ELLI ÜÇÜNJI BAP: PÄK GÖWÜNLI BOLMAK, HUDAÝDAN GORKMAK, HAÝYR IŞ ETMEK, HALAL-HARAMY ÝATLAMAK, AÝAL WE ERKEK ADAMLARA DEGIŞLI MESELELER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ELLI ÜÇÜNJI BAP: PÄK GÖWÜNLI BOLMAK, HUDAÝDAN GORKMAK, HAÝYR IŞ ETMEK, HALAL-HARAMY ÝATLAMAK, AÝAL WE ERKEK ADAMLARA DEGIŞLI MESELELER HAKYNDA

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Päkgöwünlilik garyp adamyň baýlygydyr» diýýär.

* * *

Bir gezek Dawut alaýhyssalam beni ysraýyla:

— Eý, beni ysraýyl! Hemmäňiz bir ýere jemleniň, size iki agyz diýjek zadym bar — diýýär. Beni ysraýylyň adamlary Dawudyň öýüniň gapysyna üýşýärler. Dawut olaryň ýanyna gelip:

— Eý, beni ysraýyl! Iýeniňizde halal iýiň we şol iýmiti iýen agzyňyzdan paýyş söz çykarmaň — diýýär.

* * *

Egerhakyky ylym öwrenip, ony kalbyň jümmüşine ornaşdyrjak bolsaň, onda bu durmuşyň aýşy-eşreti bilen kalbyň arasyna demir haýat bina et.

* * *

Süleýman alaýhyssalam: «Özüňdäki aýşy-eşrete bolan islege garşy göreşmek bütin goşuna garşy durmakdan kyndyr» diýýär.

* * *

Bir aýalyň owadan, uzyn saçlary bardy. Günleriň birinde ol saçyny syrdyrýar. Adamlar ondan munuň sebäbini soranlarynda, ol:

— Bir gün öýde otyrkam gapyny ýel açdy. Men öýde kelleýalaňaç otyrdym we gapyny ýapmaga ýönelenimde ýoldan geçip barýan bir adam meniň saçymy gördi. Maňa mährem bolmadyk adamyň gören saçlary gerek däl diýip, men saçymy syrdym — diýýär.

* * *

Päkgöwünli adam hemme kişä ynanýandyr. Sebäbi ol hemme kişini özi ýalydyr öýdýär.

* * *

Halallyk bilen gelen baýlyk ýagyş damjasy kimin damja-damjadan ýygnanýandyr. Emma haram baýlyk sil kimin özi üstüňe akyp gelýändir.

* * *

Bir adam Hajjaçdan gaçyp, dostunyň öýüne gelýär. Myhman alan adamyň nämedir bir işi çykyp gitmeli bolýar. Ol aýalyna:

— Meniň myhmanyma edip bildigiňden haýyr iş etgin we oňa ýagşy seretgin — diýip sargaýar.

Ol adam bir aýdan gaýdyp gelip:

— Meniň myhmanym nähili? — diýip soranda, ol adamyň aýaly:

— Ol kör öýdýän — diýýär.

Ol myhman adamsy ýok aýala seretmezlik üçin gözüni ýumup ýere seredip oturar eken.

* * *

Beninemirden bir adam ýoldan geçip barýan bir aýala seredip:

— Bu aýal hor eken — diýýär.

Onda ol aýal:

— Eý, beni nemirliler! Siz ne Allanyň, ne-de şahyryň diýenini edýärsiňiz. Allatagala: «Eý, Muhammet! Möminlere aýt, goý, gözlerini gorasynlar» diýdi — diýýär.

Şahyr bolsa şeýle diýýär:

Zenanyň ak topugyna seredenden,

Seret ite, bolmaz günäň artyk çenden.

Ol aýal bu goşgyny aýdyp, ýoluny dowam etdirýär.

* * *

Ähli rowaýatçylar we taryhçylar Omar ibn Abu Rabygany iň päkgöwünli adam hasaplaýardylar.

* * *

Bir gezek Hasan Basra:

— Pylanynyň on müň dinary bar — diýenlerinde, ol:

— Ony halal ýol bilen ýygnandyr öýdemok — diýýär.

* * *

Halal iýeniňizde doýup iýmäge endik etme, sebäbi halaldan doýmadyk günüň harama ýüz urmagyň mümkin.

* * *

Bir gezek Kahmas ibn Hasan Hanapy[1]bir dinar ýitirýär. Ol egindeşleri bilen ol bir dinary gözläp-gözläp tapýarlar. Emma Kahmas: «Mümkin bu dinar meniňki däldir» diýýär we ol dinary almakdan ýüz dönderýär.

* * *

Ibn Sirin düýşünde-de zenan maşgala görse ýüzüni sowardy.

* * *

Käbir adamlar: «Ibn Siriniň düýşündäki takwalygy biziň huşumyzda bolsady» diýip arzuw edýärdiler.

* * *

Bir gün Ýunus ibn Ubeýdiň öýünde mejlis bolýar. Ol mejlisde her kim: «Dinde we durmuşda iň esasy zat näme?» diýip jedel edýärler. Biri namaz diýse, ýene-de biri oraza diýýär. Biri sadaka bermek diýse, ýene-de biri haj etmek diýýär. Onda Hasan ibn Abu Sennan[2]:

— Adam üçin dinde-de, durmuşda-da iň esasy zat Hudaýdan gorkýan ýürekdir. Ol bolmasa ol adam namazam, orazanam, hajam, sadakanam bilmez — diýýär.

* * *

Mahmyt Warrak şeýle diýýär:

Ynsan ýüregini baýlyk söýgüsi gaplasa,

Ol ýürekde Hudaýa gorky galarmy, eýse.

* * *

Ibn Mübärek: «Abu Hanypa özüne gyrnak satyn almak isledi. Ol gyrnak alsam gowumy ýa-da almasam diýip, on ýyl oýlandy we adamlar bilen maslahatlaşdy» diýýär.

* * *

Bir gezek Kufadaky iki obanyň goýun sürüsi goşulýar. Bu habary eşiden Abu Hanypa goýun çopanlarynyň birinden:

— Goýun näçe ýyl ýaşaýar? — diýip soraýar.

Onda ol çopan:

— Ýedi ýyl — diýip jogap berýär.

Abu Hanypa kişi malyny iýmezlik üçin ýedi ýyllap goýun etini iýmeýär.

* * *

Bir gezek apbaslylar halypasy Mansur Abu Hanypa bir gapjyk pul goýberýär. Abu Hanypa ol gapjygy öýüň künjegine zyňyp goýberýär. Abu Hanypa wepat bolandan soňra onuň ogly Hammat Hasan ibn Kahtamanyň[3] ýanyna baryp, oňa:

— Kakam maňa şu amanady gaýdyp bermegi wesýet edipdi — diýýär we Mansuryň gapjygyny gaýdyp berýär.

Onda Hasan ibn Kahtama:

— Amanada hyýanat etmeýän kakaňa Alla rehim etsin we seni öz penasynda aman saklasyn — diýýär.

* * *

Sufýan Söwri: «Eliňdäki dirhemiňe seret, ony nähili gazananyňy ýadyňa sal. Sebäbi owal-ahyr sen ol dirhem üçin hasabat bermeli bolarsyň» diýýär.

* * *

Jabyr Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Haram iýip tenine et biten adam jennete girmez. Onuň bu eti dowzahda ýanmaga mynasypdyr» diýýär.

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Şeýle wagt geler adamlar gazanan maly-mülki halaldanmy, haramdanmydygyna pitwa berip durmazlar» diýýär.

* * *

Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Allatagala haram iýip ýaşan bedene jenneti haram etdi» diýýär.

* * *

Huzeýfa Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär: Muhammet pygamber: «Käbir adamlar dag ýaly sogaplary bolsa-da, Allatagala bu sogaplary biderege çykaryp, ol adamy dowzaha oklar» diýýär.

Selman Parsy:

— Eý, Resulalla! Ol näme sebäpden? — diýip soraýar.

Onda Muhammet alaýhyssalam:

— Ol adamlar namaz hem okadylar, oraza hem tutdular, haýyr-sogap hem etdiler. Emma haram baýlyk görseler, oňa-da açgözlük bilen topuldylar — diýýär.

* * *

Eýmen ibn Hadym şeýle diýýär:

Ýaş wagtyň haram iýip, döwran sürdüň sen,

Haýry ýokdur garranyňda toba etseň hem.

* * *

Abu Süleýman Darany: «Kim-de kim bu dünýäniň haram aýşy-eşretini terk edip bilse, onda ol adama dowzah ody haramdyr» diýýär.

* * *

Bir gezek Süleýman Hawwas bilen Ybraýym ibn Edhem saparda gidip barýarkalar, bir kowum olary myhmançylyga çagyrýar. Onda Süleýman Hawwas: «Eý, Abu Yshak! Eger olaryň bize hödür edýän zatlary halal gazanylan bolsa, myhman bolmak iň ýagşy zatdyr» diýýär.

* * *

Merwan ibn Mugawyýa[4]: «Sufýan Söwriniň dogany bardy. Onuň Sufýana pul bergisi bardy. Sufýan doganynyň bergiden çykyp, başy dynç ýaşamagyny islärdi. Ol doganyny özüniň dükanyna getirip, harytlaryny satdyrardy we bergisini geçerdi» diýýär.

* * *

Iň lezzetli zat Allatagala päk ýürek bilen ybadat etmekdir.

                                      * * *

Egerbaý bolsaň, adamlara haýyr-yhsan bilen kömek et. Eger garyp bolsaň, päk ýürekli bol.

* * *

Dana: «Meniň üçin päkgöwünli bolmak iň uly lezzetdir. Kimdir biri kyn ýagdaýda saňa kömek edip soňundan minnet edeninden, şol kynçylyga sabyr edip başyndan geçir» diýýär.

* * *

Bir gezek Ibn Museýýibe:

— Hajjaja lagnat aýt! — diýenlerinde, ol:

— Hemmeler Hajjaçdan zulum görüp, Hajjaç hem menden zulum görsünmi? Ählimiziň günä-sogabymyzy Allatagala ölçeýändir — diýýär.

* * *

Hasan Basry: «Eger halal çörek tapsam, men ony üwäp, täzeden una öwürerdim we derdime derman ederdim» diýýär.

* * *

Bir adam Sufýan ibn Söwrä:

— Meniň eşigimden Käbä sepilen atyryň ysy gelip dur — diýende, Söwri:

— Eşigiňi ýuw. Bu atyryň ysy üçin örän köp musulmanlaryň gany dökülendir — diýýär.

* * *

Fazylyň ogly Aly: «Biziň bir goýnumyz bardy. Günleriň birinde ol goýun ýatagyndan çykyp, bir baý emiriň mellegindäki otdan iýipdir. Bu barada kakama aýdanymdan soň, kakam bu goýnuň süýdüni hiç haçan içmedi» diýýär.

* * *

Ybraýym ibn Edhem: «Men Şamda ýigrimi dört ýyldan bäri ýaşaýaryn. Men bu ýere jyhat üçin ýa-da aňsat ýaşaýyş gözläp gelmedim. Men Şama halal çörek iýmek üçin geldim» diýýär.

* * *

Göwni päk adam zandy ýaman işlerden, pyssy-pyjurlykdan daşdadyr.

* * *

Günleriň birinde Ibn Möwla Medeni emewiler halypasy Abdylmälik bilen päk ýüreklilik we ýagşy gylyk-häsiýet hakynda gürleşip oturýarlar. Şonda Ibn Möwla[5]şeýle diýýär:

Men agladym, emma Leýla aglamady,

Ol ok atdy, emma beden tyglanmady.

Onda Abdylmälik:

— Seniň Leýla diýeniň kim? Eger ol biriniň gyzy bolsa, men oňa seni öýereýin. Eger ol gyrnak bolsa, onda men ony saňa satyn alyp bereýin — diýýär.

Ibn Möwla:

— Eý, möminleriň emiri! Olaryň ikisi hem däl. Men kimdir biriniň gyzyny ýa-da gyrnagyny wasp edip bilmezdim. Meniň Leýla diýenim meniň ýaýymdyr. Men Leýla diýip öz ýaýyma at berdim we ony goşgymda wasp edýärin — diýýär.

* * *

Bir gezek Äşe (goý, Alla ondan razy bolsun!) Muhammet alaýhyssalamdan:

— Eý, Resulalla! Mömin adam nähili bolmalydyr? — diýip soranda, ol:

— Ir bilen turup, eline iýjek çöregini alyp, ony nähili gazanandygy hakynda oýlanýan adam mömindir — diýýär.

Äşe:

— Eý, Resulalla! Olar hem gün görmelidir we ýagşy ýaşaýyşa ymtylmalydyr ahyryn — diýende, Muhammet alaýhyssalam:

— Hawa! Olar zähmet çekip gün görmelidir. Emma bu dünýäniň maly-mülküne aşyk bolman, halal ýaşaýyşa ymtylmalydyrlar — diýip jogap berýär.

* * *

Ybraýym ibn Mäti apbaslylar halypasy Mamundan gaçyp, daýzasy Zeýnep bint Abu Japaryň[6]öýüne gelýär. Zeýnep oňa hormat etmek üçin bir Melek atly gyrnagy berýär. Ol gyrnak diýseň edepli we owadan gyzdy. Ybraýym ibn Mäti oňa aşyk bolýar. Günleriň birinde ol gyrnaga seredip goşgy aýdýar. Ol şeýle diýýär:

Oňa gazal aýdýaryn, diňe ol meň şypadarym,

Ak gollaryn uzatsa, arzuwym — golun ogşaryn.

Emma men bu ýerde myhman,

Myhmanyň ýagşysy — edebin saklan.

Ybraýym ibn Mäti bu ýerden gidenden soň, ol gyrnak Ybraýymy küýseýär. Gyrnak bikesiniň ýanyna baryp, Ybraýymy söýýändigini aýdýar. Onda Zeýnep:

— Bar, onuň ýanyna git we meniň seni oňa bagyş edendigimi habar ber — diýýär.

Ol Ybraýymyň ýanyna baryp:

— Ahyrynda maksadymyza ýetdik. Meniň bikäm meni saňa bagyş etdi. Men hem bagyş edilen hem bu habary saňa ýetirýän ilçidirin — diýýär.

Onda Ybraýym:

— Men öň saňa ýakynlaşan bolsam, onda amanada hyýanat etdigim bolardy. Indi bolsa sen meniňki bolduň — diýýär.

* * *

Muberret şeýle diýýär:

Aýşy-eşret meni erbetlige çagyrdy,

Emma utanç-haýam meni ýazgardy.

Haramdyr şer işe uzatsam elim,

Şolbada kesilsin iň soňky demim.

* * *

Isa alaýhyssalam: «Hiç bir adama erbet göz bilen seretmäň. Gözüňi erbet niýet bilen seretmekden gorasaň, owratyňy günä işden gorarsyň. Eger sen haram aýalyň köýnegine seretmän oňup bilýän bolsaň, onda şoňa seretme. Eger başarmasaň, Allanyň şerigatyny ýerine ýetirip, soňra seret» diýýär.

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Omar ibn Abdyleziz hyzmatkärleriniň birine rihl[7] getirmegi emr edýär. Birnäçe wagtdan ol hyzmatkär owadan ýasalan rihl getirýär. Omar ibn Abdyleziz bu rihli görüp, haýran galýar we ol hyzmatkärden:

— Muny nireden aldyň? — diýip soraýar.

Ol hyzmatkär:

— Beýtil malyň hazynalarynyň birinde agaç bölejigi ýatan eken. Men ol agajy alyp rihl ýasadym, ynha-da şol — diýýär.

Onda Omar ibn Abdyleziz ol hyzmatkäre:

— Rihli bazara alyp git-de sat. Düşen puly agajy alan ýeriňe eltip goý — diýip emr edýär.



[1]Kahmas ibn Hasan Hanapy. Beni hanypa taýpasyndan bolup, örän salyh adamlaryň biri. Ol azan aýdýardy. 149-njy hijri ýylynda wepat bolýar.

[2]Abu Abdylla Hassan ibn Abu Sennan Basry. Ol dindar, sadyk we Basranyň baý täjir adamlarynyň biri bolupdyr. Ahwaza söwda üçin köp giderdi. Ol köp ybadat edýän adamdy.

[3]Hasan ibn Kahtama Taýy. Apbaslylar döwletiniň ilkinji serkerdeleriniň biri. Ol 98-nji hijri ýylynda eneden dogulýar. 136-nji hijri ýylynda Mansur ony Ermenistana, 137-nji hijri ýylynda bolsa, Sana häkim belleýär. Soňra ony Abu Müslim Horasana Abdylla ibn Alyny öldürmek üçin kömekçi edip belleýär. 140-njy hijri ýylynda Mansur ony we Abdylwahhap ibn Ybraýymy ýetmiş müň goşuna baş edip, Malatyýa ýörişe ugradýar. Ol Malatyýada uly meşhurlyga eýe bolýar. 181-nji hijri ýylynda Bagdatda wepat bolýar

[4]Merwan ibn Mugawyýa ibn Harys ibn Esma ibn Haryja Fezary. Mekgede we Damaskda ýaşan ygtybarly hadys aýdan adamlaryň biri. Ol 193-nji hijri ýylynda aradan çykýar.

[5]Muhammet ibn Abdylla ibn Müslim. Emewileriň we apbaslylar diwanynyň köşk şahyry. Ol Medinede doglup, şol ýerde önüp-ösýär. Medinede Abdylmäligi öwüp goşgy ýazýar. Soňra apbaslylar döwleti dörände Medinäniň emiri Japar ibn Süleýman Haşymyny we Ýemäme emiri Kasam ibn Apbasa bagyşlap goşgy ýazýar. Soňra Yraga gidip, Mätä bagyşlap goşgy goşýar. Iň soňunda-da Müsüre gidip, Ýezit ibn Hatym ibn Kabysa Mehlebini öwüp goşgy goşýar we oňa hyzmat edýär. Ol akylly we päk ýürekli adam hasaplanypdyr.

[6]Zeýnep bint Abu Japar Mansur Mätiniň gyz doganydyr. Ol hakynda başga maglumat ýokdur.

[7]Rihl – Gurhanyň aşagyna goýulýan agaç.