ÝIGRIMINJI BAP:JENAÝAT, GÜNÄ, ERBET IŞ ETMEK, EDEN IŞIŇE ÖKÜNMEK, TOBA ETMEK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝIGRIMINJI BAP:JENAÝAT, GÜNÄ, ERBET IŞ ETMEK, EDEN IŞIŇE ÖKÜNMEK, TOBA ETMEK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Muhammet alaýhyssalam: «Allatagala ýaradan bendesine geçirimlilik etmegi gowy görýändir» diýýär.

* * *

Aşgary Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadysy gürrüň berýär. Ol: «Allatagala gündiz günä iş edeniň gijä çenli, gije günä iş edeniň daňdana çenli eden işine ökünip, toba ederine garaşýar. Allatagala gün günbatardan dogýança adamlar eden günä işlerine ökünip, toba etseler olaryň günäsini geçýändir» diýýär.

* * *

 Hasan Basry Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadysy gürrüň berýär. Ol: «Şeýtan jennetden kowlanda, Allatagala: «Eý Taňrym! Maňa adamzadyň jany jesedinden çykýança, ony azdyryp, öz tarapyma çekmäge rugsat ber» diýýär.

Allatagala oňa: «Saňa rugsatdyr, ýöne Adam perzendi jany bokurdagyna gelýänçä toba etse, men onuň günäsini geçerin» diýýär.

* * *

Bir adam Muhammet alaýhyssalama:

— Men günä iş etdim — diýende, Muhammet alaýhyssalam oňa:

— Eden günä işiňe toba et — diýýär.

Ol adam:

— Men eden günä işime toba edip, ýene-de günä iş edip bilerinmi? — diýip soraýar.

Onda Muhammet alaýhyssalam:

— Her gezek günä iş edeniňde toba et. Şeýle etseň utulyşda galjak şeýtandyr — diýýär.

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadysy gürrüň berýär. Ol: «Adam edil bugdaý sümmüli ýalydyr. Bugdaý sümmüli kä ýeliň ugruna gyşarýar, kä-te göni durýar. Adam hem kämahal erbetlige meýil edýär» diýýär.

* * *

Kaýs: «Eger-de sen kuraýşylardan näçe adamyň kellesini alsaň, biz hem Abu Sufýanyň neslinden şonça adamyň kellesini alarys» diýýär.

* * *

Hasan Basry Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadysy gürrüň berýär. Ol: «Adam günä iş edip hem jennete girip bilýändir» diýýär. Adamlar ondan: «Ol nähili, nädip?» diýip soranlarynda, ol: «Möminleriň toba etmegi, Allatagalanyň hem onuň tobasyny kabul edip, günäsini geçmegi bilen ol adam jenneti bolýandyr» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Bir gezek Abubekr (onuň lakamy Syddyk dogruçyl) Muhammet alaýhyssalamyň: «Günä iş eden musulman täret kylyp, namaz okamalydyr. Soňundan Allatagaladan özüniň günäsini geçmegini sorap, dileg etmelidir, toba gelmelidir» diýenini eşitdim» diýip maňa gürrüň berdi» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Toba gelip, aklyna aýlanan adamlara hormat goýuň, olar erbetlikden ýagşylyga ýüzüni öwren adamlardyr» diýýär.

* * *

Ýene-de ondan: «Eden erbet işine ökünip toba edip bilýän adam, agy-garany saýgarýan akylly adamlaryň hataryndandyr» diýilýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Geçirimlilik we toba etmek zekat beren ýalydyr» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) ölmeziniň öň ýanynda: «Eger men onuň[1]salan tyg ýarasyndan ölsem, ony hem maňa edişi ýaly ediň, emma ondan artyk etmäň» diýýär.

 

* * *

Bir adam Ýahýa ibn Halytyň ýanyna gelip, eden işi üçin ötünç soraýar. Ýahýa oňa: «Seniň eden günä işiň, soraýan ötünjiňden agyr gelýär» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Harun Reşit gaharlanyp otyrka, goşun serkerdeliriniň biri bolan Hamyt Tusa gözi düşýär we ony hiç zat ýok ýerden öldürmegi emr edýär. Hamyt aglap başlaýar. Harun Reşit Hamytdan:

— Sen näme üçin aglaýarsyň? — diýip soranda, ol:

— Eý möminleriň emiri! Men ölümden gorkup aglamok. Ahyry owwal ölmelidir. Men seniň beýle gaharlydygyňy bilmän, öýümden çykanyma nälet okap aglaýaryn — diýýär.

Harun Reşit onuň beren jogabyna gülüp goýberýär we onuň günäsini geçýär.

* * *

Zyýat ibn Abyh bir adamyň kellesini almagy emr edýär. Ol adam Zyýada:

— Meniň sen bilen ýakynlygym bar — diýýär.

Zyýat ondan:

— Ol nähili ýakynlyk — diýip soraýar.

Ol adam:

— Meniň kakam seniň daşgynrak garyndaşyň — diýýär.

Zyýat:

— Seniň kakaň ady näme? — diýip soranda, ol adam:

— Seniň emriňden soň ol-ha, kakamyň ady, men öz adymy hem ýadymdan çykardym — diýip, jogap berýär.

Zyýat ol adamyň ugurtapyjylygy üçin ony azat etmegi emr edýär.

* * *

Bir çarwa apbaslylar halypasy Mätiniň hyzmatkärine şarpyk çalýar. Mäti ony ýanyna çagyryp:

— Sen meniň hyzmatkärime şarpyk çalmaga neneň het etdiň? — diýende, ol çarwa:

— Eý möminleriň emiri! Biziň ählimiz seniň hyzmatkäriňdiris. Şonuň üçin size iki hyzmatkäriň arasyndaky dawa goşulmak uslyp dälmikä öýdýän — diýýär.

Mäti aýdara söz tapman, çarwanyň günäsini geçýär we oňa halat-serpaý ýapmagy emr edýär.

* * *

Bir gezek Isgender Zülkarneýin özüniň köşk şahyryny bir etmişi üçin ýanyndan kowýar we onuň baýlygyny beýleki şahyrlara paýlaýar. Isgenderden onuň beýle etmeginiň sebäbini soranlarynda, ol:

— Ony ýanymdan kowanymyň sebäbi, onuň bir etmişi bardy. Onuň baýlygyny şahyrlara paýlanymyň iki sebäbi bar. Birinjisi meniň beýle edenimi gören başga şahyrlar indikide beýle iş etmezler. Ikinjisi, baýlykdan paý ýeten şahyrlar ol şahyryň günäsini geçmegini diläp ýanyma gelmezler — diýip, jogap berýär.

* * *

Bir danadan:

— Günäden daşda durmak gowumydyr ýa-da sogap işleri etmek? — diýip soranlarynda, ol dana:

— Günä iş ederin öýdüp ähli işleri taşlamagyň özi uly günädir. Günä işden daşda durup bilmek uly sogap işidir — diýýär.

* * *

Hajjaç bir adamy ölüme buýurýar. Ol adam Hajjaja:

— Sen meni öldürtmäniňde-de günäň ýeterlikdir. Şonuň üçin Allatagalanyň ýanyna baranyňda seniň hem eden sogap işiň bolar ýaly meniň günämi geç — diýip, ondan haýyş edýär.

Bu adamyň aýdan sözleri Hajjaja täsir edýär. Ol bu adamyň günäsini geçýär.

* * *

Bir çarwa nalyş edip: «Eý Allam! Bu dünýäde seniň garşyňa gitdik, etme diýen işleriňi etdik. Indi bu dünýäden gitmezden ozal ýene-de senden günämizi geçmegiňi soraýarys. Seniň geçirimliligiň çägi ýokdur» diýýär.

* * *

Mansur Fakyh şeýle diýýär:

Seniň diýen sözleriňe, edemok hiç bir kine,

Ýüregimde damar tutmaz, duşmançylykdan şine.

* * *

Bir gezek Abdyrahman ibn Halyt ibn Welit we Abdylmälik Merwanynyň arasynda dawa turup, bu dawada Abdyrahman üstün çykýar. Adamlar Abdylmälige:

— Sen agaňa habar ber we ondan aryňy al — diýenlerinde, ol:

— Halypanyň ýakyn garyndaşy bolup, öz ýurduňda ýaşaýan raýatyň üstünden şikaýat etmek we başga biriniň kömegi bilen ar almak maňa gelişmez — diýýär.

Soň Abdylmälik halypаbolanda oňa şol bolup geçen wakany ýatladanlarynda ol:

— Hökümdar geçirimli bolmalydyr, raýatlaryna adyl göz bilen seretmelidir. Ýürekde kine saklamak hökümdara gelişmez — diýýär.

* * *

Zyýat: «Wezipeli adam gahar-gazaby özünden daşlaşdyrsyn. Kimde erbet gylyk-häsiýet bolsa tizden-tiz bu gylykdan saplansyn. Kim-de kim ýagşy gylyk-häsiýetli bolsa onda ol adam ýene-de başga ýagşy gylyk-häsiýetleri özünde jemlesin. Men özüm hakynda aýdylýan ýaman gürrüňleri gulagymyň duşyndan geçirdim. Maňa edilýän ýigrençleri görsemem, gaharymy ýuwutdym» diýýär.

* * *

Hasan Basry: «Musulman doganyna geçirimlilik edene Alla geçirimlilik eder» diýýär.

 

* * *

 Ybraýym ibn Mäti: «Men bir etmiş edenimde Mamun dini kada-kanuny göz öňünde tutdy we men oňa ýakyn garyndaş bolsam-da, meniň günämi geçmedi. Aslynda Mamun iň bir geçirimli halypalaryň biridi» diýýär. Geçirimlilik — sahylygyň bir görnüşidir.

* * *

Muhammet ibn Zübeýde[2]Abu Nuwasyň bir etmişini ýatlaýar. Onda Abu Nuwas: «Eý möminleriň emiri! Meniň etmişimiň günäsini geçenden soň ýatlama. Eger-de ýene-de ýatlajak bolsaň, maňa şol etmişim üçin jeza ber» diýýär.

* * *

Günleriň birinde Harun Reşit Abdylla ibn Mälige[3]gaharlanyp, onuň bir etmişi üçin tussag edýär. Emma tiz köşeşip, onuň günäsini geçýär. Harun Reşit ýakyn adamlaryndan Abdyllanyň özünden öýkeli gezip ýörendigini eşidýär. Ol Abdyllany ýanyna çagyryp:

— Eý Abdylla! Sen meniň eden işime kine edipsiň. Men hem gaharlanyp, biriniň göwnüne degsem, soňra gije-gündiz şol hakynda oýlanyp ýatyp bilemok. Sen bir günä iş etseň, şol etmişiňe Allanyň öňünde özüň jogap berýärsiň Şalar, halypalar bolsa diňe bir öz eden işi üçin däl-de, eýsem ähli raýaty we onuň eden işleri üçin Allanyň öňünde jogapkärdir. Şonuň üçin meniň gaharym gelip, göwnüňe degenim üçin öýke-kine etmegin — diýýär.

* * *

Omar ibn Abdyleziz: «Eý, halaýyk, siziň ata-babaňyz ýekeje eden günäsi üçin jennetden kowulandyr. Haçan-da toba edip günäsini ýuwanda bolsa ýene-de jennete girendir. Şonuň üçin ilki günä we şer iş etmejek boluň, etseňiz hem toba ediň. Allatagala siziň günäňizi geçer» diýýär.

* * *

Ahnaf: «Ýaş oglan birnäçe ýalňyşlyklary başdan geçirip kämil bolýandyr» diýýär.

* * *

Eýýup Suhtiýany[4]: «Adam iki häsiýeti özünde jemlände, ýagny kişi baýlygyna göz gyzdyrman adamlar bilen dawasyz ýaşamagy we ýazykly iş edende ötünç soramagy başaranda kämil derejä ýeter» diýýär.

* * *

Halyl ibn Ahmet: «Günä iş edip, oňa toba etmeýän adam iň bir erbet adamlaryň biridir» diýýär.

* * *

Ybraýym Nahygy ötünç soraýan adamy halamandyr. Ol ötünç soraýanyň sözlerini ýalan hasaplapdyr.

* * *

Nahgy ötünç sorasalar halamazdy. Ol: «Ötünç soraýan adamyň ähli sözi ýalandyr» diýýär.

* * *

Allatagala pygamberleriniň birine: «Adamlardan meni tanaýany meniň garşyma gitse, goý oňa meni tanamaýan höküm etsin» diýýär.

 

* * *

 Ybraýym Edhem: «Eger musulman doganyň bir günä iş eden bolsa, onda ýetmiş gapydan geçirimlilik sora. Eger olar geçirmese, onda özüň onuň günäsini geç» diýýär.

* * *

Ahmet ibn Asym Antaky[5]: «Allatagalanyň öňünde galan ömrüňi sogap işler edip ýaşasaň, ol seniň öňki günäleriňi geçer» diýýär.

* * *

Bir çarwa: «Allatagala üç zatdan umydyny üzen adama garyba — baýlyk, günäli adama — toba, nesilsiz adama — çaga berip, olary täzeden ýaşaýyşa umyt döredýändir» diýýär.

* * *

Hasan Basry: «Eger-de seniň bir eden işiň saňa ynjalyk bermese, sen bu eden işiňi erbet ýa-da günä iş hasap etseň, haýal etmän Allatagala toba et! Şonda seniň göwnüň aram tapar» diýýär.

* * *

Ýene-de ol: «Toba etmeseň magfyrýet bolmaz. Haýyr-yhsan etmeseň sogap ýazylmaz. Allanyň razylygyny gazan, şonda sogap hem gazanarsyň we magfyrýete-de ýetersiň» diýýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Kalbynda pitne turuzmaga höwesi bar adam toba etsin» diýýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Iki adamdan, ýagny haýyr-sogap iş edip ýaşaýan we günä iş edip, günäsinden saplanmaga çalşyp ýaşaýan adamlardan başgalara bu dünýäde ýaşamagyň hiç hili hajaty ýokdur» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Kalbyndan däl-de, diňe dilinden toba edýän adam Allatagala bilen oýun edýän ýalydyr» diýýär.

* * *

Ibn Müseýýip Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadysy gürrüň berýär. Ol: «Allatagala bendesiniň tobasyny kabul edip, günäsini geçenden soňra, ýere, asmana, jynlara ol adamyň öňki eden işlerini ýatdan çykarmagy we gaýdyp hiç haçan ýatlamazlygy emr edýär» diýýär.

 

* * *

Fazyl: «Yhlassyz edilen toba kezzaplaryň tobasydyr» diýýär.

* * *

Resul alaýhyssalam Äşä: (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Eý Äşe! Eger-de bu dünýäde bir zady ýigrenseň, günä iş etmegi ýigrengin. Şonda Allanyň ýalkamagyna sezewar bolarsyň» diýýär.

* * *

Bir gezek Hasan Basry gije aglap turýar. Onuň aýalydyr çagalary nämäniň nämedigine düşünmän, oňa goşulyp aglaýarlar. Ahyry onuň aýaly Hasandan:

— Eý Hasan! Gijäniň bir wagty näme üçin aglaýarsyň? — diýip soranda, ol:

— Men bir günä iş edip, oňa toba etmänkäm, bu dünýeden öterin öýdüp gorkup agladym — diýýär.

* * *

Atabynyň kakasy Amr ibn Ataba sapara gitmezinden öň ogullaryny çagyryp, wesýet ederdi. Ol:

— Adamlara ýagşylyk etseňiz aman ýaşarsyňyz. Şükür etseňiz rysgal-bereketiňiz artar. Esasy zat bolsa sizi otdan, bela-beterden gorar — diýýär.

Amryň ogullary:

— Ol näme zat? — diýip soranlarynda, ol:

— Allatagala toba etseňiz dowzah odundan halas bolarsyňyz we beýik Taňrynyň özi sizi bela-beterden gorap, öz penasynda aman saklar — diýýär.

* * *

Danalaryň biri: «Haýyr-sogap iş bilen meşgul bolýan adamy günä işlerden we bela-beterlerden Allanyň özi gorar» diýýär.

* * *

Samsyk adamyň ýalňyşlyklaryny akylly sapak edinmelidir.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Şalara mahsus häsiýetleriň biri geçirimlilikdir» diýýär.

* * *

Günä işi höwes bilen etmek iki günädir.

* * *

Günä işlerden toba bilen saplan.

* * *

Kalbyň salgy beren işini et. Musulman kalby hiç haçan hem erbetligi ündemez.

* * *

Mukaddes kitaplaryň birinde: «Geçirimli adam uzak ýaşaýandyr» diýilýär.

 * * *

Anuşirwan: «Geçirimlilik etmegiň hem özboluşly lezzeti bardyr» diýýär.

* * *

Dagbal[6]Mamuna şeýle diýýär:

Sen asylzadalaň bolsaň neslinden,

Neçün Eminiň günäsin geçmediň sen.

 

Bir tagt üçin jyda kyldyň başyndan,

Utanmadyň töwerekden, daşyňdan.

 

Onuň bu sözlerini Mamuna ýetirenlerinde, ol: «Meniň geçirimliligime delil bolsun diýip, men onuň bu sözleri üçin oňa zat diýmerin» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Günä iş edip, soňundan hem bu günäniň jezasy ýeňil ýa-da hiç hili jeza ýok diýip hasaplamak, iň uly günädir» diýýär.

* * *

Hasan Basry: «Ynsan gije günä iş etse, ertir turanda onuň üstünde eden günä işiniň kölegesi durar» diýýär.

* * *

Mamun: «Eger-de adamlar meniň geçirimlilik etmegi gowy görýändigimi bilseler meniň ýanyma gelmek üçin diňe jenaýat ederdiler» diýýär.

* * *

Ýezit ibn Mezit: «Bir gije meni Harun Reşit ýanyna çagyryp: «Eý Ýezit! Sen halk arasynda: «Men bu döwletiň sütüni, men halky aýaga galdyraryn» diýýärmişiň. Sen bu döwletiň haýsy sütüni? Sen kimleri kimiň garşysyna aýaga galdyrmakçy» diýdi. Men derejäň geň däldigini bilip: «Eý möminleriň emiri! Men özüme döwletiň sütüni diýmedim. Men bu döwletiň guly, döwletimizi mundan hem ösdürmek üçin ählimiz halypamyzyň daşyna jem bolalyň diýdim, emma kimdir biri sizi tizräk begendirmekçi bolup çala eşiden bolsa gerek» diýenimde, Harun Reşit gülüp goýberdi we hazynadaryna: «Daň atmanka Ýezidiň öýüne iki ýüz müň dirhem eltip gaýt» diýdi.

 

* * *

Ybraýym ibn Mäti Mamuna:

— Eý möminleriň emiri! Meniň günäm geçirimlilikden agyr gelýär. Ýöne seniň geçirimliligiň meniň günämden megerem agyr gelermikä öýdýän — diýýär.

Mamun Ybraýym ibn Mätiniň[7]günäsini geçýär we:

— Adamlar meniň günä geçmekden nähili lezzet alýandygymy bilseler günä iş etmezdiler — diýýär.

* * *

 Ýezdigert[8]: «Öz raýatlarynyň günäsini geçmegi başarmaýan soltan zalymdyr» diýýär.

* * *

Bir adam metjitde:

— Eý Allam! Meniň günämi geç — diýip, sesini zowladyp, gygyryp otyrka, onuň ýanyna metjidiň ymamy gelip:

Seniň beýdip gygyryp oturşyň bolmaýar. Günä iş eden adam öz eden günäsinden, Allanyň gazabyndan gorkup, geplemäge dili hem aýlanmaly däldir — diýýär.

* * *

Ybraýym ibn Ýahýa ibn Mübärek Ýezidi[9]Mamuna günäsini geçmegini sorap hat ýollaýar. Ol: «Men ýalňyşdym, hata kyldym, emma Allatagala günä işleriň bardygy üçin, geçirimliligi ýaradandyr» diýýär.

* * *

Dana adamlaryň biri: «Geçirimlilik — bu adamlaryň biri-birine bolan duşmançylygy, öýke-kinäni ýadyndan çykaryp, olar biri-birine täzeçe garamagydyr» diýýär.

* * *

Japar ibn Ýahýa ýolda gidip barýarka bir hat ýazylan kagyz tapýar. Bu kagyzda: «Allatagala tagat et, adamlara geçirimlilik. Şonda iki dünýäň hem abat bolar» diýlip ýazylgydy.

* * *

Ötünç, geçirimlilik soramak öýke-kineli adamyň ýüregindäki galan ýara melhem bolmagydyr.

* * *

Bir adam Rabyýa Adawiýadan:

— Men günä iş etdim. Eger Allatagala toba etsem, ol kabul edermikä? — diýip soranda, ol:

— Eý, bagty ýatan! Elbetde kabul eder. Eger Allatagala bendesiniň günäsini geçmejek bolsa geçirimliligi, tobany döretmezdi — diýýär.

* * *

Emewiler halypasy Mütewekkil gyrnagy Kabyhanyň[10] otagyna gelende kagyza ýazylan goşgy tapýar. Goşgyda şeýle setirler bar:

Ýüregimde saňa bolan umman kimin söýgi bar,

Meniň üçin Taňrym seni ýaradandyr halasgär.

Meniň günämi geçip, orun ber kalbyň töründen,

Seni ýaradany uçin razydyryn men Hakdan.

Bu haty okan Mütewekkil: «Ötünjiňi kabul etdim, seniň günäňi geçdim» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Eger duşmanyňdan özüňi güýçli saýsaň, onuň günäsini geçgin. Bu Allatagalanyň seni duşmanyňdan güýçli ýaradanyna eden şükrüň bolsun» diýýär.

* * *

Ataba ibn Abu Sufýan ölmeziniň öň ýanynda özüni metjide eltmeklerini soraýar. Ol metjidiň münberine ýaplanyp oturyp:

— Eý, Müsür diýarynyň raýatlary! Men size nije-nije ezýetleri berdim. Bu gün ajal ýakamdan tutanda özüme nämäniň garaşýandygyna göz ýetirdim. Ähli mal-mülkimi berip, wagty yzyna dolap bolýan bolsady, säginmän bar baýlygymdan geçerdim. Indi giç, sizden günälerimi geçmegiňizi, Allatagalanyň tobamy kabul etmegini soraýaryn — diýýär.

* * *

Ibn Sirin[11]: «Günä iş misli bergi ýalydyr. Köp günä iş eden adam bergä batan adam mysalydyr. Ol adam bergileri bilen diňe toba edip üzlüşip biler» diýýär.

* * *

Bir kör akyldar: «Bir adamyň Allanyň öňünde toba edip, onuňam günäsiniň geçilmegi meniň üçin Allatagalanyň maňa gözümi gaýdyp bermeginden hem haýyrlydyr» diýýär.

* * *

Dawut pygamberiň bu dünýeden gitmeli möhleti ýetip gelýär. Ajal onuň janyny almaga gelende, Dawut oňa elindäki ýaş wagty bir ýalňyşlyk edende özüne salan tagmasyny görkezip: «Men şu günämi toba edip ýuwan hem bolsam, şol eden ýalňyşlygym sebäpli Allatagalanyň huzuryna barmaga utanýaryn» diýýär.

* * *

Bir gezek Dawut alaýhyssalam öýüniň gapysynda otyrka, bir ýehudy gelip, onuň bilen gürleşmäge başlaýar. Ol az salym gürleşenden soňra, Dawudyň göwnüne degip, turup gidýär. Dawut bolan işe gahary gelýär. Ol Allatagaladan göwnüne degen adamyň aklyna aýlandyrmagyny dileg edýär. Şol günüň özünde ol adam Dawudyň ýanyna gelip, onuň göwnüne degendigi üçin ötünç soraýar.

* * *

Jahhaf ibn Hekim we onuň kowumy beni Tagallubyň üstüne çozup, aýallaryň göwüslerini kesýärler, göwreli aýallaryň garnyny ýarýarlar, erkek, oglan-uşak diýmän ähli adamlary gyrýarlar. Emma köp wagt geçip-geçmänkä, olar eden işine ökünýärler we toba edýärler. Olar gije-gündiz: «Eý Allam, biziň günämizi geç!» diýip, uzyn sesleri bilen gygyryp, köçelerde aýlanyp başlaýarlar. Günleriň birinde olaryň birine Ibn Omar duşup: «Siziň bu gykylygyňyzy eşiden Allatagala siziň günäňiz nähili uly-da bolsa, eýýäm geçen bolsa gerek» diýýär.

* * *

Abu Derda: „Allatagala çirk ýetirmek ölümdir, onuň garşysyna gitmek, saňa salynan ýaradyr. Diňe toba etmek bu ikisine melhemdir» diýýär.

 

* * *

Darany: «Adam günä iş edende kalbyna gara tegmil düşýär. Eger gara tegmil köpelse, adamyň kalby tutuş garalýar. Bu garany diňe toba etmek tämizläp biler» diýýär.

* * *

Fazyl: «Eger günä işiň porsy ysy bark urýan bolsa, meniň ýanymda ýekeje adam hem durup bilmezdi» diýýär.

* * *

Bir gezek Jebraýyl perişde Ybraýym Halylyň: «Eý, geçirimlik ediji sahy!» diýenini eşidip: «Näme üçin geçirimlik ediji sahy! diýilýändigini bilýärsiňmi?» diýip soraýar. Ybraýym Halyl: «Ýok!» diýip, jogap berýär. Onda Jebraýyl: «Haçan-da, Allatagala günäleri bagyşlap, onuň deregine sogap ýazanda oňa geçirimlik ediji sahy diýilýär» diýýär.

* * *

Bir gezek Sagyt ibn Jübeýrden:

— Iň ybadathon adam kim? — diýip soranlarynda, ol:

— Köp günä iş edip, soňundan bolsa, o dünýede özüne näme garaşýandygyna akyl ýetiren adam — diýip jogap berýär.

* * *

Bir gün Şahram Merwezi bilen Abu Müslim Horasany gürrüňdeş bolup otyrka, Şahram Abu Müslimiň yzyndan aýdylýan lakamyny dilinden sypdyranyny duýman galýar. Ol goýberen ýalňyşlygyna ökünip, ýalňyşyny ýuwmarlamaga çalyşýar. Emma Abu Müslim:

— Geçeni geçdi bil, gazaplanmak şeýtanyň ýoluna gitmekdir. Şonuň üçin men saňa gaharlanamok we seniň günäňi geçýärin — diýýär.

Onda Şahram:

— Sen maňa günäňi geçýärin diýip ýalandan diýýän-ä dälsiň?— diýip soraýar.

Abu Müslim oňa:

— Sen geň adam. Men seniň ýalňyşyňy bagyşladym we günäňi geçdim. Sen bolsa meniň eden ýagşylygyma gümanly seredýärsiň. Meniň ýaly adam beren sözünden dänýän däldir — diýýär.

Şahram onuň sözüne güman edeni üçin täzeden ötünç soraýar.

* * *

Fazyl: «Iblis Allatagala: «Eý, Rebbim! Men seniň bendäňi nä günler bilen ýoluňdan azdyryp, öz tarapyma çekýän. Olary niçe ýyllar yzynda gezip, özüme boýun edýän. Iň soňunda-da, olar diňe toba etmek bilen ýene-de seniň ýoluňa gaýdyp barýarlar. Sen nädip olaryň günäsini geçip bilýärsiň?» diýip soranda, Allatagala: «Meniň togsan dokuz adymyň we sypatlarymyň biri Gaffardyr[12]« diýip jogap berýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Geçirimlilik etmek Allatagalanyň adama bagyş eden iň gowy häsiýetiniň biridir. Eger geçirimlilik bolmasa, Allatagalanyň adama beren amanadynyň haçan tabşyryljagy, oňa nämäniň sebäp boljagy bilinmezdi» diýýär.

 

* * *

Mugawyýa: «Gylyçsyz adamyň garşysyna gylyç bilen söweşmek merdiň işi däldir. Eger size garşy söz bilen söweşseler hem gulak gabartmaň. Geçirimlilik etseň, sogabyny Alla berýändir» diýýär.

 

* * *

Abubekr Hezeli halypa Abu Japar Mansura Basranyň ilatynyň köp günä işler edýändigini ýaňzytmak maksady bilen: «Eý, möminleriň emiri! Kyýamat güni günäsi geçilmedik adamlar syrat köprüsinden geçip bilmezler» diýýär. Onda Mansur: «Arkaýyn bol, men raýatlarymyň günäsini geçdim» diýýär.

 

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Abdylmälik Merwanynyň ýanyna bir günä iş eden adamy getirýärler. Abdylmälik oňa:

— Seniň günäňe şerigatda aýdylyşy ýaly jeza bereris — diýýär.

Onda ol adam:

— Eý, möminleriň emiri! Gowusy sen Allatagalanyň halaýan işini edip, meniň günämi geç. Şonda men hem günämden saplanaryn, sen hem sogap gazanarsyň — diýýär.

Abdylmälik ol adamyň aýdanlaryny dogry tapyp, onuň günäsini geçýär.



[1]Hezreti Aly bu gürrüňi Abdyrahman ibn Müljem tarapyndan ölüm ýarasy salnandan soň aýdýar.

[2]Apbaslylar halypasy Harun Reşidiň ogly Muhammet Emin. Onuň ejesi Zübeýde bint Abu Japardyr.

[3]Abdylla ibn Mälik Apbasylylar döwletiniň serkerdeleriniň biri. Döwletde şurtany (polisiýa) dolandyrýardy. Onuň Harun Reşide garşy dildüwşige goşulandygynyň üsti açylanda, Harun Reşit ony 189-njy hijri ýylynda Tabarystan, Reý, Ruýan, Denbed, Kulk we Hemedana häkim edip belleýär. Harun Reşit bilen rumlylara garşy gazawata gatnaşýar. Soňra Harun Reşit ony ogly Mamunyň ýanynda serkerdelik etmek üçin Merwe goýberýär.

[4]Abubekr Eýýup ibn Abu Temim Keýsan as-Suhtiýany Basry. Suhtiýanyň töweregindäki obalaryň birinde doglup, önüp-ösen. Ol deri eýläp satmak bilen meşgul bolupdyr. Örän köp ybadat edýän alym adamdy. 131-nji ýylda 63 ýaşynyň içinde wepat bolýar. Ýaşan ömründe birnäçe hadysçy alymlardan hadys gürrüň beripdi.

[5]Ahmet ibn Asym Abu Ala ýa-da Abu Abdylla Antaky. Dindar we takwa adam bolup, Bişir Hafynyň we Sira Suktynyň döwürdeşi.

[6]Abu Abbat Sabit ibn Ýahýa.

[7]Ybraýym ibn Mäti, Mamunyň agasy, Harun Reşidiň dogany.

[8]Sasanlylar döwletiniň üçünji şasy Ýezdigertdir. Birinji Ýezdigerdiň lakamy “Zalymdyr”. Ikinji Ýezdigerdiň lakamy “Goşun söýüjidir”. Üçünji Ýezdigerdiň lakamy “Iň soňky şadyr”. Ýokarky sözleri bularyň haýsynyň aýdany bize mälim däl.

[9]Ybraýym ibn Ýahýa ibn Mübärek Abu Yshak Ýezidi. Ol Basraly şahyr ýazyjylaryň biri we Mamuna ýakyn adamlardan. Ol Bagdada göçýär we 225-nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[10]Ol Mütewekkiliň ümmi weledi (ümmi welet diýip — hojaýynyndan çagasy bolan gyrnaga aýdylýar) halypa Mugtazyň ejesi. Kabyha örän owadan zenan bolupdyr. Ol ogly Mugtaz halypalyk eden döwründe döwletiň ähli işlerine goşulypdyr. Kabyha oglunyň hasabyna depseň derpenmez baýlyk jemläpdir. Goşun aç galyp, Mugtazdan haklaryny talap edýärler. Mugtaz ejesinden pul soranda, ol pul bermekden boýun gaçyrýar. Esgerler pitne galdyryp Mugtazy öldürýärler. Kabyha ähli mal-mülküni taşlap, Mekgä gaçýar we 264-nji hijri ýylynda wepat bolýar .

[11]Abubekr Muhammet ibn Sirin Ensary. Onuň kakasy 13-nji hijri ýylynda Aýn Temrde ýesir alnyp, Jemile bint Kutba Ensara satylýar. Muhammet 33-nji hijri ýylynda Basrada dogulýar. Onuň gulagy agyrdy. Ol onda-da köp hadys diňlärdi. Düýş ýormagy ony örän meşhur edýär. 110-njy hijri ýylynda Basrada wepat bolýar.

[12]Gaffar — günäleri geçiji.