ALTMYŞ IKINJI BAP: GAÝGY-GAM, MUŞAKGAT, KYNÇYLYK, BELA, GORKY, AGY WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ALTMYŞ IKINJI BAP: GAÝGY-GAM, MUŞAKGAT, KYNÇYLYK, BELA, GORKY, AGY WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Huzeýfe şeýle diýipdir: «Men hiç zat tapmadyk günümde, örän arkaýyn bolýardym. Sebäbi men Resulallanyň şeýle diýendigini eşitdim: «Hakykatdan Allatagala öz mömin bendesini, göýä siziň biriňiziň syrkawyňyzy oňa bermeli däl tagamdan goraýşyňyz ýaly dünýäden gorar».

* * *

Abu Ukbe Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Alla eger öz bendesini söýse, synag eder, eger ony has söýse, ony «iktinag» eder. Ondan:

—    Ýa, Resulalla «iktinag» näme bolýar? – diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Alla oňa mal-mülk we perzent bermez — diýdi».

Soň Abu Ukbe şeýle diýipdir: «Janym gudrat elinde bolan Alladan ant içýärin, men muny Resulalladan eşitdim». Soň hadysy gürrüň beripdir.

* * *

Musa alaýhyssalam ölüp ýatan adamyň üstünden barypdyr. Ýyrtyjy haýwanlar onuň etini iýip, süňklerini gemripdir, bagyr-öýkenini çykarypdyr.

Musa alaýhyssalam onuň Alla tagat-ybadat edýän kişidigini bilýän eken. Musa:

— Eý, Allam! Sen öz bendäňi meniň görşüm ýaly synag edýärsiňmi? — diýipdir.

 Onda Alla oňa wahyý edip:

— Ol menden özüniň amaly bilen ýetmedik derejesini isledi. Men hem ony bu derejä ýetirmek üçin synag etdim — diýipdir.

* * *

Leýs ibn Sagt şeýle diýipdir: «Kalba gelen gaýgy-gam günäleri ýuwýandyr».

* * *

Bir gezek Hasan Basry Allanyň: «Dogrudan hem biz ynsany gaýgy-gam içinde ýaratdyk»[1] aýaty barada şeýle diýipdir: «Men ýaradylanlaryň içinde başyna düşen işe ynsan ýaly sabyr-takat edýän başga zady bilmeýärin. Ynsan dünýäniň darlyklaryna we ahyretiň kynçylyklarynasezewar bolýar».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Niçe nygmat berlenler bar, nygmatlar bilen belent derejelere ýetdiler, niçe gaýgy-gam çekýänler bar, olara dert-azap taýýarlanyp goýuldy».

* * *

Ibn Mugtez şeýle diýipdir: «Kim özüni kynçylyklaryň öňüne atmasa, kynçylyklar onuň başyna geler».

* * *

Zekeriýa alaýhyssalam ogly Ýahýa alaýhyssalamy elmydama gaýgyly, aglap ýören we öz-özi bilen meşgullanyp ýören ýagdaýda görýän eken. Ol:

— Eý, Rebbim! Men senden özüme peýdaly ogul isläpdim, men ondan hiç hili peýda göremok — diýipdir.

Onda Alla oňa:

— Sen özüňe dost, weli ogul islediň. Weli hem diňe şunuň ýaly bolýar — diýipdir.

* * *

Söwri şeýle diýipdir: «Biziň ýanymyzda belalary nygmat we nygmatlary bela hasaplamadyk alym däldir».

* * *

Gaýgy-gam kalby garaldýar we akyly küteldýär. Olar pikir döretmeýärler we garaýyşlary dogry bolmaýar.

* * *

Ibn Apbasdan gynanç we gahar-gazap barada sorapdyrlar. Onda ol: «Bu duýgular gowy görülýän bir zada halanylmaýan zat duçar bolansoň ýüze çykýarlar. Ol halanylmaýan zat gowy görülýän zadyň üstünde bolsa netijesi gynanç, eger aşagynda bolsa netijesi gahar-gazap bolýar».

* * *

Mugtemir ibn Süleýman şeýle diýipdir: «Döwrüň çäresini tapmadyk belalaryň çäresini tapmaz».

* * *

Nygmatlar belalaryň alamatydyr.

* * *

Farkat Subhy şeýle diýipdir: «Töwratda şeýle ýazylandygyny gördüm: «Kim hökümdar bolsa azar, kim maslahatlaşmasa puşman eder, ýeter-ýetmezçilik uly ölümdir, gaýgy-gam garrylygyň ýarysydyr».

* * *

Akyldar bir adamyň başga birine:

— Alla saňa erbetlik görkezmesin! — diýendigini eşidip:

— Sen göýä oňa ölüm dileýän ýaly. Sebäbi dünýäde ýaşaýan hökman erbetlik göräýmeli ahyry — diýipdir.

* * *

Döwür hadysalaryň we kynçylyklaryň geçirijisidir.

* * *

Bir dert iki dertden ýeňildir.

* * *

Belalar az-azdan gelýär, arkaň bilen daş çekmek ondan has ýeňildir.

* * *

Ibn Uýeýne şeýle diýipdir: «Dünýä durşy bilen gaýgy-gamdyr. Kim onda şatlanan bolsa, ol dünýäsini gazanandyr».

* * *

Utby şeýle diýipdir: «Eger gaýgy-gam gutarsa, gözýaş kesiler. Munuň delili hem haçanda sen gamçy bilen urulýany we aglap, kellesi kesilmäge barýany görmeseň, onda bu aýdylan zadyň amala aşdygydyr».

* * *

Şugaýp ibn Haphap şeýle diýipdir: «Gaýgy-gam göýä reňkiň dökülişi ýaly dökülýändir. Eger öldürilmek üçin birinde galan gaýgy-gam bolsa-da, ol hökman ölmezinden öňürti döküler».

* * *

Aýdymçy ýaş ýigit merhumlara aglaýan bir gyza öýlenipdir. Ol onuň:

— Eý, Allam! Biziň rysgalymyzy giňelt — diýýändigini eşidipdir we oňa:

— Eý, keýwany, dünýä diňe begenç we gynançdyr. Ol bizi iki tarapdan hem eýeledi. Eger begenseler, meni çagyrýarlar, gynansalar seni — diýipdir.

* * *

Wehb ibn Munebbih şeýle diýipdir: «Jepa ýoly pygamberleriň ýoludyr».

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Mömine bela gelmegi, göýä haýwana ýitmesin, uzaklaşmasyn diýlip zynjyr urulmagy ýalydyr».

* * *

Allanyň kitaplarynyň birinde şeýle diýlipdir: «Eger olaryň saglyk-salamatlyklary uzalsa, gynanýardylar we özlerinde bir kemçilik tapýardylar. Eger olara bela gelse, begenýärdiler we şeýle diýýärdiler: «Rebbiňiz size gaharlanýar, taýýar boluň».

* * *

Mutarraf şeýle diýipdir: «Maňa haýsydyr bir dert gelse, ony uly görýärdim, emma günälerimi sanamda ony kiçi görýärdim».

* * *

Sufýan Söwri Rabyganyň ýanyna gelip, oňa:

— Meniň gaýgy-gamym gaty köp — diýipdir.

Onda ol:

— Ýok, seniň gaýgy-gamyň az! Eger sen gaýgy-gamly bolsadyň, ýaşaýyş göwnüňe ýaramazdy — diýipdir.

* * *

Weýis Baba: «Sen Alla bilen bolan işleriňde, göýä ynsanlaryň hemmesini öldüren ganhor ýaly bol, ýagny gaýgy-gamly, gorkýan bol» diýipdir.

* * *

Abu Hanypa şeýle diýipdir: «Möminden has köp gaýgy çekýän ýokdur. Dünýäniň şärikleri aýşy-eşret içindedir. Olaryň tapawudy ahyretde belli bolar».

* * *

Şugaýp ibn Harp şeýle diýipir: «Men her haçan Sufýan Söwrini görenimde, ol göýä ýedi gat ýerde ähli zatdan gorkýan ýaly, Abdyleziz ibn Abu Rawwada seredenimde, ony göýä kyýamat magşarda gezip ýören ýaly görýärin».

* * *

Agmeş şele diýipdir: «Men her haçan Mujahydy görenimde, eşek münüp oturan ýaly pespäl ýagdaýda görýärdim, ol gaýgyly ýagdaýda, ahyret işleri barada oýlanýardy».

* * *

Ybraýym ibn Beşar şeýle diýipdir: «Men Ybraýym Edhem bilen gürrüňdeş boldum. Onuň köp gaýgy çekýändigini, ellerini kellesine goýup, köp pikir edýändigini gördüm. Göýä ähli gaýgy-gamlar onuň depesinden inen ýalydy».

* * *

Başyna gelen bela üçin diňe Rebbini günäkärleýän gynanar.

* * *

Jabyr ibn Abdylla Muhammet alaýhyssalamdan şeýle rowaýat edipdir: «Kyýamat güni hoşnut bolan kişiler dünýäde bela berlen kişilere sogaplar berlensoň, dünýäde ýaşan mahallary bedenleriniň köp gaýgy çeken bolmagyny arzuw etjekdirler».

* * *

Allatagala Ybraýym pygamberi özüne dost edinende, onuň kalbyna gorky geldi. Hatda onuň ýüreginiň urşy, göýä guşlaryň howada ganatlarynyň sesleriniň eşidilişi ýaly daşdan hem eşidilýärdi.

* * *

Mesruk şeýle diýipdir: «Gorky umytdan öňdedir. Sebäbi Alla jenneti we dowzahy ýaratdy. Dowzahyň üstünden geçmän, jennete barmarsyňyz».

* * *

Fuzaýlden sorapdyrlar:

— Senden eşidýän gorkyly zatlaryndan ýaňa seniň ogluň nädip ýetginjeklige ýetdi?

Ol:

— Az günä bilen — diýipdir.

* * *

Fuzaýl şeýle diýipdir: «Eger saňa: «Sen Alladan gorkýarsyňmy?» diýilse, sesiňi çykarma. Sebäbi eger sen: «ýok» diýseň, onda sen uly günä gazanarsyň, eger: «hawa» diýseň, onda Alladan gorkýan adamyň özüni alyp baryşy seniň bolşuň ýaly bolmaýar».

* * *

Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Sen gorkynyň haçan geljekdigini bilmeýärsiň. Ol gelmezden öňürti seniň oňa taýýarlykly bolmagyňa näme päsgel bolýar».

* * *

Salyh Meriý şeýle diýipdir: «Men Ata Sulemini güýçli gorkuzan zatdan gorkýaryn. Onuň aglamakdan döken gözýaşlaryndan ýaňa gözüniň hanasy soýulyp gitdi».

* * *

Rabyga Kaýsyýeden sorapdyrlar:

— Sen eden amallaryň içinde kabul bolan amaly gördüňmi?

Onda ol:

— Eger şeýle bolsady, onda gorkym meni amalymdan geçirerdi — diýipdir.

* * *

Sufýan Söwriden:

— Seniň amallaryň içinde iň ynamly bolany haýsy? – diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Maňa Allanyň gorkusy geleni bäri, hiç bir amalyma ynam etmeýärin, şondan başga zat meni gorkuzmaýar — diýipdir.

* * *

Zer ibn Omar kakasy Omara:

— Näme üçinbeýlekiler gürlänlerinde, hiç kim aglanok. Eger sen gürleseň, aglaşmalar köpelýär? — diýipdir.

Onda ol:

 — Eý, oglum! Hakyna tutma aglaýan aýal bilen çyn ýürekden aglaýan aýal deň däldir — diýipdir.

* * *

Fuzaýl şeýle diýipdir: «Agy iki hilidir. Kalp bilen aglamak we göz bilen aglamak. Kalp bilen aglamak günäleriňe aglamakdyr. Bu aglaýyş peýdalydyr. Göz bilen aglamak bolsa, dünýä üçin aglamakdyr. Eger sen bir adamyň gözleri bilen aglaýandygyny görseň, onda onuň kalby gatydyr».

* * *

Nuh alaýhyssalam özüniň: «Eý, Rebbim! Hakykatdan hem oglum hem meniň neslimdendir»[2] diýen sözi üçin üç ýüz ýyllap aglap gezipdir.

* * *

Isa ibn Merýem Allanyň dostlaryny wasp edip, şeýle diýipdir: «Alla olaryň ösüp-ulalmaklary we ýetişmekleri üçin ekinlerini olaryň gözleriniň ýaşy bilen suwardy. Olaryň garyp düşen günleri, olaryň ekininiň hasyly bişendir».

* * *

Enes şeýle diýipdir: «Resulalla dowzah barada gürrüň berýärdi. Onuň ýanynda duran hebeşi (garaýagyz) möňňürip aglamaga başlady. Şol wagt Jebraýyl perişde indi we aýtdy: «Eý Muhammet, Eziz we Jelil bolan Alla şeýle diýdi: «Özümiň yzzatymyň, beýikligimiň, hormatymyň we rehmetimiň giňliginiň haky üçin aýdýaryn, eger bendäm dünýäde aglasa, ahyretde ol hökman köp güler».

* * *

Kagbul Ahbar şeýle diýipdir: «Alladan gorkup aglap, gözýaşlarymyň hem üst-başymy öl etmegi meniň üçin bir dag ýaly altyn sadaka bermegimden has gowudyr».

* * *

Muharyp ibn Desar şeýle diýipdir:«Men Omaryň namaz okaýan wagty aglaýandygyny gördüm. Namazyny okap bolandan soňra, ol: «Hakykatdan hem Gün Alladan gorkunjyna aglaýandyr. Eger aglap bilmeseňiz, aglaýan ýaly bolup görüniň. Allatagalanyň gazabyny hiç zat gaýtaryp bilmez, diňe ystygfar[3] aýtmak, aglamak we dileg etmek gaýtarar» diýdi».

* * *

Apbas ibn Ahnef şeýle diýipdir:

Aglamakdan tamam boldy gözýaşyň,

Gözýaşy kän başga göz al karzyna.

Gördüňmi aglara karz berlen gözi,

Kim diň salar seniň eden arzyňa?

 

* * *

Hasan Basry bir gün aglaýan biriniň ýanynda şeýle diýipdir: «Maksatsyz aýallaryň gygyryşy ýaly gygyrýar. Ýusup alaýhyssalamyň doganlary hem kakalarynyň ýanyna agşam aglap gelipdiler».

* * *

Bir adam şeýle diýipdir: «Men Hasan Basryny iki ýyllap ýakyndan gördüm. Her gün aglamakdan ýaňa onuň gözýaşlarynyň sakgalyna akýandygyny görýärdim».

* * *

Pelsepeçi şeýle diýipdir: «Geçen zada puşman etmek, wagty ikinji gezek zaýalaýandyr».

* * *

Halypa Mansuryň dosty Abu Eýýuba:

— Biz seni eger Mansur çagyrsa, reňkiň üýtgäp, aljyraňňy halda bolýandygyny görýäris — diýipdirler.

Onda ol:

— Meniň ýagdaýym, göýä laçyn bilen horazyň gürrüňindäki ýalydyr. Laçyn horaza: «Men sende hiç hili erbetlik görmeýärin. Sen kiçilikden tä ulalýançaň, öz kowumyň bilen ýaşaýarsyň. Seni iýmleýärler, däne-suw berip bakýarlar. Eger seni bir ýere göçürmek isleseler olara seni tutmak gaty kyn düşýär. Emma meni bolsa çöllere, uzak ýerlere üçin iberýärler» diýipdir. Onda horaz oňa: «Sen çişe düzülen laçynlary görmediň, men bolsa çişe düzülen ýigrimi sany horaz gördüm» diýipdir.

* * *

Sabyt Benany şeýle köp aglapdyr welin, tas gözlerini kör eden eken. Tebip oňa:

— Men indi sen aglamaz ýaly em etdim — diýipdir.

Onda ol:

— Eger aglanmasa, iki gözüň näme geregi bar? — diýipdir.

* * *

Nebiýulla Dawut alaýhyssalam dokuz sany ýüňden dokalan haltany alypdyr we olary gumdan doldurypdyr. Soň bolsa, tä olary gözýaşlary bilen deşýänçä aglapdyr.

* * *

Mutarraf şeýle diýipdir: «Eger ynsanlar Allanyň rehmetini we geçirimliligini bilsediler, nähili şat bolardylar. Eger onuň netijesini we gahar-gazabyny bilsediler, gözlerinden ýaş akardy».

* * *

Bedil ibn Meýsera Ukaýly şeýle diýipdir: «Aglamak ýedi zat üçin bolýandyr: Begenje, gynanja, agyra, gorka, göz üçin, serhoşlykda we Alladan gorkunjyna».

* * *

Abu Yýas şeýle diýipdir: «Kimiň akyl-düşünjesi bar bolsa, ol onuň gije-gündiz aglamagy bilen belli bolar».

* * *

Yshak ibn Suweýt[4] şeýle diýipdir: «Men Müslim ibn Ýesar bilen Mekgä çenli ýoldaş boldum. Ondan ýekeje söz hem eşitmedim. Ol şeýle diýdi: «Men bilmeýärin, Allanyň halamaýan zadyny taşlan adamyň gorkusy nämekä?!».

* * *

Ýezit ibn Rakkaşy gije-gündizi aglap geçirer eken, hatda onuň gözleriniň kirpikleri düşüpdir. Ogly oňa:

— Eger dowzah seniň üçin ýaradylan bolsa, munça aglamazdyň — diýipdir.

Onda ol:

— Dowzah näme diňe meniň we meniň ýalylar üçin ýaradyldymy? — diýip sorapdyr.

* * *

Yshak ibn Suweýt şeýle diýipdir: «Aglaýan we gözýaşlaryny süpürýän kişi Alladan gorkýan kişi däldir. Alladan gorkýan kişi Allanyň ýanynda netijesi erbet bolar diýip gorkýan zatlaryny terk edýän kişidir».

* * *

Fuzaýl şeýle diýipdir: «Biziň gorkymyz öňküleriň gorkusynyň ýanynda gorky däl, diňe şowa kör ýaly. Eger bir zat görünse, körleriň «pylan görünýär» diýişleri ýalydyr».

* * *

Aýdylypdyr: «Sen çaganyň ýaraglaryny ulan, ýagny çaganyň ýaraglary ýaranjaňlyk we aglamakdyr».

* * *

Şagyp Ýemany şeýle diýipdir: «Biz kitaplarda gördük, eger bende ahlaksyzlygyny düzetse, gözlerine häkim bolar. Olar bilen islendik görnüşde aglamagy başarar».

* * *

Muhammet alaýhyssalam hutba aýdyp duran eken. Şol mahal onuň gözüniň alnynda bir adam aglapdyr. Onda ol: «Eger möminler siziň berk daglar ýaly günäleriňiziň bardygyna şaýat bolsalar, olar bu adamyň aglaýşy ýaly aglamak bilen bagyşlanar. Onuň perişdesi oňa Allanyň rehmetini dilär we şeýle diýer: «Eý, Allam! Aglamaýanlaryň içinden aglaýanlara şepagat et!»



[1]Gurhanyň «Beled» süresiniň 4-nji aýaty.

[2]Gurhanyň «Hud» süresiniň 45-nji aýaty. Bu aýatda Nuh alaýhyssalamyň oglunyň oňa boýun bolman gämä münmändigi barada aýdylýar.

[3]Ystygfar – Alladan günäň geçmegini dilemek.

[4]Yshak ibn Suweýd ibn Hebira Adawy Temimi Basry - ynamdar hadys rowaýatçysy. Apbaslylar döwründe ýaşapdyr.