OTUZ BIRINJI BAP: ATLAR, LAKAMLAR WE KÜNÝELER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » OTUZ BIRINJI BAP: ATLAR, LAKAMLAR WE KÜNÝELER HAKYNDA

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Kimde-kim ýolda Allanyň ady ýazylan kagyz tapyp, Allatagala hormat goýup, ony ýerden galdyrsa, ol adamyň dünýäden öten ene-atasy müşrük bolan bolsalar-da, günäleri geçiler» diýýär.

* * *

Äşe (goý, Alla ondan razy bolsun!) tikinçiden köýnek tikip bermegini soraýar. Köýnek taýýar bolandan soň Äşe tikinçiden:

— Sen köýnegi tikeniňde Allanyň adyny aýdyp başladyňmy?—diýip soraýar.

Tikinçi:

— Ýok—diýýär.

Onda Äşe:

— Bu köýnek teniňe ýakym bermez—diýýär we köýnegiň puluny töläp, ony tikinçä goýup gaýdýar.                      

* * *

Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Iblis esasan üç gezek gaýgy-gama batdy. Birinji gezek jennetden kowlanda, ikinji gezek Muhammet alaýhyssalam dünýä inende, üçünji gezek Allanyň ady bilen «Fatyha» süresi inende» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Bismilläh» bilen okalan doga kabul bolýandyr. Kyýamat güni meniň kowumym «Bismillä-hir-r-rahmany-r-rahym» diýip gelerler we olaryň mizan terezisinde günädir sogaby ölçenende, bu sözleri aýdan musulmanyň sogaby agyr geler. Bu ýagdaýy gören başga kowumlar «Muhammediň kowumynyň sogaby agyr gelýär» diýip haýran galarlar. Onda her kowumyň pygamberleri: «Olar her bir işe başlanda, Allatagalanyň ady bilen başladylar ahyryn» diýerler» diýýär.

* * *

Ekreme: «Bismillä» sözi dünýä inen güni daglar aýylganç ses etdi. Bu ses dünýäniň ähli künjegine ýaň saldy. Bu sesi eşidenler: «Muhammet alaýhyssalam daglary daňdy, diýip aýdypdylar» diýýär.

 

* * *

Isgender Zülkarneýniň goşunynda Isgender atly bir serkerde bardy. Isgender Zülkarneýn ony her gezek söweşe ugradanda ýeňlişe sezewar bolardy. Ahyry Isgender ony ýanyna çagyryp:

— Atdaş ýa-ha ýeňiş gazan ýa-da adyňy üýtget. Men halkyň arasynda özüm hakynda ýalňyş pikir döremeginden gorkýaryn — diýýär.

* * *

Bir adam Amr ibn Abydyň gapysyny kakypdyr. Amr gapynyň ýanyna baryp:

— Kim sen? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Bu men — diýip jogap beripdir.

Onda Amr:

— Meniň dogan-garyndaşymyň, dost-ýarymyň içinde «Men» atlysy ýok — diýipdir.

* * *

Farazdak şeýle diýýär:

Ynsana berilýär at, künýe, lakam,

Adyna mynasyp heý taparmykaň.

* * *

Jahyz: «Gadymy şahyrlar goşgularynda şalara, halypalara dürli-dürli at we künýeleri berdiler. Soňrabeýle etmek goşguda adata öwrüldi. Emma Sasanlylar döwletiniň hökümdarlary bu adatdan ýüz öwürdiler. Olaryň künýeleri şygyrda-da, hutbada-da ýatlanmady» diýipdir.

* * *

Araplarda edepsiz bir taýpa bardy. Olar Nuhammet alaýhyssalamyň ýanyna gelende, onuň adyny ýa-da künýesini tutup ýüzlenerdiler. Pygamberiň egindeşleri bolsa: «Eý, Resulalla» ýa-da «Eý, Nebiulla» diýip ýüzlenerdiler. Şeýle-de şol döwrüň halypadyr şalaryna: «Halyfatulla» ýa-da «Möminleriň emiri» diýip ýüz tutmak adat edilipdi.

* * *

Halypanyň ýanyna girende özüňi alyp barmagyň, gürlemegiň edebi bardyr. Bir gün Sagyt[1] ibn Mizretil Kindi halypa Mugawyýanyň ýanyna barýar. Mugawyýa ondan:

— Sen Sagytmy? — diýip soraýar.

Onda ol:

— Möminleriň emiri bagtlydyr. Men bolsa Mizretil Kindiniň oglydyryn — diýip jogap berýär.

* * *

Seýit[2] ibn Enes Mamunyň ýanyna girýär. Mamun ondan:

— Sen seýitmi? — diýip soraýar.

Onda Seýit:

— Eý, möminleriň emiri! Jenap sensiň, men bolsa Enesiň ogludyryn — diýip jogap berýär.

* * *

Jahyz şeýle diýýär:

Deňize iki dirhem peşgeş berdim men,

«Iki dirhemni al!» bolsun janyma hemdem.

Hajatyňa ulan aýt maňa öwgi-şükür,  

Bu wakany eşiden adyma diýdi Bahr[3].

Abu Gamr[4] boldy künýäm,

Şoldur meň maly-dünýäm.

 

* * *

Jabyr Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadysy gürrüň berýär. Ol: «Kimde-kim ogluna Muhammet adyny daksa, Alla bu maşgalanyň rysgaly köpeler. Eger siz olara şu ady daksaňyz ony urup-sögmäň. Eger-de biriniň üç ogly bolup, ol adam üç oglundan birine Ahmet ýa-da Muhammet diýip at goýmasa, meni sylamadygydyr» diýer eken.

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadysy gürrüň berýär. Ol: «Kimdir biri meniň adym bilen atlandyrsa, meniň künýäm bilen atlandyrmasyn. Eger-de kimdir biri meniň künýäm bilen atlandyrsa, meniň adym bilen atlandyrmasyn» diýýär.

* * *

Muhammet bin Hanypa Hezreti Alydan (goý, Alla olardan razy bolsun!) şeýle rowaýaty ýatlaýar. Hezreti Aly Muhammet alaýhyssalamdan: «Eý, Resulalla men ogluma seniň adyňy goýdum. Indi men ony seniň kunýäň bilen hem atlandyryp bilerinmi?» diýip soraýar. Resulalla: «Hawa» diýip jogap berýär.

* * *

Abu Derda Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadysy gürrüň berýär. Resulalla: «Eý, adamlar, kyýamat güni sizi öz adyňyzy we kakaňyzyň adyny tutup çagyrarlar. Şonuň üçin çagalaryňyza gowy atlar goýuň» diýýär.

* * *

Abu Wahhap Jaşany Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadysy gürrüň berýär. Resulalla: «Çagalaryňyza pygamberleriň adyny goýuň. Allatagalanyň ýanynda iň gowy görülýän atlaryň biri Abdylla we Abdyrahmandyr. Gowusy Harys we Halandyr. Iň erbet görülýän atlaryň biri Harb we Mirredir» diýýär.

* * *

Ibn Apbasyň aýtmagyna görä, Resulalla: «Atanyň perzendiniň öňündäki borçlarynyň biri, oňa ýagşy at we terbiýe bermekdir. Çaganyň öz adyna mynasyp we edepli bolup ýetişmegi onyň ene-atasynyň öňündäki perzentlik borjudyr» diýýär.

 

* * *

Abdyrahman Ibn Zeýt:

— Meniň eşidişime görä, aýy-güni etmän düşen çagalar kyýamat güni kakasynyň arkasyna geçip: «Sen meni taşladyň. Wagtyndan öň dünýäden gidip, maňa at hem berilmedi» diýerler — diýýär.

Bu gürrüňi diňläp oturan Omar ibn Abdyleziz:

— Onuň oglandygyny gyzdygyny bilmän nähili at goýjak — diýip soraýar.

Onda Abdyrahman:

— Olaryň ikisine-de degişli bolan Hamza, Ymara, Talha, Ataba ýaly atlary goýaýmalydyr — diýip jogap berýär.

* * *

Pygamber alaýhyssalam käbir egindeşleriniň jahylyýet döwründäki goýlan (dakylan) atlaryny üýtgedipdir. Syddygyň Abdylkäbe adyny Abubekr ady bilen, Ibn Awfyň Abdylharys adyny Abdyrahman ady bilen çalyşdy. Şeýle-de Pygamber alaýhyssalam ýerleriň atlaryny üýtgetdi. Ol Şaabud Dalala (ýolundan azaşan halk) diýilýän kowumyň adyna Şaabul huda (dogry ýola düşen halk) adyny dakdy.

* * *

Halypalar we başga-da meşhur, wezipeli adamlar, eger, kimdir biriniň ady gowy bolsa, oňa hormat goýar ekenler. Eger ady erbet bolsa, onda ol adamy tanamanam, ony ýigrener ekenler. Kowumlaryň käsiniň öwlüp, käsiniň erbet görülmegi hem olaryň atlary bilen bagly bolupdyr.

* * *

Jahyz Abul Faraj ibn Nejaha[5] hat ýollaýar. Ol hatynda: «Eý, Abu Faraj! Allatagala saňa we seniň kakaňa ýagşy at beripdir. Size bu atlary berenler siziň geljegiňiz hakynda ýagşy umytlar edendirler. Seniň adyň manysy «şatlyk» diýmegi aňlatsa, kakaň ady «üstünlik» diýmegi aňladýar. Hüý-häsiýetiňiz adyňyza laýyk gelse, durmuşda, adamlaryň arasynda üstünlik hemraňyz bolar» diýip ýazýar.

* * *

Bir gezek Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) kimdir biriniň kömek bermegine mätäç bolupdyr. Ol geçip barýan adamdan kömek bermegini isläp, onuň adyny sorapdyr. Ol adam:

— Zalym ibn Sarrak[6] — diýip jogap beripdir.

Onda Omar:

— Özüň zalym bolup, kakaň hem ogry bolan bolsa, seniň kömek edeniň geregem däl — diýipdir we onuň ýardam bermeginden ýüz dönderipdir.

* * *

Bir gezek kuraýyşlylardan bir adam Hezreti Alynyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýanyna gelip oňa:

— Ensarylar we muhajyrlar Abubekri we Omary senden ileri tutýarlar. Sen yslamy kabul edişiň boýunça, aslyň, gelip çykyşyň boýunça, adamlaryň arasyndaky abraýyň boýunça olardan ýokarda durmalysyň — diýýär.

Onda Aly:

— Allatagala musulmana musulmany öldürmegi gadagan etmedik bolsa, şu sözleriň üçin men seni öldürerdim — diýýär.

* * *

Bir adam başga birinden:

— Seniň adyň näme? — diýip soraýar.

Ol adam:

— Bahr — diýip jogap berýär.

— Kunýäň näme?

— Abul Faýz[7].

— Kimiň ogly?

— Fyradyň[8] ogly.

Onda beýleki adam kinaýa bilen:

— Onda, dostuň seniň ýanyňa myhmançylyga gämi bilen gelýändirow? —diýýär.

* * *

Abu Selmäniň gyzy Zeýnep Muhammet ibn Amr ibn Atadan:

— Gyzyňa näme diýip at dakdyň? — diýip soraýar.

Ol:

— Birra (gowy, haýyr iş edýän) — diýip jogap berýär.

Zeýnep:

— Sen, name, Pygamber alaýhyssalamyň bu ady goýmagy gadagan edendigini bileňokmy?

Ol:

— Allatagala adamlaryň gowy-erbedini adyna seretmezden bilýändir — diýip aýdypdy ahyryn.

* * *

Bir arap oglanjykdan:

— Kakaň ady näme? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Wow, wow — diýip jogap beripdir.

Sebäbi onuň kakasynyň ady Kelb[9] ekeni.

* * *

Bir adamyň özüniň ady Wassap[10] bolup, itiniň ady Amyr eken. Bir şahyr ol adamyň şanyna şu beýdi aýdypdyr:

— Bu adama Beýik Alla sähel ýardam eden bolsa,

Itiň ady Wassap goýup, oň adyny Amyr kylsa.

* * *

Abu Hureýre Pygamber alaýhyssalamdan şeýle hadysy gürrüň berýär. Ol: «Kimde-kim özüni Allatagalanyň atlary bilen, ýagny «Mälikul muluk ýa-da Züljelal wel ikram» diýip atlandyran bolsa, kyýamat güni ol adam erbet görülýänleriň we ýigrenilýänleriň hatarynda bolar» diýýär.

* * *

Hasan Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Alla we Rahman diýlip atlandyrylan adamlar hem şeýle bolarlar» diýýär.

* * *

Kasy ibn Kilap[11]: «Meniň dört oglum boldy. Men olaryň ikisini Hudaýymyzyň atlary bilen, ýagny Abdyl Uzza[12] we Abdyl Mennaf[13] diýip atlandyrdym. Galan ikisine özüme we öýüme degişli at berdim, ýagny Abdylkasy we Abdyd Dar[14] diýip atlandyrdym» diýýär.

Bu öýde kuraýyşlylar ýygnanyp maslahat eder ekenler. Kuraýyşlylar bu öýi Darun Nadwa[15] diýip atlandyrar ekenler.

* * *

Muhammet alaýhyssalamyň aýaly Hatyjanyň yzynda gelen ogly Hind ibn Abu Hala[16]: «Men dört sany adamy has hormatlaýaryn. Olar: kakam Muhammet alaýhyssalam, ejem Hatyja, doganym Patma we inim Kasym. Meniň üçin şu dördüsiniň hormaty-sylagy beýlekilerden ýokarda durýandyr» diýýär.

* * *

Bir gezek Abdylla ibn Abubekr[17] dogany Asma bilen gowakda müşrüklerden gizlenen Muhammet alaýhyssalam bilen Abubekre gijäniň içinde iýip-içer ýaly zat getirdiler. Bu getirilen tagamlary goýar ýaly olarda saçak tapylmady. Şonda Asma ýaglygyny ikä bölüp, bir bölegini olara saçak edinmäge berdi. Pygamber oňa: «Seniň şu bir ýaglygyň deregine Allatagala jennetde iki ýaglyk bagyş eder» diýdi. Başga bir rowaýatda Asmanyň iki ýaglygy bolup, şolaryň birinde Pygamber bilen kakasyna azyk daşar eken. Şonuň üçin hem Asma Zat Nitakeýn[18] adyny alýar.

* * *

Egerat özge dilden geçen söz bolsa, onda bu at şol ady göterýän adamy buýsandyrýardy we ony dürli-dürli lakam dakylmagyndan goraýardy.

* * *

Bir gün Ybada emewiler halypasy Mütewekkiliň ýanyna gelýär. Mütewekkiliň öňünde jam durdy. Jamyň içinde bolsa müň dinar bardy. Ol Ybada:

— Men senden bir zat soramakçy. Eger sen pikirlenmän dogry jogap berip bilseň, men şu jamy içindäki müň dinary bilen saňa berjek — diýýär.

Onda Ybada:

— Eý, möminleriň emiri, näme soraryn diýseň sorap bilersiň — diýýär.

Mütewekkil Ybada:

— Sen maňa ady bolup, künýesi ýok we künýesi bolup ady ýok zadyň nämedigini aýt — diýdi.

Ybada oýlanmazdan:

— Minara we Abu Riýah[19] — diýip jogap berýär. 

Ybadanyň jogaby Mütewekkiliň göwnünden turup, oňa öňündäki jamy içindäki müň dinary bilen bilelikde bagyş edýär.

* * *

Osman ibn Affana (goý, Alla ondan razy bolsun!) Zunnureýn[20] diýip at berdiler. Sebäbi olar yslamda biri-birine mynasyp çatynjalardy. Rowaýat etmeklerine görä, bir gezek Resulalla bir kişini Osmanyň ýanyna goýberdi. Ol adam wagty bilen yzyna dolanmady. Haçan-da Pygamberiň ýanyna dolanyp gelende, Pygamber oňa:

— Seniň näme üçin gijä galanyňy aýdaýyn. Sen Osman bilen Rukaýýanyň[21] husny-jemalyna guwanyp, olary synlap gijä galansyň — diýdi.

Ol adam:

— Hak aýtdyň Resulalla. Osman bir nur bolsa, Rukaýýa ikinji nurdur — diýdi.

Başga bir rowaýatda: «Osman Muhammet alaýhyssalamyň iki gyzyna Rukaýýa we Ümmi Gülsüme[22] öýlenýär we şonuň üçin iki nurly adyny alýar» diýilýär.

* * *

Nizal ibn Subra[23] Hezreti Alydan (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle wakany gürrüň berýär. Hezreti Aly:

— Pygamber iki gyzyny Osmana durmuşa çykardy we şonuň üçin «Zunnureýn» adyna eýe boldy — diýýär.

Pygamber:

— Eger meniň kyrk gyzym bolan bolsa, men olaryň hemmesini yzly-yzyna Osmana durmuşa çykarardym — diýdi.

Başga adamlar bolsa: «Osmandan başga hiç kim Pygamberiň iki gyzyna öýlenen däldir» diýýärler.

* * *

Tüfeýil ibn Amr Dusa[24] Zunnur[25] diýerdiler. Ol yslam dinini kabul edip, öýüne gaýtmakçy bolanda Muhammet alaýhyssalama:

— Eý, Resullala! Kowmym meniň sözlerime ynanar ýaly maňa delil ber — diýýär.

Muhamet alaýhysalam Tüfeýliň maňlaýyny sypalaýar welin, onuň maňlaýynda nur peýda bolýar. Tüfeýil Muhammet alaýhyssalama:

— Eý, Resulalla! Men namaz okap, maňlaýymda nur emele getirmek isleýärin — diýýär.

 Onda Muhammet alaýhyssalam Tüfeýliň gamçysyny eline alyp sypalaýar welin, gamçy çyra kimin nur saçyp başlaýar. Tüfeýil gijelerine gamçyny çyranyň deregine ulanardy.

* * *

Bir gün Pygamberiň ýanyna bir ýehudy gelip, Muhammet alaýhyssalamdan algysyny talap edipdir. Pygamber:

— Men saňa bergimi berdim ahyryn — diýýär.

Ýehudy Pygamberiň bergisini berendigine subutnama talap edýär. Pygamber egindeşlerine:

— Meniň bergimi berendigime kim şaýat bolup biljek — diýip soraýar. 

Onda Hazyma ibn Sabyt:

— Men seniň bergiňi berendigiňe şaýat bolaryn — diýýär.

Pygamber:

— Sen bu adamy tanaman, meniň oňa bergimi berendigimi görmezden neneň şaýat bolup biljek? — diýip soraýar.

Onda Hazyma ibn Sabyt:

— Biz wahyny görmezden seniň Pygamberdigiňe ynandyk, diýmek seniň bergiňi berendigiňe hem ynanýarys — diýip jogap berýär we Pygamberiň bergisini berendigine şaýat bolýar.

Şondan soňra Sabyt Zuşahadateýin[26] diýip atlandyryldy.

* * *

Günleriň birinde Katada ibn Nugmanyň gözi hanasyndan çykýar. Ol Pygamber alaýhyssalamyň ýanyna barýar. Pygamber onuň gözüni ýerine salýar welin, gözi öňküsinden hem gowy görüp başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen beýleki gözi batyl bolýar. Emma Pygamberiň melhem eden gözi öňküsi ýaly gowy görüp durdy. Şonuň üçin Katada Zuaýneýn, ýagny iki gözli diýip at berýärler. Sebäbi onuň bir gözi iki gözüň wezipesini ýerine ýetirýärdi.

* * *

Hüseýin ibn Zeýt ibn Aly köp aglaýardy. Adamlar oňa Zuddymag[27] diýip at berdiler. Kimdir biri onuň bu adyny tutanda ol: «Sen ody we peýkamy ýylgyryp atdyňmy?» diýerdi. Ol beýle diýmek bilen Zeýt ibn Aly bilen Ýahýa ibn Zeýde peýkam atylandygyny ýatlatmak isleýärdi.

 

* * *

Şagby: «Dejjalyň künýesi Abu Ýusupdyr» diýýär.

* * *

Ýene-de bir şahyr şeýle diýýär:

Zyýadyň kakasynyň kimdigini bilemok,

Eşek Abu Zyýatdyr[28], men ony geň göremok.

* * *

Bir çarwa Abdylla ibn Japara:

— Eý, Abu Fazyl[29] — diýip çagyrýar.

Onda ýoldan geçip barýanlaryň biri:

— Onuň künýesi beýle däl — diýýär.

Çarwa:

— Onuň künýesi beýle däl bolsa-da, sypata şoňa meňzeýär — diýipdir.

* * *

Araplar içalyny «Züaýneýin[30]» ýa-da diňe «aýn» (göz) diýip atlandyrýarlar.

* * *

Abubekre (goý, Alla ondan razy bolsun!) Syddyk we Atyk diýip lakam berdiler. Atyk lakamy onuň görki, nurana keşbi üçin, Syddyk lakamy bolsa Pygambere ilkinjilerden bolup ynanandygy üçin berlipdi.

* * *

Omar ibn Hattaba (goý, Alla ondan razy bolsun!) Faruk[31] diýip lakam berildi. Sebäbi Omar yslam dinini hiç hili ikirjeňlenmän, aç-açan, hemmelere bildirip, aýan eýläp kabul etdi. Ol: «Allatagala gizlin ybadat edilenok» diýip, hak bilen batylyň arasyny açmagy başardy.

* * *

Talha ibn Abdyllanyň sahylygy üçin «Talhalaryň talhasy» lakamyny berdiler.  Şol döwürde ýaşan Talha atlylaryň köpüsi jomartdy. Talha ibn Abdylla «Talhalaryň talhasy» diýilmegi «Jomartlaryň jomardy» diýilmegidi.

* * *

Sagyt ibn Ybadanyň[32] Kämil (kämil, kemsiz) lakamy bardy. Oňa okap, ýazmakdan, ýaý atmakdan, ýüzmekden, at münmekden gowy baş çykarandygy üçin Kämil lakamy berlipdir.

* * *

Ýahýa ibn Mübärege[33] Ýezit ibn Mansuryň ogluna ders öwredeni üçin  «Ýezidi» lakamyny berýärler.

* * *

Selim kakasyndan galan Gurhan kitabyny goşgy ýazylan depdere çalyşýar. Adamlar ony Selim Hasyr[34] diýip atlandyryp ugradylar. Bu goşgulary Reşit okap görüp, Selime köp halat-serpaý ýapyp, bu goşgulary satyn aldy we indiden beýläk Selimi Selim Rabyh[35] diýip atlandyrmaklaryny emr etdi.

* * *

Yslam dininde ilkinji bolup Ahmet ady dakylan Abu Halyldyr. Abdylmälik ady bolsa, ilkinji gezek emewiler halypasy Abdylmälik ibn Merwana dakylandyr.

* * *

Ibn Araby: «Manzur ibn Zuban Fazary ejesiniň göwresinde iki ýyl ýatdy. Ol dünýä inende, oňa eýýäm iki diş çykan eken. Köp garaşdyryp dünýä inendigi üçin Manzur (garaşylýan) diýip at berdiler» diýýär.

* * *

Pygamber alaýhyssalam Aly ibn Abu Talyba ilkinjilerden bolup yslam dinini kabul edendigi üçin Abu Turap[36] diýip künýe berdi.

* * *

Bir gezek Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýolda gidip barýarka, aglap gelýän gara gyrnaga gözi düşýär. Omar ondan aglamagynyň sebäbini soraýar. Onda gyrnak:

— Meni Abu Isa[37] urdy — diýýär.

Omar gyrnakdan:

— Ol özüne Abu Isa diýip künýe beripdirmi? — diýip soraýar we ol adamyny getirmegi emr edýär.

Abu Isa diýilýän adam getirilende, Omar ondan:

— Sen özüňe Abu Isa diýip künýe berer ýaly, Isanyň, name, kakasy bolupdyrmy? Sen näme araplara Abu Selme, Abu Talha, Abu Hanzala ýaly künýeleriň berilýändigini bileňokmy? — diýdi.

Soňra Omar ol adamyň gyrnagy urandygy üçin jeza berdi.

* * *

Bir gezek Karyg ibn Awf düýe soýup, ähli aýallaryna paýlaýar. Onuň Japar[38] atly ogly gelende, düýäniň boýny bilen kellesi galypdy. Japar haýdan-haý düýäniň burnuna    barmagyny sokup, düýäniň kellesini süýräp ugraýar. Ol bu kelläni ejesiniň ýanyna eltende ejesi ondan:

— Bu getireniň näme? — diýip soraýar.

Japar ejesine:

— Düýäniň burny — diýip jogap berýär. Şol wakadan soň Japary «Düýe burun» diýip atlandyryp ugraýarlar. 

* * *

Barsuma Zamyr ejesinden:

— Eje, sen maňa başga at dakyp bilmediňmi? — diýip sorady.

Ejesi oňa:

— Wah, seniň şalara hyzmat etjegiňi bilen bolsadym, men saňa Zeýt ibn Mezit diýip at bererdim — diýdi.

 

* * *

Bir arap oglandan:

— Adyň näme? — diýip soranda, ýaňky oglan:

— Karrat[39] — diýip jogap berýär.

Onda oglanyň adyny soran:

— Kakaň saňa gowy at dakyp bilmändir — diýýär.

Karrad bolsa:

— At gowy bolmasa, onuň kemçiligini künýe bilen düzedýärler (ýapýarlar) — diýip jogap berýär.

Onda ol:

— Künýäň näme? — diýip soraýar.

Karrat:

— Abu Sahara[40] — diýip jogap berýär.

* * *

Çarwalar Süleýman adynyň görnüşini üýtgedip, Salam, Selim, Salym ýaly başga-da birnäçe täze at ýasaýarlar.

* * *

Abu Eýýup Süleýman ibn Wehbiň ejesiniň ölümine mersiýe (agy) düzýär. Ol şeýle diýýär:

Sen öýüň şamçyragydyň eý, Ümmi Salym,

Çyragy döndermäge bererin dünýe-malym.

* * *

Bir adam Süleýman ibn Wehbiň ýanyna gelip, onuň halyny soraýar. Süleýman oňa:

— Bu hem öňki ýagdaýynyň üstesine boldy — diýdi.

Gelen adam:

— Näme boldy — diýip sorady.

Süleýman:

— Ejemiň ölenine ýas tutup ýörkäm, Süleýman adym Salyma öwrüldi — diýýär.

Ol Abu Eýýubyň mersiýesini göz öňünde tutýar.

* * *

Hökümdar lakam berse begen. Sebäbi ol gowy gören adamyna lakam berýär. Hökümdar gazaplansa, onuň oý-pikrine lakam bermek ýa-da degişmek gelmez.

* * *

Abdylmälik Hajjajy gowy görendigi üçin ogluna onuň adyny dakrýar we şeýle diýýär:

Ogluma Hajjajyň adyny berdim,

Oňa meňzemegi nesihat etdim.

Abdylmälik beýle diýmek bilen oglunyň Hajjaç ýaly zalym bolmagyny isleýär.

* * *

Nabt ibn Zeýt ibn Ýaşjap dünýä inende, bedenine tutuş tüý bitendi. Şonuň üçin oňa Aşgar[41] diýip lakam berdiler. Onuň nesliniň hem bu lakam bilen tanalmagy, ýagny tüýlüler diýilmegi dowam etdi.

* * *

Jahyz bilen Sekkäk Reýisiň ýanyna barýarlar. Hyzmatkär Reýisiň ýanyna baryp:

— Siziň ýanyňyza Jähid[42] we Şekkäk[43] geldi — diýýär.

Onda Reýis:

— Olaryň atlary zyndyklaryň[44] adyna meňzeýär — diýdi.

Hyzmatkär Jahyzyň we Sekkägiň ýanyna dolanyp baryp, Reýisiň sözlerini ýetirýär. Jahyz hyzmatkäre:

— Hadky[45] geldi diýip aýt — diýýär.

Hyzmatkär Reýise:

— Halky[46] geldi — diýip aýdýar.

Reýis nämäniň nämedigine göz ýetirip, hyzmatkäre:

— Öýüň köýsün, bu diýeniňden-ä «Jahyd» diýeniň hem gowudy — diýip, olary ýanyna getirmegi emr edýär.

* * *

Adamlara künýe bermek diňe araplara mahsusdyr. Şonuň üçin hem olar buýsanmaga haklydyr.

* * *

Omar ibn Hattap: (goý, Alla ondan razy bolsun!) «Adamlara hormat bilen ýüzlenmek üçin gowy künýeler beriň. Manysyz, erbet lakam bermekden bolsa saklanyň» diýýär.

* * *

Buhtury goşgusynda şeýle diýýär:

Çaga dünýä inenden berilýändir at,

Künýe bermeklik hem köneden adat.

* * *

Omar ibn Atabanyň guly bardy. Omar gowy gylyk-häsiýetliligi, edepliligi üçin ony azat edýär. Günleriň birinde Omar:

— Eý, Abu Ýezit — diýip ýüzlenýär.

Gul eýlesine-beýlesine garasa, hiç kime gözi düşmeýär. Onda Omar:

— Men saňa ýüzlenýärin — diýip — Eý, kuraýyşlylar! Mundan beýläk onuň adyny tutmaň — diýip jar çekdirýär.

Soňra ol guluna:

— Sen düýn meniňki bolsaň-da, bu gün azatsyň — diýýär.

* * *

Araplarda künýe adamyň adynyň ýerine ulanylýar. Ol belli bir derejede şol adamyň gysgaça terjimehalydyr ýa-da ol adamdaky gylyk-häsiýeti görkezýändir. Erkek adamlara çagalarynyň ady bilen baglanyşyklylykda künýe berilýändir. Aýallara hem şeýledir. Çagasy bolmaýanlara bolsa ýagşy niýet bilen perzentleriniň bolmagyny arzuw edip künýe berer ekenler. Köplenç zürýady ýok adamlara gylyk-häsiýeti ýa-da geýýän egin-eşigi bilen baglanyşykly künýeler dakylypdyr.

* * *

Lakamlar adamyň gylyk-häsiýeti, edýän işi bilen baglanyşykly döräpdir. Yslam dini bolar-bolgmaz lakam bermegi gadagan edipdir. Olar köplenç uly wezipeli adamlara dakylypdyr. Dini lakamlary «Alla» ýa-da «din» sözleri bilen baglanyşdyrypdyrlar. Şeýlelikde, Esedulla (Allanyň ýolbarsy) ýa-da Fahreddin (Diniň buýsanjy) ýaly lakamlar ýüze çykypdyr.

* * *

Günleriň birinde Äşe (goý, Alla ondan razy bolsun!) Resulalla:

— Meniň ähli joralarymyň künýesi bar. Meniň bolsa künýäm ýok— diýýär.

Onda Pygamber alaýhyssalam:

— Sen hem ogluň Abdylla ibn Zubeýriň adyny künýe edip al — diýýär.

Şondan soňra Äşäni Ümmi Abdylla[47] diýip atlandyryp ugradylar.

* * *

Apbaslylaryň halypasy Mamun gämi bilen sapara gidýär. Gäminiň üstünde onuň gözi bir ýaş oglana düşýär we ondan:

— Adyň näme? — diýip soraýar.

Ol oglan:

— Bilemok — diýip jogap berýär.

Onda Mamun:

— Heý-de adam çagasy adyny bilmezmi? — diýende, ol oglan:

— Meniň bilýän öz adym «Bilemok-da» — diýip jogap beripýär.



[1]Sagyt – bagtly.

[2]Seýit – jenap.

[3]Bahr – deňiz .

[4]Abu Gamr – eli açyk, sahy.

[5]Abul Faraj ibn Muhammet ibn Nejah ibn Selme Kätip. Onuň kakasy Nejah ibn Selme emewiler halypasy Mütewekkiliň diwanynda kätip bolup işleýär we 245-nji hijri ýylynda öldürilýär. Nejah öldürilenden soň Mütewwekil onuň ogly Abul Farajy tussaglykda saklaýar. Abul Faraj tussaglykdan azat bolandan soň maşgalasyny alyp, dogduk mekanyndan göç edýär.

[6]Sarrak – arap dilinde «ogry» diýmegi aňladýar.

[7]AbulFaýyz – joşgun, suwuň joşmagy.

[8]Fyrat – Ýefrat derýasy.

[9]Kelb – it.

[10]Wassap – gaharjaň, topulýan.

[11]Kasy ibn Kilap ibn Merre ibn Kagp ibn Lywa. Ol Muhammet alaýhyssalamyň bäşinji arkasyndan bolup, ýaş wagty ýetim galýar. Onuň ejesi beni uzradan birine durmuşa çykýar we Şam etraplaryna göç edýär. Kasy hem ejesi bilen Şama gidýär. Taryhçylar onuň hakyky adynyň Zeýt ýa-da Ýezit bolandygyny ýatlap geçýärler. Ulalandan soň ýene-de Mekkä gaýdyp gelýär we kem-kemden taýpasynyň aksakallygyny ele alýar. Beni kasy onuň diýeninden çykyp bilmezdiler. Ol Mekkede wepat bolýar. Kasy wepat bolandan soň taýpanyň aksakkallygy ogly Abdyl Mennafa geçýär.

[12]Abdyl Uzza – Uzzanyň guly.

[13]Abdyl Mennaf – Mennafyň guly.

[14]Abdyd Dar – öýüň guly.

[15]Darun Nadwa – Maslahat öýi.

[16]Golýazmada Hind ibn Hala diýip ýazylan hem bolsa ol Hind ibn Abu Hala Temimi Muhammet alaýhysallamyň öweý ogly. Ol Hatyjanyň birinji adamsyndan bolup, Muhammet alaýhyssalamyň elinde terbiýe alýar. Ol Hezreti Aly bilen bir günde wepat bolýar. Taryhy çeşmelerde onuň örän dilewar we alym bolandygyny ýatlap geçýärler.

[17]Abdylla ibn Abubekr Abubekr Syddygyň ogly, Asmanyň süýtdeş dogany. Ol yslam dinini ir kabul edenleriň biri. Birnäçe söweşlere gatnaşyp kakasynyň halypalyk eden döwründe ýagny 11- nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[18]Zat Nitakeýin – iki ýaglykly.

[19]Abu Riýah – flýuger.

[20]Zunnureýn – iki nurly.

[21]Rukaýýa Muhammet alaýhyssalam bilen Hatyjanyň gyzy. Oňa ilki Muhammet alaýhyssalamyň agasy Abu Lähebiň ogly Ataba öýlenýär. Muhammet alaýhyssalama pygamberlik berlenden soň Abu Läheb ogluna Muhammediň gyzynyn talak etmegi buýrýar. Abu Lähebiň ogly Rukaýýa el gatman talak edýär. Soň Rukaýýa Osman ibn Affana durmuşa çykýar. Osmanyň Rukaýýadan ogly bolýar. Oňa Abdylla diýip at berýärler. Osmanyň adyny Abu Abdylla diýip tutup başlaýarlar. Emma çaga ýaşka horaz çokup öldürýär. Ondan soň olaryň çagasy bolmaýar. Rukaýýa iki gezek, birinji gezek Hebeşistana soňra Medinä hijret edýär. Oňa 2-nji hijri ýylynda gyzamyk örýär. Onuň kesellän wagty Bedr söweşine gabat gelýär. Osman Rukaýýanyň ýanynda bolmak üçin Bedr söweşinden galýar. Zeýt ibn Harysa musulmanlaryň ýeňişini buşlap şähere giren wagty Rukaýýa jan berýar.

[22]Ümmi Gülsüm Muhammet alaýhyssalam bilen Hatyjanyň gyzy. Ol hem ilki Muhammet alaýhyssalamyň agasy Abu Lähebiň ogly Akaba durmuşa çykýar. Muhammet alaýhyssalama pygamberlik berlenden soň Abu Läheb bu oglyna-da aýalynyn talak etdirýär. Osman ibn Affanyň aýaly, Ümmi Gülsümiň dogany – Rukaýýa wepat bolandan soň, 3-nji hijri ýylynda Ümmi Gülsüm Osmana durmuşa çykýar. Emma olardan çaga dünýä inmeýär. Ol 9- njy hijri ýylynda wepat bolýar.

[23]Nizal ibn Subra Hilali Kufy. Ol tabygylardan bolup, Abubekrden, Osmandan, Hezereti Alydan Muhammet alaýhyssalamyň hadyslaryny eşidip, rowaýat edýär.

[24]Tüfeýil ibn Amr ibn Taryf ibn As Dusy. Keseki ýurtlaryň birinden Mekkä gelende Muhammet alaýhyssalam hakynda eşidip, onuň ýanyna barýar we yslam dinini kabul edýär. Ol öz kowmynyň arasyna baryp, yslam dinini wagyz edýär. Soňra birnäçe gazawatlara gatnaşýar weÝemäme söweşinde wepat bolýar.

[25]Zunnur – nurly.

[26]Zuşahadateýin – iki şaýadyň ornuny tutan. Yslam dininde, bir zada şaýatlyk edilende, iki erkek ýa-da dört aýal şaýatlyk etmeli.

[27]Zuddymag – gözi ýaşly.

[28]Abu Zyýat – Zyýadyň kakasy.

[29]Abu Fazyl – mertebeli.

[30]Zuaýneýn – iki görgür gözli.

[31]Faruk – ýagşy-ýamanyň arasyny açan, pähimli.

[32]Sagyt ibn Sagyt ibn Ybada ibn Delim Ensary Hezreji. Yslam dininden öň hem soň hem hezrej taýpasynyň hormatlanýan adamlarynyň biri. Ol ýagşy okap we ýazyp bilýändigi, ýaý atyp, at münmegi başarýandygy üçin Kämil lakamy jahylyýet döwründe berilipdir. Muhammet alaýhyssalam wepat bolanda halypalykadan tama edýär. Emma Abubekr oňa ýol bermeýär. Ol ýaşynyň soňunda Şama göçýär we şol ýerde wepat bolýar. 

[33]Ýahýa ibn Mübärek ibn Mugyra Adawy Abu Muhammet Ýezidi 137-nji ýylda Bagdatda eneden dogulýar. Ol arap dilini we edebiýatyny kämil derejede bilen alym. Ol ilki Bagdatda ýaşaýar. Soň Harun Reşidiň ýanynda bolup, Mamuna ylym öwredýär. Mamum Merwde halypalyk edende, Ýahýa ibn Mübäregem Merwe göçüp gelýär we 202-nji hijri ýylynda wepat bolýar. Onuň arap diline we edebiýatyna degişli birnäçe kitaplary bardyr.

[34]Hasyr – söwdada utulan, batan.

[35]Rabyh – söwdada utan, peýda gazanan.

[36]Abu Turap – arassa toprak.

[37]Abu Isa – Isanyň kakasy.

[38]Beni sagt taýpasyndan bolan Japar ibn Karyg ibn Kagp Abu Batn. Ol «Düýe burun lakamy agzalanda halamazdy. Bir şahyr onuň bu lakamyny aýdyp, öwgi häsiýetdäki goşgy goşýar welin, ol şondan soň bulakamynyň tutulmaguny isleýär. 

[39]Karrat – maýmyn oýnadýan.

[40]Abu Sahara – Çolli.

[41]Aşgar – tüýli.

[42]Jahyd – ynanmaýan.

[43]Şekkäk – şeklenýän.

[44]Zyndyk – dinsiz.

[45]Hadky – peträp duran gözli.

[46]Halky – bokurdakly.

[47]Ümmi Abdylla – Abdyllanyň ejesi.