ÝIGRIMI DOKUZYNJY BAP: HOŞBOÝ YSLY SERIŞDELER, ATYRLAR, OLARYŇ GÖRNÜŞLERI, DÜZÜMI WE ULANYLŞY HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝIGRIMI DOKUZYNJY BAP: HOŞBOÝ YSLY SERIŞDELER, ATYRLAR, OLARYŇ GÖRNÜŞLERI, DÜZÜMI WE ULANYLŞY HAKYNDA

Osman ibn Muzgyn[1]atyr söwdasyny edýärdi. Bir gün ol Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna barýar. Onuň eline atyryň reňki urup gyzaryp durdy. Muhammet alaýhyssalam oňa: «Erkek adam üçin atyryň ysy gowy ýaýrap, reňki çykmasa, zenan maşgala üçin bolsa atyryň reňki köp çykyp, ysy az bolup ýaýrasa haýyrlydyr» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam Köwser[2]suwy hakynda: «Onuň suwy müşkdir, damjasy dürdir» diýýär.

* * *

Enes: «Bir gezek Muhammet alaýhyssalam biziň öýümize gelende, uklap galdy. Ol derläp, maňlaýyndaky der syrygyp, ýere damyp durdy. Meniň ejem deriň damýan ýerine gap getirip goýdy. Muhammet alaýhyssalam oýananda ýanynda duran gaby görüp:

— Eý, Ümmi Selim! Seniň bu edýän işiň näme? — diýip sorady.

Onda ejem:

— Eý, Resulalla! Seniň deriň biziň üçin iň ýagşy atyrdyr — diýip jogap berdi» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Eger men täjir bolan bolsam, atyr söwdasyny ederdim. Bu söwdanyň düşewüntliligi üçin däl-de, atyryň ýakymly ysy üçin» diýýär.

* * *

Abdylla ibn Japar Mugawyýa atyr sowgat berýär. Mugawyýa ondan:

— Bu atyryň bahasy näçe? — diýip soranda, ol:

— Bu atyr örän gymmatdyr. Şonuň üçin onuň ady hem galyýa[3] — diýýär.

* * *

Abu Katada: «Ibn Mesgut öýünden metjide gitse, onuň ähli goňşulary Ibn Mesgudyň atyrynyň ýakymly ysy boýunça onuň metjide gidendigini bilýärdiler» diýýär.

* * *

Ekreme[4]: «Ibn Apbas müşk çalnanda ol müşküň içine çümüp çykan ýaly bolýardy. Ol köçeden geçip gitse, adamlar: «Ýa-ha Ibn Apbas ýa-da müşk geçip gitdi» diýerdiler» diýip gürrüň berýärler.

* * *

Abu Feýha: «Ibn Apbasyň çalýan müşküniň bahasy meniň ähli baýlygymdan gymmatdyr» diýýär.

* * *

Abdylla ibn Zeýt[5]bir ýere gitmekçi bolsa, ilki bilen hoşboý ysly atyr sepinip soňra giderdi.

* * *

Köp ýagşyzadalar gije turup, täret alardylar, soňra sakgallaryna ýagşy ysly atyr seperdiler.

* * *

Temim Dar sekiz ýüz dirheme atyr satyn alýar we gijelerine turup suwa düşünerdi we satyn alan atyryndan sepinip namaza durardy.

* * *

Şagby: «Ýagşy ysly atyrlar aklyňy zyýada edýändir» diýýär.

* * *

Silm ibn Kuteýba: «Pylanyň gyzy ýanymdan geçende, onuň atyrynyň ysy meniň başymy aýlardy. Bu gyzyň atyrynyň ysy onuň aşyk ýigdiniň iň ýakymly lezzeti bolsa gerek» diýýär.

* * *

Pasyk adam iň gymmatbahaly atyry sepinse-de nejasatdyr.

* * *

Sagyt ibn Zeýt: «Abdylla ibn Galybyň gabryna baryp, oňa doga okadym, soňra gabrynyň topragyndan alyp ysgap görsem, atyryň ysy gelip durdy» diýýär.

* * *

Jahyz: «Piliň maňlaýyndan akýan der müşküň ysyny berýändir» diýýär.

* * *

Harun Reşit Antakyýa göçmek isleýär. Emma onuň akyldarlarynyň biri garşy çykýar. Ol Harun Reşide: «Eý, möminleriň emiri! Antakyýa dynç almaga sapaly ýerdir. Ol ýeriň howasy atyrdyr. Emma hoşboý ysly ýerde ýaşamak adamy arkaýyn edýändir, ýaragy zeňledýändir. Seniň bolsa dolandyrmaly uly döwletiň bardyr. Şonuň üçin Antakyýa göçseň, döwletiňi ýitirersiň» diýýär. Şondan soňra Harun Reşit Antakyýa göçmek pikirinden dänýär.

* * *

Pars ýurdunyň şäheri bolan Sirabyň atyryň ysy ýaly howasy bardy.

* * *

Müşk Çyn-Maçynda öndürilýär. Keýigiň garnynyň aşagynda, göbeginiň ýanynda gan üýşýär. Awçylar keýigi awlap etini iýerdiler we garnynyň aşagyndaky gany alyp onuň ysyny aýyrmak üçin arpa gömüp goýýardylar. Şondan soňra müşki ýasaýardylar.

* * *

Jahyz: «Bir gezek men atyr ýasaýan dostlarymyň birinden:

— Müşk barada näme aýdyp biljek? — diýip soranymda, ol:

— Gan haramda bolsa, müşk halaldyr. Eger Muhammet alaýhyssalam müşk ulanmadyk bolsa, men atyr söwdasyny etmezdim — diýip jogap berdi» diýýär.

* * *

Anbary kenara deňziň tolkunlary çykaryp taşlaýar. Ony iýen ölýärdi. Guş oňa çüňküni ursa, çüňki ýelmeşip galýardy. Bu zadyň (anbaryň) düzüminiň, nämedigi hiç kime aýan däldi. Täjirler, atyrçylar ony tapanda onda guşuň dyrnagy, çüňki bardy. Soňra bu zatdan ýagşy ysly atyr ýasap müşki-anbar diýip at berýärler.

* * *

Mekgeliler: «Anbar deňziň ýagydyr. Ol Hindi deňzinde bolýar. Onuň iň ýagşysy kül reňkde, soňra gök reňkde bolýar. Erbedi gara reňkde bolýar» diýýärler.

* * *

Ibn Apbas: «Anbar üçin zekat tölenmeli däldir. Ol deňizden çykan zatdyr» diýýär.

* * *

Bir adam ýerden Allanyň ady ýazylan kagyzy tapýar we ýanynda bar bolan bir dinara atyr satyn alyp, bu kagyza sepýär. Ol adam uka gidende düýşünde biri: «Meniň adyma ýagşy ysly atyr sepeniň üçin seniň geljegiň hem ýagşydyr» diýýär.

* * *

Halyt ibn Safwan: «Ýezit ibn Muhatap meniň doganymy tutup, zyndana oklady. Men ony boşatmak üçin Ýezidiň ýanyna gitdim. Men onuň gapysynyň agzyndaky hyzmatkäre: «Meniň Ýezide kelam agyz gürrüňim bar» diýip, rugsat soradym. Hyzmatkär Ýezidiň ýanyndan dolanyp gelip, meni onuň ýanyna alyp gitdi. Men Ýezidiň ýanyna girenimde, elinde altyn gapdaky atyry saklap duran owadan gyrnaga gözüm düşdi. Men öňki diýmekçi bolup gelen sözlerimiň deregine:

— Men ömrümde seniň atyryň ysy ýaly ys alyp görmändim. Bu müşk-anbar dünýäde ýeke-täk bolsa gerek — diýdim. Ol menden:

— Näme hajat bilen geldiň? — diýip sorady. Men oňa:

— Agam seniň zyndanyňda tussaglykda ýatyr — diýdim. Onda Ýezit: Gaýdyber, ol senden öň öýüňe barar — diýdi. Hakykatdan hem öýe gelsem, agam öýde eken» diýýär.

* * *

Abubekr Muhammet ibn Apbas Horezmi şeýle diýýär:

Atyrlaryň bary deň däl, bardyr tapawut,

Müşk jennetden inen, misli dür-ýakut.

Magşugyň gelýändigin buşlaýar hoşboý yslar,

Kalplar lerzana gelip, sämeder juwan başlar.

Misli burun aşyk kalbyň içalysy ýalydyr,

Aşygy maýyl edýän onuň hoşboý ysydyr.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam zenan maşgalalara: «Garaňky gatlaşanyny görseňiz, ýagşy ysly atyr sepinmegi unutmaň» diýýär.

* * *

Hindistanyň bir obasy hurma ýetişdirmekde, ýüzüge nagyş salmakda, ajaýyp egin-eşik tikmekde örän meşhurdy. Ýöne bu obany ýaňkylardan-da has meşhur eden zat bu ýerde ýasalýan atyrdy. Bu atyrdan egin-eşigiňe sepseň, birnäçe hepde atyryň ýakymly ysy aýrylmazdy. Şonuň üçin hem bu obanyň täjirsiz wagty bolmazdy.

* * *

Abu Eýýup Süleýman[6]Mansuryň weziri mahalynda Mansur oňa Ahwazyň töwereginden birnäçe obany bagyş edýär. Abu Eýýup bu obalara aýlanmaga gidende, gymmatbaha atyrlardan sepinip giderdi. Obanyň adamlary onuň atyrynyň ysyna haýran bolup ony diňlärdiler, oňa doly boýun egerdiler. Şondan soňra bu obada kimiň sözi diňlense oňa «Abu Eýýubyň atyryny sepinen ýaly» diýerdiler.

* * *

Itiň ysy nejasatdyr. Araplarda kimdir birinden erbet ys gelse, itiň ysy ýaly diýilýär.

* * *

Bir gezek Imrulkaýsyň[7]aýaly adamsyna:

— Sen derläniňde senden itiň ysy gelýär — diýýär. Onda Imrulkaýs:

— Hawa! Ýaş wagtym ejem-kakam süýt tapman meni itiň süýdi bilen eklediler — diýýär.

* * *

Isa alaýhyssalam ýagşy atyryň ysyny alanda burny gyzarardy. Oňa bu hakynda aýdanlarynda ol: «Esasy zat burnumyň ýagşy atyryň ysyny alanda gyzarmagydyr» diýýär.

* * *

Bir gezek Omar ibn Hattaba (goý, Alla ondan razy bolsun!) Bahreýinden müşk sowgat goýberýärler. Bu müşk Omaryň aýaly Atyka bint Zeýdiň göwnünden turýar. Ol müşki özüne almakçy bolanda, Omar: «Müşkden boýnuňa çal, galanyny ähli musulmanlara paýla. Bu müşkde olaryň-da paýy bardyr» diýýär.

* * *

Enes: «Muhammet alaýhyssalamyň-da müşki bardy. Ol mydama şol müşki sepinýärdi» diýýär.

* * *

Omar ibn Abdyleziziň özi musulmanlara müşki paýlaýardy. Ol müşk paýlanda burnuny tutup: «Müşkiň esasy zady ýagşy ysdyr. Şondan olaryň hakyny iýmäýin. Olary hoşboý ysdan mahrum etmäýin» diýerdi.

* * *

Bir gezek Abu Eýýup Ensary Muhammet alaýhyssalama sarymsak salyp, nahar bişirip berýär. Muhammet alaýhyssalam bu nahardan datmaýaram. Abu Eýýup ýene bir nahar bişirýär. Ol bu nahara-da sarymsak salýar. Muhammet alaýhyssalam bu nahary-da ellemeýär. Abu Eýýuba gelip: «Ol bu naharyň-da duzuny datmady» diýenlerinde, ol Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna girip:

— Sarymsak harammydyr? — diýip soraýar. Onda Muhammet alaýhyssalam:

— Ýok, meniň iýmeýänimiň sebäbi agzymdan erbet ys gelerinden gorkýan — diýip jogap berýär.

* * *

Bir gezek Selme Aýýaş[8]Japar ibn Süleýman Ibn Ala şeýle diýýär:

Entäk-entäk müşküň alyp ysyny,

Seniň müşküň aýlandyrdy başymy.

 

* * *

Japar Selmä müň dinar, ýüz mysgal müşk, ýüz mysgal anbar bermegi emr edýär.

* * *

Bir gezek Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) Rum şasyna sowgat goýberýär. Omaryň aýaly Aly ibn Abu Talybyň gyzy Ümmi Gülsüm[9]bir dinara müşk satyn alyp, gaba salýar we Rum şasynyň aýalyna sowgat goýberýär. Sowgatlary alyp giden çapar gaýdyp gelende, Ümmi Gülsüme Rum şasynyň aýalyndan bir gap jöwher sowgat getirýär. Ol öz otagynda jöwherleri ýere ýazyp synlap otyrka, Omar girýär. Ol Ümmi Gülsümden: «Bu zatlary nireden aldyň?» diýip soraýar. Ümmi Gülsüm bolan wakany gürrüň berýär. Onda Omar:

— Bu baýlyklaryň bary musulmanlaryňkydyr — diýýär. Ümmi Gülsüm:

— Ol nähili bu jöwherler meniň sowgadymyň öwezine gelen zatlar ahyryn — diýýär. Omar:

— Goý, ikimiziň dawamyzy kakaň çözsün — diýip, Hezreti Alyny çagyrýar. Hezreti Aly olaryň ikisinide diňläp, gyzyna:

— Jöwheri satda bir dinary özüňe al, galanyny ähli musulmanlara paýla. Seniň sowgadyňy äkidip, deregine sowgat getiren musulmanlardyr — diýýär.

* * *

Bir dana: «Ýagşy ysy almak uly nygmatdyr» diýýär.

* * *

Hindistanda kafur (kamfara) atly agaç bardy. Onuň içinde öz ýagy bolýardy. Bu agajy ýaranyňda onuň içindäki ýag dessine doňup galýardy. Ol agajyň ýagyndan hoşboý ysly atyrlar ýasalýardy.

* * *

Müşk gyzyl ýalydyr. Satsaň pul bolar. Ulansaň ýagşy ys bolar.



[1]Osman ibn Muzgyn ibn Habyp ibn Wahap Abu Saýyp Jamhy. Jahylyýet döwrüniň dana adamlarynyň biri. Ol jahylyýet döwründe-de aragy haram hasaplaýardy. 13-nji adam bolup yslam dinini kabul edýär. Hebeşistana iki gezek hijret edýär. Bedr söweşinde şehit bolýar. Muhammet alaýhyssalam onuň jynazasyna gelip, onuň maňlaýyndan ogşaýar. Onuň gözünden akýan gözýaş damjalary Osman ibn Muzgynyň egnine damyp durdy. Medinä gelip wepat bolan ilkinji muhajyrdyr we Bakyg gabrystanlygynda jaýlanan ilkinji musulmandyr.

[2]Köwser jennetdäki howzuň adydyr.

[3]Galyýa — arap dilinde gymmat diýmegi aňladýar.

[4]Abdylla ibn Apbasyň hyzmatkäri.

[5]Abdylla ibn Zeýt ibn Aslam Adawy Abu Muhammet Medeni. Ilki Omar ibn Hattabyň guly bolup, soňra azat edilýär. Ondan birnäçe adam hadys gürrüň berýär. 164-nji hijri ýylynda Mätiniň halypalyk edip başlan döwründe wepat bolýar.

[6]Abu Eýýup Süleýman ibn Muhammet Muryýany Huzy. Süleýman ibn Habyp ibn Muhallabyň kätibi. Apbaslylar halypasy Mansur ony Halyt ibn Barmakdan soňra özüne wezir edip, ýanyna alýar. Emma 153-nji hijri ýylynda Mansur bilen tersleşýär. Mansur onuň ähli mal-mülküni elinden alýar we onuň özüni tussag edýär. Abu Eýýup şol ýylda wepat bolýar.

[7]Imrulkaýs ibn Hajar Kindi. Jahylyýet döwrüniň meşhur şahyrlarynyň biri.

[8]Selme ibn Aýýaş Basry — emewiler we apbaslylar döwletiniň şahyry.

[9]Ümmi Gülsüm bint Aly ibn Abu Talyp. Onuň ejesi Patma Zahra Muhammet alaýhyssalamyň gyzy. Ol Resulalla dirikä eneden dogulýar. Omar onuň üçin 40 müň dirhem galyň töleýär. Ondan Omaryň Zeýt we Rukyýa diýen çagalary dogulýar. Omar wepat bolandan soňra, Awf ibn Japar ibn Abu Talyba durmuşa çykýar. Awf wepat bolandan soň, Awfyň dogany Abdylla ibn Gülsüm we ogly Zeýt bir günde wepat bolýarlar.