ELLI ÝEDINJI BAP: AMAL, ZÄHMET, ÝADAWLYK, TAGALLA, NIÝET, MAKSAT, UGURTAPYJYLYK, HOWLUKMAÇLYK, DUŞMANÇYLYK, IŞLERI HOWLUKMAN ÝERINE ÝETIRMEK, AMATLY PURSATDAN PEÝDALANMAK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ELLI ÝEDINJI BAP: AMAL, ZÄHMET, ÝADAWLYK, TAGALLA, NIÝET, MAKSAT, UGURTAPYJYLYK, HOWLUKMAÇLYK, DUŞMANÇYLYK, IŞLERI HOWLUKMAN ÝERINE ÝETIRMEK, AMATLY PURSATDAN PEÝDALANMAK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Amallaryň iň ýagşysy az hem bolsa dowamly bolanydyr».

* * *

Hezreti Äşe şeýle diýipdir: «Onuň (pygamberiň) amaly dowamly ýagyp duran ýagyş ýaly nurludy».

* * *

 Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Dowamly bolan azlyk, bizarlyk döredýän köplükden gowudyr».

* * *

            Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Amallaryň iň gowusy seniň nebsiň söýmeýän amalydyr».

* * *

Töwratda şeýle diýlipdir: «Elleriňi hereketlendir, saňa rysgal gapysy açylar».

* * *

Dawut Taýy[1] şeýle diýipdir: «Sen söweşe gitjek bolup duran söweşijini gördüňmi? Ol ýaraglaryny jemlemeýärmi? Eger onuň ömri ýarag jemlemek bilen geçse, haçan söweşsin? Ylym hem amalyň ýaragydyr. Eger ömür ony jemlemek bilen geçse, haçan amal etsin!»

* * *

Ybraýym Edhem[2] hakyna tutma bolup, suw çekýän, mal bakýan we işleýän eken. Ol adamlaryň baglaryna, bakjalaryna we ekinlerine garawulçylyk edip, gündizlerine hasyllaryny ýygnap berýär eken we gijelerine bolsa namaz okaýar eken.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Öwrenmek isleýän ähli zadyňyzy öwreniň. Siz tä onuň ylmyny öwrenýänçäňiz, Allatagala onuň bilen size peýda bermez. Sebäbi alymlaryň maksady ylmy saklap öwrenmekdir, akmaklaryň maksady ony gürrüň bermekdir».

* * *

Ibn Mesgut[3] şeýle diýipdir: «Ylmy ýat tutýanlardan bolup, ony gürrüň berýänlerden bolmaň. Sebäbi ylmy öwrenmek nadanlykdan saplaýar. Gürrüň bermek bolsa nadanlykdan saplamaýar».

* * *

Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Amal edilmeýän ylymdan peýda ýokdur. Dogrudan hem öwrenilen köp ylym eger onuň bilen amal edilmese, nadanlygy artdyrýar».

* * *

Mälik ibn Dinar[4] şeýle diýipdir: «Eger alym ylmy bilen amal etmese, ýagmyryň arassa ýeri palçyga öwrüp bilişi ýaly, onuň edýän wagyzlary hem kalplary bulaşdyryp biler».

* * *

Şebip ibn Selim Esedi[5] şeýle diýipdir: «Biz hajdan gelýärkäk Hasan Basrynyň ýanyna bardyk. Ol biziň üçin doga etdi we bizden:

— Siz ylym ugrunda syýahat edýänsiňiz öýdüp pikir edýän? — diýip sorady.

Biz:

— Ýok — diýip jogap berdik.

Ol:

— Sizden we olardan Alla saklasyn. Sebäbi ylym ugrunda syýahat edýänlerden hem biri bäş ýüz hadys ýazsa, soň onuň bilen amal etmese, Allatagala ol barada harpma-harp (jikme-jik) sorar — diýdi».

* * *

 Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Bir adam Resulallanyň ýanyna geldi we ondan:

— Menden nadanlygyň delilini näme inkär eder? — diýip sorady.

Ol:

— Ylym — diýdi.

Ol adam:

— Menden ylmyň delilini näme inkär eder? — diýdi.

Resulalla:

— Amal — diýdi».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Akylly öz nebsini tanaýan we ölüminden soň hem ybadat edýän kişidir. Ejiz ilki özüniň nebsiniň haý-höweslerine boýun bolup, soň Alladan dileg edýän kişidir».

* * *

Muhammet alaýhyssalam ogly Ybraýymyň[6] guburynyň kerpijiniň üstünde bir gädik görüpdir we ol ýeri ýapmagy buýrupdyp. Soň bolsa, şeýle diýipdir: «Bu hiç hili peýda hem, zyýan hem bermeýär. Ýöne bir bende amal etse, Allatagala onuň ol işi kämil etmegini söýýär».

* * *

Awzagy[7] şeýle diýipdir: «Allatagala bir millete şer bermek islese, olara jedel berer we olaryň amal etmeklerine böwet bolar».

* * *

Diňe ýagşy nebsi bilen ynsan ynsan bolýandyr,

Ýagşy işler etmek üçin nebsiň ýola salýandyr.

* * *

Omar ibn Abdyleziz[8] şeýle diýipdir: «Hakykatdan hem gije bilen gündiz seniň bähbidiňe işleýär, sen olary olja hasapla, amal et».

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Akyly ylymdan, ylmy halymlykdan[9], halymlygy dogruçyllykdan, dogruçyllygy amaldan, amaly pespällikden has bezeýän başga hiç zat ýokdur».

* * *

Abdylla ibn Saýyp[10] şeýle diýipdir: «Dirileriň eden amallary o dünýädäki ýogalan garyndaşlaryna görkezilýändir. Şonuň üçinem merhumlaryňyzy gynandyrmaň».

 

* * *

Abbat Hawwas[11] Palestinanyň emiri Ybraýym ibn Salyhyň[12] ýanyna barypdyr. Ybraýym oňa:

— Maňa wagyz et — diýipdir.

Abbat hem oňa:

— Alla seniň işleriňi oňuna etsin. Meniň eşidişime görä, dirileriň edýän amallary ölüp giden dogan-garyndaşlaryna görkezilýär. Sen seret, öz amalyňdan Resulalla näme hödürleýärsiň? — diýipdir.

Onuň bu sözüne Ybraýym aglap başlapdyr, hatda onuň gözlerinden ýaş akypdyr.

* * *

Abu Eýýup Ensary[13] şeýle diýer eken: «Eý, Allam, meni Abdylla ibn Rawahany utandyrjak amal etmekden sakla diýip, saňa sygynýaryn».

Resulalla Abu Eýýup Ensary bilen sahaba Abdylla ibn Rawahany dogan okaşdyrypdy. Abdylla ibn Rawaha ondan öňürti wepat bolupdy.

* * *

 Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Amalyň kabul boljagyna amaldan-da artyk yhlas görkeziň».

* * *

Mutarraf[14] şeýle diýipdir: «Rebbimiň maňa: «Näme öwrendiň?» diýmegi «Bilýän zadyň bilen näme amal etdiň?» diýmeginden has gowudyr».

* * *

Darany[15] şeýle diýipdir: «Ynsanyň dostunyň we maşgalasynyň ýanynda amal etmegi gizlin hasaplanar. Sebäbi ol ony olardan gizläp bilmez».

* * *

Ubeýdylla ibn Süleýman[16] bir gezek Abul Yna[17]:

—    Meni ötünçli bil, meniň entek elim boş däl — diýipdir.

          Onda ol:

          — Eýsem-de bolsa, eliň boşanda, meniň saňa mätäçligim ýok. Eliň boşandan soň seni näme edeýin — diýipdir we şu beýdi aýdypdyr:

«Elim boş däl» diýip, menden ötünç sorama,

 Muňa bagly zady aýdan ýaly hamana.

* * *

Soltanlaryň biri özüniň ýanyna haýyş bilen gelen bir adama özüniň işlidigini aýdypdyr, onda ol içinden: «Sen hiç haçan boş bolmaweri» diýip dileg edipdir.

 

* * *

Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz.

* * *

Omar ibn Habyp[18] tehejjüt[19] namazyny okap gutaranda şeýle diýer eken: «Rahatlyk, rahatlyk. Ýaryş, ýaryş. Siz ýaryşda öň geldiňiz, suwa we kölegä ýetdiňiz. Kim suwsasa, suw, kim yssylasa, kölege gözleýändir».

Ol bir gezek özüniň bagynda hyzmatkäri bilen gezip ýören eken. Şol wagt azançy azan aýdyp başlapdyr.

Hyzmatkär oglan:

— Allahu ekberu ekber (Alla iň beýikleriň iň beýigidir)[20] — diýip, azançynyň aýdýanlaryny gaýtalapdyr.

Onda ol:

— Sen menden öňürtilediň, Allany has beýgeltdiň. Şonuň üçin sen azat, bu hurma bagy hem seniňki — diýipdir.

* * *

Ubeýd ibn Umeýr[21] şeýle diýipdir: »Mujtehitler[22] geçmiş bilen oýnaýan ýaly bolmaly däldir, olar her bir işlerini akylly-başly çözmelidirler».

* * *

Eger haýsydyr bir işiň alajyna üns berilse, onuň gapylary açylar.

* * *

Pylany öz işinde göýä duýduryjy kazy ýaly.

* * *

Pylany akanda suwdan çalasyn, süýnende ýyldyzdan çalt.

* * *

Ol şeýle bir çakgan welin, kölegesi onuň yzyndan ýetip bilenok.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Çalt ýöremek möminiň gözelligini giderýär».

* * *

Adyý ibn Arta bir gezek Yýas ibn Mugawyýa:

— Sen çalt ýöreýärsiň! — diýipdir.

Onda ol:

— Bu ulumsylykdan uzaklaşmak we işlerime howlukmak üçin — diýipdir.

* * *

Eswet ibn Ýezit ybadaty köp eder eken. Ol yssy günlerde hem agyz beklär eken, hatda bedeni göm-gök bolup, öýle yssysyndan ýaňa dilleri gurap gider eken.

Bir gezek Alkama[23] oňa:

— Bu bedeniňe näçeräk azap berýärsiň? — diýipdir.

Onda ol:

— Eý, Abu Şebil, ýagdaý diýseň agyr, muňa gaýrat gerek, gaýrat — diýipdir.

* * *

Millet diňe tagalla bilen gaýratly bolar.

* * *

Är zähmeti bilen, at ýüwrükligi bilen, gylyç kesgirligi bilen tanalýar.

* * *

Isa alaýhyssalam bir gezek:

— Näme bilen meşgul bolýarsyň? — diýip, bir adamdan sorapdyr.

 Ol:

— Alla ýolunda ybadat edýärin — diýip jogap beripdir.

Isa alaýhyssalam:

— Onsoň seniň aladaňy edýän barmy, seniň halyňdan habar alýan kim? — diýip ýene sorapdyr.

Ol:

— Doganym! — diýip jogap beripdir.

Onda Isa alaýhyssalam:

— Doganyň bolsa, ol senden hem köp sogap gazanýar — diýipdir.

* * *

It keýigiň yzyndan kowalap barýan eken.

Keýik ite garap:

— Sen meniň yzymdan ýetip bilmersiň — diýipdir.

It:

— Ol mäme üçin? — diýip sorapdyr.

Keýik:

— Sebäbi men öz janym üçin ylgaýaryn. Sen bolsa eýäň üçin ylgaýarsyň — diýipdir.

* * *

Şygyr:

Yhlas kanagaty bar bolan kişi,

Talabynda hökman gazanar ýeňşi.

* * *

Kim gözlese we tagalla etse tapar.

* * *

Pylany amatly pursaty alsa elden gidermeýär.

* * *

Tamdyr gyzgyn bolup durdygyça haýyrlan, ýagny mümkinçilikleriň çäginde iş ýerine ýetir.

* * *

 

Ýadan bedene rahatlyk ruhy gerek.

* * *

Meň wagtym köp, soň ýerine ýetirerin diýip işlerimi soňa goýdum, emma bir görsem wagtym has dar eken.

* * *

Mesleme Konstantiniýede[24] söweşip ýören ýerinden dogany Welide şeýle hat ýazypdyr:

Göze uky gelenok hiç, arada - Towana[25] çöli,

Ýyldyrym Gamra[26] tarapda depelere ýalkym salýar.

Orta ýaşly akylsyzlar kowumlardan bez-bez boldum,

Işiň kynlygyndanmyka sabyr-kanagatym alýar.

* * *

 Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Kim bir işde halka ýolbaşçy bolsa, beýlekilere terbiýe bermezden öňürti özüne terbiýe bermeli. Bu terbiýe hem dili bilen öwüt bermezden öňürti gylyk-häsiýeti bilen öwüt bermek arkaly berilmeli. Nebsine tälim berip, özüni terbiýelän kişi ynsanlara mugallymçylyk edip, olara terbiýe berenden has ýokarydyr».

* * *

Hezreti Omaryň rowaýat eden bir hadysynda Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Amallar niýetlere görädir. Her bir iş üçin niýet bardyr. Eger bir kişiniň hijreti Allatagala we onuň ilçisi üçin bolsa, onuň Allatagalanyň we onuň ilçisi üçin hijret etdigi bolar. Kimiň hijreti dünýä gowuşmak ýa-da bir gyza öýlenmek üçin bolsa, onuň niýeti hijret eden zady üçindir»[27].

* * *

Diňe haýwanlaryň işleri niýetsiz edilýändir.

* * *

Käbir hadys alymlaryna: «Bize pylany pylan hadysy gürrüň berdi» diýenlerinde olar: «Dur, garaş, ilki hadys diňlemäge niýet edeýin» diýer ekenler.

* * *

«Newabygyl – kelimde»[28] şýle diýlipdir: «Eger niýet bilen bişirilmedik bolsa, seniň amallaryň çigdir».

* * *

Enesden[29] rowaýat eden bir hadysda Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Merhumyň yzyndan üç zat gider. Olaryň ikisi yzyna gaýdyp, biri galar. Onuň yzyndan neberesi, maly we amaly gider. Neberesi we maly yzyna gaýdyp, diňe amaly galar».

* * *

Käbir akyldarlar şeýle diýipdirler: «Amal beden agzalary bilen Allatagala gider. Niýet bolsa, kalp bilen Allatagala gider. Kalp patyşadyr. Beden agzalary bolsa, onuň esgerleridir. Patyşa öz esgerleri bilen söweşmez, esgerler hem patyşa bilen söweşmezler».

* * *

Allatagala pygamberleriň birine wahyý edip, şeýle diýipdir: «Olara aýt amallaryny gizlin etsinler, ony ynsanlara äşgär etjek mendirin».

* * *

Abdyleziz ibn Abu Rawwat şeýle diýipdir: «Eger amallar gurban bolsadylar, ot olary ýakardy. Eger beýle bolýan bolsa, onuň köplügine daýanmaň. Ýöne siz onuň takwalygyna, arassalygyna we dogrulygyna daýanyň».

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Amal diňe yhlas bilen edilse we dogry bolsa kabul bolar. Yhlas diňe Alla üçin bolýandyr».

* * *

Dünýäniň ylymdan galany garaňkylykdyr. Ylmyň amaldan galany boşdur. Amalyň yhlasdan galany boşdur.

* * *

Ymam Şapygy şeýle diýipdir: «Amatly pursatlary olja hasaplaň».

* * *

Bähram Gur şeýle diýipdir: «Eger işler wagtyndan öň edilse, wagty gelende onuň peýdasy deger, emma wagtyndan soň edilse, onuň hiç hili peýdasy degmez».

* * *

Beşşar ibn Burt[30] bir mejlisde otyrkalar şeýle diýipdir: «Siz bu günlerimiziň hemmesini gürrüňleşip, iýip-içip we aýdym-saz bilen geçirmäň. Durmuşda ybadat etmäge hem howlugyň, sebäbi bu dünýä pursatdyr, wagtlaýyndyr».

* * *

Howlukmaç gelen, utanyp gider.

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Eger Abu Musanyň[31] agzalaryny kesmäge güýjüm ýetsedi, adalatyň ornaşmagy üçin, ony parçalap, şäherlere ibererdim. Bu oňa menden sylag bolardy».

* * *

Bir emiriň öýlerine myhmançylyga baranlarynda:

—    Çöregiň örän ak görünýär-le? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Siz onuň aklygyna üns bermäň, onuň içi gandyr. Men çöregimiň ak bolmagy üçin niçeme gezek soltanlaryň gapysyny gylyç bilen kakdym — diýipdir.



[1]Abu Süleýman Dawut ibn Kuseýr Taýy Kufy – meşhur sopy. Ömrüni ylym bilen meşgullanyp, fykh ylmyny okapdyr. Soň bolsa terkidünýäligi saýlap alyp, ýeke özi bir gyra, ybadata çekilipdir. Onuň 300 dirhemi bar eken, şonuň bilen 20 ýyl ýaşapdyr. 160-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[2]Ybraýym ibn Edhem ibn Mansur Balhy - meşhur sopy. Balh şäheriniň soltany mahaly soltanlygy terk edip derwüşlik ýoluna giripdir. Bagdada, Şama, Hyjaza we başga ýerlere syýahat edipdir. 162-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[3]Abu Abdyrahman Abdylla ibn Mesgut ibn Gapyl ibn Habyp Hezeli - Mekgede yslama ilkinji giren sahabalaryň biri. Mekgede Gurhany ilkinji bolup açyk ýerde köpçüligiň öňünde okan. 32-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[4]Mälik ibn Dinar Basry Abu Ýahýa - hadys rowaýatçylarynyň ymamlaryndan. Ol örän takwa bolup diňe özi gazanyp iýýär eken we hakyna hat ýazar eken. 131-nji hijri ýylynda Basrada wepat bolupdyr.

[5]Şebip ibn Selim Esedi - hadys rowaýatçysy bolup, Hasan Basrydan hadys rowaýat edipdir. Ondan hem Kalasy, Gamza ýaly alymlar hadys rowaýat edipdirler.

[6]Ybraýym – Muhammet alaýhyssalamyň kypty aýaly Mariýadan bolan ogly. Ybraýym hijriniň 9-njy ýylynda 2 ýaşynyň içinde wepat bolupdyr.

[7]Abdyrahman ibn Amr ibn Ýuhmet Awzagy Abu Amr – fykh ylmynda Şam diýarynyň ymamy. 88-nji hijri ýylynda Baalbekde dünýä inipdir we Bekagda önüp ösüpdir. Soň Beýrutda ýaşapdyr. Oňa kazylyk hödürlenýär, emma ol boýun gaçyrypdyr. Şamda onuň abraýy uly bolupdyr. Onuň buýruklaryny soltanyňkydan hem ýokary tutupdyrlar. Onuň fykhda özüniň aýratyn mezhebi bolupdyr. Onuň fykha degişli «Sünen» atly kitaby bar. Şeýle hem onuň «Mesaýyl» atyl kitaby özüne berlen 70 000 soragyň jogabyny içine alypdyr. 157-nji hijri ýylynda Beýrutda wepat bolupdyr.

[8]Omar ibn Abdyleziz – meşhur emewi halypasy. Ol örän adalatly bolupdyr.

[9]Halym - mylaýym, mähirli, ýumşak, sypaýy.

[10]Abu Abdyrahman Abdylla ibn Saýyp ibn Abu Saýyp Saýfy ibn Aýyt Mahzumy Mekki - mekgeli kary. Onuň kakasy pygamberiň dosty bolupdyr. Şol ýerde hem dünýäden ötüpdir.

[11]Abbat Hawwas – meşhur sopy we takwa.

[12]Palestinanyň emiri bolan Ybraýym ibn Salyh ibn Aly ibn Abdylla ibn Apbas - ol pygamber neslinden bolupdyr.

[13]Abu Eýýup Ensary Halyt ibn Zeýt ibn Kelip ibn Saglaba - nejjar taýpasyndan sahaba. Akaba hadysasyna, Bedr, Uhut we Hendek söweşlerine gatnaşypdyr. Edermen, sabyrly, takwa bolupdyr. Emewileriň döwrüne çenli ýaşapdyr. Ýezit bilen Konstantynopol (Stambul) şäherine söweşe gidipdir. Şol ýerde syrkawlapdyr we 52-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Stambulyň diwarlarynyň düýbünde jaýlanýar. Onuň gubury şu wagt Stambulyň Soltan Eýýup metjidiniň ýanynda ýerleşýär. 155 hadys rowaýat edipdir.

[14]Mutarraf ibn Abdylla ibn Şehir Jereşi Amyry Abu Abdylla - zahyt we tabygyn. Onuň hikmetli sözleri bar. Hadys rowaýatynda ynamdar hasaplanypdyr. Pygamber alaýhyssalamyň döwründe Basrada ýaşapdyr. Şol ýerde hem 87-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[15]Abu Süleýman Abdyrahman ibn Ahmet ibn Atyýe Mezjehi Darany - Damaskyň golaýyndaky Dara obasyndan bolan meşhur sopy. Bagdatda ýaşapdyr we soň Şama gaýdyp gelip, şol ýerde 215-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[16]Wezir Ubeýdylla ibn Süleýman ibn Wehb Abul Kasym.

[17]Muhammet ibn Kasym ibn Hylat ibn Ýasyr Haşymy – edebiýatçy we şahyr. Onuň agzy paýyş bolupdyr. Asly Ýemamaly bolup, 191-nji hijri ýylynda Ahwazda dünýä inipdir. 40 ýaşynda onuň gözleri kör bolupdyr. Halypalar we emeldarlar bilen gatnaşar eken. 283-nji hijri ýylynda Basrada wepat bolupdyr.

[18]Omar ibn Habyp Mekki - ynamdar hadys rowaýatçysy. Öňürti Mekgede ýaşapdyr, soň Ýemene göçüpdir. Amr ibn Dinardan, Atadan we Zuhriden hadys rowaýat edipdir.

[19]Tehejjüt – gije okalýan namaz.

[20]Azanda «Allahu ekber, Allahu ekber» (Alla iň beýikdir, Alla iň beýikdir) diýilýär, bu ýerde hyzmatkär oglan Allany has hem ulaldyp «Alla iň beýikleriň iň beýigidir» diýýär.

[21]Ubeýd ibn Umeýr ibn Katada ibn Sagyt Leýsi - tabygyn neslinden bolan mekgeli kazy. Ynamdar hadys rowaýatçysy. 68-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[22]Mujtehit – dini hökümleri çykarýan din alymy.

 

[23]Alkama ibn Kaýs ibn Abdylla ibn Mälik Nahgy Hemedany Abu Şebil - tabygyn. Yraklylaryň fakyhy bolupdyr we usuly Ibn Mesgudyňka meňzäpdir. Elmydama Gurhan okap gezipdir. Pygamberimiz dirikä dünýä inipdir. Sahabalardan hadys rowaýat edipdir. Syffyn söweşine we Horasan söweşlerine gatnaşypdyr. Iki ýyl Horezmde, biraz wagt Merwde we Kufada ýaşapdyr. Kufada wepat bolupdyr. Aradan çykan senesi näbellidir.

 

[24]Konstantiniýe – Konstantinopol, Stambulyň öňki ady.

[25]Towana – serhet şäheri we çöl ady.

[26]Gamra – Medinäniň ýanynda bir şäher.

[27]Pygamberiiz Mekgeden Medinä hijret edende mekgeli bir ýaş ýigit hem öz söýýän gyzynyň Medinä hijret edendigi üçin bulara goşulýar. Şonuň üçinem onuň niýeti Alla we pygambere däldigi üçin hijret sogabyny almaýr.

[28]«Newabygyl-kelim» – Zamahşarynyň bir eseriniň ady.

[29]Enes ibn Mälik ibn Nadr ibn Damdam Ensary - Medinäniň hazreç taýpasyndan bolan sahaba. Muhammet alaýhyssalamyň hyzmatkäri. 93-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Basrada ýogalan iň soňky sahaba.

                                                                                                                                                     

[30]Abu Mugaz Beşşar ibn Burd – emewiler we apbaslylar döwründe ýaşap geçen asly toharystanly meşhur şahyr.

[31]Abu Musa Eşgary Abdylla ibn Kaýs – sahaba. Ol örän adalatly bolupdyr.