OTUZYNJY BAP: ADAMLARYŇ BIRI-BIRI BILEN DUŞUŞMAGY, ELLEŞIP SALAMLAŞMAK, OTURYŞMAK, GATNAŞYK ETMEK, MYHMANÇYLYGA BARMAK, SALAM BERMEK WE ÖZÜŇI ALYP BARMAGYŇ EDEPLERI HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » OTUZYNJY BAP: ADAMLARYŇ BIRI-BIRI BILEN DUŞUŞMAGY, ELLEŞIP SALAMLAŞMAK, OTURYŞMAK, GATNAŞYK ETMEK, MYHMANÇYLYGA BARMAK, SALAM BERMEK WE ÖZÜŇI ALYP BARMAGYŇ EDEPLERI HAKYNDA

Jabyr ibn Abdylla Ensary: «Muhammet alaýhyssalam: «Birine duşanyňda salamlaşmak onuň bilen mylakatly gürleşmek pygamberleriň we ýagşyzadalaryň häsiýetidir. Gelen myhmany kabul etmek, oňa hyzmat, hödür-kerem etmek her bir musulmanyň borjudyr» diýdi» diýip gürrüň berýär.

* * *

Abu Hureýra: «Muhammet alaýhyssalam: «Kimdir biri musulman doganynyň öýüne myhmançylyga barsa, ol öýüň eýesine gökden: «Eger myhmanyň göwnüni tapsaň, jennetde jaýyň taýýardyr» diýip ses gelýär» diýdi» diýip gürrüň berýär.

* * *

Kagkag ibn Şur[1]kimdir biri bilen mejlisde otursa, ýanynda oturan adama maly-dünýäsinden paý bererdi, kyn ýagdaýa düşse kömek bererdi. Soňundan oňa mejlisde ýanynda oturany üçin minnetdarlygyny bildirerdi.

* * *

Günleriň birinde emewiler halypasy Mugawyýa mejlis geçirip otyrka, bir adam girýär. Mugawyýa oňa ýanyndan ýer görkezýär. Mejlisden soňra Mugawyýa ol adama ýüz müň dirhem bermegi emr edýär. Ol adam Mugawyýa şeýle diýýär:

Kagkag bilen mejlisde oturyp gördüm,

Bu gün Mugawyýadan sylagym aldym.

* * *

Bir pelsepeçiden:

— Pygamberleriň haýsysy köp üstünlik gazandy? — diýip soranlarynda, ol:

— Görk-görmeklisi we akyllysy — diýip jogap berýär.

* * *

Soramadyk adama jogap berme, jogap bermejek adamdan zat sorama.

* * *

Bir sopudan: «Sen nädip beýle derejä ýetdiň?» diýip soranlarynda, ol: «Düýnki günüme ökünip, bu günümi ýigrenip, ertiriň aladasyny edip» diýip jogap berýär.

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Hyşam ibn Abdylmälik mejlisde otyrka ýerinden turanda egnindäki dony ýere gaçýar. Mejlisde oturanlaryň biri dona elini uzadanda, Hyşam onuň elinden tutup:

— Hoş geldiň! Biz mejlisimize gelen adamlary bimaza edemzok. Şonuň üçin arkaýyn otur we arkaýyn dynç al — diýýär.

* * *

Bir gezek Asmagy Harun Reşidiň elinden ogşaýar we oňa:

— Eý, möminleriň emiri! Seniň eliňdäki ýaly ýagşy ysy ömrümde ysgap görmändim. Allatagala seniň ýaşaýşyňy mundan-da ýagşy etsin, seniň yrsgalyňy mundan-da köpeltsin we seni öz penasynda saklasyn — diýýär.

* * *

Günleriň birinde Halym ibn Ahmet okuwçylarynyň biriniňkä myhmançylyga barýar. Ol okuwçysyna: «Eger sen meni soramaga zyýarata barsaň, bu seniň edepliligiň alamatydyr. Eger men seniň hal-ahwalyňy soramaga gelsem, onda seniň hormata mynasyp bolandygyň alamatydyr» diýýär.

* * *

Bir adam Hyşam ibn Abdylmäligiň elini ogşamakçy bolýar. Onda Hyşam ol adama: «Parslarda köşk emeldarlary, araplarda bolsa tamakin adamlar el ogşaýandyr. Şonuň üçin bu işiňi gaýtalama» diýip ündeýär.

* * *

Talha ibn Ubeýdylla: «Öý eýesiniň gapysynyň agzynda oturmagyny sahylygynyň, keremliliginiň alamatydyr» diýýär.

* * *

Bir adam apbaslylar halypasy Abu Japar Mansura: «Eliňi ber ogşaýyn» diýende, ol: «Men seni we başgalary şu elimden goramaga çalyşýaryn. Elimi hem sizden goraýaryn» diýýär.

* * *

Abu Hanypanyň egindeşleriniň biri Şapygydan bir mesele babatynda soraýar. Şapygy jogap berýär. Onda ol adam Şapyga:

— Ýalňyş aýtdyň — diýýär.

Şapygy oňa:

— Eger men seniň ýeriňde bolup, seniň şu gürleýşiň ýaly gürlesem, ýene-de birnäçe ýyllap edep öwrenerdim — diýýär.

* * *

Enes: «Bir gezek Hüseýin ibn Aly bilen otyrkak, onuň gyrnagy eli jamly gapydan girdi we bize salam berdi. Hüseýin onuň salamyny aldy we «Allatagalanyň haky üçin sen azatsyň» diýdi. Men Hüseýinden:

— Sen ony azat eder ýaly ol saňa näme etdi? — diýip soranymda, ol:

— Bu Allatagalanyň bize öwreden zadydyr. Ol bize «Kim-de kim size salam berse, ony ýagşy görnüşde gaýtaryň ýa-da jogap beriň» diýdi. Gyrnagy azat etmegim bolsa, onuň salamyny gowy görnüşde gaýtardygymdyr — diýdi» diýip gürrüň berýär.

* * *

Bir gezek Abdylla ibn Ýahýa Ibn Uýaýnadan:

— Men ýok wagtym, wagtyňy nähili geçirdiň? — diýip soranda, ol:

— Wagtymy her hili, ýagdaýa görä geçirdim. Gowy ýagdaýymda öwdüm, erbet ýagdaýymda gybatyňy etdim — diýýär.

* * *

Semäme ibn Aşras Abdylla ibn Tahyr sapardan gelende, elini ogşaýar. Abdylla ondan:

— Men gidemden soň nähili ýagdaýda bolduň? — diýip soraýar.

Ol Semäme:

— Seni göresim geldi, wagtym geçmedi we adamlary ýigrendim. Seni hormatlaýanym üçin seni göresim geldi. Seniň ýoklugyň zerarly wagtym geçmedi. Seniň ýeriňi hiç kim tutup bilmändigi üçin başga adamlary ýigrendim — diýýär.

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Abdylmälik ibn Merwan ýanyna gelen ol adama özi çaý guýup berýär. Ol adam özüne goýulýan hormaty geň görýär. Abdylmälik onuň geň görendigini bilip:

— Dört ýagdaýda, soltana, kakaňa, öýüňdäki myhmana we ýatagyňdaky mallara hyzmat etmek utanç däldir — diýýär.

* * *

Araplarda yslamdan öň: «Ertiriň nygmatly bolsun» ýa-da «ýagşy tagamlar arzuw edýärin» diýip salamlaşar ekenler.

* * *

Durmuşyň her bir halaty adama sapak berýändir. Emma iň esasy sapak alymlaryň mejlisinden alýnýandyr.

* * *

Bir çarwa: «Salamlaşanda adamyň elini ogşamak bozuklykdyr. Iň şatlykly zat bolsa buşlukdyr» diýýär.

* * *

Samsyklaryň mejlisinde oturmak howp-hatarlydyr. Ondan turup gaýdyp bilmek ýeňişdir.

* * *

Bir gezek Muhammet alaýhyssalam ders okap oturan çagalaryň duşundan geçip barýarka, durup olara salam berýär we ýene-de ýoluny dowam etdirýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Her bir ýurdy ilçisi boýunça tanaýarlar we göz öňüne getirýärler. Adamyň akyly mejlisdäki ilçisidir» diýýär.

* * *

Bir gezek Ahmet ibn Ýusup apbaslylar halypasy Mamunyň ýanynda onuň duşmanlarynyň birine hat ýazyp otyrka, Mamundan pyçak soraýar. Mamun pyçagy uzadanda Ahmet elini pyçaga kesdirýär. Mamun oňa geň galyp seredýär. Onda Ahmet ibn Ýusup:

— Eý, möminleriň emiri! Hatyňda gan gören duşmanlaryň senden gorksun diýip men bilgeşleýin elimi kesdirdim — diýýär.

Mamun onuň ugurtapyjylygyna haýran galýar.

* * *

Patyşalaryň mejlisine barmasaň, onuň gazabyna duçar bolarsyň.

* * *

Bir adam Ybraýym Edhemden:

— Sen nähili edip bu derejä ýetdiň? — diýip soranda, ol:

— Mejlisde hiç kime biderek gürrüňler bilen azar bermän — diýip jogap berýär.

* * *

Käbir şalar mejlisde pallap ugrasa, ýadawlyk duýsa, aýagy guruşsa, elinden galam ýa-da nämedir bir zat gaçyrsa adamlary huzuryndan çykaryp dynç almaga haky bardyr. Beýle edilmegi şanyň özüne, adamlara, kabul ediljek perman üçin neplidir.

* * *

Erdeşir mejlisde ýadasa ýerinden turup gerinerdi. Kubat ýadawlyk duýsa mejlisden daş çykyp, uzak wagtlap asmana seredip durardy.

* * *

Şagby: «Gözi bilen gören zadyny iki hili edip gürrüň berýän adam ýalan sözleýändir» diýýär.

* * *

Erdeşir ýa-da Anuşirwan[2]weziriniň ýa-da kimdir biriniň öýüne myhmançylyga barsa, ol gün taryhy waka hökmünde kitaplara ýazylardy. Myhman alan öý öň sylanmaýan adam hem bolsa, indi ol tanymal, sylag-hormatly adama öwrülerdi. Onuň kowumdaşlary sylag-hormaty ýitirmejek bolup jenaýatdan daşda durardylar. Şanyň sag tarapynda oturmak iň bir sylagly ýerdi. Şa ýerinden turup, daş çyksa hiç kim onuň ýerinde oturmaga milt etmezdi.

* * *

Egerkimdir biri bilen mejlis gurap oturmakçy bolsaňyz onda dindar ýa-da ulamalar we asylzadalar bilen otur. Olaryň mejlisinde erbet gürrüň edilmez.

* * *

Bir adam apbaslylar halypasy Mamundan:

— Nähili mejlis ýagşydyr? — diýip soranda, ol:

— Adamlaryň wezipesine ýa-da abraýyna laýyklykda geçirilen mejlisden, ýönekeý adamlar gelip, akylly gürrüňler edilen mejlis haýyrlydyr — diýýär.

* * *

Ahnaf: «Güler ýüzli adam halkyň söýgüsini tiz gazanar» diýýär.

* * *

Pyntygyň geljekki miwäniň alamaty bolşy ýaly, güler ýüzlülik sahylygyň alamatydyr.

* * *

Kimdir biri seniň ýanyňa hajat bilen gelse güler ýüz ber şonda sen onuň hajatyny ýerine ýetirmeseňem ol senden nägile bolmaz. Gülerýüzlülik üstünlik gazanmagyň hilesidir.

* * *

Lukman Hekim: «Eý, oglum, nirädir bir ýere ilçi goýbermekçi bolsaň, akmak adam goýbermegin. Sebäbi ilçi seniň adyňdan gürläp, seniň ýeriňi tutýandyr. Onuň nadan gürlemegi seniň nadan gürledigiň diýip düşünerler. Eger dana adam tapmasaň onda ilçi goýbermekçi bolan ýeriňe gowusy özüň gitgin» diýýär.

* * *

Fazyl: «Kim-de kim ahyrýetiniň gowy bolmagyny islese misginler bilen mejlis gurasyn» diýýär.

* * *

Tiz-tizden zyýarata barmak myhman ýeriňi ýadadar. Az zyýarata barýan adam baran ýerinde sylag-hormata mynasyp bolar.

 

* * *

Lukman Hekim ogluna: «Eý, oglum! Eger kimdir birine ýolda duşsaň ony yslam dininiň oky bilen atgyn, ýagny salam bergin. «Essalamu aleýkum we rehmetullahi we berekatuhu» diýmek ol adamda saňa bolan dostluk we söýgi döreder» diýýär.

* * *

Bir gezek Abu Hezil Mamun bilen saçagyň başynda otyrka Mamuna:

— Eý, möminleriň emiri! Men bu ýerde dok otyryn welin daşarda meniň gulum bilen eşegim açdyr. Şu bereketli saçakdan şolara bir zat bolaýsa — diýýär.

Onda Mamun:

— Eý, Abu Hezil, dogry aýdýarsyň — diýýär we hajyplarynyň birine Abu Heziliň guly bilen eşegini naharlamagy emr edýär.

Şol wakadan soňra Muhammet ibn Jahymyň[3]nähilidir bir işi ýüze çyksa, Mamunyň ýanyna baryp oňa:

— Eý, möminleriň emiri! Abu Heziliň guly bilen eşeginiň hajatyny ýerine ýetirene meniň hajatymy ýerine ýetirmek has ýeňildir — diýip, söze başlardy.

* * *

Bir gezek Abu Gassan Nowruz baýramçylygynda Horasan häkimi Nasyr ibn Ahmede öz kitabyny sowgat berýär. Abu Gassan edepsiz adamdy. Ahmet ibn Nasyr ondan:

— Eý, Abu Gassan bu kitap näme hakynda? — diýip soranda, ol:

— Özüňi alyp barmagyň edebi» hakynda — diýýär.

Ahmet ibn Nasyr oňa:

— Sen näme üçin ile aýdýan zadyňy özüň amal edeňok? — diýýär.

Bir şahyr şeýle diýýär:

Edep dersin öwredenden kesekä,

Pikir et, öz ylmyň ýeterlikmikä?

* * *

Attaby: «Mejlisde köp gürlegen dil, adamy pes eder» diýýär.

* * *

Bir gezek Apbas ibn Abdylmuttalypdan:

— Sen ulumy ýa-da Muhammet alaýhyssalam? — diýip soranlarynda, ol:

— Muhammet uludyr, emma men ondan öň doguldym — diýýär.

* * *

Şeýle waka emewiler halypasy Mugawyýa bilen hem bolup geçýär. Ol Sagyt (bagtly) ibn Merre Kindiden:

— Sen Sagytmy? — diýip soraýar.

Onda Sagyt:

— Möminleriň emiri bagtlydyr. Men bolsa Merräniň ogludyryn — diýýär.

* * *

Mamun Seýit (hojaýyn) ibn Enesden:

— Sen Seýitmi? — diýip soranda, ol:

— Möminleriň emiri hojaýyndyr. Men bolsa Enesiň ogludyryn — diýýär.

* * *

Bir gezek Hajjaç ibn Ýusup Muhallapdan: «Meniň boýum uzynmy seniň?» diýip soraýar. Onda Muhallap: «Meniň boýum uzyn hem bolsa, sen ýokardan seredýänsiň» diýýär.

* * *

Jahyz: «Tuweýs[4]diýen adam sözi aýlap gürlemäni oňarardy. Ol edepsiz adam görse oňa: «Seniň ejeň mübärek ýüzli, kakaň ýagşy adam» diýerdi. Onuň beýle diýdigi: «Sen nireden dörän zat diýdigidi».

* * *

Bir arapdan:

— Halyň niçik? — diýip soranlarynda, ol:

— Deňizde ýüzüp barýan gämi gark bolup, ondaky adamlar hem agaçdan ýapyşyp dursa, şolaryň haly niçik bolar? — diýip, soraýar.

Ol adam:

— Erbet — diýýär.

Onda beýleki adam:

— Meniň halym şolaryňkydan-da erbet — diýýär.

* * *

Bir gezek Sagyt ibn As bir kuraýşy ýigidiň ýeke özüniň ýöräp barýandygyny görüp, onuň bilen ýöräberýär. Ol Sagydyň ýüzüne seredip:

— Sen menden nämedir bir zat isleýäňmi? — diýip soraýar. Onda Sagyt:

— Ýok, ýöne seniň ýeke ýöräp barýanyňy görüp, saňa ýoldaş bolaýyn diýdim — diýýär.

Ol ýigit öýüne girip az wagtdan eline gapjyk alyp çykýar. Gapjykda müň dirhem bardy. Ol ýigit gapjygy Sagyda berip:

— Bu seniň ýagşy edebiň üçin sylag-serpaýdyr — diýýär.

* * *

Bir adam Abu Derda: «Pylany saňa salam aýtdy» diýende, ol: «Salam söz hem bolsa, salam iberilýän üçin sylag-hormatdyr we uly sowgatdyr» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) Basrada Nehşemiýa öýlenende sekiniň üstünde oturýar. Onuň sag gapdalynda ogly Hasan, çep gapdalynda ogly Hüseýin we öňünde-de ogly Muhammet Hanapyýa oturýar. Ol Muhammet Hanapyýanyň ýanynda oturtmanyna öýkelärinden çekinip: «Eý, oglum! Sen meniň oglum bolsaň, bular Resulallanyň agtyklarydyrlar» diýýär.

* * *

Iki adam Hezreti Alynyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) öýüne myhmançylyga barýarlar. Hezreti Aly olara ýassyk oklaýar. Olaryň biri oturyp beýlekisi dik durýar. Onda Hezreti Aly: «Otur, myhmançylyga baranyňda dik durmak diňe eşege gelişýändir» diýýär.

* * *

Habyp: «Kimdir biri bilen gürrüňdeş bolanyňda, onuň ýüzüne ýylgyryp gürlemek ýagşy häsiýetliligiň alamatydyr» diýýär.

* * *

Lukman Hekim ogluna: «Eý, oglum! Eger kimdir biri seniň öýüňe myhmançylyga gelse, oňa salam ber. Soňra oňa öýüň töründen ýer berip, hödür-kerem et. Ilki myhman gürleýänçä gürleme. Haçan-da gürläninde Allany ýatlasa onda oňa sylag-hormat etgin» diýýär.

* * *

Bähram Gur: «Adamyň ýüregindäki söýgüsi ýagşy gylyk-häsiýetler we güler ýüz bilen gazanylýandyr» diýýär.

* * *

Habyp: «Mejlisde oturanyňda diňe bir adam bilen gürleşmän, olaryň her birine aýratyn söz gatyň» diýýär.



[1]Kagkag ibn Şur Zehli. Kufanyň tanymal we abraýly adamlarynyň biri.

[2]Sasanlylar şasy Anuşirwan Adyl. Sasanlylar şalarynyň içinde iň adyl şa hökmünde tanalýar.

[3]Muhammet ibn Jahym Barmaky. Mamun halypalyk eden wagtynda birnäçe welaýata häkim edip belleýär. Bir gezek Mamun ondan risa (elegiýa), madh (oda, öwgi), hyja (birini masgaralamak) we gazal (söýgi) žanrynda goşgy okamagy emr edýär. Ol Mamunyň emrine ýerine ýetirýär welin, Mamun ony Deýnur, Hemedan, Nehawent we Susa häkim belleýär.

[4]Aýdymçy Tuweýs Isa ibn Abdylla.