OTUZ ÝEDINJI BAP: SABYR ETMEK, ÝAMAN IŞLERDEN ÖZÜŇI SAKLAMAK, DOGRY SÖZLEMEK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » OTUZ ÝEDINJI BAP: SABYR ETMEK, ÝAMAN IŞLERDEN ÖZÜŇI SAKLAMAK, DOGRY SÖZLEMEK HAKYNDA

Abdylla ibn Mesgut (goý, Alla ondan razy bolsun!) Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys aýdýar. Ol: «Sabyr etmek imanyň ýarysy bolsa, doly iman dogry sözlemekdir» diýýär.

* * *

Äşe (goý, Alla ondan razy bolsun!) Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Sabyrlylyk ýagşyzadalara mahsusdyr» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Utanç adamyň zynaty, sahylyk ýagşyzadalygyň alamaty, sabyr bolsa haýyr-yhsan gämisidir» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalamdan iman hakynda soralanda, ol:

— Iman sabyrlylyk edip bilýän we adamlara sahylyk etmegi başarýan adamda bolýandyr — diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Sabyr etmegiň üç görnüşi bardyr. Birinjisi adam sögünmekden, dawa-jenjelden daş dursa, Allatagala oňa üç ýüz dereje sogap ýazýar. Bu dereje ýerden asmana çeni aralyga ýeter. Ikinjisi adam başyna iş düşende sabyr edende (ýer titremek, ýangyn, dogan-garyndaşynyň wepat bolmagy) Allatagala oňa alty ýüz dereje sogap ýazýar. Bu dereje ýerden arşa çenli aralyga ýeter. Adam günä iş etmekden (zyna etmekden, adam öldürmekden) özüni saklasa, sabyr etse Allatagala oňa dokuz ýüz dereje sogap ýazýar. Bu dereje ýeriň daşyna iki gezek aýlanyp, arşa çenli aralyga ýeter» diýýär.

* * *

Hasan Basry: «Durmuşda köp barlagdan geçdik, barlagdan geçirdik, tejribe topladyk. Iň peýdaly zadyň wyjdandygyna, iň zyýanly, erbet zadyň sabyr-takatyňy ýitirmekdigine göz ýetirdik. Sabyrsyz hiç bir iş başa baranok. Ähli işler hem sabyrsyz ýerine ýetenok» diýýär.

* * *

Resulalla: «Adam kyn ýagdaýa düşende ilkinji hökmany zat sabyrdyr» diýýär.

* * *

Köne kitaplarda: «Sabyr müşgil işleriň açary we ýeňşiň esasy bölegidir» diýilýär.

* * *

Adamda sabyr bolmasa, ol durmuşyň aladasynyň, gaýgy—gamynyň girdabyna batar.

* * *

Sabyr sogabyň doganydyr.

* * *

Ajy günleri süýjä öwürýän sabyrdyr-takatlylykdyr.

* * *

Sabyr bela-beteriň ganatyny gyrkýandyr.

* * *

Patyşa Buzurgmehrden:

— Nähili häsiýetler bilen ýeňiş gazanyp bolar — diýip soranda, ol:

— Sabyrly bolmak hem ätiýaçlylygy elden bermän syr saklamak bilen ýeňiş gazanyp bolar — diýýär.

* * *

Ahnaf: «Men ýumşak häsiýetli däl-de, sabyr-takatly ýaşadym» diýýär.

* * *

Hezreti Alydan (goý, Alla ondan razy bolsun!):

— Haýsy iş küpüre ýakyndyr — diýip soranlarynda, ol:

— Sabyr-takatyny ýitiren adam küpür işlere ýakyndyr — diýýär.

* * *

Kynçylyklara döz gelýän adam akyl-paýhasyň eýesidir.

* * *

Wehbe biri:

— Pylany ylymda uly derejä ýetdi. Emma soňra ylym bilen meşgullanmagy bes etdi — diýende, ol:

— Sen ylym öwrenip, soň ony taşlany beýik adam hasap etme-de, dogry sözläp, dogry ýoly saýlap bilýäni beýik adam hasap et — diýýär.

* * *

Abdylla Darany Mälik ibn Dinara: «Eý, Mälik! Ybadatyň lezzetini duýmak üçin ybadat bilen bu dünýäniň şöhwetleriniň arasyna haýat gur» diýýär.

* * *

Abu Haýýa Numaýri şeýle diýýär:

Tejribeli ömrümde her kesi gördüm men,

Sabyrdan zyýada häsiýet bardygyn bilmen.

Hajatyňa ýaran edin sabyry,

Sabyrly bendeleň ýeňiş ahyry.

* * *

Mälik ibn Dinaryň goňşusy keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrka, Mälik onuň halyny soramaga barýar we:

— Näme isleýärsiň? — diýip soraýar.

Ol ak çörek bilen süýt içesiniň gelýändigini aýdýar. Mälik onuň diýen zatlaryny getirýär. Onda onuň goňşusy:

— Men bütin ömrümde islegimi basyp ýatyrmagy başardym. Indi hem eşegiň suwsuz gezýän wagty ýaly ömrüm galanda, isleglerimi ýerine ýetirtjek bolýan — diýip, Mäligiň getiren zatlaryny datman, bu dünýeden ötýär.

* * *

Muhammet ibn Wasyg: «Bir erbet işi etmegi dowam etmek, şol şer işiň özünden hem erbetdir we günälidir» diýýär.

* * *

Bir gezek Ahnafa:

— Sen ýaşy ulalşan adam, oraza tutmak seni tapdan düşürýär. Sen bolsa onda—da oraza tutmagy dowam edýärsiň — diýenlerinde, ol:

— Men ahyretde azaby çekip çydanymdan, bu dünýäde suwsuzlyga, açlyga sabyr edenim gowudyr — diýýär.

* * *

Abdylla ibn Rabyg ibn Hasym Sury ogly kesellände şeýle diýýär:

Derdim bejermäge tebip arandan,

Saňaýüz tutýaryn, beýik, Ýaradan!

Başyma düşen işde ber maňa sabyr-takat,

Dogry ýola gönükdir, guý ýüregime kanagat.

Kynçylygyň soňy haýyrly bolsun,

Ýaradan ogluma şepagat bersin.

* * *

Ahnaf: «Kim bir söze sabyr eýläp bilmese, birnäçe söz eşider» diýýär.

* * *

Ýunus ibn Ubeýd: «Biz köp işlerimizde gyssanmasak sabyrly bolardyk» diýýär.

* * *

Dawut Ytamdan: «Nähili aýalsyz gezip bildiň?» diýip soranlarynda, ol: «Sabyrly adam çörek bilen suwdan başga zatsyz oňup biler» diýýär.

* * *

Ibn Semmäk: «Adamyň başyna bir kyn iş düşende, ol sabyr edip bilmese, bir kynçylyk iki kynçylyga öwrülýändir» diýýär.

* * *

Harys ibn Eset Muhasyby: «Her bir zadyň göwher daşy bardyr. Adamdaky göwher daş onuň akylydyr. Sabyr-takat bolsa akylyň göwher daşydyr» diýýär.

* * *

Muhammet ibn Amr ibn Hazm: «Men örän köp kowum bilen tanyşdym. Olardan köpüsi suw içmezligi ýüregine düwseler, ölseler hem suw içenokdylar. Olara berlen sabyr-takatyň çägi ýokdy» diýýär.

* * *

Amr ibn Ubeýd: «Men suw içesim gelse-de, içmezlige synanyşdym. Men beýle etmek bilen özümdäki sabyr-takaty türgenleşdirdim» diýýär.

* * *

Abu Hüseýin ibn Abdylla ibn Süleýman ibn Wahhap şeýle diýýär:

Kalbymdaky häsiýetleň sabyr-takat seresi,

Şol bolmasa dereksizdir häsiýetleň ählisi.

* * *

Bir çarwanyň ogullary wepat bolýar. Oňa bu habary aýdanlarynda, ol özüniň duýgusyny basyp ýatyrýar we: «Olar ilkinji wepat bolanlar däldir. Men hem beýle kynçylyk başyna düşen ýeke-täk adam däldirin» diýýär.

* * *

Ibn Aýt: «Dürli kynçylyklary ýeňip geçmek üçin sabyry galkan edin» diýýär.

* * *

Hasan Basry: «Mömin adama nadanlyk edilse-de, ol nadanlyk we zulum edýän däldir. Özüne zulum edilse-de, geçirýändir. Zadyny gysganýan däldir. Eger-de oňa zadyny gysgansalar-da, sabyr edýändir» diýýär.

* * *

Lukman Hekim: «Mekirlige sabyrlylyk bilen jogap bermek akyl-paýhasyň alamatydyr» diýýär.

* * *

Eksem ibn Saýfi: «Başyňa kyn iş düşende gyssanmaçlyk, sabyrsyzlyk bilen hereket etmek ökünç miwesini berer» diýýär.

* * *

Haýwan ýarasyna melhem edilende agyry duýsa-da çydaýandyr. Sebäbi ol bu agyrynyň uzaga çekmeginden gorkýar. Adam hem başyna kyn iş düşende şol haýwanyň çydaýşy ýaly sabyr etmegi başarmalydyr. Sebäbi beterinden beteri bardyr.

* * *

Rüstem: «Sabyr-takat ýeňiş şuglasydyr» diýýär.

* * *

Abu Müslime:

— Sen nädip beýle derejelere ýetdiň — diýenlerinde, ol:

— Sabyr-takatly boldum, syr saklamany başardym, duşmany dost tutunmadym we dosty duşman tutunmadym — diýip jogap berýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Meniň size bäş sany wesýet galdyrasym gelýär. Şolary ýerine ýetiren ýagşyzadalaryň hataryna goşulyp biler.

1. Hiç biriňiz Alladan başgadan dileg etmäň, tamakin hem bolmaň!

2. Alladan çekinmän günä iş etmekden gorkuň!

3. Biriňizden nämedir bir zat hakynda soralanda, bilmeseňiz, «bilemok» diýmäge utanmaň!

4. Bilmeýän zadyňyzy başga birine öwretjek bolmaň!

5. Sabyr-takatly boluň! Başsyz göwräniň bolmaýşy ýaly, sabyrsyz-takatsyz iman bolmaz. Başsyz göwreden bolsa hiç hili haýyr ýokdur» diýýär.

* * *

Musa alaýhyssalam Allatagala bilen Tur dagynda gürleşenden soň, aýallar bilen gatnaşykdan daşlaşdy we et iýmezlige ant içdi. Emma Harunyň bu işleri etmäge sabyr-takaty ýetmedi we öýlendi. Bu hakynda Musa alaýhyssalama aýdanlarynda, ol: «Men Allanyň razylygyny gazanmak üçin terk eden işlerime dönmerin» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Sabyrly adam ýeňiş (üstünlik) näçe uzak wagta çekse-de, oňa garaşmagy başarar» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Özüňdäki gaýgy-gamy, umytsyzlygy sabyr-takatlylyk bilen ýeňmegi başar» diýýär.

* * *

Ýene-de Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Sen eliňden giden zat üçin gynanma, bu dünýäde seniň eliňde bolup biljek, emma bolmadyk, amala aşmadyk ähli zatlar üçin gynan» diýýär.

* * *

Bir gezek rumlylar dökülip, Beşir Tabarynyň sygyr sürüsini sürüp gidýärler. Sürüni bakýan gullar Beşiriň ýanyna baryp:

— Hojaýyn bar sygyrlar gitdi — diýýärler.

Onda Beşir:

— Sygyrlar giden bolsa, siz hem gidiberiň — diýip, bu gullary azat edip goýberýär.

Bu ýagdaýy görüp duran ogly:

— Kaka, sen bizi lagar düşürdiň ahyryn — diýende, ol:

— Eý, oglum! Sygyrlaryň gitmegi bilen Alla meniň sabyr-takatymy barlap görmek isledi. Gullary azat etmegim bolsa meniň sabyrlylygymyň subutnamasydyr — diýýär.

* * *

Allatagala Dawut alaýhyssalama: «Adama meniň häsiýetlerim berlendir, ýagny meniň häsiýetim mahsusdyr. Meniň bir häsiýetim sabyrlylykdyr. Şonuň üçin hem kyn gün başyňyza düşende sabyr ediň» diýýär.

* * *

Welidiň ýanyna ýaşuly adamlar gelýärler. Olaryň arasynda gözüne şikes ýeten bir ýaşuly adam bardy. Welit ondan nädip beýle bolandygyny soranda, ol:

— Bir gezek ähli maşgalam, malym (baýlygym) bilen ýola çykdym. Ýolda garaňky gatlyşdy. Biz gijäni jülgede geçirmeli bolduk. Gijäniň ýarymynda sil geldi we meniň ýanymdaky bir oglanjykdan hem eşekden özge zatlaryň baryny, adamlary sil alyp gitdi. Eşek ürküp, gaçyp gitdi. Men oglanjygy depäniň üstüne çykaryp, özüm eşegiň gözlegine çykdym. Uzak gitmänkäm, oglanjygyň aglaýan sesini eşidip, yzyma dolandym. Gelsem, oglanyň garnyny möjek iýip durdy. Men oňa hiç hili kömek edip bilmän, ýene-de eşegi kowalap ugradym. Eşegi tutjak bolanymda, ol meniň maňlaýyna goşa toýnagy bilen depdi. Meniň iki gözüm atylyp çykdy. Şeýdip bir gijäniň içinde men gözden, maşgaladan, baýlykdan, oguldan jyda düşdüm — diýip gürrüň berýär.

Bu gürrüňi eşiden Welit:

— Eý, halaýyk! Bir gijäniň içinde şunuň ýaly ezýet gören barmydyr — diýýär we ol adama halat-serpaý ýapmagy emr edýär.

* * *

Jahyz: «Ähli adamlara içigaralyk etmek we sabyr—takatsyzlyk häsiýetleri mahsusdyr» diýýär.

* * *

Hasan hyzmatkär: «Men Harun Reşit bilen Käbäniň daşynda aýlanyp ýördüm. Reşit Käbäniň matasyndan asylyp duran ýagdaýynda: «Eý, Allam! Maňa Japary öldürmäge ýardam bermegiňi soraýaryn» diýenini eşitdim.

Bu wakadan alty ýyl geçenden soňra, Reşit hakykatdan hem Japary öldürtdi» diýýär.

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

Sabyr atyna atlansa kişi,

Sylaglydyr özi, hem deňi-duşy.

* * *

Ýene bir şahyr şeýle diýýär:

Sabyr-takatlyga men haýran boldum,

Ol gitdi gözýaşly perişan galdym.

Kyn günlerim geçdi onuň bilen ap-aňsat,

Ajaýyp günler gitdi, turdy uly harasat.

* * *

Bir adam: «Eger bir maksat tutunsaň, onda oňa ýetmek üçin sabyr-takat bilen ýaraglan» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Eger-de sabyr-takat we şükür etmek iki sany münülýän ulag bolsa, onda men haýsysyna münjegim hakynda uzak pikir etmeli bolardym» diýýär.

* * *

Omar ibn Abdyleziz ogly Abdylmäligi depin edip duran wagty bir adamyň çep tarapa elini uzadyp gürläp duranyny görýär we oňa:

— Eý, adam, gürleseň-de, eliňi sag tarapa uzadyp gürle — diýýär.

Onda ol adam:

— Başyňa beýle kynçylyk düşende-de, biriniň elini çepe ýa-da saga uzadany gyzyklandyrarmy? — diýende, Abdyleziz:

— Bu kynçylygy maňa Allatagala inderdi. Meniň bolsa oňa diňe sabyr edäýmegim galýar — diýip jogap berýär.

* * *

Muhammet ibn Hanypany Ibn Zubeýr Taýyfa alyp gidýär. Muhammet ibn Hanypa Taýyfdan doganynyň ogly Ibn Apbasa hat ýollaýar. Ol: «Eý, agam ogly! Allatagala bizi ýagşyzadalardan edip ýaratdy. Biz kynçylyk, bela-betere sabyr, ýagşylyga şükür etmelidiris. Şeýle etsek ne meniň, ne-de seniň duşmanyň bolar» diýýär.

 

* * *

Harun Reşidiň başyna iş düşende, ol: «Allanyň emrine sabyr etmelidir» diýip zol-zol gaýtalaýardy. Ol ýene şeýle diýerdi:

Başyňa kyn iş düşse hergiz sabyr et,

Kynçylykda goýmaz kowumyn Muhammet.