ALTMYŞYNJY BAP: GAZAWAT, SÖWEŞ, ŞEHITLIK, ÝEŇIŞ, HÜJÜM, BATYRLYK, GORKAKLYK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ALTMYŞYNJY BAP: GAZAWAT, SÖWEŞ, ŞEHITLIK, ÝEŇIŞ, HÜJÜM, BATYRLYK, GORKAKLYK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Allatagala öz ýolunda jyhat edýän, öz öýünden diňe Allanyň ýoly üçin çykýan we özüniň sözüni tassyk edýän kişiniň ýa jennete girjekdigine, ýa-da öz çykan öýüne olja alyp, sogap gazanyp gaýdyp geljekdigine kepil geçdi».

* * *

Ýene-de ol Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Allatagala üç kişä hökman kömek eder: Alla ýolunda söweşýäne; namysyny saklaýan aýallara; azat bolmak üçin töleg tölemäge pul gözleýän gula».

* * *

Ýene-de ol Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ynsanlaryň iň haýyrlysy Alla ýolunda atynyň üzeňňisine ýapyşyp, söweş habaryny eşidende öldürmegi ýa-da ölmegi maksat edinip, göýä at ýaly uçup topulmaga taýýar bolup duran ýa-da dagyň depelerinde, derelerde goýunlaryň yzynda ylgap gezip ýörkä namaz okaýan, zekatyny berýän we tä ölýänçä Rebbine ybadat eden kişidir. Bu iki ýagdaýda hem ynsan haýyrdan boş däldir».

* * *

Hezreti Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Bil, Alla saňa özüňe seretmegiň we terbiýe bermegiň üçin göz berendir. Eger sen duşman bilen garşylaşsaň, saňa şehitlik berler ýaly özüňi ölümiň öňüne at. Şehitleriň ganyny ýuwmaň, sebäbi şehitleriň gany kyýamat gününde nur bolar».

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Eger atyň üstünde hemişe berk otursaňyz we ýaýdan ok atsaňyz, sagdynlygyňyz dowamly bolar».

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) Amr ibn Magdy Ýukrebi[1] görende şeýle diýer eken: «Bizi we Amry ýaradan Alla öwgi bolsun!».

* * *

Apbas ibn Merdas[2] şeýle diýipdir:

Atlardan döw kimin döwüşmek ýitdi,

Batyrlygy bilen Amr hem gitdi.

* * *

Mühellepden ynsanlaryň iň batyrlary barada soralypdyr. Onda ol:

— Pylany we pylany — diýipdir.

Oňa:

— Ibn Zubeýr[3] nirede, Ibn Hazym Sulemi[4] hany? — diýpdirler.

Onda ol:

— Siz menden ynsanlary soradyňyz, jynlary soramadyňyz ahyry — diýipdir.

* * *

Abdyrahman ibn Suleým Kelbi[5] çagalarynyň biri-birlerini münüp oýnap ýörendiklerini görüp olara: «Alla sizi yslama ysnyşdyrsyn. Walla, eger siz pygamber neberesinden bolmasaňyz, söweş agtyklary bolardyňyz[6]».

* * *

Mansur ibn Ammar Merwezi[7] adamlary gazawada höweslendirip wagyz edip durka, bir aýal elindäki ýyrtyk ýaglygyny oklap: «Eý, Ibn Ammar, men seniň ýanyňa şu ýyrtyk ýaglyk bilen geldim. Meniň ondan başga zadym ýok. Alladan ant içýärin, men öz ýaglygymy Allanyň ýolunda söweşýän gazynyň atyna ýüp etdim. Belki, Alla meniň günälerimi bagyşlar» diýipdir. Mejlisdäkileriň hemmesi aglaşypdyr we mejlis sarsylyp gidipdir.

* * *

Seýf ibn Zi Ýezn[8] Wehrez Deýlemini hebeşileriň üstüne iberjek bolanda Anuşirwana:

— Eý, adyl hökümdar, üç müň adamly goşun elli müň adamly goşunyň öňünde nähili durar? — diýipdir.

Onda Anuşirwan:

— Eý, çarwa arap, köp oduna azajyk ot ýeterlik — diýipdir.

* * *

Jerrah ibn Abdylla[9] sowudyny geýip duran eken. Adamlar hem oňa seredip dur ekenler. Ol: «Siz men öz bedenimden gorkýandyr öýdüp pikir etmäň, men sabrymdan gorkýaryn» diýipdir. Muny eşiden Şam çapyksuwary Sagt ibn Şemr Harşy[10] oňa: «Jerrah dogry aýdýar, çünki çapyksuwaryň bedeniniň goragy onuň janydyr» diýipdir.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Haýyr gylyçdadyr. Haýyr gylyç bilendir, gylyç haýyrdyr».

* * *

Halypa Mütewekkile Hamyryýe döwletinden galan bir gylyç barada gürrüň beripdirler. Ol ony Ýemenden, Magrypdan we beýleki ýurtlardan gözläpdir. Ahyry Basradan tapypdyr. Ony 30 000 dirheme satyn alyp, elinde aýlap görüp, gaty haýran galypdyr we ol onuň göwnüne ýarapdyr. Ony düşeginiň aşagyndagoýup saklar eken.

Bir gezek ol Kiçi Buga[11]: «Sen maňa ony ýanynda göterer ýaly batyr, berdaşly gollary bolan bir türkmen tapyp ber» diýipdir. Kiçi Buga hem Bagyr Türkmeni[12] salgy beripdir. Mütewekkil ony Bagyr Türkmene berip: «Ony elmydam guşanyp gez. Men haçan ony islämde, ol seniň ýanyňda bolsun» diýipdir.

Mütewekkil şol gylyçdan hem öldürilipdir[13].

* * *

Apbasly wagyzçysy Abu Müslim Horasany şeýle diýipdir: «Iň edermen söweşiji başga biriniň golastynda ezilmegi namys edýän, öz milletini goraýan ýa-da özüniň aýalyny gabanýan kişidir».

* * *

            Isgender Zulkarneýn şeýle diýipdir: «Seniň garşyňa däl-de, peýdaňa bolar ýaly gün we ýel bilen dostlaş. Söweşde duşmanyňy yzyndan kowalar ýaly gaçmaga öwrenişdir, ýagny duşmanyň bilen yssy we ýelli günde söweş».

 

* * *

Afrasyýap[14] dogany Kersene şeýle diýipdir: «Eý, doganym, batyrgaýlygy hatda duşman hem halaýandyr. Gorkagy hatda enesi hem halamaz».

* * *

Kesra Hurmuz[15] Bähram[16] bilen söweşmek üçin garşylaşanda, weziri oňa:

— Sen näme taýýarlanmansyň? — diýdi.

Onda Hurmuz:

— Meniň taýýarlygym ýüregimiň mertligi, tutanerliligim, gylyjymyň güýji, we meni ýaradanyň kömegi — diýipdir.

* * *

Hezreti Alynyň gylyjy Zülpikar[17] neberesine nesilden-nesle miras hökmünde geçip, apbaslylara gelip ýetipdir.

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Men Harun Reşidi gördüm. Ol gylyjy belinden aşyp ýördi. Ol maňa: «Eý, Asmagy! Saňa Zülpikary görkezeýinmi? Meniň şu gylyjymy gynyndan çykar» diýdi. Men ony gynyndan çykardym we onda on sekiz sany gädigiň bardygyny gördüm.

Muberret özüniň «Iştikak» atly eserinde şeýle diýipdir: «Onda bil oňurgasyna meňzeş ajaýyp gädikler bardy. Ol gylyç Munebbih ibn Hajjajyň gylyjydy. Bu gylyç Mustalyk[18] gazawatynda Resulallanyň paýyna düşen oljady».

* * *

Abdylmälik ibn Salyh goşun serkerdesine şeýle diýip wesýet edipdir: «Sen bendeler üçin Allanyň täjirisiň. Sen göýä akylly hakyna tutma söwdagär ýaly bol. Eger peýda görjek bolsaň, söwda et. Ýogsam, sermaýa puluňy sakla. Tä doly ýeňiş asudalygyny gazanýançaň, olja alma. Sen duşmanyňa guran hiläňden hem has beter, duşmanyň saňa hile gurmagyndan gork».

* * *

Çarwa arap ogluna garap:

— Eý, oglum! Dostlaryň duşman bilen söweşýärkä, sen olaryň tarapynda bol. Ýöne sen gylyçdan habardar bol, sebäbi ol ölümiň ýüpüdir. Okdan hem heder et, sebäbi olar ölümiň ilçileridir — diýipdir.

Onda ogly:

—        Men onda näme bilen söweşeýin — diýipdir.

Onda kakasy şeýle diýipdir:

Sähraň ýumruk ýaly daşlary göýä,

Saçlary syrylan kellä meňzeýä.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Duşman bilen duşmagy arzuw etmäň, Alladan asudalyk diläň. Eger duşman bilen garşylaşsaňyz sabyr ediň we biliň, hakykatdan hem jennet gylyçlaryň kölegeleriniň aşagyndadyr».

* * *

Keýhysrow şeýle diýipdir: «Söweşde iň uly ýalňyşlyk ýaraşyk islemekdir».

* * *

Anuşirwan şeýle diýipdir: «Wagtynda gaçmak ýeňişdir».

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Duşmanyň bakyşlary-ok, sözleri-zäher».

* * *

Amr ibn Leýs[19] esgerlerini gözden geçirip duran eken. Şol wagt hor atyň üstünde bir adam geçip barýan eken.

Amr:

— Alla şulara lagnat etsin. Olar atlaryna seretmän, olary ulanyp, onuň arkasy bilen aýallaryny semredýärler — diýipdir.

Onda ol adam:

— Eý, emir! Eger sen meniň aýalymy görseň, onda onuň meniň atymdan hem has hordugyny görersiň — diýipdir.

Amr onuň sözüne gülüp, oňa daýaw bir at bermäge buýruk beripdir we oňa:

— Munuň bilen atyňy we aýalyňy semret — diýipdir.

* * *

Abbat ibn Hasyn örän edermen adam eken. Ondan:

— Sen duşmanyň bilen nähili galkanda duşuşmak isleýärsiň? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Eglenýän ajal galkany bilen — diýipdir.

* * *

Ölüme tarap ineriň ýöreýşi ýaly ýöräň, duşmany ýyldyzlaryň dargaýşy ýaly dargadyň.

* * *

Hezreti Omara «Şäherleriň açary» diýipdirler. Sebäbi ol köp şäherleri basyp alypdyr.

 

* * *

            Çarwa arap şeýle diýipdir: «Allanyň dostlarynyň ellerindäki Allanyň gylyçlary barada näme pikir edýärsiňiz? Alla olara asmandan kömek eder, olary duşmanlarynyň başyna musallat eder»

* * *

Eger gylyçlar salamlaşsalar, ölüm agzyny açar. Käwagt ýowuz günler hem terbiýe berýändir.

* * *

Resulalla Uhut söweşi güni Abdylla ibn Jahşa[20] söweşmek üçin ýapraksyz hurma agajyny beripdir. Ol eli gylyçly gaýdyp gelipdir.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) hyzmatkärine şeýle diýipdir: «Eý, Gammar! Wagşy ýyrtyjyny aýyplama, ýagny zalymyň eline düşseň ölümden sypmarsyň».

* * *

Ibn Rumy türkmenler hakda şeýle diýipdir:

Olaryň sanlary biçak köp hetden,

Ok-ýaýlary bolsa artyk her kesden

* * *

Mahraz Kätip[21] şeýle diýipdir:

Beýik Hakyň milleti - türkmen bolan düri bar,

Döwrüň oruntutarlaryn gylyçlap dep etdiler.

Kast etdiler öz mülkünde ol halypa Japara,

Ynsanlaryň ählisine gorky lybas atdylar.

* * *

Bu iki şygry Mustagyn öldürilenden soňra, Buga Türkmen aýdypdyr. Halypa Mugtez oňa on müň dinar, bir gyrnak we zer çaýylan tuwulga beripdir.

* * *

Süleýman ibn Abdylmäligiň ýanyna birnäçe ýesir getiripdirler. Ol Farazdaga[22] olaryň biriniň kellesini kesmegi buýrupdyr. Farazdak gylyjy saljak bolanda gylyç elinden sypypdyr. Ýesir hem ýüzüni çytyp gorkupdyr. Süleýman we ýanyndakylar muňa gülşüpdirler. Jerir[23] munuň üçin ony ýaňsylapdyr. Farazdak hem özüne bahana tapyp şeýle diýipdir:

Ynsanlaryň hojaýyny, bulutlar bilen bereket berilýän,

Allanyň halypasyny güldürmegim, ynsanlaryň göwnüne ýaraýarmy?.

Gylyjym ýesirden gorkyma we aljyranyma elimden sypmady,

Ýöne ýazgyt gijä galdy. Iki eliňi ýaňky gylyjy gysanyň bilen,

Ölüm onuň ýazgydyndan öňe geçmez.

* * *

Halyt ibn Welit[24] syrkawlap, ölüm düşegine ýatyrka şeýle diýipdir: «Men niçeme söweşiji esgerler bilen garşylaşdym. Meniň tenimde gylyç bilen urulmadyk bir garyş ýer ýa-da ýaýdan atylan okdan ýaňa çişmedik ýer galmady. Indi men garry eşekler ýaly düşegimde öz ajalyma ölmeli bolýaryn, men Alla ýolunda söweşip ölmegi arzuw edýärdim».

Soň bolsa: «Gorkaklaryň gözüne uky gelmesin» diýipdir.

* * *

Amr ibn Utbe ibn Farkat[25] gazawat edip ýören eken. Olar bir şäheri gabapdyrlar. Ol egnine täze ak köýnek geýip çykyp, kakasyndan:

— Bu köýnekden has gowy zat näme? — diýip sorapdyr.

Kakasy:

— Ýüpekden ýektaý — diýipdir.

Onda Amr:

— Meniň üçin onuň üstünde ganymy akdyrmakdan gowy zat ýok — diýipdir. Soň hatardan çykyp, namaz okap, doga-dileg edipdir.

Kakasy:

— Amr Rebbinden meniň üçin şepagat isleýär. Eý, oglum! Eger şehit bolmagy arzuw edýän bolsaň, mün atyňa — diýipdir.

Ol hem atyna münüp, söweşe gidipdir we şehit bolupdyr. Gany hem onuň köýneginiň üstüne akypdyr.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Allanyň iň gowy görýän damjasy özüniň (Allanyň) ýolunda akan gandyr ýa-da Alladan gorkulyp, gijäniň ýarynda gözden akan ýaşdyr».

* * *

Enes şeýle diýipdir: «Resulalla haçanda biz Haýbara[26] ýetenimizde: «Allahu ekber. Haýbar weýran boldy. Biz eger kimleriň topragyna girsek, onda duýduryş berlenleriň hasaby erbet bolar» diýdi».

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Öýleden ozal ýa-da öýleden soň ýekeje gezek Alla ýolunda gazawada çykmak dünýäden we onda bar bolan hemme zatdan haýyrlydyr».

* * *

Ibn Mesgut[27] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Şehitleriň ruhlary ýaşyl guşa öwrülýändir. Olaryň arşdan asylyp duran çyralary bardyr. Olar jennetde islän ýerlerinde uçýarlar. Soň ýene-de şol çyralara gaýdyp gelýärler».

* * *

Bir adam Abdylla ibn Kaýsyň: «Resulalla şeýle diýipdir: «Hakykatdan hem jennet gylyçlaryň kölegeleriniň aşagyndadyr» diýýändigini eşidipdir.

Onda ýaňky adam:

—    Eý, Abu Musa, sen Resulallanyň ýaňky aýdan sözüni eşitdiňmi? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

—    Hawa — diýipdir.

Ol dostlarynyň ýanyna gaýdyp gelip: «Size salamatlyk arzuw edýärin» diýipdir-de, gylyjyny gynyndan çykarypdyr.

Soň gylyjy bilen duşmanyň üstüne eňipdir we tä öldürilýänçä söweşipdir.

* * *

Enes ibn Mäligiň[28] kakasynyň dogany Enes ibn Nadr Bedr güni şehit bolmandyr. Ol gynanyp, şeýle diýipdir: «Ilkinji şehit edileni Resulalla gördi. Meniň oňa gözüm gitdi, käşgä Alla meni şehit edilen hökmünde oňa görkezsedi».

Haçanda Uhut güni bolanda ol: «Jennetiň ysy nähili oňat. Men ony Uhutsyz alýaryn» diýipdir we tä öldürilýänçä söweşipdir. Onuň endamynda segsen töweregi gylyç urgusynyň ýarasyny we çiş görüpdirler. Onuň aýal dogany Rabyg binti Nadr: «Men ony diňe barmaklarynyň ujundan tanadym» diýipdir.

* * *

Abu Mälik Eşgary Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim Alla ýoly üçin öýünden çyksa, ölse ýa öldürilse, aty ýa-da düýesi ony ýere ýykyp, boýnuny oňursa, ýa zäherli ýylan çaksa, ýa ýatyp düşeginde ölse, ýa Allanyň halan ölümi bilen ölse ol şehitdir. Onuň jaýy jennetdir».

* * *

Fadale ibn Ubeýd Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Her bir öleniň amaly ölçenýär, diňe Alla ýolunda ölen şehit muňa degişli däldir. Sebäbi onuň amaly kyýamat gününe çenli köpeldilýär. Şeýle hem ol gabyr azabyndan hem azatdyr».

* * *

Abu Umama Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim gazawat etmän we gazawat etmegi arzuw etmezden ölse, ikiýüzlülikden bir görnüş hökmünde ölen hasaplanar».

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Müşriklere garşy mallaryňyz, janlaryňyz we dilleriňiz bilen söweşiň».

* * *

Ukbe ibn Amyr şeýle diýipdir: «Men Resulallanyň münberde durup: «Eý, iman edenler! Olara garşy güýjüňiziň ýetdigi mukdarynda, Allanyň duşmanyny we siziň duşmanlaryňyzy we bulardan başga-da Allanyň bilip, siziň bilmeýän zatlaryňyzy gorkuzmak üçin kuwwat we söweş atlaryny taýýarlaň»[29] aýatyny okandygyny eşitdim.

Aýatda geçen «kuwwat» sözüni «Biliň, kuwwat atmakdyr» diýip gaýtalady.

* * *

Ukbe ibn Amyr şeýle diýipdir: «Men Resulallanyň: «Allatagala bir ok sebäpli, üç kişini jennete salar. Olaryň biri oky ýasan kişidir eger ol muny haýyr maksady bilen ýasan bolsa. Ikinjisi oky atan kişidir. Üçünjisi oky atana getirip beren kişidir. Atyň, münüň. Men siziň ok atmagyňyzy münmegiňizden has gowy görýärin. Ähli güýmenje batyldyr. Güýmenjeleriňiziň içinde diňe üç zada rugsat bardyr: bir kişiniň atyny seýislemegine, maşgalasy bilen näz-kereşme etmegine we ýaý bilen ok atyp, atylan oklary ýygnamagyna. Bular Hakdandyr. Kim öwreneninden soňra atmagy ýigrenip terk etse, bilsin, ol bir nygmaty terk edendir ýa-da bu nygmata gadyrsyzlyk edendir» diýendigini eşitdim».

* * *

Fukaýma Lahmy şeýle diýipdir: «Men Ukbe ibn Amyra:

— Sen garran bolsaň-da, atyjylygy öwrenjek bolup, iki nyşananyň arasynda gatnaýarsyň, bu saňa agyr düşünmeýämi — diýdim.

Ol maňa:

— Eger Resulalladan eşiden bir sözüm bolmasady, özümi bu kynçylygyň içine atmazdym. Men Resulallanyň şeýle diýendigini eşitdim: «Kim atyjylygy öwrenip, soň ony taşlasa bizden däldir» — diýdi.

* * *

Sehl ibn Huneýf Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim çyn ýürekden Alladan şehit bolmagy dileg etse, eger ol düşeginde ölen bolsa hem Alla ony şehitleriň derejesine ýetirer».

* * *

Jabyr şeýle diýipdir: «Biz Resulalla bilen gazawatda gezip ýördük. Ol şeýle diýdi: «Şu wagt Medinede birnäçe adamlar bar. Olar siziň geçen ýerleriňizde we geçen jülgeleriňizde siziň ýanyňyzdadylar. Olara syrkawlyk böwet bolýar Syrkaw ýatan adam eger gazawady arzuw etse, onyň sogabyna eýe bolar».

* * *

Abu Musa şeýle diýipdir: «Resulalladan batyrgaýlyk, at-abraý we göz üçin söweşýän söweşijiler barada:

— Bularyň haýsysy Allanyň ýolundadyr? — diýlip soraldy. 

Resulalla:

— Kim Allanyň kelamy beýgelsin diýip söweşýän bolsa, ol Allanyň ýolundadyr — diýdi».

* * *

Abdylla ibn Amr[30] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Alla ýolunda jyhada çykyp, söweş eden we sag-salamat olja bilen gaýdyp gelen goşun ahyretde beriljek derejäniň üçden ikisine bu dünýäde gowşar. Hiç hili olja almadyk, howply ýagdaýlary başdan geçiren we kynçylyklara sezewar bolan goşun bolsa, ahyretde doly derejä eýe bolar».

* * *

Isgender goşunyny gözden geçirip duran. Goşunyň hatarynda aty agsak bir adam bar eken. Ol ony hatardan çykarmagy emr edipdir. Onda ýaňky adam gülüpdir. Onuň gülküsi beýlekileri hem güldüripdir.

Isgender oňa:

— Sen näme gülýärsiň, men seni hatardan çykarjak bolýaryn — diýipdir.

Onda ol:

— Saňa haýran galýaryn — diýipdir.

Isgender:

— Näme üçin? — diýipdir.

Ol adam:

— Seniň astyňda ýüwrük bar, mende bolsa agsak ulag bar, ýagny sen gaçyp bilersiň, emma men gaçmaryn, emma onda-da meni hatardan çykarjak bolýarsyň? — diýdi.

Isgender onuň sözüne haýran galypdyr we hatardan çykarmandyr.

* * *

Mugan ibn Zaýyda goşunyna ýarag paýlapdyr. Esgerleriň birine erbet gylyç düşüpdir.

Ol:

— Alla seniň işiňi oňuna etsin, Eý, emir, maňa başgasyny ber — diýipdir.

Onda emir:

— Al, sebäbi onuň hem ýerine ýetirýän wezipesi bolar — diýipdir.

Onda esger:

— Oňa hiç haçan kesmezlik wezipesi berlipdir — diýdi.

Emir hem gülüp, oňa başgasyny beripdir.

* * *

Ýigrimi müň ýigdiň içinde diňe,

Batyr şoldur – eger kim çyksa öňe.

* * *

Uteýbe Medeniden sorapdyrlar:

— Sen näme üçin gazawada gitmeýärsiň?

 Ol hem:

— Men öz düşegimde ýatyp ölmegi has gowy görýän. Ol maňa nähili gowy ýaraýar? — diýipdir.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Ynsanda bolan iň erbet zat aşa gysgançlyk we güýçli gorkudyr».

* * *

 Ubeýdylla ibn Zyýat Hezreti Hüseýini öldürene lagnat okapdyr. Çarwa arap bu barada: «Serediň bu pedernälete, nädip öz pygamberiniň agtygyny öldürdi?» diýipdir.

* * *

Omar ibn Abdyleziz şeýle diýipdir: «Eger men Hüseýiniň öldürilmegine gatnaşan bolsam we maňa jennete gir diýlen bolsa, Muhammet alaýhyssalamyň gözüne görünmekden utanyp girmezdim».

* * *

 Hezreti Äşä Hezreti Hüseýiniň ölüm habary getirilende, ol gaty gynanypdyr we şeýle diýipdir: «Ol Jemel güni[31] meniň toparyma garşy çykypdy».

 

* * *

Mejnundan:

— Bu ymmatyň halas bolmagy üçin haça gerilmäge begenermidiň? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Ýok. Ýöne bu ymmatyň meniň halas bolmagym üçin haça gerilmegine begenerdim — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Dawut ibn Aly[32] Hyjazda emewileriň neberesinden bolanlary öldürmekde aşa gidende, Abdylla ibn Hasan oňa: «Eý, agamyň ogly! Eger sen öldürmekde has aşa gitseň, onda seniň soltanyň ýanyndaky garşydaşlaryň soň seniň başyňa ýeterler» diýipdir.

* * *

Bureýde Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Bir möminiň öldürilmegi Allatagalanyň ýanynda dünýäniň ýok bolmagyndan hem has uludyr».

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Kim Allanyň binalaryny ýyksa (ýagny kim nähak ýere adam öldürse), ol melgundyr».

* * *

Abul Apbas Seffah[33] Süleýman ibn Hyşam ibn Abdylmäligi[34] we iki ogluny ýanyna getirdipdir.Şahyr Sedis:

Ol özüni sarsmaz soltan saýýardy,

Apbasly jellatlaň öňüne geldi –

diýip, başlanýan şygry aýdyp başlanda, Abul Jehm Hursa[35] olaryň kelleleriniň kesilmegini emr edipdir. Seffah oňa: «Öňürti iki oglunyň kellesini al. Olaryň ölümini görsün» diýipdir. Ol hem ikisiniň kellesini, soň bolsa onuň kellesini alypdyr.

* * *

Abu Zekkar Magny[36] şeýle gürrüň beripdir: «Men Japar ibn Ýahýa Barmakynyň[37] ýanyndadym. Ol menden şu setirlerimi aýdyp bermegimi haýyş etdi:

Özüňden daş tutma hyzmatkärleri,

Bu gün-ertir olaň döwrany geler,

Gorkup, ykbalyňy eýleme pida,

Ähli kowmuň pida etdigiň bolar.

Men heniz sözümi gutaryp-gutarmankam, içeri Mesrur[38] girdi.

Japar oňa:

— Näme boldy? — diýdi.

Ol:

— Seniň kelläňi almaga geldim — diýdi.

Onda Japar:

— Özünden başga Hudaý bolmadyk Alla we saňa şaýat bolýaryn. Eý, Abu Zekkar we saňa şaýat bolýaryn, Eý, Mesrur, ähli gullar azatdyr, meniň ähli malym sadakadyr, meniň kimde hakym ýa-da amanat zadym bar bolsa olary geçýärin. Gel, özüňe emr edilen işi ýerine ýetir — diýdi.

Ol hem gelip, onuň başyny kesip çykyp gitdi.

* * *

Hüseýin ibn Alynyň gubry Kerbeladadyr. Onuň kellesi bolsa, Damask metjidiniň sütünleriniň başyndadyr.

* * *

Abdylla ibn Amr Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Dünýäniň ýykylyp ýok bolmagy Allatagala üçin bir musulmanyň ganynyň dökülmeginden has ähmiýetsizdir».

* * *

Abu Müslim Horasana öňki inen kitaplarda: «Kim gylyç bilen gelse, gylyçdan hem öler» diýip ýazylgydygyny aýdypdyrlar. Ol: «Gylyçdan ölmek meniň üçin hekimleriň meniň derdim barada jedelleşmesinden we dert çekip däri-derman içmekden has oňatdyr» diýipdir. Muny Mansura habar beripdirler. Ol: «Ol nähili isleýän bolsa ölümini hem şonuň bilen gabatlaň» diýipdir.

* * *

 Hezreti Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!) Uhut gününi ýatlanda: «Uhut güni iň köp sogaby alan Talha[39]» diýer eken.

Munuň sebäbi hem sahabalar Resulallanyň ýanyndan giden wagtlary Talha ibn Ubeýdylla onuň ýanynda galypdy. Onuň eline ok degipdir we ýaralanypdyr. Ol onuň bilen Resulallanyň ýüzüni goraýar eken. Ol ýetmiş töweregi ýara, urgy we çiş alypdyr.

* * *

Kaýs ibn Abu Hazm şeýle diýipdir: «Men Sagt ibn Abu Wakgasyň: «Alla üçin ilkinji ok atan arap mendirin» diýýändigini eşitdim».

* * *

Abu Sufýan[40] Mekgäniň eýelenen güni musulman bolupdyr we şeýle diýipdir:

Lat atyn ýeňende Muhammet aty,

Soňy garaňkylyk bolan wagtynda,

Dogry ýola düşdüm, dogry ýoly tapdym,

Gören günlerimiň iň bir gowusy,

Ömrümiň haky üçin berlen bagtymda,

Ýoly görkeziji görkezdi ýolum —

Haka tarap gitdim özgeler bilen,

Ykbalym eçilen tylla tagtynda.

Soň Resulalla ondan:

— Eý, Abu Sufýan, sen meni kowjakmy? — diýip [degip] sorapdyr.

Ol:

— Estagpyrylla, eý, Allanyň resuly — diýipdir.

* * *

Resulalla Tebuk[41] ýörişine gidipdir. Abu Heýseme atly bir sahaba bu ýörişe çydaman yzyna-öýüne gaýdypdyr. Onuň iki aýaly bar eken. Aýallary onuň gelendigini görüp, oňa dürli miwelerden alyp, kölegede saçak ýazyp beripdirler. Ol bu ýagdaýy görüp, öz-özüne: «Uzyn kölegeler, ter miweler, näzenin aýallar, sowuk suwlar. Resulalla bolsa gyzgynyň, çölüň, ýeliň we epgediň içinde Bu maňa haýyr däldir» diýipdir we atyna atlanyp onuň yzyndan gidipdir. Resulalla ony göreninden, oňa elini uzadyp: «Eý Allam bu kişini , Abu Heýseme et» diýipdir.

* * *

Çarwa arap Ýemene häkim bellenipdir. Ol ýehudylary we hristianlary ýygnap, olardan:

— Siz Isa pygamber barada näme diýýärsiňiz? — diýip sorapdyr.

 Olar:

— Ony öldürdik we haçdan asdyk — diýipdirler.

Onda ol:

— Siz tä Isa pygamberiň hununy töleýänçäňiz, zyndandan çykmarsyňyz — diýipdir.

* * *

Sokratdan sorapdyrlar:

— Näme üçin kanunlaryňda öz kakasyny öldüreniň jezasy barada hiç zat agzamansyň?

Ol hem:

— Men onuň ýaly zadyň bolýandygyny bilmeýärdim — diýipdir.

* * *

Pelsepeçi şeýle diýipdir: «Duşmanyň hiç bir işini kiçi görme. Sen, eger ýeňseň, öwünme, asgyn gelseň, bahana tapma».

* * *

Amr ibn Halza[42]şeýle diýipdir:

Kişi abraýyn görmedim hiç pes,

Belki, onuň abraýy galar has.

* * *

Ibn Rumy şeýle diýipdir:

Emri taýyn, saňa çenär okuny,

Eger ölümiňe seretseň göni.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Nähak ýere gan dökmekden daş dur. Sebäbi ol azap çekmäge sebäp bolan günä bolup durýandygy sebäpli, nygmatyň gitmegine, baýlygyň ýitmegine ondan has uly sebäp bolan başga zat ýokdur. Onuň bilen deňäp boljak başga uly günä ýokdur. Gan dökenleri kyýamat gününde hut Allanyň özi hasaba çekjekdir».

* * *

Urwe ibn Zubeýr dogany Abdylla öldürilenden soň, Abdylmäligiň ýanyna gelip, ondan kakasy Zubeýriň gylyjyny özüne bermegini sorap:

— Ol gylyjy maňa gaýtaryp ber. Sebäbi ol gylyç Resulallanyň Huneýn[43] gününde oňa beren gylyjydy — diýipdir.

Abdylmälik oňa:

—    Sen ony tanarsyňmy? — diýip sorapdyr.

Ol:

—    Hawa — diýipdir.

Abdylmälik:

—    Näme bilen tanarsyň? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Seniň kakaň gylyjynda ýok bolan zat bilen, ony şahyryň şu sözleri bilen tanaryn — diýipdir:

Onda kemçilik ýok, bar onda diňe,

At toýnagynyň sesi üns berseň siňe.

Şondan soň Abdylmälik gylyjy beripdir.

* * *

Hassan[44] şeýle diýipdir:

Ýalan sözleýän bolsaň gürrüň berýän zadyňda,

Halas biz Harys ibn Hyşamyň[45] bolşy ýaly.

Dinini, musulmana garşy urşy terk etdi,

Aty uýany bilen halas bolandyr doly.

Harys ibn Hyşam Bedr gününde müşrikleriň tarapynda bolupdyr. Soň olardan gaçyp gidipdir we Mekgäniň ýeňşi güni musulman bolupdyr. Hezreti Omaryň halypalyk döwründe maşgalasy we mal-mülki bilen Şama gidipdir. Mekgeli aýal-erkekleriň, çagalaryň köpüsi onuň yzyna düşüpdirler. Olaryň aglaşýan sesleri asmana galypdyr. Ol hem aglap: «Eger men öýi öý bilen, goňşulary goňşular bilen çalyşmaly bolsam, muny hiç haçan siz bilen çalyşmazdym, sizden aýrylmazdym. Ýöne men Alla üçin gidýärin» diýipdir. Ol tä şehit bolýança Şamda Allanyň ýolunda söweş edip geçipdir.

Onuň Şama göçmegine şeýle waka sebäp bolupdyr: Ol we Suheýl ibn Amr Hezreti Omaryň ýanyna barypdyrlar. Olar onuň ýanyna girjek bolup, garaşyp oturypdyrlar. Omar hem olaryň ikisini görüp otursa-da, muhajyrlary we ensarlary öňürti kabul edip, olary yza goýupdyr. Hatda iň soňuna galypdyrlar.

Harys Suheýle:

— Sen Omaryň edýän işini görýärsiňmi? — diýipdir.

Onda Suheýl oňa:

— Eý, Harys, sen oňa gaharlanma. Biziň bu gaharymyzy özümize gönükdirmegimiz gerek. Haçanda olar yslama çagyrylanda howlugyp geldiler, bizi çagyrdy, emma biz has gijikdirdik — diýipdir.

Soň olar Omara:

— Biz seniň bize bolan garaýşyňy bildik. Biz indi üçin nädip abraý-hormat gazanmaly? — diýipdirler.

Onda ol:

— Men diňe ýekeje ýol bilýärin. Ol hem Rum serhedinde jyhat etmek — diýipdir. Olar hem şundan soň Şama gidipdirler.

* * *

Mugawyýa bir gezek Eýmen ibn Harym Esedini söweşe çagyrypdyr. Ol bolsa oňa: «Meniň kakam we agam Resulallanyň sahabalarydy we olar maňa, iki musulman söweşse ýaraşdyrmagy emr etdiler» diýipdir we şu şygry okapdyr:

Kuraýyşdan başga adama doga edýäni halamok,

Nesip etsin öz soltany, bar meniň öz borçly ýerim.

Düşünjesiz, akmaklykdan sygynýaryn Biribara,

Bir bigünä musulmany öldürerinmi men heý-de,

Şeýle etsem ömürboýy ökünerin, ökünerin.

* * *

Bir gezek Jebraýyl perişde Resulallanyň ýanyna gelip, şeýle diýipdir: «Eý, Muhammet! Seniň Mugtada[46] öldürilen sahabalaryň hemmesi jennete girdiler. Allatagala Japara iki sany ak ganat berdi. Onuň iki aýaklary ganlary bilen boýalan, kellesinde lagly-jöwherden täç bar. Ol şeýle görnüşde jennetde perişdeler bilen uçup ýör».

* * *

Resulalla Huneýin söweşinde alty müň sany gul-gyrnak ýesir alypdyr. Abu Sufýan ibn Harby olara ýolbaşçy belläpdir.

* * *

Sagyt ibn Museýýep kakasyndan şeýle gürrüň beripdir: «Ýermuk[47] söweşinde sesler ýitipdi. Musulmanlar bilen rumlular biri-birine garyşypdy. Bir adamyň gygyrýan sesi eşidilýärdi: «Eý, Allanyň kömegi, ýakynlaş». Seretsek, ol Abu Sufýan eken».

* * *

Halypa Mamun dogany Emin ölenden soňra, onuň ejesi Zübeýdanyň ýanyna gynanç bildirmek üçin gelipdir. Ol aglapdyr we onuň ölüminde özüniň günäsiniň ýokdugyny bildiripdir. Şeýle hem öýle naharyny onuň bilen iýjekdigine söz beripdir. Nahardan soňra Eminiň gyrnaklarynyň biri hiňlenip çykypdyr. Ol özüniň ýalňyz galandygyna yşarat edip, Welit ibn Ukbanyň şu sözlerini okapdyr:

Ol Kesra ähtiýalanlyk edişi dek mürzeleriniň,

Olar öldürdiler ony aljak bolup mekanyny.

Öldüren kim bolsa bolsun, biziň üçin parhy ýokdur,

Biziň üçin des-deň ahyr tutan ýa alan janyny.



[1]Amr ibn Magdy Kerp ibn Rabyga ibn Abdylla Zebidi - ýemenli serkerde. 9-njy hijri ýylynda Medinä gelip, taýpasy zebit bilen musulman bolupdyr.

[2]Apbas ibn Merdas ibn Abu Amyr Sulemi - yslam we jahylyýet döwürlerini gören şahyr. Mekgäniň ýeňşinden öň yslamy kabul edipdir. 18-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[3]Abdylla ibn Zubeýr ibn Awwam ibn Huweýlit – sahaba. Hijretiň birinji ýylynda Medinede doglan ilkinji çaga. Hezreti Osman bilen köp söweşlere gatnaşypdyr. Örän edermen, wagyzçy, dilewar bolupdyr. 73-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[4]Abdylla ibn Hazm Sulemi – emewiler döwründe horasan emiri. Garaýagyz sypatly bu kişi edermen bolupdyr.

[5]Abdyrahman ibn Suleým Kelbi – emewi döwletiniň serkerdeleriniň biri

[6]Sebäbi hadyslaryň birinde «Alymlar pygamberleriň mirasdüşerleridir diýilýär». Bu ýerde hem alym bolmasaňyz, söweşiji bolarsyňyz diýilmek islenilýär.

[7]Mansur ibn Ammar Merwezi - wagyzçy. Merw şäherinde eneden bolupdyr, şonuň üçinem oňa Merwezi diýlipdir. Onuň döwründe wagyz sungatynda ondan öňe geçen bolmandyr. Soň Basrada ýaşapdyr. Müsürde, Bagdatda, Şamda wagyz edipdir.

[8]Seýf ibn Zi Ýezn – Ýemendäki Hamyryýe döwletiniň iň soňky hökümdary. Hijriden öň 110-njy milady ýylynda dünýä inipdir. Hebeşiler Ýemeni eýeläp, halkyň köpüsini gyrypdyrlar. Seýf ibn Zi Ýezn şol mahal hökümdar eken. Ol öňürti Rum hökümdaryndan kömek sorapdyr. Ol kömek etmekden boýun gaçyransoň, Eýran hökümdary Anuşirwandan kömek sorapdyr. Ol hem oňa Wehrez Deýlemini 800 töweregi esgeri bilen iberipdir. Bu goşun bileleşip, hebeşileriň üstüne ýöräpdir we hebeş hökümdaryny öldürip ýeňiş gazanypdyr. Seýf ibn Zi Ýezn hem Wehreziň başyna bir täç geýdiripdir. Hökümdar Seýfi soň hebeşiler öldüripdirler.

[9]Jerrah ibn Abdylla – emewiler döwründe ýaşap geçen serkerde.

[10]Sagyt ibn Amr Harşy - şamly gahrymanlaryň biri. 112-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[11]Meşhur türkmen serkerdesi Buga Sagyr (Kiçi Buga).

[12]Meşhur türkmen serkerdesi Bagyr Türkmen.

[13]Bagyr ony Mütewekkiliň ogly Mugtasyr bilen dildüwşüp öldürýär.

[14]Afrasyýap ibn Fuşeng ibn Rüstem (Alp Är Töňňe) - gadymy türkmen hökümdarlarynyň biri.

[15]Eýran şasy Hysrow Hurmuz.

[16]Bähram Gur ibn Ýezdigert Etim ibn Bähram ibn Sabur Zul Ektaf.

[17]Resulallanyň Hezreti Ala sowgat beren gylyjy. Onuň iki ujy bolupdyr.

[18]5-nji hijri ýylynda bolup geçen gazawat.

[19]Amr ibn Leýs Saffar – serkerde. 265-nji hijri ýylynda dogany Ýakup Leýsiň wepatyndan soňra, Horasana, Yspyhana, Sistana, Sinde we Kermana Halypa Mugtemit tarapyndan häkim bellenýär. Mugtemit 271-nji hijri ýylynda ony Bagdadyň şihneligine belläpdir. 279-njy hijri ýylynda Mugtemidiň wepatyndan soňra, Halypa Mugtezyt ony ýene Horasana häkim belläpdir we 284-nji hijri ýylynda Reýi hem oňa beripdir. Soň ony Mawerannahra belläpdir. Onuň bilen Ysmaýyl ibn Ahmet Samanynyň arasynda uly söweş ýüze çykyp, Samanynyň ýeňşi bilen gutarypdyr. Ibn Leýs bu söweşde ýesir düşüpdir we 287-nji hijri ýylynda Bagdada getirilip, tussag edilipdir. 289-njy hijri ýylynda hem zyndanda wepat bolupdyr.

 

[20]Abdylla ibn Jahş ibn Ryýat ibn Ýuammer Esedi – sahaba. Uhud söweşinde şehit bolup, Hamza bilen birguburda ýerlenipdir.

[21]Mahraz Kätip – halypa Mustegynyň döwründe ýaşap geçen şahyr.

[22]Human ibn Galyp ibn Sagsaga Temimi Darymy Abu Farys – basraly şahyr. Farazdak lakamy bilen meşhur bolupdyr. Yslam şahyrlarynyň birinji gatlagyndan hasaplanypdyr. 110-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[23]Jerir ibn Utýe ibn Huzeýf Hatfy ibn Bedr Kelbi Ýerbugy - temim ogullary taýpasyndan bolan şahyr. 28-nji hijri ýylynda Ýemamada dünýä inipdir we 110-nji hijri ýylynda hem wepat bolupdyr.

[24]Halyt ibn Welit – Allanyň gylyjy lakamly sahaba we köp ýerleri eýelän serkerde.

[25]Amr ibn Utbe ibn Farkat Summi Kufy - meşhur hadys rowaýatçysy. Onuň kakasy Utbe ibn Farkat sahaba bolupdyr.

[26]6-njy hijri ýylynda ýehudylaryň ýeňilmegi bilen gutaran gazawat.

[27]Ibn Mesgut – Abu Abdyrahman Abdylla ibn Mesgut ibn Gapyl ibn Habyp Hezeli. Mekgede yslama ilkinji giren sahabalaryň biri. Mekgede Gurhany ilkinji bolup açyk ýerde köpçüligiň öňünde okan. 32-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[28]Enes ibn Mälik ibn Nadr ibn Damdam Ensary - Medinäniň hazreç taýpasyndan bolan sahaba. Muhammet alaýhyssalamyň hyzmatkäri. 93-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Basrada ýogalan iň soňky sahabadyr.

 

[29]Gurhanyň «Enfal» süresiniň 60-njy aýaty.

[30]Abdylla ibn Amr ibn As - sahaba. Kakasyndan öň musulman bolupdyr. Hat-sowat we surýany dilini bilipdir. Resulalla oňa özüniň aýdýan zatlaryny ýazmaga rugsat beripdir. Ol köp söweşlere gatnaşypdyr. Ol iki gylyç bilen söweşer eken. 65-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Muhammet alaýhyssalamdan 700 sany hadys rowaýat edipdir.

[31]Jemel güni – Hezreti Aly bilen Hezreti Äşäniň arasynda bolup geçen söweş. Oňa «Düýe söweşi» diýlipdir.

[32]Dawut ibn Aly ibn Ubeýdylla ibn Apbas ibn Abdylmuttalyp – apbasy halypalary Seffahyň we Mansuryň kakasynyň dogany. Seffah ony Kufäniň häkimligine belläpdir. 81-nji hijri ýylynda dünýä inipdir we 133-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[33]Abdylla ibn Muhammet ibn Aly Seffah - ilkinji Apbasly halypasy.

[34]Süleýman ibn Hyşam ibn Abdylmälik - emewi serkerdesi. Ol hem özüni emewi halypasy yglan edipdir.

[35]Abul Jehi Kelbi - Abu Müslim Horasanynyň dostlaryndan we Saffahyň iň ýakyn adamsy.

[36]Abu Zekkar Agma Keluzany - bagdatly edebiýatçy alym. Japbar Barmakynyň şahyry.

[37]Japar ibn Ýahýa Barmaky – Harun Reşidiň weziri.

[38]Abu Haşym Mesrur – Barmakynyň we Harun Reşidiň hyzmatkäri. Reşit oňa Barmakyny öldürmegi tabşyrýar.

[39]Talha ibn Ubeýdylla ibn Osman Teými Kuraýşy Abu Muhammet - sahaba. Jennet bilen buşlanan 10 kişiniň biri we yslama ilkinji giren 8 kişiniň biri. Şeýle hem 6 sany maslahat agzasynyň biri bolupdyr. Uhut, Hendek we beýleki söweşlere gatnaşypdyr. 36-njy hijri ýylynda Jemel söweşinde öldürilipdir we Basrada jaýlanypdyr. 38 hadys rowaýat edipdir.

[40]Abu Sufýan – Mugawyýanyň kakasy.

[41]Tebuk ýörişi - 9-njy hijri ýylynda edilen ýöriş.

[42]Amr ibn Halza Ýekşeri - jahylyýet döwründe ýaşap geçen.edebiýatçy we şahyr.

[43]Huneýn güni – hijriniň 8-nji ýylynda bolup geçen söweş.

[44]Hassan ibn Sabyt ibn Munzyr Hazreji Ensary — Resulallanyň şahyry. Jahylyýeti we yslamy görenleriň biri. Yslamdan öň ol Gassanylary taryplap şygyr ýazar eken. 54-nji hijri ýylynda Medinede wepat bolupdyr.

[45]Harys ibn Hyşam ibn Mugyra Mahzumy Abu Abdyrahman - sahaba. Onuň jahylyýet döwründe hem, yslam döwründe hem uly abraýy boludyr. Bedr söweşinde müşrikleriň tarapynda bolup, Mekgäniň ýeňşi güni musulman bolupdyr. 18-nji hijri ýylynda Hezreti Omaryň halypalyk döwründe wepat bolupdyr. Abu Jehl ibn Hyşamyň dogany.

[46]Mugta söweşi – 8-nji hijri ýylynda rumlylar bilen bolup geçen söweş.

[47]Ýermuk söweşi – rumlular bilen bolan söweş.