ÝIGRIMI DÖRDÜNJI BAP: HÄSIÝETLER WE OLARYŇ GÖRNÜŞLERI. ÝAGŞY WE ÝAMAN HÄSIÝETLER. UZYN WE GYSGA, ULY WE KIÇI, SEMIZLIK WE HORLUK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝIGRIMI DÖRDÜNJI BAP: HÄSIÝETLER WE OLARYŇ GÖRNÜŞLERI. ÝAGŞY WE ÝAMAN HÄSIÝETLER. UZYN WE GYSGA, ULY WE KIÇI, SEMIZLIK WE HORLUK HAKYNDA

Bir ruhany Abu Bekre duşup:

— Men siziň Pygamberiňiz hakynda Injilde we Töwratda okadym. Meniň okanlarymyň we eşidenlerimiň dogrudygyny ýa-da dogry däldigini bilmek üçin sen maňa Muhammedi sypatlandyr — diýýär.

Abu Bekr:

— Muhammet alaýhyssalamyň kamaty uzyn hem däldi, gysga hem däldi. Ol orta boýly, ak ýüzli, gara gözli, saçy egnine dökülip duran, eginlek, deň hatar dişli, ýüzi aý kimin nurly adamdy — diýýär.

Ruhany:

— Meniň okanlarym we eşidenlerim dogry eken — diýýär we şol ýerde şahadat kelemesini aýdyp, yslam dinini kabul edýär.

* * *

Bir gezek Äşe Muhammet alaýhyssalamy görüp ýylgyrýar. Muhammet alaýhyssalam ondan:

— Eý, Äşe! Nämä ýylgyrýarsyň? — diýip soraýar.

Onda Äşe:

— Seniň ýüzüň nurundan ganyp bilemok. Megerem, Abu Kebir Hezeliň aýdany sen hakyndadyr — diýýär.

Muhammet alaýhyssalam:

— Ol name diýipdi? — diýende, Äşe şeýle diýýär:

— Roýuny görenler däli-diwana,

Älem-jahan galýar oňa haýrana.

* * *

Ümmi Magbat: «Bir gün gapyda otyrkam, geçip barýan ýaş ýigide gözüm düşdi. Ol uzyn boýly, görk-görmekli, gara gözli, saçlak, garynlak hem däldi, hor hem däldi. Onuň ýöreýşiniň özi bir oglana degýärdi. Men ol oglany görüp owadanlyk, görk-görmek Allanyň adama beren nygmatydygyna düşündim» diýýär.

* * *

Jahylyýet döwründe araplaryň dürli-dürli taýpalaryndan Mekgä haja gelerdiler. Olardan köpüsi Ukaz bazaryna barýardylar. Bazaryň ortasynda bir daýaw, ýüzi nurana adam göreş tutýardy. Ol pälwan özi bilen göreşmäge çykýanlary ýeriň ýüzüne pylçap urýardy. Ony görenler yzyna dolanyp baranlarynda, ol hakynda haýran galmak bilen kowumdaşlaryna gürrüň berýärdiler. Ol pälwan Omar ibn Hattapdy.

* * *

Bir gezek Aristotel görk-görmekli adamy görüp, onuň bilen gürleşip görmek üçin oňa söz gatýar. Ol adam Aristotele hiç hili jogap bermeýär. Onda Aristotel: «Owadan gurlan jaýyň ýaşaýjysy bolsa gowudyr» diýýär we öz ýoluny dowam etdirýär.

* * *

Gowy häsiýetli, emma bedroý ýüzli bir ýaş ýigit bardy. Danalaryň biri oňa: «Allatagala saňa görk-görmegiň deregine ýagşy gylyk-häsiýet beripdir. Emma sen gylyk-häsiýetiňi ýüzüňe meňzedäýme» diýip ündew edýär.

* * *

Gadym zamanda ýaşap geçen danalaryň birnäçesi: «Allatagala öwünjeňlik we ýeňilkellelik häsiýetleri uzyn boýly adama, mekirlik we bedroýlyk häsiýetleri gysga boýly adamlara, galan ýagşy häsiýetleri bolsa orta boýly adamlara mahsus etdi» diýýär.

* * *

Asmaýy:

— Bir gezek örän owadan gelin gördüm. Onuň adamsy bedroý adamdy. Men ol gelinden:

— Sen neneň edip onuň bilen ýaşamaga razy bolup bilýärsiň? — diýip soranymda, ol gelin:

— Meniň adamym hudaýhon we örän gowy häsiýetli adamdyr. Ol Allatagalanyň razylygyny gazanmaga çalşyp, diňe haýyr işler bilen meşgul bolýandyr. Onsoň Allatagalanyň razy bolan adamyndan men näme üçin närazy bolaýyn» diýip jogap berdi — diýýär.

* * *

Bir gezek Muhammet ibn Abbat[1]Mamunyň ýanyna baranda, Mamun ony uly hormat bilen garşy alýar. Mamunyň gyrnagy bu ýagdaýy görüp, gülüp goýberýär. Onda Mamun:

— Sen näme üçin gülýärsiň? — diýip soraýar.

Muhammet ibn Abbat:

— Men onuň näme üçin gülendigini bilýärin. Ol meniň bedroýlygyma, emma seniň meni hormat bilen garşy alanyňa gülýär — diýýär.

Mamun gyrnagyna:

— Eý, gyrnak, eger sen onuň häsiýetlerine belet bolan bolsaň, beýle gülmezdiň we meniň ony näme üçin hormatlaýandygyma dessine düşünerdiň» diýýär.

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

Adamyň bolmasa niýeti ýagşy,

Awy bolar onuň iýdigi aşy.

Bolarmyka görk-görmegiň peýdasy?

Haýyr işdir sogaplaryň seresi.

 

* * *

Adamyň görk-görmekligi onuň gowy häsiýetliligini aňlatmaýar.

* * *

Adamyň bedroýlygy onuň erbet häsiýetliligini aňlatmaýar.

* * *

Lebaba bint Abdylla ibn Apbas[2]owadan, görk-görmekli aýallaryň biridi. Ol: «Men aýna seredip, soňra başga bir adama seredenimde, oňa meniňki ýaly görk-görmegiň berilmedigine ýüregim awaýardy. Emma Welit ibn Ataba ibn Sufýana seredip, soňra aýnada özümi göremde, onuňky ýaly görk-görmegiň maňa berilmändigi üçin özüme ýüregim awaýardy» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Adamda içigaralyk, bahyllyk häsiýeti bolmasa, ol adam köp bela-beterden halasdyr» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam uzyn boýly hem, gysga boýly hem däldi, ol orta boýludy.

* * *

Mişzab: «Muhammet alaýhyssalam uzyn boýlular bilen ýörände, olaryň «üstlerinden» serederdi» diýýär.

* * *

Mekgäniň kazysy: «Meniň ejem örän akylly aýaldy. Ol maňa: «Eý, oglum! Diniň parzlaryny berjaý etseň, edepli bolsaň, adamlar bilen alagöz bolmasaň, durmuşda uly hormata eýe bolarsyň» diýdi.

Onuň aýdan öwütleriniň maňa köp ýerde nepi degdi» diýýär.

* * *

Aly ibn Abdylla ibn Apbas Käbä zyýarat edende, onuň boýy ähli adamlardan saýlanyp durdy. Alynyň boýy Abdyllanyň egnine çenlidi. Abdyllanyň boýy Apbasyň egnine çenlidi. Apbasyň boýy Abdylmuttalybyň egnine çenlidi.

* * *

Uzyn sakgal büreleriň ýatakhanasydyr.

* * *

Muzebbet Medeni ýüzi tüýlek bir adamy görüp: «Eý, adam, ýüzüňdäki tikenleriňi aýyrsaň, şonda egniň üstündäkiniň kellä meňzäýmegi ahmal» diýýär.

* * *

Bir gün Mansur Abdylla ibn Aýýaşyň sakgal goýberendigini görüp:

— Ynha, indi gelşigiňe gelipsiň. Indi sakgalyňdan ýekeje gyl gaçsa, eliňi çapmagy emr ederin — diýýär.

Şol wakadan soňra Abdylla Mansura gowy gürrüňler aýdyp berýär. Mansur keýpi kök bolup:

— Näme islegiň bolsa dile şu wagt — diýýär.

Onda Abdylla:

— Sakgalymyň ykbalyny özüme tabşyraýsaň — diýýär.

Mansur onuň diýenine gülüp goýberýär we:

— Sakgalyň bilen islän zadyňy et. Menden saňa ezýet ýetmez — diýýär.

* * *

Bir gezek Muhammet alaýhyssalam egindeşleriniň birini öýermek isleýär. Ol adam bedroýdy. Ol adam pygamberden: «Meniň ýüzüm gelşiksiz welin, maňa gyz berermikäler?» diýip soraýar. Onda Muhammet alaýhyssalam: «Seniň ýüregiň we gylyk-häsiýetiň ýüzüň ýaly däl ahyryn» diýýär.

* * *

Awn ibn Abdylla: «Ýagşy gylykly, görk-görmekli adam Allatagala yhlas bilen dileg edende onuň dilegi kabul bolýar we yrsgaly köpelýär» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Allatagala ýagşy atly, görk-görmekli adamyň etini dowzah odunda jezalandyrmaga dözmeýär» diýýär.

* * *

Bir gezek apbaslylaryň halypasy Muhammet Emin köşgünde myhman kabul edýär. Ol gelen adamlaryň biriniň hyzmatkäri Eminden gözüni aýyrman seredip durýar. Emin onuň bolşuny geň görýär. Onda hyzmatkäriň eýesi: «Allanyň bagyş eden zynatyna seretmek sogapdyr» diýýär.

* * *

Harun Reşit ogly Mamuna: «Eý oglum! Ýüzüň görk-görmekli bolandan ýüregiň, häsiýetiň görk-görmekli, owadan bolsun. Şonda adamlaryň razylygyny gazanarsyň» diýýär.

* * *

Bir gezek Harun Reşit ýaş Abu Isa[3]:

— Seniň owadanlygyň Abdylla (Abdylla Mamundyr) berlen bolsady — diýýär.

Onda Abu Isa:

— Wah, onuň ykbaly maňa berlen bolsady — diýýär.

Onuň beren jogaby Harun Reşidiň göwnünden turýar we ol Abu Isany köşge ýanyna alýar.

* * *

Bir arapdan:

— Zynat we owadanlyk nämededir! — diýip soranlarynda, ol:

— Zynat gözleriň görejinde, owazda, owadan gürlemekde bolup biler. Ýöne adamda iň owadan zat onuň gylyk-häsiýeti bolmalydyr — diýýär.

* * *

Musgap ibn Zubeýr iň owadan adamlaryň biridi. Ol bir gün daşarda otyrka, geçip barýan bir aýal onuň ýüzüne seredip aňkaryp galýar. Musgap ol aýaldan:

— Eý, aýal, Allatagala saňa rehim etsin! Seni bu ýerde duruzan zat nämedir? — diýip soraýar.

Onda ol aýal:

— Öýümizde çyramyz öçdi welin, seniň ýüzüňde nur uçgunlaryny görüp, şonuň bilen çyramyzy ýakaýsam diýýän — diýdi.

* * *

Bir suratçy ýüzi betnyşan adamyň suratyny çekmek isleýär. Ol telim gezek onuň suratyny çekse-de, betnyşanlygyny bolşy ýaly suratda görkezip bilmeýär. Ol iň soňunda suratyň aşagyna: «Bu adam Allanyň gaty geň we seýrek ýaradan adamlaryndandyr. Şu suraty gören oňa dowzahynyň sakar oduny arzuw eder» diýip ýazýar.

* * *

Jahyz: «Bir gezek köçede durkam, bir gelin ýanyma gelip, bir kyn meselede özüne kömek bermegimi sorady. Men onuň diýenine razy boldum. Ol meni yzyna düşürip, bir jaýa saldy we ol ýerdäki adama:

— Edil şuňa meňzeş — diýdi.

Ol adam suratçy eken. Ol haýal etmän meniň suratymy çekip başlady. Ol aýal meniň suratymy alyp gidenden soňra, men suratçydan:

— Ol aýal näme üçin meniň suratymy çekdirdi? — diýip soradym.

Onda suratçy şeýle diýdi:

— Ol aýal meniň ýanyma gelip, şeýtanyň suratyny çekip bermegimi haýyş etdi. Men onuň aýdan suratyny nähili çekjegimi bilmedim. Onda ol aýalyň özi şeýtana meňzeş adam tapjagyny aýdyp çykyp gitdi we seniň bilen dolanyp geldi.

Men hiç haçan şol gezekki ýaly utanan däldirin» diýýär.

* * *

Bir topar adam bir betnyşany öňlerine salyp, bazara getirýärler we jeza bermek isleýärler. Bazardaky adamlar:

— Oňa näme üçin jeza bermek isleýärsiňiz? — diýip soranlarynda, olar:

— Ol Allanyň öňünde ýalan sözledi — diýýärler.

Bazardaky adamlar:

— Ol näme diýip ýalan sözledi?— diýip soraýarlar.

Betnyşany getiren adamlar:

— Bu adam aýnada özüni group, meni şeýle görk-görmekli edip ýaradan Alla hasapsyz öwgüler bolsun diýipdir — diýýärler.

* * *

Bir adam haj edýärkä, bir betnyşan adamyň Alladan günäsini geçmegini dileg edýändigini görüp: «Eý, adam çagasy, sen jennete baraýsaň jennetdäkiler özlerini dowzahdadyr öýderler» diýýär.

* * *

Bir bedroý adam Muhammet ibn Amr Jemmaza: «Meniň uýat ýerime çyban çykdy» diýýär. Onda Jemmaz: «O näme diýip ýalan sözleýärsiň? Men-ä seniň ýüzüňde zat göremok» diýýär.

* * *

Bir aýal Beşşara: «Eger sen ýüzüňi aýnada gören bolsaň, onda sen ýüzüňi uýat ýeriňi ýapyşyň ýaly ýapardyň» diýýär.

* * *

Bir bedroý adam Ýemene sapara gidýär. Ol Ýemendäki adamlary görüp: «Men özümiň görk-görmeklidigimi Ýemene gelip bildim» diýýär.

* * *

Apbaslylar halypasy Abu Japar Mansur ibn Aýýaşa:

— Sen Abdylla ibn Rabygany[4]gördüňmi? Sakgal goýberseň, sen hem şolar ýaly görke gelersiň — diýýär.

Onda ibn Aýýaş:

— Eý, möminleriň emiri! Alladan ant içýän! Men ondan görklüdirin. Sakgallydan sakgalsyz adam görkli görünýändir. Eger ynanmasaň, Abdyllanyň sakgalyny syrda göräý — diýýär.

* * *

 Gadymy kitaplaryň birinde: «Durmuşa çykan zenan ýa-da gyrnak ilki bilen saçyna timar bersin. Adamy owadan görkezýän zatlaryň biri saçdyr» diýilýär.

* * *

Abdylla ibn Şaburma: «Erkek adamyň görki onuň dile çeperligidir. Zenan maşgalanyň görki onuň saçydyr» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Zenan maşgala akýagyz we uzyn saçly bolsa, onda ol kämil husny-jemala eýedir» diýýär.

* * *

Bir pelsepeçi semiz adama: «Sen duşmandan goranmak üçin diwar galdyranyňda çenden geçip gidipsiň» diýýär.

* * *

Bir gezek Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) semiz adamy görýär we barmagy bilen onuň garnyna yşarat edip:

— Bu näme? — diýip soraýar.

Onda semiz adam:

— Bu Allanyň beren bereketidir — diýýär.

Omar ol adama:

— Seniň şu garnyň Allanyň bereketi däl-de, beren azabydyr — diýýär.

* * *

Rabyg ibn Süleýman[5]: «Men Ymam Şapygynyň «Semiz adamlaryň içinde Muhammet ibn Hasandan başga akylly adama duşmadym» diýenini eşitdim» diýýär.

* * *

Bir çarwadan:

— Adamyň gözelligi nämededir? — diýip soranlarynda, ol öz keşbine ser salyp:

— Uly burunda, uly agyzda we uzyn aýaklarda — diýip jogap berýär.

* * *

Burunlak bir adam öýlenmek üçin bir aýala söz aýdýar. Ol:

— Meniň il içinde abraýlydygymy we hemme adamlaryň içinde tanalýandygymy özüň hem bilýänsiň — diýýär.

Onda ol aýal:

— Abraýyň hakynda-ha eşidemok welin, tanalýandygyňy-ha bilýän — diýip, onuň burnuna seredýär.

* * *

Wasyl ibn Ata boýny uzyn adamdy. Günleriň birinde bir adam ony görüp: «Şu boýnuň barka saňa üstünlik hemra bolmaz» diýýär.

* * *

Adamyň gulagynyň uly bolmagy ol adamyň ömrüniň uzak boljagynyň alamatydyr.

* * *

Bir zyndyk (dinsiz) adama ölüm jezasyny emr edýärler. Ol adamyň hyzmatkäri onuň ýanyna gelip:

— Hojaýyn, sen gulagy ulynyň ömri uzak bolýar diýýärdiň welin, seniň gulagyň uly hem bolsa, seni dara çekmäge alyp barýarlar — diýýär.

Onda zyndyk:

— Meniň aýdanym Alla ynanýan uly gulakly adamlara degişli — diýýär.

* * *

Hasan Basrynyň ýaşan döwründe Bezire atly köp aglaýan bir gyz bardy. Bir gün Hasan Basry onuň ýanyna baryp:

— Eý, uýam! Sen köp aglaýarsyň. Men seniň gözüňe zeper ýetmeginden gorkýan. Gözüňe haýpyň gelsin — diýýär.

Ol gyz:

— Eger men dowzaha girmeli adamlardan bolmaly bolsam, onda gözüm kör bolsa, gözümiň kör bolmagy Allanyň maňa ýerde beren jezasy bolsun. Eger men jennete girjek adamlardan bolsam, onda gözümiň kör bolmagy Allanyň gözümiň deregine jenneti berdigi bolsun — diýýär.

Hasan ol gyzyň aýdanlaryny diňläp aglap goýberýär.

* * *

Eger-de uzyn boýly, akylly adam görseň, onda oňa sejde et.

* * *

Töwratda: «Boýy kelte adam ýa-ha zalym, erbet gylykly, ýa-da bedroý bolýandyr» diýilýär.

* * *

Lukman Hekim ýaş wagty onuň hojaýyny:

— Eý, Lukman, goýun soý we onuň etiniň iň gowy ýerinden iki bölek getir — diýýär.

Lukman goýun soýýar we onuň ýüregini hem-de dilini getirýär. Soňra ýene-de bir gezek:

— Eý, Lukman, git-de goýun soý we maňa onuň etiniň iň erbet ýerinden iki bölek getir — diýýär.

Lukman gidip goýun soýýar we bu gezek hem goýnuň ýüregini hem-de dilini getirip berýär. Lukmanyň hojaýyny:

— Eý, Lukman, men saňa goýnuň etiniň gowy ýerinden getir diýenimde-de, erbet ýerinden getir diýenimde-de, ýürek we dil getirdiň. Näme üçin beýle edeniňi düşündirsene? — diýende, Lukman:

— Eger bedende şu iki zat gowy bolsa, ol adam gowudyr. Şu ikisi erbet bolsa, ol adam erbetdir — diýýär.

Lukmanyň aýdanlary onuň hojaýynynyň göwnünden turýar.

* * *

Abu Süleýman Wasyty: «Adamyň kalby ýüz görülýän aýna ýalydyr. Emma bu aýnada şol adamdaky ýaly häsiýetler bolan adam özüni görüp biler» diýýär.

 * * *

Abu Ýeman: «Biziň obamyzda bir garry bardy. Adamlar: «Ol Allanyň «Ismi agzam» dogasyny (Allanyň ýüzünji ady, ony bilen adamyň ähli dilegi kabul bolýar) bilýär» diýdiler. Men onuň ýanyna baryp:

— Maňa Allanyň «Ismi agzam» dogasyny öwret — diýdim.

Ol adam:

— Seniň kalbyň barmy? — diýip sorady.

Men:

— Hawa — diýdim.

Onda ol adam:

Kalbyňda gowy işlere niýet et, ony erbetliklerden päkle we Alladan islän zadyňy dile. Şeýtseň islän dilegiň kabul bolar. «Ismi agzam» dogasy kalbyň päkligindedir — diýdi» diýýär.

* * *

Abu Süleýman Wasyty: «Il-halk — adam häsiýetiniň aýnasydyr. Ýagşylyk eden adam il-halkdan hem ýagşylyk görer. Ýamanlyk eden adam il-halkdan hem ýamanlyk görer» diýýär.

* * *

Bir adam başga biriniň sakgalynda nämedir bir zadyň ýapyşyp duranyny görüp, ony duýdurman aýyrjak bolanda, onuň sakgalyndan bir gyly goparýar. Ol adam sakgalyndan gyl goparana gaharlanyp, gygyryp başlaýar. Onda sakgal goparan: «Meni bagyşla, men seniň sakgalyňdaky zady aýyrjak bolanymda erbet adamlardan gahar-gazaby aýyrýan dogany okamak ýadymdan çykypdyr» diýýär. Bu adamyň mekirligi jüpüne düşýär. Gaharlanan adam köşeşýär. Soňra ötünç sorap, ýoluny dowam etdirýär.

* * *

Bir adam başga birinden:

— Maňa ýagşy häsiýetli aýalyň nähili bolýandygyny sypatlandyr? — diýip soranda, ol adam:

— Ýumşak häsiýetli, adamsyna wepaly, onuň bir diýenini iki gaýtalatmaýan, adamsy bar wagty dünýewi ýaşaýyşda ýaşaýan, adamsy ýok wagty ahyrýeti ýatlap ýaşaýan aýal ýagşy häsiýetli aýaldyr — diýip jogap berýär.

* * *

Giň maňlaý akmak, uly maňlaý kemakyl, kiçi maňlaý ýumşak häsiýetli, dar maňlaý bolsa gaharjaň adama mahsusdyr. Eger adamyň gaşy goşuk we göni bolsa ol adam ejiz we aýal häsiýetlidir. Eger adamyň gaşy burnuna tarap uzap gidýän bolsa, ol adam ýumşak häsiýetli we akyllydyr. Gaşlary uzalyp giden adama tekepbirlik häsiýeti mahsusdyr.

* * *

Eger adamyň gözi kiçi bolsa, onda ol adama ähli erbet häsiýetler mahsusdyr. Eger adamyň gaşy gözüne düşüp duran bolsa, ol adama içigaralyk häsiýeti mahsusdyr. Orta gözli adam gowy häsiýetlidir we düşünjelidir. Gözi hanasyndan çykyp duran adam köplenç akyly çaşandyr. Gözi çukur adama gabanjaňlyk häsiýeti mahsusdyr. Gözüň görejiniň uly bolmagy akmaklygyň alamatydyr. Gözüň uly we göreçleriň giň bolmagy ýeňilkelleligiň alamatydyr.

* * *

Gulagy tüýlek adamyň eşidişi gowy bolýar. Gulagy uly adam akmak we tekepbir bolýar.

* * *

Bekr ibn Abdylla (goý, Alla ondan razy bolsun!) göwresi daýaw kuwwatly adamdy. Emma Allatagalany ýatlan wagty Allanyň gazabyndan gorkusyna bir gysym bolýardy.

* * *

Bir gün emewiler halypasy Omar ibn Abdyleziz ýaş oglanka, terbiýe berýän mugallymy Salyh ibn Kisaýynyň ýanyna gelmeli wagtyndan giç gelýär. Mugallymy ondan näme üçin gijä galandygyny soranda, ol saçyna timar berendigini we şol sebäpli gijä galandygyny aýdýar. Bu habar Omar ibn Abdyleziziň kakasyna baryp ýetende, ol Omaryň saçyny syrmagy emr edýär.

* * *

Kagp Ahbar: «Allatagala husny-jemaly ýaradanda ony on bölege bölýär. Onuň dokuzsyny Adam alaýhyssalama berýär. Galan bir bölegiň ýarysyny Ýusup alaýhyssalama berýär. Soňky ýarym bölegi bolsa, galan adamlaryň arasynda paýlaýar» diýýär.

* * *

 Hasan Basrynyň ogly Abdylla atyny satmak üçin bazara çykýar. Ol atyna ýüz dirhem baha kesýär. Bir adam ondan:

— Illeriň aty ýigrimi bäş dirhemden geçenok-la, sen bolsa atyňa ýüz dirhem soraýarsyň. Seniň atyň olaryňkydan name tapawudy bar? — diýip soranda, Abdylla:

— Adamlaryň sakalyna görä baha kesilişi ýaly men hem atyma onuň akylyna görä baha kesýärin — diýýär.

Abdyllanyň sözleri alyjynyň göwnünden turýar. Ol iki ýüz dirhem töläp, Abdyllanyň atyny satyn alýar.

* * *

 Jahyz: «Adamy ilki göreniňde, oňa daşky sypatyna görä baha berýäň. Oňa «gözleriň tanyşlygy» diýilýär. Emma az-kem gürleşeňden soň, «kalplaryň tanyşlygy» bolup geçýär. Ynha, şol tanyşlyga hakyky tanyşlyk diýse bolar» diýýär.

  

* * *

 Emewiler halypasy Abdylmälik aýaly Ryta bint Apbasa saçyny kesmegi emr edýär. Emma Ryta saçyny kesmekden boýun gaçyrýar. Abdylmälik oňa:

— Ýa-ha saçyňy kes, ýa-da talak bolarsyň. Iki ýoluň birini saýla, başga ýol ýok — diýýär.

Onda Ryta:

— Seniň bilen ýaşap, «Saçy kesilen» adyny alanymdan sensiz ýaşanym gowudyr — diýýär.

* * *

 Bir ýaş ýigit ýolda geçip barýan gelne lak atyp: «Eý, gözel gyz, name üçin seniň dodaklaryň ýarylypdyr?» diýende, ol gelin: «Injir hem ýagşy bişende, şiresi içine sygman ýarylýar» diýip jogap berýär.

* * *

 Iki häsiýet, ýagny köp geplemek we nebsiňe buýrup bilmezlik adamy masgaralyga elter.

* * *

 Ýagşy gylyk-häsiýetli aýala öýlenmek nygmatdyr. Ýagşy aýal saňa zeminde berlen hüýrdir. Şeýle aýala öýlenen adamyň zehini açylar, gaýgý-gamy bolmaz we uzak ýaşar.

 Ýagşy aýaly täç etmeli başyňa,

 Şeýle hatyn ömür goşar ýaşyňa.



[1]Muhammet ibn Abbat ibn Habyp Mahlaby Basranyň emiri. Ol sahylygy we jomartlygy bilen meşhur bolan adam. Ol 214-nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[2]Lebaba bint Abdylla ibn Apbas ibn Abdylmuttalyp. Welit ibn Ataba ibn Abu Sufýanyň aýaly. Ol iň owadan aýallaryň biridir. Ony görenler haýran bolup, akyl-huşuny ýitirip, öýüniň daşyndan pyrlanyp başlardylar.

[3]Abu Isa ibn Reşit Ahmet ibn Reşit. Käbir adamlar oňa Salyh-da diýerdiler. Ol Harun Reşidiň gyrnak aýalyndan doglan ogly. Ol örän owadan ýüzli, şirin owazly şahyr oglandy. Şol döwrüň meşhur aýdymçysy Ybraýym ibn Mäti : “Menden soň ýagşy owazly aýdymçylaryň biri Abu Isadyr” diýýär. Mamun ony diýseň gowy görýärdi. Ol Abu Isany halypalyga taýýarlaýardy. Abu Isa ýekegapan awlamagy halaýardy. Mamun 204-nji hijri ýylynda Kufa häkim bellenýär. 207-nji hijri ýylynda ol adamlar bilen haja gidýär. Bir gezek ol awa gidende atdan ýykylyp, kellesine şikes ýetýär. 209-njy hijri ýylynda kellesine ýeten zeperden wepat bolýar. Onuň jynazasyny Mamunyň özi okaýar. Abu Isa wepat bolandan soň, Mamun uzak wagtlap iýip-içmeýär we ukusyndan mahrum bolýar.

[4]Abdylla ibn Rabyg ibn Ubeýdylla ibn Abdylla ibn Rabyg ibn Zyýat Harysy Medeni. Ol Abu Apbas Saffahyň daýysydyr. Apbaslylar döwletiniň ýakyn adamsy we Mansuryň egindeşi. 145-nji hijri ýylynda Mansur ony Medinä häkim belleýär we 146-njy hijri ýylda ony häkimliginden aýyrýar. Ol Mätiniň döwrüne çenli ýaşaýar.

[5]Abu Muhammet Rabyg ibn Süleýman ibn Abdyljepbar ibn Kämil Myrady. Ol ymam Şafygynyň egindeşidir. 174-nji hijri ýylynda Müsürde dogulýar we 270-nji hijri ýylynda şol ýerde wepat bolýar. Ygtybarly hadys gürrüň beren adamlaryň biri.