ELLI SEKIZINJI BAP: YZZAT, ABRAÝ, ÜSTÜNLIK, ÖSÜŞ, ÝOLBAŞÇYLYK, ŞAN-ŞÖHRAT, BELENTLIK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ELLI SEKIZINJI BAP: YZZAT, ABRAÝ, ÜSTÜNLIK, ÖSÜŞ, ÝOLBAŞÇYLYK, ŞAN-ŞÖHRAT, BELENTLIK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Hezreti Alynyň rowaýat etmegine görä, Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Allatagala kimi günäkärlik pesliginden takwa yzzatlygyna ýetirse, ony mal-mülksiz baý eder, tire-taýpasyz hormatly eder, dostsuz bagtyýar eder».

* * *

Hezreti Alynyň ogly Hasana:

— Sende beýiklik bar — diýipdirler.

Onda ol:

— Ýok, beýiklik mende däl, yzzat-hormatda bar. Sebäbi Allatagala: «Üstünlik Allanyňky, pygamberiňki we möminleriňkidir»[1] diýdi — diýipdir».

* * *

Ibn Abu Lubaba[2] şeýle diýipdir: «Kim batyl zatlar bilen yzzat-hormat islese, onuň haky hökmünde Allatagala oňa biabraýçylygy berer».

* * *

Nasr ibn Ýesar şeýle diýipdir:

Ýeňlişimiz peslik däldir, ýeňliş - bize puşmandyr,

Terk edenler ýitgimiz däl, asman - öňki asmandyr.

* * *

Bir adam Hasan Basra ýüzlenip:

— Maňa daýanar we arka bolar ýaly bir zat aýt, maňa maslahat ber — diýipdir.

Onda Hasan Basry:

— Allanyň iň beýik işi seni ynsan hökmünde hormatly edip ýaratmagydyr — diýipdir.

Onda ol:

— Meniň daýanjym bar eken we hiç kim hem menden üstün däl eken — diýipdir.

 

* * *

          Muhammet Hanapyýadan[3]:

          — Ynsanlaryň iň hormatlysy kim? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

—    Bedenini biderek işlere sarp etmeýän adam — diýipdir.

Soň bolsa ýene:

— Sebäbi siziň bedeniňiziň bahasy ýokdur, onuň bahasy diňe jennetdir. Ony jennet üçin satyň, ýagny ybadat ediň — diýipdir .

 

* * *

Çarwa arap Basra gelipdir. Ol Halyt ibn Safwandan[4]:

 — Bu şäheriň hojaýyny, iň hormatlysy kim? — diýip sorapdyr.

Halyt hem oňa:

— Hasan ibn Abul Hasan[5] — diýip jogap beripdir.

Onda ol:

— Onda ol arapmy ýa-da gulmy? — diýip sorapdyr.

Halyt oňa:

— Gul — diýipdir.

Çarwa:

— Ol nädip siziň hojaýynyňyz bolýar? — diýip sorapdyr.

Halyt:

— Biz oňa dünýä işlerinde mätäç dälem bolsak, din işlerinde oňa mätäçlik çekýäris — diýipdirler.

Onda çarwa:

— Bu häkimlik sürmäge ýeterlikdir — diýipdir.

* * *

 Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Ynsanyň arkasyndan aýakgap zyňylmagy, onuň kalbyna uly zyýan berýän zatdyr».

* * *

Fuzaýl ibn Yýazşeýle diýipdir: «Ýolbaşçylyga höwes eder ýaly onda näme bar?! Onda diňe bahylçylyk, adalatsyzlyk we zulum bar».

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Kim ýolbaşçylyga aşyk bolsa, halas bolmaz».

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Ýolbaşçylyga höwes edýän kişi ynsanlaryň aýplaryny we olaryň erbetliklerini isleýän kişidir. Şeýle hem onuň ýanynda kimdir birini öwäýseň, diýip agzamak oňa ýakmaýar».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Kimiň özüne tabyn kişisi köpelse, onuň şeýtany köpeldigidir».

* * *

Ybraýym Edhem şeýle diýipdir: «Günäkär bol, ýöne ýolbaşçy bolma, sebäbi toba etseň, günäden halas bolup bolýar, emma ýolbaşçylyk heläk edýär».

* * *

Bir adam bir mesele boýunça Hasan Basrynyň ýanyna gelipdir. Emma onuň çuň nazaryndan çekinip, sorajak zadyny sorap bilmän, yzyna dönüpdir.

* * *

 Halyt ibn Safwan şeýle diýipdir: «Ahnef ibn Kaýs[6] at-abraýdan gaçýardy, at-abraý bolsa onuň yzyndan galmaýardy».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kuraýyşlylary öňe tutuň, olardan öňe geçmäň. Olardan öwreniň, olara öwretmäň».

* * *

Şygyr:

Kuraýyş milleti haýyrly örän,

Elmydam siz onuň yzyndan ýöräň.

* * *

Abdylla ibn Omar[7] şeýle diýipdir: «Men Resulallanyň: «Kyýamat güni bolanda Allatagala gullaryndan bir guly çagyrar. Ony öňünde duruzyp, mal-mülki barada soraýşy ýaly, wezipesi barada hem sorar» diýendigini eşitdim.»

* * *

Bir adam Kuteýba ibn Müslime[8]:

— Biz seniň ýanyňa ýitgileriň we zyýanlaryň barada soramaga gelmedik. Biz senden şöhratyň we wezipäň barada sorajak — diýipdir.

Onda ol:

— Siz meniň iň agyr işlerimi soraýarsyňyz. Walla, biz mallarymyzy biziň ýüzümizi goramagy (işlerimizi ýapmagy) üçin berýäris — diýipdir.

* * *

Asym ibn Abul Junut KaryBasra gidermen bolupdyr we Şagbynyň[9] ýanyna gelip:

— Seniň bir ýumşuň barmy? — diýipdir.

Onda Şagby:

— Ol ýere barsaň, Hasan Basra meniň salamymy ýetir — diýipdir.

Asym oňa:

— Men ony tanamaýaryn — diýipdir.

Onda Şagby oňa:

— Sen gözleriňe iň owadan görünen we häsiýeti agras bolan adama meniň tarapymdan salam aýt — diýipdir.

* * *

Bedr[10] gijesiniň nury bar onda,

Hem Bedr[11] gününiň zory bar onda.

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Men bir jemagat bilen söhbetdeşlikde otyrdym. Olaryň içinde bir adamyň şöhraty barada söz aýdýardylar. Ol hem gürlände diňe özüniň we dostlarynyň bähbidi hakda gürleýärdi. Hiç kim hem oňa böwet bolup bilmeýärdi, onuň şöhratyndan gorkýardylar».

* * *

Ýanyna bir bada dört-bäş adam gelse, Fuzaýl şöhratparazlykdan gorkup, turup gidiberer eken.

* * *

Eýýup Sahtyýany özüniň edýän ybadatlaryny gizlin saklar eken. Hiç kim  onuň köp gülýändigini görmändir. Bir gezek onuň ýanyna girenlerinde onuň düşeginde oturan ýeriniň gyp-gyzyl bolup gidendigini görüpdirler. Galdyryp görseler, pagta doldurylan sebet bar eken. Ol gijelerine ybadat eder eken. Haçanda daň atanda, göýä ýaňy ukudan oýanan bolup, sesini gataldar eken. Özüniň göýä şu wagt turandygyny bildirjek bolar eken. Ol: «Magrypet[12] heläk boldy, men onuň bilen erbet bolmakdan gorkýaryn» diýer eken.

* * *

Muammar[13] şeýle gürrüň berýär: «Men Eýýup Sahtyýanynyň köýnegini gördüm. Uzyndy, tas ýere degip durdy. Men ondan:

— Bu näme? — diýip soradym.

Ol:

— Öňler tekepbirlik uzyn eşik geýmekde eken. Indi bolsa gysga geýmekde — diýdi.

Ol tikinçä: «Has hem uzalt. Sebäbi şu wagt tekepbirlik gysga geýinmekde» diýer eken».

* * *

Nemri[14] şeýle diýipdir:

Yzzat uzyn geýmekde diýip aýdýar käbiri,

Yzzaty yzzat bilen tanamak adatymyz.

Maňa yzzat - Alladan, milletimden - hormatam,

Hakyň nazary düşen mertebeli adamy biz.

* * *

Hyşam ibn Abdylmäligiň[15] ýanynda birnäçe öý barada agzalypdyr. Onda ol:

— Geçmişi, geljegi, direg ýagdaýy we zaman kepilligi bolmadyk öý barada näme diýersiňiz — diýipdir.

Onda oňa:

— Eger şeýle bolsa ol öý uzak wagtlap durar — diýipdirler.

Ýagny, geçmişi diýmek bilen geçen, ata-babalarynyň abraýyny, geljegi diýmek bilen ogullarynyň abraýyny, direg ýagdaýy diýmek bilen baýlygy, zaman kepilligi diýmek bilen soltanlaryň ýanyndaky şan-şöhratyny aýtmak isläpdir.

* * *

Anuşirwan bir adamyň şekilini ýasatdyrypdyr. Oňa:

— Onuň geçmişi ýok — diýipdirler.

Ol:

— Biz oňa öý we abraý ýasadyk — diýipdir.

* * *

Meniň şeýle gaýratym bar welin, eger dünýä gark bolsa, diňe onuň gaýnap möwç urmagyny islärdim. Eger gije bolsa, daň atmazlygyny islärdim.

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

Meniň belent hümmetim bar, hem-de şeýle gaýrat bar,

Seretan ýyldyzyndan has-da beýge ýetendir.

Ylym talap etmek üçin çykmasa nebis eger,

Diri däldir ol onda, bir çak mundan ötendir.

* * *

Emir Salyhy[16] şeýle diýipdir:

Meniň ähli gaýratlardan belent bolan gaýratym bar,

Mende ähli umytlardan bar bir belent umydam.

Meniň ähli nalyşlardan belent nalyş-perýadym bar,

Başga taýpalardan däl-de, bulaň bary Salyhyýeden[17].

* * *

Kulsum Attaba:

— Pylan kişi hiç zada ähmiýet hem berenok — diýipdirler.

Ol hem:

— Onda oňa jennetden başga niýet galmandyr-da — diýipdir.

* * *

Käbirleri: «Men abraýa, göýä gözele aşyk bolnuşy ýaly aşyk» diýipdirler.

* * *

Mugawyýa bir gezek Araba ibn Ewsä[18] garap:

Araba ibn Ewsi açyp arasyn goşa zatlaryň,

Gördüm men onuň ösýänin haýyr-sogap işler bilen.

Eger-de baýdak buýsanç bilen galmasady ýokary,

Bolardy Araba hem onuň şan-y-şöhratyn alan —

diýip, Şemmahyň[19] aýdan sözleri saňa degişlimi? Sen milletiň hojaýyny bolmaga nädip ýetdiň? — diýipdir.

Onda ol:

— Men olaryň iň jomardy däl. Olaryň nebere taýdan hem iň abraýlysy däl. Ýöne men olaryň nadanlyklaryny aýyrdym, dilegçilerine jomart boldum. Kim meniň amalymy etse, ol meniň bilen deňdir. Kim menden köp amal etse, ol menden üstündir. Kim menden az amal etse, men ondan üstün — diýipdir.

Onda Mugawyýa:

— Walla, bu hakyky jomartlyk we hökümdarlyk — diýipdir.

* * *

Muhrama ibn Abdylmälik şeýle diýipdir: «Alymlaryň arasyndan Şapygydan agrasyny görmedim. Daşda we ýakynda ondan has sahyny we ýagşyny görmedim».

* * *

Şagby şeýle diýipdir: «Hezreti Omaryň gamçysy Hajjajyň gylyjyndan has täsirlidir. Sebäbi haçanda Huzystanyň hökümdary Hurmuzan ýesir düşende, Hezreti Omaryň nirä gidendigini gözlediler. Onyň metjidiň içinde gamçysyna ýassanyp ýatandygyny gördüler. Hurmuzan ony görende şeýle diýipdir: «Walla, bu hökümdar hakyky adalatly hökümdar. Men dört sany Hysrowa hyzmat etdim. Emma biri hem şu gamçynyň eýesi ýaly agras däldi» diýipdir.

* * *

Ahtal[20] Abdylmälik ibn Merwan[21] barada şeýle diýipdir:

Eger gözler oňa baksa, umyda baglap niýetin,

Görerler takwalyk nyşanyn hem-de Jepbaryň haýbatyn.

* * *

Bir mejlisde jahylyýet döwrüniň ýolbaşçylary barada gürrüň gozgalypdyr. Olaryň arasynda Abdylla ibn Zübeýr hem bar eken. Ol: «Eger agzajak, ýatlajak bolsaňyz, onda Abdylla ibn Jedgany ýatlaň. Sebäbi abraý diňe ondan soň paýlandy» diýipdir.

* * *

Basrada bir ýyl gurakçylyk bolupdyr. Basranyň häkimi Ibn Amyr 10 000 kişini iýdirip geýdiripdir. Bu onuň abraýyny galdyrypdyr. Hezreti Osman oňa hat ýazyp, haýyr dileg-doga edipdir. Şeýle hem özüniň orunbasarlaryna oňa 400 000 dinar kömek bermegi emr edipdir. Hatynda hem oňa: «Hökümdarlyk seni Aýyň we Günüň derejesine çenli ýetirdi. Allanyň beren zadyndan bermäge niýetli bol. Sebäbi abraý diňe şondadyr we Allanyň ýolunda bolan zatdadyr» diýipdir.

 

* * *

Bir adam Fuzaýldan:

– Maňa nesihat et — diýip haýyş edipdir.

Onda ol:

– Günäkär bol, ýöne ýolbaşçy bolma — diýip jogap beripdir.



[1]Gurhanyň «Munafikun» süresiniň 8-nji aýaty.

[2]Abu Abdyrahman Saýyp ibn Abu Lubaba ibn Abdylmunzir ibn Rafaga Ensary - ynamdar hadys rowaýatçysy. Resulallanyň döwründe dünýä inipdir.

[3]Muhammet Hanapyýa ibn Aly ibn Abu Talyp – Hezreti Alynyň ogly. Hasanyň we Hüseýiniň enebaşga dogany. Onuň ejesi Hawla binti Japar hanypa ogullary tiresinden bolupdyr, şonuň üçinem oňa Ibn Hanapyýa diýipdirler. 21-nji hijri ýylynda Medinede doglupdyr. Garaýagyz, edermen, ylymly we takwa bolupdyr. Keýsanylar (şaýy mezhebiniň bir goly) ony ahyrzamanyň Mätisi hasaplaýarlar, onuň ölmändigine we Rydwa dagynda ýaşaýandygyna ynanýarlar. Ibn Zubeýrden gaçyp, Taýyfa gidipdir we 81-nji hijri ýylynda hem şol ýerde wepat bolupdyr.

[4]Halyt ibn Safwan ibn Abdylla ibn Amr ibn Ahtam Temimi - basraly meşhur arap dilewary. Tankyt we öwgi meselesinde deňsiz-taýsyz bolupdyr. Emewi halypalary Omar ibn Abdyleziz we Hyşam ibn Abdylmälik bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Ömrüniň ahyrynda gözleri kör bolupdyr we 133-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Jahyz ony husytlardan hasaplaýar.

[5]Muhammet ibn Saýyp Kelbi.

[6]Ahnef ibn Kaýs ibn Mugawyýa ibn Hasyn Murri Sagdy - temim taýpasynyň ýolbaçysy. Hijtretden 3 ýyl öň dünýä inipdir. Pygamberimiziň döwründe ýaşapdyr, ýöne ony görüp bilmändir. 72-nji hijri ýylynda Kufada wepat bolupdyr. Halymlykda onuň ady rowaýata öwrülip galypdyr.

[7]Abdylla ibn Omar ibn Amr ibn Osman ibn Affan - Hezreti Osmanyň neslinden bolan şahyr. 120-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[8]Kuteýba ibn Müslim ibn Amr ibn Hasyn Bahyly Abu Hafs – emewi serkerdesi. 49-njy hijri ýylynda dünýä inipdir. Onuň kakasy Ýezit ibn Mugawyýanyň ýakyn adamlaryndan bolupdyr. Merwanylaryň döwründe ösüp ulalypdyr. Abdylmälik ibn Merwan ony Reý şäherine häkim belläpdir. Soň Abdylmäligiň ogly Welit ony Horasana häkim belläpdir we ol Mawerannahryň Horezm, Sistan, Samarkant ýaly şäherlerini eýeläpdir. Hytaýyň serhetlerine çenli söweş edip, ol ýerleri jizýe (salgyt) tölemäge boýun edipdir. Onuň häkimligi 13 ýyl dowam edipdir. Welit wepat bolansoň, onuň ýerine Süleýman ibn Abdylmälik geçipdirr. Kuteýbanyň onuň bilen arasy bolmansoň, Kuteýba hem özüniň garaşsyzlygyny yglan edipdir. Süleýman hem onuň üstüne Katadanyň serkerdeliginde goşun iberipdir. 96-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[9]Amyr ibn Şerahyl Şagby - tabygyn neslinden bolan fykh alymy we şahyr. 19-njy hijri ýylynda Kufada dünýä inipdir. Ynamdar hadys rowaýatçysy. Soň ol Hajjajdan gaçyp, Abdylmälik ibn Merwanyň ýanyna barypdyr. Ol hem ony rum hökümdaryna ilçi edip iberipdir. 103-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[10]Bedr gijesi – aýyň 14-i gijesi.

[11]Bedr güni – hijri ýylynyň 3-nji ýylynda musulmanlar bilen müşrükleriň arasynda bolup geçen söweş.

[12]Magrypet – Allany doly manyda tanamak. Bu ýerde: şan-şöhrat manysynda.

[13]Muammar ibn Raşyt Ezdi Haddany - Basrada, Ýemende, Sanada ýaşap geçen alym. Eýýup Sahtyýanynyň dosty. 102-nji hijri ýylynda Ýemende wepat bolupdyr.

[14]Mansur ibn Zeberkan ibn Seleme Nemri - Rasulaýnda ýaşap geçen şahyr. Öňürti haryjy mezhebinden bolupdyr, soň şaýylyga geçipdir. 190-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[15]Emewi halypasy Hyşam ibn Abdylmälik ibn Merwan.

[16]Aly ibn Muhammet ibn Aly Salyhy Abyl Hasan - şapygy mezhebinden bolan fykh alymy.

[17]Salyhyýe – Ýemende bolan Salyhyýe döwleti.

[18]Araba ibn Ews ibn Kaýzy ibn Amr Ewsi Harysy Ensary - medineli ýolbaşçylaryň we emeldarlaryň biri. Çaga mahaly Muhammet alaýhyssalamy görüpdir. Mugawyýanyň döwründe Şama gelipdir. 60-njy hijri ýylynda Medinede wepat bolupdyr.

[19]Şemmah ibn Dyrar ibn Harmele - jahylyýet we yslam döwürlerinde ýaşap geçen şahyr.

[20]Ahtal Gyýas ibn Gaws ibn Sagt ibn Taryka ibn Amr Abu Mälik - taglap ogullary taýpasyndan bolan şahyr. 19-njy hijri ýylynda Hyra töwereginde dünýä inipdir. Hristian dinine uýupdyr.

[21]Emewi halypasy Abdylmälik ibn Merwan ibn Hakem.