KYRK DOKUZYNJY BAP: GULLAR, HYZMATKÄRLER WE OLAR BILEN ÝAGŞY GATNAŞYKDA BOLMAK, OLARA ZULUM-SÜTEM ETMEKDEN SAKLANMAK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » KYRK DOKUZYNJY BAP: GULLAR, HYZMATKÄRLER WE OLAR BILEN ÝAGŞY GATNAŞYKDA BOLMAK, OLARA ZULUM-SÜTEM ETMEKDEN SAKLANMAK HAKYNDA

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Ilki bilen jennete girjek şehitdir. Ondan soň jennete girjek hojaýynyna päk ýürek bilen hyzmat eden hyzmatkärdir» diýýär.

* * *

Ibn Omar Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Hojaýynyna sadyklyk bilen hyzmat eden, Allatagala päk ýürek bilen ybadatyny ýerine ýetiren hyzmatkäre bir sogaba derek iki sogap ýazylýandyr» diýýär.

* * *

Zeýt ibn Harysa[1]Hatyjanyň hyzmatkäridi. Hatyja ony Ukkaz bazaryndan satyn alyp gelip, Muhammet alaýhyssalama sowgat berýär. Birnäçe wagtdan Zeýdiň kakasy pul ýygnap gelip, ogluny satyn almak isleýär. Muhammet alaýhyssalam Zeýdiň kakasyna:

— Eger ogluň razy bolsa alaý — diýýär.

Olar Zeýtden soraýarlar. Onda Zeýt Muhammet alaýhyssalama:

— Senden aýrylyp azat ýaşanymdan, seniň bilen gul bolup ýaşanym meniň üçin müň esse ýagşydyr — diýip, Muhammet alaýhyssalam bilen galýar.

Muhammet ony azat edip, gyrnagy Ümmi Eýmene, soňra bolsa Zeýnep bint Jahşa öýerýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Muhammet alaýhyssalamyň iň soňky sözleri: «Namazy berjaý kylyň, namazy berjaý kylyň we guluňyza gyýa bakmaň, oňa ezýet bermäň, Alladan gorkuň» diýipdi» diýýär.

* * *

Magrur ibn Suweýt[2]: «Bir gezek Abu Zeriň öýüne myhmançylyga baranymyzda ol öýüniň künjeginde don ýapynyp ýatyrdy. Edil şonuň ýaly don ýapynan hyzmatkär hem şol öýde ýatyrdy. Men Abu Zere:

— Hyzmatkäre başga don berseň hem bolardy — diýenimde, Abu Zer:

— Men Muhammet alaýhyssalamyň: «Eger siziň musulman doganyňyz siziň gol astyňyzda bolsa onda özi näme iýse, oňa-da şony iýdirsin. Özi näme geýse, oňa-da şony geýdirsin. Başarmajak işini buýurmasyn. Eger güýjünden artyk iş buýursa, onda özi hem ýardam bersin» diýenini eşitdim — diýdi» diýip, Magrur gürrüň berýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Hyzmatkäre geçirimlilik etmek ýagşyzadalara mahsus alamatydyr» diýýär.

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Hiç haýsyňyz ol meniň gulum diýmesin. Sebäbi biziň ählimiz Allatagalanyň guludyrys. Goý, hojaýyn olara hyzmatkärim ýa-da gyrnagym, oglum, ýa-da gyzym diýip ýüzlensin, hyzmatkärler we gyrnaklar bolsa olara hojaýyn ýa-da eýäm diýip ýüzlensin» diýýär.

* * *

Abu Mesgut Ensary[3]: «Günleriň birinde gulumy urup durkam arkamdan: «Eý, Abu Mesgut seniň bu edýän işiň Allatagala ýaramajagyny bilgin» diýen ses eşidildi. Men yzyma öwrülip seretsem, Muhammet alaýhyssalam durdy. Men oňa: «Eý, Resulalla! Alla ýoluna bu hyzmatkär azatdyr» diýdim. Onda Resulalla: «Eýsem, şeýle etmeseň, saňa dowzah ody garaşardy» diýdi» diýýär.

* * *

Ibn Omar: «Bir adam Resulallanyň ýanyna gelip: «Eý, Resulalla! Hyzmatkäre näçe gezek geçirimlilik edip bolar?» diýip sorady. Ol bu soragyny üç gezek gaýtalandan soň, Muhammet alaýhyssalam: «Bir günde ýetmiş gezek geçirimlilik et» diýdi» diýýär.

* * *

Abu Hureýra: «Bir gezek Muhammet alaýhyssalam: «Kim-de kim hyzmatkärine ýagşy seretse, oňa ezýet bermese kyýamat güni ol hyzmatkär hojaýynyny dowzah odundan halas eder» diýdi» diýýär.

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Kimdir biri aýalyna ýa-da gul-gyrnagyna ezýet berse, ol adam bizden däldir» diýýär.

* * *

Zazan[4]: «Bir gezek Ibn Omaryň ýanyna bardym. Ol şol wagt özüniň guluny azat edipdir. Men onuň bu eden işiniň sebäbini soranymda, ol ýerde ýatan taýagy aldy-da: «Munuň sebäbi ynha şu taýakdadyr. Men Muhammet alaýhyssalamyň: «Kimdir biri guluna şapbat çalsa ýa-da ony ursa, ol adam günäsini diňe ol guly azat edip ýuwup biler» diýenini eşitdim» diýýär.

* * *

Günleriň birinde Abdylla ibn Japar guluny azat edip, oňa azat edenligi hakynda hat bermekçi bolanda, ol gul: «Meniň diýşim ýaly ýaz» diýýär we «Düýn meniňki hem bolsaň, bu gün men seni maňa sowgat berene gaýdyp berýärin» diýip ýazdyrýar. Emma ol azat edilenden soň hem, Abdylla ibn Japara has-da päk ýürek we sadyklyk bilen hyzmat edýär.

* * *

Bir gezek Ibn Omar goýun bakyp ýören guluň deňesinden geçip barýarka ondan bir goýun satmagyny soraýar. Ol gul:

— Bu goýunlaryň eýesi men däl — diýip, goýun satmakdan boýun gaçyrýar.

Ibn Omar:

— Seniň goýun satýanyňy hojaýynyň görenok ahyryn — diýende, ol gul:

— Hojaýynym görmese-de, Alla görýär-ä — diýip jogap berýär.

Onuň jogaby Ibn Omaryň göwnünden turýar. Ol bu guluň hojaýynyny tapyp, ondan guly satyn alyp, azat edýär we:

— Eý, Allam! Guly azat etmek rysgalymda bar eken. Kyýamat azabyndan azat bolmak hem rysgalymda bolsady — diýýär.

* * *

Bir adam gyrnagyny satmak üçin bazara çykarýar. Ol gyrnak aglap başlaýar. Hojaýyny onuň aglamagynyň sebäbini soranda, gyrnak:

— Seniň maňa hojaýynlyk edişiň ýaly, men saňa hojaýynlyk eden bolsam, men seni golumdan gidermezdim — diýýär.

Ol adam şol pille gyrnagyny azat edýär.

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Süleýman ibn Abdylmälik Ýezit ibn Muhallabyň öýünde myhmançylykda bolanda, Süleýmandan:

— Ýezidiň öýünde näme göwnüňden turdy? — diýip soranlarynda, ol:

— Maňa Ýezidiňkide iň ýaran zatlaryň biri onuň hyzmatkärleriniň biri-biri bilen gürleşmän yşarat bilen düşünişmekleridir — diýip jogap berýär.

* * *

Sähl ibn Sahr[5]: «Artykmaç puluň bolsa gul satyn al. Sebäbi guluň erkek adama köp ýerde haýry deger» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Musulman adam ölmezinden öň gul azat etse, aç adamyň nahar iýende rahatlyk tapyşy ýaly rahatlyk tapar» diýýär.

* * *

Adamyň iň erbedi adam söwdasyny edýänlerdir.

* * *

Ýunan şahyry Gomer: «Golastyňdaky goragsyz, biçäre guluňa ezýet bermek adamçylygy pes adamyň edip biljek işidir» diýýär.

* * *

Ibn Zubeýr gul satýan adama:

— Seniň injigiň örän kuwwatly bolmaly — diýýär.

Ol adam:

— Ony näme üçin diýdiň? — diýip soranda, Ibn Zubeýr:

— Adam satyp, ondan gün görüp ýaşamak üçin, soňra bolsa onuň günäsini götermek üçin gaty kuwwatly injik gerekdir — diýýär.

* * *

Welit ibn Buhtury köşk şahyrydy. Ol şeýle diýýär:

Azat adam hem bolsam ederin hyzmat,

Azada hyzmat etmek däldir gabahat.

* * *

Gul söwdasyny edýän bir adam: «Gyrnagyň saçyny hyna boýamak onuň bahasyna ýüz dirhem goşýar» diýýär.

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Guluňyz bilen onuň aklyna görä gatnaşyk ediň» diýýär.

* * *

Abu Ýakzan[6]: «Araplarda eger aýaly üç çaga dogursa, adamsynyň gözüne yssy we mährem görüner. Bir gezek Ýezdigert ibn Şähriýar ibn Hysrowyň gyzlary musulmanlar tarapyndan gyrnak alynýar. Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) olary satmak isleýär. Emma Hezreti Aly: «Şalaryň gyzlary satylýan däldir» diýýär we olary Hüseýin ibn Ala, Muhammet ibn Abubekr Syddyga we Abdylla ibn Omara durmuşa çykarýar. Olaryň her biri üç oguldan dogurýarlar» diýýär.

* * *

Bir gezek Muhammet ibn Sawwagyň hyzmatkäri onuň garşysyna girende: «Eýäňe meňzejek bolma» diýerdi.

* * *

Abdylla ibn Tahyr şeýle diýýär:

Bir gün apbaslylar halypasy Mamunyň ýanyna baranymda, ol nämedir bir zat getirtmekçi bolup:

— Eý, hyzmatkär, eý, hyzmatkär — diýip gygyrdy.

Az salymdan onuň türk hyzmatkäri gapydan girdi-de:

— Hyzmatkär hem adam. Ol hem iýmeli, içmeli, täret almaly, namaz okamaly. Sen bolsa gapydan çykdygymyz zol-zol: «Hyzmatkär, hyzmatkär» diýip gygyryp otyrsyň — diýdi.

Men Mamun şol wagtyň özünde ol hyzmatkäriň kellesini almaga emr eder öýtdüm. Emma ol:

— Eý, Abdylla eger biz ýagşy hüý-häsiýetde bolup, hyzmatkärlere zulum-sütem etmesek, olar ýaman häsiýetde bolýarlar. Eger biz ýaman häsiýetde bolup, zulum-sütem etsek, olary urmagy emr etsek, olar ýagşy gylykda bolýarlar. Emma bir guly ýagşy häsiýetli etmek üçin biz ýaman häsiýetli bolup bilmeris-ä — diýdi.

* * *

Mujahyt: «Eger hyzmatkär köpelse, şeýtan köpelen ýalydyr» diýýär.

* * *

Selim ibn Abu Jagt[7]: «Sadyk gul Allanyň ýanynda azat adamdan haýyrlydyr» diýýär.

* * *

Lukman Hekim ogluna: «Eý oglum! Aýala syr berme we hyzmata ulanmak üçin satyn alan gyrnagyň bilen är-aýal gatnaşygyny etme» diýýär.

* * *

Hyzmatkär köp iýmegi gowy görýär, işlemegi halamaýar. Azat adamlary ýigrenip, gykylyk-galmagaly halaýar.

* * *

Amr ibn Akaba[8]garry guluny azat edýär welin, ýaş gullaryň biri Amra:

— Meni-de azat et — diýýär.

Onda Amr:

— Sen entäk gülläňok, agaç güllemese miwe bermez, ýagny sen entek ýaş — diýýär.

Ol ýaş gul:

— Käbir agaçlar güllemezden hem miwe berýändir — diýýär.

Onuň bu jogaby Amryň göwnünden turýar we ol guluna:

— Düýn meniňki hem bolsa, bu gün Alla ýoluna sen azatsyň — diýýär.

* * *

Ýagşy gul onuň eýesi üçin nygmatdyr. Ýaman gul onuň başyndan inen musallatdyr.

* * *

Eksem: «Azat adam başyndan bela inse-de, azatlygyna galýandyr. Gul bolsa altyn düşelen ýoldan ýörese-de, gullugyna galýandyr» diýýär.

* * *

Halyt ibn Barmagyň Surur atly ýaş owadan gyrnagy bardy. Ol owadan hat ýazmakda, ylymda, at münmekde, gylyç-naýza oýnamakda onuň deňi-taýy ýokdy. Adamlar kä halat onuň gulmy ýa-da gyrnakdygyny bilmezdiler. Hazymanyň[9]hem Kyta atly şeýle gyrnagy bardy.

* * *

Ahmet ibn Sähl[10]: «Şalaryň gullaryna ýagşy seretmegi olaryň abraýynyň zyýada bolmagyna getirer» diýýär.

* * *

Muhammet ibn Süleýman ibn Aly ibn Abdyllanyň ibn Apbasyň elli müň guly bardy.

* * *

Kisaýy Harun Reşidiň ogullary Eminiň we Mamunyň mugallymydy. Ol ders berip otyrka, daş çyksa Mamun we Emin onuň köwüşini arassalap goýýardylar. Bu zatlardan habarly Harun Reşit egindeşlerinden:

— Adamlardan kime tüýs ýürekden hyzmat edilýär — diýip soranda, olar:

— Möminleriň emirine — diýýärler.

Onda Harun Reşit:

— Ýok — diýip, başyny ýaýkaýar we:

— Päk ýürekden hyzmat edilýän Kisaýydyr. Emin we Mamun onuň öňünde borçly bolmasalar-da, päk çaga ýürekleri bilen oňa hyzmat edýärler — diýýär.

* * *

Bir adamyň ýalta guly bardy. Ol guluna bir iş buýursa, ol ýarysyny ýerine ýetirip, ýarysyny taşlardy. Ol adam gulundan närazy bolup ony urýar we:

— Men saňa bir iş buýranymda özüňden bilip, ýene bir iş et — diýýär.

Günleriň birinde ol adam keselleýär we guluna tebip getirmegi emr edýär. Gul gidip az wagtdan iki adamy yzyna salyp gelýär. Guluň eýesi oňa:

— Men saňa bir tebip getir diýdim ahyryn — diýýär.

Onda gul:

— Olaryň biri tebip, beýlekisi gabyr gazýan. Seniň özüň maňa: «Bir iş buýranymda beýleki bir işi özüňden bilip, ýerine ýetir» diýipdiň. Eger birden sen tebipden şypa tapmasaň, diýmek bize gabyr gazýan gerek bolar diýip, men ony hem alyp gaýtdym — diýýär.

* * *

Apbaslylar halypasy Mamun ibn Harun Reşit şeýle diýýär:

Haşymy azat adamdym,

Gyrnagy hemdem edindim.

Emirler tabyndy emrime meniň,

Şa bolup etdim men hyzmatyn onuň.

Hyzmat etdim, gul boldum,

         Peselenimi duýmadym.

 

* * *

Mamun görk-görmekli, akylly-başly halypady. Onuň gyrnaklary hem örän owadan gyzlardy. Emma olaryň biri has owadandy we Mamun wagtynyň köp bölegini onuň bilen geçirerdi. Beýleki gyrnaklar oňa bahyllyk bilen serederdiler.

* * *

Bir baý adam guluny satmak üçin öwýär. Ol:

— Kim bu guly satyn alsa, onda ol adamyň öýüne Allanyň nygmaty ýagar — diýýär.

Geçip barýan adamlaryň biri:

— Kim-de kim etmeli işini özi edip, başganyň kömeginden ýüz dönderse, şol adamyň öýüne Allanyň bereketi ýagar — diýýär.

* * *

Wahşy Ryýah Medeni şeýle diýýär:

Musulmanyň edýän işleri ajap,

Guly azat etseň görmersiň azap .

* * *

Dawut ibn Hatym Mählebi[11]apbaslylar halypasy Mätä gyrnak sowgat edýär. Mäti onuň bilen är-aýal gatnaşygynda bolmak isleýär. Gyrnak onuň bilen gijäni geçirmegi wada berýär. Emma gije olar är-aýal işini ýerine ýetirip bilmeýärler. Sebäbi gyrnak aýbaşy görýär. Mäti oňa şeýle diýýär:

Söýgim meniň bilen boljak diýip edipdi wada,

Wadasynda tapylmady, oklady gyzgyn oda.

Onda gyrnak oňa şeýle diýip jogap berýär:

Biraz giç hem bolsa, meger,

Söýgiň wada wepa berer.

* * *

Bir gezek Anuşirwan hyzmatkärleriniň birini ýalan gürlände tutýar we: «Iki adama ýakyn dostuňa we ynamly, sadyk hyzmatkäriňe etjek işiňi ynanyp bolýar. Emma sen ýalan gürlemek bilen meniň ynanymdan gaçdyň» diýýär.

* * *

Emewiler halypasy Mugawyýa: «Guly başardygyňyzdan gaty tutuň» diýýär.

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Hyşam ibn Abdylmälik Zeýt ibn Ala:

— Meniň eşidişime görä, sen halypalyga dalaş edýärmişiň. Emma sen halypa bolmaga mynasyp dälsiň — diýýär.

Zeýt Hyşamdan:

— Ol näme üçin? — diýip soranda, Hyşam:

— Seniň ejeň gyrnak — diýýär.

Onda Zeýt:

— Ysmaýyl pygamber Ybraýymyň gyrnak aýalyndan, Yshak pygamber bolsa başdaş aýalyndan doglandyr. Emma Allatagala gurban etmek üçin Ysmaýyl pygamberi saýlady we soňra halas etdi — diýýär.

* * *

Guluň ýanynda altyn-kümşüň gadry ýokdur. Onuň üçin iň gymmatly baýlyk azatlykdyr.

* * *

Basraly bir adamyň edepli we ylymly gyrnagy bardy. Emma ýagdaýy kynlaşyp, ol gyrnagy satmaga mejbur bolýar. Gyrnagy satyn alan adam gelip, gyrnagy alyp gitmekçi bolanda, ol şeýle diýýär:

Pelek dönmermedik bolsady ýüzün,

Diňe ajal aýra salardy, bilgin.

Onuň bu sözlerini gyrnagy satyn alan adam eşidip, oňa gyrnagam, pulam bagyş edýär.

* * *

Bir zalym adam guluny azat edip:

— Näme iş etseň, maňa meňzejek bol — diýýär.

Onda ol gul:

— Azat bolup saňa meňzänimden, gul bolup özüme meňzänim gowudyr — diýýär.

* * *

Bir gezek Ýezit ibn Abdylmälik dört müň dinara gyrnak satyn alýar. Emma onuň gyrnagy emewiler halypasy Süleýman ibn Abdylmäligiň göwnünden turman, Ýezide gyrnagy eýesine gaýdyp bermegi emr edýär.

Haçan-da Ýezit halypalyga gelende, onuň aýaly Sagda bint Abdylla ibn Amr ibn Osman Ýezitden:

— Bu dünýäde ýaşap, heý armanyň galdymy? — diýip soraýar.

Onda Ýezit oňa:

— Men öň bir gyrnak satyn alypdym. Emma meniň doganym Süleýman ony yzyna gaýtartdy. Ol gyrnagy eýesine gaýdyp berenime entäk-entäkler hem ökünýärin — diýýär.

Sagda Ýezitden:

— Soňra ol gyrnagy kim satyn aldy? — diýip soranda, Ýezit:

— Meniň eşidişime görä, ony müsürli bir adam satyn alypdyr — diýýär.

Sagda Ýezide bildirmän Müsüre adam goýberip, ol gyrnaga dört müň dinar töläp satyn alyp Şama getirdýär. Soňra saparyň ýadawlygy çykar ýaly onygowy ýuwup artýar we oňa iň gowy müşk-anbardan sepip, Ýezidiň otagyna eltip tutunyň aňyrsynda oturdýar. Ol Ýezit gelende:

— Bu dünýäde ýaşap, heý armanyň galdymy? — diýip soraýar.

Ýezit:

— Men bu barada saňa öň hem aýdypdym ahyryn — diýende, Sagda tutuny açyp gyrnagy görkezýär we Ýezide:

— Ynha, seniň diýýän gyrnagyň! — diýýär we olary ikiçäk goýup, otagdan çykyp gidýär.

* * *

Mahmyt ibn Merwan ibn Abu Hafsa[12]gyrnagy wasp edip şeýle diýýär:

Ol satylýan däldir, ýokdur bahasy,

Sataýsaň-da birden tutar yhlasy.

Megerşol dürleriň agramy ýaly,

Akar gözlerinden gözýaşy ganly.

* * *

Abdyrahman ibn Abu Ammara[13]gyrnak satyn almak isleýärdi. Ol bu islegi barada ähli mejlislerde aýdýandygy sebäpli adamlaryň arasynda meşhur bolupdy. Emma onuň gyrnak almaga puly ýokdy.

* * *

Bir gezek Abdylla ibn Japar haja gidýär. Ol hajdan dolanyp gelenden soňra, adamlar ony mübäreklemäge onuň öýüne myhmançylyga gelýärler. Emma Abdyrahman ibn Abu Ammara gelmeýär. Abdylla ibn Japar ony öýüne myhmançylyga çagyrýar we ony begendirmek üçin kyrk müň dinara gyrnak satyn alýar.

Abdyrahman ibn Abu Ammara gelende, Abdylla ibn Japar oňa:

— Pylan gyrnagy gowy görýärsiňmi? — diýip soraýar.

Abdyrahman:

— Ol meniň etimde, ganymda, beýnimde, süňkümde we damarlarymda — diýýär.

Abdylla ondan:

— Eger ol gyrnagy görseň tanarmydyň? — diýip soranda, ol:

— Ol gyrnagy jennetiň hüýrleriniň arasyna goşup goýsalar hem ony tanardym we şol gyrnagy saýlardym — diýýär.

Onda Abdylla gyrnagy getirmegi buýurýar. Dürli zynatlar bilen bezelen gyrnagy getirýärler. Abdylla Abdyrahmana:

— Bu gyrnak seniňki — diýýär we ol gyrnagyň ýany bilen Abdyrahmana ýüz müň dirhem bermegi emr edýär.

Abdyrahman aglap goýberýär we:

— Seni Alla ýalkasyn we seni öz penasynda aman saklasyn! Seniň maňa eden ýagşylygyň üçin seniň öýüňe egsilmez nygmat ýagdyrsyn! — diýip dileg edýär.

* * *

Juweýriýa ibn Asma[14]: «Bir gezek Ibn Sirin ýaş gyrnak satyn almakçy boldy. Men oňa:

— Seniň gözleýän gyrnagyň nirede bardygyny men bilýärin. Emma onuň dodaklary uludyr — diýdim.

Onda Ibn Sirin:

— Dodagy uly bolsa, diýmek tiz wagtda azat bolar — diýdi» diýýär.



[1]Zeýt ibn Harysa ibn Şerähil Kelbi. Ol Muhammet alaýhyssalamyň ogullygy we egindeşi. Ol ýaş wagty Ukkaz bazarynda gul edilip satylanda Hekim ibn Hyzam Hatyja üçin satyn alýar. Ol Resulalla durmuşa çykanda Zeýdi oňa sowgat berýär. Yslam dini ýüze çykmanka, Muhammet pygamber ony azat edip, özüne ogul edinýär. Zeýt iň köp ýaşan we yslamy ilki kabul edenleriň biridir. Muhammet pygamber ony ilki gyrnagy Ümmi Eýmenä öýerýär. Ondan Asama diýen gyzy dogulýar. Soňra ony Zeýnep bint Jahşa öýerýär. Zeýt 8-nji hijri ýylynda gazawatda şehit bolýar.

[2]Magrur ibn Suweýt Esedi. Muhammet pygamberiň döwürdeşi.

[3]Ukba ibn Amr ibn Saglaba Ensary. Ol Bedr söweşine gatnaşan sahabalaryň biridir. Ol Kufa göçýär we Hezreti Alynyň egindeşleriniň biri bolýar. Ol 40-njy hijri ýylynda wepat bolýar.

[4]Zazan Abu Abdylla Kindi. Rowaýata görä ol ýaş wagty Ibn Mesgudyň elinde eden işlerine toba edýär we yslam dinini kabul edýär. Ol 82-nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[5]Sähl ibn Sahar ibn Wakyd ibn Ysma Leýsy. Ol beni bekr taýpasyndan.

[6]Amyr ibn Hafs lakamy Sehim. Ol hakynda Jahyz özüniň kitabynda onuň ýene-de sekiz lakamynyň bolandygyny ýatlap geçýär. Ibn Nedim ol hakynda: «Ol alym we dogry sözli adamdy. Ol 190-njy hijri ýylynda wepat boldy» diýýär.

[7]Selim ibn Abu Jagt Rapyg Aşjagy Gytfany. Ol ygtybarly hadys gürrüň beren adamlaryň biri. Selim emewi halypasy Omar ibn Abdyleziziň halypalyk eden döwri100-nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[8]Amr ibn Akaba (golýazmadaky Akaba sözi ýalňyşdyr, dogrusy Atabadyr). Ibn Abu Sufýan. Ol Mugawyýa ibn Abu Sufýanyň doganynyň ogludyr. Ol ibn Aşgas bilen Hajjajyň garşysyna söweşe çykýar we şol söweşleriň birinde wepat bolýar.

[9]Hazym ibn Hazyma Nehşemi Temimi. Ol beni sahr ibn nehşel taýpasyndandyr. Ol apbaslylaryň serkerdeleriniň biridir. Horasana ýöriş edilende, esasan hem Merweruz basylyp alnanda goşuna serkerdelik eden Hazymdyr. Ol Abu Müslime ýakyn adamlaryň biridir. Abu Saffahyň we Mansuryň döwründe-de ol goşun serkerdeligine galýar. 141-nji hijri ýylynda Mansur ony goşuna serkerde belläp, Tabarystany basyp almagy emr edýär. Hazym Abu Japaryň halypalyk eden döwründe Bagdatda wepat bolýar.

[10]Ahmet ibn Sähl ibn Haşym ibn Welit asly arap, ýaşan ýeri bolsa Merw bolup, goşun serkerdesi bolupdyr. Ol Samanlylar we Mawerannahr hökümdarlarynyň iň esasy serkerdeleriniň biridir. Amr ibn Leýs ony Merw welaýatyna hökümdar belleýär. Emma soňra ony Sistana getirip tussag edýär. Ol tussaglykdan gaçyp, Merwe dolanyp, ýene-de hökümdarlygyna gaýdyp gelýär. Emma Samanlylar hökümdarlary Merwe Sagyt Nasyr ibn Ahmedi hökümdar belleýärler. Ahmet ibn Sähl Jürjany we Horasany basyp alýar we Samanlylara hutba okamagy gadagan edýär. Sagyt Nasyr onuň garşysyna goşun goýberýär. Ahmet ibn Sähl Merweruzyň golaýynda olar bilen söweşip, ýeňlişe duçar bolýar we özi ýesir alynýar. Ony Buhara alyp gidip, zyndana oklaýarlar. Ol 307-nji hijri ýylynda tussaglykda wepat bolýar.

[11]Dawut ibn Ruh ibn Hatym ibn Kabysa ibn Muhatap ibn Abu Safra Azady. Ol ilkinji bolup zyndyklyk eden adamdyr. Mäti onuň zyndyklygyny eşidip, onuň kakasyna ogluna edep bermegi emr edýär. Onuň kakasy Mansuryň hajybydy. Dawut toba edip, Mätä ýakynlaşmak maksady bilen gyrnak sowgat berýär.

[12]Ýahýa ibn Merwan ibn Abu Junup ibn Merwan ibn Süleýman ibn Abu Hafsa. Onuň Abu Merwan lakamy bardyr. Mütewekkil oňa Mahmyt adyny berýär. Ol Mütewekkiliň ýakyn adamlarynyň biridir.

[13]Abdyrahman ibn Abdylla ibn Abu Ammara beni jeşimi ibn Mugawyýanyň neslinden. Ol Mekgäniň alym we dindar alymlarynyň biridir.

[14]Juweýriýa ibn Asma ibn Ubeýt ibn Muharyk Basry. Ol Basranyň hadys gürrüň beren alymlarynyň biri. 173-nji hijri ýylynda wepat bolýar.