OTUZ SEKIZINJI BAP: HÜNÄRMENLIK, SENETÇILIK, IŞEWÜRLIK, SENETÇI, IŞEWÜR ADAMLAR HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » OTUZ SEKIZINJI BAP: HÜNÄRMENLIK, SENETÇILIK, IŞEWÜRLIK, SENETÇI, IŞEWÜR ADAMLAR HAKYNDA

Sehl ibn Sagt Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Erkek adamlaryň ýagşysy tikinçilik bilen, aýallaryň ýagşysy egirmek bilen meşgul bolmalydyr» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam eşiginiň, köwşüniň tikin işlerini özi ederdi. Onuň öýünde köplenç meşgul bolýan işi tikinçilikdi.

* * *

Sagyt ibn Müseýýip: «Lukman Hekimiň käri tikinçidi» diýýär.

* * *

Ibn Şuzap: «Idris pygamber hem tikinçidi» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) tikinçiniň gabrynyň ýanyndan geçip barýarka, saklanyp oňa: «Eý, tikinçi, men Resulallanyň: «Kyýamat güni müşderisine hyýanat eden tikinçini müşderisine hyýanat eden donunda ýa-da köýneginde sorag ederler» diýenini eşitdim. Şonuň üçin müşderiň hakyny iýme, artykmaç haka tamakin bolma» diýýär.

* * *

Hasan Basry iligini dakdyrmak üçin tikinçä barýar. Tikinçi işini bolandan soň Hasan oňa bir dirhem berýär. Tikinçi pul almakdan boýun gaçyrýar. Onda Hasan oňa:

— Iňňäňden altyn teňňe dökülýän hem bolsa eden işiň hakyny al! Meniň berýän pulum seniň eden işiň üçin azdyr — diýýär.

* * *

Pelsepeçi: «Seneti, hünäri bilmeýän adamyň bu senetiň hünärmenleriniň hünär bilşini synagdan geçirmegi ýa-da baha bermegi iň erbet zatlaryň biridir» diýýär.

* * *

Mugawyýa Sagyt ibn Asdan:

— Halal, dogruçyl adam nähili bolmaly? — diýip soranda, ol:

— Adam kesp-kärli, hünärli we ile göreldeli bolmalydyr — diýýär.

* * *

Eýýup Suhtyýany elmydama: «Eý, ýaşlar! Hünär öwreniň. Şeýle etseňiz başga adamlaryň garamagynda (mätäç halda) bolmarsyňyz» diýýär.

* * *

Bir tikinçi köýnek tikýär. Ol köýnekde kiçiräjik aýp bardy. Tikinçi bu köýnegi bir hyrydara satyp goýberýär. Ara uzak wagt düşmänkä, hyrydar köýnegi yzyna getirýär. Ony gören tikinçi aglap başlaýar. Bu ýagdaýy gören hyrydar:

— Aglama, men köýnegi şeýleligine-de alaryn — diýýär.

Onda tikinçi:

— Men bu köýnegiň gaýdyp gelenine aglamok-da, kyrk ýylyň içinde eden işlerimiň zaýa çykaryndan we ähli tiken eşiklerimiň yzyna gaýdyp gelerinden gorkup aglaýaryn — diýýär.

* * *

Egerkimdir birine «Ýaşyl garyn» diýilse, onda onuň geýim-gejim dokaýandygyny aňladýardy. Sebäbi dokalýan eşik agaja ildirilip, dokmaçynyň garny zol-zol agaja degip garny (köýneginiň üsti) garalýardy. Adamlar «Ýaşyl garyn» adamy görenlerinden ýa-ha özi ýa-da kakasy dokmaçydyr» diýýärdiler.

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Dokmaçylyk bilen meşgul bolýan adamlara gargyş etmäň! Sebäbi ilkinji bolup bu kesp-kär bilen meşgul bolan adam Adam atadyr» diýýär.

* * *

Sufýan ibn Uýaýnadan:

— Kufanyň iň ybadathon adamlary kim? — diýip soranlarynda, ol:

— Dokmaçy Mujima Teými we pul çalyşýan Rabyg ibn Reşit — diýip jogap berýär.

* * *

Bir meselede Abu Hajyp dokmaçy şaýat bolýar. Kazy Bikär şaýady görmek isleýär we dogany Abu Safwany ony getirmek üçin goýberýär. Abu Safwan onuň ýanyna gidýär. Haçan-da ol dokmaçyny tapyp baranda, dokmaçy onuň bilen uzak oturman:

— Meni bagyşla, meniň ýanymda bir oglan işleýär. Ol bir aýalyň guly we gazanjyny ol aýala eltip berýär. Ol oglan eglense, men hem seniň bilen oturyp galsam, ol aýala zyýan ýeter öýdüp gorkýan — diýýär.

Abu Safwan agasynyň ýanyna dolanyp gelip:

— Abu Hajyp geler diýip tama-da etme. Ol meniň bilen az salym oturyp bilmedi, seniň ýanyňa neneň gelsin? — diýýär.

* * *

Bir dokmaçy: «Eger iýmit gymmatlasa, onda maňa iki çörek bir günüme ýeterlik. Eger iýmit arzanlasa, onda bir çörek bilen oňňut ederin. Adam iýip-içmese, zatlaryň gymmat­lan­dygyny ýa-da arzanlandygyny bilip hem bolanok» diýýär.

* * *

Bir dokmaçy Ybraýym Harbydan:

— Baýram namazyndan soňra halwa satyn almasam, näme etmeli bolarka? — diýip soraýar.

Onda Ybraýym ýylgyryp:

— Garyp-gasara iki dirhem sadaka ber — diýýär.

Dokmaçy daşlaşandan soňra:

— Goý, garyp-gasaram biraz begensin — diýýär.

* * *

Bir dokmaça:

— Eger-de sen halypa bolan bolsaň näme ederdiň? — diýip soranlarynda, ol:

— Hurma bilen owuz iýerdim — diýýär we ýanynda duran oglundan:

— Sen näme islärdiň? — diýip soraýar.

Onda ogly:

— Kaka, sen maňa saýlara zat goýmadyň ahyryn — diýip jogap berýär.

* * *

Bir adamdan:

— Siziň obaňyzda dokmaçy barmy? — diýip soralanda, ol:

— Ýok — diýip jogap berýär.

Ondan:

— Size egin-eşigi kim dokaýar? — diýip soranlarynda, ol:

— Her kim özi üçin özi dokap berýär?— diýýär.

Görüp otursalar, şol obanyň adamlarynyň ählisi dokmaçy eken.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Bendäniň hünäri bilen gazanç eden puly halaldyr we lezzetlidir» diýýär.

* * *

 Ýene-de: «Allatagala kesp-kärli, hünärli möminleri gowy görýändir» diýýär.

* * *

 Ýene-de: «Allatagala hünär öwrenip, adamlara nepi degýän möminleri gowy görýändir. Ylym, hünär öwrenip, adamlara nepi degmeýän musulmany ýigrenýändir» diýýär.

* * *

Abu Ulkama bilen bir adamyň sözi azaşýar. Abu Ulkama oňa: «Eger-de sen bir aýagyňy Hyra[1], beýleki aýagyňy hem Sabire[2]goýýan uly adam bolýan bolsaň-da, seni pagta çigidini çigitlän (sykan) ýaly ederin» diýýär.

* * *

Farazdak Bilal bilen degişip oturýarlar. Bilal beni temim taýpasyny kötekläp, Abu Musany öwýär. Farazdak:

— Abu Musanyň bir artykmaç tarapy bar. Şol bolmasa ol hem olardan tapawudy bolmazdy — diýýär.

Bilal:

— Ol nähili artykmaçlyk — diýip soraýar.

Farazdak:

— Adamdan hapa ganlary aýyrmagy başarýanlygy ýagny hajm edip[3]bilýänligi — diýýär.

Onda Bilal:

— Ol muny Resulalla mätäç bolany üçin etdi. Öň-hä bu iş bilen meşgul bolanokdy — diýýär.

Farazdak:

— Öň etsin, soň etsin. Ýöne ol edýän işine «Alla ýolunda edýän» diýip yhlasly ýapyşýar — diýip jogap berýär.

* * *

Adamlar ynsany hünäri ýa-da ady bilen tanap bolmaýandygyny bilseler-de, näme üçindir dokmaçy we hajjam[4]bilen gürrüňdeş bolmakdan gaça durupdyrlar. Sebäbi bu käri edýänleriň köpüsi gysyk hasaplanypdyr.

* * *

Bir gezek Mamun Ybraýym ibn Rüstemi ýanyna çagyryp kazylyk etmegi hödürleýär. Onda Ybraýym:

— Men kazylyk etmegi başarman, meniň kärim deri eýlemek — diýýär.

Mamun:

— Kesp-kär adama zyýan edermi? Yhlasly ýapyşan adam islendik käri derrew ele alar — diýýär.

* * *

Bir adamyň gowy görýän gyrnagy bolupdyr. Ol gyrnagyny aýdym-saz öwretmek üçin ussat sazanda şägirtlige berýär. Birnäçe wagtdan soň ol gyrnagyndan:

— Näme öwrendiň? — diýip soraýar.

Ol:

— Owazy saza goşmagy — diýýär.

Onda ol adam:

— Şol ýeterlik — diýip, gyrnagy hajm öwrenmek üçin hajjama şägirtlige berýär.

Gyrnak hajm hünärini doly ele alýar. Bir gün bir aýdymçy ýaňky adamyň öýüne barsa, onuň gyrnagy hajm edip oturan eken. Bu ýagdaýy gören aýdymçy şeýle diýýär:

Dep urman saz çalmak üçin döretdim ony,

Ýatladar gassaby onuň elindäki pyçagy

Islendik saz guralyndan gowudyr onuň owazy,

Ajaýyp posalary ýada salar bahar-ýazy.

Öý eýesi onuň aýdanlaryna gülüp goýberýär we aýdymça iki ýüz dirhem peşgeş berýär.

* * *

Abu Atahyýa şeýle diýýär:

Takwalyk etmeklik bendä däldir nogsanlyk,

Dokmaça, hajjama mahsus bolsun pespällik.

* * *

Dawut alaýhyssalam: «Eý, adam, gazan, işle, iýip-iç, Allatagala işläp iýýänleri halaýandyr. Işlemän iýýänleri bolsa ýigrenýändir» diýýär.

* * *

Sufýan Söwri: «Alym adamyň hünäri we ýeri bolmasa, ol beýleki adamlar üçin tümlük (garaňkylyk) ýalydyr. Nadan adamyň hünäri bolmasa, onda ol pasyklygyň, pyssy-pujurlygyň ilçisidir» diýýär.

* * *

Bir adam Hasan Basrala Gurhan berip:

— Al we günuzyn Gurhan oka — diýýär.

Onda Hasan:

— Ýok, men ony diňe irden we agşam okap bilerin. Gündiziň güni bolsa meniň işläp gazanç etmegim hökmandyr — diýýär.

* * *

Dellek Hasan Basrynyň sakgalyny syryp berýär. Hasan ýanyndaka:

— Dellege iki dirhem ber — diýýär.

Onda ol:

— Hiç zat gerek däl, ol bizden zat soranok — diýýär.

Hasan oňa:

— Biz hiç kimi mugt işlemäge mejbur etmeli däldiris — diýýär.

* * *

Dawut alaýhyssalam halkdan gizlin ýagdaýda (keşbini üýtgedip) özi hakynda soraýar. Adamlar:

— Adyl, ýöne beni ysraýylyň baýlygynyň hasabyna ýaşaýar — diýýärler.

Dawudyň başarýan hünäri ýokdy. Ol Allatagala özüne bir kesp-kär öwretmegi sorap mynajat edýär. Allatagala oňa tikinçilik kärini berýär.

* * *

Süleýman alaýhyssalam sebet örüp satyp, şondan gazanan puluna eklener eken.

* * *

Araplarda kärdeş kärdeşini görende biri-birine: «Ýa ibnu amaly» (meniň kärimiň eýesi, kärdeş) diýen sözler bilen ýüzlener ekenler.

* * *

Resulalla: «Meniň ymmatymda köp ýalan sözleýäni boýagçylar we zergärlerdir» diýýär.

* * *

Arap nakylynda: «Işini göwnejaý etmeýän hünär eýesi ýalan sözlemäge mejbur bolýar» diýilýär.

* * *

Dellallar hem ýalançy hasaplanylýar. Sebäbi her kim işläp gazanç edýär. Dellal ýalan sözläp gazanç edýär.

* * *

Ilkinji dellal Iblis[5] hasaplanylýar. Ol: «Baky ýaşaýyşyň miwesi» diýip, Adam ata miweli agajy görkezýär we onuň miwesiniň tarypyny ýetirýär.

* * *

Kagp: «Dokmaça maslahat salmaň. Allatagala oňa akyldan we rysgaldan kem berdi» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Eger bir adam maňa ýarasa, göwnümden tursa, men ýanymdakylardan: «Ol näme kär edýär» diýip soraýaryn. Eger-de ol hiç bir hünäri başarmaýan bolsa,onda men öňki pikirimden dänýärin» diýýär.

* * *

Bir tikinçi Ibn Mübärekden:

— Men soltanlaryň egin-eşigini tikýärin welin, sen meniň meşhur zalymlaryň hataryna goşulmagymdan gorkaňokmy? — diýip soraýar.

Onda Ibn Mübärek:

— Ýok, saňa iňňedir mata satanlar meşhur zalymlardyr. Sen bolsa olaryň kölegesindäki ýönekeý zalymsyň — diýýär.

* * *

Mujahyt: «Merýem Isany gözläp ýörkä, dokmaçylaryň ýanyna barýar we Isanyň nirä gidendigini soraýar. Olar aldap, nädogry ýoly salgy berýärler. Merýem dokmaçylaryň oňa ýalan sözländigini bilende: «Eý, Allam! Bu adamlaryň rysgalyny kemelt, adamlaryň gözünden düşer ýaly et» diýip dileg edýär. Allatagala onuň dilegini kabul edýär» diýýär.

* * *

Gurhandaky şu aýat[6]: «Allany päkleýän kişiler bardyr. Ne lezzetli gürrüňler, ne-de söwda-satyk olary Allanyň zikrinden, namazy berjaý etmekden, zekat bermekden saklap biler. Olar kalplary bilen kyýamat gününden gorkarlar» tefsirde şeýle düşündirilýär: Demir ussasy eline çekijini alyp galdyran wagty azan aýdylsa, ol bar işini goýup, namaz okamaga gidýär.

* * *

Eýýup: «Abu Kaglaba işlemegi gowy görýärdi we «Adamyň janynyň sag bolmagy iň uly baýlykdyr» diýerdi» diýip gürrüň berýär.



[1]Hyra – Mekgeden üç mil uzaklykda ýerleşýän dag. Muhammet pygambere ilkinji gezek wahy şu dagyň gowagynda gelipdi. Jebraýyl perişde hem Resulallanyň ýanyna şu dagda gelýär.

[2]Sabir – Mekgäniň töweregindäki daglaryň biri. Ol Hyranyň garşysynda ýerleşýär, özem Hyradan pesräkdir.

[3]Hajm etmek – adamyň bedeninde ýygnanýan hapa ganlary kesip çykarmak.

[4]Hajjam – bedenden hapa gany alýan.

[5]Iblis – şeýtanyň bir ady.

[6]«Nur» süresiniň 37-nji aýaty.