ELLI BÄŞINJI BAP: YŞK, YŞKYŇ UGRUNDA GURBAN BOLMAK, OŇA GUL BOLMAK WE OLARA REHIM EDENLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ELLI BÄŞINJI BAP: YŞK, YŞKYŇ UGRUNDA GURBAN BOLMAK, OŇA GUL BOLMAK WE OLARA REHIM EDENLER HAKYNDA

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kim aşyk bolsa, aşyklyga wepaly bolup, ony gizlin saklasa, birdenkä wepat bolaýsa-da, ol şehit hökmünde öler».

* * *

Hezreti Äşe gyrnagy Berirany[1] azat edipdir. Onuň ýoldaşy Mugys[2] garaýagyz eken. Äşe oňa ýoldaşy bilen bile ýa-da aýry ýaşamak meselesinde ony öz ygtyýaryna goýupdyr. Ol onuň bilen aýry ýaşamagy saýlapdyr. Berira Käbäniň daşyndan aýlanyp togap edýärkä, Mugys onuň yzyndan aýlanyp togap edýär eken, gözlerinden bolsa boýur-boýur ýaş döker eken. Muhammet alaýhyssalam hem muňa seredip duran eken we ol agasy Apbasa:

— Eý, agam, Mugysyň Berira bolan söýgüsini görmeýärsiňmi? Eger onuň bilen gürleşip, ikisini birleşdiräýsek nähili bolar? — diýipdir.

Soň olar Berirany çagyryp, bu meseläni gozgapdyrlar.

Onda Berira:

— Eý, Allanyň resuly, eger sen emr etseň, ýerine ýetirerin — diýipdir.

Onda Resulalla:

— Ýok, bu emr däl, diňe şepagat edýärin — diýipdir. Ol hem onuň bilen nikalaşmagy ret edipdir.

Rawy şeýle diýipdir: «Resulalla hem Mugysyň yşgynyň güýçlüdigini görüp, Berira haýyş edipdi».

* * *

Ýahýa ibn Mugaz Razy şeýle diýipdir: «Allatagala maňa azaby ynsanlaryň arasynda paýla diýsedi, aşyklara azapdan ýekeje ülüş hem bermezdim».

* * *

Süleýman ibn Abdylmäligiň biri-birlerini söýýän hyzmatkär ýigidi bilen hyzmatkär gyrnagy bar eken. Ýigit gyza şeýle hat ýazypdyr:

Men seni düýşümde gördüm, öpemde,

Gülgün lebiň şerap doly pyýala.

Ýüpek saçlaryňy sypar ellerim,

Bir düşekden turýarys hamala.

Oýandym, ýöne hiç daňym atmady,

Seni küýsäp, näçe günläp ýatmadym.

Gyz hem şeýle jogap gaýtarypdyr:

Gözüň aýdyň, menem gördüm şol düýşi:

Sen – meniňki, görip bagryny diler,

Meniň goýnum - seniň mekanyň bolar.

Gülzarlykdan bilbil uçanda gördüm.

Seni gujagymyň içinde gördüm.

Bu waka Süleýmanyň gulagyna ýetip, olaryň ikisiniň nikasyny gyýypdyr we olara öý goşlaryny beripdir.

* * *

          Jahyz[3] şeýle diýipdir: «Yşk – muhabbetiň çägini geçenzatdyr. Isrip – sahylygyň çägini aşan zatdyr. Gysgançlyk – ätiýaçly harçlamagyň çägini geçen zatdyr».

* * *

Eflatundan:

— Yşk näme? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Aýralyk derdi — diýip jogap beripdir.

* * *

Çarwa arapdan:

— Saňa pylan gyzy beýle söýdüren zat näme? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Men elmydam ony ýatlaýan. Biziň aramyzda Taýyf[4] jülgesi ýatyr. Emma men onda-da her gezek ony ýatlanymda, müşküň ysyny duýýaryn — diýip jogap beripdir.

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Yşk – aýra düşen kalba tötänden duçar bolan näbelli zatdyr».

* * *

Harun Reşit bir adamdan:

— Yşkdan hem has güýçli bolan zat näme? — diýip sorapdyr.

Ol hem:

— Soganyň ysynyň seniň üçin müşküň we beýleki zatlaryň ysyndan hem has ýakymly bolmagy — diýipdir.

* * *

Şebip uýasy Besinäniň ýanynda onuň söýgülisi Jemili[5] görüpdir. Ol onuň üstüne topulyp, ony ýenjipdir. Soň Şebip Mekgä gelipdir. Ol ýerde Jemil hem bar eken. Jemile: «Sen Şebipden habardar bol, ol ýene geldi» diýip, oňa gyjalat beripdirler. Onda Jemil olara şeýle diýipdir:

Aýtdylar: «Eý, Jemil, onuň dogany geldi»,

Men aýtdym: «Söýgülimiň dogany söýgüli geldi».

* * *

          Abdylla ibn Ajlan Nahdy[6] meşhur aşyklaryň biridir. Onuň söýgülisini başga birine durmuşa çykarypdyrlar. Ol söýgülisiniň eliniň onuň ýanýoldaşynyň egninde ony gujaklap ýörkä görüpdir we muňa namys edip, gaýgy-gamdanölüpdir.

* * *

Muhammet ibn Abdylla ibn Tahyr perzentlerine şeýle diýipdir: «Bagyşlamagy başaryň, abraýly bolarsyňyz, aşyk boluň, paýhasly bolarsyňyz».

* * *

Yşkyň başy bakyşdyr, ýangyn başy uçgundyr.

* * *

Aly ibn Ubeýda Reýhany[7] öz söýgüli gyrnagynyň ýanyna barypdyr. Ony öz doganlarynyň ýanynda gujaklapdyr. Soň öýle namazynyň wagty gelipdir. Hemmeler namazyny okapdyrlar. Olaryň ikisi bolsa gürrüňleşip oturan. Hatda, tas namazyň wagty geçen eken.

Oňa:

— Eý, Abylhasan, namaza — diýip ümläpdirler.

Ol:

— Siz okaberiň, gün öýleden agýança okap ýetişerin, heniz wagt bar — diýipdir. Ol: «Gyrnak turýança entek wagt bar» diýmek isläpdir.

* * *

Bir adam bir gyza aşyk bolupdyr. Ondan:

— Ony söýmäge näme sebäp boldy? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Aý onuň üstündekä, beýlekileriň üstünde durandan has owadan görünýär — diýipdir.

* * *

Kim öz nebsine tabyn bolup talaga baş ursa, onuň ýoly azaply bolar.

* * *

Bir gyza aşyk bolan ýigit barada şeýle diýipdirler: «Onuň ýüregi ogurlandy, ruhy sogruldy».

* * *

Aşyk bolan bir çarwa arap şeýle diýipdir: «Men oňa ýüregimi berdim, onuň näzi meni ýaralady, onuň ýüregi meniň bilen birleşdi».

* * *

Leýla Amyryýe[8] Kaýs[9] barada şeýle diýipdir:

Ol öz erki bilen bolmady Mejnun,

Meniň öz bolşum ýaly, bolmagym Hakdan.

Oňa syr açdyrdy höwesi mejbur,

Gizlin gurban boldum, men syry saklap.

* * *

Mälik ibn Dinar gije bir öýüň deňinden geçip barýarka, öýden şeýle ses eşidilipdir:

Eý, hojaýyn, geldi günäkär guluň,

Senden gaharlýlaň islegin isläp.

Günälerim nygmat edip bagyşla,

Bergin oňa islän zadyn höwesläp.

Mälik bu sözleri eşidip, durupdyr we aglapdyr. Aýdyjy bolsa ýaňky sözleri gaýgyly ýagdaýda gaýtalap durupdyr. Daň atyp ugranda, ýaňky aýdyjy şeýle diýipdir:

Eý, görmegeý näzli birehim ýar,

Jemalyňa aşyk muny aýdýar.

Mälik ibn Dinar bolsa: «Eý, pasyk! Sen Alladan başgasyna ýalbarýan ekeniň-ow» diýip gidiberipdir.

* * *

Halypa Mütewekkiliň[10] dosty Feth ibn Hakan[11] şeýle diýipdir:

Azap çekýän, eý, aşyk, kanagat kyl, sabyr et,

Söýgini dost tutýanlaryň geçilýändir günäsi.

Gazawatdan, hajdan zyýat, günäni aýrar söýgi,

Söýgiň şeýle gudratynyň güwäsi men, güwäsi.

* * *

Omar ibn Abu Rabyga[12] şeýle diýipdir: «Men iki aýalymyň arasyndadym. Biri söýýärdi, biri dişleýärdi. Söýýäniň berýän lezzeti zerarly dişleýäniň agyrysyny duýmaýardym».

* * *

Reýsan Uzry şeýle diýipdir:

Söýgim üçin başym çapsalar eger,

Uçar-da söýgimiň yzyndan eňer.



[1]Hezreti Äşe ony Utba ibn Abu Lehepden satyn alýar we azat edýär.

[2]Abu Ahmet ibn Jahş Esediniň azat eden guly. Ol Medinäniň içinde Beriranyň yşkynda sergezdan bolup gezipdir.

[3]Amr ibn Bahr ibn Mahbup Kenany – edebiýatçy alym. Jahyz diýip lakam bermekleriniň sebäbi gözüniň möle bolanlygy üçindir. 163-nji hijri ýylynda Basrada dünýä inip, 225-nji hijri ýylynda hem şol ýerde wepat bolupdyr. Uly edebiýat alymy we mugtezile mezhebiniň Jahyzyýe akymyny esaslandyryjy. Ömrüniň ahyrynda ysmaz keseline ýolugypdyr. Onuň birnäçe ugurlara degişli kitaplary bar.

[4]Taýyf – Saut Arabystanda ýer ady.

[5]Jemil ibn Abdylla ibn Muammar Azeri Kazagy Abu Amr - şahyr. Besine atly bir gyza aşyk bolupdyr. Şygyrlarynyň köpüsi nesib (arap kasydasynda mowzugy yşk bolan başlangyç kysym) we gazal (söýgi şygyrlary) görnüşinde ýazypdyr. Emewi halypasy Abdyleziz ibn Merwanyň ýanyna Müsüre gidipdir. Halypa oňa hormat goýup, ol ýerde Jemile ýaşamaga öý beripdir. Ol ýerde az wagt ýaşansoň, 82-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Onuň «Jemil-Besine» atly kitaby bar.

[6]Jahylyýet döwrüniň şahyry.

[7]Abylhasan Aly ibn Abyda - Reýhany ady bilen belli bolan kätip. Halypa Mamunyň döwründe ýaşap geçipdir. Onuň edebiýata degişli birnäçe eserleri bar.

[8]Leýla binti Sagt ibn Mäti ibn Rabyga ibn Haryş ibn Kagp ibn Rabyga ibn Sagsaga – «Leýli-Mejnun» dessanynyň gahrymany bolan Leýli.

[9]Kaýs ibn Meluh ibn Muzahym ibn Ades ibn Rabyga ibn Şagda ibn Kagp ibn Rabyga ibn Amyr ibn Sagsaga – «Leýli-Mejnun» dessanynyň gahrymany bolan Mejnun.

[10]Mütewekkil – apbasy halypasy Mütewekkil Alallah Japar ibn Muhammet (Mugtasym Billä) ibn Harun Reşit 206-njy hijri ýylynda Bagdatda dünýä inipdir. 232-nji hijri ýylynda dogany Wasyk wepat bolansoň onuň halypalygyna ykrar edilýär. Ol diýseň jomart bolupdyr. Halypalygyň merkezini Samarradan Damaska göçüripdir. Ýöne ol ýeri halamaýar we ýene Samarra gaýdyp gelipdir. Şol ýerde hem ogly Muntasyryň gatnaşmagy bilen gurnalan dildüwşik netijesinde 247-nji hijri ýylynda öldürilipdir.

[11]Mütewekkiliň weziri we dosty.

[12]Omar ibn Abdylla ibn Abu Rabyga Mahzumy Kuraýşy – şahyr. Hezreti Omaryň ýogalan gijesi dünýä inensoň, oňa Omar diýip at goýupdyrlar. Kuraýyşlaryň iň uly şahyrlarynyň biri bolup, esasan gazal görnüşinde goşgy aýdar eken. Omar ibn Abdyleziz ony Dehlege iberýär. 93-nji hijri ýylynda gark bolup wepat bolupdyr.