ELLI BIRINJI BAP: ADYLLYK, YNSAP, DEŇLIK, ADYLLYGA ÇAGYRMAK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ELLI BIRINJI BAP: ADYLLYK, YNSAP, DEŇLIK, ADYLLYGA ÇAGYRMAK HAKYNDA

Muhammet alaýhyssalam: «Allatagala asmana üç zat bilen: güni, aýy we ýyldyzlary döredip bezeg berdi. Ýeri hem üç zat bilen: ýagyş, ylymly ulamalar we adyl soltan bilen zynatlady» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) halypalyga geçip, ilkinji gezek münbere münüp hutba aýdanda: «Eý, musulmanlar! Alladan ant içýärin, özlerini güýçli saýyp, ejiz adamlaryň hakyny iýýänler meniň bilen iş salyşsalar, men ejiziň tarapdarydyryn» diýýär we münberden düşüp gidýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Hökümdarlara üç zat — ähli ýagdaýda Alla öwgi aýtmak, raýatlara deň göz bilen seretmek we ynsabyňa buýurmak wajypdyr» diýýär.

* * *

Bir gezek Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) Abu Musany häkimlikden aýyrmak üçin ýörite Kufadan Syffyna[1]gitjek bolanda, Ibn Apbasa we ogly Hasana beýtul maldan ähli pullary getirmegi emr edýär. Gaznada elli iki müň dirhem bardy. Aly Mujaşyg ibn Mesgudy[2]ýanyna çagyryp:

— Sizden öňküleriň ýygnap bilmedik puluny siz nädip ýygnadyňyz? — diýip soraýar.

Onda Mujaşyg ibn Mesgut:

— Alladan ant içýärin! Bu pullar raýatlardan diňe adyllyk ýoly bilen we Allanyň emrini ýerine ýetirip ýygnalandyr — diýýär.

* * *

Isgender Zülkarneýn: «Eý, Allanyň bendeleri siziň Allaňyz birdir. Ol adyl işleri gowy görüp, zulum edýänleri ýigrenýändir. Men hem Allanyň halaýan işini edip, ýigrenýän işinden daşda durjak. Kim-de kim meni adalatsyzlykda aýyplasa, goý, ol adam hiç zatdan çekinmän gije bolsun, gündiz bolsun, günüň islendik wagtynda gelip maňa arzyny aýtsyn. Raýatlaryna adyllyk edip, zulum edýänden goramak, olara deň göz bilen seretmek Allanyň emrini ýerine ýetirmekdir» diýýär.

* * *

Egerhökümdar ynsapsyz bolsa, ýurt harap bolar.

* * *

Bir gezek pars şasy Anuşirwandan:

— Iň esasy goramaly zat nämedir? — diýip soranlarynda, ol:

— Diniňizi goraň — diýýär.

Ondan:

— Iň ýagşy häsiýet nähilidir? — diýip soranlarynda, ol:

— Adyllyk — diýip jogap berýär.

* * *

Japar ibn Ýahýa Barmakynyň bir häkiminiň üstünden arza-şikaýat gelýär. Ol häkimine hat ýollaýar. Ol hatda: «Ýa-ha adyl bol, ýa-da işiňden git» diýip ýazýar.

* * *

Ynsaply adamdan ähli adamlar razydyr. Onuň özi hem özünden razydyr.

* * *

Ynsaply adam halkyň ýüzüne arkaýyn seredip biler. Sebäbi onuň hiç hili aýby ýokdur.

* * *

Bir adam emewiler halypasy Süleýman ibn Abdylmäligiň ýanyna gelip:

— Eý, möminleriň emiri! Zalymlara Allanyň lagnat aýdýandygyny bileňokmy? — diýip soraýar.

Onda Süleýman:

— Sen näme diýmekçi bolýarsyň? — diýip soranda, ol adam:

— Seniň bize gözegçi goýan wekiliň meniň mülk ýerimi alyp, pylanynyň mülk ýerine goşdy — diýýär.

Onda Süleýman:

— Şol ýerdäki meniň mülk ýerim seniňki bolsun we seniň mülk ýeriňi hem gaýdyp bererler — diýýär we şol günüň özünde wekilini wezipesinden boşadýar.

* * *

Bir gezek Hysrowyň ýokary wezipeli adamlary onuň käbir edýän işinden närazy bolýarlar. Onda Hysrow:

— Men sizi razy edip, halka zulum edenimden sizi närazy edip halka adyl bolanym ýagşydyr — diýýär.

* * *

Bir adam Hezreti Alynyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýanyna gelip, birnäçe gün onuň öýünde myhman bolýar. Günleriň birinde ol Hezreti Ala:

— Men bir adam bilen terleşdim we senden kömek sorap geldim — diýýär.

Hezreti Aly ondan:

— Ilki gaharlanan senmi? — diýip soraýar.

Ol adam:

— Hawa — diýýär.

Onda Hezreti Aly:

— Muhammet alaýhyssalam zulum eden adama ýardam bermegi gadagan etdi — diýýär we ol adamy öýünden çykaryp goýberýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Adyl ýaşan musulman adama dowzah odundan gorkmagyň geregi ýokdur» diýýär.

* * *

Hysrow şalarynyň biri wepar bolanda onuň ýanyndan bir gutujyk tapýarlar. Ol gutynyň içinde nar däneleri we bir hat bardy. Ol hatda: «Adamlara şu nar däneleriniň deň bolşy ýaly, deň göz bilen serediň» diýip ýazylgydy.

* * *

Bir Kufaly adam Mamunyň ýanyna gelip oňa Kufanyň häkiminiň üstünden arz-şikaýat edýär. Mamun ol adama:

— Men ol adamy iň adyl we ynsaply häkimim hasaplaýardym. Ol raýatlaryna deň göz bilen seredýändir öýdýärdim — diýýär.

Ol adam:

— Eý, möminleriň emiri! Senden adyl we ynsaply hökümdar ýokdur. Eger sen ol adamy şeýle sypatda göz öňüne getirýän bolsaň, onda ony seniň golastyňdaky ähli welaýatdyr şäherlere häkim goýup gör. Goý, beýleki şäherdir welaýatlar hem biziňki ýaly «Adyl soltanly bolup görsünler» — diýýär.

Mamun onuň diýenine gülüp goýberýär we Kufanyň häkimini işinden boşadýar.

* * *

Yda ibn Arta emewiler halypasy Omar ibn Abdylezize: «Adamlar zorluk görkezmeseň salgyt tölänoklar» diýip hat ýollaýar.

Omar bu hata jogap edip: «Sen maňa beýle hat ýollap adamlara ezýet bermäge menden rugsat soraýarsyňmy? Meniň olara azap berip, salgyt al diýmegim seni Allanyň gazabyndan we dowzah odundan halas eder öýdýänsiň. Adamlar näme berse, şony hem al. Tölemekden boýun gaçyrýany öz gününe goý. Ähli zatlara Alla şaýatdyr. Alladan ant içýärin, jebir-sütem halkyň gözýaşy bilen doldurylan gaznadan meniň üçin boş gazna haýyrlydyr» diýip hat ýazýar.

* * *

Müsürden bir adam Omar ibn Hattabyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýanyna gelip:

— Eý, möminleriň emiri! Men senden haraý gözläp geldim — diýýär.

Omar ol adama:

— Haraý isläp gelen bolsaň, sen ony tapdyň. Aýt, kim seniň göwnüňe degdi? — diýip soraýar.

Ol adam:

— Men Amr ibn Asyň ogly bilen ýaryşyp, ondan üstün çykdym. Ol: «Sen meniň iň hormatlanýan adamyň ogludygymy bileňokmy?» diýip, meni gamçy bilen saýgylady we seniň ýanyňa goýbermejek bolup tussaglykda saklady. Men eýdip-beýdip gaçyp, seniň ýanyňa geldim — diýýär.

Omar Amr ibn Asa hat ýollaýar. Ol hatda: «Eý, Amr! Şu haty alanyňdan ogluňy alyp, derhal ýanyma gel» diýip ýazýar.

Amr ogly bilen Omaryň ýanyna gelende, Omar müsürli adama gamçy berip:

— Iň hormatlanýan adamyň ogluny ur — diýýär.

Müsürli adam Amr ibn Asyň ogly:

— Eý, möminleriň emiri! Hata iş etdim — diýip gygyrýança, urmagyny dowam etdi.

Soňra Omar müsürli adama:

— Galan jezany Amryň özi berer — diýýär we Amra:

— Eý, Amr, siz haçandan bäri enesinden azat bolup doglan adamlary gul edip başladyňyz? — diýýär.

* * *

Fazyl: «Diňe söz bilen däl-de, iş ýüzümde-de adyl bolmalydyr» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) halypalyk eden döwründe raýatlara ýagşy nahar berip, özi gury çörek iýerdi. Ile don ýapyp, özi ýamaly geýnerdi. Adamlaryň hakyny berende zyýadasy bilen bererdi.

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Süleýman ibn Abdylmälik Abu Hazymdan:

— Bu dünýäden ýagşy işler edip gitmek üçin näme etmeli? — diýip soranda, ol:

— Kişiniň hakyny iýme ýa-da onuň hakyna zyýan berme — diýýär.

Süleýman:

— Kimler şeýle ýaşap bilýär? — diýip soranda, Abu Hazym:

— Jenneti isleýän we dowzah odundan gaçýan adamlar — diýip jogap berýär.

* * *

Adyl soltanyň höküm sürýän ýurdy ýumrulmaz.

* * *

Adyllyk — dagyň çür başynda gurlan galadyr. Ony sil hem almaz, manjanyk[3] hem harap eýlemez.

* * *

Adyllyk — Allanyň terezisidir. Zulum şeýtanyň ölçeg daşydyr.

* * *

Adyl soltanyň ýardamçysam, penakärem Alladyr.

* * *

Erdeşir: «Soltan adyl bolanda, raýatlaryň özi oňa boýun bolmak islärler» diýýär.

* * *

Erdeşir: «Soltan bolmak üçin wezipeli egindeşleriň bolmalydyr. Wezipeli bolmak üçin baýlyk bolmalydyr. Baýlyk gazanmak üçin işleriňi dogry dolandyrmagy başarmalydyr. Işiňi dogry dolandyrmak üçin adyl we ýagşy syýasatçy bolmalydyr» diýýär.

Erdeşirden soňra pars şalarynyň içinde özüniň adyllygy bilen şan-şöhrat gazanan Anuşirwandyr. Hysrowly şalaryň köpüsi sirkä ýatyrylan et iýmekden we ýüpek don geýip dynç alyp ýatmakdan, at münüp ogluna edep bermekden başga iş bilen meşgul bolmadylar.

* * *

Amr ibn Musgyda[4]Mamuna at sowgat berýär we şeýle diýýär:

Hojaýyna ýaraşýan we gerekli zat,

Guluna haramdyr beýle ýyndam at.

* * *

Anuşirwan: «Raýatlara adyllyk eden soltan Allanyň bereketine ýeter. Onuň döwleti müň ýyllap gülläp öser. Eşkanylar adyl döwran sürdiler. Şonuň üçin hem olaryň hökümdarlygy uzaga çekdi. Döwletiň gülläp ösmegi onuň şasynyň adyllygyna baglydyr. Hökümdarlar ýaşan ömrüni adyl ýaşasa rahat ýaşarlar we mundan hem haýyrly ýaşaýyşa — jennete geçerler» diýýär.

* * *

Aristotel: «Iň ýagşy amal adyllykdyr. Ol ähli haýyr işleriň seresidir. Adyllyk edýänem, adyllyk edilýänem ýagşy işiň başyny tutýan adamlardyr. Zulum iň erbet işdir. Ol ýaman işleriň seresidir. Zulum edýänem, zulum etmäge ýardam berýänem ýaman işleriň başyny tutýan adamlardyr» diýýär.

* * *

Sokrat: «Adyl ýürek adamlaryň şatlyk çeşmesidir. Adyl soltan ähli ýer ýüzüniň şatlygynyň gözbaşydyr. Zalym ýürek adamlara gaýgy-gam getirýän çeşmedir. Zalym soltan ähli ýer ýüzüniň gaýgy-gamynyň gözbaşydyr.» diýýär.

* * *

Bir gezek Abdylla ibn Zymga[5]Hezreti Alynyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) halypalyk eden döwründe onuň ýanyna gelip pul soraýar. Onda Hezreti Aly:

— Gaznadaky pul meniň pulum hem däl, seniňki hem däl. Bu pullar yslam üçin gylyç syryp uruşýan esgerleriň puly. Eger sen ol puldan nesibäňi almak isleseň olar bilen deň gazawata gidip söweşmeli bolarsyň. Men bu puldan saňa diňe olar öz dilleri bilen razylyk berseler, berip bilerin — diýýär.

* * *

Bir gezek bir adam Omar ibn Hattabyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýanyna gelýär. Omar bu wagt çyra ýakyp musulmanlaryň gaznadaky puluny hasaplap otyrdy. Omar ol adamdan:

— Sen şahsy işiň bilen geldiňmi ýa-da umumy musulmanlaryň işi bilen? Eger sen umumy musulmanlaryň işi bilen gelen bolsaň, onda çyra ýanyp durubersin. Eger şahsy işiň bilen gelen bolsaň, çyrany öçürjek. Sebäbi oňa ýakylýan ýangyç musulmanlaryň puluna alnandyr — diýýär.

* * *

Danalar: «Adyl soltan höküm sürende, wagtyň geçmezligini islärsiň» diýdiler.

* * *

Ýere adyllyk tohumyny ekseň, şer hasyl ýygnamaly bolmarsyň.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) özüniň ähli ýerlerdäki häkimlerine: «Allatagala tagat ediň. Musulman doganlaryňyza zulum etmäň. Olara güýji ýetmejek ýük ýüklemäň. Salgyt ýygnanyňyzda Allany ýatlaň we onuň emr eden salgydyny alyň. Ähli işleriňizde adyllygy we ynsaby ýaran tutunyň» diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) Mälik ibn Harysy Müsüre häkim bellände: «Halkyň hal-ýagdaýyna seret. Olar bilen mejlis gurap ýagdaýlaryny bil. Ähli işleriňde Alla bil bagla. Adyllyk ýoluny tutup, Alla bil baglan adamyň işi rowaç alar» diýýär.

* * *

Azat adamlary adyllyk bilen, duşmanyňy gylyç bilen özüňe boýun edip bolýandyr.

* * *

Bir gezek Omar ibn Hattaba (goý, Alla ondan razy bolsun!) köp pul getirýärler. Hafsa[6]onuň ýanyna gelip, ondan bu puldan oňa-da berilmegini soraýar we:

— Eý, möminleriň emiri! Her bir adam başardygyndan dogan-garyndaşyna ýardam bermelidir — diýýär.

Omar oňa:

— Eý, gyzym! Garyndaşlaryma ýardam bermeli bolsam, men öz pulumdan bermelidirin. Bu pul bolsa musulmanlaryň puludyr. Öz bähbidiň sebäpli ähli musulmanlaryň bähbidini ýadyňdan çykardyňmy? — diýýär.

Hafsa utanyp, hiç zat diýmän çykyp gidýär.



[1]Syffyn – Fyrat derýasynyň boýunda ýerleşýän ýer. 37-nji hijri ýylynyň sapar aýynda bu ýerde Aly bilen Mugawyýanyň arasynda uly söweş bolup geçdi.

[2]Mujaşyg ibn Mesgut ibn Saglaba ibn Wahhap ibn Abyt Silmi. Ol Muhammet pygamberiň egindeşi we ondan ygtybarly hadys gürrüň beren adamlaryň biri. Ol Omar ibn Hattabyň halypalyk eden döwründe Basra häkim bellenýär. Ol 36-njy hijri ýylynda şehit bolýar.

[3]Manjanyk – daş atýan söweş guraly.

[4]Amr ibn Musgyda ibn Sagyt ibn Sul ibn Sul. Ol Mamunyň weziri we şol döwrüň dana adamlarynyň biridir. Mamunyň weziri bolandan soň, onuň abraýy artyp, iň baý adamlaryň birine öwrülýär. Ol Mamun bilen rumlylara garşy söweşe gidende 217-nji hijri ýylynda wepat bolýar.

[5]Abdylla ibn Zymga ibn Eswet ibn Mutallyp ibn Eset ibn Abdyluzza. Ol Muhammet pygamberiň aýaly Ümmi Selmäniň aýal doganynyň ogludyr. Ýaş wagty yslamy kabul edýär we Medinä hijret edýär. Ol birnäçe ynamly hadys gürrüň beren adamlaryň biridir. Ol 35-nji hijri ýylynda şehit bolýar.

[6]Omar ibn Hattabyň gyzy Hafsa. Ol Muhammet pygamberiň aýalydyr. Ol ilki Hanys ibn Hazafa Sehmä durmuşa çykýar we yslamy kabul edip, Medinä hijret edýär. Medinede onuň adamsy wepat bolýar. 2-nji hijri ýylynda Muhammet pygambere durmuşa çykýar we Pygamber wepat bolandan soň hem Medinede ýaşamagyny dowam etdirýär. Altmyş ýaşynyň içinde 45-nji hijri ýylynda wepat bolýar. Hafsa altmyş hadysy gürrüň berýär.