OTUZ IKINJI BAP: SAPARA GITMEK, SEÝIL ETMEK, GAÝDYP GELMEK, ARA DAŞLYK, ÝAKYNLYK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » OTUZ IKINJI BAP: SAPARA GITMEK, SEÝIL ETMEK, GAÝDYP GELMEK, ARA DAŞLYK, ÝAKYNLYK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Hasan Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadysy gürrüň berýär. Resulalla: «Eger kimdir biri din ýolunda sapar etse, sapar eden ýoly ýekeje şibr[1]hem bolsa onuň jaýy jennetdir. Oňa ýolda ýoldaş boljak Ybraýymdyr, pygamberi bolsa Muhammetdir» diýýär.

* * *

Abu Hureýre şeýle diýýär: «Eger ýolagçylar sapardaka Allanyň olara edýän rehmetini bilseler, ähli adamlar diňe sapara giderdiler. Allatagala mysapyrlara ýagny ýolagçylara rehimlidir». Ýusup pygamber guýudan çykarylyp satyn alnanda, şol ýerdäkileriň biri: «Eý, halaýyk bu keseki adam bilen gowy gatnaşykda boluň!» diýip gygyrdy. Onda Ýusup pygamber: «Allany özüne ýaran tutunan adam üçin kesekilik daşdyr» diýip jogap berdi.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) Şama sapara gidende şeýle diýýär: «Eý, Allam, saparyň kynçylygyndan, erbet öwrülişiklerden, mal-mülküme, maşgalama gyýa göz bilen seredilmeginden özüň gora. Eý, Allam, sen maňa saparda ýoldaşsyň, ýaransyň we maşgalama gözegçisiň. Bu iki işe bir wagtda hötde gelmek diňe saňa başardýar. Sebäbi maşgala gözegçi bolan bolsa ýoldaş bolup bilmez, ýoldaş bolan ýolagça hem yzyndakylara gözegçi bolup bilmez».

* * *

Muhammet alaýhyssalam sapara gidýän egindeşleriniň birine: «Ýoly iki salkynda, ýagny ertir we agşam çagy ýöregin. Ýolda ýoldaşlaryň bilen ýagşy gürrüňler et. Sebäbi gürrüňdeşlik ýol azabyny ýeňleder. Gijäniň birinji ýarymynda sapara çykmagyn. Allatagala bu wagty adamlaryň ýatyp ukusyny almagy we bedenlerine dynç bermegi üçin döretdi. Säher çagynda bolsa, Alla ýaryň bolsun, täze güýç-kuwwat bilen ýoluňy dowam etdirip bilersiň» diýýär.

* * *

Alladan inen kitaplaryň birinde: «Sapar kynçylykly bolandygy üçin uzak aýralykdan soňky duşuşygy süýji etdim» diýýär.

* * *

Çarwalaryň dana sözlerinden: «Başga kowumyň, taýpaň içinde otyrkaň, kesekidigiňi ýadyňdan çykarma».

* * *

Allatagaladan inen kitaplaryň birinde: «Adamlar günä işler eden mahalynda men olary eziz görýän adamlaryndan jyda düşürdim» diýilýär.

* * *

Çarwa: «Uzak wagtlap saparda bolan adam täze bir adama öwrülýär, gözýetimi giňeýär we onuň ruhy taýdan baýamagyna ýardam edýär» diýýär.

* * *

Alym adamlaryň biri: «Sapar etmek, keseki ýerlerde uzak bolmak ahlak terezisidir. Şeýle-de ol adamlaryň dogan-garyndaşynyň, dost-ýarlarynyň arasyndaky gadyr-gymmatyny aýdyňlaşdyrýar» diýýär.

* * *

Araplar «Rukubul Ahwal» diýip garadan gaýtmaz, her hili täzeligiň gözlegindäki ýa-da hatarly işlere baş goşýan adama aýdýarlar. Sapar edýän adam babatda hem bu söz ulanylýar. Sebäbi sapar etmek örän hatarly iş hasaplanýar.

* * *

Öýdeçil ýa-da öýünden daşlaşmaýan adama «Uluf lizilal»[2] diýip aýdylýar.

* * *

Dana adam: «Keseki ýurtda bolup, ýurduny küýsemeýän, ýurduny göresi gelmeýän adam, bu ýurtda keseki däl-de, öz asyl ýurdunda kesekidir» diýýär.

* * *

Temim ibn Ows Dary: «Görülmedik, açylmadyk ýerler, geçilmedik düzdür çöller ýokdur. Hatda Redm[3]we Bar[4]hem görlendir» diýýär.

* * *

Bir gezek Hasan Basrynyň dosty Abdyl Wahyt ibn Zeýtden:

— Sapardan sag-salamat geldiňmi? — diýip soradylar.

Ol:

— Meni saparda Allatagala dürli synaglardan geçirdi. Sapar etmek diýmek dürli kynçylyklara döz gelmek diýmekdir. Men beýle synagy hiç mahal başdan geçirmändim — diýip jogap berdi.

* * *

Wagtyň geçmegi bilen keseki ýerlerde mekan tutup, ol ýeriň ilaty bilen ysnyşyp, ol ýerlere öwrenişeniňde, ata-watanyňdan nägile bolup, ýaramaz sözleri aýtmagyn. Watandan jyda düşmegiň gaýgy-gamyna mähriban adamyňdan aýrylanyňda duçar bolunýan gaýgy-gam hem deň gelip bilmez. Adam adamdan aýrylanda, wagtyň geçmegi bilen köşeşer. Emma watanyndan aýrylanyň ýüregindäki gaýgy-gama hiç bir melhem täsir etmez.

* * *

 Ýerli ilat diňe watansöýüjiligi, watanyň aladasyny etmegi we watany goramagy bilen üstünlik gazanyp biler.

* * *

Bir gezek Iýas ibn Mugawyýa çeşmäniň ýanynda otyrka, egindeşlerine:

— Iň aýylganç eşidilýän ses keseki itiň sesidir (üýrmegidir) — diýýär.

Adamlar ondan:

— Sen ony nähili aňdyň — diýip soraýarlar.

Ol:

— Onuň sesinde ýerli itlere tabyn bolýanyny bildirýän äheň bardyr — diýip jogap berýär.

* * *

Abu Tammam şeýle diýýär: «Adamyň asyl gelip çykyşynyň, tiresiniň, kowumynyň başga ýerdendigine seretmezden, onuň önüp-ösen, terbiýe alan ýeri şol adamyň Watanydyr».

* * *

Isa ibn Aslam şeýle diýýär: «Günleriň birinde Mekgä gitmek isledim. Meniň ýanyma Gylan ibn Adawynyň agasy Hyşam ibn Akaba gelip, şeýle maslahat berdi. Ol: «Eý, agam ogly, sen sapara gitmek isleýärsiň, şeýtan sapardaky adamy azdyrmak üçin, güýçli hüjüm edýändir. Şonuň üçin hem sen Allatagala ybadatyňy köpelt. Namazyňy doly we dogry, wagtynda ýerine ýetir. Şol hem saňa kömek eder» diýdi».

* * *

Bir adama: «Sapar etmek azabyň bir görnüşidir» diýenlerinde, ol: «Ýok, azap saparyň bir bölegidir» diýip jogap beripdir.

* * *

Ibn Arabydan: «Sapara näme üçin «sapar» diýdikäler?» diýip soranlarynda, ol:

— «Sapar» «gitmek», «daşlaşmak» diýmekdir. Sapar edýän adam ahlagyndan daşlaşýandyr. Sapar onuň hakyky gylyk-häsiýetini açyp görkezýär — diýip jogap berýär.

* * *

Danalar keseki ýurtda ýaşaýany ýetim adama meňzedipdirler. Sebäbi ne onuň aladasyny etjek, ýüregi awajak ejesi, ne-de kyn gününde goldamaga kakasy bardyr.

* * *

Bir ýerden başga bir ýere göçüp gelen keseki adam edil ýaňy oturdylan nahal ýalydyr. Nahal wagt geçmän miwe-de bermez, ýapragam çykarmaz.

* * *

Afrasyýap: «Türkmenler misli dür we müşk mysalydyr. Bu iki zat öz gymmatyna magdanynyň daşynda eýe bolýandyr» diýýär.

* * *

Bir çarwa: «Saparda bolup, namazymyzy gysgaldyp okadyk diýmesek, utan zadymyz bolmady» diýipdir[5].

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): »Gowy görýän ýakyn adamyň ýitmegi onuň üçin kesekilikdir» diýýär.

* * *

Bir gezek Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Şu alty zady ýerine ýetirmekde sogap bardyr. Olaryň üçüsi şeýle ýerine ýetirilýän iş bolsa, üçüsi sapara degişlidir. Ilkinji üçüsine Allatagalanyň kitaby Gurhany okamak, Allatagalanyň ýolunda metjit bina etmek we Alla ýolunda dogan tutunmak degişlidir. Sapardaky sogap işlere bolsa ýoldaşyňa kynçylykda ýardam bermek, gowy gylyk-häsiýetli bolmak we ýoldaşyň göwnüne degmejek sözler bilen degişmek degişlidir» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattabyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) hyzmatkäri Zakwan Mekgeden Medinä bir gije-gündizde barypdyr.

* * *

Jerir dostuny sapara ugradýarka şeýle goşgy aýtdy:

Najiýanyň dogany, edýärin saňa hormat,

Ahyret gününden öň başyň bolsun salamat.

Men seniň bu saparyň soňkudygyny bilsem,

Seniň hajatyň üçin taýýardyryn men her dem.

* * *

Omar ibn Akyl ibn Bilal ibn Jerirden:

— Seniň ataň sizi sapara ugradanda näme edýärdi?— diýip soranlarynda, ol:

— Atam sapara gidýän eziz adamlaryna aýralygyň gam-gussasyny bildirmezlik üçin gözüni başga tarapa sowýardy — diýip jogap berdi.

* * *

Aly ibn Jahym gazawata[6] çykýar. Ony Halap tarapdan bir atly gelip ýaralaýar. Ol gijäni söweş meýdanynda ejir çekip geçirýär we şeýle diýýär:

Söweş meýdanynda ýaralandy zürýadyň,

Zeýdiň ejesi kaýda eşitmez meň perýadym.

Eý, Dejildäki doganlarym, dostlarym,

Dejil nirede we men kaýda galdym.

Onuň öýi Bagdadyň Dejil köçesindedi. Ol Halapda jaýlandy. Onuň jübüsinden bir kagyz bölejigi tapyldy. Onda: «Ýat ülkedäki hossarsyz kesekä rehim ediň. Ol maşgalasyny, dost-ýarlaryny terk eýläp gaýtdy. Ol gaýdandan soňra ne-hä maşgalasy durmuşdan lezzet aldy, ne-de onuň özi» diýip ýazylgydy.

* * *

Bir çarwa sapara gitmek isleýär we aýalyna şeýle diýýär:

Ýyllar geçse-de, gelerime sabyr et,

Aýlar gysgadyr, ýetirmez saňa ezýet.

Onda aýaly adamsyna şeýle diýýär:

Ýatla söýgimizi, ýakyn-ýadyňy,

Unutma gyzlaryňy, perizadyňy.

Aýalynyň sözlerini eşiden çarwa bir salym oýlanyp oturyp, sapara gitmek niýetinden ýüz öwürýär.

* * *

Kagp ibn Mälik: «Muhammet alaýhyssalam diňe sogapgün sapar etmäge çykardy» diýýär.

* * *

Sahar ibn Widaga Gamydy: «Pygamber alaýhyssalam esgerleri söweş meýdanyna, kerweni söwda ugradanda, günüň birinji ýarymynda ugradardy» diýýär.

Saharyň özi täjir adamdy. Ol hemişe kerwenini günüň birinji ýarymynda ýola çykarardy. Şeýdip, Allatagalanyň rehmeti bilen baý adama öwrüldi.

* * *

Pygamber alaýhyssalam ýola ýeke çykýanlary halamazdy. Ol: «Bir ýolagçy şeýtandyr. Iki ýolagçy hem şeýtandyr. Üç ýolagçy bolsa ýolagçydyr» diýýär.

Şeýtandyr diýmegi, ýagny şeýtanyň ýoluna düşmegi aňsatdyr diýdigidi.

* * *

Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Iň gowy ýolagçy dört bolar. Gowy kerwen atdan ýa-da düýeden düzüler. Gowy goşun dört müň esgerden ybarat bolar. On iki müň esgerli goşun bolsa ýeňilmezekdir» diýýär.

 

* * *

Pygamber alaýhyssalam: «Eger üç adam ýola çyksa, goý olaryň biri baştutanlyk etsin» diýýär eken.

* * *

Kazaga: «Omaryň ogly (goý, Allatagala olaryň ikisinden hem razy bolsun!) meni sapara ugradan-da maňa: «Alla seniň diniňi, amanadyňy gorap saklasyn we ähli işleriňi oň etsin diýip dileg etdi».

* * *

Aly ibn Rabyga: «Men Hezreti Alynyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ata münüşini gördüm. Ol ilki atyň üzeňňisine aýagyny goýanda «Bismillä» diýdi. Eýere ornaşanda «Alla öwgüler bolsun» diýdi, soňra-da «Subhanällezi sahhara länä häzä we mä kunna lähu mukrinin innä ilä rebbinä lämunkalibun»[7]diýip doga etdi, soňra üç gezek hem «Älhamdulilläh[8]» we üç gezek «Allahu akbar[9]» diýdi we «Eý, Allam, men özüme zulum etdim. Maňa geçirimlilik et. Günäleri geçip bilýän diňe sensiň» diýip, doga etdi-de güldi. Şu ýerde ondan:

— Eý, möminleriň emiri, näme üçin güldüň? —diýip soradylar.

Ol:

— Meniň edenlerimi we okan dogalarymy Pygamber hem okapdy. Ol hem ahyrynda güldi. Men ondan: «Eý, Resulalla, näme üçin güldüň?» diýip soranymda, ol: «Allatagala gulunyň «Maňa geçirimlilik et» diýen sözi diýseň ýaraýar. Sebäbi günäleri ondan başga hiç kimiň geçip bilmejegini ol bilýär — diýdi» diýip gürrüň berýär.

* * *

Pygamber alaýhyssalam Nagym Nahhala «Kadymul yslam» diýip lakam berdi. Ol Mekgede ýaşaýardy. Pygamber Mekgäni açmaga (basyp almaga) goşun tutup gelende, Nagym onuň ýanyna gitmek isledi. Onda onuň kowumdaşlary:

— Haýsy dine uýsaň uý, ýöne biziň aramyzda bol — diýip ony goýbermediler.

Bu wakany eşiden Pygamber Nagyma:

— Seniň kowumyň meniň kowumymdan gowy eken. Meniň kowumdaşlarym meni Mekgeden kowup goýberdiler. Seniň kowumdaşlaryň bolsa, ähli zada taýýar bolup, seni öz aralarynda alyp galdylar — diýdi.

Onda Nagym:

— Eý, Resulalla, kowumdaşlaryň seni kowsa, sen hijret edip sogap gazandyň. Meni bolsa hijretiň sogabyndan mahrum etdiler — diýip jogap berdi.



[1]Bir garşa deň bolan uzynlyk ölçegi.

[2]Uluf lizilal – kölege söýüji.

[3]Redm – Äjit-Mäjit geçmezligi üçin edilen berkitmäniň ady.

[4]Bar – Nejran bilen Hadramutyň aralygynda bir ýer. Bu ýerde jynlar ýaşaýandygy üçin adamlar bu ýere barmaga gorkar ekenler.

[5]Saparda bolnanda musulman kişilere ýeňillik berilýär. Allatagala olara sünnet namazlaryny taşlap, parz namazlaryny gysgaltmaga rugsat edýär.

[6]Gazawat – yslam dini üçin edilen söweş.

[7]Bu doga bir ýerden başga ýere sapar edilende ýa-da islendik ulag münülende okalýan doga.

[8]Älhamdulillah – Allaha şükür.

[9]Allahu akbar – Alla beýikdir.