ALTMYŞ ÜÇÜNJI BAP: BUÝSANÇ, TEKEPBIRLIK, ÖWÜNMEK, ULUMSYLYK, DONUŇ ETEGINI ÝERDEN SÜÝRÄP ÝÖREMEK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ALTMYŞ ÜÇÜNJI BAP: BUÝSANÇ, TEKEPBIRLIK, ÖWÜNMEK, ULUMSYLYK, DONUŇ ETEGINI ÝERDEN SÜÝRÄP ÝÖREMEK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Allatagala sizden jahylyýet tekepbirligini arassalady. Indi ol takwa mömindir ýa-da betbagt bozgakdyr. Ynsanlaryň hemmesi Adam atanyň ogullarydyr. Adam ata bolsa toprakdandyr. Ynsanlar ýa dowzah kömründen bolan ölüp giden ejdatlary bilen öwünmekden dänerler, ýa-da Allanyň ýanynda burny bilen poh ýygnaýan tomzakdan hem has pes derejä düşerler».

 

* * *

Hezreti Omar barmaklary bilen öňki ata-babalaryny sanap ýatlaýan bir adamy gördi. Ol adam:

— Biz Mekgäniň töwereginde bolan Kede we Keda[1] depelerinde ýatanlaryň ogullarydyrys — diýip öwnüpdir.

Hezreti Omar oňa:

— Eger seniň diniň bar bolsa, seniň keremiň bardyr, eger seniň aklyň bar bolsa, paýhasyň bardyr. Eger seniň mal-mülküň bar bolsa, abraýyň bardyr. Eger bular ýok bolsa, onda eşek ikiňiz deňsiňiz — diýipdir.

* * *

Aly ibn Hüseýin Hezreti Aly ibn Abu Talybyň özüne wesýet edende, onuň şeýle diýendigini aýdýar: «Eý, Aly! Nadanlykdan aňyrda garyplyk ýokdur. Gopbamsylykdan aňyrda wagşylyk ýokdur».

* * *

Biziň üçin sizi görmezden öň iň gowy zadyňyz adyňyzyň gowy bolmasydyr. Eger sizi görenimizden soň, iň gowy zadyňyz edebiňiziň gowy bolmagydyr. Eger gürläniňizde siziň iň gowy zadyňyz manyly gürlemegiňizdir. Eger amal taýdan iň gowyňyzy habar bersek, siziň Alla üçin edýän amallaryňyzy gizlin edýäniňizdir.

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Bir adam özüne hoş ýakýan eşigiň içinde, saçlary hem timarlanan ýagdaýda gidip barýarka ulumsylansa, ol ýere batandyr. Ol kyýamata çenli kynçylyklar bilen ýere batmagy dowam etjekdir».

* * *

Ibn Omar Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Alla kyýamat güni tekepbirlik edip, eşigini süýräp ýöreýäniň ýüzüne seretmez».

* * *

Bir adam biriniň ýörände gopbamsyrap ýöreýändigini görüp, oňa: «Allatagala ikimiziň nebsimizi meňzeş edip ýaradypdyr, emma gylyk-häsiýetimizi meňzeş ýaratmandyr» diýipdir.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Öwünjeňligi taşla, ulumsylygy goý we öleniňden soň barjak ýeriň bolan guburyň barada pikir et».

* * *

Dawut ibn Aly şeýle diýipdir: «Hökümdar nebga agajynyň[2] esasy sütünidir, biz bolsa onuň şahalarydyrys, ol onuň çür depesidir, biz bolsa baldaklarydyrys».

* * *

Musawyr ibn Hind[3] bir adamdan:

— Sen meni tanaýarsyňmy? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Ýok — diýip jogap beripdir.

Onda ol:

Men Musawyr ibn Hind — diýipdir.

Ol ýene:

Ýok, men seni tanamadym — diýipdir.

Onda Musawyr:

Asmandaky Aýy tanamaýan kişi nähili bagtsyz we yzagalakdyr — diýipdir.

* * *

Pelsepeçiden sorapdyrlar:

Eger hakykat bolsa-da hem aýdylmagy gowy bolmadyk zat näme?

Ol:

Ynsanyň öz-özüni öwmegi diýipdir.

* * *

Attaby şeýle diýipdir: «Buýsanmak iki hilidir, hökmany we halanmaýan. Hökmany buýsanmakda ynsany Allanyň nygmatlary beýgelder we ol Allanyň özüne beren zatlaryna şatlanar. Emma halanmaýan buýsanmak Allanyň gadagan eden ulumsylygyna buýsanmakdyr. Görmeýärsiňmi, pygamberimiz sallallahy alaýhy we sellem: «Men adam ogullarynyň hojaýyny, emma men munuň bilen öwünmeýärin» diýipdir. Ol şükür buýsanjyny aýdyň etdi we ulumsylyk gopbamlygyny aşak düşürdi».

* * *

 Çarwa arap özüni öwüpdir. Ondan munuň sebäbini sorapdyrlar. Ol: «Özüm-özümi öwmesem, kim meni öwer?» diýipdir.

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Eger tebip hassalaryna peýdaly dermanlary ýazyp bermesedi, hiç kim oňa gelmezdi we oňa höwes etmezdiler».

* * *

Ibn Mukaffag özüniň risalasyny ýazanda, ony beýleki eserlerden tapawutlandyrmak üçin «El-ýetimiýe» (Ýetimler kitaby) diýip atlandyrypdyr. Ony atalar sözleri bilen bezäpdir. Eger oňa bu ady dakmadyk bolsa, ol onuň beýleki risalalary ýaly bolardy. Ol kitaby beýgeldeni üçin kalplarda orun tapypdyr.

* * *

Abu Musa Eşgary gopbamsyraýan ogluna garap: «Sen göýä kakaň Amr ibn Asy aldaýşy ýaly ýöreýärsiň» diýipdir[4].

* * *

Farazdak bir gezek Abu Burdanyň: «Men nähili öwülmäýin. Men iki häkimiň ogly ahyry!» diýýändigini eşidip: «Olaryň biri gorkak, biri pasyk. Sen olaryň haýsynyň ogly bolsaň bolaý» diýipdir».

* * *

Omar ibn Abdyleziz erbet ýöreýiş bilen ýöreýän şaýy mezhebinden bolan bir adama seredip: «Eý, pylan, seniň ymam hasaplaýan kişiň[5] bu hili ýöremeýärdi» diýipdir.

* * *

Resulalla sahabalaryň biriniň goşunyň birinji hatarlarynyň arasynda eli gylyçly buýsanyp, iki-baka ýöräp ýörendigini görüpdir we oňa: «Bu ýöreýiş Allanyň halamaýan ýöreýşidir. Ýöne oňa diňe şu ýerde, ýagny söweş meýdanynda rugsat bardyr» diýipdir.

* * *

Resulallanyň kakasy Abdylla ibn Abdylmutallyp[6] şeýle diýipdir:

Jahandaky asylzadalardan abraýymyzyň zyýatdygyn,

Hem kakamyň höküm eden döwletiniň belentligin,

Atam, onuň atalary, asly hem päk nesli bilen,

Berkedenin at-abraý, mertebesin, şöhradyny,

Bilýän asylzada ähliniň şeýledigine beletligin.

 

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Kuraýyşdan tekepbirleri barada agzalanlar mahzum ogullary bilen umeýýe ogullary taýpasydyr. Araplardan Japar ibn Kilap ogullary we Zerara ibn Adas ogullary taýpasydyr. Sebäbi mahzum ogullary, umeýýe ogullary, Japar ibn Kilap ogullary we Zerara ibn Adas ogullary taýpalarynyň aýratynlyklary olaryň buýsançlary we öwünmekleri bilendir. Sebäbi buýsanç olary gopbamsyratdy we olar özlerinde beýleki taýpalardan rüstemlik görüp başladylar. Eger taýpaçylyk häsiýetlerinden olaryň akyllary güýçli bolsady, onda olar göýä haşym ogullary taýpasy ýaly özlerini beýlekileriň ýanynda pespäl we ynsaply tutardylar.

* * *

 Hasan ibn Agla Mugawyýanyň:

Eger haşymylar sahy, emewiler mylaýym, awamylar batyr we mahzumylar ulumsy bolmadyk bolsalar, atalaryna meňzemezdiler — diýen sözüni eşidip:

Ol munuň bilen «Haşym ogullarynyň elindäki zatlary gutardy we olar indi oňa mätäç boldular, umeýýe ogullaryny mylaýymlykda wasp etdi, ynsanlar olary söýýärler, awam ogullaryny batyrlykda wasp etdi, olar öldürýärler we mahzum ogullaryny ulumsy diýip häsiýetlendirdi, olary ýigrenýärler» diýmek isleýär — diýipdir.

* * *

Aýdypdyrlar:

Şu dört zat hiç haçan şu dörtlerde bolmaz we olaryň bolmagy mümkin däldir: zebiriler sahy bolmaz; mahzumylar pespäl bolmaz; şamlylar arassa nesil bolmaz; kuraýyşlylar Muhammediň neberesini söýmez.

* * *

Apbas ibn Abdylmuttalyp, Talha ibn Şeýbe we Aly ibn Abu Talyp dagylar özaralarynda öwnüpdirler. Apbas:

Men Käbeden suw berýärin we ol ýeriň eýesi diýipdir.

Talha:

Men Käbäniň eýesi we onuň açarlary mende — diýipdir.

Hezreti Aly hem:

— Siziň aýdýan zatlaryňyzy bilemok. Ýöne men bu taýpada sizden we ähli ynsanlardan alty aý öňürti namaz okadym — diýipdir. Şol mahal hem: «(Eý müşrikler!) Siz hajylara suw bermegi we Metjidi Haramy (Käbäni) dikeltmegi (seretmegi), Alla we ahyret gününde iman edip, Alla ýolunda jyhat edenleriň imany bilen deň tutýarsyňyzmy?»[7] diýen aýat inipdir.

* * *

Buzurgmehrden sorapdylar:

— Sen eýesiniň bahylçylyk etmeýän haýsydyr bir nygmatyny bilýärsiňmi?

Ol:

— Hawa, pespällik — diýipdir.

Onda olar:

— Sen öz eýesine rehim etmeýän belany bilýärsiňmi? — diýipdirler.

 Ol:

— Hawa, özüňe göwnüň ýetmek — diýipdir.

* * *

Amr ibn As sakyf taýpasyndan bir adama:

— Sen nämäni artyk hasaplaýarsyň? — diýipdir.

Onda ol:

— Öňürti dini we hormaty, soňra bolsa taýpamy — diýipdir.

* * *

Musa alaýhyssalamyň döwründe iki sany adam öwnüpdir. Olaryň biri:

—    Men pylanyň ogludyryn — diýip, atalaryndan dokuz sany müşrigi sanapdyr.

Beýlekisi bolsa:

— Men bolsa pylanyň ogludyryn. Eger ol musulman bolmadyk bolsa, onuň musulman bolmagyny arzuw ederdim — diýipdir.

Musa alaýhyssalama wahyý gelipdir: «Allatagala olaryň ikisiniň hem ýazgydyny başlaryna getirdi. Ol dokuz sany müşrik atasyny sanany onunjy edip dowzaha salmagy Alla emr etdi. Emma atasynyň musulman bolmagyny arzuwlan adamy bolsa, atasy bilen musulman edip jennete salmagy Alla emr etdi».

* * *

Apbasylaryň azat eden guly Ammara ibn Hamza ibn Meýmun[8] gopbamsylykda nakyla öwrülip galypdyr. Hatda: «Ammaradan hem has gopbam» diýer ekenler. Apbasly halypalary Seffah bilen Mansur ony dürli ýerlere häkim belläpdirler. Onuň gopbamsylyklaryndan mysal: «Eger ol bir işde ýalňyşsa, ýalňyşan ýerine gider eken, ol ýerden gopbamsyrap yzyna gaýdyp gelip: «Bir sagadyň içinde ýykmak we düzetmek! Meniň üçin ýalňyşmak mundan has ýeňil» diýer eken.

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Ynsanyň özüne göwni ýetmegi onuň akylynyň bahylçylyk gyndandyr».

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Kim özünden razy bolsa, özüne gaharlanýany köpelder».

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Öz-özüňe göwnüýetmeklikden habardar bol. Sebäbi bu şeýtanyň sende bar bolan gowy ýagşylyklary aýyrmak üçin iň amatly pursatydyr».

* * *

Dawut alaýhyssalam bir gijäni ybadat bilen geçiripdir. Ol göýä bu ybadaty bilen özünden razy ýaly bolupdyr. Allatagala gurbaga dil berip, onuň bilen gepleşmegi wahyý edipdir. Gurbaga oňa: «Eý, Dawut! Sen göýä bu gije ybadatyň bilen özüňden razy ýaly görünýärsiň! Men bu ýerde ýigrimi gije bäri otyryn. Meniň garnyma ýekeje damja suw ýa-da ot girmedi. Meniň ýumurtgamdan çagalarymy sag-aman çykaran Alla şükür bolsun» diýipdir.

* * *

Selman Parsy şeýle diýipdir:

Meniň ata-babam yslam hergiz biliň, hergiz biliň,

Öwünýärler olar bolsa, kaýs ýa-da temim bilen.

* * *

Resulallanyň kakasynyň dogany Zubeýr ibn Abdylmuttalyp şeýle diýipdir:

Kuraýyşyň ähli taýpalary meni Mekgäniň abraýly adamy hökmünde görýärler,

Göýä minaranyň açyk ýerden rüstem bolşy ýaly, mende kuraýyşyň ýolbaşçylygyndan nyşan bar diýip hasaplaýarlar.

* * *

Ahnef şeýle diýipdir: «Peşew ýollarynda iki gezek akanlaryň nädip ulumsy bolýandyklaryna haýran galýaryn».

* * *

Hyşam ibn Hassan şeýle diýipdir: «Seniň üçin erbet bolan günä seni ulumsy edýän gowulykdan haýyrlydyr».

* * *

Mutarraf şeýle diýipdir: «Gijäni ýatyp geçirip, ertir ir bilen puşman etmegim, meniň üçin gijäni ybadat bilen geçirip ertir bilen oňa göwnümiň ýetmeginden haýyrlydyr».

* * *

Asmagy biriniň şeýle diýýändigini eşidipdir: «Hiç kim iki gezek gopbamsyramaz, ýagny eger ol bir gezek gopbamsyrasa, ony gaýtalamaz, ýagny hökman bu gopbamlygy üçin oňa bir jeza berler».

* * *

Abdyddar ogullary taýpasyndan bir adama:

— Sen näme üçin halypalyga geçmeýärsiň? — diýlende, ol:

— Köpriniň men üstünden geçenimde meniň abraýymy göterip bilmezliginden gorkýaryn — diýipdir.

* * *

Bir gezek Hajjaç ibn Artadan[9]:

— Sen näme üçin jemagata wagyz-nesihata gelmeýärsiň? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Men ol ýere barýan dükançylar bilen bir ýerde dyklyşyp oturmagy halamaýaryn — diýipdir.

* * *

Ysmaýyl ibn Abu Halyt şeýle diýipdir: «Men Şagby we Abu Seleme dagylar bilen barýardym. Şagby:

— Eý, Abu Seleme! Medinelileriň iň alymy kim? — diýdi.

Onda Abu Seleme:

— Siziň ikiňiziň araňyzda ýöräp barýan kişi — diýipdir, ýagny «men» diýmek isläpdir.

* * *

Abu Müslim Horasany şeýle diýipdir: «Gopbamsylyk peslikden başga zat däldir, özüňe göwnüň ýetmek köçeden tapylan zatdan başga zat däldir».

* * *

Hezreti Omar donunyň etegini ýere süýräp, aýaklary bilen tozan turuzyp, ýöräp barýan ýöreýän bir adamy görüp, oňa:

—    Sen bu ýöreýşiňi goý — diýipdir.

Onda ol:

—    Men başga hili ýöräp başarmaýaryn — diýipdir.

Hezreti Omar ony gamçylapdyr. Ol ýene öňki ýöreýşini dowam etdiripdir. Omar ýene gamçylapdyr. Soň ol ýaňky ýöreýşini taşlapdyr.

Hezreti Omar:

— Eger şular ýalylary gamçylamasam, kimi gamçylaýyn? — diýipdir. Soň bir gün ýaňky adam Hezreti Omaryň ýanyna gelip:

–– Alla saňa haýyrly sogaplar bersin. Meniň gursagymda şeýtan bar eken, sen ony gamçy bilen kowduň — diýipdir.



[1]Kede – Mekgede bir depe. Keda – Mekgäniň eteginde bir ýer ady.

[2]Nebga agajy – ýaýyň oky ýasalýan berk agaç.

[3]Musawyr ibn Hind ibn Kaýs ibn Zuheýr Abeş - şahyr. Yslamdan öň dünýä inipdir we 75-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[4]Bu ýerde Abu Musa bilen Amr ibn Asyň arasynda bolup geçen bir hadysa hakynda gürrüň gidýär.

[5]Şaýylar Hezreti Alyny özlerine ymam hasaplaýarlar.

[6]Abdylla ibn Abdylmutallyp ibn Haşym ibn Abdy Mennaf ibn Kusaý - Resulallanyň kakasy. Onuň lakamy «Zubeýh» bolupdyr. Abdylmutallybyň iň kiçi ogly. Heniz Muhammet alaýhyssalam dünýä inmänkä hijretden öň 52-nji ýylda Mekge bilen Medinäniň arasyndaky Ebwa diýen ýerde wepat bolupdyr.

 

[7]Gurhanyň «Toba» süresiniň 19-njy aýaty.

[8]Ammara ibn Hamza ibn Meýmun Kätip - apbaslylar döwründe ýaşap geçen edebiýatçy, şahyr we döwlet adamsy.

[9]Hajjaç ibn Arta ibn Sewr ibn Hubeýra ibn Şerahyl Nahgy - fykh alymy. 10 ýyllap din meselelerinde pitwa beripdir.