KYRK BIRINJI BAP: SAGLYK-SALAMATLYK, BEDENIŇ KUWWATLYLYGY WE ONY GORAP SAKLAMAK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » KYRK BIRINJI BAP: SAGLYK-SALAMATLYK, BEDENIŇ KUWWATLYLYGY WE ONY GORAP SAKLAMAK HAKYNDA

Abu Hureýra[1] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Muhammet alaýhyssalam ölüm ýassygynda ýatyrka: «Eý, sag-salamatyň eýesi (Allatagalla), ynha, men hem saňa amanadymy tabşyrýan we seniň ýanyňa dolanyp barýan» diýýär.

 

* * *

Resulalla: Kyýamat güni Allatagala bendelerden: «Saglygyňy, bedeniňi sowuk suwa ýuwunmakdan näme üçin goramadyň?» diýip soraýar» diýýär.

* * *

Resulalla: «Eger Adam ata bilen How enä berk jan-saglyk berilmedik bolsa, olar uzak ýaşamazdylar. Megerem, olar keselläp ölerdi» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Soňra adamlar Alladan nygmat dilärler» diýip, aýaty okaýar we «Saglyk, salamatlyk, howpsuz ýaşamak — Allanyň nygmatydyr» diýýär.

* * *

Ibn Apbas[2] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Bedeniň saglygy, gözleriň görüp, gulagyň eşitmegi Allanyň bendesine beren uly nygmatynyň biridir» diýýär.

 

* * *

Resulalla: «Adamyň damarlarynda ganyň aýlanyp durmagy, ýaradanyň uly nygmatlarynyň biridir» diýýär.

* * *

Mugawyýa ibn Kurra: «Kyýamat güni has köp hasap soraljak adamlar öz saglygyna seretmediklerdir» diýýär.

* * *

Ibn Uýaýna: «Iň uly bagt bütin ömrüňi sag-salamat, howpsuz we gaýgy-gamsyz ýaşamakdyr» diýýär.

* * *

Bir dana adam: «Saçak başyna geçeniňde, ilki Allany ýatla, soňra saglyk dile, ondan soň çöregiňi (naharyňy) iýip bilersiň» diýýär.

* * *

Äşe (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Gadyr gijesi men diňe bir zady, jan-saglygyny dileýärin» diýýär.

* * *

Hatymdan[3]:

— Sen näme isleýärsiň? — diýip soranlarynda, ol:

— Men günümiň sag-salamatlykda gowy geçmegini isleýärin — diýdi.

Ondan:

— Hemme günler meňzeş dälmidir? — diýip soranlarynda, ol:

— Ýok, men Allatagalla ybadat edip, günä işlerden daş duran günlerimi göz öňünde tutýaryn — diýdi.

* * *

Kubaýsa ibn Zuýeýb[4]şeýle gürrüň berýär: Emewiler halypasy Abdylmälik hassa halynda ýatyrka, iňňildäp:

— Eý, halaýyk, hiç bir baýlyk, mal-mülk nygmat saglyga deň gelmez — diýýär.

Başga bir rowaýatda ol özüniň ölüminiň ýakynlandygyny duýup, özüni jaýynyň ýokarysyna çykarmagy emr etdi. Ol jaýyň ýokarysyndan dünýäni synlap:

— Eý, Dünýä, seniň ysyň gör nähili ajaýyp. Eý, adamlar, saglygyň gadryny biliň. Oňa deňleşip biljek hiç bir zat ýokdur — diýýär.

* * *

Tebipler: «Adamyň peşewi onuň saglygy hakyndaky maglumatdyr» diýýär.

* * *

Ummanyň soňy bolmaz, patyşanyň dosty we saglygyň bahasy bolmaz.

* * *

Musenna ibn Beşir:[5]«Gün we hereket kölegede işsiz ýatandan haýyrlydyr» diýýär.

* * *

Zäheriň «Ümmi Afyýa», ýagny saglygyň ejesi lakamy bardyr. Zäher adamy öldürişi ýaly, onuň derdine derman hem bolup bilýär.

* * *

Araplarda keýik bilen düýeguş saglygyň nyşany hasaplanýar. Biri gaty sagat bolsa, «ol keýik ýaly sagdyn» ýa-da «ol düýeguş ýaly sagat» diýilýär.

* * *

Ibn Rumy[6]şeýle diýýär:

Saňasaglyk eşigini geýdirendir Ýaradan,

Alla seni goramasa, bolmaz keselden goran.

 

* * *

Birnäçeler durmuşyň lezzeti är-aýal gatnaşygynda, geýinmekde we sagdyn bolmakda diýip hasaplapdyrlar.

* * *

Abdyllanyň kakasy Mukaffadan[7]:

— Sen ogluň edişi ýaly zikir we şygyr bilen meşgul boljak dälmi? — diýip soranlarynda, ol:

— Köp uly işler söz bilen däl-de, erjellik, hereket bilen ýerine ýetirilýändir. Şonuň üçin men hereketde bolýan we şol bir wagtda saglygymy gowulaýaryn — diýdi.

Onuň beren jogaby adamlaryň göwnünden turdy we olar: «Seniň edýän hereketiň, Abdyllanyň aýdýan sözlerinden gowudyr» diýýärler.

* * *

Belaş Piruz[8]: «Adamyň howpsuz, arkaýyn ýaşamagy onuň bedeniniň sagdyn bolmagynyň iň esasy sebäbidir» diýýär.

* * *

Buzurgmehr: «Eger ýaşaýyşdan ýokary, gymmat zat bar bolsa, onda ol saglykdyr. Eger ýaşaýyşa, ömre meňzeş zat bar bolsa, onda ol baýlykdyr. Eger ölümden ýokary zat bar bolsa, onda ol keseldir. Eger kesele meňzeş zat bar bolsa, onda ol garyplykdyr» diýýär.

* * *

Hajjaç haja gidip barýarka iýip-içmäge oturanda, geçip barýan çarwany nahara çagyrýar. Onda ol çarwa:

— Meniň agzym bekli — diýýär.

Hajjaç:

— Iý, ertir bolsa ýene-de agzyňy beklärsiň — diýýär.

Ol:

— Meniň ertir ýaşajagyma kepil geçip bilseň iýeýin — diýýär.

Hajjaç:

— Bu işdäňi açýan gowy nahardyr — diýýär.

Onda ol:

— Naharyň gowudygy nahara bagly däl-de, ony iýýän adamyň işdäsine we saglygyna baglydyr — diýýär.

* * *

Bir çarwadan:

— Ýaşaýyşda iň gowy döwran sürýän adam kim? — diýip soranlarynda, ol:

— Men — diýip jogap berýär.

Ondan:

— Sen halypa-ha dälsiň? — diýip soranlarynda, ol şeýle diýýär:

Işsiz ýatyp, aýdym diňlän — hökümdar däldir,

Işle, ýada, soňra dynç al, şol hem döwrandyr.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Kimdir biri başga biriniň baýlygyna, mal-mülküne bahyllyk, içigaralyk etmeýän bolsa, onda ol adamyň bedeni sagatdyr» diýýär.

* * *

Ýene-de ol: «Adamlar derdi agralyp, oňa hiç hili dermanyň nepi degmedik halatda, saglygyňy gorap saklamalydygyna düşünýärler. Emma eýýäm giçdi» diýýär.

* * *

Şahyr şeýle diýýär:

Sagat adama mal-mülk, pederden-de haýyrly,

Hassa düşen çagynda beden saglyga zarly.

* * *

Abu Apbas Muberrir: «Eger Allatagalla derdi, keseli döretmedik bolsa, onda saglygyň gadry bilinmezdi» diýýär.

 

* * *

Günleriň birinde öý syçany çöl syçanyna duşýar. Çöl syçany garader bolup, işläp öýüne iýer ýaly zat ýygnaýardy. Öý syçany çöl syçanyna: «Sen näme üçin beýle azap çekip ýörsüň? Ýör, gideli, meniň bolýan ýerimde dürli-dümen azyk bar. Olary iýip gutarar ýaly däl» diýýär.

Olar iki bolup öý syçanynyň jaýyna gidýärler. Bu öýüň bikesi syçan tutmak üçin gapan gurup goýupdy. Ol gapanyň üstünde peýnir bardy. Öý syçany peýniri aljak bolanda gapana düşdi we heläk boldy.

Çöl syçany bu halaty görüp, zähresi ýaryldy, seri göçdi. Ol: «Dok, bol-elinlikde, emma howp-hatarda ýaşanyňdan, aç-hor, emma başyň dynç, howpsuz ýaşanyň gowudyr» diýip, çöle garşy zut gaçyp gidýär.

* * *

Günleriň birinde bir adam jojuk getirýär we ony ýüpe daňyp, öňüne tizräk semrär ýaly ýorunja oklaýar. Jojugyň aňyrsynda eşek daňylgydy. Bu eşegiň kürresi bardy. Ol boş bolansoň, baryp jojugyň ýorunjasyndan iýýär. Kürre enesiniň ýanyna gelip: «Onuň iýýän oty şeýle bir süýji welin, aýdyp diýer ýaly däl» diýýär. Onda kürräniň enesi (eşek): «Onuň otundan iýme, beýle hezzilligiň soňy erbetdir» diýýär.

Bir gün ol adam jojugyň damagyny çalýar. Jojuk aýak kakyp, aýylganç ses edýär. Bu halaty gören kürre eşegiň ýanyna gaçyp gelip, demi-demine ýetmän: «Öýüň köýsün, meniň dişlerime seret, birden ýorunja dişlerimiň arasynda galan bolaýmasyn» diýýär.

* * *

Ýakup ibn Leýs[9]Muhammet ibn Tahyry[10]onuň guldur-gyrnaklaryny, wezir-wekillerini ýesir alýar. Olaryň hemmesini zyndana oklap, bir garyby garawul goýýar. Muhammet ibn Tahyr ondan bir işi etmegini haýyş edýär we oňa: «Düýn sen menden zat diläp barýardyň. Bu gün bolsa men seniň ýagdaýyňda» diýýär.

* * *

Abu Rahb[11]şeýle diýýär: Allatagalla saglygy ýaradyp: «Bir zat dile» diýende, saglyk: «Senden saglyk dileýärin» diýýär.



[1]Abu Hureýra Abdyrahman Sahar.

[2]Abdylla ibn Apbasdyr.

[3]Musanna ibn Ýahýa Muharybynyň hyzmatkäri Hatym ibn Enwan ibn Ýusup Abu Abdyrahman. Ol dana, dindar adam hökmünde tanalypdyr. Onuň asly Balhdan bolup Bagdada köp zyýarat eden adamdyr. Ol Ahmet ibn Hanbal bilen duşuşýar we köp gazawata gatnaşýar. Ol 237-nji hijri ýylynda Mawerannahryň Wejjard diýen obasynda wepat bolýar.

[4]Kubeýsa ibn Zuýeýb Halhala ibn Amr ibn Kuleýb Hyzaýy. Ol Huneýn söweşinde ýa-da Mekgäniň açylan güni dogulýar we Resulalla gelip, onuň üçin doga edýär. Ol Medinäniň alym adamlarynyň biridi. Ondan köp adam ylym öwrendi we köp ýagşyzadalar ony görmäge gelýärdiler. Ol ilki bir kitaby okap, soňra Abdylmälige gürrüň bererdi. Ol Mamunyň ynamdar adamlarynyň biridi. Ol 86-njy ýa-da 88-nji hijri ýylynda Damaskda wepat boldy.

[5]Aly ibn Apbas ibn Jureýn.

[6]Onuň terjimehalyna duşulmady. Ýöne Jahyzyň «Bahyllar we haýwanlar» kitabynda ol Hakan ibn Subeýhiň dosty diýip ýatlanylýar. Jahyz ony Abu Abdylla Merweziniň kyssasynda-da ýatlap geçýär. Abdylla Merwezi dile çeper we gowy hüý-häsiýetli adamdy, ýöne şol bir wagtda gysgançdy diýilýär.

[7]Abdylla ibn Mukaffanyň kakasy Mukaffa. Onuň asyl ady Mübärek bolup ol parslardandyr. Onuň Mukaffa lakamy hor bolandygy üçin berlipdir. Ol otparazlyk dinine uýupdyr.

[8]Belaş ibn Piruz Sasanlylar döwletiniň on sekizinji şasy. Ol şalarynyň dördünji gatlagyndandyr. Onuň Gymmatbahaly diýen lakamy bardyr.

[9]Ol Ýakup ibn Leýs Saffar Abu Ýusup. Ol akylly we mekir emirleriň biridi. Ol ýaş wagty Horasanda mis ussasy bolup işleýär. Ilki dindar bolýar, soňra bolsa daş-töweregine adam toplap uruş edýär. Ol 247-nji hijri ýylynda Sijistana soňra Hyrada ondan hem Buşenje ýöriş edýär. Ol bu ýerleri basyp alanda örän kän gan dökýär. Horasanyň we bu etrabyň ähli emirleri ondan öler ýaly gorkýardylar. Soňra Kirmany, ondan gidip Şirazy eýeleýär. Soňra Parslaryň ýurduny eýeleýär we Sijistana dolanyp gelýär. Ol Bagdat halypasyna hat ýazyp özüniň onuň tagatyna girýändigini we oňa boýun bolýandygyny aýdýar. Ol halypa Mugtaz Billä iň gymmat baha zatlardan sowgat goýberýär, emma soňra 259-njy hijri ýylynda ähdinden dänip, halypadan rugsat soramazdan Nyşapura ýöriş edýär we ol ýeriň emiri Muhammet ibn Tahyry we onuň maşgalasyny we dogan-garyndaşlaryny, wezir-wekilini, gul-gyrnak edip, ählisini tussag edýär. Şeýlelikde, oňa Parslar we Horasanyň ähli ýeri boýun bolýar. Soňra Bagdady basyp almagy niýet edinýär we goşuny bilen halypanyň üstüne ýörişe gidýär. Şol wagt halypa Mugtamet Ala Allady. Halypanyň esgerleri-de onuň garşysyna çykdy. olaryň arasynda aýylganç uruş bolup hiç tarap ýeňiş gazanyp bilmedi. Saffar Wasyta dolanmaly bolýar. Ol 265-nji hijri ýylynda Huzystan ýurtlarynyň biri bolan Jünžisaburda wepat bolýar.

[10]Muhammet ibn Tahyr ibn Abdylla ibn Tahyr ibn Hüseýin Hyzaýydyr. Ol Horasan emiridir. Onuň esasy köşgi Nyşapurda ýerleşip, ol emirlige 248-nji hijri ýylynda kakasy wepat bolandan soň geçýär. Ýakup ibn Leýs onuň garşysyna ýöriş edip, ony ýesir alýar. Ol tä 262-nji hijri ýylynda Ýakup ýeňlişe sezewar bolýança ýesirlikde bolýar. Soňra ýene-de emirligine gaýdyp baryp, 271-nji hijri ýylyna çenli Horasany dolandyrýar. Ömrüniň ahyrky günlerinde tagtdan agdarylýar we Bagdada gidýär. Ol 291-nji hijri ýylynda Bagdatda wepat bolýar.

[11]Onuň terjimehalyna duşmadyk. Onuň Abu Rahabdygyny ýa-da Abu Wahhabdygyny anyklap bolmady.