ÝIGRIMI ALTYNJY BAP: DIN WE ONUŇ BILEN BAGLANYŞYKLY NAMAZ, ORAZA, HAJ, SADAKA BERMEK HEM-DE BEÝLEKI DÜRLI YBADATLAR HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝIGRIMI ALTYNJY BAP: DIN WE ONUŇ BILEN BAGLANYŞYKLY NAMAZ, ORAZA, HAJ, SADAKA BERMEK HEM-DE BEÝLEKI DÜRLI YBADATLAR HAKYNDA

Zeýt ibn Arkam[1]: «Muhammet alaýhyssalam: «Lä ilähä illallah» (Alladan başga Taňry ýokdur) diýip, ýürekden aýdan adam jennete girer diýdi» diýip gürrüň berýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) ogluna: «Eý, oglum! Eger Allatagaladan başga-da Hudaý bolan bolsa, olaryň ählisiniň pygamberleri bolardy. Biz olaryň sypatlaryny, edýän işlerini bilip oturardyk. Emma berk bellegin. Alla ýekedir we ol ebedidir» diýip, öwüt-nesihat edýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Iman adamyň kalbynda emele gelýär. Adam haýyr işler etse, imany güýçlenýär. Şer işler etse weli, imany azalmak bilen bolýar» diýýär.

* * *

Hezreti Alydan (goý, Alla ondan razy bolsun!):

— Allanyň ýeke-täkligi we adyllylygy hakynda näme aýdyp bilersiň? — diýip soranlarynda, ol:

— Allanyň ýeke-täkligini hiç hili şübhe, adyllygyny bolsa hiç bir töhmet gizläp bilmez — diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Adam Allany nähili göz öňüne getirse, ol onuň tersinedir» diýýär.

* * *

Bir dana: «Adam Allanyň şekliniň nähilidigini biljek bolman, onuň bardygyna, ýeke-täkdigine ynanmalydyr we oňa ybadat etmelidir» diýýär.

* * *

Bir adam Hezreti Alydan:

— Sen Rebbiňi görýärsiňmi? — diýip soraýar.

Hezreti Aly:

— Sen näme men ony görmesem ybadat eder öýdýärsiňmi? — diýip, onuň özüne sorag bilen ýüzlenýär.

Ol adam Hezreti Alydan:

— Sen ony nädip görýärsiň? — diýip soranda, Hezreti Aly:

— Rebbiňi görmek üçin göz däl-de, imana ýugrulan ýürek gerekdir. Men ony kalbym bilen görýärin. Esasy zat sagat düşünjäň we dury akylyň bolmalydyr — diýip jogap berýär.

* * *

Hezreti Alydan Allatagalanyň sypatlary hakynda soranlarynda, ol: «Onuň nirededigini, näme edýändigini bilýän ýok. Ony gözi bilen gören ýok. Emma ol bardyr we ebedidir» diýýär.

* * *

Kim Rebbini tanasa beýgeler, özüni tanasa peseler.

* * *

Mujahyt: «Alla birdir we ondan başga Taňry (Hudaý) ýokdur» diýen, sözler şeýtan üçin eşitmesi iň agyr degýän sözlerdir» diýýär.

* * *

Hasan Basry: «Bu dünýädäki ähli zatlar Allanyň ýazgydy boýunça ýöreýändir» diýen adam dogruçyldyr» diýýär.

* * *

Hasan Basry: «Günä we ýalňyş işi edeniňizde «Bu Allanyň ýazgydydyr» diýmäň. Özüňiz we şeýtan hakynda-da oýlanyň» diýýär.

* * *

Musa alaýhyssalam: «Eý, Rebbim! Men seniň ýanyňa nädip ýetip bilerin?» diýip soranda, Allatagala: «Meniň ýanyma ýetmek üçin seniň meni hemişe ýatlamagyň ýeterlikdir» diýýär.

* * *

Isa alaýhyssalam: «Adam ýürekden Allatagala öwgi aýdan mahaly, Allatagala ybadat etmegiň lezzetini duýar» diýýär.

* * *

Kubat Piruz[2]: «Yslam dini ynançdyr, sütündir, ýaman işlerden goragdyr, duşmana garşy ýaragdyr» diýýär.

* * *

Buzurgmehr öldürilende ýanyndan bir kagyz bölejigini tapýarlar. Bu kagyzda: «Adam ilki bilen Allany tanamalydyr we oňa ynanmalydyr. Soňra bolsa günä işlerden daşda durmalydyr» diýip ýazylgydy.

* * *

Abdylla ibn Mesgut: «Muhammet pygamber: «Birnäçe adama jemagat diýlişi ýaly, hakykatyň tarapdary bolýan bir adama hem jemagat diýmek bolar» diýdi» diýip gürrüň berýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Men ymmatymyň dogry we hak sözden daşlaşmagyndan gorkýaryn» diýýär.

* * *

Sufýan ibn Söwri: «Adamyň kalbynda hakykat orun tutanda, ol adam ýagşy işler eder we jennete girer. Adamyň kalbynda ýalançylyk orun tutanda, ol adam ýaman we günä işleri eder, dowzahdan özüne mekan tutunar» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Bir gün gije Deçjal hakynda gürrüň edip otyrdyk. Muhammet alaýhyssalam biziň ýanynymyzda uklap ýatyrdy. Birden ol tisginip turdy. Onuň gözi gyzarypdy. Ol bize: «Adamlary ýalňyş ýol bilen alyp gitjek ymam (ýolbaşçy), Deçjaldan hem gorkunçdyr» diýdi» diýip gürrüň berýär.

* * *

Sabur Erdeşiriň[3]döwründe Alla ynanmaýan dinsizler ýüze çykýar. Olaryň ýolbaşçysy Many ibn Betekdi. Erdeşir olary yslam dinine çagyrýar. Olar ret edýärler. Erdeşir olaryň ählisini öldürmegi emr edýär. Başga Pars şalary hem dinsizleri öldürmegi dowam edýärdiler. Kubat Piruzyň döwründe Mazdak atly dinsiz özüniň dinini döredýär. Ol zynany we adamlary talamagy halal hasaplaýar. Kubaz hem ilki onuň dinini kabul edýär. Emma soňra pikirinden dänýär. Bu habary eşiden Anuşirwan Kubazyň ýanyna gelýär we ony hem-de onuň egindeşlerini öldürdýär. Ol ömrüniň ahyrynda oglunyň dogry ýoldan azaşmagyndan gorkup, oňa: «Eý oglum, Allatagala ybadat et. Onuň ýolundan dönmegin. Allanyň ýolundan dönenlere dogry ýola düşmegi ündegin. Eger dogry ýola düşmeseler ýurdy olardan arassalagyn. Seniň bu haýyr-sogap işiňde Allanyň özi ýardam bersin» diýýär.

* * *

Rabyga Adawyýa gije-gündiziň dowamynda müň rekat namaz okar eken. Ol namazy sogap üçin däl-de, diňe Allatagala ybadat etmek üçin okardy. Muhammet alaýhyssalam ondan öňki geçen ähli pygamberlere: «Meniň ymmatymdan bolan aýalyň gije-gündiz näme bilen meşgul bolýanyna serediň» diýýärdi.

* * *

Bir gezek Muhammet alaýhyssalam Kagp ibn Mälige[4]: «Eý, Mälik Rebbiňi ýadyňdan çykarma. Alla ýatdan çykarylan öýden bereket göteriler» diýýär.

* * *

Saýyp ibn Ýezit[5]: «Günleriň birinde daýzam meni Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna alyp gitdi. Muhammet meniň başymy sypady we meniň üçin dileg etdi. Soňra ol täret kyldy. Men onuň täret kylan suwundan içdim. Men pygamberiň arkasynda möhür ýaly gara şekili gördüm» diýýär.

* * *

Musa alaýhyssalam ýüze çykanda, Sokrat: «Pygamberler haýsydyr bir ýoldan çykan kowumy ýola salmak üçin gelýärler. Biz ýunanlylar edep-ekramly, ylymly millet. Biz kimdir biriniň bize edep öwretmegine mätäç däldiris» diýýär.

* * *

Jahyz: «Talha ibn Huweýlit Esedi[6]we Sijah bint Ykfan ýaly özlerini pygamber diýip yglan edip, birnäçe adamy öz tarapyna çekip, soňra özleriniň ýalňyşyna düşünen başga adam hakynda men entäk eşidemok» diýýär.

* * *

Sijah bint Harys ibn Suweýt ibn Ykfan Temim adamlardan saýlanmak üçin özüni pygamber diýip yglan edýär. Onuň daşyna adamlar ýygnanýar. Hatda ol goşun jemläp Abu Bekriň garşysyna gazawata çykmakçy bolýar. Başga bir özüni pygamber saýýan Museýleme Kezzap Sijahdan öler ýaly gorkýar. Ol Sijaha sawçy goýberýär we oňa öýlenýär. Sijah onuň bilen az wagt ýaşandan soňra doganlarynyň ýanyna Jezirä dolanýar. Sijah doganlarynyň ýanyndaka ol Museýleme Kezzabyň öldürilendigini eşidýär. Soňra ol toba edýär we yslam dinini kabul edip, Basra göçýär we şol ýerde 54-nji hijri ýylynda aradan çykýar.

* * *

Allatagala Muhammet alaýhyssalamy misli nur saçýan aý ýaly ýaratdy.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Gurhany Kerimde sizden öňküleriň habary, geljegiňiz hakyndaky habar we siziň nähili ýaşamalydygyňyzyň kada-kanuny bardyr» diýýär.

* * *

Bir adam Ibn Apbasdan: «Gurhanyň daşyny altyn ýa-da kümüş bilen bezeseň bolýarmy?» diýip soranda, ol: «Gurhanyň içindäki sözler altyn-kümüşden gymmatly bezegdir» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Allatagalanyň kitaby bolmadyk öý iň garyp öýdür» diýýär.

* * *

Şagby: «Gurhana düşündiriş berip bilýän adam, Allatagalanyň adyndan gürleýändir» diýýär.

* * *

Muhammet ibn Abu Muhammet Ýezidi her gün daň bilen halypa Mamunyň ýanyna gelip, onuň bilen ertir namazyny okar eken. Soňra ol Mamuna Gurhandan otuz aýat ýat tutdurar eken.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) Gurhandan «Bakara» süresini ýatlanda, janly öldürip, garyp-gasara paýlar eken.

* * *

Hasan Basry: «Özüni we ylmyny Allatagalanyň kitabyny öwrenmäge bagyşlan adama Alla rehim edýär. Allatagala onuň ylmyna ylym goşýar. Ol adamyň işi rowaç alýar» diýýär.

* * *

Fazyl: «Eger Gurhany ýatlan adam günä işiň golaýyndan barsa, Gurhandan ýatlan sözleri onuň bedeninden çykyp: «Şeýle etmek üçin sen meni ýatladyňmy?» diýip sorar» diýýär.

* * *

Enes: Muhammet alaýhyssalam maňa: «Eý, Enes! Gurhan okalanda gije bolsun, daňdan bolsun, ünsüňi sowup irkilme. Gurhan ölen duýgusyz ýüreklere jan berip, adamy görner-görünmez bela-beterden goraýandyr» diýdi diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Allatagalanyň kitaby nurdur, şypadyr, halasgärdir, okalanda özüne çekijidir. Ony okan adam sogap gazanar. Amal eden adam jennete girer» diýýär.

* * *

 Ýene-de Hezreti Aly: «Gurhanyň nury hiç haçan öçmez, ajaýyplygy, geňligi ahyrýete çenli dowam eder. Ähli zulumdyr sütemi onuň bilen ýeňip bolar» diýýär.

* * *

Sufýan ibn Söwri remezan aýy gelende ähli ybadatlaryny taşlap diňe Gurhan okar eken.

* * *

Mälik ibn Enes remezan aýy gelende gürrüňden, ylymly adamlaryň mejlisinden gaçyp, metjitde Gurhan okardy.

* * *

Abu Hanypa we Şapygy remezan aýynda Gurhany altmyş gezek hatm ederdiler.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Gurhany okap, wepat bolandan soň dowzaha düşen adam, Gurhanyň sözlerini degişme diýip kabul edendir» diýýär.

* * *

Allatagala Musa alaýhyssalama: «Muhammediň kitaby ýaly lezzetli kitap ýokdur. Bu kitap süýt içeniňde ýagyň çykyşy ýaly, ony okanyňda lezzet alýarsyň» diýýär.

* * *

Bir adam Selim Hawwasa:

— Men Gurhan okaýan welin, hiç hili lezzet alamok — diýýär.

Onda Selim:

— Sen Gurhany okanyňda edil Muhammet alaýhyssalam saňa Gurhan okap berýän ýaly duý — diýýär.

Ol adam azrak lezzet alandygyny aýdýar.

Selim:

— Onda sen Gurhany Jebraýyl perişdeden eşidýän ýaly bolup oka. Sebäbi, Gurhany Alladan Muhammede ýetiren Jebraýyldyr — diýýär.

Ol adam Gurhany okap öňküden köpräk lezzet alandygyny aýdýar. Onda Selim:

— Sen Gurhany okanyňda Allatagalanyň hut özi saňa bu sözleri aýdýan ýaly göz öňüne getir — diýýär.

Ol adam bu gezekden soň Gurhandan doly lezzet alandygyny aýdýar.

* * *

Abu Süleýman Darany: «Bir güni öýümiň öňünde Gurhan okap otyrkam, meniň ýanyma Salyh ibn Abdyjelil geldi. Ol meniň gapymyň agzynda Gurhan okap oturanymy görüp: «Tur-da, Gurhany öýüň içinde oka. Çünki, Gurhan okanyňda nur ýagýar. Goý, şol nur öýüň içine ýagsyn» diýdi» diýýär.

* * *

Şagby: «Gurhany adamyň dili okaýar, gulagy ony eşidýär, ýüregi bolsa oňa düşünýär» diýýär.

* * *

Allanyň bendesi üçin iň ýagşy zat dik durup Gurhany okamakdyr. Bir adam öňünde Gurhany goýup, dileg edip oturan gedaýdan:

— Öňüňde Gurhany goýup, dileg etmäge utanaňokmy? — diýip soranda, ol:

— Meniň ýerime sen bolan bolsaň, Gurhany öňüňde goýup, sag tarapyňda Jebraýyly, çep tarapyňda bolsa, Mikaýyly oturdyp dileg ederdiň — diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Allatagala ýeri ýaratmazyndan ozal «Taha» we «Ýasyn» sürelerini okaýar. Gurhanyň bu sürelerini eşiden perişdeler: «Şu kitap injek ymmata aperin. Şu süreleri ýatlajak adamlara aperin. Şu sözleri aýtjak dillere aperin» diýýärler» diýip gürrüň berýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Demiriň ereýşi ýaly, ýüregi hem eredip bolýandyr» diýýär. Adamlar ondan: «Eý, Resulalla! Ýüregi nähili eredip bolýar? — diýip soranlarynda, ol:

— Gurhany okamak we ölümiňi ýatlamak bilen — diýip jogap berýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Gurhany okasaň ol seni köp bela-beterden gorar. Eger goramasa onda sen Gurhany okan dälsiň» diýýär.

* * *

Sufýan ibn Söwri: «Adam Gurhan okanda, perişde gelip onuň iki gözüniň arasyndan ogşaýar» diýýär.

* * *

Amr ibn Meýmun: «Kim-de kim ertir namazynda ýüz aýat okasa, Allatagala oňa dünýäň ýüzündäki ähli adamlarynyň bir günde gazanjak sogabyny berer» diýýär.

* * *

Meýsere: «Iň erbet zatlaryň biri, zalym, şerraý adamyň ýanynda Gurhan götermegidir» diýýär.

* * *

Gurhany ýanynda göterýän adam arassa bolmalydyr. Ol gykylyk-galmagaldan, jedelden daşda durmalydyr. Ýumşak we geçirimli häsiýetli bolmalydyr.

* * *

Ibn Mesgut: «Gurhanda aýdylýan kyssalary adamlar sapak edinmelidir. Onda aýdylýan halal, parz işleri ýerine ýetirip, haram, şer işlerden daşda durmalydyr. Käbir adam Gurhany başdan-aýak okaýar, emma ondaky zatlary amal etmeýär» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Musulman adam namazda dik durka Gurhan okasa, oňa ýüz esse sogap ýazylýar. Eger ol namazda oturan ýagdaýda Gurhan okasa, onda oňa elli esse sogap ýazylýar. Eger ol namazdan başga wagt täret kylyp, Gurhan okasa oňa ýigrimi bäş esse sogap ýazylýar. Eger ol täretsiz ýatdan Gurhan okasa, oňa on esse sogap ýazylýar» diýýär.

* * *

Ibn Apbas: «Gurhany gyssanman ýuwaşjadan labyzly edip okamak sogapdyr. Resulalla Gurhan okanda onuň her bir aýdýan harpyny aýdyň eşitmek bolýardy» diýýär.

* * *

Gurhan okanyňyzda aglaň. Eger aglap bilmeseňiz aglansyraň.

* * *

Salyh Merri: «Men bir gün düýşümde Resulalla Gurhan okap berdim. Ol maňa: «Eý, Salyh! Gurhany okadyň welin hany gözýaşyň?» diýdi» diýip, gürrüň berýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Gurhany Kerim ýere gam-gussa bilen inendir. Şonuň üçin hem Gurhany gam-gussa bilen okaň» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Kim-de kim ertir namazyna tursa, namazda Gurhany daşyndan sesli okasyn. Şeýle edende onuň sesini eşiden bu öýüň ýaşaýjylary we perişdeler onuň bilen bile namaza durarlar» diýýär.

* * *

Osman ibn Awwan (goý, Alla ondan razy bolsun!) okap-okap iki sany Gurhany ýyrtýar (ýyrtylýar).

* * *

Sahabalar Gurhan okaman geçiren günlerine gynanar — ýigrener ekenler.

* * *

Bir gün Äşe (goý, Alla ondan razy bolsun!) Muhammet alaýhyssalamdan:

— Men bu gün bir adamyň şeýle şirin owaz bilen Gurhan okanyny eşitdim — diýýär.

Onda Muhammet alaýhyssalam:

— Ol Abu Huzeýfäniň[7]hyzmatkäri Selimdir[8]. Şeýle adamlary meniň ymmatymdan edip ýaradanlygy üçin Allatagala bihasap şükür — diýýär.

* * *

Ekreme ibn Abu Jehl kakasyna lagnat aýdýar eken. Onuň kakasy Gurhany bilgeşleýin ýalňyş okardy. Ekreme kakasyna: «Eý, atam! Bu Allanyň sözleri ahyryn» diýerdi.

* * *

Öňki dindar adamlar Gurhany okanda ýüregine sanjy, bedenine titreme aralaşmasa, okan süresini täzeden okar ekenler.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Ylymsyz edilen ybadatdan, amalsyz okalan Gurhandan haýyr ýokdur» diýýär.

* * *

Mälik ibn Dinar: «Eý, möminler! Gurhan okanyňyzda, ol sizde hiç hili täsir galdyrsa, Gurhanda aýdylýan zatlary ýüregiňize ornaşdyryň. Şonda mes topraga ekilen dänäniň hasyl berşi ýaly, ol hem size hasyl berer» diýýär.

* * *

Japar Sadyk: «Allatagalanyň sözleri adamlara indermegi iň beýik işdir we adamlaryň onuň ýaradan mahluklarynyň iň ezizidiginiň delilidir. Emma köp adam muňa göz ýetirip bilenok» diýýär.

* * *

Sabyt Bennany: «Ýigrimi ýyllap Gurhany ýanymda göterdim we ýigrimi ýyllap bereket tapdym» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Imanyň tugy namazdyr. Namazyny geçirip gynanan musulman mömindir» diýýär.

* * *

Alymlar: «Bende namazda sejde eden wagty Allatagala ýakyn bolýandyr, ýagny ol Allatagalanyň edil öňünde sejde edýändir» diýdiler.

* * *

Äşe (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Biz (aýallar) Muhammet alaýhyssalam bilen gürleşýärdik, degişýärdik. Ol hem biziň bilen şeýledi. Haçan-da namazyň wagty gelende ol bizi, biz hem ony tanamaýan ýaly bolardyk» diýýär.

* * *

Abu Süleýman Darani: «Men ýigrimi ýylyň içinde hiç şeýtany bolup görmändim. Mekgä gelenimde bir mejlisde bu barada gürrüň berdim welin, şol gije ýatanymda şeýtany boldum we ertir namazyny kaza goýmaly boldum» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) haýsydyr bir günä iş hakynda oýlansa-da, yzyndan iki rekat namaz okar eken.

* * *

Hezreti Alynyň ogly Hasan namaz okamak üçin täret kylandan soňra, durky bilen üýtgäp, düýbünden başga adam bolardy. Ondan munuň sebäbini soranlarynda: «Allatagalanyň gaşyna barmak üçin başga adam bolmalydyr» diýip jogap berýär.

* * *

Temim taýpasyndan bolan bir ýaşuly: «Bir gezek Sufýan ibn Söwri biziň bilen namaz okanynda ymam boldy. Ol «Fatyha» süresini okap ortasyna ýetende aglady. Ýene-de yzyny dowam etdirdi we ýene-de aglady. Namaz gutarýança şeýle ýagdaý birnäçe gezek gaýtalandy. Namazdan soňra ol: «Meniň ýaly adamlar ymam goýulmasa gowy» diýdi we şondan soňra ömrüniň ahyryna çenli ymam bolmady» diýýär.

* * *

Bereket Azady: «Bir gezek Makhum meniň öýümde täret kyldy. Men oňa el-ýüzüni süpürmek üçin ýaglyk berenimde, ol donunyň bir ýany bilen el-ýüzüni süpürdi-de: «Täretiň suwy bereketdir. Goý, ol bereket meniň eşigime siňsin» diýdi» diýip, gürrüň berýär.

* * *

Hasan Basry: «Namaza täret kylanyňda ýüzüň suwuny we namazda durkaň gözýaşyňy süpürme. Täret suwy we gözüň ýaşy Allatagalanyň öňünde ýüzüň nurudyr» diýýär.

* * *

Bir çarwa namazyny çalarak, tiz-tiz okap yzyndan: «Eý Allam! Meni hüýrleriň birine öýer» diýip, dileg edýär. Ony başdan-aýak synlap oturan Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Gudaçylyga bardyň welin entäk galyň tölemediň» diýýär.

* * *

Bir gezek Abu Ýusup apbaslylar halypasy Mütewekkiliň ýanyna barýar. Olar dürli ylymlar we şerigat hakynda pikir alyşýarlar. Mütewekkil Abu Ýusupdan:

— Eger bir adam namaz okaýan wagty ýanynda goýan egin-eşigine ýa-da, münüp gelen ulagyna seredip namazdan ünsüni sowsa, näme etmeli? — diýip soraýar.

Abu Ýusup:

— Täzeden okaýmaly? — diýýär.

Onda Mütewekkil:

— Ýene-de şeýdip ünsüni bölse, näme etmeli? — diýip soraýar.

Abu Ýusup:

— Ýene-de täzeden okamaly — diýip jogap berýär.

Mütewekkil:

— Eger ol ýene-de ünsüňi namazdan bölse näme? — diýende, Abu Ýusup:

— Onda ol adam namaz okanokda, aw edýändir — diýýär.

* * *

Enes: «Muhammet alaýhyssalam ýaly namaz okaýan, sejdä gidende Resulalla ýaly on gezek tesbi aýdýan ýekeje adam bardy. Ol hem Omar ibn Abdylezizdir. Ol sejdede ýigrimi gezek tesbi aýdardy» diýýär.

* * *

Huzeýfa ibn Ýeman: «Muhammet pygamber: nämedir bir zat ünjä goýsa, namaza durardy» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Şeýtan bäş wagt namazyny okaýan adamyň ýanyna golaýlaşmaga gorkýandyr. Ol adam namazyny taşlasa, şeýtan onuň üstüne topulyp, süňňüne ornaşýar» diýýär.

* * *

Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Eý halaýyk! Ýanyp duran ody öçürmäge çalyşyň, ýagny namaz okap, haýyr işler edip dowzahdan daşlaşyň» diýýär.

* * *

Wahyp ibn Ward: «Hemme zatlara seredip, öwrenip Gurhan ýaly özüne çekiji, okamasy lezzetli, ýüreklere gaýgy-gam aralaşdyrýan zat görmedik» diýýär.

* * *

Müslim ibn Ýasar öýünde namaz okajak bolsa, ol öýündäkilere: «Gürleşiň, men siziň gürrüňiňizi eşidemok» diýer eken. Onuň maşgalasy Müslim namaza durdugy gürleşip başlardylar. Müslim namaz okanda ýanynda ot ýakar eken. Ol şeýdip dowzahy ýatlap, namazda ünsüni bölmezdi.

* * *

Mugawyýa ibn Kurra[9]Müslim ibn Ýasardan:

— Men sen namaz okaýarkaň, ünsüňi böleňok diýip eşitdim. Sen nähili edip ünsüňi bölmän namaz okap bilýärsiň? — diýip soraýar.

Onda Müslim:

— Ýürekde ünsüňi bölmeseň, göz ünsüni bölmez — diýip jogap berýär.

* * *

Abdylla ibn Galyp ertir namazyny ýüz rekat okar eken.

* * *

Kagp: «Kim-de kim iki rekat namaz okasa, oňa berilýän sogaby iň uly dagdan uludyr we ol sogaby hiç bir kagyzyň ýüzüne ýazyp sygdyryp bolmaz» diýýär.

* * *

Ibn Zubeýr namaz okanda onuň kellesine kepderiler gonup oturardy. Ybraýym Şerik[10]namaz okanda guşlar onuň üstünde haýatda oturan ýaly oturardylar.

* * *

Namazyň bir rekatynda Gurhany hatm eden dört adam bardyr. Olar: Osman ibn Awwan, Temim Dary, Sagyt ibn Jübeýr we Abu Hanypadyr (goý, Alla olardan razy bolsun!)

* * *

Sufýan ibn Söwri: «Kimdir biriniň ybadat etmäge höwesiniň bardygyny görseň, ony öz gününe goý» diýýär.

* * *

Mujahyt: «Kimdir biri namaz okap, sejde eden mahaly nämedir bir zatdan tutsa, tutan zady ol adama lagnat aýdar» diýýär.

* * *

Halaf ibn Eýýup namaz okap otyrka ýüzüne siňek gonsa kowanokdy. Adamlar ondan:

— Nädip siňegi kowman sabyr edip bilýäň? — diýip soranlarynda, ol:

— Meniň bilşime görä pasyk adamlary gamçy bilen uranlarynda sesini çykarmasa, sabyrly diýer ekenler. Men bolsa Rebbimiň gaşynda durkam haýsydyr bir siňegiň gonanyna sabyr etmäýinmi? — diýýär.

* * *

Abu Sufýan ibn Awwafa[11]: «Ak lybas geýip namaz okap duran adam ýaly görk-görmekli zat ýokdur. Ol bu ýagdaýda ap-ak perişdä meňzeýändir» diýýär.

* * *

Hasan Basry: «Muhammet alaýhyssalamyň ymmatynda onuň gyzy Patma ýaly köp ybadat eden adam ýokdur. Ol ertirden agşama çenli aýagyndan ysgyn-mydar gidýänçä namaz okardy» diýýär.

* * *

Bir çarwa täret kylanda ilki ýüzüni, soňra el-aýagyny, iň soňunda-da owratyny ýuwar eken. Adamlar ondan: «Näme üçin beýle edýäň?» diýip soranlarynda, ol: «Ýüzümden öň erbet ýerimi ýuwasym gelenok» diýip jogap berýär.

* * *

Bir çarwa namaz okamasyny goýýar. Bu habary eşiden Hezreti Aly onuň ýanyna gamçyly barýar we namaz okamagy buýrýar. Çarwa Hezreti Alynyň göz öňünde namaz okaýar. Hezreti Aly ondan:

— Öňki okaýan namazyň haýyrlymydy ýa-da, şu wagtky okan namazyň? — diýip soraýar.

Onda çarwa:

— Öňki okanym — diýýär.

Hezreti Aly ondan:

— Näme üçin? — diýip soranda, ol:

— Öň Allatagalanyň razylygyny gazanmak üçin okaýardym. Häzir bolsa seniň gamçyňdan gorkunjyma, seniň razylygyňy gazanmak üçin okadym — diýip jogap berýär.

Hezreti Aly onuň beren jogabyna gülüp goýberýär.

* * *

Ibn Mesgut: «Şeýtan imany gowşak, ünssüz adamlaryň boýnuna ýüp atýar. Haçan-da olar namaza duranda, şeýtan olaryň boýnundaky ýüpi saga-çepe, aşak-ýokaryk çekip, namazdan ünsüni sowmaga çalyşýar» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Musulmanlar bäş wagt namazyny bedeni arassa bolup, wagtly-wagtynda ýerine ýetirse, kyýamat güni olar nur saçyp durarlar we okan namazlary olara kepil geçer. Namazlaryny terk eden adamlar bolsa gabryndan Pyrgaun we Haman bilen bile çykarlar» diýýär.

* * *

Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!) namaz wagty gelende: «Eý halaýyk! Ýanyp duran ody öçürmäge aýaga galyň» diýip gygyrardy.

* * *

Ibn Mesgut: «Namaz ölçegdir. Namazyň sogaby näçe köp bolsa, kyýamat güni mizan terezisiniň haýyr-sogap tarapy şonça agyr geler» diýýär.

* * *

Sagyt ibn Museýýip: «Namazda sejde etmek ýaly adama haýyrly zat ýokdur. Sejde musulmany Allatagala ýakyn edýär» diýýär.

* * *

Ibn Apbas: «Boş, ünssüz ybadat edeniňden ýürekden iki rekat namaz okanyň haýyrlydyr» diýýär.

* * *

Bir sopudan:

— Namazda eliňi gowşuryp dursaň gowumy ýa-da eliňi goýberip dursaň — diýip soranlarynda, ol:

— Namazyňdan ünsüňi bölmän, ýürekden okamak ýaňky aýdanlaryňyzdan has neplidir — diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Namazyňyzy okaň, ony terk etmäň, başardygyňyzdan köpeldiň. Kyýamat güni sizi dowzahyň odundan halas etjek zat namazdyr» diýýär.

* * *

Günleriň birinde Muhammet alaýhyssalam egindeşlerinden:

— Eger bir adam günde bäş gezek suwa düşünse (ýuwunsa), onda kir galarmy? — diýip soraýar.

Olar:

— Ýok — diýip jogap berýärler. Onda Muhammet alaýhyssalam:

— Namaz hem şeýledir. Bäş wagt namaz okan adamda günä galýan däldir — diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Zürýadyňyzyň maly-mülkine guwanman, onuň edep-ekramly, dindar bolup ýetişenligine guwanyň» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Namaza azan aýdylanda şeýtan şol şäherden otuz mil[12] daşlyga gaçar» diýýär.

* * *

Osman ibn Awwan (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Namaza azan aýdylanda musulmanlara: «Namaza hoş geldiňiz» diýerdi.

* * *

Bir gün azançy gün çykansoň: «Namaz ukudan haýyrlydyr» diýip, azan aýdyp namaza çagyrýar. Onuň azanyny eşiden bir aýal: «Beýle namazdan uky haýyrlydyr» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Agzyňy miswak[13] bilen arassalap okalan bir namaz, agzyňy arassalaman okalan ýetmiş namazdan haýyrlydyr» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam ukudan tursa, ilki bilen agzyny miswak bilen arassalardy.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Oraza aýynda iň haýyrly iş, agzyňy miswak bilen arassalamakdyr» diýýär.

* * *

 Ýene-de Muhammet alaýhyssalam: «Miswak agzyň arassalygy we Allanyň razylygydyr» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Agzyň arassalygy Allatagalanyň razylygyny gazanmagyň iň ýakyn ýoludyr» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Azançy azan aýdyp bolýança, Allatagalanyň goragyndadyr» diýýär.

* * *

«Şirin owaz bilen Alla ýoluna çagyrýanlar» diýip, aýdylan söz azançylar babatyndadyr.

* * *

Hadary: «Kyýamat güni azançynyň sesini eşiden her bir adam ýa-da her bir zat onuň jennete girmegini dileg eder» diýýär.

* * *

Enes: «Kim-de kim sap ýürekden azan aýdyp, onuň üçin sogapdan tamakin bolmasa, kyýamat güni ol adam jennetiň gapysynda gabryndan çykar» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Allanyň ýagşy bendeleriniň biri wepat bolanda, ýerde onuň bu dünýäde okan namazlary we eden haýyr işleri, asmanda bolsa onuň sogaplary ýas tutup aglar» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Zekat orazanyň esasy sütünidir» diýýär.

* * *

 Ýene-de ol: «Oraza tutýan günüň dowamynda iki wagtda şatlanýandyr. Agyz beklände we agyz açanda» diýýär.

* * *

Bir aýal: «Bir gün oraza tutan adam bir ýylyň dowamynda bereket tapar» diýip eşidýär. Ol irdenden tä öýläne çenli agyz bekleýär we: «Maňa alty aý bereket tapsam ýeterlik» diýip agzyny açýar.

* * *

Bir şäherli adamdan:

— Remezan aýyny halaýarsyňmy? — diýip soranlarynda, ol:

— Ýok, sebäbi men bu aý üçin on bir aý garaşýan. Bu aý bolsa derrew geçip gidýär. Ýene-de garaşmaly bolýandygym üçin men bu aýy halamok — diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Sogap gazanmak isleýän ýagşyzadalar remezan aýyny gowy görýändir» diýýär.

* * *

Zuhry: Muhammet alaýhyssalam remezan aýynda metjide gidip namaz, Gurhan okardy. Täret kylmak ýa-da başga işi bolmasa metjitden çykmazdy» diýýär.

* * *

Ata Horasany: «Namaz, Gurhan okaýan takwa adam misli özüni Allatagalanyň öňüne oklap: «Meniň günämi geçýänçäň ýerimden galman» diýýän adam ýalydyr.

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan söz açyp, ol: «Şeýle wagt geler, adamlar Alla ýolunda çykarmaly zekatyny hem kyn görüp, gysganyp başlarlar» diýdi» diýip gürrüň berýär.

* * *

Bureýde ibn Hasyp Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Zekat çykarmadyk kowumy Allatagala ygaldan mahrum eder» diýýär.

* * *

Muhammet ibn Hanapyýa: «Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Garyplary aç bolsa doýurmak, ýalaňaç bolsa geýindirmek üçin Allatagala baýlara zekat çykarmagy parz etdi. Garyplar bu dünýäde ezýet çekse, Allatagala zekat çykarmadyk baýlary o dünýäde dowzahyň oduna duçar eder» diýdi» diýip, gürrüň berýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalamdan:

— Eý, Resulalla! Nähili sadaka, zekat ýagşydyr? — diýip soranlarynda, ol:

— Garyba berlen we soňundan minnet edilmedik sadaka-zekat iň sogaply haýyr işdir — diýip jogap berýär.

* * *

Sadaka jennetiň galňydyr.

* * *

Şibliden [14]:

— Iki ýüz dirhemden näçe zekat çykarmaly — diýip soranlarynda, ol:

— Şerigat boýunça bäş dirhem. Alla yhlas edýän mömin bolsa hemmesini zekat çykarmaly — diýip jogap berýär.

* * *

Osman ibn Affan (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Allatagala bilen sadaka çykaryp sogap söwdasyny eden musulman diňe girdeji gazanar we söwdasy oňar» diýýär.

* * *

Eýýup Suhtyýany ýylda iki gezek zekat çykarardy. Ol bir zekatyny garyp-gasara paýlasa, ikinji zekady metjidiň ymamyna bererdi.

* * *

Bir eli şel bolan aýal Äşäň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýanyna gelýär. Äşe ondan nähili ýagdaýda şel bolandygynyň sebäbini soraýar. Ol:

— Meniň kakam sadaka berip, zekat çykarmagy gowy görýärdi. Ejem bolsa sadaka bermäni ýigrenýärdi. Ol ömründe iki gezek köne ýyrtyk mata bölegini we porsan ýag bölejigini sadaka berdi. Olar dünýäden ötenden soňra, men düýşümde ejemi gördüm. Ol sadaka beren köne mata bölejigi bilen owratyny ýapyp, suwsuzlykdan ýaňa porsan ýag bölejigini sorup durandygyny gördüm. Soňra kakamyň ýanyna gitdim. Ol şirin suwly howzuň başynda oturyp, musulmanlary suwsuzlykdan gandyrýardy. Men kakamdan bir käse suw alyp, ony ejeme getirip berdim we suwsuzlygyny gandyrdym. Ýokardan: «Kim-de kim, bu aýaly suwsuzlygyndan gandyran bolsa, goý, onuň eli şel bolsun» diýen ses eşidildi. Ukymdan oýananymda men seniň şu wagtky görýän halyňdadym — diýýär.

* * *

Bir aýal şähere bazara çykanda bir gedaý ondan zat dileýär. Ol aýal bazardan satyn alan etinden bir bölek berýär. Soňra öýüne gelip, ýaş çagasyny alyp adamsyna kömek bermek üçin ekin ýerine gidýär. Ol çagasyny mellegiň çüňkünde goýup, adamsyna kömek bermäge başlaýar. Şol wagt bir ýerden möjek çykyp, çaga agyz urýar. Ol aýal aglap:

— Eý, Allam! Meniň çagamy möjegiň agzyndan halas et — diýip, dileg edýär.

Möjek agzyndaky çaga hiç hili ezýet bermän ýerde goýýar we adam dilinde:

— Garyba sadaka beren lukmaň üçin men hem agzymdaky lukmany goýmaly bolýaryn — diýýär we gelşi ýaly zym-zyýat bolýar.

* * *

Bir gezek Muhammet alaýhyssalam goýun soýýar. Ol Äşä goýny garyp-gasara paýlamagy emr edýär. Äşe:

— Men goýnuň boýnundan galanyny paýladym. Goýundan diňe boýny galdy

— diýýär.

Onda Muhammet alaýhyssalam:

— Eý Äşe, sogaby doly gazanmak isleseň, onda goýnuň etiniň hemmesini paýla — diýýär.

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

Kimseler malyndan giden, zat üçin aglar,

Şol giden zatlar, soňunda bolar halasgär.

* * *

Nahgy: «Zulum edilen adam sadaka berse, bu sadaka ony bar bela-beterden, howp-hatardan gorap saklar» diýýär.

* * *

Bir adam gedaýa sadaka berýär we kabul bolmagy üçin dileg etmegini sorap, özi dilegçä öwrülýär. Käbir adam bolsa, gedaýa sadaka uzadyp, elini ýokarda tutup, özüniň baý, onuň bolsa gedaýlygyny görkezmek isleýän ýaly gedemlik edýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Sadaka bela geljek ýetmiş gapyny bent eder» diýýär.

* * *

 Ýene-de ol: «Dileg bilen gelen gedaýy boş goýbermedik öýden ýedi günläp perişdeler gitmez we bu öýüň aman bolmagyny dileg edip oturarlar» diýýär.

* * *

Pygamberimiz dileg bilen gelen gedaýy ýanynda oturdyp, öz eli bilen iýdirip-içirerdi.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Musulmanlardan kim-de kim ýalaňaja don geýdirse, ol beren dony ýyrtylýança Allatagalanyň penasynda bolar» diýýär.

* * *

Abdyleziz ibn Umeýr: «Namaz okan adam jennete çenli ýoluň ýarysyny geçendir. Oraza tutan adam jennetiň gapysyndadyr. Sadaka beren adam bolsa, jennetiň iň sapaly ýerindedir» diýýär.

* * *

Ibn Mesgut: «Bir adam ýetmiş ýaşyna çenli haýyr işler edip, diňe sogap gazanýar. Emma bir günä iş edip, ähli sogap işlerini biderege çykarýar. Bir gün ol adam ýoldan geçip barýarka, bir gedaý dileg bilen ýüz tutýar. Ol ýanyndaky ýekeje çöregini oňa sadaka berýär. Allatagala onuň bu eden haýyr işi üçin onuň ýetmiş ýyllap gazanan ähli sogap işlerini gaýtaryp berdi» diýýär.

* * *

Ýahýa ibn Mugaz Razy özi köne egin-eşik geýip garyp-gasara sadaka berýärdi. Ol: «Adamyň bezegi onuň lybasynda däl-de, edýän ýagşy işlerindedir» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Haýyr işler öz aralarynda dawalaşypdyrlar. Şonda sadaka: «Iň haýyr sogaply iş mendirin» diýýär. Ähli haýyr işler onuň diýeni bilen ylalaşýarlar» diýýär.

* * *

Abdylla ibn Omar mydama sadaka berse, şeker paýlar eken. Ol: «Allatagala: «Özüňiziň halaýan zadyňyzy beýlekilere rowa göreniňizde sogap gazanarsyňyz» diýýär. Meniň şekeri gowy görýänime Allatagala şaýatdyr» diýýär.

* * *

Ubeýt ibn Umeýr: «Kyýamat güni adamlar gabryndan çykanda, görlüp-eşidilmedik derejede aç-suwsuz we ýalaňaç çykarlar. Kim-de kim bu dünýäde ajy doýran bolsa, Alla ony-da doýrar. Kim-de kim suwsana suw beren bolsa, Alla onuň suwsuzlygyny gandyrar. Kim-de kim ýalaňaja don geýdiren bolsa, Allatagala oňa-da don geýdirer» diýýär.

* * *

Fazyl: «Gadym wagtda bir är-aýal bolupdyr. Olar ýüňden ony muny örüp, bazara çykaryp satyp, şonuň bilen günlerini görer ekenler. Günleriň birinde ol aýalyň adamsy ören zatlaryny bazara çykaryp bir dirheme satyp yzyna gaýdyp gelýärkä, iki sany dawalaşyp duran adama gözi düşýär. Ol olaryň ýanyna baryp dawalarynyň sebäbini soranda, olar:

— Bir dirhemiň üstünde — diýýärler.

Ol adam elindäki bir dirhemi olara berip, olaryň dawasyny çözýär we öýüne gelip bolan wakany aýalyna gürrüň berýär. Aýaly adamsynyň eden işini makul bilýär. Adamsy ertesi bazara gidip ören zatlaryny bir dirheme satýar we balyk satýandan balyk satyn alyp öýüne dolanýar. Aýaly balygy soýup bişirmekçi bolanda, balygyň içinden ullakan dür çykýar. Adamsy ony zergäre bir ýüz ýigrimi bäş müň dirheme satýar. Şol wagt onuň gapysyndan bir gedaý dileg bilen gelýär. Ol adam düri satyp gazanan pulunyň ýarysyny oňa berýär. Gedaý azrak ýöräp yzyna dolanýar we:

— Men Allatagalanyň resulydyryn. Allatagala seni synap gördi we seniň sahy, eli açyk adamdygyňa göz ýetirdi. Saňa ahyrýetde jennet garaşýandygyny meniň üstüm bilen saňa buşlady — diýip, ol adamyň beren puluny yzyna gaýdyp berýär we gözden gaýyp bolýar» diýýär.

* * *

Hasan ibn Salyh Haýýy gapysyndan gedaý gelse, altyn bolsun, kümüş bolsun, ýa-da iýer-içer ýaly zat bolsun berip, boş goýbermezdi. Halys zat tapmasa, derde ýarar ýaly näme bolsa berip goýbererdi.

* * *

Bir gije Hasan ibn Salyhyň gapysyndan bir gedaý dileg bilen gelýär. Ol öýüni dörüp gedaýa tüýdükden başga berere zat tapmaýar. Ol tüýdügi gedaýa berip: «Al, şunuň bilen adamlary örüz we olardan gerek zadyňy dile» diýýär.

* * *

Rabyg ibn Hasan her gün bir çörek sadaka bererdi we: «Meniň beren sadakam ýerine düşüp, günälerimiň ýapylmagy meniň üçin iň esasy zatdyr» diýýärdi.

* * *

Bir adam ogluna söwda öwretmek üçin haryt satyn alyp berip, daşary ýurda gidýän gämä mündürip goýberýär. Birnäçe aý geçýär. Emma oglundan hiç hili habar bolmaýar. Ol Alla ýoluna iki çörek sadaka aýdýar. Şondan soňra ýüregi aram tapýar. Bir ýyldan ol adamyň ogly söwdadan uly gazanç, köp mal-mülk bilen yzyna dolanyp gelýär. Kakasy ondan näme üçin köp wagtlap habar-hatyr bolmandygynyň sebäbini soranda, ol:

— Biziň gämimiz deňziň ortasynda gark boldy.Men gark boljak wagtym niredendir bir ýerden iki oglan çykdy. Olar meni halas edip, meniň harytlarymy kenara çykardylar. Olar maňa: «Biz seniň kakaň sadaka aýdan iki çöregidiris» diýdiler. Eý, atam! Eger sen köpräk çörek sadaka aýdan bolsaň, galan ýoldaşlarym hem halas bolardy — diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Adam alaýhyssalam Käbä haj zyýaratyny edip bolandan soň, perişdeler oňa onuň hajynyň kabul bolmagyny dileg edýärler we: «Eý, Adam! Senden müň ýyl öň biz hem bu mukaddes ýerlere zyýarat edip, haj parzyny ýerine ýetiripdik» diýdiler» diýýär.

* * *

Başga bir hadysda: «Allatagala her gün gije ýerdäki ýaşaýan adamlara seredýär. Ilki bilen onuň nazaryny Mekgäniň ýaşaýjylary we Haram metjidindäkiler duýarlar. Allatagala şol wagt Käbäniň daşyndan aýlanyp, togap edip ýörenlere, namaz okap duranlara, hatda ýüzi Käbä tarap bakyp duranlara magfyret edýär» diýilýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Allatagala her ýylda Käbä alty ýüz müň adam haja zyýarata geler diýip söz berdi. Alty ýüz müň adama ýetmedik halatynda Allatagala perişdeleri Käbä haj zyýaratyny etmäge ýollaýar» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Käbir günäler diňe Arafat dagynda durmak bilen ýuwulýandyr» diýýär.

* * *

Ýene-de ol: «Arafatda duranyň bilen günä ýuwulanok diýip, güman eden adamyň özi uly günä gazanýandyr» diýýär.

* * *

Geçenler: «Arafat güni anna güne düşse Arafat dagyndaky duran ähli adamlaryň günäsi geçilýär. Ol gün dünýäde ajaýyp günleriň biridir. Bu günde Resulalla haj etdi we hoşlaşyk hajynda Gurhanyň iň soňky aýatlary indi («Maida» süresi, 3-nji aýat). Musulmanlar bu güni baýramçylyk etmekçi bolýarlar. Emma hajy gutaryp baýramçylyk etmegi makul bilýärler» diýýärler.

* * *

Bir aýaldan:

— Näme üçin Käbäniň içine gireňok? — diýip soranlarynda, ol aýal:

— Men aýaklarym bilen Käbäniň daş-töweregini basmaga dözemok. Käbä girmek hakynda-ha, gürrüň hem ýok — diýýär.

* * *

Abbat ibn Abbat: «Men haja gitmegi ýüregime düwdüm we bu pikirimi Ibn Awna aýtdym. Ol maňa: «Nirede bolsaň-da ýagşy häsiýetli we eli açyk, sahy adam bolgun» diýdi. Soňra düýş gördüm. Düýşümde Halat ibn Zeýdi gördüm. Ol maňa: «Saňa Ibn Awnyň aýdan iki häsiýetiniň bahasy ýokdur» diýdi», diýip gürrüň berýär.

* * *

Agşy Taý[15]we Beşşar ibn Burt[16]haja gidýärler. Yzyna dolanyp gelýärkäler Zerar diýen oba girýärler. Olaryň öňünde şerap goýýarlar welin, olar saklanyp bilmän bu şerapdan içýärler we hajyň sogabyndan mahrum bolýarlar. Muňa jany ýanan Agşy şeýle diýýär:

Men we Beşşar Mekgä gidipdik haja,

Uzak-uzak ýollar söküldi nije.

Hajdyr iň sogaply söwdalaň biri,

Söwdasy oňanlaň bary jenneti.

Musulman haj bilen duşar sogaba,

Zerar obasynda düşdük girdaba.

Biz misli söwdada batan söwdagär,

Geçgin günämizi Eý, Perwerdigär.

* * *

Abu Süleýman Darany: «Haja diňe at gazanmak ýa-da birine görünmek üçin gidýän adam meniň üçin geňdir» diýýär.

* * *

Adam alaýhyssalam Käbäni gurup bolandan soňra, Allatagaladan: «Eý, Rebbim! Her bir edilen haýyr işiň ejri bardyr. Meniň bu eden işimiň ejri nämedir?» diýip soraýar. Allatagala: «Sen onuň daşyndan togap edeniňde günäňi geçerin» diýýär. Adam alaýhyssalam: «Ýene bir zat goş» diýýär. Allatagala: «Bu ýer seniň zürýatlaryň kyblasy bolar» diýýär. Adam alaýhyssalam: «Ýene-de bir zat goş» diýýär. Allatagala: «Seniň zürýatlaryňdan meniň ýekeligime ynanyp, şu ýerde toba edenleriniň ählisiniň günäsini geçerin» diýýär. Onda Adam alaýhyssalam: «Edeniňe razydyryn Rebbim!» diýýär.

* * *

Hasan Basrydan:

— Kabul bolan haj nähili bolýandyr? — diýip soranlarynda, ol:

— Adam haj edenden soňra günä işleri terk edip, ybadata berlip diňe jennete düşmegiň arzuwynda bolmagy, hajyň kabul bolandygynyň alamatydyr — diýýär.

* * *

Abu Şamakmak[17]şeýle diýýär:

Haram baýlygyňa haj etseň eger,

Sogabyňa derek günäň köpeler.

Alla kabul eýlär ýagşy zatlary,

Halal mallyň hasyldyr myratlary.

* * *

Yslamda Jemile Mosulyýa bin Nasyreddöwle Abu ibn Handan taryhy şahs hökmünde ýatlanylýar. Ol ömründe üç ýüz çegsen alty gezek Käbä zyýarat edýär. Ol haja gitmek üçin münmäge bäş ýüz ulag taýýarladýardy. Käbä on müň dinar sadaka berýärdi. Ol Käbäniň ähli ýerine müşk-anbar sepmegi emr edýärdi. Ol üç ýüz gul we iki ýüz gyrnagy azat edip, garyp-gasara uly pul kömegini ýardam berip ýurduna dolanýardy.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Ähli adamlaryň kyblasy, Allatagalanyň öýi bolan Mekgetul Mükerremdäki Käbä zyýarat etmek her bir musulman üçin parzdyr. Bu ýerde dileg eden musulmanyň dilegi kabul bolar. Allatagala bu ýeri yslamyň tugy, ybadat edýän adamlar üçin bolsa iň mukaddes ýer edip ýaratdy» diýýär.

* * *

Abu Mulgyp Esedi jahylyýet döwründe-de ýylda bir gezek haj we umra[18] eder eken.

* * *

Bir çarwa kazylykda şaýat bolýar. Şaýat bolunýan adam kaza:

— Men onuň şaýatlygyny kabul edip biljek däl. Onuň şunça puly, baýlygy bolup haja gidenok — diýýär.

Kazy şaýatdan:

— Onuň aýdýany dogrumy? — diýip soraýar.

Çarwa:

— Ýok! Men birnäçe gezek haja gitdim — diýýär.

Şaýat bolýan adam:

— Zemzem suwundan içip gördüňmi? — diýip soranda, ol:

— Alladan ant içýärin! Zemzem suwunyň guýusy men haja baryp gaýdanymdan soň gazyldy — diýýär.

* * *

Masruk Kufadan Mekgä haja gaýdanda saparda uklamak islese diňe sejde eden halda uklardy.

* * *

Bir gezek Hasan Basry Mutryp ibn Abdylla ibn Şuheýre:

— Egindeşleriň bilen mejlis gurap oturanyňda ýagşy işleri etmegi wagyz et — diýýär.

Onda Mutryp:

— Men özümiň etmeýän zadymy aýtmakdan gorkýaryn — diýýär.

Hasan:

— Alla saňa rehim etsin. Biziň hemmämiz aýdan zadymyzy ýerine ýetirip duran däldiris. Şeýtan egindeşlerini, dost-ýaryny ýagşy işler etmäge çagyrmaýan adamlary öz kowumyndan diýip hasap edýär. Şonuň üçin ýagşy işleri etmegi we ýaman, günä işlerden daşda durmagy wagyz et — diýýär.

* * *

Amr ibn Juşuhyň[19]kowumynyň ýaş oglanlary Amrdan öň yslam dinini kabul edýärler. Olar bu kowumyň hudaýy diýip hasap edilýän butuň boýnundan ölen itiň maslygyny asyp, guýynyň düýbüne oklaýarlar. Soňra bolsa: «Eger sen hudaý bolýan bolsaň, beýdip itiň maslygyny boýnuňdan asyp, guýynyň düýbünde ýatmazdyň» diýýärler.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Adamy ýaman işden saklap, ýagşy işlere gönükdirmek, oňa öwüt-nesihat etmek haýyr işleriň biridir. Soltanyň raýatlaryna adyl höküm etmegi iň bir sogaply haýyr işleriň biridir» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Ähli adamlar bolup agzybir boluň. Ýeke galan goýnuň möjege lukma bolşy ýaly ýeke galan adamyň ýüregini şeýtan eýelemäge çalşar. Agzybirlik bütewiligiň alamatlarydyr» diýýär. Soň Hezreti Alynyň bu sözleri hawaryjlylaryň[20] şygaryna öwrülýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Kä adam Allatagaladan nämedir bir zat dilemek üçin ybadat edýär. Bu ybadat söwdagärleriň ybadatydyr. Kä adam özüniň Allatagalanyň sadyk guludygyny bildirmek üçin ybadat edýär. Bu gullaryň, hyzmatkärleriň ybadatydyr. Kä adam bolsa Allatagalanyň eden işlerine şükür edip ybadat edýär. Bu ybadat Allatagalanyň azat bendeleriniň edýän ybadatydyr» diýýär.

* * *

Haýsydyr bir pygamber Allatagala: «Eý, Rebbim! Açlyk, sowuk, adamlaryň ezýeti meni diýseň ýadatdy» diýip şikaýat edýär. Onda Allatagala: «Sen şikaýat edýärsiň, emma sen meniň seni dogry ýola gönükdirenime razy bolmalysyň» diýýär.

* * *

Mugaz ibn Jebel Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Ynsan, musulman bu dünýäniňem, o dünýäniňem diňe haýyrly tarapyny dilemelidir. Allatagala onuň dilegini kabul edip, oňa bu dünýäniň we ahyrýetiň diňe haýyrly tarapyny bagyş eder» diýýär.

* * *

Asym[21]her gün Gurhan okardy. Ol Gurhan okamazdan ozal: «Adam gysga wagt ýaşaýandyr, emma, her bir eden işi üçin jogap bermelidir. Ölüm boýnundaky amanatdyr. Dowzah ody ýakyndyr. Ähli görýän zatlaryňyz bu dünýäden geçip gidýändir. Müdimilik zat ýokdur. Geçen zat gaýdyp gelmez. Allanyň parzlaryny ýerine ýetirip, günä işden daşda durmalydyr. Adam düýnki güni üçin jogap bermelidir. Ertirki gün ýakyndyr. Ertirki günüňi haýyr işlere bagyş etmäge çalyşmalydyr» diýerdi.

* * *

Omar ibn Habyp: «Kim-de kim ýagşy işler edip, ýaman işden özüni saklajak bolsa, özüne ezýet berip görsün. Eger göwnüne ýaramasa haýyr-sogap işler etsin. Sebäbi dowzahyň ody has ezýetlidir» diýýär.

* * *

Hüseýin ibn Aly: «Adamlar baýlygyň guludyr. Yslam dini bolsa adamlara kanagatly, sabyr-takatlylygy we başga-da köp haýyr-sogap işleri ündeýändir. Olary baýlygyň gulçulygyndan azat edýändir» diýýär.

* * *

Bir gezek Osman ibn Awwan (goý, Alla ondan razy bolsun!) bir ýerde ýaman, günä işler bilen meşgul bolýan kowumyň bardygyny eşidýär we olar bilen gürleşmek, olara wagyz-nesihat etmek üçin olaryň ýanyna gidýär. Emma olar Osmanyň gelýändigini eşidip, eden işlerine toba edýärler. Osman gelip bu kowumyň düýbünden ýagşy tarapa üýtgändigini görüp, Allatagala sena aýdýar we birnäçe guly azat edýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Kim-de kim ýatmazyndan ozal täret kylsa, daň agarýança düşegi onuň üçin metjit, ukusy namaz bolar. Täretsiz ýatan adama onuň düşegi daň agarýança gabyr, özi hem maslyk bolar» diýýär.

* * *

Omar ibn Abdyleziz halynyň üstünde namaz okardy. Emma sejde edýän ýerine çäge ýazdyrardy.

* * *

Ilkinji bolup Käbäniň daşyna mata tutan adam Dibaj Abdylla ibn Zubeýrdir. Ol bu mata hoşboý ysly müşk-anbarlary sepmegi emr edýär. Metjitden uzak aralykdan hem bu atyrlaryň ysyny almak bolýardy

* * *

Amyr ibn Abdylla Zubeýr Käbäniň golaýynda ýaşaýardy. Ol her gün ähli namazyny metjitde okaýardy. Günleriň birinde ol keselleýär. Ol düşeginde ýatyrka azan sesini eşidýär. Amyr ýanyndakylara:

— Meniň golumdan tutup metjide alyp gidiň — diýýär.

Olar Amyra:

— Sen ýaraňok ahyryn — diýenlerinde, ol:

— Meni Allanyň öýüne çagyryp durkalar, men neneň edip bu ýerde ýataýyn — diýýär we metjide gidip namaza durýar.

Namaz tamam bolansoň görseler, Amyr amanadyny tabşyrypdyr.

* * *

Bir gezek Amyr ibn Abdylla ikindi namazyndan soňra öýüniň gapysynda kybla tarap seredip dileg edip otyrka, onuň gapysynyň öňünden şäher häkimi Ybraýym ibn Hyşam[22]geçip barýardy. Ol örän abraýly adamdy. Ybraýym Amyra salam berýär. Emma Amyr oňa tarap seretmeýärem. Ybraýymyň ýanyndakylar onuň Amyra zulum ederinden gorkup oňa söz gatýarlar. Amyr olara: «Ybraýym maňa ýüzlendi, men bolsa Allatagala. Men Allatagalany goýup, Ybraýyma ýüzlenmelimi? Ýok. Allatagala ýüzleneniňde ol şäriksiz bolmalydyr» diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam Käbäniň açaryny Osman ibn Talha ibn Abu Talha[23]berýär we «Eý, Talhanyň ogly! Bu açary kime berseňem zalym adama bermegin» diýýär.

* * *

Sagyt ibn Abu Wakkas ýylyň ahyrynda mal-mülküne ser salyp, baýlygynyň üçden birini hudaý ýoluna sadaka bererdi.

* * *

Bir gün Talha ibn Abdylla söwda edip elli müň dirhemlik haryt satýar. Ol söwdada düşen ähli puluny hudaýyň ýoluna sadaka berýär. Özi bolsa şol gün juma namazyna ýamaly köýnekde barýar.

* * *

Abdylla ibn Omar Muhammet alaýhyssalam näme gürlese ýatlamaga çalşardy. Saý-sebäp bilen Muhammet alaýhyssa­la­myň baran metjidine baryp bilmese, baranlardan bolan gürrüňleri jikme-jik sorardy. Ol Resulalla bilen köp namaz okardy we nirä gitse onuň bilen ýoldaş bolardy. Olar uzak ýola sapara gidenlerinde ulagly giderdiler. Şonda Abdylla: «Meniň münýän ulagymam Resulallanyň münýän ulagyna meňzemäge çalşardy» diýýär.

* * *

Bir gezek Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) özüniň miweli bagyna aýlanyp görýär we «Bu bag ähli musulmanlara sadaka bolsun» diýýär. Ol bu bagy ähli musulmanlaryň peýdalanmagy üçin berýär.

* * *

Muhammet ibn Kagp Karzy[24]: «Muhammet alaýhys­salamyň döwründe Hezreti Alynyň bir günde kyrk müň dinar sadaka berip, özi bolsa açlygyndan ýaňa içini tutup ýörenini gördüm» diýýär.

* * *

Abdylla ibn Apbas: «Bir gezek pygamberiň agtyklary, Hezreti Alynyň we Patmanyň ogullary Hasan bilen Hüseýin ýaş wagtlary keselleýärler. Muhammet alaýhyssalam, Abu Bekr, Omar olary soramaga gelýärler. Omar:

— Eý, Hasanyň kakasy (Hezreti Aly) Alla ýoluna bir zat nezr[25] (sadaka) aýtsaň nähili bolar? — diýýär.

Onda Hezreti Aly:

— Ogullarym sagalsa Allatagala şükür edip, üç gün agyz beklejek — diýýär.

Patmada:

— Men hem Alla şükür edip, üç gün agyz beklejek — diýýär.

Hasan, Hüseýin olaryň gyrnagy hem üç gün agyz beklejekdigini aýdýarlar. Allatagala olaryň diýenini eşidip, Hasan bilen Hüseýin tiz aýaga galyp, sagalyp gidýärler. Hezreti Aly, Patma, Hasan, Hüseýin we olaryň gyrnagy agyz bekleýärler. Emma agyz açmaga zat tapmaýarlar. Hezreti Alynyň Şymgun atly ýehudy goňşusy bardy. Ol Şymgundan ýüň alyp gelýär. Patma bu ýüňi egrip berýär. Olar egrilen ýüňi Şymguna berip, iýer-içer ýaly zat alýarlar. Şol wagt hem gapydan bir gedaý gelip zat dileýär. Olar ýaňky iýer ýaly zatlaryny gedaýa berip, özleri birnäçe gün aç galyp, agyz bekleýärler. «Ynsan» süresiniň 8-nji aýaty olaryň şanyna inendir» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýetimleri gowy görerdi. Olaryň aladasyny edip, özi aç bolsa-da, olara bal satyn alyp bererdi. Sahabalaryň biri: «Hezreti Alynyň ýetimlere seredişini görüp, menem ýetimligi arzuw edenimi duýman galdym» diýýär.

* * *

Muhammet Hanapyýa: «Kakam gündiz hoşa ýygnap, gije ony un edip, garyp-gasarlaryň gapysynda goýup gaýdardy. Men oňa:

— Eý, atam, bu edýän işiňi gündiz aç-açan etseň bolmaýarmy? — diýip soranymda, ol:

— Gizlin berlen sadaka Allatagalanyň gazabyndan halas edýändir we iň haýyr-sogaply işdir — diýdi» diýýär.

* * *

Bir gezek Hüseýin ibn Aly Käbäniň daşyndan aýlanyp togap edýär we Käbäniň gapysynyň öňünde namaz okaýar. Soňra Käbäniň gapysyna elini goýup aglaýar we «Bendäň seniň gapyň öňündedir. Dilegçiň seniň gapyň öňündedir. Garyp biçäräň seniň gapyň öňündedir» diýip, birnäçe gezek gaýtalaýar. Soňra Käbeden çykyp barýarka sadaka berlen çöregi paýlaşyp iýip oturan gedaýlaryň ýanyndan geçýär. Olar Hüseýini çörek iýmäge çagyrýarlar. Hüseýin olara: «Eger bu çörek sadaka berilmedik bolsa, men hem siziň bilen bu çörekden iýerdim» diýýär we olaryň barysyny öýüne alyp gaýdýar. Hüseýin olary iýdirip-içirýär, don ýapýar we olaryň her haýsyna birnäçe dirhem bermegi emr edýär.

* * *

Bir gezek Aly ibn Hüseýin egin-eşigini ýuwup durka, onuň arkasynda ýara bardygyny görýärler. Adamlar ol ýaranyň nähili düşendigini bilmeýärler. Aly ibn Hüseýiniň hyzmatkäri: «Ol gijesine iýer-içer ýaly zady halta saldy we arkasyna alyp garyp-gasarlaryň öýüne daşady. Men oňa kömekleşmekçi bolanymda, ol: «Özümiň başarýan zadymy kişä etdiresim gelenok diýdi» diýip gürrüň berýär.

* * *

Bir adam Japar ibn Muhammetden: «Namaz okamaýan adam Alladan gerek zadyny, hajatyny diläp bilermi?» diýip soraýar. Onda Japar: «Kimdir birine bergiň bolup, bergiňi bermän ýene-de karz soramaga ýüzüň gyzarmazmy?» diýýär.

* * *

Abdylla ibn Japar haja gidende ýany bilen otuz sany münmäge ulag alyp giderdi. Emma ol Arafata barýança ulaga münmän pyýada ýöräp giderdi. Ol Mekgede otuz guly azat edip, getiren ulaglaryna mündürip, olaryň her haýsyna müň dirhem bererdi. Ol: «Allanyň haky üçin guly azat eden adam dowzahyň odundan azat bolar» diýýär.

* * *

Bir gezek Isa alaýhyssalam ýolda bir aýal bilen ýoldaş bolýar. Ol aýal Isa alaýhyssalama: «Meniň üçin aýalyň hamyla bolup, göwresinde çaga göterip, soňra ony dünýä inderip, göwsi bilen ak süýt emdirmesi iň ajaýyp zatdyr» diýýär. Onda Isa alaýhyssalam: «Meniň üçin Muhammediň ymmatynyň Gurhany okap, ony amal etmesi iň ajaýyp zatdyr» diýýär.

* * *

Abu Jöwza[26]: «Bir gezek musulmanlar kapyrlara garşy söweşe çykdylar. Söweş meýdanynda musulmanlaryň goşuny sap-sap bolup, yslam tuguna buýsanyp durdy. Duşmanlaryň serkerdesi musulmanlara seretdi-de, atyndan düşdi. Ol özüniň yslam dinini kabul edýändigini aýtdy we özüniň goşunyna seredip: «Bir Alla ynanýan, ählisi bir tarapa bakyp dileg edýän, biri-birine duşanda parahatçylygy dileýän kowumy ýeňmek kyndyr. Beýle kowum dogry ýoldadyr» diýýär.

* * *

Abdylla ibn Zubeýr ybadat edende üç günläp yzly-yzyna ybadat ederdi. Ol ybadatynyň birinji güni daň agarýança dik durup, dileg ederdi. Ybadatyň ikinji güni ol daň agarýança rukug[27] edip dileg ederdi. Ybadatyň üçünji güni ol daň agarýança sejde edip dileg ederdi.

* * *

Hasan ibn Aly: «Men Allanyň öýüne zyýarata barman, onuň gaşyna barmaga utanýaryn» diýýär we Medineden Mekgä ýigrimi gezek haj etmäge gelýär.

* * *

Zahhak: «Şeýle wagt geler, adamlar keramatly kitaplaryň gatyny açmazlar we bu kitaplaryň sahypalary çaň basyp gider» diýýär.

* * *

Bir gün Şagby Abu Salyh Bazany görüp onuň gulagyndan çekip: «Gurhany teswirläp, ony ýatlamaýanyň öýi ýykylsyn» diýýär.

* * *

Sagyt ibn Jübeýr: «Gurhany okaň we ondaky aýdylanlary amal ediň» diýýär. Gurhany ýaşlykdan öwrenenlere bu ylym daşa salnan nagyş ýalydyr. Ony hiç hili ýagyş öçürip bilmez. Gurhan garran çagyňda öwrenilende ol çägä salnan nagyş ýalydyr. Ilkinji ýagan ýagyş bu nagyşy öçürer» diýýär.

* * *

Gadym zamanda beni ysraýyl taýpasynyň adamlary egin-eşigine ýa-da bedenine peşew (siýdik) degse, peşew degen ýeri kesip aýryp taşlar ekenler. Olardan kimdir biri haram zada seretse, barmagy bilen öz gözüni çykarar eken. Bir ýyl gaty gurak gelýär. Adamlar içere suw tapmaýarlar. Alladan Isa alaýhyssalama wahy gelýär. Ol Isa: «Günä iş edenleriň ählisi eden işine toba etsin» diýýär. Ähli adamlar toba edýär welin, bir gözi kör adam toba etmek islemeýär. Isa alaýhyssalam ondan: «Sen näme hiç günä iş etmediňmi?» diýip soraýar. Ol adam: «Men öň hammal bolup işleýärdim. Bir gün ýadap dynç almaga oturanymda, bir gözüm zenan maşgala seretdi. Men oňa seretmezligi maslahat berdim. Gözüm meniň diýenimi diňlemedi. Men ony oýup zyňdym. Men eden günäm üçin özüme jeza berdim» diýýär. Onda Isa alaýhyssalam: «Görýän welin seniň günäň ýok, emma beýleki gözüňi bir aýa» diýýär we Allatagaladan ýagyş ýagdyrmagy dileýär. Ýagyş ýagyp adamlar gurakçylykdan halas bolýarlar.

* * *

Eger beni ysraýyl taýpasyndan kimdir biri «lä ilähä illallah» diýjek bolsa, kyrk günläp aýaly bilen ýaşaşmazdy we kyrk günläp et iýmezdi. Olar günä iş edip, edil şol wagt toba etmeseler, soň tobasy kabul bolmaýar diýip pikir edýärdiler.

* * *

Abdylla ibn Marzuk Käbäniň daşyndan towap edip ýörkä, bir adam oňa söz gatýar. Emma Abdylla oňa hiç hili jogap bermeýär. Ol adam aglap başlaýar. Abdylla ol adamdan:

— Saňa näme bolýar? — diýip soraýar.

Ol adam:

— Men seniň bilen gürleşmek isläp, saňa söz gatdym. Sen bolsa maňa jogap bermediň — diýýär.

Abdylla ol adamyň donunyň bir gyrasyndan tutup:

— Eger bir adam seniň donuňy sypyryp aljak bolsa, sen näme ederdiň? — diýip soraýar.

Ol adam:

— Men oňa garşylyk görkezerdim — diýýär.

Onda Abdylla:

— Sen hem meni sogapdan goýjak bolduň. Men sogabymdan galmajak bolup, saňa jogap gaýtarmadym — diýýär.

* * *

Abu Hafs Kebiril Buhary[28]egindeşlerine: «Gurhany köpräk okaň. Ol sizi köp bela-beterden gorar we kalbyňyzy päkize saklar» diýýär.

* * *

Bir gezek apbaslylar halypasy Muhammet Mäti Basra gelende jemagat bilen namaz okamak üçin metjide gidýär. Ol jemagatyň öňüne geçip namaza başlamakçy bolanda, bir çarwa:

— Eý, möminleriň emiri! Meniň täretim ýok. Men bolsa Allatagalanyň öňündäki borjumy seniň yzyňda durup ýerine ýetirmekçidim! — diýýär.

Muhammet Mäti jemagata:

— Alla size rehim etsin! Bu adama garaşalyň — diýýär we mähraba geçip, tä ýaňky adam täret alyp geldi diýýänçäler dileg edip oturýar. Soňra ol jemagat bilen namaz okaýar. Adamlar onuň sabyr-takatlylygyna, geçirimliligine haýran galýarlar.



[1]Zeýt ibn Arkam Hazrajy Muhammet alaýhyssalamyň egindeşleriniň biri.

[2]Kubat ibn Piruz sasanlylar döwletiniň ýigriminji şasydyr.

[3]Sasanlylar döwletiniň ikinji şasy Sabur Erdeşir. Onuň lakamy Edermendir.

[4]Kagp ibn Lugy ibn Galyp ibn Kahr ibn Mälik ibn Nasr ibn Kennana. Ol örän güýçli wagyzçy bolupdyr. Ilkinji bolup juma güni mejlis geçirmegi ýola goýan Kagp ibn Mälikdir. Kuraýşylar üýşüp oňa wagyz etdirerdiler. Çeşmeleriň habar bermegine görä, ol 50-nji hijri ýylynda 77 ýaşynda dünýeden ötýär.

[5]Saýyp ibn Ýezit ibn Sagyt ibn Senana Kindi Azadydyr. Ol we onuň kakasy Muhammet alaýhyssalamyň egindeşlerindendir. 91-nji hijri ýylynda Medinede wepat bolýar. Muhammet alaýhyssalamyň Medinede ýaşaýan egindeşleriniň iň soňkusydyr. Ol Muhammet alaýhyssalamdan 22 hadys gürrüň berýär.

[6]Nusgada Talha diýlip ýazylandyr. Aslynda ol Talyha ibn Huweýlit ibn Nowfyl Esedidir. 9-nji hijri ýylynda beni esediň adamlary bilen Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna barýar we ony görenden soňra yslam dinini kabul edýär. Emma az wagt geçip-geçmän yslam dininden dönüp, özüni pygamber diýip yglan edýär we öz dinine çagyryp başlaýar. Muhammet alaýhyssalam onuň ýanyna Derrar ibn Azwary goýberýär. Derrar onuň ýanyna baryp, gylyjyny çykaryp kellesini kesmekçi bolanda, gylyç Derraryň elinden gaçýar. Muny gören adamlar Talyhanyň pygamberdigine has-da ynanýarlar. Onuň egindeşleri köpelýär. Ol özüniň ýanyna Jebraýylyň wahy bilen gelýändigini aýdýar. Öz tarapdarlaryny edermenlige çagyrýar we namazda sejde etmezligi ündeýär. Onuň tugunyň reňki gyzyldy. Ol Medinäni eýelemegiň kül-külüne düşýär. Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!) Halyt ibn Welidi goşuna baş edip, onuň üstüne goýberýär. Halyt ony we onuň goşunyny çym-pytrak edýär. Talyha Nejde gaçýar. Halyt onuň yzyndan galman galanja goşunyny-da derbi-dagyn edýär. Ol Halytdan gaçyp, Şama gidýär we yslama gaýdyp gelýär. Omar ibn Hattaba hat ýazyp, özüniň günäsini geçmegini soraýar. Ol günäsini ýuwmak üçin birnäçe gazawatlara gatnaşýar we 21-nji hijri ýylynda şehit bolýar.

[7]Meýsere ibn Mesruk Absy Muhammet alaýhyssalamyň egindeşidir. Ol birnäçe gazawatlara gatnaşýar. 20-nji hijri ýylynda 4 müň adamly goşuna baş bolup, ilkinji gezek Ruma ýöriş edýär we ýeňiş gazanýar. Ol 20-nji hijri ýylyndan soň wepat bolýar.

[8]Selim ibn Mugkal Abu Huzeýfäniň ibn Ataba ibn Rabyga ibn Abdylşemsiň guludyr. Abu Huzeýfa ony azat edip, özüne ogul edinýär we agasy Welit ibn Atabanyň gyzyna öýerýär. Muhammet alaýhyssalamdan öň Medinä hijret edýär. Onuň şirin owazy bardy. Resulalla: “Gurhan okamagy dört adamdan: Ibn Mesgutdan, Abu Huzeýfäniň guly Selimden, Abu ibn Kagbdan we Muhaz ibn Jebelden öwreniň” diýýär. Köp gazawatlara gatnaşyp yslam tuguny göterýär.

[9]Mugawyýa ibn Iýas ibn Hilal ibn Rebbap Mezeni Abu Iýas ibn Mugawyýa Kazy. Ol Basranyň alym, takwa, hudaýhon, hadysçy adamlarynyň biridir. Ol 76 ýaşynyň içinde 113-nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[10]Ybraýym ibn Ýezit ibn Şerik Teými. Ol ygtybarly hadysy gürrüň beren, takwa, zahyt, sabyrly adamlaryň biridir. Ony 92-nji ýa-da 94-nji hijri ýylynda 40 ýaşynyň içinde Hajjajyň emri bilen öldürýärler.

[11]Taryhda birnäçe Abu Safwan duşýar. Bu sözleri olaryň haýsysynyň aýdany belli däl.

[12]Mil uzaklyk ölçegi. 1mil 1/3 parsaha ýa-da 1920 metre deňdir.

[13]Miswak — diş arassalaýan taýajyk.

[14]Abubekr Şibli Aşrusuni. Mawerannahrdaky Şibl obasyndan. Ol 248-nji hijri ýylynda eneden dogulýar. Muwaffygyň döwründe hajyplaryň ýolbaşçysy bolýar. Soňra Reýiň golaýyndaky Derbent şäherine häkim bellenýär. Muwaffyk kakasynyň ýerine geçende, Şibli onuň ýanyna gelip, döwlet işini taşlap ybadat etjekdigini aýdýar. Soň ol Bagdada gidýär we 334-nji hijri ýylynda şol ýerde wepat bolýar.

[15]Agşy Taýyň terjimehalyna duşulmady. Megerem nusgada ady ýalňyş ýazylan bolsa gerek.

[16]Şahyr Beşşar ibn Burtdyr.

[17]Merdan ibn Muhammet Abu Muhammet Abu Şamakmak lakamy bilen tanalýan, asly Horasanly şahyrdyr. Ol Harun Reşidiň döwründe Bagdada gelýär.

[18]Umra — gurban aýyndan başga wagt edilen haj.

[19]Amr ibn Juşuh ibn Zeýt ibn Haram ibn Kagp ibn Ganam ibn Selme Ensary Hazrajy. Ol ensarylaryň we öz taýpasynyň iň abraýly adamlarynyň biridi. Onuň öýünde agaçdan ýasalan but bardy. Taýpanyň ýaş oglanlary onuň butunyň üstüne hapa zatlary zyňyp gaçardylar. Amr öýüne gelip buty hapa zatlardan arassalardy we “Saňa kimiň beýle sütem berendigini bilsem, onuň temmisini bererdim” diýýär. Başga bir gün gelende butuň itiň maslygy bilen guýynyň düýbünde ýatandygyny görüp, buty guýydan çykaryp, onuň kellesini kesýär we “Sen hudaý bolup, özüňi gorap bilmeseň boljagyň şudur” diýýär we şol günüň özünde yslam dinini kabul edýär. Ol Uhut söweşinde şehit bolýar.

[20]Hawaryjlar — Hezreti Alynyň tarapdarlary.

[21]Asym ibn Hedle Maruf Asym ibn Nujut Esedi. Ol Kufada doglup, şol ýerde Gurhan okamak boýunça meşhur adama öwrülýär. Onuň Gurhany okaýşy we ýagşy adam bolandygy üçin Kufanyň halky oňa uly hormat goýýardy. 127-nji hijri ýylynda Kufada wepat bolýar.

[22]Ybraýym ibn Hyşam ibn Ysmaýyl Mahzumy. Hyşam ibn Abdylmäligiň daýysydyr. Hyşam ibn Abdylmälik daýysyny Mekge, Medine we Taýyf şäherine häkim belleýär. Emma 125-nji hijri ýylynda Welit ibn Ýezit Abdylmälik halypalyga gelende, Ybraýymy häkimlikden aýyrýar. Welidiň emri bilen ezýet berlip öldürilýär.

[23]Osman ibn Talha ibn Abu Talha Abdylla ibn Abdyluzza ibn Osman ibn Abdudar. Abdudar Muhammet alaýhyssalamyň egindeşidir. Onuň kakasy we kakasynyň dogany Uhut söweşinde wepat bolýar. Muhammet alaýhyssalam oňa Käbäniň açaryny gowşurýar. Osman ibn Talha 42-nji hijri ýylyna çenli Mekgede ýaşaýar we şol ýerde wepat bolýar.

[24]Muhammet ibn Kagp ibn Selim ibn Eset Karzy. Alynyň halypalyk eden döwründe 40-njy hijri ýylynda eneden dogulýar. Medinede sylanýan iň bir abraýly adamlaryň biri. 117-nji ýa-da 118-nji hijri ýylynda Muhammet ibn Kagp metjitde wagyz edip otyrka, metjidiň üsti ýumrulyp onuň içindäki ähli adamlar heläk bolýarlar.

[25]Alladan dileg edip, ol dilegiň kabul bolsa berilýän sadaka nezr diýilýär. Hajatym ýerine ýetse Alla ýoluna pylança pul ýa-da janly berjek diýseň, şol hem nezr bolýar.

[26]Abu Jöwza Basry Aws ibn Abdylla Rabygy. Basrailiniň iň dindar, takwa we hadysçy alymlarynyň biri. 83-nji hijri ýylynda Jemäjipde öldürilýär.

[27]Rukug — namaz eglimi.

[28]Ol adam hakynda diňe onuň Mekgedäki metjitde müjewür bolandygy hakyndaky maglumat bar.