KYRK SEKIZINJI BAP: KÖTEKLEMEK, IGENMEK, SÖGÜNMEK, NALYŞ ETMEK, ÖÝKE-KINE, KIMDIR BIRINIŇ BAŞYNDAN INEN BELA DUÝGUDAŞLYK ETMEK WE ŞUŇA MEŇZEŞ ZATLAR HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » KYRK SEKIZINJI BAP: KÖTEKLEMEK, IGENMEK, SÖGÜNMEK, NALYŞ ETMEK, ÖÝKE-KINE, KIMDIR BIRINIŇ BAŞYNDAN INEN BELA DUÝGUDAŞLYK ETMEK WE ŞUŇA MEŇZEŞ ZATLAR HAKYNDA

Enes (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Men Muhammet alaýhyssalama Medinede on ýyl hyzmat etdim. Men ýaş oglandym we megerem ähli ýerine ýetiren işlerimi hojaýynymyň isleýşi ýaly eden däldirin. Emma Muhammet alaýhyssalam maňa: «Sen bu işi beýle etmegiň deregine beýle edipsiň» diýip, meni hiç haçan köteklemedi» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Eger bir hyzmatkär zyna etse ony gamçylaň. Emma jezasyny çekenden soň, ony bu eden işi üçin köteklemäň» diýýär.

* * *

Bir gezek Osman ibn Affan Hezreti Alyny (goý, Alla ondan razy bolsun!) mejlisde gürläňok diýip kötekleýär. Onda Aly: «Meniň gürlejek gürrüňim seniň göwnüňden turmaz diýip gürlämok» diýýär.

* * *

Isa alaýhyssalam: «Eger seniň we doganyň arasynda öýke-kine dörese, onda doganyň bilen salamlaş. Eger doganyň seniň salamyňa jogap berse, onda Allatagala saňa-da, oňa-da magfyret eder. Eger seniň salamyňy kabul etmese, onda iki-üç ýa-da dört adam töwella goýber. Eger onda-da kabul etmese, onda ol adam Allanyň ýanynda kapyrdan hem beterdir» diýýär.

* * *

Abu Derda: «Dostuňy köteklemek dost gazanmakdan ýeňildir» diýýär.

* * *

Şahyr şeýle diýýär:

Eý, dostum durmuş maňa ýaran bolsady eger,

Ony köteklemäge hiç esas bolmaz, meger.

* * *

Iýas ibn Mugawyýa: «Bir gezek sapara gidenimde bir çarwa bilen ýoldaş boldum. Ol çarwa meni agasynyň öýüne myhmançylyga alyp gitdi. Ol çarwanyň öýünde bir garry ýaşuly hem bardy. Çarwa arap dogany bilen durmuşdan nalap, ony kötekläp gürrüň etdiler. Olaryň gürrüňini diňläp oturan ýaşuly: «Eý, ýigitler! Kimdir birini köteklemek nägilelige elter. Nägilelik dawa-jenjele elter. Dawa-jenjel bolsa duşmançylyga elter. Miwesi duşmançylyk bolan zatda hiç hili haýyr ýokdur. Şonuň üçin köteklemekden daşda duruň» diýýär.

* * *

Şahyr şeýle diýýär:

Köteklemek dosty şeriň, günäniň,

Gaplap alar ýüregini bendäniň.

Samsyklyk miwesi köteklemekden başlar,

Oňa tabyn bolýandyr garrylar hem ýaşlar.

 

* * *

Ows ibn Harysa[1]ogluna: «Adam üçin iň agyr jeza onuň dostunyň ýa-da ýakyn adamsynyň oňa igenmegidir» diýýär.

* * *

Ahmet ibn Abu Fanan şeýle diýýär:

Kimdir birine bermek isleseň jeza,

Igenmeklik oňa ýetirer yza.

* * *

Bir dana: «Kimdir birine igenmek onuň ýüregindäki ýara burç sepen ýalydyr» diýýär.

* * *

Bir şäherli adam kazy Abu Merwana:

— Haçan seniň gara ýyldyrymly bulutlaryň aňyrsyndan gün şöhleleri görünerkä — diýýär.

Onuň bu diýdigi: «Adamlary haçan biderek köteklemegiňi goýjak» diýdigidi.

* * *

Bir kätip dostuna: «Sen şan-şöhratly, batyr, edepli we igençsiz ýigitsiň. Eger sende bu häsiýetler bolmadyk bolsa, sen meniň dostum däl-de, duşmanym bolardyň» diýýär.

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

Kalbyňdaky kiçijik igençlik ýeli,

Döreder ýüreklerde ullakan aly.

* * *

Kim-de kim igenje ýüreginden orun berse, onda ol adam mydama özüne dost gözlemeli bolar.

* * *

Fazyl ibn Rabyganyň gyrnagy bir kagyzyň ýüzüne şeýle diýip ýazýar:

Menden her kim diňe söýýän zadyn isledi,

Men bolsa birine içim dökesim geldi.

* * *

Aýdymçy gyrnak Asas[2]özüniň ýakasyna altyn sapak bilen şu beýdi ýazýar:

Bu durmuşyň lezzetini söýýänler, halaýanlar,

Durmuş girdabyna düşüp zaryn-zaryn aglarlar.

* * *

Ahnaf: «Bir gezek kakamyň dogany Sagsag ibn Mugawyýa içimde bir agyry bar diýip şikaýat etdim. Onda agam maňa: «Eý, doganymyň ogly! Ýönekeýje zat hem bolsa kişä aýtmagyn. Sebäbi dost diýeniň duşman, duşman diýeniň dosta öwrülmesi aňsatdyr. Sen içiňi dökeniň bilen seniň ýagşy günüňe begenip, ýaman günüňe gynanjak adamlar bu ýalançyda azdyr. Şonuň üçin syryňy öz ýanyňda sakla» diýdi. Soňra bolsa: «Meniň bir gözümiň ne dag, ne-de düz görmeýänine ynha indi kyrk ýyl boldy. Emma bu barada meniň ne aýalym, ne-de çagalarym bilýär» diýdi» diýýär.

* * *

Şahyr şeýle diýýär:

Ýürekde dörese igenç çyragy,

Hajaty ýok ol ýüregiň geregi.

* * *

Başga bir şahyr şeýle diýýär:

Igenji terk etseň eger,

Dostlugyň ter miwe berer.

 

* * *

Bir adam başga bir garyp adama ýaşaýşyň kyndygyndan nalyş edýär. Olaryň gürrüňini diňläp oturan Fazyl ýaňky nalyş eden adama:

— Sen özüňden beter haldaky adama durmuşdan nalaýarsyň. Ol saňa raýdaşlyk edäýmese, kömek edip bilmez — diýýär.

* * *

Şahyr şeýle diýýär:

Adatdakym ýaly nalyş etdim men,

Nalyş etsem-de, hiç tapmadym hemdem.

* * *

Wahhap ibn Wart: «Adamlaryň arasynda elli ýyl ýaşap, kyn gününde kömek etjek, owratyň açylsa ýapjak, aýdan syryňy gizlin saklajak adamlaryň azdygyna çuňňur göz ýetirdim» diýýär.

* * *

Danalaryň biri: «Gündelik igenç gazaba öwrüler» diýýär.

* * *

Igenç müdimilik hasaplanýan dostlugy we söýgini duşmançylyga öwrüp biler.

* * *

Şahyr şeýle diýýär:

Dostuň ýazygyna başar göz ýumup,

Igenji ýeňersiň gaharda dymyp.

* * *

Gazawatlaryň birinde musulmanlara ýesir düşen adamlaryň biri:

— Men Muhammet alaýhyssalamyň dogany — diýýär.

Musulmanlar haýran bolup, bu habary Muhammet alaýhyssalama aýdýarlar. Muhammet alaýhyssalam gelip, ol adamy tanamaýar. Onda ol adam:

— Men seniň süýtdeş doganyň. Men seni ösdürip kemala getiren beni sagtdandyryn — diýýär.

Bu habary eşiden Resulalla ýesir düşenleriň ählisini azat etmegi emr edýär.

* * *

Mansur Nemri şeýle diýýär:

Igenmegin ynsana, söýgä borsuň mynasyp,

Söýgini gahar bilen bilmersiň hiç gazanyp.



[1]Ows ibn Harysa ibn Lam Taýy. Taý taýpasynyň aksakgallarynyň biri. Hatam Taýyň döwürdeşi.

[2]Apbaslylaryň döwründe ýaşan aýdymçy. Abu Ferej «Agany» («Aýdymlar») diýen eserinde onuň adyny ýatlap geçýär.