ELLI IKINJI BAP: BIKÄRLIK, ÝADAWLYK, ÝALTALYK, IŞ BAŞARMAZLYK, NÄMEDIR BIR ZADA ŞEKLENMEK, HAÝAL-ÝAGALLYK ETMEK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ELLI IKINJI BAP: BIKÄRLIK, ÝADAWLYK, ÝALTALYK, IŞ BAŞARMAZLYK, NÄMEDIR BIR ZADA ŞEKLENMEK, HAÝAL-ÝAGALLYK ETMEK HAKYNDA

Sagdy Wakgas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär: Muhammet pygamber:

— Sizden kimdir biri oturan ýerinde müň sogap gazanasy gelýärmi? - diýip soraýar.

Onda adamlardan biri:

— Ol nähili? — diýip soranda, Muhammet alaýhyssalam:

— Ýüz gezek tesbi sanana müň sogap ýazylýandyr — diýýär.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Bikärlige endik eden durmuşda hor bolar» diýýär.

* * *

Eksem ibn Seýfi:

— Dünýäniň ähli işlerini men edýän bolsadym — diýende, ondan:

— Näme üçin? — diýip soranlarynda, ol:

— Şeýtsem maňa hiç hili ýaltalyk howp salmazdy — diýýär.

* * *

Dana: «Men bu işi başaramok» diýmek ýaltalygyň alamatydyr.

* * *

Sasanlylar döwletiniň düýbüni tutan Sasan özüniň elinde göterýän taýagyna: «Hereket — bereketdir. Işsizlik heläkçilikdir. Ýaltalyk bolsa betbagtlykdyr. Bikärlik ejizlige eltýändir. Ýatan ýolbarsdan seňkildäp ýören it haýyrlydyr» diýen sözleri ýazdyrýar.

* * *

Bikärlik we ýaltalyk garyplygyň ýakyn ýardamçylarydyr.

* * *

Abu Mugafy şeýle diýýär:

Haýal-ýagallyk bilen durmuş gursa ýaltalyk,

Dokuz aýdan olardan dünýä iner garyplyk.

* * *

Bir gezek apbaslylar halypasy Mugtasym gezelenje çykanda öňünden ýolbars çykýar. Ol ýanyndaky göwresi daýaw egindeşine:

— Häzir seniň haýryň degermi? — diýip ýüzlenende, ol çaltlyk bilen:

— Eý, möminleriň emiri! Menden kömege garaşma — diýýär.

Onda Mugtasym gülüp:

— Öýüň köýsün, bir haýwanyň öňünde ejizleseň, duşman gelse näme etjek? Haçan senden kömege garaşmaly — diýýär.

* * *

Bir çarwa: «Bikärligi halaýan ýigit hilegärlilik etmegi gowy görýändir» diýýär.

* * *

Şeýtana tagat edýän adam ýaltalygy söýýändir.

* * *

Hasan Basry: «Ýalňyş ýoly dogry hasaplap, daşyna adamlary toplan we Allanyň beren nygmatyny haýyr işe däl-de, haram işlere sarp eden adamlar kyýamat güni çirkin ses ederler» diýýär.

* * *

Bir gezek Sehl ibn Haruna[1]:

— Käbir adamlar hojaýynlaryna it ýaly hyzmat edýärler — diýenlerinde, ol:

— Bu sözleri diňe ýalta adam aýdyp biler — diýýär.

* * *

Lübeýt: «Emr edilen işi etmeseň ýaltalyga duçar bolarsyň» diýýär.

* * *

Bikärligiň we ýaltalygyň soňy betbagtlylykdyr.

* * *

Ýaltalyk bilen edilen işiň soňy minnetdir.

* * *

Ýaltalyk gedaýçylyk etmäge mejbur eder.

* * *

Bedeniň gowşaklygy we dürli keseller ýaltalyk daragtynyň miwesidir.

* * *

Ýalta adamy nämedir bir zat üçin bir ýere ibermekçi bolsaň, ol saňa akyl satyp başlar.

* * *

Bikärlik ýaltalygyň netijesidir.

* * *

Lukman Hekim: «Eý, oglum! Ýaltalyk we bikärlikden daşda dur. Sebäbi bu iki häsiýetli bolan adam maksadyna ýetip bilýän däldir» diýýär.

* * *

Tahyr ibn Fazyl: «Ýalta adam müneçjim, gysganç adam tebip bolýandyr» diýýär.

* * *

Apbasly halypasy Mamun: «Göwün elmydama rahatlyk isleýändir. Emma işläp ýadandan soňky rahatlygyň lezzeti başgaçadyr» diýýär.

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Bu dünýäsiniň we ahyretiniň amalyny etmän boş gezip ýören adam meniň üçin iň ýigrenji adamdyr» diýýär.

* * *

Zähmet adamyň abraýyny galdyrar. Bikärlik onuň zaýalanmagyna getirer.

* * *

Kimdir biri bikär gezse, oňa: «Sabat Hajjam» ýaly diýerdiler.

Sabat atly bir adam bolupdyr. Ol adamdaky hapa gany alýan eken. Emma ol bu işi bilen hiç hili meşgul bolmazdy.

Günleriň birinde Ebrewiz oňa gan aldyrýar we oňa köp pul peşgeş berýär. Şondan soň ol onuň goşunynyň ähli esgerlerini hajm edýär. Emma şondan soň bir-iki hepde geçýär welin, hiç kim oňa gan aldyrmaga gelmeýär. Ol bikärlikden ejesiniň ganyny alýar.

Birnäçe gün geçýär welin, hiç hili müşderi gelmänden soňra, ýene-de ejesiniň ganyny alýar. Onuň ejesi köp gan giderip wepat bolýar. Şondan soňra Sabat hajm etmesini goýup, bikärlige ýüz urýar.

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Kyýamat güni ýalta we bikär boş gezen adamlardan has güýçli sorag ediler» diýýär.

* * *

Egerbir adam başga birine: «Seniň sözleriň meniň gulagymdan asylan gulakhalka ýalydyr» diýse, onda onuň bu sözleri: «Men seniň aýdanlaryňy ýatdan çykarmaryn» diýdigidir.

* * *

Jabyr ibn Abdylla Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Bäş zat: alma iýmek, galak-gaçak iýmek, gözüň aşagyndan gan aldyrmak, köp gamlanmak we akar suwa buşugmak ýatkeşligiňe zyýan edýär» diýýär.

* * *

Gadymy kitaplaryň birinde: «Aýallara we doňýürek adamlara huşsuzlik mahsusdyr» diýilýär.

* * *

Bir baý adam gullarynyň adyny hiç ýatda saklap bilenokdy. Ol özüniň iş dolandyryjysyna:

— Indi maňa gul satyn alsaň, ady meşhur atlysyny satyn al — diýip sargaýar. 

Ol gidip, gul satyn alyp gelýär we hojaýynyna:

— Ynha seniň diýşiň ýaly etdim. Onuň ady Wakytdyr — diýýär.

Onda ol baý:

— Indi onuň ady ýadymdan çykmaz. Hany, şu ýere geç, Farkat! — diýýär.

* * *

Abdylkaýs taýpasyndan bir adam ölüm ýassygynda ýatyrka, onuň dogan-garyndaşy:

— Bize näme wesýet etjek? — diýenlerinde, ol:

— Bu dünýäni ýadyňyz ýerindekä terk ediň — diýýär.

* * *

Arap dilinde «zeker» erkek adam diýmekdir. Ol «zekere» ýatlamak işliginden ýasalandyr. Şonuň üçin erkek adama ýatkeşlik mahsusdyr.

«Nisä» aýal diýmekdir. Ol «nesä» ýatdan çykarmak işliginden ýasalandyr. Şonuň üçin hem käbir aýallara huşsuzlyk mahsusdyr.



[1]Sehl ibn Harun ibn Rahybun Abu Amr asly Pars ýurdundandyr. Ol Basra we Ahwaz şäherleriniň arasynda ýerleşen Destimeýsan obasyndandyr. Ol ilki Harun Reşide soňra bolsa Mamuna hyzmat edýär. Harun Reşide hyzmat edende abraýy galyp, Harun Reşit ony Ýahýa ibn Barmakynyň ýerine diwanyň ýolbaşçysy edip belleýär. Mamunyň halypalyk eden döwründe oňa döwlet işlerini dolandyrmagy ynanýar. Ol dana, pelsepeçi we şahyr adam bolupdyr. Şol sebäpli oňa: «Yslamyň Buzurgmehri» diýip at berýärler. Ol özüniň gysgançlygy bilen meşhurdy. Onuň ýazan we beýleki dillerden terjime eden kitaplary örän köpdür.