Harun Reşit bilen Isa ibn Japar[8]ikisi oýun oýnap ýörkäler, olaryň ýanyna Ýezit ibn Mezit Şeýbany[9]barýar. Harun Reşit oňa:

— Sen Isa bilen bile bol — diýýär.

Ýezit ibn Mezit onuň bu diýenini kabul etmeýär. Harun Reşit:

— Sen näme Isa bilen bolasyň gelenokmy? — diýip soraýar.

Onda Ýezit ibn Mezit:

— Eý möminleriň emiri! Meniň oýundan boýun gaçyrýanymyň sebäbi Isa däldir. Men şu oýun hem bolsa seniň garşyňa oýnasym gelenok — diýýär.

* * *

Bir gezek Sokratdan:

— Seniň aýdýan sözleriňi kabul etmeseler näme etjek? — diýip soranlarynda, ol:

— Maňa meniň sözlerimi kabul etmekleri däl-de, diňlemekleri ýeterlikdir. Meniň sözlerimi diňlän adam owal-ahyry bu sözleri özüne sapak ediner — diýýär.

* * *

Apbasylar halypasy Mansur pygambersireýän bir adama:

— Megerem sen ähli nadanlaryň pygamberi — diýýär.

Onda ol adam:

— Eý möminleriň emiri! Hak aýdýaň. «Her kim özüne meňzeşi tiz tanar» diýleni dogry eken — diýýär.

 

* * *

Bir gezek Halyt Kasry Ibn Müsenna:

— Sen näme meni görüp guluň gaçyşy kimin gaçdyň — diýýär.

Onda Ibn Müsenna oňa:

— Dogry aýdýaň, ýaňy men ýatmazdan öň bir gyrnak bilen boldum. Megerem şonuň täsiri ýeten bolsa gerek — diýýär.

 

* * *

Bir gezek Isgender Zülkarneýin ogluna gahary gelip:

— Eý Hajjamaň ogly[10] — diýýär.

Onda Isgenderiň ogly:

— Seniň aýdýanyň dogry welin, ejemiň bu sözlere hiç hili dahyly ýok — diýýär.

* * *

Bir çarwa ogluna:

—Eý, köpek ogly — diýip ýüzlenýär welin, ogly oňa:

— Kaka sen ahyry özüňi tanamany öwrenipsiň — diýýär.

* * *

Bir patyşa wezirinden:

— Bendäniň haýsy häsiýeti ony ekläp biler? — diýip soranda, wezir:

— Onuň akly — diýýär.

— Eger akly bolmasa näme?

— Edep-ekramy, ugurtapyjylygy.

— Bu diýýänleriň hem bolmasa näme?

— Onda ony gara güýji eklär — diýýär.

Patyşa:

— Eger onuň güýji hem bolmasa näme? — diýip soranda, wezir:

— Onda ol adamyň bu dünýäde ýaşamagynyň hajaty hem ýokdur — diýýär.

* * *

Emewi halypasy Abdylmälik bir çarwadan:

— Düýäni sagyp durkaň süýdi kesilse taýak bilen ursaň näder? — diýip soraýar.

Onda çarwa:

— Ýa-ha süýtden dolan gaby ýa-da düýani sagyp duranyň äňini döwdürersiň — diýýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Köp gürleýän köp ýalňyşýandyr» diýýär.

* * *

Ybraýym Mosully Harun Reşide aýdym aýdyp berýär. Harun Reşit oňa:

—Seniň bu ýakymly owazyň üçin seni Alla ýalkasyn — diýýär.

Onda Ybraýym Mosully:

—Allatagala meni seniň eliň bilen ýalkasa kem bolmazdy — diýýär.

Harun Reşit oňa ýüz müň dirhem bermegi emr edýär.

* * *

Bir gezek Abu Abdyrahman Hanapy ýanyna bir adam alyp Basranyň häkiminiň mejlisine gidýär. Ol adamyň gözi çaşydy we ýüpekden köýnek geýipdir. Häkim ol adamy görüp, Abu Abdyrahmana:

— Sen bu adamy nireden tapdyň? — diýýär we nökerlerine ol adama otuz gamçy urmagy emr edýär.

Abu Abdyrahman häkimiň beýle etmeginiň sebäbini soranda, häkim:

— Otuz gamçynyň on bäşisi ýüpek köýnek geýendigi üçin, on bäş gamçy-da gözi çaşylygy üçin — diýýär.

Onda Abu Abdyrahman häkime:

— Erkek adamlara ýüpek geýmek haramdygy üçin on bäş gamçy urmagy emr edeniňe düşünýän welin, gözi çaşydygy üçin on bäş gamçy urjak bolmagyň Allanyň eden işine garşy çykdygyň bolar — diýýär.

Häkim diňe on bäş gamçy urmagy emr edýär.

* * *

Kufada bir adam beni ysraýyl hakynda ýalan sözlemegi gowy görer eken. Adamlar ondan:

— Gurhanda ýatlanyp geçilýän beni ysraýylyň sygrynyň ady näme? — diýip soranlarynda, ol ýüzüniň ugruna:

— Hantama — diýip jogap berýär.

Onda adamlar:

— Sen ol hakynda nädip bilýärsiň? Ol sygryň ady hiç bir kitapda ýatlananok ahyryn — diýýärler.

Ol adam:

— Amr ibn Asda Musadan galan kitap bardy, men şol kitapdan okadym — diýýär.

* * *

Günleriň birinde Mütewekkil[11]Abu Uýaýna[12]:

— Sen adamlary öwüp ýa-da ýamanlap (döwüp) goşgy ýazmagyňy haçan goýjak — diýende, ol:

— Haçan-da adamlar gowy we erbet işleri etmeklerini bes edende — diýip jogap berýär.

* * *

Bir häkim özüniň köşk şahyryndan:

— Sen ýalan sözleýärsiňmi? — diýip soranda, ol:

— Hawa, men seni öwen mahalymda ýalan sözlemäge mejbur bolýaryn —diýýär.

* * *

Ibn Mükerrem[13]Abu Uýaýna:

— Adamlaryň arasynda sen bozuk gezýärsiň diýen gürrüň bar, sen bu zatlar hakynda näme diýersiň — diýende, ol:

— Abraýly adamlar hakynda gowy gürrüňler bilen bir hatarda ýalan-ýaşryk gürrüňler hem edilýändir. Onuň ýaly gürrüňlere gulak gabardyp oturma — diýýär.

* * *

Bir gezek Mamun Müsüriň bilimdar adamlarynyň biri bolan Abu Ýunusdan:

— Bazarda bir adam goýun satsa, alyjy goýnuň semizligini barlamak üçin guýrugyny galdyranda, goýun ýel goýberse we ýel bilen bilelikde gumalak atylyp çykyp, alyjynyň gözüni çykarsa, hunyny kim tölär? — diýip soraýar.

Onda Abu Ýunus:

— Elbetde satyjy, sebäbi ol aldap goýun däl-de, manjanyk satmakçy bolupdyr — diýip jogap berýär.

* * *

 Bir adam metjitde: «Eý, Allam meniň janymy gapyl wagtym almagyn» diýip dileg edýär. Onuň bu sözlerini ýanynda oturan bir däli adam eşidip:

— Onda Allatagala seniň janyňy hiç haçan hem almaz — diýýär.

* * *

Bir gezek Mugtasym[14]Fatyh ibn Hakan[15]ýaş oglan wagty gyzyl ýüzügi görkezip:

— Heý ömrüňde şunuň ýaly owadan zat görüpdiňmi? — diýip soraýar.

Onda Fatyh:

— Ýüzük dakylan el ýüzükden görklüdir — diýýär.

* * *

Yshak ibn Ysa ibn Aly ibn Abdylla[16] bazara çykanda dile çeper, akylly guluň satylýandygyny görüp, derrew ol guly satyn alýar we Harun Reşide sowgat berýär. Harun Reşit ol gula:

— Seniň eýäň seni maňa peşgeş berdi — diýýär.

Onda ol gul:

— Menem utdym senem — diýýär.

Harun Reşit:

— Açykla — diýýär.

Ol gul:

— Meniň utan zadym men möminleriň emirine hyzmat etmelidigimdir. Seniň utan zadyň sen özüňe wepaly gul we ylymly dost tutundyň — diýýär.

Harun Reşit onuň beren jogabyndan göwni hoş bolup, oňa köşk wezipeleriniň birini ynanýar.

 

* * *

Ymran ibn Hattanyň[17]boýy gysga we görksüz aýaly bardy. Onda-da Ymran ony diýseň gowy görýärdi. Günleriň birinde Ymranyň aýaly adamsyna:

— Biziň ikimiz hem jennete düşsek gerek — diýýär.

Ymran:

— Sen ony nireden bilýärsiň — diýip soranda, onuň aýaly:

— Sen meniň şeýle ýaradylandygyma seretmezden, maňa öýlendiň. Meniň görk-görmegim hakynda dil ýarman sabyr etdiň. Men hem maňa şeýle adamyň duşanyna Allatagala şükür etdim. Allatagalanyň ýolunda sabyr eden we onuň eden işine şükür eden adamlar jennetidir — diýip jogap berýär.

* * *

Bir adam apbaslylaryň halypasy Mamunyň ýanyna gelip:

— Men arap — diýýär.

Mamun:

— Seniň bu diýýäniň geň zat däl — diýýär.

Ol adam:

— Men haja gitmek isleýärin — diýýär.

Mamun oňa:

— Ýoluň açyk, haçan isleseň gidip bilersiň — diýýär.

Ol adam:

— Meniň haja gitmäge pulum ýok — diýýär.

Mamun ol adama:

— Ýagdaýy bolmadyk adamdan haja gitmek parzy aýrylýandyr — diýýär.

Onda ol adam:

— Men seniň ýanyňa seniň bilen maslahatlaşmaga däl-de, pul soramaga geldim — diýýär. Mamun onuň beren jogabyna gülüp goýberýär we haja gitmäge gerek bolan ýol harajatyny berýär.

* * *

Haýýat[18]: «Meni meniň hyzmatkärim ýaly sözde utan ýokdur. Günleriň birinde ol menden: «Sen Mugawyýa nähili garaýarsyň» diýip sorady. Men oňa: «Men Mugawyýa hormat goýýaryn» diýdim. Onda hyzmatkärim: «Sen onuň ogly Ýezide nähili garaýarsyň» diýip sorady. Men: «Men ony itden beter ýigrenýärin» diýdim. Ol menden: «Ýezidi gowy görýänlere nähili seredýärsiň» diýip sorady. Men oňa: «Men Ýezidi gowy görýänleri hem ýigrenýärin we olara lagnat aýdýaryn» diýdim. Onda meniň hyzmatkärim: «Mugawyýa näme ogluny ýigrenendir öýdýärsiňmi?» diýdi.

* * *

Ümmi Afyga möminleriň enesi Äşäniň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýanyna gelip:

— Ýaş çagasyny öldüren zenan hakynda näme aýdyp bilersiň? — diýip soraýar.

Äşe oňa:

— Ol zenanyň ahyreti dowzahdyr — diýýär.

Ümmi Afyga oňa:

— Uly ýaşly çagalardan ýigrimi müňüsini gyrgyna beren zenan hakynda name aýdyp bilersiň? — diýip soraýar welin, Äşe:

— Ol zenan Allanyň duşmanydyr. Onuň ýalynyň golundan tutup, derhal jezasyny bermeli — diýýär.

* * *

Bir adam Bilal Hebeşiden[19]:

— Kim ozdy — diýip soranda, ol:

— Muhammet alaýhyssalam — diýip jogap berýär.

Ol adam:

— Men senden aty ozan hakynda soraýaryn — diýende, Bilal Hebeşi:

— Bu dünýäde-de, ahyrýetde-de aty ozan Muhammet alaýhyssalamdyr — diýip jogap berýär.

 

* * *

Amr ibn Ataba: «Müňküriň müňkürligini aýyrmakdan, diwanany ýola salmak has ýeňildir» diýýär.

 

* * *

Apbasyly halypa Muntasyr Billä Abu Uýaýnadan:

— Iň ýagşy jogap nähilidir? — diýip soranda, Abu Uýaýna:

— Iň ýagşy jogap dymmaklyk ýa-da gürrüňe goşulmazlykdyr — diýip jogap berýär.

* * *

 Dawut pygamber: «Eý, Allam maňa ýagşylyk edişiň ýaly meniň oglum Süleýmana hem şeýle ýagşylyklar et» diýip dileg edýär. Alladan Dawuda wahy gelýär. Ol: «Eý, Dawut, ogluň Süleýmana özüň ýaly ýagşy gylyk-häsiýetli bolmagy ündew et. Şonda men saňa eden ýagşylyklarymy oňa hem ederin» diýýär.

* * *

Mansur[20]Süleýman ibn Ramyly[21]Mosula häkim belleýär we oňa: «Men seniň ýanyňa müň adam goşup goýberýärin. Olar adam sypatyndaky şeýtanlardyr. Olara özüň gowy edep, terbiýe bergin» diýýär.

Iki aýdan Mansur Süleýmanyň halyny sorap hat ýollaýar. Süleýman oňa jogap berip ýazan hatynda: «Ýagdaýlarym gowy, şeýtanlary doly terbiýeledim. Indi olaryň sany müňe ýetdi» diýýär. Mansur haty okap gülýär we Mosuldaky ajam esgerleri başgalar bilen çalyşmagy emr edýär.

* * *

 Ýezit ibn Abdylmäligiň[22]Merwan atly enebaşga dogany bardy. Günleriň birinde Welit ibn Abdylmälik[23]Merwana sögýär. Merwan oňa jogap gaýtarmakçy bolanda, Ýezit onuň agzyny tutup:

— Sögme, ol seniň agaňdyr we senden ýaşy uludyr — diýip, oňa gürlemäge maý bermeýär.

Merwan Ýezide:

— Agam otdan gyzgyn sözüni daşyma çykarman, içime oklatdy. Beýle söz meniň içimi ýakar — diýýär.

Hakykatdan hem uzak wagt geçmän Merwan namys edip aradan çykýar.

* * *

Apbaslylar halypasy Mansur Şamy eýeländen soň şamlylara:

— Siz näme üçin biziň hökümdarlyga gelmegimiz bilen öňki zalym hökümdaryňyzdan dynandygyňyz üçin Allatagala öwgi-sena aýdaňzok — diýdi.

Onda şamlylardan bir adam öňe çykyp:

— Bir zalymyň deregine birnäçe zalymy başymyzdan musallat edip inderer ýaly Allatagalanyň öňünde biziň näme ýazygymyz barka? — diýýär.

Mansur onuň näme sebäpden beýle diýendigini soramazdan, ony öldürmegi emr edýär.

* * *

Bir ýolagçy derýanyň boýunda düşleýär. Ol egin-eşiklerini çykaryp, ýaňy bir suwa girende, beni mugytdan birnäçe adamyň gelýändigini görýär. Ol adam beni mugytlylara: «Meni daşlamaň, men pygamber däl» diýýär. Abu Mugyt pygambere köp ezýet berip, ony Taýyfda daşlan adamlaryň serkerdesidi. Beni mugytlylar hem şonuň nesilleridi.

* * *

Ýakup ibn Leýs bir gezek sistanly baý adamyň öýünde myhman bolýar. Birnäçe wagtdan Ýakup ol adamyň garyp düşendigini eşidýär. Günleriň birinde Ýakup ol adamyň öýüne ýene-de myhmançylyga gelýär. Ýakup ondan:

— Bu günler halyň niçik? — diýip soraýar.

Ol adam:

— Öňki ýaly — diýip jogap berýär.

Ýakup:

— Öň nähilidi? — diýip soraýar.

Ol adam:

— Şu wagtky ýaly? — diýýär.

Ýakup ol adamyň kyn ýagdaýa düşse-de, syr bildirmeýändigine göwni ýetip, oňa ýüz müň dinar sowgat edýär.

* * *

Bir gezek Mugawyýa haja gidip barýarka, öňünden medineli ensarylar çykýarlar. Olaryň hiç birinde ulag ýokdy. Mugawyýa olary görüp:

— Eý ensarylar, name ulagyňyzy satyp haja gaýtdyňyzmy? — diýende, ensarylardan Gamr ibn Ajlan:

— Eý, möminleriň emiri! Ähli ulaglarymyz Bedr söweşinde Abu Sufýany we onuň egindeşlerini kowalanymyzda daljygyp heläk boldy — diýip jogap berýär.

Bedr söweşinde ensarylardan ýeňilen Abu Sufýan Mugawyýanyň kakasydy.

* * *

Günleriň birinde Bilal ibn Abu Burda bir diwanaň üstünden gülmekçi bolup tussaglykdan çykarýar we ondan:

— Men seni näme üçin çagyranymy bilýäňmi? — diýip soraýar.

Onda ol diwana:

— Ýok — diýip jogap berýär.

Bilal ibn Abu Burda oňa:

— Men seniň üstüňden gülmek üçin çagyrdym — diýýär.

Ol diwana:

— Seniň edişiň dogry. Adamzat döräni bäri akyldarlaryň üstünden gülünýär. Sen hem şol «ýagşy däbi» dowam etdiriber — diýýär.

Bilal ibn Abu Burda eden işine utanyp, ol diwanany azat edip goýberýär.

 

* * *

Bir adam Kesranyň ýanyna gelip, onuň etraplardaky goýan häkiminiň zulum edýändigini, kyrk ýylda jemlän mal-mülklerini elinden alýandygyny habar berýär. Kesra oňa:

Sen kyrk ýyllap jemlän baýlygyňy bir ýylda oňa iýdiräýdiňmi? — diýende, jany ýanyp duran ol adam:

— Eý şahym! Sen hem şalygyňy birje ýyl Bähreme berip gör, bir ýylyň içinde näme bolýandygyny şonda görersiň — diýýär.

Kesra şol wagtyň özünde häkime hat ýollap zulum edip alan ähli mal-mülküni gaýdyp bermegi emr edýär.

 

* * *

Bir gün apbaslylar halypasy Mansur Abu Uýaýna bilen gürrüňdeş bolup otyrka oňa:

— Seniň berýän jogaplaryň jaýdar we ýerliklidir — diýip öwýär.

Onda Abu Uýaýna:

— Söhbetdeşiň ýerlikli, jaýdar sorag berende jaýdar jogap alýandyr — diýýär.

* * *

Amr ibn As esgerlerine azyk bermegini kesýär. Esgerler üýşüp, birini Amr ibn Asyň ýanyna goýberýärler: Ol Amra:

— Eý emirim! Esgerler aç. Olar iýip-içer ýaly zat talap edýärler. Eger sen azyk bermejek bolsaň, özüňe daşdan azyk talap etmeýän esger edinmeli bolarsyň — diýýär.

Amr ol esgeriň sözlerine gahary gelip:

— Eý, it, gapyl! — diýýär.

Onda ol esger:

— Biz it bolsak, sen hem itleriň emiri boldugyň bolýar — diýýär.

Amr ibn As özüniň utulandygyny bilip, esgerlere azyk bermegi emr edýär.

* * *

Bir gezek Şagby[24]adamlara suw bolmadyk halatynda eliňizi arassa çägä urup täret edip bolýandygyny düşündirip otyrka, mejlisde oturan adamlaryň biri:

— Çägä haýsy barmagyňy degirmeli? — diýip soraýar.

Şagby ol adama aýagynyň başam barmagyny görkezip:

— Şu barmagyňy — diýýär.

* * *

Ýakup[25]Sistanyň alym adamlarynyň biri bolupdyr. Adamlar ähli wajyp mesele babatynda oňa maslahat salar ekenler. Mejlisde adamlaryň biri Ýakupdan:

— Derýa suwa düşünmäge girenimde, men kybla tarap seredeýinmi ýa-da başga tarapa? — diýip soraýar.

Ýakup oňa:

— Sen gowusy derýanyň ýakasynda çykaran egin-eşigiňe tarap seret — diýýär.

Onda ýene-de bir adam Ýakuba:

— Jynazada tabydyň öňünde bolsaň gowumy ýa-da yzynda — diýip soranda, Ýakup:

— Öňünden ýöre ýa-da yzyndan tapawudy ýok, tabydyň üstünde bolmasaň bolýar — diýip jogap berýär.

* * *

Hajjaç[26]wepat bolandan soňra, adamlar onuň zalymlygy we eden günä işleri barada ýatlap otyrkalar, bir adam:

— Men onuň talak edilen aýalyna göz gyzdyryp, günä iş etdim — diýip, eden işine ökünýär.

Onda adamlar ol adama:

— Hajjajyň günälerine ser salan Allatagala seniň bu günä işiňi günä iş hem diýip hasap etmez — diýip, ol adamy köşeşdirýärler.

* * *

Muhammet ibn Wasyg Kuteýbe[27]bilen Horasana ýöriş edende bugdaý ekilen ýeriň üstünden barýar. Ol atyny bugdaýlygyň içine kowup goýberýär. Muny gören ýer eýesi Muhammet ibn Wasygyň ýanyna gelip:

— Sen bu gün söweşip ýeňseň-de, ertir söweşde siz ýeňilersiňiz — diýýär.

Muhammet Wasyg:

— Näme üçin — diýip soranda, ol daýhan:

— Bu gün bugdaýy atyňa çörek etseň, ertirki gün esgerleriňe çörek tapmarsyň. Azyksyz aç esgerleriň saňa uzak boýun bolup durmaz — diýýär.

* * *

Bir gezek adamlar Şagbydan nämedir bir mesele babatynda soranlarynda, ol: «Bilemok» diýip jogap berýär. Adamlar oňa:

— Sen Yragyň iň alym adamy bolup bilemok diýmäge utanaňokmy? — diýenlerinde, Şagby:

— Perişdeler Allatagala: «Eý Allam! Bizde seniň öwreden ylmyňdan gaýry ylym ýokdur» diýenlerinde utanmadylar ahyryn, onsoň men näme üçin utanmaly — diýip jogap berdi.

* * *

Hafas ibn Gyýas: «Bir gezek Agmaş biziň ýanymyza gelip: «Gulak özi hakynda näme diýýändigini bilýäňizmi?» diýip sorady. Biz: «Ýok» diýip jogap berdik. Agmaş: «Gulak: «Eger men sözi wagtynda eşidip akyla ýetirmesem eýämiň berjek jogaby diliniň uzynlygy ýaly uzaga çekerdi» diýýär. Onda Hafas: «Meniň Agmaşa aýtmakçy bolup, emma aýdyp bilmedik sözlerime kimiň günäkärdigi indi maňa aýan boldy» diýýär.

 

* * *

Bir aýal Şureýihiň[28] ýanyna gelip, aglap adamsynyň üstünden arz edýär. Onda Şureýihýanynda oturan Şagba:

— Megerem ol aýalyň adamsy aýalyna zulum eden bolsa gerek — diýýär.

Şagby Şureýihe:

— Ýusup alaýhyssalamyň doganlary Ýusuba zulum etseler-de, kakasynyň ýanyna gelenlerinde eden işlerine ökünip aglapdylar — diýýär.

* * *

Şakyk ibn Ybraýym Balhy[29]Ybraýym Edhem bilen gürleşip otyrka, Ybraýym Şakykdan:

— Hany maňa aýtsana, bu günler näme edýärsiň? — diýip soraýar.

Onda Şakyk:

— Rysgalymy tapsam iýýän, zat tapmasam-da sabyr-takatly bolýan — diýýär.

Ybraýym Edhem:

— Balhyň itleri şeýle ýaşaýandyrlar — diýýär.

Şakyk:

— Sen nähili gün görýärsiň — diýip soranda, Ybraýym:

— Rysgalymy tapanymda Allatagala sena aýdýaryn, tapmadyk wagtym şükür edýärin — diýip jogap berýär.

 

* * *

Bir şahyr özüniň biderek goşgusyny bir adama okap berip:

— Nädipdirin? — diýip soraýar.

Ol adam şahyra:

— Sen bu goşgyňda ýürekdäki bar zadyňy beýan edipsiň — diýýär.

* * *

Bir dana mydama taýakly gezýän eken. Ol danadan:

— Sen garry hem däl, hassada däl welin, onda-da taýakly gezýärsiň-le? — diýip soranlarynda, ol dana:

— Islendik hala düşeniňde-de taýak ýaly ýakyn ýaran ýokdyr — diýip jogap berýär.

* * *

Bir gezek Hekim ibn Eýýup Sakafy Hajjaç Iýas ibn Mugawyýa diýen hyzmatkärini saklap oňa:

— Sen keseki ýurtly, ikiýüzli, bu ýerde ýaşamaga saňa kepil boljak adam tap — diýýär.

Hyzmatkär Hekime:

— Senden meni gowy tanaýan adam ýok. Şonuň üçin hem sen maňa kepil bolaýmasaň — diýýär.

Hekim oňa:

— Ol nähili men seni gowy tanaýarmyşym, sen-ä Yrakly, menem Şamly? — diýip soraýar.

Onda hyzmatkär:

— Onda-da meni häsiýetlendirişiň meni bütin ömrüňe tanaýana meňzeýär — diýip jogap berýär.

* * *

Bir dana: «Subutnamaly, delilli gürlän adam utanmaz, dogry ýola düşen adam azaşmaz» diýýär.

* * *

Başga biri: «Delil bilen gürlenende kimdir biri tekepbirlik edip, ol adamyň garşysyna çyksa, garşy çykan adam utanmazlyk üçin özüne gaçybatalga gözlesin» diýýär.

* * *

Bir adam Ibn Şaburmadan:

— Sen nähili edip hemme adamlar bilen dil tapyşyp, özüňi olara aldyrmany başarýarsyň?» diýip soranda, ol:

— Jedelden gaçan, parasatlygy özüne ýaran edinen adamyň ne il içinde, ne-de maşgalasynda müşgil işi bolar — diýýär.

* * *

Nadan jedelde ýeňse-de nadanlygyna galýar. Akylly adam jedelde ýeňilse-de, akyllylygyna galýar. Akyllynyň nadandan jedelde ýeňilmegi onuň abraýyny jinnik ýaly hem kemeltmeýär. Hatda nadan hem özüniň akyllydan pesdigini bilýär, emma bu hakynda boýun alasy gelmeýär.

 

* * *

Bir Şahyr şeýle diýýär:

Akyllynyň mydam ýoly ak bolar,

Nadan kemçiligin dostundan görer.

* * *

Bir danadan: «Sözsüz gürläp bilýän name bar?» diýip soralanda ol: «Subutnama we delil gürlemezden öz wezipesini ýerine ýetirip biler» diýip jogap berýär.

* * *

Bir adam alym adam bilen ýedi ýüz parsahlyk ýola ýoldaş bolýar. Ol adam alymdan:

— Asmandan iň agyr, ýerden giň, otdan yssy, deňizden baý, ýetimden kömege mätäç zat nämedir? — diýip soranda, alym:

— Delil, subutnamaly gürlemek ähli zatdan saldamlydyr (agyrdyr). Hakykat ýaly giň zat ýokdur. Ol dünýäniň islendik künjegine ýetip, ýalany paş edip bilýändir. Töhmet otdan ýalynlydyr. Kanagatly ýürek deňizden baýdyr. Hossarlary bolup, olaryň kömeginden umydyny üzen adam ýetimden hem kömege mätäjräkdir — diýip jogap berýär.

* * *

Bir mejlisde Şagbydan:

— Siňegiň eti halalmy, iýseň bolýarmy? — diýip soralanda, ol:

— Işdäň alsa arkaýyn iýiber — diýýär.

Bir alym metjitde adamlaryň soraglaryna jogap berip otyrka, bir adam:

— Eliňi burnuňa sokanyňda burnuň ganasa näme etmeli? — diýip soraýar.

Ol alym:

— Eliňi burnuňdan çykarmaly we burnuňy sowuk suw bilen ýuwmaly — diýýär.

Ol adam:

— Sen alymmy ýa-da tebip — diýip soranda, alym:

— Ylym bilen baglanyşykly sorag berýänler üçin alym, tebipçilik bilen baglanyşykly soraglara jogap bermeli bolanda men tebip bolmaly bolýaryn — diýip jogap berýär.

* * *

Bir adam özüni atly taýpalaryň birinden diýip öwüner eken. Bir mejlisde ondan:

— Sen haýsy taýpadan? — diýip soralanda, ol adam bu mejlisde şol taýpadan kimdir biri bardyr öýdüp:

— Eý, Allam! Heý şeýle mejlisde-de şeýle sorag soralarmy?! — diýip, bu soragy jogapsyz goýupdyr.

* * *

Bir gezek Ysmaýyl ibn Hamat ibn Abu Hanypa[30]Ýahýa ibn Eksemiň ýanynda atasynyň işlerinden nägile bolýar. Ýahýa ondan: «Ähli musulmanlara ymam bolan ataňdan sen näme üçin nägile bolýarsyň?» diýip soranda, Abu Hanypanyň agtygy Ysmaýyl:

— Eger-de ol nebizi (güýçli bolmadyk şerap) halal etmedik bolsa we beçebazlara gamçy urmagy buýran bolsa, men ondan nägile bolmazdym — diýýär.

* * *

Abdylla ibn Hazym[31]janpenasyna:

— Eý Haman[32]nirä barýarsyň? — diýýär.

Onda janpena:

— Saňa piramida gurmaga — diýip jogap berýär.

Abdylla onuň beren jogabyna uzak wagt haýran bolup durdy. Janpenanyň beýle diýmegi «Men Haman bolsam, sen Pyrgaun» diýdigidi.

* * *

Rum şasy Mugtasyma[33]özüne boýun bolmagy emr edip, azm urup hat ýazýar. Mugtasym kätibini çagyryp, oňa ak kagyza diňe «Bismillä hirrahmä nirrahym» diýip ýazmagy emr edýär we şol haty Rum şasyna ýollaýar. Rum şasy Mugtasymyň beýle etmeginiň sebäbini bilmek üçin oňa ýene-de hat ýollaýar. Mugtasym onuň hatyna: «Meniň diňe «Allanyň ady bilen» diýip ýazmagymyň sebäbi başga ýazjak zatlarymy gulak eşider ýaly däl. Şonuň üçin ýazyp hem oturmadym» diýip jogap ýollaýar. Rum şasy özüne berk gaýtawul beriljegine gözi ýetip, Mugtasyma hemle atmasyny bes edýär.

* * *

Bir adam tans edýän gyzdan:

— Heý seniň eliňden gelýän hünäriň barmy? — diýip soraýar.

Onda ol tansçy gyz:

—Ýok, meniň ähli hünärim aýaklarymda — diýip jogap berýär.

* * *

Ibn Mükerrem Abu Uýaýnanyň hassa ýatandygyny eşidip, onuň halyny soramaga barýar. Ol Abu Uýaýna:

— Alla saňa ýardam etsin — diýýär.

Onda Abu Uýaýna onuň sözlerinde iki many bardygyny duýup, oňa:

— Goý, Allatagala saňa-da asmandan köşk taýýarlasyn — diýýär.

* * *

Gadymdan aýdylýan sözler:

Gaharlanmaýan adamyň mydam pikiri durudyr. Adam gaharly wagty oýlanman, diline gelen sözi aýdar.

* * *

Akmagyň bir alamaty sözi doly diňlemezden jogap bermäge başlar.

* * *

Iýas ibn Mugawyýa ýaş oglanka bir ýaşuly adam bilen dawalaşyp, ony Şamdaky kaza eltýär. Kazy ol adamy we Iýasy görüp:

— Utanaňokmy ýaşuly adamy dawa bilen kazynyň ýanyna getirmäge — diýende, Iýas:

— Onuň ýaşy ulu-da bolsa, hakykat ondan hem uludyr we wajypdyr — diýýär.

Kazy oňa:

— Gapyl we gümüňi çek şu ýerden — diýende, Iýas:

— Sen meniň delilimi diňläp görmek isläňokmy? — diýýär.

Onda Kazy:

— Sen hakykaty aýdarsyň öýdemok — diýýär.

Iýas:

— Alla birdir, Muhammet onuň resulydyr. Şu aýdýanym dogry dälmidir? — diýýär.

Kazy näme diýjegini bilmän Abdylmälik ibn Merwanyň ýanyna gidýär we bolan wakany bolşy ýaly gürrüň berýär.

Abdylmälik kaza:

— Derrew olaryň dawasyny çöz we ol oglany Şamdan çykaryp goýber. Ol bu ýerde gezse, Şamyň halkynyň içinde dawa köpeler — diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) jahylyýet döwründe musulmanlara ezýet beren bir adama:

— Wah, şol döwürde maňa duşan bolsadyň! — diýýär welin, ol adam:

— Eger sen şol döwürde maňa duşan bolsaň bu günki gün halypa bolmazdyň — diýýär.

* * *

Emewi bilen ensary jedelleşýär. Emewi oňa:

— Muhammet alaýhyssalam wepat bolandan soň ähli wezipeler biziňkileriň elinde jemlendi. Ynha, Ytab ibn Useýit[34]Mekgede, Aban ibn Sagyt ibn As Bahreýinde, Halyt ibn Sagyt ibn As Ýemende, Abu Sufýan bolsa Najranda häkim wezipesini ýerine ýetirýär — diýýär welin, ensary:

— Eý Allam! Muhammet alaýhyssalama garşy söweşenler bu gün yslam ýurtlaryndaky ähli wezipeleri eýelän ekenler — diýýär.

 

* * *

Farazdak metjitde otyrka bir adam oňa:

— Öwüp ýa-da ýamanlap goşgy goşup, adamlaryň bar baýlygyny elinden alýan Farazdak senmi? — diýip soraýar.

Farazdak:

— Hawa — diýip jogap berýär.

Ol adam:

— Seniň toplan baýlygyň topugyňdan burnuňa ýetendir — diýýär.

Onda Farazdak:

— Wah, seniň şol diýýän baýlygyň göze ýetenok-da, ýogsa men hem bu kärimden el çekerdim-le — diýýär.

* * *

Bir adam Abu Nuwasy oýnamak maksady bilen oňa:

— Seni möminleriň emiri doňuzlaryň we maýmynlaryň häkimi wezipesine belledi — diýýär.

Onda Abu Nuwas:

— Möminleriň emiriniň emrine boýun bolmak bize parzdyr. Sen hem meniň raýatlarymyň biri bolsaň gerek — diýýär.

Ol adam ýeňlendigini duýup, Abu Nuwasyň ýanyndan garasyny saýlaýar.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Adam aljyraňňy, gyssanmaç gürläninde onuň ýalňyşy köpelýändir» diýýär.

* * *

Bir dana: «Berlen sowala doly we dogry düşünmek ýarym jogapdyr» diýipdir.

* * *

Abdylla ibn Hasan ibn Hasan[35]: «Güman etmek, şübhelenmek ýakyn dostluga, öňden ýola goýlan gatnaşyga we maşgalanyň arasyna agzalalyk atyp, olary biri-birinden jyda düşürip bilýändir» diýýär.

* * *

Apbasylylar halypasy Mütewekkil awa-şikara çykýar. Ol bir guşy görüp oňa tarap ok atýar welin, peýkam sowa geçýär. Mütewekkiliň ýanyndakylaryň biri peýkamyň sowa geçendigini görüp:

— Örän gowy boldy — diýýär.

Mütewekkiliň oňa gahary gelip:

— Ol nähili gowy boldy? — diýýär welin, ol adam halypasynyň gazabyndan gorkup:

— Guş üçin gowy boldy. Sebäbi seniň atan peýkamyňdan ony Allatagala halas etmedik bolsa, halas bolup bilmezdi — diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Güman edýän adamdan onuň edýän gümany dogry hem bolsa haýyr gözlemäň» diýýär.

 * * *

 Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) ölmeziniň öň ýanynda: «Diliňiziň jylawyny elden bermäň, pikirlenip gürläň. Şeýle etseňiz utançly ýagdaýa düşmersiňiz» diýýär.

* * *

Ýene-de Pygamberden: «Güman-şübhe edýän adamy Allatagala-da halaýan däldir» diýilýär.

* * *

Bir gezek Harun Reşidiň aýaly Ümmi Japar[36]oňa öz ogly Muhammet Emini tagt mirasdüşeri etmegini soraýar. Harun Reşit Muhammedi we Mamuny synap görmek maksady bilen olaryň ýanyna hyzmatkärini goýberýär. Hyzmatkär Muhammediň ýanyna baryp:

— Eger-de sen halypa bolsaň, maňa nähili serederdiň — diýip soraýar.

Onda Muhammet:

— Men saňa ykta we köp baýlyk bererdim — diýýär.

Hyzmatkär şol soragyny Mamuna aýdanda, ol golaýynda duran syýa çüýşäni hyzmatkäriň kellesine zyňýar we:

— Eý, it ogly! Seniň diýýäniň näme? Meniň kakam, möminleriň emiri, Allanyň ýerdäki emiri wepat bolanda meniň saňa nähili seretjegimi bilesiň gelýärmi? Meniň üçin ol wepat bolanyndan, seniň ýalydan müňüsiniň we özüm onuň deregine pida bolanymy gowy görýärin — diýýär.

Hyzmatkär bolan ýagdaýy Harun Reşide gürrüň berenden soň, Harun Reşit tagt mirasdüşeri edip ogly Mamuny belleýär.

* * *

Emewi halypasy Omar ibn Abdyleziz örän dindar guluna:

— Sen bu ybadat edişiň bilen Alla ýalkasa jennete düşersiň — diýýär.

Onda ol gul:

— Eý möminleriň emiri! Ähli zat Allanyň elindedir. Atamyz Adam alaýhyssalam ýekeje hatasy üçin jennetden çykarylyp, ýere goýberilmedimi?! — diýýär.

* * *

Bir gezek Kaýsar Mugawyýa hat ýazyp, ondan üç zat hakynda, ýagny asmanyň merkezi, ýer ýüzünde ilkinji akan gan we günüň bir gezek gündogardan däl-de, başga tarapdan dogan gezegini soraýar. Bu soraga diňe Hasan ibn Aly jogap berýär. Ol: «Asmanyň merkezi Käbäniň üstündedir. Ilkinji sebäpli gan Ybraýym pygamber gurbanlyk edende akandyr. Musa pygamber deňizi bölüp, oňa ynananlary deňizden geçirende gün başga tarapdan dogandyr» diýýär. Mugawyýa onuň beren jogaplaryny hat üsti bilen Kaýsara[37] ýetirýär.

* * *

Bir gezek Omar ibn Abdyleziz şamly bir adamdan:

— Öň halyňyz niçikdi?» diýip soraýar.

Onda ol adam:

— Eý möminleriň emiri! Göz öwrenişse deňiz suwy hem süýji suwa öwrüliberýär eken — diýýär

* * *

Günleriň birinde Hajjaç Ibn Hanapyýanyň[38] Abdylmälige garşy çykýandygyny eşidip, oňa:

— Eger sen daşyňa adam jemläp, pitne turuzsaň sen hem şolaryň biri bolarsyň we seniň kimdigiňe seretmezden dara çekdirerin — diýýär.

Ibn Hanapyýa Hajjaçdan:

— Sen näme bileňokmy? — diýip soranda, Hajjaç:

— Nämäni bilemok? — diýip, onuň özüne sorag bilen ýüzlenýär.

Onda Ibn Hanapyýa:

— Kakam maňa: „Allatagala bir güni üç ýüz altmyş bölege, her bölegi bolsa üç ýüz altmyş bölejiklere bölýär. Eger ynsanyň kazasy dolsa, şol bölejikleriň birinde müň gezek janyňy alyp bolýar» diýipdi. Eger ajalym seniň eliňden bolup, kazam hem dolan bolsa, men ölmäge taýýar — diýýär.

Hajjaç onuň pert-pert jogap berşini görüp, onuň mert, edermen ýigitdigine göz ýetirip:

— Seniň kazaň dolmandyr, islän tarapyňa git — diýýär.

Soňra Hajjaç onuň aýdanlaryny Abdylmälige ýetirýär. Abdylmälik hem Ibn Hanapyýanyň aýdan gürrüňini Kaýsara hat üsti bilen ýetirýär. Kaýsar bu haty okap:

— Alladan ant içýärin, bu gürrüňi ýa-ha pygamber, ýa-da pygamberiň maşgalasyna degişli adam aýdyp biler — diýýär.

 

* * *

Iýas ibn Mugawyýa: „Soraga tiz jogap bermek, adamsyz mejlis guramak we köpçülikde eşiksiz gezmek gelşiksizdir» diýýär.

* * *

Kuraýşylaryň bir topary Mugawyýa garşy çykýarlar. Mugawyýa mejlisde gozgalaň turuzan kuraýşylaryň kellesini getirmegi emr edýär. Onda şol mejlisde oturan Ibn Kaýs[39]:

— Eger-de sen kuraýşylardan näçe adamyň kellesini alsaň, biz hem Abu Sufýanyň neslinden şonça adamyň kellesini alarys — diýýär.

Mugawyýa:

— Eý, sen garga! — diýip sögünýär.

Ibn Kaýs:

— Hawa! Kämahal garga hem daşdeşen ýaly agaçdan özüne höwürtge ýasajak bolup öz kellesini döwýändir — diýýär.

Mugawyýa onuň beren jogabyna gülüp goýberýär we gozgalaňçylary öldürtmekden el çekýär.

* * *

Bir gezek Abu Talyp Muhammet alaýhyssalamdan:

— Sen yzyňa eýerenleri nirä alyp barýanyňy bilýärsiňmi? — diýip soraýar.

Muhammet alaýhyssalam oňa:

— Hawa — diýip jogap berýär.

Abu Talyp:

— Saňa bu ýoluň dogrudygyny kim aýtdy? — diýip soranda, ol:

— Rebbim — diýýär.

Abu Talyp:

— Saňa eýerenlere sütem berilýändiginden habaryň barmy? — diýip soranda, Muhammet alaýhyssalam oňa:

— Olara o dünýäniň süteminden bu dünýäniň sütemini başdan geçirenleri haýyrlydyr. Ahyrýetdäki süteme döz gelip biljek adamyň çagasy ýokdur — diýýär.



[1]Abdylla ibn Zubeýr ibn Awwam.

[2]Japar Sadyk ibn Muhammet Bakyr ibn Aly ibn Zeýnelabydyn ibn Hüseýin ibn Aly. Hezreti Alynyň neberelerinden.

[3]Abu Merýem Hanafy Seluly. Ol öň yslamy kabul etmezden ozal Museýleme Kezzabyň egindeşleriniň biridir. Ýemäme söweşinde Zeýt ibn Hattaby öldüripdir. Soňra yslam dinini kabul edýär we ýagşy adamlaryň hataryna goşulýar.

[4]Ýezit ibn Mugawyýa ibn Abu Sufýan.

[5]Horasanyň emiri Nasyr ibn Seýýar.

[6]Abdylla ibn Rabyga ibn Şibs ibn Rabyga Riýahy. Oňa Abdyl Mömin hem diýilýärdi. Abu Hind onuň lakamy. Ol Emewiler we apbaslylar döwletiniň köşk şahyry bolýar. Dile çeper, alym we dana adamdy. Emma şerap içmegi diýseň gowy görerdi. Bir gezek Horasana gidýär we ol ýer görnünden turup, Sistanda watan tutunýar. Onuň köp goşgusy şeraby wasp etmek hakyndadyr.

[7]Sagsag ibn Suhan ibn Hajar ibn Harys Abdy Kufa şäherindäki Abdylkaýs tiresiniň hormatly adamlarynyň biri. Akylly, dana, şahyr adam bolupdyr. Alynyň egindeşi. Soňra bolsa Mugawyýanyň ýanynda az wagt hyzmat edýär. Mugawyýanyň emri bilen Jezirä ugradylýar we şol ýerde 60-njy hijri ýylynda wepat bolýar. Başga çeşmelerde ol Kufada wepat bolýar.

[8]Isa ibn Japar ibn Abu Japar Mansur. Ol Harun Reşidiň ogly Muhammet Eminiň gyz dogany Zübeýdäniň ogludyr. Muhammet Eminiň kömegi bilen Basra, Ahwaza, Ýemämä we Sinde häkim bellenýär. Muhammet Eminiň dogany Mamuna ýazan hatyny Horasana alyp gidýär. Muhammet Emin Mamundan halypalygy ogly Musa ibn Muhammet Emine tabşyrmagy talap edýär. Emma Mamun onuň diýeninden boýun gaçyrýar. Ibn Kuteýbanyň “Bagdat taryhy” kitabynda « Isa ibn Abu Japar 181-nji hijri ýylynda wepat boldy » diýip aýdylýar.

[9]Ýezit ibn Mezit ibn Zaýyda Şeýbany. Ol apbaslylar döwletiniň serkerdeleriniň biri we Ermeniýanyň we Azarbeýjanyň häkimi. Ol batyr, edermen adamdy. 185-nji hijri ýylynda Azarbeýjanda wepat bolýar.

[10]Hajjama — dürli gurallaryň kömegi bilen adamyň bedenindäki hapa gany alyjy tebip aýal.

[11]Apbaslylar halypasy Japar Mütewekkil Alalla.

[12]Muhammet ibn Kasym Hallat.

[13]Muhammet ibn Mükerrem — Basranyň iň tanymal adamlarynyň biri.

[14]Apbaslylar halypasy Muhammet Mugtasym ibn Harun Reşit.

[15]Abu Muhammet Fatyh ibn Hakan ibn Gartuj. Ol şahyr, ýazyjy, dile çeper, asly pars şalaryndan bolan adam. Apbaslylar halypasy Mütewekkil onuň bilen dogan okaşýar we ony özüne wezir edinýär. Soňra ony Şama emir belleýär. Onuň örän köp kitaplary bar. 247-nji hijri ýylynda Mütewekkil bilen bilelikde öldürilýär.

[16]Apbasyly emirleriň biri bolup 168-nji hijri ýylynda halypa Mätiniň döwründe Medine şäheriniň häkimi wezipesini ýerine ýetirýär. 169-njy hijri ýylynda häkimlikden ýüz dönderip ýene-de Bagdada dolanyp gelýär.193-nji hijri ýylynda Harun Reşit wepat bolanda, 198-nji hijri ýylynda Emin öldürilende hem Yshak olaryň ýanyndady.

[17]Abu Semnäk Ymran ibn Hattap ibn Zybýan Sedusy Şeýbany. Safryýa tiresiniň serkerdeleriniň biri we olaryň şahyry. Basrada ylymly we hadysçy adamlaryň biridi. Onuň Hajjaç bilen sözi azaşyp, ol gaçmaga mejbur bolýar. Ammana, soňra Azat kowumynyň arasyna gaçyp barýar we 84-nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[18]Abu Hüseýin ibn Abu Amr Haýýat, Haýýat toparynyň ýolbaşçysy. Ol Bagdatly mugtazylardan.

[19]Abu Abdylla Bilal ibn Rabah Hebeşi oňa Bilal ibn Hamama hem diýýärler. Hamama onuň ejesiniň ady.Ol Muhammet alaýhyssalamyň azançysy we beýtil malyň hazynadary. Ol ilki gul bolup soňra Abubekr tarapyndan satyn alnyp azat edilýär.Ömrüniň köp bölegini azan aýdyp geçirýär. Muhammet alaýhyssalam wepat bolanda iň soňky gezek azan aýdýar. Dürli çeşmeleriň aýtmagyna laýyklykda, ol 20-nji hijri ýylynda Damaskda wepat bolup soňra Halapda depin edilýär.Buhary we Müslim ýaly meşhur hadysçylar Bilaldan eşiden hadyslaryny rowaýat edýärler.

[20]Apbaslylar halypasy Abu Japar Mansur.

[21]Megerem ol Süleýman ibn Barmak bolmalydyr. Emma ol Mosula häkim bolmandy. Mansur 158-nji hijri ýylynda halypa Mätini Mosula Halyt ibn Barmagyň üstüne goýberýär.

[22]Emewi halypasy Ýezit ibn Abdylmälik.

[23]Emewi halypasy Welit ibn Abdylmälik.

[24]Amyr ibn Şerahyl Şagby.

[25]Bu Ýakubyň kimdigi bize mälim däl.

[26]Yrak emiri Hajjaç ibn Ýusup Sakafy.

[27]Horasan emiri Kuteýbe ibn Müslim Bahyly.

[28]Şüreýih ibn Harys — ýurdyň kazysy.

[29]Şakyk ibn Ybraýym ibn Aly Azady Balhy. Horasanyň iň tanymal, sylag-hormatly adamlarynyň biri. Horasanda ilkinji bolup sopuçylyk hakynda wagyz eden adam. 194-nji hijri ýylynda Alla ýolunda söweşe çykýar we Mawerannahryň ýanynda bolan çaknyşykda wepat bolýar.

[30]Ysmaýyl ibn Hammat ibn Ymam Abu Hanypa Nugman ibn Sabyt. Ol hanapy mezhebiniň ulamalarynyň biri. Ol ömrüni Basrada ýaşap geçirýär. 212-nji hijri ýylynda ýaş wagty wepat bolýar.

[31]Abdylla ibn Hazym ibn Asma ibn Sylt Silmi Basry Abu Salyh. Ýezit wepat bolandan soňra Horasany eýelemegi başarýar. Ol örän edermen adam bolupdyr. Emewileriň halypalyk eden döwründe on ýyllap Horasana emirlik edýär. 72-nji hijri ýylynda ony beni temimliler öldürip, kellesini Abdylla ibn Merwana sowgat edýärler. Abdylla ibn Hazym nähili edermen bolsa-da, syçandan öler ýaly gorkýardy.

[32]Haman — Pyrgaunyň hyzmatkäri. Abdylla “gahryman” diýjek bolup Haman diýýär. Öňler janpenalara gahryman diýler eken.

[33]Apbaslylar halypasy Muhammet Mugtasym Billäh ibn Harun Reşit.

[34]Ytab ibn Üseýit ibn Abu Aýys ibn Ümmiýa ibn Abdyşems Abu Abdyrahman Emewi. Fath (Mekgäniň eýelenmegi) söweşinden soň yslam dinini kabul eden Muhammet alaýhyssalamyň egindeşleriniň we örän akylly, edermen serkerdeleriň biri.Ol ömrüniň ahyrynda Mekgä häkim bolýar we 13-nji hijri ýylynda Abubekr bilen bir günde wepat bolýar.Başga bir çeşmede onuň 23-nji hijri ýylynda wepat bolandygy hakyndaky maglumat saklanyp galypdyr.

[35]Abdylla ibn Hüseýin ibn Hasan ibn Aly ibn Abu Talyp Haşymy Abu Muhammet Medeni. Onuň ejesi Patma bint Hüseýin ibn Alydyr. Ol haýbatly, köp ybadat edýän, süýji dilli adamdy. Omar ibn Abdyleziziň ýanynda uly hormata eýedi. Apbaslylar ýüze çykanda ýanyndaky adamlary bilen Saffahyň ýanyna gidýär. Ol Abdylla bir million dirhem peşgeş berýär. Emma Mansur ondan ogullaryna zyýan ýeter öýdüp, ony tussag etmäge emr edýär. Soňra ony Kufa göçürýär. 145-nji hijri ýylynda Kufada zyndanda wepat bolýar. Ol 70-nji hijri ýylynda doglupdy.

[36]Zübeýde bint Japar ibn Mansur Haşymyýa Apbasyýa. Ol Ümmi Japar Harun Reşidiň aýaly we agasynyň gyzy. Muhammet Eminiň ejesi. 165-nji hijri ýylynda ol Harun Reşide durmuşa çykýar. Harun Reşit wepat bolanda we Muhammet Emin öldürilende Mamunyň adamlary oňa azap berýärler. Özüniň ýagdaýyndan şikaýat edip, Mamuna hat ýollaýar. Mamun oňa ýüregi awaýar we öz ýanyna alýar. Ümmi Japar diýseň baý aýaldy. Mekge bilen Bagdadyň ýolunda köp guýy gazdyrýar, öý gurdurýar, metjitler dikeldip agaç ekdirýär. Mamun bu ýoluň ugrundaky ýerleri oňa bagyş edýär. 216-njy hijri ýylynda Bagdatda wepat bolýar.

[37]Kaýsar — Rum patyşasy.

[38]Muhammet ibn Aly ibn Abu Talyp, Hasan we Hüseýiniň enebaşga dogany. Onuň ejesi Hawla bint Japar Hanapyýýa. Ol 21-nji hijri ýylynda Medine şäherinde dogulýar. Muhammet Hanapyýa örän ylymly we edermen garaýagyz adamdy. Ol: « Hasan we Hüseýin menden abraýlydyr, emma men olardan ylymlydyryn » diýerdi. Ol 81-nji hijri ýylynda Medinede wepat boldy. Başga bir çeşmede onuň Taýyfda wepat bolandygyny ýatlanyp geçilýär.

[39]Abdylla ibn Kaýs ibn Muhrama ibn Abdylmuttalyp ibn Abdyl Mennaf.