ÝIGRIMI ÝEDINJI BAP: ADAMLARY KEMSITMEK, OLARYŇ ÜSTÜNDEN GÜLMEK, SÖGÜNMEK, GYBAT ETMEK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝIGRIMI ÝEDINJI BAP: ADAMLARY KEMSITMEK, OLARYŇ ÜSTÜNDEN GÜLMEK, SÖGÜNMEK, GYBAT ETMEK HAKYNDA

Muhammet alaýhyssalam: «Eý, halaýyk! Gybat eden adam adam etini iýen ýalydyr» diýýär.

* * *

 Ýene-de: «Gybatdan daşda duruň. Gybatyň günäsi zynadan-da agyrdyr. Zyna eden adam toba etse, Allatagala onuň günäsini geçýär. Emma gybat eden adam toba etse, gybaty edilen adam onuň günäsini geçýänçä Allatagalada onuň günäsini geçmeýär» diýýär.

* * *

Abdylla ibn Zubeýr juma namazynda hutba (wagyz-nesihat) edip bolandan soň, adamlary kemsidýänlere, olaryň üstünden gülýänlere nälet okardy.

* * *

Bir çarwa: «Pylany seniň üstüňden güldi» diýenlerinde, ol: «Onuň meniň üstümden gülmegi, itiň awa seredip üýrmegi ýalydyr» diýýär.

* * *

Bir adam dana sögünýär. Ondan:

— Saňa sögülende gaharyň geldimi? — diýip soranlarynda, ol:

— Aklyndan azaşana gaharlanmagyň hiç hili hajaty ýokdur — diýip jogap berýär.

* * *

Bir dana: «Adamlaryň aýbyny gözleýän adamyň özi aýyplydyr» diýýär.

* * *

Ata-babalaryň biri: «Ýagşy söz aýdylanda şatlanmaýan, ýaman söz aýdylanda gaharlanmaýan adam meniň üçin diýseň geňdir» diýýär.

* * *

Çarwa: «Masgara bolmakdan we günä iş edip dowzaha düşmekden gorkmaýan adam edil haýwan ýalydyr. Olar öňünden näme çyksa iýip, kim çyksa öýlenip ýören adamlardyr» diýýär.

* * *

Bir gezek Sokratdan:

— Kemçiliksiz adam barmyka? — diýip soranlarynda, ol:

— Adam kemçiliksiz boljak bolsa, onda ölüm diýen zat bolmazdy — diýip jogap berýär.

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

Özündäki aýby görmän, gözleme aýyp,

Başgalara şyltak atma, halamaz Gaýyp.

* * *

Abu Ubeýda: «Adamy kemsitmeýän, onuň üstünden gülmeýän, gybat etmeýän adam gapyllyk ukusynda ýatandyr» diýýär.

* * *

Danalaryň biri: «Men söweşde ýeňiji bolmagy-da halamok. Sebäbi ýeňlen tarap ýeňijä nälet okaýandyr» diýýär.

* * *

Adamlar kimdir biri ýagşylyk etse, ony ýagşy söz bilen az ýatlaýarlar. Eger kimdir biri ýamanlyk etse, onuň gybaty köpçülikleýin edilýär.

* * *

Bir gezek Hezreti Alynyň ogly Hüseýin bir adamyň gybat edip oturandygyny eşidip:

— Öýüň köýsün, gybatyň günä işdigini bileňokmy? Gybat etmeseň, kyýamat güni Allatagala seni dowzah azabyndan halas eder — diýýär.

* * *

Bir gezek Muhammet Zuhara bir adam sögünýär. Muhammet Zuhary: «Eger seniň dilegiň dogry bolsa, onda meniň üçin erbet bolar. Eger seniň diýeniň ýalňyş bolsa, onda seniň üçin erbet bolar. Kim-de kim gula nädogry sögse, ol gul azatdyr» diýýär.

* * *

Ibn Sirine:

— Näme üçin Hajjaç hakynda hiç zat diýeňok — diýip soranlarynda, ol:

— Men ol hakynda bir zat diýip günä gazanyp, Allatagalanyň azabyna duçar bolasym gelenok — diýýär.

Ibn Sirin gybat etse, derrew bir dinar sadaka bererdi.

* * *

Mugawyýa ibn Kurra: «Ýagşyzadalar päkýürekli we gybatdan daş durýan adamlar bolmalydyrlar» diýýär.

* * *

Bir arapdan:

— Siziň hojaýynyňyz kim? — diýip soralanda, ol:

— Ýanymyzdaka gorkýanymyz, ýanymyzdan gidende gürrüňini edýän adamymyz biziň hojaýynymyzdyr — diýýär.

* * *

Ibn Awnyň ýanynda kimdir biriniň aýby hakynda gürrüň edilse, ol: «Alla rehimlidir» diýerdi.

* * *

Rabyg ibn Hüseýme:

— Biz seniň birini aýyplanyňy, onuň kemçiligini gözläniňi görmedik — diýenlerinde, ol:

— Meniň özüm doly kemçiliksiz bolsadym, onda başga biriniň kemçiligini gözlärdim — diýýär we şu şygry aýdýar:

Men aglasam, özüm üçin aglaýan,

Jogaplydyr her bir ädimiň ynsan.

* * *

Abdylla ibn Mübärek: «Bir gezek men Sufýan ibn Sagyt Söwrä:

— Abu Hanypa nähili edip gybatdan daşda durup bildikä? — diýenimde, ol:

— Alladan ant içýärin, ol günä iş bilen sogap işi saýgaryp bilýän akylly adamdy — diýdi» diýip gürrüň berýär.

* * *

Adamlar Fazyldan:

— Erbet, nälet okalýan adamyň gürrüňini etmek gybatmydyr? — diýip soranlarynda, ol:

— Ýok, adamyň gürrüňini etmäň. Diliňizi-de beýle gürrüňe öwrenişdirmäň. Onuň deregine Allany, kyýamat gününi, jennetdir-dowzahy ýatlaň. Adamlaryň gürrüňini etmekde günä, Allany ýatlamakda bolsa sogap bardyr — diýýär.

* * *

Fazyl: «Men gybatdan daşda durmak üçin şeýtanyňda gürrüňini etmedim we oňa lagnat okamadym. Meniň üçin bir şäherde ýaşaýan iki alymyň biri-birinden abraýly görünmek üçin biri-birine şyltak atmaklary iň ýigrenji zatdyr» diýýär.

* * *

Bir adam tebibiň ýanyna gidip barýar eken. Bu şäherde iki sany keseki ýurtly tebip bardy. Ol adam Ibn Siriniň ýanyna baryp, ondan haýsy tebibiň ylymly we eli ýeňildigini soraýar. Ibn Sirin: «Men saňa aýdardym welin, meniň aýdanlarym gybat bolar öýdüp gorkýan» diýýär.

* * *

Lukman Hekim: «Eý, oglum! Hiç haçan adama erbet söz aýtmagyn. Erbet söz suwa oklanan daş ýaly kalbyň jümmüşine çümer we şol daşyň suwuň düýbünde eremän ýatyşy ýaly ömürlik ol adamyň ýadynda galar» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Sagyt ibn Abu Wakgas Mälik bilen Halyt ibn Welidiň arasynda düşünişmezlik ýüze çykýar. Olar adamlaryň arasynda biri-birine hemle atýarlar. Adamlar indi ol ikisi hiç ýaraşmaz diýip pikir edýärler. Olaryň jedelini gören adamlaryň biri olary ýaraşdyrmak üçin Sagydyň öýüne töwella gidýär. Ol Sagydyň öýüne barsa, onuň ýanynda Halyt otyrdy. Ol adam gözlerine ynanmaýar. Onuň geň görüp durandygyny aňan Sagyt:

— Eger-de biziň dinimiz geçirimliligi ündemeýän bolsa, biz hem biri-birimiz bilen uzak gürleşmän gezerdik — diýýär.

* * *

Abdylla ibn Mugtazz: «Merhumyň gybatyny etme, ony eden ýaman işleri bilen ýatlama. Beýle etseň ýer senden syr saklamakda ökde çykar» diýýär.

* * *

Muhammet Abdylmälik ibn Salyh: «Merhum adam eden ýaman işleri bilen ýatlansa, oňa gabrynda ezýet berilýär» diýýär.

* * *

Güman masgaraçylyga, gybat bolsa dowzaha elter. Şonuň üçin güman etmekden we gybatdan daşda duruň.

* * *

Muhammet ibn Harb[1]: «Ilkinji bolup sabyn ýasan Süleýman alaýhyssalamdyr. Ilkinji bolup kagyz öndüren Ýusup alaýhyssalamdyr. Ilkinji bolup sawyk (ýeňil alkogolly içgi) öndüren Isgender Zülkarneýindir. Ilkinji bolup çörek bişiren Jaradyk Nemrutdyr. Ilkinji bolup kagyz-da hat ýazan Hajjaçdyr. Ilkinji bolup yslamda şäher bina eden Hajjaçyr. Ilkinji bolup gybat eden şeýtandyr. Ol Adam alaýhyssalamyň gybatyny edýär» diýýär.

* * *

Allatagala Musa alaýhyssalama «Eger saňa ynananlaryň haýsydyr biri gybat etse, soňra eden günä işine toba etse, ol iň soňky bolup jennete girer. Eger kimdir biri gybat edip toba etmese, onda ol ilkinji bolup dowzaha girer» diýýär.

* * *

Eşkap[2]: «Kimdir biri seniň ýanyňda ýalan sözlese başga biriniň ýanynda-da ýalan sözlär. Kimdir biri seniň ýanyňda gybat etse, başga biriniň ýanynda seniň-de gybatyňy eder» diýýär.

* * *

Abu Taýýyp Tahyry[3]Ibn Samanyň[4]üstünden gülüp, goşgy aýdar eken. Bir gün ol Nasyr ibn Ahmede[5]duşýar. Nasyr Abu Taýýyba: «Eý, Abu Taýýyp, çöregiňi adam eti bilen iýmegiňi haçan goýjak?» diýýär. Abu Taýýyp onuň diýenine diýseň utanýar we galan ömründe hyja[6] okamaýar.

* * *

Buzurgmehr ogluna: «Oglum adamlaryň arasynda aýyply bolmajak bol. Eger aýyply iş etseň, boýun alyp, ötünç soramagy utanma» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Kimdir biri iliň aýbyny görüp, özüniň şeýle aýbyny inkär etse, onda ol baryp ýatan akmakdyr» diýýär.

* * *

Hasan Basry: «Özüniň kimligini il içinde boýun alyp bilýän adam il içinde aýdylýan öwgä mynasypdyr» diýýär.

* * *

Bir gezek Hajjaç Eýýup ibn Zeýt ibn Karyýadan:

— Iň ýaman, günäkär adam nähili bolýandyr? — diýip soraýar.

Onda Ibn Karyýa:

— Adamlaryň ýalňyşyny görüp, öz ýalňyşyny görmeýän adam iň bir ýaman, günäkär adamlaryň biridir — diýýär.

* * *

Bir gezek Saffah Ahmet ibn Ýusuba[7]: «Eger men saňa münbere çykyp, Mugawyýa lagnat okamagy emr etsem, şony edermiň?» diýýär. Ahmet onuň diýeninden boýun gaçyrýar we Lubeýdiň goşgusyny aýdýar:

Amyr oňa sögmegi emr etse-de,

Gaçyr boýun, ajal alyp gitse-de.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Kimdir biri mömin adama ýa-da mömin aýala töhmet atsa, Allatagala onuň mömine aýdan sözi teninden çykýança, ony dowzahyň odunyň üstünde oturdýar» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Gybat diýilýän güýçsüz, ejiz adamyň işidir» diýýär.

* * *

Mutanebbi[8] gybat barada şeýle diýýär:

Gybat edip jeza bermek naçar zenanyň işi,

Gybat ejizlere mahsus, gelişmez erkek kişä.

* * *

Abu Ýezit Amyry[9]şeýle diýýär:

Seni hyja bilen öldürmäge synandym,

Itler uzak ýaşaýandyr, indi ynandym,

Men hyja aýdanym bilen sen hiç ölmediň,

Başyňy dik tutdyň-da, maňa üns bermediň,

Sen aýa seredip, üýren iti gören ýaly,

Ýüregimde düwenimi gözlerimden bilen ýaly,

Meniň sözlerimi jogapsyz goýup gitdiň,

Şeýdip ulus-illere meni masgara etdiň.

 

* * *

Bir adam danadan:

— Ýylan, içýanyň zäherinden güýçli adama howply, zeperli zat barmyka? — diýip soraýar.

Ol dana:

— Kimdir biriniň saňa sögmegi, töhmet aýtmagy, seniň ýagşy tarapyňy aýtman ýaman eden işleriňi çişirip gürrüň bermegi, ol gürrüňleri halkyň içinde ýaýratmaga çalyşmasy ýylan bilen içýanyň zäherinden has güýçlüdir we howpludyr — diýip jogap berýär.

* * *

Abu Derda: «O dünýäsinden gorkman adamlaryň gybatyny edýän, olara töhmet atýan adamdan gorkuň» diýýär.

* * *

Omar ibn Abdyleziz özüniň başga ýerdäki emirlerine hat ýazýar. Ol kim-de kim Omar Hattaba ýa-da Abubekr Syddyga sögen bolsa, başgalar bu işi gaýtalamaz ýaly ile göz edip urmagy emr edýär.

* * *

Bir adam Ibn Sirinden:

— Men saňa sögündim welin, meniň bu edenime rugsat berýäňmi? — diýip soraýar.

Onda Ibn Sirin:

— Allanyň haram eden zadyny men saňa halal edip bilerinmi? — diýýär.

* * *

Amyr ibn Abdylla ibn Zubeýr: «Beni Ümmiýe (emewiler) ýetmiş ýyllap metjitleriň münberlerinden hezret Ala nälet okadylar. Olar nälet okadygyça Allatagala, şonça-da Hezreti Alynyň mertebesini beýgeltdi» diýýär.

* * *

Mugawyýa ibn Kurra: «Ata-babalarymyza yslamy berk tutmak we gybat etmezlik ýaly häsiýetler mahsus bolupdyr» diýýär.

* * *

Bir adam aýalyny talak etjek bolýar. Adamlar ondan:

— Seniň aýalyň talak eder ýaly näme aýby bar? — diýip soraýarlar.

Ol adam:

— Haýsy adam aýalynyň aýbyny ile ýaýýar — diýýär.

Ol adam aýalyna talak berenden soň, ondan:

— Aýalyň näme aýby bardy? — diýip soranlarynda, ol:

— Ol indi meniň aýalym däl, şonuň üçin meni onuň aýby gyzyklandyrmaly däl. Eger onuň aýbyny size aýtsam, onda gybat etdigim bolýar — diýip jogap berýär.

* * *

Bir ýagşyzada adam bir aýalyň gybat edip oturandygyny eşidip:

— Kömege geliň, ýangyn» diýip gygyryp ugraýar.

Goňşulary ylgaşyp gelseler, hiç hili ýangyn ýokdy. Ol adam:

— Ol aýalyň agzyndan çykýan gybat, dowzahyň odunyň howrudyr. Bu howur meni, meniň maşgalamy we ol aýalyň özüni dowzahyň oduna ýakyp biler — diýýär.

* * *

Käbir ýagşyzada adamlar ýanynda halwa göterer ekenler. Eger kimdir biriniň gybat edýändigini görseler, halwany görkezip: «Bu seniň edýän gürrüňiňden süýjüdir. Gybat, bihuda gürrüň bolup, süýji-de bolsa, soňy ajydyr. Şonuň üçin beýle gürrüňlerden daşda dur» diýer ekenler.

* * *

Bir adam Hasan Basrynyň gybatyny edýär. Muny eşiden Hasan ol adama bir tabak hurma iberýär. Ol adam Hasanyň ýanyna gelip:

— Men-ä seniň gybatyňy etdim, sen bolsa maňa bir tabak hurma iberipsiň. Munuň sebäbi nämedir? — diýip soraýar.

Onda Hasan:

— Men sogap gazanmak üçin köp haýyrly iş etmeli bolýan. Sen meniň gybatymy etmek bilen maňa örän köp sogap bagyş etdiň. Şonuň üçin hem men saňa hödür-kerem goýberdim — diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Isra gijesi[10] asmana çykanymda jeset iýip oturan adamlary gördüm. Men Jebraýyldan: «Eý, Jebraýyl bular kimler?» diýip soranymda, ol: «Bular adamyň etini iýenler, ýagny gybat edenler» diýip jogap berdi» diýýär.

* * *

Fazyl: «Ähli zat gowulyk bilen gutarsa gowudyr. Gybat terk edilende gowy bolýandyr» diýýär.

* * *

Bir gezek Amr ibn As egindeşleri bilen gidip barýarka eşegiň maslygynyň üstünden barýar. Ol egindeşlerine seredip: «Adam etini iýeniňizden şu eşegiň etinden iýip garnyňyzy gerk-gäbe doýuryň» diýýär.

* * *

Abu Hureýra: «Maňa iki günäden birini saýla diýseler, ýagny remezan aýynda agyz bekli wagty suw iç ýa-da gybat et diýseler men suw içip agzymy açardym» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Kim gybat edilýän ýeri terk edip gaýtsa, Allatagala onuň günäleriniň ýarysyny geçýär» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Gybat etmek, oraza tutanyň agzyny açýar, täret alan adamyň täretini-de, namazyny-da bozýandyr» diýýär.



[1]Damask kazysy Muhammet ibn Harp Abu Abdylla Hulany Humsy. Ol dogry hadyslary aýdardy. Onuň gürrüň beren hadyslary alty sany kitapda bardyr.

[2]Hüseýin ibn Ybraýym ibn Hurr ibn Raglan Amyry Abu Aly Bagdady. Eşkap onuň lakamy bolup, onuň asly Horasanyň Nusaý şäherindendir. Meşhur hadysçy alymlar Muhammet we Aly Eşkabyň kakasydyr. Hüseýiniň kakasy Nusaýly soňra bolsa Yspyhan häkimi Eset ibn Abdyrahmanyň dostudy. 145-nji hijri ýylynda apbaslylaryň halypalyk eden döwründe Eset ibn Abdyrahman Yspyhana häkim bellenilende dosty bilen Yspyhana göçýär. Hüseýin ylym gözleginde Bagdada gidýär. Ol Abu Ýusupdan fykh ylmyny öwrenýär. Ol ömrüniň ahyryna çenli, ýagny 216-njy hijri ýylynda wepat bolýança ylym öwrenmegini dowam etdirýär.

[3]Tahyr ibn Muhammet ibn Abdylla ibn Tahyr Huzaýy. Horasan ilinden çykan şahyrlaryň we akyldarlaryň biri. Ol ýaş wagty maşgalasyny taşlap, Buhara gaýdýar. Samanlylar döwletiniň şalaryna hyzmat etse-de, ýürekde olary ýigrenerdi. Ol özüniň ähli betbagtçylygyny olardan görerdi. Tahyr Samany emirleri Şehit we Sagyda hyja ýazýar. Ol Samanlylar şalaryny masgaralap goşgy goşan ilkinji şahyrdyr.

[4]Samanlylar döwleti derýanyň aňyrsynda, ýagny Mawerannahrda kesralar neslinden bolan Saman ibn Haýýa tarapyndan döredilen döwletdir. Samanlylar döwletiniň paýtagty Buharadyr. Saman Abu Müslim Horasanynyň egindeşleriniň biridir. Abu Müslimiň we onuň ogly Esediň Apbaslylar döwletini gurmakda eden işi uludyr. Eset Harun Reşidiň halypalyk eden döwründe wepat bolýar. Esediň Nuh, Ahmet, Ýahýa, Ylýas diýen dört ogly galýar. Mamun halypalyga gelende olaryň kakasynyň eden işini göz öňünde tutup, 204-nji hijri ýylynda olara Samarkant, Fergana, Şaş we Hyrat şäherlerini mülk ýeri edip berýär. Samanlylar döwleti 305-nji hijri ýylyna çenli dowam edýär.

[5]Nasyr ibn Ahmet ibn Ysmaýyl Abu Hasan Samanly. Ol Mawerannahryň we Horasanyň emiridir. 293-nji hijri ýylynda Buharada dogulýar we 301-nji hijri ýylynda kakasy öldürilenden soňra emirlige gelýär. Ol örän edermen we başarjaň serkerdedi. Onuň emirlik eden döwründe onuň döwletiniň çägi ulalýar. Indi oňa Horasan, Gürgen, Reý we Nişapur degişlidi. Ol ýumşak häsiýetli we adyl adamdy. 331-nji hijri ýylynda Buharada wepat bolýar.

[6]Hyja — biriniň üstünden gülüp, kemsidip ýazylýan goşgy.

[7]Bu Ahmet ibn Ýusubyň kimdigi bize mälim däldir. 213-nji hijri ýylynda wepat bolan Ahmet ibn Ýusup Kätip bilen bu Ahmediň hiç hili baglanyşygy ýok.

[8]Mutanebbi — arap şahyry.

[9]Abu Ýezit ibn Muhammet ibn Abu Semäme Abdy. Ol we onuň kakasy şahyr bolupdyr.

[10]Isra gijesi — Muhammet pygamberiň asmana galan gijesi.