OTUZ DOKUZYNJY BAP: GURHANYŇ, GOŞGYNYŇ HARPLARYNY DOGRY OKAMAK WE AÝDYMYŇ HALALDYGY, HARAMDYGY HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » OTUZ DOKUZYNJY BAP: GURHANYŇ, GOŞGYNYŇ HARPLARYNY DOGRY OKAMAK WE AÝDYMYŇ HALALDYGY, HARAMDYGY HAKYNDA

Resulalla:

— Hidanyň[1]nähili dörändigini bilýärsiňizmi? — diýip soraýar.

Olar:

— Ýok, bilemizok, bu ata-babalarymyzdan galan zat — diýýärler.

Onda Pygamber alaýhyssalam:

— Mudarr atly bir baýyň düýeleri ýitýär. Ol munuň gözlegine çykýar. Düýelerini gözläp ýörkä, çopana duşýar-da, taýak bilen onuň eline ýagşyja berýär. Çopan oglan eliniň agyrysyna çydaman: «Wa, ýadaýýa» (waý, elim) diýip gygyrýar. Bu sesi eşiden düýeler yzyna dolanyp geläýýärler. Bu ýagdaýy görüp duran Mudarr: «Ýekeje sözüň özi düýeleriň başyny jemläp bilýär» diýip haýran galýar. Şeýlelik bilen haýwanlaryň başyny jemlemek (olary çagyrmak) üçin dürli-dürli ses şekilli sözler ulanylyp başlanylýar» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) saparda bolanda Ribahdan aýdym aýtmagyny soraýar. Ribah aýdym aýdandan soňra, Omar:

— Men üns bilen diňledim we maňa diýseň ýarady, berekella — diýýär.

Onda Ribah:

— Sen maňa «Zih» (ajaýyp) diýen bolsaň meniň üçin has gowy bolardy — diýýär.

Omar:

— «Zih» diýdigi näme bolýar? — diýip soraýar.

Ribah oňa:

— Kisra zih diýse, aýdymça dört müň dirhem bererdi — diýip jogap berýär.

Omar:

— Men zih diýen sözüňi-hä aýdyp bilerin. Emma dört müň dirhemi meniň bermäge hukugym ýok. Mendäki pullar ähli musulmanlaryň puly — diýýär.

Ribah:

— Ol puluň içinde saňa degişlisi hem bar ahyryn — diýenden soň, Omar oňa dört ýüz dirhem peşgeş berýär.

* * *

Abdylla ibn Mesgut: «Allatagala pygamberleri ýakymly owazly we syratly adamlardan saýlaýar» diýýär.

* * *

Ruhanylaryň ýakymly, mylaýym owazlary bolupdyr. Olar aýdym bilen Allany öwüpdirler, şeýdip uzak gijeleri gysgaldypdyrlar, özleriniň eden ýalňyş günä işlerini ýatlap aglapdyrlar.Olar jenneti, ondaky özlerine garaşýan nygmatlary ýatlap hiňlener ekenler.

* * *

Bir adam Kasym ibn Muhammetden aýdym aýtmak hakynda soranynda, ol:

— Allatagala hak bilen batyly ýaradanda aýdymy haýsyna degişli etdikä? Seniň pikiriňe görä, ol hak bilenmi? — diýip soraýar.

Onda ol adam:

— Ýok — diýýär. Kasym:

— Hawa, ol batyl işlerdendir — diýýär.

* * *

Hatma bir adamyň öýüne myhmançylyga barýar. Oňa ýaş oglanlaryň aýdym aýdýan owazy eşidilýär. Ol: «Meni bu gykylykdan daşlaşdyryň. Aýdym zynanyň ýaranydyr» diýýär.

* * *

Emewiler halypasy Süleýman ibn Abdylmälik: «At baýtaly görende kişňeýär, iner (erkek) maýany görende esreýär, teke geçini görende çekreýär. Adam hem özüniň göwnüne jaý aýal maşgalany görende aýdym aýdýar» diýýär.

* * *

Yshak Mosullydan:

— Merwanlylaryň aýdyma bolan höwesini nähili gördüň? — diýip soranlarynda, ol:

— Olardan Mugawyýa, Abdylmälik, Süleýman aýdym bilen öz aralaryna tuty tutdular. Olara aýdymyň lezzeti nätanyşdyr. Olardan soňkular aýdyma dürli hili seretdiler. Ýöne Ýezit ibn Abdylmälik ýaly nadany bolmady — diýýär.

Yshakdan:

— Omar ibn Abdyleziz aýdyma nähili seredýärdi? — diýip soranlarynda, ol:

— Omar halypa bolmazyndan öň gyrnaklaryna aýdym aýtdyryp diňleýärdi. Emma soňra aýdymdan ýekeje harp hem diňlemek islemedi — diýýär.

Ondan Ýezit Nakys hakynda soralanda, ol:

— Onuň aýdym diňläp-diňlemedigi hakynda hiç zat eşitmedim — diýip jogap berýär.

* * *

Zuhary şeýle diýýär:

Bir gün Harun Reşit menden:

— Medinede aýdym aýtmagy kim haram etdi? — diýip sorady.

Men:

— Allanyň buýrugyna boýun bolýanlar — diýdim.

Onda Harun Reşit:

— Meniň eşidişime görä, Mälik ibn Enes aýdym aýtmagy haram edipdir — diýdi.

Men:

— Haram, halaly çözmek Mälige galypmy?Haram, halaly Ýaradanyň iň gowy görýän bendesi Muhammet ýa-da ondan gelýän wahy-da çözenok. Bu mesele Allatagalanyň emridir — diýdim.

* * *

Muhammet alaýhyssalam Mekgeden Medinä hijret edende, Medinäniň ýaşaýjylary ony aýdym aýdyp garşy alýarlar.

* * *

Huzeýfa Muhammet alaýhyssalama: «Bizden soň geljekler Gurhanyň aýatlaryny aýdym ýaly (kyragat bilen) okarlar. Olaryň bokurdagyndan çykýan ýakymly şirin owazy olaryň öz ýüregini, diňleýjileriň ýüregini özüne magşuk eder. Beýle owazy biziň döwürdeşlerimiz bilmez» diýýär.

* * *

Ymran ibn Abdyleziz Talha: «Bir gezek Pygamber alaýhyssalam Gurhany aýdym edip okady» diýdi welin, Kasym oňa düýpgöter garşy çykdy we «Allatagala Gurhan eziz kitapdyr»[2]diýidi» diýýär.

* * *

Farygdan Gurhany kyragatly okaýanlar hakynda soranlarynda, ol: «Ýalňyşlyk aýdym aýtmak bilen Gurhan okamak garyşdyrylandan soň ýüze çykdy. Aýdym aýdýan adamlar Gurhany şirin owaz bilen okamaga çalyşdylar we okalyş düzgünini ünsden düşürdiler. Beýle ýalňyş okanyňdan ýönekeý ses bilen okanyň gowudyr. Emma kyragat bilen dogry okamany başarsa, Gurhan adamlary özüne çekýär we olar: «Gör, onuň owazy nähili ýakymly» diýip haýran galýarlar» diýýär.

* * *

Ýunan ýurdunda şirin owazly bir guş bar eken. Ol ýakymly owazy bilen saýranda, başga guşlar onuň daşyna üýşer ekenler.

* * *

Eneleriň owazy jadyly güýçdür. Ol aglap oturan çagany diňdirmäge, onuň ukusyz gözlerini ýumdurmaga ukyplydyr.

* * *

Deňizçiler deňizde dürli-dürli ýakymly, şirin owazlar eşidýärdiler. Olar muny deňiz jandarlarynyň owazy diýip güman edýärdiler. Bu owazlar olaryň aýdýan aýdymynyň heňine meňzeýärdi.

* * *

Amr ibn Masawih Mutatabbibden bir wakany eşidip, şeýle gürrüň berýär. Ol: «Deňziň kenarynda ýapraksyz, şahasyz agaç ösýär. Bu agajyň üstünde ýüzi ynsanyňka, döşi tawus guşuňka, bedeniniň gurluşy gaplaňyňka, arkasy düýäniňkä, tutuş sypaty hem ata meňzeýän guş otyrdy. Ol dürli-dürli şirin owazlar bilen aýdym aýdýardy. Ol guş Arhanyň golaýynda höwürtge gurnupdy. Onuň ýakymly owazy şähere eşidilýärdi» diýýär.

* * *

Käbir adamlar: «Aýylganç sesiň balygyň suwuň ýüzünde işbil taşlamagyna we balygyň ölmegine getirmegi mümkin, şeýle-de kepderiniň ýumurtgasynyň wagtyndan öň düşmegine getirip biler. Ýakymly, şirin owaz bolsa adamyň akylyny haýran edip, onuň beýnisine ýetýär, onuň ýüregini para-para edýär we janyna rahatlyk berýär» diýýärler.

* * *

Düýe hida bilen, ýakymly owaz bilen çagyrlanda bu ses oňa güýç-kuwwat berýär. Düýe gulagyny keýerjekledip sagyna-soluna seredýär we uzak ýoly ýadawsyzlyk bilen geçmegi başarýar.

* * *

Pili awlamaga çykanlarynda awçylar ýanlary bilen saz gurallaryny we aýdymçylary alar ekenler. Sazandalaryň we aýdymçylaryň sesini eşiden pil gaçmak ukybyny ýitirip, göni duzaga düşer eken.

* * *

Ibn Rabn: «Yrakly balykçylar derýanyň ortasynda bir çatmajyk gurup, şol ýerde aýdym aýdar ekenler. Bu owaza maýyl bolan balyklar çatmanyň töweregine ýygnanar eken. Balykçylar arkaýyn şol balyklary tutar ekenler» diýýär.

* * *

Käbir pelsepeçiler: «Dag geçisi ýakymly owazy, aýdym sesini eşidende başyny egip, gözlerini ýumup ýatýan ýalydyr. Ol bu aýdymyň sesinden lezzet alýar» diýýärler.

* * *

Birnäçe adamlar: «Adamyň uzak wagtlap, aýrylmazdan aýdym diňlemegi onuň akylyna zyýan ýetirer» diýýärler.

* * *

Egerçopan goýunlaryna sesini gataldyp gygyrsa, goýunlar gulaklaryny üşerdip, onuň sesinde üýtgeşiklik duýýarlar we çopanyň golaýyna üýşmek bilen bolýarlar.

* * *

Sykylyk sesini eşiden suw jandarlarynyň ýagdaýy gowulanýar we köp suw içip başlaýarlar.

* * *

Bir dana adam: «Ýakymly owaz adama güýç-kuwwat berýär, adamy ruhubelent edýär. Adamzat hiç zatdan aýdymdan lezzet alşy ýaly lezzet almaýar. Başga bir zatdan lezzet almak üçin köp işler etmeli bolýar. Emma aýdymdan lezzet almak üçin diňe sesiňi goýup, ümsüm diňlemek ýeterlikdir. Aýdym dynç almagyň iň ajaýyp serişdesidir» diýýär.

* * *

Eflatun: «Kim-de kim gaýgy-gama batsa, goý, aýdym diňlesin. Gaýgy-gam adamdaky nury öçürýär. Ýakymly, şirin owaz adamy ýadawlygyndan, gaýgy-gamyndan saplaýar, onuň öçen nuruny täzeden tutaşdyrýar» diýýär.

* * *

Şalar ruhdan düşen, gaýgy-gamly, kesel, hassa adamy aýdym bilen bejermegi, melhem etmegi emr edipdirler. Olar özleri dürli pikirlenmelerde, gam-gussaly halatda aýdym-saz bilen dynç alypdyrlar. Bu dynç alyş usuly, soňlugy bilen araplarda-da adata öwrülýär. Bu babatda Ibn Asla Şibany şeýle diýýär:

 Şirin aýdym aýtmagy hem diňlemegi,

 Ajamlar öwretdi owadan gürlemegi.

* * *

Apbaslylar halypasy Mansuryň azançysy Baalbeki azan aýdýar. Ol wagt Mansuryň eline suw akydyp duran gyrnak azançynyň şirin owazyna maýyl bolup, elindäki küýzäni Mansuryň aýagyna gaçyrýar.

Mansur azançysyny ýanyna çagyryp:

— Bu gyrnak seniňki, ýöne indiki gezek men elimi ýuwanymdan soň azana çek — diýýär.

* * *

Şagby bir toýa barýar we ol ýerdäki adamlara: «Siz jynaza üýşen ýaly-la, hany aýdym-saz, hany dep sesi» diýip soraýar.

* * *

Abu Amr ibn Yla: «Älemde aýdym-saz ýaly özüne çekiji zat ýokdur» diýýär.

* * *

Yshak ibn Ybraýym Mosully: «Abu Hafsanyň ogly meniň kakamyň ýanynda agşamlyk naharyny edindi. Soňra ol nahardan ymykly doýup: «Indi biziň gulaklarymyzy hem gandyrsaň, Alla saňa rehim eder» diýdi» diýýär.

* * *

Bir adam Hasan Basrydan:

— Sen aýdym-saz hakynda nähili pikirde? — diýip soranda, ol:

— Aýdym iň bir ajaýyp zatlaryň biridir. Ol adamlaryň gam-gussasyny, ýadawlygyny aýyrmaga ukyplydyr — diýýär.

Ol adam:

— Sen aýdym hakynda şeýle pikirdemi? — diýýär.

Hasan:

— Hawa, sen nähili pikirde, aýdym babatynda näme bilýärsiň? — diýip soraýar.

Ol:

— Aýdym aýdýan adam agzy-burnuny gyşardyp, özüni bilmän aýdym aýdýar — diýýär.

Onda Hasan:

— Akyly ýerinde bolup gören zadyny beýle derejede ulaldýan adamy birinji gezek görýärin — diýýär.

* * *

Bir gezek Resulalla Hassan ibn Sabytyň ýanyna gidýär we Hassanyň dostlary bilen kölegede Sirine aýdym aýtdyryp oturandygyny görýär. Sirin Pygamberiň gelýändigini görüp şeýle diýýär:

— Maňa bolarmy günä, gam-gussadan saplasam,

Gam-gussadan saplanyp, Ýaradany ýatlasam.

Bu sözleri eşiden Resulalla gülüp: «Alla halasa günä bolmaz» diýýär.

* * *

Çarwa aýal Dibaja Yshak Mosulla: «Seniň sözleriň sazsyz hem ýakymly. Sen gürläniňde aýdym aýdan ýaly, eger-de saz bilen gürleseň (aýdym aýtsaň) nähili bolarka?» diýýär.

* * *

Bir adam başga birine: «Maňa owaz bilen aýdym aýdyp ber» diýende, aýdymçy: «Sen Weliul Ahdyň (tagt mirasdüşeri) owazyndan başga owaz bileňok öýdýän» diýýär.

* * *

Selefleriň[3]biri: «Aýdym adamlaryň ýüregini para-para edýär, lerzana getirýär. Munuň sebäbi aýdym Iblisiň jennetden aýrylanda eden nalyşyndan dörändir» diýýär.

* * *

Sagydy: «Pygamberiň hadysyndan başga şatlygymyz, lezzetimiz aýdym-saz we goşgy diňlemekdi» diýýär.

* * *

Süleýman ibn Abdylmälik esgerleriniň arasynda aýdymçynyň bardygyny eşitdi we ondan aýdym aýdyp özüni şatlandyrmagyny sorady. Ol aýdym aýdyp bolandan soň, Süleýman egindeşlerine:

— Onuň aýdymynyň maýany gören erkegiň (ineriň) gykylygyndan tapawudy ýokdur. Ony aýallaryň diňlemegi ahmal — diýýär we ony agtalamagy emr edýär.

* * *

Ibn Rawendi: «Adamlar aýdym diňlemek babatynda iki topara bölündiler. Bir topar bolýar diýse, başga topar garşy çykdy. Men hem bu toparlara garşy çykýaryn we aýdym diňlemek wajyp (hökman) diýýärin».

* * *

Salyh ibn Kisan aýdymda hiç hili erbetlik görenokdy. Ol: «Aýdym ýüregiň jümmüşinden çykyp, gulaklardaky gozgalaňy basyp ýatyryp, gulaklary gandyrýandyr we oňa hiç kim päsgel berip bilmez» diýýär.

* * *

Mosully: «Bir gün Mugtasymyň ýanyna bardym. Onuň ýanynda aýdym aýdyp oturan gyrnakdan başga hiç kim ýokdy. Mugtasym maňa:

— Eý, Abu Yshak, gyrnagy neneň gördüň? — diýip sorady.

Men:

— Onuň aýdym aýtmak sungatynyň çeperçiligini doly ele alandygyna göz ýetirdim. Owadan zatdan owadan owaz çykýandyr. Onuň owazy saýrak bilbiliň owazy kimin — diýdim.

Onda Mugtasym:

— Seniň öwgiň onuň özünden we ýakymly owazyndan has gowudyr — diýdi.

* * *

Medinäniň adamlary aýdym ýaryşyny geçirip, baýraklary goýar ekenler.

* * *

Aýdym diňlän bir adam: «Atyň oty çeýnäp garnyna oklaýşy, soňra-da birnäçe wagtdan täzeden çykarşy ýaly, aýdym diňlänimde men onuň girdabyna doly girdim. Aýdymyň başynda we ortasynda men özümi bilýärdim. Emma soňra bar zat düýşdäki ýaly bolup geçdi» diýýär.

* * *

Abdylla ibn Awf: «Bir gün Omar ibn Hattabyň öýüne bardym. Gapynyň daşyndan Omaryň hiňlenýän sesini eşitdim. Men gapyny kakyp girmäge rugsat soradym. Ol menden:

— Meniň aýdym aýdanymy eşitdiňmi? — diýip sorady.

Men:

— Hawa — diýip jogap berdim.

Ol:

— Biz hem işimizden boş wagtymyz beýleki adamlar öýünde näme edýän bolsa şony edýäris — diýdi.

* * *

Nafyg: «Bir gün Ibn Omar bilen gidip barýarkak tüýdügiň sesi eşidildi. Ol ýoldan bir gyra çykdy-da, barmaklary bilen gulagyny ýapdy we:

— Eý, Nafyg! Heý bir zat eşidýärsiňmi? — diýip sorady.

Men:

— Ýok — diýenimden soňra, ol elini gulagyndan aýryp:

— Resulalla bilen bir gezek ýoldaş bolanymda şeýle ses eşidende şeýle edipdi — diýdi.

* * *

Abu Amama: «Resulalla aýdymçy gyzlary satmagy, satyn almagy, olaryň söwdasyny etmegi rugsat bermedi. Olaryň söwdasy edilip gazanylan pul haramdyr» diýdi. Bu mynasybetli Gurhanyň «Lukman» süresiniň alty aýatynda aýdylýar». Soňra Pygamber: «Bir adam aýdym aýdyp başlanda, Allatagala iki şeýtany goýberýär. Olar aýdym aýdýanyň egninde oturyp, ol tä aýdym aýtmasyny goýýança, aýaklary bilen döşüne depýärler» diýdi diýip gürrüň berýär.

* * *

Bir çarwa pars aýdymyny eşidip haýran galýar we şeýle diýýär:

Manysyna düşünemok, emma çekýär özüne,

Ýüregim para-para, haýran boldum sazyna.

Düýbünden kör bolup men, söýdüm natanyş zady

Gulaklarym ker boldy, eşitmez dat-perýady.

* * *

Bir barly adamyň iki sany aýdym aýdýan gyrnagy bar eken. Olaryň biriniň gowy owazy bolup, beýleki biriniň owazy o diýen däl eken. Olaryň gowy owazlysy aýdym aýdanda, ol adam köýnegini ýyrtar eken. Beýlekisi aýdym aýdanda oturyp ýyrtan köýnegini tiker eken.

* * *

Ybraýym ibn Mäti bilen Yshak Mosully aýdym aýtmak babatynda dawalaşýarlar. Şonda Yshak: «Ikimiziň aramyzdaky bu dawany kim çözüp biler?» diýýär.

Sebäbi olaryň ikisi hem meşhur aýdymçydy we ol ikisinden ussat aýdymçy ýokdy.

* * *

Bir gün Mugawyýa Amr ibn Asy ýanyna çagyryp:

— Meniň ýanyma her hili bidereklik bilen güýmeýäni getir — diýýär.

Ol Abdylla ibn Japaryň aýdym aýdýan hyzmatkäri Saýyp Hasyry göz öňünde tutýar. Amr Japaryň öýüne baranda Saýyp gyrnaklar bilen aýdym aýdyp otyrdy. Amr Saýyby alyp, Mugawyýanyň ýanyna gelýär. Mugawyýa ondan aýdym aýdyp bermegini soraýar. Saýyp aýdym aýdýar. Gyrnaklar onuň yzyndan gaýtalaýarlar. Mugawyýa çapak çalyp, aýaklaryny uzadyp hereketlenip başlaýar. Amr bu halaty görüp:

— Ol aýdym aýtmaýarka, seniň halyň hem gowudy, hereketiň hem azdy — diýýär.

Onda Mugawyýa:

— Sesiňi gap-da, aýdymdan lezzet al. Bar lezzet şondadyr — diýýär.

* * *

Bir pelsepeçi ýakymsyz owazly aýdymçynyň sesini eşidip: «Gadymyýetde öňdengörüjiler: «Eger bir adam baýguşyň sesini eşitse öler» diýer ekenler. Bu aýdymçynyň sesinden soňra ähli baýguş öler» diýipdir.

* * *

Apbas ibn Abdylmuttalyp aýylganç gaty sesli bolupdyr. Ol gygyranda goýunlary duran ýerinde ýedi gezek aýlanar eken. Ol barada Nabyga şeýle diýýär:

Abu Arwa gygyranda, goýun özün ýitirdi,

Dagda durup owazyny ol tokaýa ýetirdi.

Ol bir gezek dagyň üstünde duran ýerinden özüniň tokaýda gezip ýören hyzmatkärlerine gygyrdy. Hyzmatkärleri onuň sesini eşidip geldiler. Dag bilen tokaýyň aralygyndaky uzaklyk sekiz mildi.

* * *

Apbas: «Huneýn güni men Resulalla bilen wagyz-nesihat etmek üçin adamlaryň arasyna gitdim. Adamlar Resulallany diňlemän, her kim öz işine gümrady. Meniň belent owazym bardy. Pygamber olaryň halatyny görüp, maňa: «Eý, Apbas gygyr» diýdi. Men: «Eý, Ensarylar!» diýip gygyrdym welin, adamlar köşegini göresi gelen düýe ýaly ýuwaşadylar» diýýär.

 

* * *

Bir danadan:

— Gözellik nämede? — diýip soranlarynda, ol:

— Gözleriň görejinde, adamynyň ýüzüniň gülüp durmagynda, aýallaryň abraýyny saklamagynda we ýakymly şirin owazda — diýip jogap berýär.

* * *

Bir gün Hajjaç ýanyndaky egindeşlerinden kime nähili owazyň ýaraýandygy hakynda soraýar. Onda olaryň biri:

— Men bir gije karynyň Gurhan okaýan sesini eşitdim. Men beýle şirin owazy hiç haçan eşitmändim — diýýär.

Hajjaç:

— Hawa, Gurhanyň okalyş owazy gowudyr — diýýär.

Onda başga biri:

— Aýalymyň ir bilen metjide gidip, ýuwaşlyk bilen ýanyma gelip biziň çagamyzyň boljagyny buşlandandakysy ýaly ýakymly owazy hiç eşidip göremok — diýýär.

Hajjaç oňa-da:

— Ol diýýäniň hem gowudyr — diýýär.

Onda Şagba ibn Alkama Temimi:

— Meniň üçin aç wagtym gazanyň taňňyrdysyndan we ýalaňaç wagtym täze eşigiň çykarýan sesinden ýakymly owaz ýok — diýýär.

Hajjaç oňa:

— Sen iýip-içmekden başga zat hakynda oýlanyp bilýärsiňmi? — diýýär.

* * *

Muhnisden:

— Haýsy owazy gowy görýärsiň? — diýip soranlarynda, ol:

— Täze eşigiň we gowrulýan etiň sesini halaýaryn — diýip jogap berýär.

* * *

Bir gün Sagyt ibn Museýýip Medinäniň emiri Omar ibn Abdyleziziň Muhammet alaýhyssalamyň metjidinde adamlara ymam bolup, namaz okaýanyny eşitdi. Onuň örän gowy sesi bardy. Ol sesine bat berip, Gurhandan aýaty okap durdy. Sagyt oňa:

— Eý, ymam! Eger sen aýaty Alla üçin okaýan bolsaň, sesiňi peseldip, ýuwaş okap bilersiň. Allatagala sen içiňden okasaň hem eşider. Eger adamlar üçin okaýan bolsaň, onda sesiňi gataldyp okap bilersiň. Emma Allatagalanyň derejesiniň öňünde adamzat hiç kimdir — diýýär.

Omar ibn Abdyleziz namazyň galan rekatyny sesini ýumşadyp okaýar. Soňra bolsa köwüşini alyp, metjitden çykyp gidýär.

* * *

Resulalla: «Eger-de kimdir biriňiz gije ukudan turup namaz okasaňyz, Gurhany gaty ses bilen okaň. Sebäbi siz namaz okanyňyzda perişdeler size uýýandyr» diýýär.

* * *

Dawut alaýhyssalam hepdäniň bir güni adamlary Kudusyň çöllügine ýygnap, şirin owazy bilen Zebury okap berer eken. Hatda wagşy haýwanlar we guşlar ony diňlemäge geler ekenler.

* * *

Mälik ibn Dinar: «Biziň Muhammet alaýhyssalamdan eşidişimize görä, kyýamat güni Dawut alaýhyssalam Allatagalanyň arşynyň ýanynda durar. Allatagala oňa: «Eý, Dawut! Öňki şirin owazyň bilen meni mahabatlandyr diýer» diýýär.

* * *

Bir gezek Resulalla Abu Musanyň kyragatyny diňläp:

— Saňa Dawut alaýhyssalamyň owadan, şirin owazy berlendir — diýýär.

Onda Abu Musa:

— Eý, Resulalla! Seniň diňländigiňi bilen bolsam, men kyragatymy has-da owadanlardym — diýýär.

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Kim-de kim horazyň gygyran sesini eşitse, Alladan islän zadyny dilesin! Sebäbi horaz perişde görüp gygyrýandyr. Eger, kim-de kim eşegiň aňňyranyny eşitse, onda: «Auzubillähi-mineş-şeýtany-rejim» diýsin! Sebäbi, eşek şeýtany görüp aňňyrýandyr» diýýär.

* * *

Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Allatagala horazy ýer ýüzünde akylly, pähimli jandar edip ýaratdy we oňa birnäçe syrlary aýan etdi. Gijäniň üçden biri galanda, horaz ganatyny kakyp: «Subhana Mälikul Kuddus, Sabbihu Mälikul Kuddus, Subhana Rabbana Mälikul Kuddus lä ilähä länä gaýruhu» (Mukaddeslikleriň şasy bolan Alla öwgüler bolsun! Mukaddeslikleriň şasyna öwgüler aýdyň. Mukaddeslikleriň şasy bolan, öwgi aýdylýan Alla biziň Rebbimizdir we ondan başga Hudaýymyz ýokdyr) diýýär. Onuň bu diýenlerini ýerde, asmanda yns-jyns ählisi eşidýär» diýýär.

 

* * *

Jabyr ibn Abdylla Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Eger-de itiň üýrýändigini ýa-da eşegiň aňňyrýandygyny eşitseňiz, Alla toba ediň. Sebäbi olar siziň görmeýän zatlaryňyzy görýändir» diýýär.

* * *

Abu Musa Aşgary: «Bir gezek Resulalla bilen sapara gitdik. Biziň öňümizden Medinäniň hormatlanýan ýaşululary gygyryp çykdylar. Onda Resulalla: «Eý, adamlar, siz ker ýa-da aramyzda ýok adamy garşylaňyzok ahyryn. Siziň gygyrýan adamyňyz öňüňizde dur ahyryn» diýdi» diýip gürrüň berýär.

* * *

Hekem Wady: «Men we birnäçe adam Magbatdan aýdym aýtmagyň tälimini alýardyk. Ol bize ýakymly owaz bilen aýdym aýdyp berdi. Men beýlekilerden öň bu aýdymy öwrendim. Meniň yhlas etmegim onuň göwnünden turdy. Men öýe gaýdyp barýarkam, ýaňky aýdylan aýdyma täze heň düzdim. Ertesi Magbadyň ýanyna baranymda, düýnki aýdymy täze heň bilen aýdyp berdim welin, ol bir sagat ýaly gürlemän oturdy. Soňra bolsa: «Düýn men senden bir zat çykjagyna ynanýardym. Bu gün bolsa senden hiç zada garaşamok. Sebäbi sen eýýäm meniň ynamymy ödediň» diýdi.

* * *

Mugtasym Yshak Mosullydan:

— Sen iki sany meňzeş heňdäki aýdymy nähili tapawutlandyryp bilýärsiň?— diýip soranda, Yshak:

— Biri-birine meňzeş zat ýokdur. Ýöne olary sypatlandyryp, tapawutlandyryp başarmaly — diýýär.

* * *

Alas ibn Harys aýdymçy bolandygy üçin oňa adamlar «aňňyrýan» diýip lakam beripdirler. Onuň diýseň şirin owazy bolupdyr. Adamlar: «Eşegiň özi oňa bu lakamy götermäge rugsat edipdir» diýerdiler.

* * *

Abu Allama Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Adamlar jennete girende onuň başujynda we aýagujynda hüýr-gyz oturar. Olar ýakymly şirin owaz bilen aýdym aýdarlar. Olaryň bu owazyny eşiden yns-jyns haýran galar. Olaryň aýdymy şeýtanyň heňleri däl-de, Allatagala bolan öwgüdir» diýýär.

* * *

Resulalla adamlar bilen oturanda, jenneti wasp eder eken. Oturan adamlaryň biri:

— Eý, Resulalla, ol ýerde aýdym eşitmek barmydyr? — diýip soraýar.

Ol:

— Hawa, Alla zikir edip, günä işlerden daşda durup, ýaşan bendelere Allatagala jennetde bir agaja emr edip, olara aýdym eşitdirer. Ol agaçdan şeýle ýakymly owaz çykar. Beýle ýakymly, şirin owazy hiç bir halaýyk eşiden däldir — diýýär.

* * *

Sufýan ibn Uýaýnadan:

— Näme üçin jynazada ýuwaş gürleşmek gowy görülýär — diýip soralanda, ol:

— Adamlar ölümi görüp, ahyrynda ýene-de Onuň ýanyna dolanyp barjakdyklaryna gözi ýetip, Allatagaladan gorkup, ýuwaş gürleşýärler — diýýär.

* * *

Hajjaç haýsydyr bir öýden ahy-nala owazy eşidilse, ol öýi ýumurmagy emr eder eken. Haçan-da öz ogludyr agasy aradan çykanda, şol ahy-nalany eşidesi geldi. Bu barada Farazdak şeýle diýýär:

Her ýerde eşdiler ahy-nala owazy,

Sowuldy seniň ogluň bahary-ýazy.

Her kesde ölüm bardyr başar etmegi sabyr,

Ölen gaýdyp gelmez hiç, soňky öý bolar gabyr.

* * *

Bir gezek Mamunyň ýanynda oturan iki adamyň sözi azaşýar. Olar tersleşip, gygyryşyp başlaýarlar. Olaryň sesi gatalyp ugraýar. Mamun olara:

— Ýalňyşyňa düşünmeklige gaty ses bilen däl-de, aýdyňlaşdyrmak ýoly bilen ýetilýändir — diýýär.

* * *

Emewiler halypasy Welit ibn Ýezit ibn Abdylmälik Aşgaby getirmegi buýurýar. Ol gelende Welit oňa maýmynyň derisini geýip, aýdym aýdyp, tans etmegi emr edýär. Aşgap onuň aýdyşy ýaly edýär. Ol Welidiň göwnünden turýar. Ol Aşgaba halat-serpaý ýapýar.

* * *

Bir gün Welit Haýsandan bir zat okap bermegini soraýar. Haýsan onuň diýen zadyny okap berýär. Soňra Welit Haýsandan aýdym aýdyp bermegini soraýar. Haýsan aýdym aýdýar. Welit oňa: «Seniň aýdym aýdyşyňdan okaýşyň gowy» diýýär.

* * *

Yshak Mosully kakasy Ybraýym bilen bolan wakany gürrüň berýär. Mäti Ybraýymdan aýdym aýdyp bermegini soraýar. Ybraýymyň aýdan aýdymy onuň göwnünden turýar we:

— Näme isleýän bolsaň dile — diýýär.

Onda Ybraýym:

— Medinedäki Aýn Merwany ykta ber — diýýär.

Mätiniň gözleri gyzaryp, hanasyndan çykara gelýär. Soňra bolsa:

— Sen bir aýdym aýdyp, emewilerden kynlyk bilen alnan oljalary ykta bermegimi soraýarsyňmy? — diýýär we wezirine:

— Bu samsygy hazyna alyp bar we näme islese ber — diýýär. Ybraýym hazynadan elli müň dinar alýar.

* * *

Hammat ibn Yshak Mosully: «Harun Reşit halypalyga geçende ilkinji bolup onuň halat-serpaýyna mynasyp bolan meniň atamdyr» diýmegi halardy. Hammat Mosullynyň atasy Ybraýym Mosully Harun Reşide şeýle kytgany aýdýar:

Bileňokmy adamzat, çogly gün öň hassady,

Harun halypa bolanda nur saçmaga başlady.

Älem-jahan görke girdi, zynatlandy-bezendi,

Bu gün Ýahýa Mälik Haruna wezir bellendi.

* * *

Bu aýdymy eşiden Harun Reşit Ybraýyma ýüz müň dinar, onuň weziri Ýahýa bolsa elli müň dinar peşgeş berýär.



[1]Hida – haýwanlary çagyrmak üçin ulanylýan ses şekilli söz.

[2]«Fussilat» süresiniň 41-42-nji aýaty.

[3]Selef – ata-babalarymyz, öten-geçenler, danalar.