KYRKYNJY BAP: DOGRUÇYLLYK, DOGRYŇY AÝTMAK, HAK IŞLER ETMEK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » KYRKYNJY BAP: DOGRUÇYLLYK, DOGRYŇY AÝTMAK, HAK IŞLER ETMEK HAKYNDA

Abdylla ibn Omar[1] şeýle gürrüň berýär:

Bir adam Resulallanyň ýanyna geldi we:

— Eý, Resulalla, jennete girjek adamlardan bolmak üçin näme etmeli? — diýip sorady.

Onda Resulalla:

— Dogruçyl bolmalydyr. Eger bende dogry sözlese gowy, haýyr iş etdigidir. Eger haýyr iş etse imanly boldugydyr. Eger imanly bolsa-da, jennete girer — diýipdi.

Onda ol adam:

— Eý, Resulalla, dowzaha girýän adamlar nähili günä iş edýändir? — diýip sorady.

Resulalla oňa:

— Kezzaplyk edip, ýalan sözlär. Eger bende ýalan sözlese, kezzaplyk etse, onuň soňy pyssy-pyjurlyga elter. Pyssy-pyjurlygyň soňy kapyrlyga elter. Kapyr bolan hem dowzaha barar — diýip jogap berdi.

* * *

Resulalla: «Dogry sözlän adamyň haýyr, gowy iş etdigidir. Gowy iş eden hem jennetidir. Bendäniň dogry sözlülige endik etmegi onuň sadyk, emin adama öwrülmegine getirer» diýýär.

* * *

Ýene-de Muhammet alaýhyssalam: «Saňa zyýan edýän bolsa-da, dogry sözle, eger-de saňa peýda getirýän bolsa-da ýalan sözlemekden daşda dur» diýýär.

* * *

Ysmaýyl ibn Abdylla[2]: «Bir gün Abu Wepanyň ýanyna baranymda, ol ogullaryny ýanyna jemläp olara:

— Eý, ogullarym, Allatagalla tagat ediň, Gurhany okaň we borçlaryňyzy ýerine ýetiriň, eger dogry sözüň üstünde öldürilýän bolsaňyz-da, dogry sözläň! Gurhany okalym bäri hiç haçan ýalan sözlemedim diýer ýaly boluň» diýip wesýet etdi — diýýär.

* * *

Bir gezek Äşe[3] (goý, Alla ondan razy bolsun!) Muhammet alaýhyssalamdan:

— Mömin adam nähili tanalýandyr? — diýip soranda, ol:

— Agraslygy, ýumşak häsiýeti we dogry sözlüligi bilen — diýip jogap berýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Mömin üçin dogruçyllyk baýlykdan we mirasdan haýyrlydyr» diýýär.

* * *

Ahnaf[4] ogluna: «Eý, oglum, dogruçyl bol! Allatagalla kezzaplara lagnat edýändir. Dogruçyl adamyň abraýy uludyr. Onuň aýdan sözüne hatda duşmany hem ynanýandyr we kabul edýändir. Kezzabyň sözüne bolsa, ne dosty ne-de duşmany ynanýan däldir» diýýär.

* * *

Her bir zadyň görki-bezegi bardyr. Sözleýşiň bezegi — dogry sözlülikdir.

* * *

Mahmyt Warrak[5] şeýle diýýär:

Dogry sözlülik görk-görmegi syddygyň,

Ynanarlar sözüňe dost-u duşmanyň.

Rebbine ýakyndyr dogry sözlüler,

Dogry sözli görseň şähdiň açylar.

 

* * *

Dogry söz diniň sütünidir, edebiň möhüm bölegidir, asylzadalaryň esasy häsiýetidir. Dogry sözlülik bolmasa bu üç zat ýerine ýetýän däldir.

* * *

Aristotel: «Gürleýän dogry gürlese, diňleýji hem ondan lezzet alsa, şol iň gowy söhbetdir» diýýär.

* * *

Kuteýba[6]: «Soltanlara üç häsiýet: güman etmezlik, gowynyň gadyryny bilmek we dogry sözlemek wajypdyr» diýýär.


* * *

Muhallap ibn Abu Safra[7]: «Batyr esgeriň elindäki gylyjy hernäçe kesgir bolsa-da, ol hem dogry sözçe bolup bilmez» diýýär.

* * *

Iki adamyň, ýagny, soltanyň we dogry sözlüniň deňinden bagt, üstünlik aýlanyp geçmez.

* * *

Bir dana adam: «Dogry söz dostdur. Özüňe zyýan ýetse-de, dogry sözlemek mertlikdir we abraýlylykdyr» diýýär.

* * *

Resulalla: «Dogry sözli täjir garyp düşmez» diýýär.

* * *

Eflatun: «Hakykat akyllylaryň aklydyr» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Hakykat ýoluny tutýan adamyň soňy, ahyreti gowudyr. Erbetlik, ýalňyşlyk ýoluny tutýan adamyň misli mergi keseli bilen keselleýşi ýalydyr. Ondan şypa tapmak ýokdur» diýýär.

* * *

Ýene-de Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Kim-de kim hak işiň garşysyna çyksa, onda ol adam bu göreşde ýeňiler» diýýär.

* * *

 Ýene-de: «Kim-de kim hakykatdan, hak işden daşlaşsa heläk bolar» diýýär.

* * *

 Ýene-de: «Kim-de kim hakykaty gizlese, Hak (Alla) ýolundan daş düşer» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!)[8]: «Eger dogry sözli täjir saparda aradan çyksa, onda ol şehitdir. Eger-de ol düşeginde wepat bolsa, onda ol syddykdyr (dogry sözli adam)» diýýär.

* * *

Hakykat we dogruçyllyk akyl terezisine ölçerip dökmäge ýardam berýär.

* * *

Nesihatlar kitabynda[9]: «Eger dogry söz haýwan sypatynda göz öňüne getirilse, onda ol aýylganç arslan sypatynda bolardy. Eger-de ýalan söz haýwan sypatynda göz öňüne getirilse, ol mekir tilkiniň sypatynda göz öňüne gelerdi» diýilýär.

* * *

Emewi halypasy Abdylmälik Hajjaja:

— Akylly adam özüni tanaýandyr, özüniň kemçiliklerini gizlemän dogry aýdyp bilýär — diýýär.

Onda Hajjaç:

— Men gyzma, bahyl, zalym — diýýär.

* * *

Egererbet işler köpelse, diýmek seniň hak, haýyr işleriň azalandyr.

* * *

Diliňi diňe dogry sözlemäge endik etdir.

* * *

Abu Zar: «Dogruçyllyk adamzat ýolunyň çyrasy bolsa, onuň dogry, hak sözlemegi çyranyň nur saçmagydyr» diýýär.

* * *

Hakykat, dogry söz ähli zatdan öwgülidir.

* * *

Jahyz[10]: «Musa ibn Ymran[11]kezzaplyk ýolundan ýöreýän adam däldi. Emma ol gaty dogruçyllygy bilen hem tanalanokdy. Şonuň üçin hem ol özüne nämeden zyýan ýetjegine, nämeden nep geljegine akyl ýetirip bilenokdy» diýýär.

* * *

Ibn Hubeýk[12]Antaky: «Ähli gowy hüý-häsiýetler dogruçyllyga mätäçdir ýa-da baglydyr. Dogruçyllyk bolsa olaryň hiç birine-de bagly däldir. Eger-de bende Allanyň öňünde onuň gowy parzdyr-wajyplaryny dogry, hakyky ýerine ýetirse, diňe Allatagalla mälim bolýan zatlary bilmäge çalyşmasa, onda ol ýerde-de, asmanda-da ynamdar adamlardandyr» diýýär.

* * *

Amyr ibn Zarp Adwany wesýetinde: «Men dogry sözlemek, ýalan gürlemekden daşda durmak ýaly häsiýetleri iň gowy häsiýet diýip hasaplaýaryn. Şonuň üçin dogry sözli boluň. Kim-de kim dogry sözlese, dili dogry sözlemäge endik eden bolsa, ol adama gürlän wagty oý-pikirindäki sözleri saýlap-seçip gürlemegiň hajaty ýokdur. Ol diline näme gelse şony-da gürläp biler we aýdan sözi üçin utanmaly bolmaz» diýýär.

* * *

Hasan Basry wagyz-nesihat edende: «Adamlar ýaşap geçenden soň hem olar hakynda ýatlamalar galar. Şonuň üçin hem özüniz hakynda gowy ýatlama galdyryň! Amanada hyýanat etmäň! Dogry sözli boluň! Bir eneden bolup, şol enäniň süýdüni emen adam seniň doganyňdyr. Emma saňa dogrusyny sözleýän, haýyr-yhsan edýän adam seniň hakyky doganyňdan hem ýakyndyr» diýýär.

* * *

Bilal[13]dogany Halyt ibn Ribahy[14]öýermek üçin kuraýyşly gyzyň maşgalasyna:

— Biz öň gulduk. Allatagalla bizi azat etdi. Biz öň azaşanlardandyk, Allatagalla bizi dogry ýola saldy. Biz öň pakyr-pukaradyk, Allatagalla bizi baýatdy. Eger gyzyňyzy doganyma çykarmaga razy bolsaňyz, Allatagalla öwgüler bolsun. Eger sözümizi gaýtarsaňyz, onda-da Allatagalladan müňde bir razydyrys — diýýär.

Gyzyň dogan-garyndaşlary biri-biriniň ýüzüne seredip:

— Bilal, Seniň aýdyp beren geçmişiň Pygamber alaýhyssalamyňky bilen birdir — diýip, Bilalyň doganyna gyzlaryny durmuşa çykarmaga razy bolýarlar.

Bilal bilen dogany olaryň ýanyndan çykyp barýarka dogany Bilala:

— Guda bolmak üçin. Resulalla bilen geçiren günleriňi ýatlanyň üçin Allatagalla seniň günäňi geçsin — diýýär.

Onda Bilal:

— Men Pygamber bilen bile bolanym üçin däl-de, dogry sözlänim üçin olar saňa gyzlaryny çykarmaga razy boldular — diýýär.

 

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Eger öldürilýän hem bolsaňyz dogryňyzy sözläň» diýýär.

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

Dogry ýoly görkezýändir hakykat,

Akyl eýeleri tapar bereket.

* * *

Bir adam Omar ibn Abdylezize (goý, Alla ondan razy bolsun):

— Sen soňky wagtlar özüňi ýokary tutýarsyň — diýdi.

Onda Omar:

— Sen näme üçin ony maňa aýtdyň? — diýip soranda, ol adam:

— Sen näme Allatagallanyň dogrusyny aýdýan, hakykaty ýaşyrmaýan adama sogap ýazýandygyny bilmeýärdiňmi? — diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) metjitde hutba aýdyp otyrka adamlara:

— Eger-de men sizi ýalňyş ýola, ýagny erbet işleri etmäge çagyrsam näme ederdiňiz? — diýip sorady.

Adamlar jogap bermäge ýaýdandylar. Onda Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýerinden turup:

— Eý, möminleriň emiri, biz seniň päliňden gaýdyp, toba etmegiňi talap ederdik we toba etseň-de, seniň tobaňy kabul ederdik — diýýär.

Omar ondan:

— Eger toba etmesem näme? — diýip soraýar.

Hezreti Aly:

— Toba etmeseň we päliňden gaýtmasaň, urup, iki gözüňi çykarardyk — diýýär.

Omar Hezreti Alynyň jogabyny eşidip:

— Dogry ýoldan azaşanymyzda dogry, hak ýoluna gönükdirip biljek, dogry, hakykaty sözläp biljek adamlaryň ymmatymyzda bardygy üçin Alla öwgüler bolsun — diýýär.

* * *

Günleriň birinde apbaslylar halypasy Mäti metjitde münbere münüp hutba aýdyp durka:

— Eý, halaýyk Alladan gorkuň! — diýýär welin, bir adam ýerinden turup, — seniň özüň Alladan gork! Edýän işleriň hakykatdan daş — diýýär.

Ol adamy derhal Mätiniň ýanyna alyp gelýärler. Mäti oňa:

— Eý, haramzada, men münberde gürläp durkam maňa beýle diýmäge Alladan gorkmadyňmy? — diýýär.

Onda ol adam:

— Hut şonuň üçin, ýagny münberde durup, özüň hakykatdan daşda bolup, başga adamlara-da Alladan gorkmagy buýurmagyň meni bu sözleri aýtmaga mejbur etdi — diýýär.

* * *

Omanyň şasy Selme ibn Abbat[15]Resulallanyň ýanyna gelýär. Ol Resulalla şeýle diýýär:

Ähli adamlara haýyrly sensiň,

Ýaşamagy bize öwreden sensiň.

Ýykylan hak ýoly täzeden gurduň,

Hakykat çeşmesi — Gurhany berdiň.

* * *

Omar ibn Abdyleziz Gylan ibn Dymaşky[16] hakynda: «Ol dana, dogruçyl, Allatagallanyň ýoluna özüni bagyş eden adamdy. Şeýle häsiýetli adamlary hem halardy» diýýär.

* * *

Emewiler halypasy Hyşam halypalyga geçende, Abu Haruny ýanyna çagyrýar. Onda Abu Harun:

— Haýyn, zalym adama hyzmat etmezlik üçin Alladan kömek soraýaryn. Alym, dana adamlar, ymamlar zalymlara garşy durardylar. Olary pyssy-pyjurlyklaryndan el çekdirip, hak ýola gönükdirerdiler — diýdi we Hyşama hyzmat etmekden boýun gaçyrdy.

Onda Hyşam onuň iki elini we aýaklaryny kesmegi emr edýär.

* * *

Emewiler halypasy Mugawyýa haj edip ýörkä, Hezreti Alynyň toparyna degişli bir garry, daýaw aýaly görýär. Onuň ady Daryna Hajjunyýady. Mugawyýa ol aýala:

— Nähili ýagdaýlaryň, eý, Hamyň gyzy? — diýýär.

Ol aýal:

— Gowy, ýöne men Hamyň gyzy däl-de Kennanlylardan — diýýär.

Onda Mugawyýa:

— Meniň näme üçin saňa ýüzlenenimi bilýärsiňmi? — diýip soraýar.

Ol aýal:

— Eý Allam! Entäk maňa gaýyp zatlar aýan däldir — diýýär.

Mugawyýa:

— Men seniň näme üçin Alyny gowy görüp, meni hem ýigrenýändigiňi bilmek isleýärin? — diýýär.

Ol aýal:

— Eger men dogrymy aýtsam meni öldürdersiňmi? — diýip soraýar.

Onda Mugawyýa:

— Ýok — diýip jogap berýär.

Ol aýal:

— Men Hezreti Alyny adyllygy, adamlaryň arasynda deňligi saklap, garyp-gasary gowy görüp, ula hormat goýandygy üçin haladym, ýagny onuň tarapdary boldum. Seni bolsa Alyny emriň bilen öldürdeniň, biderek köp gan dökdüreniň we özüňe degişli däl zady talap edeniň üçin ýigrenýärin — diýýär.

Mugawyýa ol aýala:

— Şonuň üçin garnyň çişdimi, göwsüň we otyrýeriň ulaldymy? — diýýär.

Ol aýal:

— Hind[17] nähili bolsa men hem şeýledirin. Eger aýalyň garny çişse, onda çaganyň doly kemala geldigidir. Eger göwsi ulalsa, onda boljak çaganyň rysgalynyň köp boljagydyr. Eger otyrýeri ulalsa, onuň daýaw maşgaladygydyr — diýýär we az-kem köşeşýär.

Soňra Mugawyýa:

— Alynyň gürleýşi hakynda näme aýdyp biljek? — diýip soraýar.

Ol aýal:

— Aly gürlände ýagyň küýzä guýluşy ýalydy, onuň sözleri ýüreklerde öz ornuny tapardy — diýýär.

Mugawyýa ondan:

— Sen maňa-da şeýle wepaly bolup bilersiňmi — diýip soraýar.

Onda ol aýal:

— Maňa ýüz iner we olary bakmaga çopan ber — diýýär.

Mugawyýa:

— Sen onça zady näme etjek — diýip soraýar.

Ol aýal:

— Men kiçi çagalary naharlardym, ululara kömek ederdim, abraý gazanardym, kabylalaryň, maşgalalaryň arasyndaky düşünişmezligi aýyrmaga ýardam ederdim — diýýär.

Mugawyýa:

— Eger men seniň diýen zatlaryňy bersem maňa-da seniň ýüregiňde ýer tapylarmy? — diýip soraýar.

Onda ol aýal:

— Subhanalla şonsuz hem ýer tapylar — diýýär.

Mugawyýa:

— Aly bolan bolsa-da saňa bu zatlary bererdimi? — diýýär.

Ol aýal:

— Hudaý bardyr, Aly musulmanlaryň zadyndan ýekeje iňňe-de bermezdi — diýýär.

Onuň beren jogaby Mugawyýanyň göwnünden turýar we ol aýalyň soran zadyny bermegi emr edýär.

* * *

Abdylla ibn Zyýat[18] şeýle diýýär:

Hawaryjly gyrnagyň öýüne gelýär we onuň kakasyndan ar almakçy bolýar. Ol gyrnakdan:

— Kakaň nirede? — diýip soraýar.

Gyrnak:

— Ol şu ýerde bolaýanda-da men saňa aýtmazdym — diýýär.

Onda Abdylla:

— Onuň seniň ejeňi nä günlere salýandygyny bilýärsiňmi? — diýýär.

Ol gyrnak:

— Kakam ejeme näme etse-de, ol zatlar Allanyň kitaby Gurhanda we Pygamberiň sünnetinde rugsat edilendir, käbiriňki ýaly olar nikasyz däldir — diýýär.

Onda oturanlaryň biri:

— Sen kimi göz öňüne tutýarsyň, menimi? — diýip soraýar.

Onda gyrnak:

— Ýok, ýöne men abraýsyz adamlary göz öňüne tutýan — diýýär.

Abdylla:

— Iki şyh hakynda[19]näme aýdyp bilersiň? — diýip soraýar.

Gyrnak:

— Köp ýeňiş gazandylar, özlerine edilen emri ýerine ýetirdiler — diýýär.

Onda Abdylla:

— Aly we Osman hakynda näme aýdyp bilersiň? — diýýär.

Gyrnak:

— Olar iň bir köp ýagşylyk, yhsan iş eden adamlardyr. Eger-de ýalňyşan ýerleri bolsa-da, Allanyň özi olaryň günäsini geçsin — diýýär.

Abdylla:

— Mugawyýa we Amr hakynda näme aýdyp biljek? — diýip soraýar.

Gyrnak:

— Men olaryň ikisine-de lagnat okaýaryn — diýýär.

Abdylla:

— Ýezit barasynda näme bilýärsiň? — diýip soranda ol:

— Ýezit iň bir köp günä iş eden adamlaryň biridir, saňa-da, oňa-da lagnat bolsun — diýýär.

Onda Abdylla:

— Men hakynda näme aýdyp bilersiň? — diýýär.

Gyrnak oňa:

— Seniň başyň zynadan başlap, ahyryň jedel, dawadyr. Sen hem şol ikisiniň aralygyndaky adamsyň — diýýär.

* * *

Tawus: «Hajjaç ýaly meni gorpuň gyrasynda goýan ýokdur» diýýär. Bir gezek Hajjaç Käbäniň daşyndan aýlanyp ýörkä, Tawusdan Muhammet ibn Ýusup[20]hakynda soraýar. Tawus oňa:

— Göwresi uludy, semizdi — diýýär.

Hajjaç:

— Men senden onuň semizligi hakynda däl-de, raýatlaryna edýän aladasy, adyllygy hakynda soraýaryn — diýýär.

Onda Tawus:

— Men ony zalym, ýigrenji adam hökmünde tanaýaryn — diýýär.

Hajjaç:

— Näme üçin ondan ýokardakylara şikaýat edeňzok? — diýip soranda, ol:

— Alla bar, ondan ýokardakylar has beter — diýýär.

Hajjaç:

— Sen meni tanaýarsyňmy? — diýip soraýar.

Tawus:

— Hawa, sen Hajjaç ibn Ýusup — diýýär.

Onda Hajjaç:

— Muhammediň meniň kimim bolýandygyny bilýärsiňmi? — diýip soranda, ol:

— Hawa, ol seniň doganyň — diýip jogap berýär.

Hajjaç:

— Onda näme üçin sen ýaňky sözleri aýtdyň — diýip soraýar.

Tawus:

— Sen Allanyň derejesini bilýärsiňmi? Men bu sözleri saňa diýenim ýa diýmänim bilen hiç zat bolanok. Esasy zat bu zatlaryň ählisi Allatagalla aýandyr — diýýär.

Onda Hajjaç:

— Iň haýyrly kabyla haýsydyr? — diýip soraýar.

Tawus:

— Benu Haşym — diýýär.

Hajjaç:

— Näme üçin? — diýip soranda, Tawus:

— Sebäbi Muhammet alaýhyssalam olardandyr — diýýär.

Hajjaç:

— Iň şer (erbet) kabyla, tire haýsydyr? — diýip soranda, ol:

— Sakyflar — diýýär.

Hajjaç:

— Näme üçin? — diýip soranda, Tawus:

— Sebäbi Hajjaç olardandyr — diýip jogap berýär.

Hajjaja Tawusyň dogruçyllygy göwnünden turýar we oňa on müň dirhem peşgeş berýär.

* * *

Aristotel Isgender Zülkarneýne: «Hak, dogry işleri pyssy-pyjurlykdan ýokary tut we hakykat bilen şer işleri ýeňmegi başar, şonda dünýäniň ähli adamlary saňa boýun bolarlar» diýýär.

* * *

Musa alaýhyssalam Allatagalladan: «Haýsy bendäň ahyry haýyrlydyr?» diýip soranda, ol: «Saňa kyn günüňde raýdaşlyk bildiren we eden erbet işine ökünip, şol işe gaýdyp barmaýan adamlaryň soňy haýyrlydyr» diýýär.

* * *

Muhammet ibn Aly Bakyr[21]: «Hak işler meni kömege çagyrdy. Bu hak işleriň daşyny batyl (erbet) işler gurşap alypdy. Hak işler erbetligiň gabawyny ýaryp çykdy we şeýdip meniň hak işleri başlamagymyň başlangyjy boldy» diýýär.

* * *

Ahmet ibn Ýezit Mählebi Muntasyry: «Alladan ant içýärin, erbet işleri edýän, ýalan sözleýän adam jübüsinden aý çykarsa-da, meniň ýanymda abraýy ýokdur. Eger hak işi edýän adam bolup oňa bütin dünýäniň adamlary garşy bolsa-da, men onuň derejesini ýokary ederin» diýýär.

* * *

Apbaslylar halypasy Mamun: «Halypalygy doly özüme boýun egdirmek üçin men zalym bolsam adyllyk etmegim, kezzap bolsam dogruçyl bolmagym hökmandyr. Ýöne näme etsem-de, şek-şübhäni doly aýryp, subutnamaly etmegim hökmandyr. Emirleriň ähli sözüne delilsiz ynanmak, halypalygyň gowşamagyna getirer» diýýär.

* * *

 Ýene-de Mamun: «Eý, adam, güýç-kuwwatly bolanyňdan dogry sözli bolanyň gowudyr. Sebäbi güýç-kuwwat wagtyň geçmegi bilen gider. Emma dogruçyllyk, dogry sözlemek häsiýetiň seniň bilen ahyrky demiňe çenli galar» diýýär.

* * *

Mujeým ibn Sagb Aly ibn Bekr ibn Waýyl[22]: «Dogry sözlemek diniň täjidir we ähli gowy häsiýetleriň sütünidir» diýýär.

* * *

Günlerde bir gün Mugawyýa Abu Müslim Hulanyny ýanyna çagyryp:

— Seniň adyň näme? — diýip soraýar.

Ol:

— Mugawyýa — diýýär.

Soňra bolsa:

— Meniň eşidişime görä, sen Käbäniň daşyndan aýlanyp, yslam dini üçin aglaýarmyşyň.Onuň sebäbi näme? — diýip soraýar.

Onda ol adam:

— Ynha sen, meselem, ähli ýer ýüzündäki adamlara adalatlylyk edip, birine hem zulum etseň, şonuň günäsi seniň ähli sogabyňdan agyr gelmegi mümkin. Men şoňa gynanyp aglaýaryn — diýýär.

* * *

Bir gezek Mansur[23], Beşir Rahhal[24], Matar Warrak[25]sapara gidýärler. Olar özleri bilen Ybraýym ibn Abdylla ibn Hasany-da aldylar. Ybraýym Beşire:

— Ýüregim gaýgy-gamdan doly we ony diňe adyl we hak işler aýrar diýen sen dälmidiň? — diýip soraýar.

Beşir:

— Hawa — diýýär.

Onda Ybraýym:

— Saňa şu gezek şeýle bir adyl işleri görkezerin welin saçyň agarar — diýýär.

Matar olaryň gürrüňine goşulyp:

— Hany onda sabyr-takatly bolup, seniň soltanyň özüni peseldişini göreliň — diýýär.

Mansur onuň gürrüňüni eşidip Matara:

— Eý, bozuk aýalyň ogly — diýip ýüzlenýär.

Matar:

— Meniň ejemiň Selmeden[26]gowudygyny seniň özüň hem bilýärsiň ahyryn — diýýär.

Onda Mansur Matara:

— Eý, Akmak — diýende, ol:

— Bu dünýäniň eşretini ahyretiň eşretinden haýyrly gören akmakdyr — diýýär.

Mansur Matary ýokardan taşladyp öldürdýär.

* * *

 Eset ibn Nuh Abu Samanyýa[27]Mugtasymdan Balhy alanda bu ýeriň alymlary hakynda gyzyklanyp:

— Olardan heý biri bir galdymy? — diýip soraýar.

Onda adamlar oňa:

— Hawa! Abu Ýusubuň egindeşi Halap ibn Eýýup Amyry bar. Ol adamlara ylym we edep öwredýär — diýdiler.

Eset ony görmek isledi. Olar Esede:

— Sen ony diňe juma namazyna çykanyňda göräýmeseň, başga wagt görüp bilmersiň — diýýärler.

Eset onuň ýoluna çykýar we atyndan düşüp, oňa salam berýär. Halap egnindäki dony bilen ýüzüni ýapýar we ýere seredip durşuna ýuwaş sesi bilen salamyny alýar. Eset:

— Eý, Allam, ol seniň üçin bizi ýigrenýär. Biz bolsa ony seniň üçin gowy görýäris — diýýär.

Soňra Halap kesellände, Eset onuň halyny soramaga barýar we ondan näme gerekdigi hakynda soraýar. Onda Halap:

— Meni indi görmäge gelme — diýýär.

Eset:

— Ondan başga näme isleýärsiň? — diýip soranda, ol:

— Meniň jynazamy okaýsaň, gara eşik geýme — diýýär.

Halap wepat bolanda, Eset onuň tabydynyň yzyndan pyýada ýöräp gitdi. Soňra gara eşigini çykaryp, onuň jynazasyny okady.

* * *

Ataba ibn Abu Sufýan[28]: «Eger ýüregiňde iki zat hakynda pikir edip, olaryň haýsysynyň dogrudygyny bilmeseň, ilki olardan haýsysy erbet işlere ýakyn bolsa, şony bil we onuň tersine et. Sebäbi erbet işe ýakyn zatlaryň tersi haýyr işlerdir?» diýýär.

* * *

Aristotel: «Ýalan gürläp ýaşanyňdan, dogry sözläp öleniň gowudyr» diýýär.

* * *

Arap nakylynda: «Hakykat ýiti naýzadyr» diýilýär.

* * *

Sokrat: «Iňňäniň üstünde oturma, ýagny, hakykaty gizleme» diýýär. 



[1]Abdylla ibn Omar ibn Hattap.

[2]Ysmaýyl ibn Abdylla ibn Japar ibn Abu Talyp. Ol ynamdar hadys rowaýat edýän adamlaryň biridir. Ol kakasyndan, dogany Yshakdan eşidip hadys rowaýat edýär. Ondan hem doganynyň ogly Salyh ibn Mugawyýa, Huseýin ibn Zeýt ibn Aly ibn Huseýin we Abdylla ibn Musgap ýaly adamlar hadys rowaýat edýärler. Ol garrap 145-nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[3]Äşe bint Abubekr Syddyk.

[4]Ahnaf ibn Kaýs Sagdy Temimi.

[5]Mahmyt ibn Hasan Warrak.

[6]Kuteýba ibn Müslim Bahyly.

[7]Muhallap ibn Abu Safra Atky Azady.

[8]Alynyň bu nesihatlary ogly Hasana eden wesýetleridir.

[9]Zamahşarynyň nesihatlar kitabyndan.

[10]Abu Osman Amr ibn Jahyz.

[11]Musa ibn Imran. Ol Jahyzyň döwürdeşi. Ol hakda Jahyzyň «Haýwanlar » diýen kitabynda ýatlanýar.

[12]Abdylla ibn Hubeýk Antaky. Ol hakynda Abu Nagym «Hilliýatul awliýa» diýen eserinde ýatlap geçýär. Ol gowy ahlakly, ynamdar, ähdine wepaly adam hökmünde sypatlandyrylýar. Ol Antakiýada ýaşap geçýär. Bu eseriň 1-nji jiltinde Zamahşary ony Abdylla ibn Huneýk hökmünde ýatlap geçýär. Megerem şol bu nusgada (jiltde) ýatlanýan Abdylla ibn Hubeýkdir. Emma onuň 1-nji jiltdäki ýatlanan Abdylla ibn Habyp ibn Nugman ibn Müslim Antaky bolmagy hem mümkin.

 

[13]Bilal ibn Ribah Pygamber alaýhyssalamyň azançysy.

[14]Halyt ibn Ribah Bilal azançynyň dogany. Onuň Abu Ruweýha diýen künýesi bardy. Başga rowaýata görä ol Bilalyň süýtdeş dogany däl-de doganokaşanydyr. Ol Bilal bilen bile Şama gidýär. Olar Hulana barýarlar we öý tutunýarlar.

1Aýyz ibn Selme ýa-da Selme ibn Abbat. Ol Oman şasydyr. Onuň ýokardaky goşgusyny Marzubany öz kitabynda ýatlap geçýär. Başga kitaplarda onuň Selme ibn Aýyz Azady bolmagy hem mümkin diýilýär.

[16]Ol Abu Merwan Gylan ibn Müslim Dymaşkydyr. Ol Magbat Jihniden soňra täleý (kadar) hakynda ikinji bolup gürlän adamdyr. Hyşam ibn Abdylmälik ony tussag edýär. Soňra bolsa Damaskyň derwezesinden asdyrýar.

[17]Hind – Abu Sufýanyň aýaly we Mugawyýanyň ejesi.

[18]Abdylla ibn Zyýat Abyh.

[19]Abubekr Syddyk we Omar ibn Hattap.

[20]Muhammet ibn Ýusup Sakafy Hajjajyň dogany. Ol Ýemende Sanany dolandyrýar. Hazrajy: « Halk Muhammediň zulmuna çydaman ony ýakmak üçin şäheriň ortasyna odun ýygnady. Emma ol otlamakalar öz ajalyna 91-nji hijri ýa-da 92-nji hijri ýylynda wepat boldy. Omar ibn Abdyleziz: «Welit ibn Abdylmälik Şamda, Hajjaç Yrakda, Muhammet Ýemende, Osman ibn Haýýan Hyjazda, Kurra ibn Şerik Müsürde hökümdarlyk etdiler. Ýer ýüzüni zalymlar dolandyrdy» diýýär.

[21]Muhammet Bakyr ibn Aly Zeýnelabydyn ibn Huseýn ibn Aly.

[22]Mejeým ibn Sagb Aly ibn Bekr ibn Waýyl. Ol Rabyga ibn Nazzadyň neslindendir. Onuň nesli üç oglundan: Hanypa, Ajyl we Dualdan ýaýrandyr.

[23]Apbaslylar halypasy Abu Japar Mansur.

[24]Bu adamyň terjimehalyna duşulmady.

[25]Matar ibn Tuhman Warrak Abu Rija Horasany Selin. Ol Basrada ýaşaýar we hadys rowaýat edýär.

[26]Berberli gyrnak Selme Mansuryň ejesidir.

[27]Eset ibn Saman ibn Haýýan. Onuň we kakasynyň derýanyň aňyrsynda Samanlylar döwletini döretmek üçin eden işleri uludyr. Onuň kakasy Saman Abu Müslim Horasanlynyň adamlaryndandy. Onuň we ogly Esediň asly Horasandandyr. Eset 192-nji hijri ýylynda wepat boldy. Onuň: Nuh, Ahmet, Ýahýa we Ylýas diýen dört ogly bardy. Mamun halypalyga geçende olaryň ata-babalarynyň eden işlerini nazara alyp, 204-nji hijri ýylynda olara Samarkandy, Ferganany, Şaşy we Hyrady ykta berdi. Samanlylar döwleti 395-nji hijri ýylyna çenli dowam etdi.

[28]Ataba ibn Abu Sufýan – Mugawyýanyň dogany.