ÝIGRIMI BIRINJI BAP: UTANÇ-HAÝA, DYMMAKLYK, AGRASLYK, KÖPÇÜLIKDE ÖZÜŇI ALYP BARMAK, ÝEKELIK (ÝALŇYZLYK), ÇEN-ÇAKY BILMEK WE NEBSIŇE BUÝURMAK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝIGRIMI BIRINJI BAP: UTANÇ-HAÝA, DYMMAKLYK, AGRASLYK, KÖPÇÜLIKDE ÖZÜŇI ALYP BARMAK, ÝEKELIK (ÝALŇYZLYK), ÇEN-ÇAKY BILMEK WE NEBSIŇE BUÝURMAK HAKYNDA

Muhammet alaýhyssalam: «Ähli dine mahsus bolan häsiýet bardyr. Yslam dinine mahsus şol häsiýet utanç-haýadyr» diýýär.

* * *

 Ýene-de Muhammet alaýhyssalam: «Utanç-haýa imanyň bir bölegidir» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Maňa pygamberligiň berlen ilkinji gününden başlap, adamlary utanç-haýaly bolmaga ündedim. Sebäbi adam utançsyz bolsa, ondan islän zadyňa garaşybermelidir» diýýär.

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Utanç-haýa imandandyr. Iman bolsa adamy jennete eltýändir. Utançsyzlyk erbetlikdir. Erbet işler bolsa adamy dowzaha eltýändir» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Utanç donuny geýen adamyň hiç haçan aýby görünmez» diýýär.

* * *

Abu Musa Abdylla ibn Kaýs Aşgary: «Men özümiň uýat ýerlerimi görmezlik üçin garaňky jaýa girip, suwa düşünýärin. Suwa düşünip bolanymdan soň, meniň imanyma iman, utanjyma utanç goşulýandygyny duýýaryn» diýýär.

* * *

Ataba Gulam[1]her gün metjide namaza gelerdi. Namaz gutarandan soň, ol gara dere batardy. Ondan: «Bu näme boldugy?» diýip soranlarynda, ol: «Biz edýän işimize Allanyň öňünde utanmalydyrys. Men hem onuň öňünde utanjyma derleýärin» diýýär.

* * *

Eswet ibn Ýezit[2]: «Bir adam başga biriniň ýanynda günäli bolup, ol onuň günäsini geçse, günäli adam ömrüniň ahyryna çenli utanjyndan ýaňa günäsini geçen adamyň ýüzüne seredip bilmez» diýýär.

* * *

Nazzar Fakygy şeýle diýýär:

Utanç-haýa donuna bürenen ynsan,

Ýalňyşdyr ýazykdan daşdadyr hökman.

Emma utanç-haýa terk etse seni,

Ýaşaýyşda galmaz hiç hili many.

 

* * *

Bir çarwa: «Utanç-haýaly ýüz misli lagly-jöwherdir» diýýär.

* * *

 Ýene bir çarwa: «Gylyjyň gyny adam tenine ýara salmakdan gorasa, utanç-haýa adamy erbetlikden goraýar» diýýär.

 

* * *

Ýene bir çarwa: «Utanç-haýa adamyň ýüzüniň tuwagy» diýýär.

* * *

Aristotel: «Kim-de kim adamlardan utanyp, özünden utanmasa, onda ol adam öz-özüni sylamaýandygydyr» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Allatagala iki adama: garyp-gasara kömek edene we dilini utanç sözlerden saklana rehim edýär» diýýär.

* * *

Bir adam Muhammetden:

— Eý, Resulalla, o dünýäniň azabyndan halas bolmak üçin näme etmeli? — diýip soranda, ol:

— Diliňi utanç sözlerden, gybatdan gora, utanç-haýaly bol, şonda o dünýäň hem, bu dünýäň hem abat bolar — diýýär.

* * *

Abu Derda: «Adamzada iki gulagyň biri ähli aýdylýan sözleri diňlemek üçin, beýlekisi özüniň aýdýan artykmaç gürrüňlerini diňlemek üçin berlendir» diýýär.

 

* * *

Wehp ibn Munebbih: «Eger ýaş oglanyň utanç-haýasy bar bolsa, onda ol dogry ýoldan barýandyr» diýýär.

* * *

Ymran ibn Hassyn Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Utanç-haýa adamdaky ähli häsiýetleriň şasydyr» diýýär.

 

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

Başymdaky pikirlerim erbetlige çagyrdy,

Başymdaky pikirimi utanç-haýa ýazgardy.

* * *

Bir gezek dindardan:

— Sen nähili edip ýeke oturyp bilýärsiň? — diýip soranlarynda, ol:

— Men hiç haçan ýeke bolamok. Rebbim elmydama meniň ýanymda. Ýalňyz galanymda ýa-ha onuň kitabyny okaýaryn, ýa-da kömege mätäç bolanymda namaz okaýaryn — diýip jogap berýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Adamyň akyly goýalyşanda gürlemesi azalýar» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Adamlara ýagşylyk edýän, günä işlerden daşda durmaga çalyşýan adam mömindir» diýýär.

* * *

Bir çarwa: «Allany ýaran edinmek gürrüňdeş adamdan gowudyr. Emma biri bilen gürrüňdeş bolup oturanyň ýalňyzlykdan gowudyr» diýýär.

* * *

Bir gezek uly wezipeli adamlar Mardasyň dogany Urwadan:

— Sen näme üçin biz bilen gürrüňdeş bolaňok — diýip soranlarynda, ol:

— Meniň siz bilen gürrüňdeş bolmaýanymyň sebäbi, özüme-de siziňki ýaly şöhratparazlyk keseli ýokaşar öýdüp pikir edýärin. Häzir bolsa men hem o dünýämi, hem bu dünýämi alada edip ýaşaýaryn — diýýär.

* * *

Beşir ibn Mansur: «Men hiç kim bilen gürrüňdeş bolup oturmaga synanyşmadym. Olar hem meniň bilen gürrüňdeş bolmaga synanyşmadylar. Şeýdip, men bir zada göz ýetirdim. Ýalňyzlyk meniň peýdama boldy» diýýär.

* * *

Abu Mugawyýa Daryr[3]: «Men gözümiň görmeýäni iki zady üçin, ýagny özümi görüp tekepbirlik etmeýänime we adamlaryň meniň halymy soramaga gelmeýänine diýseň begenýärin» diýýär.

* * *

Makhul[4]Muhammet alaýhyssalamdan şeýle diýýär: «Kim-de kim mömin doganyna ýardam etse, Allatagala oňa kyýamat güni ýardam eder».

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Musulman adam Allatagala we onuň resulyna ynanmalydyr. Namaz okap, zekat bermelidir, dinini goramalydyr, halal baýamalydyr, musulman doganyna ýamanlyk etmeli däldir» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Pukara we perzentsiz adamlar Allatagala çyn ýürekden ybadat edýändirler. Sebäbi olar gije-gündiz Allatagaladan bu ýetmezçiliklerini dolmagy diläp oturandyrlar» diýýär.

 

* * *

 Wasyl ibn Ata: «Hasan Basry mejlise gelende adamlara baş bolup gelerdi. Gidende olaryň yzyna düşüp giderdi. Mejlisde oturanda-da ýekeje agyz hem gürlemezdi» diýýär.

* * *

Bir adam Ibn Mübärege başga bir topar adamy görkezip:

— Bu adamlara ýagşy amallary öwret, olary dogry ýola sal! — diýende, Ibn Mübärek:

— Meni öz günüme goýsalar, olar maňa ýagşy amallary öwreden ýaly görjek — diýýär.

* * *

Amr ibn Ubeýt mejlisde gürlemezdi. Eger gürläýse-de az we manyly gürlärdi.

* * *

Rabyga ibn Haýsam: «Ylym al, soňra ýalňyzlykda ybadat et» diýýär.

 

* * *

Abdylla ibn Abdyleziz ibn Abdylla ibn Omar ähli mal-mülküni taşlap, çöl-beýewana göçüp, ýalňyz ýaşamaga başlaýar. Ol şähere gelse, eline Gurhan alyp, diňe gabrystanlyga gelerdi. Ol gabry görkezip:

— Iň dogruçyl zat gabyrdyr. Sen kim bolsaň hem akybetiň şu ýerdir. Ýalňyzyň dosty kitapdyr. Kitap ýaly wepaly ýaran ýokdyr — diýýär.

Mälik ibn Enes Abdylla hat ýazyp, Muhammet alaýhyssalamyň metjidiniň ýanynda ýaşamaga çagyrýar. Abdylla onuň diýenini kabul edip, metjidiň ýanyna göçüp barýar.

* * *

Ybraýym ibn Ýezit Nahgy: «Köp gürlemek we baýlygy söýmek adamy heläk eder» diýýär.

* * *

 Ýene-de ondan: «Adamyň gürlemegi kynlyk bilen öwrenişi ýaly, dymmaklygy öwrenmek hem güzaplydyr» diýýär.

* * *

Ibn Awn[5]: «Adamlara üç sany zady, ýagny Gurhan okamagy, onda aýdylan zatlary ýerine ýetirmegi, Resulallanyň hadyslaryny diňläp, pygamberiň sünnetini berjaý etmegi we şol iki zady adamlaryň arasynda wagyz etmegi nesihat edýärin» diýýär.

* * *

Nahgy: «Adam gürlemegi öwrenişi ýaly, dymmagy hem öwrenmelidir» diýýär.

* * *

Musa ibn Taryf[6]: «Ýagşylyk etseň gizlin et. Şeýtseň, ýüregiň ýuka bolar we tekepbirlikden daşda bolarsyň. Oňarsaň öz kowumdaşlaryňdan daşda nätanyş adamlaryň arasynda ýaşa. Şeýtseň, özüňi salyhatly, agras alyp bararsyň we men pylana kömek edipdim ýa-da pylan maňa borçludyr diýen ýaly pikiriň bolmaz» diýýär.

* * *

Sufýan ibn Söwri doganyndan:

— Seniň öz bilmeýän zadyňy bilip, öz bilesigelijiligiňi ýigrenen wagtyň bolupmydy? — diýip soraýar.

Onda dogany:

— Ýok! — diýýär.

Söwri:

— Men adam tanamak üçin köp wagtymy sarp etdim. Haçan-da ol adamyň häsiýetlerine göz ýetirenimde, özümiň bilesigelijiligimi ýigrendim. Şondan soňra mende asla adamy tanamak islegi galmady — diýýär.

* * *

Sufýan ibn Söwri:

— Adam öýüne haýyr işler edip barsa ýagşydyr — diýýär.

Onda Söwrüden:

— Seniň bu diýeniňe nähili düşünmeli?» diýip soranlarynda, ol: «Meniň öý diýdigim gabyr diýdigimdir — diýýär.

* * *

Ybat ibn Kesire[7]dostlarynyň biri hat ýazýar. Ol hatynda: «Zamana görä bol. Wezipe ynanylsa, boýun gaçyrma. Sebäbi sen bu wezipeden boýun gaçyrsaň, ol wezipä başga biri eýe bolar we saňa höküm eder» diýýär.

* * *

Bir gezek Mälik ibn Magoldan[8]:

— Öýde ýeke galmakdan gorkaňokmy? — diýip soranlarynda, ol:

— Men Allatagalanyň ýanynda bolmakdan gorkýan adamy şu çaka çenli bilemok — diýýär.

* * *

Wahyp ibn Ward[9]: «Danalyk on şahadan ybarat bolsa, onuň dokuz şahasy dymmaklykdyr, bir şahasy bolsa, az we manyly gürlemekdir» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Adama, köplenç, gürleýşine görä baha berilýär. Gowy gürlese, gowy adam, erbet gürlese-de erbet adam diýip hasap edilýär. Emma ikiýüzli adam gowy gürlese-de, erbet adam bolup bilýändir» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Bu zamanda diňe mömin bolsaň, halas bolarsyň. Mömin şehit bolsa ölýän däldir, gaýyp bolsa ýitýän däldir. Ol dogry ýola ýagty saçýan çyradyr. Olar üçin jennetiň ýedi gapysy hem açykdyr» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Dili paýyş sözleri diýýän adamyň kalby erbetdir. Kalby erbet adamyň bolsa imany kämil däldir. Dilini ýaman, paýyş sözlerden goran adamy Allanyň özi ýalkar» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Dil adama berlen nygmatlaryň biridir. Ol adamyň başyna bela getirip, nähak ganlary hem dökdürdip biler, ýa-da urşuň öňüni alyp, adamlaryň başyny aman saklap hem biler. Bu her ynsanyň sözi ýerlikli, aklyna laýyk ulanyp bilşine baglydyr» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Eger bir adamyň dymýandygyny görseňiz, ondan görelde alyň. Dymmaklyk danalygyň alamatydyr» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Ýalňyz ýaşaýan adam durmuşyň ünjülerinden halasdyr» diýýär.

* * *

Fazyl: «Kim-de kim ýekeligi halaman, adamlaryň içinde bolmagy gowy görýän bolsa, onda ol adam şan-şöhraty gowy görüp, diňe özüni görkezmäge çalyşýan adamdyr» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Köpçülikden uzakda bolmak bela-beterlerden we günälerden başyňy aman saklar» diýýär.

* * *

Fazyl: «Men garaňky düşmegine begenýärdim. Sebäbi gije adamlaryň gybatyndan, erbet gürrüňlerinden gulagyň dynç bolup, diňe Rebbim bilen galýarsyň. Daň atyp gelýändigini görenimde bolsa, mazam gaçýardy. Sebäbi ýene-de adamlar bilen duşuşyp, olaryň biderek gürrüňlerini diňlemäge mejbur bolýardym» diýýär.

* * *

Fazyl: «Ýolda biri duşanda salam bermeli we nähoşlanda baryp, halyny soramaly. Başga wagt işinden, ybadatyndan goýup, oňa päsgel berip ýörmeli däl» diýýär.

* * *

Ýene-de Fazyl: «Meniň bu dünýäde iki adamdan başga göresim gelýän adamym ýok» diýýär. Ol Ibn Mübäregi we Abdylla ibn Abdylezizi göz öňünde tutýardy.

* * *

Sufýan ibn Uýaýna: «Bir gezek men Fazyl nähoşlanda onuň ýagdaýyny soramaga baranymda, ol: «Eger nähoşlamadyk bolsam, seniň geleniňi halamazdym» diýdi» diýýär.

* * *

Ybraýym ibn Ýezit Nahgy: «Bir gezek gije metjide baranymda, Fazyl Gurhan okap otyrdy. Men onuň ýanyna golaýlamda, ol: «Bu kim?» diýdi. Men: «Ybraýym» diýdim. Ol: «Näme üçin geldiň? Näme, ýalan sözleýärsiňmi?» diýdi. Men: «Ýok!» diýdim. Ol: «Günä iş edýärsiňmi?» diýip sorady. Ýene: «Ýok!» diýdim. Ol: «Meniň üçin hem, özüň üçin hem gowy bolmagyny isleýärsiňmi?» diýip sorady. «Hawa» diýdim. Fazyl: «Onda meni ýeke goýmagyňy haýyş edýärin» diýdi. Men onuň ýagdaýyna düşünip, metjitden çykyp gaýtdym» diýýär.

* * *

Bir gezek Fazyldan:

— Eger ogluň senden: «Maňa meniň adamlary görüp bilýän, emma olaryň meni görmeýän ýerini salgy ber» diýse, näme diýip jogap bererdiň? —diýip soranlarynda, ol:

Beýle diýse, onuň meniň oglum bolmadygydyr — diýýär.

— Näme üçin? — diýip soranlarynda, ol:

— Meniň oglum siziň diýen soragyňyzy bermän, menden: «Eý, atam! Meniň-ä adamlary, adamlaryň hem meni görmeýän ýerini salgy ber» diýip sorar — diýýär.

* * *

Sufýan ibn Uýaýna: «Akylly adama köp gürlemek haramdyr. Halys gürlemezlik bolsa danalykdyr» diýýär.

* * *

Şapygy[10]: «Köp gürleseň halamazlar. Emma adamlardan daşlaşyp, içiňi hümledip gezseň hem duşman gazanmagyň mümkin. Şonuň üçin köp gürlemek bilen dymmaklygyň aralygyny saýlap al» diýýär.

* * *

Ýene-de ondan: «Eger kalbyňa dynçlyk, başyňa rahatlyk isleseň, gürläniňde gürleýän zadyňa gowy akyl ýetirip gürle ýa-da dym» diýýär.

* * *

Ýemeniň Sana şäheriniň derwezesinde: «Şanyň gazabyndan başyňy aman saklajak bolsaň ýa-da onuň geçirimliligini isleseň, diliňi dymmaklyga endik etdir» diýip ýazylgydy.

* * *

Abdylla ibn Abu Zekeriýa[11]: «Dymmaklyk ýaly kyn zat ýokdur» diýýär.

* * *

Äşe: «Özüne degişli bolmadyk zatlar hakynda gürleýän adama men geň galýaryn» diýýär.

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Edep-ekramly, ýerlikli gürleýän we garyp-gasara zekat berýan adam ýagşyzadadyr» diýýär.

 

* * *

Ibn Omar[12]Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Biderek, bihuda gürrüňleri az ediň. Allatagalany ýatlaň oňa ybadat ediň. Allatagalanyň ybadatyndan daşlaşan doňýürek bolýandyr» diýýär.

* * *

Bir gün Ibn Apbas[13]diline elini ýetirip: «Eý, dilim! Ýagşy zatlary gürleseň, meni ýagşy sypatda görkezersiň. Ýaman sözlerden daşda dursaň, başymy aman saklarsyň» diýdi.

* * *

Abdylkerim Abu Ümmiýe[14]: «Meniň üçin az we manyly gürlemek köp namaz okandan we uzak wagt oraza tutmakdan haýyrly görünýär» diýýär.

 * * *

Mömin diline berk bolmaly. Onuň ähli ybadatyny biderek etjek dilidir.

* * *

Sapara çykanyňda, köp gürleýän samsyk bilen ýoldaş bolanyňdan, akylly dymma bilen ýoldaş bolanyň ýagşydyr.

* * *

Her bir zadyň öz delili bar. Adamyň pikirlenip gürlemegi onuň akyllylygynyň delilidir. Adamyň gürlemezligi bolsa, onuň pikir edýändiginiň delilidir.

* * *

Bir gezek Muhammet alaýhyssalam Abu Zara: «Eý, Abu Zar! Az geple, köp geplemek şeýtanyň amallaryndandyr. Az gepleýän adam soňky ökünçlerden halasdyr. Az gürläniň — köp gürläp, özüňe zyýan ýetireniňden we soňky ökünjiňden peýdalydyr» diýýär.

* * *

Ýunus pygamber balygyň içinden çykandan soň, uzak wagt gürlemän gezdi. Ondan adamlar:

— Seniň gürlemek niýetiň ýokmy? — diýip soranlarynda, ol:

— Gürlänim dälmi, meni balygyň içine salan — diýip jogap berýär.

* * *

Danalaryň biri: «Eger gürlemek isleseň — dym. Dymmak isleseň bolsa gürle» diýip maslahat berýär.

* * *

Dymmaklyk adamy tutuk häsiýetli edip görkezýän hem bolsa, köp ýalňyşlyklary ýapýandyr ýa-da öňüni alýandyr. Samsyk, nadan adam dymsa, akylly adamyň sypatyna giren ýaly bolýandyr.

* * *

Dil adama berilýän bahanyň terezisidir.

* * *

Köp gürleýän adam diňe ýatanda ýa-da lal açanda dymar.

* * *

Bir adam: «Ahnaf nähili edip size ýolbaşçy bolup bildi? Alladan ant içýän, onuň ne ýaşy sizden uly, ne-de üýtgeşik baýlygy bar» diýende, ol adam: «Ahnaf süýjüsözlüligi bilen halky agzyna bakdyryp bildi» diýýär.

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

Gürlemeklik altyndandyr diýseler,

Dymybergin öz günüňe goýsalar.

* * *

Arduwan Akbar[15]: «Adam her gezek erbet, günä iş edenden soňra, onuň utanç-haýasy azalýandyr» diýýär.

* * *

Bir gije Bährem Gur[16]agajyň aşagynda dynç alyp otyrka, agajyň üstünde oturan bir guş saýraýar. Bährem Gur ýerden daş alyp, guşa zyňýar. Daş degen guş ýere patlap gaçýar. Bährem Gur guşa seredip: «Diliňi saklap gezmeseň, bela galarsyň diýleni diňe adamlara degişli däl eken» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Dymma adam haýbatly görünýändir» diýýär.

* * *

Hind şasy: «Adamlar özleri bilen bolup geçen ýagşy ýatlamalar hakynda gürrüň bermän, ýaman täsir galdyran ýatlamalary gürrüň bermekleri meniň üçin geňdir» diýýär.

* * *

Amr ibn As: «Söz adama melhemdir. Az gürlemegiň nepi deger, şypa bolar. Köp gürlemek zäherdir, öldürer» diýýär.

* * *

Lukman Hekim: «Eý, oglum! Eger kimdir biri owadan gürleýändigine buýsansa, sen az sözlüligiňe ýa-da dymmalygyňa buýsan» diýýär.

* * *

Üç ýagdaýda, ýagny gygyrylanda gaýadan daş dökülýän ýerde duran adama, sogan ýa-da balyk iýen adama we metjitde oturyp gürlemäge söz tapmasa-da, gürlemäge synanyşýan adama gürlemezlik maslahat berilýär.

* * *

Bir dana: «Ylymsyz adam süýji sözüň lezzetini bilmez» diýýär.

* * *

Fazyl Dawut Taýa: «Eger sen günäkärlerden daşda durmak isleseň, adamlardan ýolbarsdan gaçan ýaly gaçgyn. Adamlar mejlisde oturyp-oturmankaň, seniň öňki-soňky aýyplaryňy sanap başlarlar. Şonuň üçin, Allanyň özi bizi penasynda saklasyn we günämizi geçsin welin, beýle mejlise baryp, bihuda gürrüňleriň şaýady bolanyňdan, oňa barmanyň gowudyr» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Günä iş edip, oňa ökünip aglaýan adamyň başgalara erbet iş edip, zyýany ýetmez» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Kyn mesele ýüze çykanda danalaryň dymmaklygyndan, nadanyň gürlemeginden hiç hili peýda ýokdur» diýýär.

* * *

Sufýan ibn Uýaýna düýşünde Sufýan ibn Söwrini görýär. Ol Ibn Söwrüden: «Maňa näme nesihat edip biljek?» diýip soranda, Ibn Söwri üç gezek: «Adamlardan daşda dur» diýýär.

* * *

Howwas[17]: «Eger adamda Alladan gorky, utanç-haýa, hormat-sylag ýaly häsiýetler bar bolsa, onda oňa syrat köprüsinden gorkmagyň hiç hili hajaty ýokdur» diýýär.

* * *

Bir dana: «Eý, Allam! Saňa ybadat etmekden güýmejek zatlardan özüň gora» diýip dileg edýär.

 

* * *

Bir dindar: «Allatagala gabanjaňdyr. Ol bendesiniň ýüreginde özünden özgäniň bolmagyny halaýan däldir» diýýär.

* * *

Sufýan ibn Söwri: «Zahyt, dindar adam ýekelikde däl-de, adamlaryň arasynda zahyt bolup, görelde görkezmelidir» diýýär.

* * *

Hadary[18]: «Muhammet alaýhyssalam gaharlananda ýa-da bir zat derekli utananda ýüzünden bildirerdi, ýagny onuň ýüzi gyzarýardy» diýýär.

* * *

Leýla Ahylyýa[19]: «Ýaş ýigidiň utanyp, ýüzüniň gyzarmagy aýyp däldir» diýýär.

* * *

Ajaj Abdylkaýs[20]: «Bir gün pygamber alaýhyssalam maňa:

— Sende Allatagalanyň halaýan iki häsiýeti bar — diýdi.

Men ondan:

— Eý, Resulalla! Ol nähili häsiýetler?— diýip soradym.

Ol:

— Utanç we geçirimlilik — diýdi.

Men ondan:

— Ol häsiýetler mende öň hem barmydy ýa-da yslam dinini kabul edenimden soň döredimi? — diýip soranymda, ol:

— Bu häsiýetler sende öň hem bardy — diýdi.

Onda men:

— Özümi Allatagalanyň halaýan iki häsiýeti bilen ýaradan Allatagala öwgüler bolsun — diýdim.

* * *

Bir adam Äşeden:

— Men haçan ýagşy adam bolarkam? — diýip soraýar.

Äşe:

— Öz erbet adamdygyňy özüň bileňde — diýýär.

Onda ýaňky adam:

— Erbet adamdygymy nähili bilerin? — diýip soraýar.

Äşe:

—Özüňi ýagşy adamlar bilen deňeşdireniňde bilersiň — diýip jogap berýär.

* * *

Dymmaklyk akyllynyň görki bolsa, nadanyň tutusydyr.

* * *

Emewiler halypasy Omar ibn Abdyleziz: «Kyýamat güni aýdan sözleriňe jogap bermelidigi meni köp gürlemekden saklaýar» diýýär.

 

* * *

Her gün säher bilen dil beýleki beden agzalaryndan:

— Nähili, ýagdaýlaryňyz gowumy?n — diýip soraýar.

Olar:

— Sen bizi öz günümize goýsaň — gowy — diýýärler.

* * *

Rabyt[21]: «Zenan maşgalanyň görki utançdyr. Dana adamyň görki bolsa dymmaklykdyr» diýýär.

* * *

Bir gezek Omar ibn Abdyleziz jynaza barýar we beýik ýerde oturýar. Bir oglanjyk onuň ýanyna baryp, kölegesinde dyza çöküp oturyp, günden goranýar. Az wagt geçmänkä, ýagyş ýagyp başlaýar. Omar ýaňky oglany dony bilen ýapyp, ýagyşdan goraýar.

Omar ibn Abdyleziz adamlaryň arasynda adyl, ýumşak häsiýetli, dindar halypa diýlip tanalýardy.

* * *

Bir alym: «Biz diri gezip ýören adamlardan utanyşymyz ýaly, öli adamlaryň ruhundan hem utanmalydyrys» diýýär.

* * *

Allatagala Musa alaýhyssalamdan: «Men ähli adamlaryň içinden seni pygamber edip saýlap almagymyň sebäbini bilýärsiňmi?» diýip soraýar. Musa: «Eý, Rebbim! Seniň näme üçin meni saýlanyň sebäbini men bilemok» diýýär. Onda Allatagala: «Itiň öz eýesiniň öňünde ýere togalanyp, guma bulanyşy ýaly, sen hem adamlaryň öňünde guma garylyp ýördüň. Men adamlaryň arasynda abraýyňy galdyrmak üçin seni pygamber edip saýladym» diýýär.

* * *

Bir gezek üç şa duşuşýar. Pars şasy:

— Men bir gezek eden ýalňyş işime däl-de, birnäçe gezek eden ýalňyş işlerime ökünýärin — diýýär.

Kaýsar:

— Men biri maňa ýüz tutanda, gatyrak jogap berenime ökünýärin — diýýär.

Onda hindi şasy:

— Adam geň ýaradylan zatdyr. Ol özünde erbet täsir galdyran zady gürrüň berýär. Gowy täsir galdyran zady bolsa tiz ýadyndan çykarýar — diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Eger gürlemek kümüş saýylsa, dymmaklyk altyndyr» diýýär.

* * *

 Ýunus ibn Abdylla doganyna hat ýollaýar. Hatynda: «Bihuda gürläniňden tomusyň tüp yssysynda agyz bekläniň haýyrlydyr. Şeýtseň, hem-ä sogap gazanarsyň, hem-de günä işlerden daşda durarsyň» diýip ýazýar.

* * *

 Bir gezek Fazyl hadys alymy bilen ýoldaş bolýar. Fazyl oňa: «Eý, dana! Bu zamana gürlenilýän zamana däl-de, dymylýan ýa-da adamlardan gaçylýan zamana boldy» diýýär.

 

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

Dil adama duşman, diş oňa gala,

Az gürlemek başa getirmez bela.



[1]Ataba ibn Aban ibn Sumga Basranyň iň takwa, sopy adamlarynyň biri. Ol zeýtun agajynyň çybyklaryndan sebet örüp, bazarda satyp, puluň ýarysyny özüne sarp ederdi, ýarysyny sadaka bererdi. Ol köp wagtyny oraza tutup geçirerdi. Ol Abdylwahyt ibn Ýezit, Ýahýa Wasyty dagylaryň egindeşidir.

[2]Eswet ibn Ýezit ibn Kaýs Nahgy Abu Amr ýa-da Abu Abdyrahman. Ol Alkama ibn Abdylkaýsyň doganoglanydyr. Ol alym, takwa, köp ybadat edýän we köp wagtyny oraza tutup geçirýän adamdy. Aýdyşlaryna görä, köp oraza tutanlygy sebäpli onuň bir gözi kör bolýar. Ol dogry hadys rowaýat eden adamlaryň biridir. 74-nji hijri ýylynda Kufada wepat bolýar.

[3]Abu Mugawyýa Dadyr Muhammet ibn Hazym Temimi. Ol 4, başga maglumata görä, 8 ýaşynda kör bolýar. Köp hadys diňläp, dogry hadys gürrüň beren adamlaryň biri. Ol 83 ýaşyň içinde 113-nji hijri ýylynda, başga topar 195-nji hijri ýylynda Kufada wepat boldy diýýärler.

[4]Şamly alym Makhul ibn Abu Müslim Şahrap ibn Şazym.

[5]Abdylla ibn Awn ibn Artaban Mezeni Abu Horraz Basry. Onuň atasy Artabany Abdylla ibn Mugfil Mezeniniň hyzmatkäri bolupdyr. Ol 66-nji hijri ýylynda eneden dogulýar. Ol döwürdeşlerinden ybadaty, takwalygy, ylmy bilen düýpgöter tapawutlanypdyr. Ol bir gününi agyz bekläp, bir gününi iýip-içip geçirerdi. Aýdylşyna görä, ol ajam ýurdundan bolup, arap aýala öýlenýär. Ol köp dogry hadys gürrüň beren adamlaryň biridir. 151-nji ýylda wepat bolýar.

[6]Nusgada Musa ibn Taryf diýip ýazylan. Dogrusy 103-nji hijri ýylynda wepat bolan Musa ibn Talha ibn Ubeýdylla Temimidir.

[7]Ybat ibn Kesir Sakafy Mekgäniň örän ylymly dindar we hadys alymy. 400-500-nji hijri ýyllar aralygynda wepat bolýar.

[8]Mälik ibn Magol ibn Asym ibn Gazyýa ibn Harysa Bajly Abu Abdylla Kufydyr. Ol ynamly dogry hadys gürrüň beren adamlaryň biridir. 159-njy hijri ýylynda wepat bolýar.

[9]Wahyp ibn Wart ibn Abu Ward. Onuň ady Abdylwahhap bolup, Wahyp onuň lakamydyr. Ol Mekgäniň iň takwa, hudaýhon, terkidünýä adamlarynyň biridir. Wagyz edende gözünden gözýaş paýrap giderdi. 153-nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[10]Ymam Muhammet ibn Idris Şapygy. Şapygy mezhebini dörediji.

[11]Abdylla ibn Abu Zekeriýa Abu Ýahýa Şamly. Onuň kakasynyň ady Abu Zekeriýa Iýas ibn Ýezitdir ýa-da Zeýt ibn Iýas hem diýýärdiler. Abdylla Şamly alymlaryň, fakyhlaryň biridir we Makhulyň döwürdeşidir. Ol köp ybadat ederdi. Emma halkyň hormatyna mynasyp bolmady. Ol emewiler halypasy Haşymyň halypalyk eden döwründe 117-nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[12]Omar ibn Hattabyň ogly Abdylla.

[13]Apbasyň ogly Abdylla.

[14]Nusgada Abdylkerim ibn Ümmiýe diýip ýazylandyr. Emma ol Abu Ümmiýe Abdylkerim ibn Abulmaharykdyr. Onuň asyl ady Kaýsdyr ýa-da Taryk hem diýilýärdi. Ol Bagdatly bolup, soňra Mekgä göçüp gelýär we Enes, Tawus, Nafygdan hadys eşidip, gürrüň berýär. 127-nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[15]Eşkanlylar şalarynyň iň soňky şasy Arduwan Akbardyr. Onuň lakamy Ahmardyr (gyzyl).

[16]Sasanlylar şalarynyň 13-nji şasy Bährem Gurdur. Ol gulan awlamany gowy görerdi.

[17]Sälim ibn Meýmun Howwas. Şamyň takwa, hudaýhon adamlarynyň biri. Hadys gürrüň berýärdi. Emma ýalňyşy köpdi. Ol 213-nji hijri ýylynda sag-salamatdy. Onuň haçan dünýeden ötendigi hakda maglumat ýok.

[18]Muhammet alaýhyssalamyň egindeşi Abu Sagyt Hadary Sagyt ibn Mälik.

[19]Leýla bint Abdylla ibn Rehhal ibn Şetdat ibn Kagp Ahylyýa. Ol dile çeper, akylly-başly, owadan şahyra aýaldy. Ol Abdylmälik ibn Merwan we Hajjaç ibn Ýusubyň ýanyna birnäçe gezek gelip, olaryň uly hormatyndan peýdalanýardy. Ol köp goşgusyny Nabyganyň üstünden gülüp goşýar. 80-nji hijri ýylynda Hajjajyň ýanyna barýarka, Reýiň töwereklerinde wepat bolýar we şol ýerde jaýlanýar.

[20]Ajaj Abdylkaýs Munzir ibn Amr. Ol 10-njy hijri ýylynda Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna gelýär we musulmanlaryň arasynda galýar.

[21]Beni ysraýylyň dindar, zahyt, alym adamlarynyň biri.